Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2021-nji ýylyň 16-njy iýulynda çykaran 77 belgili buýrugy

Konteýneri harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna goýbermek hakynda çözgüdi kabul etmegiň tertibini tassyklamak hakynda


2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 49-njy maddasyna we 2010-njy ýylyň 12-nji martynda kabul edilen «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasynyň 134-nji bendine laýyklykda, halkara ýük daşamalarynda ulag serişdesi hökmünde ulanylýan konteýnerlere gümrük gözegçiliginiň amala aşyrylyşyny kämilleşdirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Konteýneri harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna goýbermek hakynda çözgüdi kabul etmegiň tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarlary gözegçilik etmeli.

3. Buýrugy degişli şahslaryň dykgatyna ýetirmeli.


Gullugyň başlygy M.Hudaýkulyýew

 

Türkmenistanyň Döwlet gümrük

gullugynyň başlygynyň

2021-nji ýylyň 16-njy iýulynda

çykaran 77 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy


Konteýneri harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda

daşalmagyna goýbermek hakynda çözgüdi kabul etmegiň

tertibi

 

I bap. Umumy düzgünler


1. Konteýneri harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna goýbermek hakynda çözgüdi kabul etmegiň tertibi (mundan beýläk - Tertip) 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 49-njy maddasyna we 2010-njy ýylyň 12-nji martynda kabul edilen «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasynyň 134-nji bendine laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy we halkara ýük daşamasyny amala aşyrýan ulag serişdesi hökmünde ulanylýan konteýnerleri harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna goýbermek hakynda çözgüdi kabul etmegiň kadalaryny kesgitleýär.

2. Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 49-njy maddasynyň birinji böleginde kesgitlenilen talaplara hem-de gurluşyň görnüşi boýunça halkara standartlara laýyk gelýän konteýnerler harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna goýberilip bilner.

3. Konteýneriň harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna goýberilmegi konteýneri harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna goýberilmegi hakynda çözgüt (mundan beýläk - Çözgüt) esasynda amala aşyrylýar. Çözgüt birgezekleýin ýa-da uzakmöhletleýin görnüşde kabul edilýär.

4. Türkmenistanyň şahsynyň eýeçiliginde bolan konteýner babatynda onuň eýesiniň, daşary ýurtly şahsyň eýeçiligindäki konteýner babatynda bolsa ony Türkmenistanyň gümrük çäginde peýdalanmaga hukugy bolan şahsyň (mundan beýläk – Ygtyýarly şahs) şu Tertibe laýyklykda ýüz tutmasy boýunça, uzakmöhletleýin Çözgüt Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň (mundan beýläk - Gulluk) merkezi edarasy tarapyndan, birgezekleýin çözgüt bolsa, ugradylyş gümrük edarasy tarapyndan kabul edilýär.

5. Şu Tertipde ulanylýan düşünjeler Türkmenistanyň Gümrük kodeksinde kesgitlenen manylarda ulanylýar.


II bap. Uzakmöhletleýin Çözgüdi kabul etmegiň kadalary


6. Şu uzakmöhletleýin Çözgüdi kabul etmegiň kadalar Türkmenistanyň şahsynyň eýeçiliginde bolan ýa-da ol şahs tarapyndan peýdalanmak üçin ilkibaşda wagtlaýyn getirmek gümrük düzgünine haryt hökmünde ýerleşdirilen halkara daşamasyny amala aşyrýan ulag serişdesi hökmünde ulanylýan konteýnerler babatynda ulanylýar.

7. Konteýneriň harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna goýberilmegi üçin, Ygtyýarly şahs erkin görnüşde düzülen konteýneri harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna goýberilmegi hakynda arza (mundan beýläk – Arza) bilen Gullugyň merkezi edarasyna ýazmaça ýüz tutýar hem-de aşakdaky resminamalary we maglumatlary Arza goşup berýär:

1) ýuridik şahs üçin - esaslandyryş resminamalarynyň bellenilen tertipde tassyklanylan nusgalaryny, Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň nusgasyny;

2) fiziki şahs üçin - hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda resminamanyň bellenilen tertipde tassyklanylan nusgasyny we onuň pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasynyň nusgasyny;

3) Ygtyýarly şahsyň konteýnere bolan ygtyýarlygyny tassyklaýan resminamalarynyň nusgalaryny;

4) konteýneriň gurluşynyň jikme-jik beýanyny, çyzgylaryny, fotosuratlaryny;

5) täze konteýner babatynda - Ygtyýarly şahsyň täze öndürilen (öndüriljek) konteýneriň şu Tertibiň ikinji böleginde enjamlaşdyrylyp gurnalyşyna bildirilýän talaplaryna laýyk getirilip öndürilendigini (öndüriljekdigini) tassyklaýan kepillik hatyny.

Arzada her bir konteýneriň zawod tarapyndan belgilenen tertip belgisi (zawod belgisi), hakykatda ýerleşýän ýeriniň salgysy we oňa goşulýan fotosuratlarda ýa-da çyzgylarda konteýneriň öň, arka, sag, çep taraplary hem-de gümrük plombalarynyň we möhürleriniň goýulýan ýerleri görkezilmelidir. Arzada görkezilen her bir konteýner üçin aýratyn fotosuratlar berilmelidir.

Täze öndüriljek konteýneriň gurluşynyň jikme-jik beýany we çyzgylary öndüriji zawod tarapyndan tassyklanylmalydyr we şonda konteýneriň fotosuratlary talap edilmeýär.

8. Arza kabul edilenden soň, iş ýöredişiň bellenilen düzgünlerine laýyklykda Gulluk tarapyndan hasaba alynýar we Gullugyň başlygynyň ýa-da onuň orunbasarynyň tabşyrygy boýunça, öwrenilmegi üçin Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölümine berilýär.

Arza seretmek möhleti, onuň kabul edilen gününden başlap 30 (otuz) senenama gününden uzak bolmaly däldir.

9. Gullugyň merkezi edarasynyň gümrük gözegçiligini guramak bölümi Arzanyň we oňa goşulan resminamalaryň, şeýle hem mälim edilen maglumatlaryň şu Tertibiň ýedinji böleginde bellenilen talaplara laýyk gelýändigini barlaýar.

Gullugyň merkezi edarasynyň tabşyrygy boýunça, konteýneriň Türkmenistanyň gümrük çäginde ýerleşýän ýeri iş zolagynda bolan gümrük edarasy konteýneriň şu Tertibiň ikinji böleginde enjamlaşdyrylyp gurnalyşyna bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini barlap, bu barada gümrük gözden geçirmesiniň namasyny düzýär we onuň 1 (bir) asyl nusgasyny Gullugyň merkezi edarasyna berýär.

Türkmenistanyň gümrük çäginde bolmadyk täze öndürilen (öndüriljek) konteýnerler babatynda şu bölegiň ikinji tesiminde görkezilen hereketler amala aşyrylmaýar.

10. Arza seredilýän döwründe Arzada, oňa goşulan resminamalarda we mälim edilen maglumatlarda görkezilen islendik maglumat üýtgän ýagdaýynda, Ygtyýarly şahs bu barada Gulluga ýazmaça habar bermäge borçludyr.

11. Arza seretmek möhletiniň dowamynda konteýneri (konteýnerleri) harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna doly ýa-da bölekleýin goýberilmegi boýunça uzakmöhletleýin Çözgüt kabul edilýär.

12. Uzakmöhletleýin Çözgüdiň kabul edilmegi her bir konteýner üçin aýratynlykda Konteýneriň harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna goýberilendigi hakynda şahadatnamanyň (mundan beýläk - Şahadatnama, şu Tertibe 1-nji goşundy) resmileşdirilmegi bilen amala aşyrylýar.

Şahadatnama Gullugyň başlygynyň orunbasary tarapyndan gol çekilýär hem-de möhür bilen tassyklanylýar.

13. Şahadatnama Gullukda ýöredilýän Konteýneriň harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna goýberilendigi hakynda şahadatnamalary hasaba alyş kitabynda hasaba alynýar.

14. Şahadatnamanyň asyl nusgasy Ygtyýarly şahsa berilýär, onuň nusgasy Gullukda saklanylýar.

Şahadatnama Ygtyýarly şahsyň özüne ýa-da onuň ynanç haty boýunça hereket edýän işgärine, Gullukda galýan Şahadatnamanyň nusgasynyň arka tarapynda Şahadatnamanyň asyl nusgasynyň berlendigi barada bellikler edilip, berlen senesi görkezilip gol çekdirilip berilýär.

15. Şahadatnama diňe harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna goýberilen konteýner babatda hakyky hasap edilýär.

16. Konteýneriň goýberiş möhleti - Ygtyýarly şahs täze öndürilen (öndüriljek) konteýneriň ilkinji eýesi bolan halatynda, konteýnere ilkinji resmileşdirilýän Şahadatnama boýunça 5 (bäş) ýyl, galan halatlarda konteýnere resmileşdirilýän Şahadatnama boýunça 2 (iki) ýyl diýip kesgitlenilýär.

17. Şu Tertibiň ikinji böleginde bellenilen talaplaryna laýyk gelmeýän konteýnerler harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna goýberilmeýär we kabul edilen netije barada şu Tertibiň sekizinji böleginiň ikinji tesiminde görkezilen möhletde Ygtyýarly şahsa ýazmaça habar berilýär.

18. Şahadatnama resmileşdirilip berlen konteýnerde harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna başlanmazyndan öň görnüşi şu Tertibiň 2-nji goşundysynda kesgitlenen Konteýneriň harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna goýberilendigi hakynda ýazgysy (mundan beýläk - Goýberiş ýazgysy) konteýnere berkidilmelidir.

19. Ygtyýarly şahs Şahadatnamanyň berlen gününden başlap 90 (togsan) iş gününden gijä galman Goýberiş ýazgysyny, şu Tertibiň ýigrimi birinji, ýigrimi ikinji, we ýigrimi üçünji böleklerinde bellenilen talaplaryň berjaý edilmegi bilen, degişli konteýnere berkitmäge borçludyr.

Ygtyýarly şahs Goýberiş ýazgysynyň konteýnere berkidilen gününden başlap 5 (bäş) iş gününiň dowamynda onuň berkidilendigini tassyklaýan fotosuraty goşmak bilen degişli maglumaty ýazmaça Gulluga bermäge borçludyr.

Gulluk gowşan maglumatlara laýyklykda, ol maglumatlaryň gowşan gününden başlap 5 (bäş) iş gününiň dowamynda şu Tertibiň ýigrimi birinji, ýigrimi ikinji we ýigrimi üçünji böleklerinde bellenilen talaplaryň berjaý edilendigini barlaýar we barlagyň netijesinde kemçilikler ýüze çykarylan halatynda bu barada Ygtyýarly şahsa habar berýär.

Ygtyýarly şahs görkezilen kemçilikleri şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen möhletiň çäginde düzetmelidir we şu maddanyň ikinji tesiminde görkezilen hereketleri amala aşyrmalydyr.

20. Şu Tertibiň on dokuzynjy böleginiň birinji tesiminde görkezilen möhletde Goýberiş ýazgysy bolmalysy ýaly berkidilmedik konteýner babatynda resmileşdirilen Şahadatnama güýjüni ýitiren diýip ykrar edilýär.

21. Goýberiş ýazgysy konteýneriň daş ýüzünde gaýym berkidilmelidir. Berkidilýän Goýberiş ýazgysynyň konteýnere islendik resmi maksatlar üçin ozal berkidilen ýazgylaryň gapdalynda ýerleşdirilmegine ýol berilýär.

22. Goýberiş ýazgysy ini 10 (on) santimetrden, uzynlygy 20 (ýigrimi) santimetrden kiçi bolmadyk poslamaýan metaldan taýýarlanylýar. Onuň ýüzündäki ýazgylar kesiji bilen oýulan, basma relýef görnüşlerinde ýa-da başga islendik usul arkaly aýdyň ýazylan bolmalydyr.

23. Goýberiş ýazgysyndaky ýazgylar iňlis dilinde bolmalydyr.

24. Konteýnere Goýberiş ýazgysy berkidilenden soňra, onuň ýany bilen Şahadatnamanyň bolmagy talap edilmeýär.


III bap. Birgezekleýin Çözgüdi kabul etmegiň kadalary


25. Şu birgezekleýin Çözgüdi kabul etmegiň kadalary Türkmenistanyň gümrük çäginde bolan, uzakmöhletleýin Çözgüt kabul edilmedik ýa-da Goýberiş möhleti geçen konteýnerler babatynda ulanylýar.

26. Ygtyýarly şahsyň ýüz tutmasy boýunça we boş konteýneriň gümrük gözden geçirmesine hödürlenmegi bilen, ugradylyş gümrük edarasy konteýneri harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda bir halkara ýük daşamasynyň amala aşyrylmagyna goýberilmegi boýunça birgezekleýin Çözgüdi kabul edýär.

27. Ugradylyş gümrük edarasynyň wezipeli adamy konteýneriň şu Tertibiň ikinji böleginde enjamlaşdyrylyp gurnalyşyna bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini barlap, bu barada gümrük gözden geçirmesiniň namasyny düzýär we ol namada konteýneri harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna goýberilendigi ýa-da goýbermekden ýüz öwrülendigi barada ýazgy edýär.

Gümrük gözden geçirmesiniň namasynda konteýneriň harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna goýberilendigi barada ýazgynyň edilmegi birgezekleýin Çözgüdiň kabul edilendigini aňladýar we şonda Şahadatnama resmileşdirilmezden, bu nama barada degişli maglumatlar Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 13-nji iýulynda 1245 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 20-nji maýynda çykaran 64 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, Üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň tertibine laýyklykda üstaşyr deklarasiýasynyň 44-nji öýjüginde görkezilýär.


IV bap. Jemleýji düzgünler


28. Daşary ýurtly ygtyýarly edaralar tarapyndan harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna konteýneriň goýberilmegi Türkmenistanyň gümrük edaralary tarapyndan ykrar edilýär we şonda daşary ýurt konteýneri onuň goýberiş möhletiniň çäginde harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna goýberilen diýlip hasap edilýär.

29. Ugradylyş gümrük edarasynyň wezipeli adamy harytlaryň konteýnere ýüklenilmeginden öň, ol konteýnere Goýberiş ýazgysynyň berkidilendigini we ondaky maglumatlary barlaýar, şeýle hem konteýneriň şu Tertibiň ikinji böleginde enjamlaşdyrylyp gurnalyşyna bildirilýän talaplara laýyk gelýändiginiň daşky gümrük gözden geçirmesini geçirýär.

30. Konteýneriň şu Tertibiň ikinji böleginde enjamlaşdyrylyp gurnalyşyna bildirilýän talaplara laýyk gelmedik halatynda, ol konteýner harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagynda ulanylmagyndan öň görkezilen talaplara laýyk gelýän ýagdaýyna getirilmelidir.

31. Gullugyň merkezi edarasy gümrük maksatlary üçin şu Tertibe laýyklykda Şahadatnama berlen konteýnerleriň sanawyny ýöredýär.

32. Şu Tertibe laýyklykda Şahadatnama berlen konteýner aýrybaşgalanan, ol babatdaky eýelik etmek, peýdalanmak ýa-da ygtyýarlyk etmek hukuklarynyň geçirilen ýagdaýynda, Ygtyýarly şahs bu ýagdaýyň ýüze çykan gününden başlap 5 (bäş) iş gününiň dowamynda Gulluga ýazmaça habar bermelidir.

33. Ygtyýarly şahs Şahadatnama berlen konteýnerleriň ulanylyşynyň hasabatyny ýöretmäge hem-de gümrük edarasynyň talap etmegi boýunça olaryň ulanylyşy, ýerleşýän ýeri we beýleki maglumatlary, şeýle hem ol maglumatlary tassyklaýan resminamalary bermäge borçludyr.

34. Konteýneri harytlaryň gümrük plombalary we möhürleri astynda daşalmagyna goýberilmegi bilen bagly şu Tertipde kadalaşdyrylmadyk gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 4-nji awgustynda 1494 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.