Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň 2021-nji ýylyň 13-nji iýulynda çykaran 360-ö belgili buýrugy

Tohum mallaryň Döwlet kitaby barada düzgünnamany tassyklamak hakynda


2015-nji ýylyň 23-nji maýynda kabul edilen “Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 6-njy maddasynyň 7-nji bendine laýyklykda, buýurýaryn:

1. Tohum mallaryň Döwlet kitaby barada Düzgünnama tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň oba hojalyk önümçiligi boýunça orunbasary gözegçilik etmeli.

 

Ministr A.Altyýew 

 

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky

gurşawy goramak ministriniň

2021-nji ýylyň 13-nji iýulynda

çykaran 360-ö belgili buýrugy bilen

tassyklandy

 

Tohum mallaryň Döwlet kitaby barada

Düzgünnama

 

1. Tohum mallaryň Döwlet kitaby barada Düzgünnama (mundan beýläk - Düzgünnama) “Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 6-njy maddasynyň 7-nji bendine laýyklykda işlenip taýýarlandy.

  • Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň (mundan beýläk - Ygtyýarlandyrylan edara) Mallaryň we guşlaryň tohumçylyk döwlet gullugy (mundan beýläk - Gulluk) Tohum mallary Döwlet tarapyndan hasaba alyp, Tohum mallaryň Döwlet kitabyna girizmegiň tertibini düzgünleşdirýär.
  • 2. Tohum mallaryň Döwlet kitaby - arassa ganly tohum mallary köpeltmegiň netijesinde alnan, tohum mallaryň belli bir tohumyndaky has gymmatlysy barada ýa-da tohum sürüler barada maglumatlaryň jemidir we tohum mallar barada maglumatlary hasaba almagyň, saklamagyň we maglumatlary kagyz ýa-da elektron görnüşinde bermegiň ýeke-täk ulgamy bolup durýar.

3. Tohum mallaryň Döwlet kitabyna tohum mallaryň tohumlyk we önümlilik hili barada maglumatlar, şeýle hem tohum mallaryň meňzeşligini takyklamak, olaryň gelip çykyşyny we hojalyk taýdan gymmatyny kesgitlemek üçin gerek bolan beýleki maglumatlar girizilýär. Bellenilen maglumatlar gyzyklanýan şahslar üçin elýeter bolmalydyr.

4. Tohum mallaryň Döwlet kitabyna diňe şu Düzgünnamanyň talaplaryna laýyk gelýän tohum mallary barada maglumatlar ýazylýar. Tohum mallaryň Döwlet kitabyna diňe bir erkin (erkek we urkaçy malyň jübütleşmegi) tohumlandyrma esasynda doglan mallar hasaba alynman, emeli usulda we düwünçegi transplantasiýa edilen mallardan alnanlar hem ýazylyp bilinýär.

5. Tohum mallar barada bir ulgama birikdirilen maglumat toplumyny döretmek we Tohum mallaryň Döwlet kitabyny ýöretmegiň usullaryny we ony ýöredýän jogapkär hünärmeni kesgitlemek Tohum mallaryň Döwlet kitabyny ýöretmegiň maksady bolup durýar.

6. Tohum mallaryň Döwlet kitaby tohum maldarçylyk babatda hasaba alyş ulgamynyň maglumatlarynyň esasynda alnyp barylýar.

7. Tohum mallaryň Döwlet kitaby Gulluk tarapyndan döredilýär we ýöredilýär we gullugyň ýolbaşçysynyň buýrugy bilen Tohum mallaryň Döwlet kitabyny ýöredýän jogapkär hünärmen bellenýär.

8. Tohum mallaryň Döwlet kitabynyň sahypalary belgilenen, tikilen görnüşde bolup, onuň soňky sahypasynda Tohum mallaryň Döwlet kitabynyň näçe sahypadan ybaratdygy barada bellik edilip, Gullugyň ýolbaşçysynyň goly we möhüri bilen tassyklanan bolmalydyr. Tohum mallaryň Döwlet kitabyndan nusgalar almak gadagandyr.

9. Tohum mallaryň Döwlet kitabyna tohum maldarçylygy babatda iş alyp barýan fiziki we ýuridik şahslaryň tohum mallary girizilýär.

10. Tohum mallaryň önümliligini we tohumlyk gymmatynyň derejesini gözegçilikde saklamaga eksport edýän döwlet tarapyndan berlen maglumatlary, tohum maldarçylyk babatda hasaba alyş ulgamynyň maglumatlary üçin peýdalanylýar.

11. Tohum mallaryň Döwlet kitabyna aşakdaky görkezilen maglumatlar girizilmelidir:

  • 1) maldarçylykda tohumçylyk bilen işleýän fiziki we ýuridik şahslaryň doly ady;
  • 2) tohum malyň görnüşi;
  • 3) tohum malyň eýesi barada maglumatlar;
  • 4) tohum malyň gelip çykyşy;
  • 5) tohum malyň doglan wagty, reňki, ölçeg birlikleri;
  • 6) tohum malyň belgilenen senesi we belgi sany;
  • 7) tohum malyň önümliligi;
  • 8) tohum malyň Döwlet kitabyna girizilen belgisi we senesi;
  • 9) tohum mallaryň Döwlet kitabyny ýöredýän jogapkär hünärmeniň ady, familiýasy, atasynyň ady, goly;
  • 10) bellikler.
  • 12. Tohum mallaryň Döwlet kitabynyň ýazgysynyň bölekleri yzygiderlilik ýörelgesi boýunça sanlar bilen belgilenip, ýazgylaryň arasynda boş setirler goýmazdan ýöredilýär we Döwlet kitabynyň sahypalary dolandan soňra onuň näçe sahypadan we näçe belgili ýazgydan ybaratdygy barada bellik edilip ýapylýar.
  • 13. Tohum mallaryň Döwlet kitabyna tohum mallar barada girizilen maglumatlar aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:

1) “Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bellenen tertibe laýyklykda, hasaba alnan tohum mallaryň meňzeşligini takyklamaga mümkinçilik berýän şahsy belgileri bolmalydyr;

  • 2) Döwlet tohumçylyk sanawyna girizilen, belli bir tohuma degişli arassa ganly bolmalydyr;
  • 3) tohum mallaryň gelip çykyşy resmi taýdan tassyklanan bolmalydyr:
  • 4) tohum mallaryň gelip çykyşynyň tohumlyk we önümlilik hilleri barada doly we dogry maglumatlary bolmalydyr.
  • Görkezilen maglumatlaryň biriniň bolmazlygy, doly bolmazlygy, tohum maly, Tohum mallaryň Döwlet kitabyna girizmekden ýüz döndermek üçin esas bolup durýar.

14. Daşary ýurtlardan getirlen tohum mallaryň meňzeşligini takyklamak üçin täzeden belgilemäge ýol berilmeýär. Olar baradaky maglumatlar Tohum mallaryň Döwlet kitabynda bellik edilýär.

  • 15. Şular Tohum mallaryň Döwlet kitabyna hökman girizilmelidir:
  • 1) tohum maldarçylygy babatda işleýän emeli usulda tohumlandyrmak boýunça alnan mallar, tohum höwür öküzler, goçlar;
  • 2) daşary ýurtlardan getirilen höwür malyň doňdurma ýoly bilen konserwirlenilen tohumlary (eksport edýän ýurduň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen tohumçylyk sertifikaty ýa-da kitapçasy bolan ýagdaýynda);
  • 3) Gulluk tarapyndan saýlanyp alnan ene mallar;
  • 4) mal eýeleri tarapyndan Tohum mallaryň Döwlet kitabyna girizilmäge arza berlen, tohum mallara bildirilýän talaplara laýyk gelýän, şeýle-de köpdürliligi we genofondy gorap saklamaga ýardam berjek mallar.
  • 16. Tohum maldarçylygy babatda iş alyp barýan fiziki we ýuridik şahslar, ýuridik şahsyň ýerleşýän ýeri, fiziki şahsyň hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan ýeri boýunça Gulluga we onuň ýerlerdäki düzüm birliklerine tohum maly Tohum mallaryň Döwlet kitabyna girizmek baradaky arza bilen ýüz tutmalydyr. Arzanyň ýanyna tohum malyň eýesiniň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy, tohum mal baradaky resminamalar goşulmalydyr. Gullugyň ýerlerdäki düzüm birlikleri tohum mallaryň eýeleri tarapyndan berlen resminamalaryň dolulygyny we dogrulygyny barlap, resminamalary degişli çözgüt çykarmak üçin Gulluga ugradýar. Gulluk ýazylan arzany we onuň ýanyna goşulan resminamalary gelip gowşan gününden başlap 15 (on bäş) senenama günüň dowamynda oňa seretmelidir we tohum maly Tohum mallaryň Döwlet kitabyna girizmek ýa-da Tohum mallaryň Döwlet kitabyna girizmekden ýüz döndermek barada çözgüt çykarmalydyr, çykarylan çözgüde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde şikaýat edilip bilner.
  • 17. Gulluk tarapyndan tohum maly Tohum mallaryň Döwlet kitabyna girizmek babatynda wezipeleri aşakdakylardan ybaratdyr:
  • 1) tohum maldarçylygy babatda iş alyp barýan fiziki we ýuridik şahslaryň tohum maly Tohum mallaryň Döwlet kitabyna girizmek baradaky arzalaryny we onuň ýanyna goşulan zerur resminamalaryny kabul etmek;
  • 2) Gullugyň ýerlerdäki düzüm birliklerinden gelip gowşan tohum maldarçylygy babatda iş alyp barýan fiziki we ýuridik şahslaryň tohum maly Tohum mallaryň Döwlet kitabyna girizmek baradaky arzalaryny we onuň ýanyna goşulan zerur resminamalaryny kabul etmek;
  • 3) şu Düzgünnamanyň on ýedinji böleginde görkezilen möhletiň dowamynda arzalary seljermek we degişli çözgüt çykarmak;
  • 4) arzalar boýunça Gullugyň çözgüt çykarlan tohum mallary Tohum mallaryň Döwlet kitabyna girizmek ýada ýüz döndermek barada çözgüdiň çykarlan gününden başlap 5 (bäş) senenama günüň dowamynda nusgasyny tohum malyň eýesine gol çekdirip gowşurmak, şeýle hem gowşurmak üçin Gullugyň ýerlerdäki düzüm birliklerine ugratmak.
  • 18. Gullugyň ýerlerdäki düzüm birlikleriniň tohum maly Tohum mallaryň Döwlet kitabyna girizmek babatynda wezipeleri aşakdakylardan ybaratdyr:
  • 1) welaýatyň çäginde tohum maldarçylygy babatda iş alyp barýan fiziki we ýuridik şahslaryň tohum maly Tohum mallaryň Döwlet kitabyna girizmek baradaky arzalaryny we onuň ýanyna goşulan zerur resminamalaryny kabul etmek;
  • 2) kabul edilen arzany we onuň ýanyna goşulan resminamalary olaryň gelip gowşan gününden başlap, 5 (bäş) senenama günüň dowamynda seljermek we degişli çözgüt çykarmak üçin Gulluga ugratmak;
  • 3) Gullukdan gelip gowşan çözgüdiň nusgasyny tohum malyň eýesine gol çekdirip gowşurmak;
  • 4) tohum maly Tohum mallaryň Döwlet kitabyna girizmek ýa-da Tohum mallaryň Döwlet kitabyna girizmek baradaky arzalaryny we onuň ýanyna goşulan zerur resminamalary kabul etmekden ýüz döndermek baradaky çözgüt boýunça edilen şikaýatlary, şikaýatyň gelip gowşan gününden başlap 5 (bäş) senenama günüň dowamynda seljermek üçin Gulluga ugratmak.
  • Tohum malyň eýeleri tohum malyň Tohum mallaryň Döwlet kitabyna girizmek baradaky arzalaryny we onuň ýanyna goşulan zerur resminamalary kabul etmekden ýüz döndermek baradaky çözgüt boýunça şikaýaty gös-göni Gulluga berip bilerler.
  • 19. Tohum mallaryň Döwlet kitabyna girizilen maglumatlaryň doly we dogry bolmagyna, maglumatlaryň wagtynda girizilmegine, goraglylygyna Gulluk jogapkärçilik çekýär.
  • 20. Tohum mallaryň Döwlet kitaby ýurt derejesinde mallaryň görnüşleri boýunça aýry aýrylykda ýöredilmäge degişlidir. Tohum mallaryň Döwlet kitaby Gullukda saklanýar.
  • 21. Şu Düzgünnamanyň talaplarynyň tohum maldarçylygy babatynda iş alyp barýan fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmanydyr.
  • 22. Şu Düzgünnamanyň kadalarynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
  • 23. Şu Düzgünnama bilen düzgünleşdirilmedik gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 4-nji awgustynda 1496 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.