Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda çykaran 73-Ö belgili buýrugy

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 2018-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda çykaran 114-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, Iş gözleýän adamlary hasaba almagyň, işe ýerleşdirmegiň we hasapdan çykarmagyň Tertibine üýtgetmeleri girizmek hakynda


2016-njy ýylyň 18-nji iýunynda kabul edilen “Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasyna laýyklykda, şeýle hem iş gözleýän adamlary hasaba almagyň, işe ýerleşdirmegiň we hasapdan çykarmagyň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen buýurýaryn:

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2018-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda 1163 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Iş gözleýän adamlary hasaba almagyň, işe ýerleşdirmegiň we hasapdan çykarmagyň tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 2018-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda çykaran 114-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, Iş gözleýän adamlary hasaba almagyň, işe ýerleşdirmegiň we hasapdan çykarmagyň Tertibinde:

1) ýigrimi bäşinji böleginiň ikinji tesimini aýyrmaly;

2) 2-nji goşundysynyň 20-nji setirini şu görnüşde beýan etmeli:

“20. Maşgala ýagdaýy (18 ýaşa ýetmedik çagalarynyň sany, eklenjindäki beýleki adamlar)_______________________________________________________

Iş gözleýän adamlary hasapdan çykarmagyň ýagdaýlary hem-de şu kartoçkanyň maglumatlarynyň iş berijilere berilmeginiň mümkindigi bilen tanyşdyryldym we şuňa garşylygym ýok”.

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň orunbasary H.Taçjanowa gözegçilik etmeli.



Ministr M.Sylapow



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 4-nji awgustynda 1493 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.