Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2021-nji ýylyň 7-nji iýunynda çykaran 203 belgili buýrugy

Önümçilikdäki we gündelik durmuşdaky galyndylary ýygnamaga, ulanmaga, zyýansyzlandyrmaga, daşamaga, saklamaga hem-de gömmäge bildirilýän Döwlet sanitariýa kadalaryny tassyklamak barada


Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň 54-nji we 55-nji maddalaryny, “Galyndylar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda“ Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 17-nji iýulynda çykaran 14336-njy karary bilen tassyklanan, “Saglyk” döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen,

1. Önümçilikdäki we gündelik durmuşdaky galyndylary ýygnamaga, ulanmaga, zyýansyzlandyrmaga, daşamaga, saklamaga we gömmäge bildirilýän Döwlet sanitariýa kadalaryny tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy A. Gylyjowa tabşyrmaly.


Ministr                                                                              N. Amannepesow


Ylalaşyldy:

Türkmenistanyň Goranmak ministri                                B. Gündogdyýew  

2021-nji ýylyň «04» iýun 

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik 

ministri                                                                               R. Gandymow

2021-nji ýylyň «04» iýun 

Türkmenistanyň Oba hojalyk we

daşky gurşawy goramak ministri                                      A. Altyýew 

2021-nji ýylyň «04» iýun 

“Türkmenstandartlary” baş döwlet

gullugynyň başlygy                                                         M. Hojagulyýew

2021-nji ýylyň «04» iýun 

Türkmenistanyň Ylymlar

akademiýasynyň prezidenti                                             S. Toýlyýew 

2021-nji ýylyň «04» iýun 

Türkmenistanyň Senagat we

gurluşyk önümçiligi ministri                                          B. Annamämmedow 

2021-nji ýylyň «04» iýun 

“Türkmenhimiýa” döwlet

konserniniň başlygy                                                        N. Nyýazlyýew  

2021-nji ýylyň «05» iýun 

“Türkmennebit” döwlet 

konserniniň başlygy                                                       G. Baýgeldiýew

2021-nji ýylyň «05» iýun 

“Türkmengaz” döwlet 

konserniniň başlygy                                                    B. Amanow  

2021-nji ýylyň «05» iýun 

Türkmenistanyň Içeri işler    

ministrliginiň Ýangyn howpsuzlyk 

müdirliginiň müdiri                                                 R. Rejepow 

2021-nji ýylyň «05» iýun 

Aşgabat şäheriniň häkimi                                         Ýa. Gylyjow  

2021-nji ýylyň «05» iýun 

Ahal welaýatynyň häkimi                                         Ýa. Gurbanow  

2021-nji ýylyň «05» iýun 

Balkan welaýatynyň häkimi                                     T. Atahallyýew  

2021-nji ýylyň «06» iýun 

Daşoguz welaýatynyň häkimi                                   N. Nazarmyradow

2021-nji ýylyň «06» iýun 

Mary welaýatynyň  häkimi                                       D. Annaberdiýew  

2021-nji ýylyň «06» iýun 

Lebap welaýatynyň häkimi                                       Ş. Amangeldiýew  

2021-nji ýylyň «06» iýun 


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş 

we derman senagaty ministriniň

2020-nji ýylyň 07-nji iýunynda

çykaran 203 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy


Önümçilikdäki we gündelik durmuşdaky galyndylary ýygnamaga, ulanmaga, zyýansyzlandyrmaga, daşamaga, saklamaga hem-de gömmäge bildirilýän Döwlet sanitariýa kadalary


I bap.Umumy düzgünler


1. Önümçilikdäki we gündelik durmuşdaky galyndylary ýygnamaga, ulanmaga, zyýansyzlandyrmaga, daşamaga, saklamaga hem-de gömmäge bildirilýän Döwlet sanitariýa kadalary (mundan beýläk – Sanitariýa kadalary) Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň 54-nji we 55-nji maddalaryna, “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda”, “Galyndylar hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. Sanitariýa kadalary gündelik durmuşdaky we önümçilikdäki galyndylaryň ýygnalmagyna, ulanylmagyna, zyýansyzlandyrylmagyna, daşalmagyna, saklanylmagyna we gömülmegine bildirilýän sanitariýa-epidemiologiýa talaplaryny kesgitleýär. 

Şu Sanitariýa kadalaryň talaplarynyň berjaý edilmegi eýeçiliginiň guramaçylyk-hukuk, tabynlygynyň görnüşine garamazdan, önümçilikdäki we gündelik durmuşdaky galyndylary ýygnamak, ulanmak, zyýansyzlandyrmak, daşamak, saklamak, gömmek bilen bagly işleri amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslar üçin hökmany bolup durýar.

2. Şu Sanitariýa kadalarynyň maksatlary üçin ulanylýan esasy düşünjeler:

1) galyndylar – düzüminden peýdaly häsiýetleri çykarylyp alnan, mundan beýläk gaýtadan ulanylmaga ýa-da ýerleşdirilmäge degişli bolan, belli bir önümi öndürmek üçin ýaramsyz maddalar (çig malyň görnüşleri);  

2) galyndylar bilen iş salyşmak – galyndylaryň emele gelmeginiň öňüni almak, olary ýygnamak, daşamak, saklamak, işläp taýýarlamak, gaýtadan ulanmak, zyýansyzlandyrmak we gömmek bilen bagly iş. 

3) galyndylary daşama – galyndylaryň emele gelen ýa-da saklanylýan ýerlerinden, olaryň gaýtadan işlenilýän we gaýtadan ulanylýan hem-de gömülýän ýerlerine ýa-da obýektlerine daşama; 

4) galyndylary gömme – daşky gurşawa zyýanly maddalaryň düşmeginiň öňüni almak maksady bilen, munuň üçin ýörite enjamlaşdyrylan obýektlerde, mundan beýläk peýdalanmaga degişli bolmadyk galyndylary uzak wagtlaýyn üzňeleşdirme;

5) galyndylaryň görnüşi – howplulyk klaslary boýunça galyndylary toparlara bölmegiň ulgamyna laýyklykda umumy alamatlary bolan galyndylar;

6) galyndylary saklama – galyndylaryň soňra peýdalanyljak we zyýansyzlandyryljak ýa-da gömüljek pursadyna çenli, olary emele gelen ýerlerinde wagtlaýyn saklama;

7) galyndylary serhetüsti daşama – Türkmenistanyň çäginden we (ýa-da) çäginiň üsti bilen beýleki döwletiň çägine ýa-da çäginiň üsti bilen galyndylary daşama; 

8) galyndylary ýerleşdirme – munuň üçin ýörite enjamlaşdyrylan obýektlerde galyndylary saklamak we (ýa-da) gömmek;

9) galyndylaryň ýerleşdirilýän obýekti – galyndylary ýerleşdirmek üçin ýörite bellenen we enjamlaşdyrylan ýer (önümçilik we hojalyk galyndylaryň saklanylýan ýerleri, şlam saklanylýan ýerler, dag jynslarynyň üýşmegi, akdyrylýan hapa suwlaryň bugarýan meýdanlary); 

10) galyndylary ýerleşdirmegiň çäklendirilen möçberi (limiti) – degişli çägiň ekologik ýagdaýyny hasaba almak bilen, galyndylaryň ýerleşdirilýän obýektlerinde bellenilen möhlete kesgitlenilen usulda ýerleşdirmäge ygtyýar edilýän galyndylaryň anyk görnüşiniň aňryçäk ýol berilýän mukdary; 

11) galyndylary ýygnama – ýörite bellenilen ýerlerde ýa-da ýörite enjamlaşdyrylan obýektlerde galyndylary toplamak, sortlamak, zyýansyzlandyrmak, gaýtadan ulanmak we ýerleşdirmek bilen bagly iş;  

12) galyndylary zyýansyzlandyrma – mehaniki, fiziki-himiki ýa-da biologik taýdan işläp taýýarlamak arkaly galyndylaryň ilatyň saglygyna we daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltma ýa-da aradan aýyrma;

13) gündelik durmuşdaky galyndylar – adamynyň ýaşaýşynyň barşynda emele gelýän galyndylar;

14)  howply galyndylar – olaryň barlygy we (ýa-da) olar bilen iş salşylmagy adamyň janyna, saglygyna hem-de daşky tebigy gurşawa howp salyp biljek galyndylar; 

15) önümçilik galyndylary – öndürmegiň barşynda emele gelen, çig malyň, materiallaryň, ýarym fabrikatlaryň, beýleki önümleriň ýa-da azyk önümleriniň  galyndylary, şeýle hem öz sarp edijilik häsiýetlerini ýitiren harytlar (önümler), tehnogen mineral emele gelmeler we oba hojalyk önümçiliginiň galyndylary. 


II bap. Önümçilik galyndylary ýygnamaga, ulanmaga, zyýansyzlandyrmaga, daşamaga, saklamaga hem-de gömmäge bildirilýän sanitariýa-epidemiologiýa talaplary


3. Fiziki we ýuridik şahslarynyň işleriniň netijesinde emele gelýän önümçilik galyndylary gömmek galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edaralary bilen ylalaşylan galyndylary ýerleşdirmegiň obýektlerinde amala aşyrylýar.  

Galyndylaryň eýeleri bolup duran ýuridik şahslar önümçiligiň galyndylary gaýtadan ulanmak, ýerleşdirmek, daşamak we gömmek boýunça çäreleri öz serişdeleriniň hasabyna özbaşdak ýa-da şertnama laýyklykda amala aşyrmalydyrlar. 

Galyndylaryň eýeleri bolup durýan ýuridik şahslar galyndylary ýerleşdirmegiň we gömmegiň özlerine degişli obýektlerini saklamak boýunça çäreleri maliýeleşdirmegi amala aşyrmalydyrlar. Galyndylary ýerleşdirmegiň we gömmegiň beýleki obýektlerinde galyndylar ýerleşdirilen we gömülen halatynda, galyndylaryň eýeleri galyndylary ýerleşdirmegiň we gömmegiň obýektlerini saklamak üçin şertnama laýyklykda töleg geçirmelidirler.

Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ilatly ýerleriň sanitariýa taýdan arassalanylmagyna we hojalyk galyndylaryň ýygnalandygy üçin tölegleriň fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan öz wagtynda tölenilmegine ýardam edýärler. 

Kärhanalarda we önümçilik obýektlerinde galyndylary ýygnamak we galyndylaryň emele gelen ýerlerinde wagtlaýyn saklama işleri galyndylaryň howplulyk klaslaryna laýyklykda ýörite bellenilen ýerlerde amala aşyrylýar. Galyndylar toplanylyşyna görä, howplulyk klaslaryna laýyklykda galyndylaryň her topary üçin aýratynlykda ýygnalýar. 

4. Galyndylaryň saklanylýan ýerinden ýaşaýyş jaýlaryna, önümçilik, jemagat maksatlary üçin niýetlenilen obýektlere çenli sanitariýa gorag zolaklarynyň (mundan beýläk – SGZ) ölçegi Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2009-njy ýylyň 19-njy iýunynda 489 belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Senagat kärhanalaryny taslamaklygyň arassaçylyk kadalary” atly TGK 2.09.04-09 belgili Türkmenistanyň Gurluşyk kadalaryny tassyklamak barada” Türkmenistanyň Gurluşyk ministriniň 2009-njy ýylyň 11-nji maýynda çykaran MB-94 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, “Senagat kärhanalaryny taslamaklygyň arassaçylyk kadalary” atly TGK 2.09.04-09 belgili Türkmenistanyň Gurluşyk kadalaryna laýyklykda (mundan beýläk - “Senagat kärhanalaryny taslamaklygyň arassaçylyk kadalary” TGK 2.09.04-09 belgili Türkmenistanyň Gurluşyk kadalary) kesgitlenilýär. 

5. Obýektiň çäginden daşyna çykarylýan galyndylaryň howplulyk klasyny kesgitlemek, galyndynyň her görnüşi üçin aýratynlykda ýerine ýetirilýär we tehnologiki amallaryň üýtgän ýa-da başga çig mal serişdelerine geçilen, şeýle hem, galyndylaryň himiki düzüminiň üýtgän ýagdaýynda gaýtadan seredilmäge we täzelenmäge degişlidir.

6. Daşky gurşawy goramak babatynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan bellenilýän ölçeg alamatlaryna laýyklykda galyndylar daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsiriniň derejesine baglylykda bäş howplulyk klaslaryna bölünýärler:

1) I klas - adatdan daşary howply galyndylar;

2) II klas - ýokary howply galyndylar;

3) III klas - aram howply galyndylar;

4) IV klas - az howply galyndylar;

5) V klas - howpsuz galyndylar.

7. I klasa degişli howply önümçilik galyndylary germetiki gapda (polat boçkalar, konteýnerler) saklanylýar. Gaplar dolmagyna görä polat gapaklar bilen ýapylýar. Zerur ýagdaýlarda, olar elektrokebşirleýjiler bilen kebşirlenilýär we gabynda, onuň howply häsiýeti görkezilip, “howply galyndy” - diýlen belligiň goýulmagy üpjün edilýär.

8. II klasa degişli howply önümçilik galyndylary zyýanly maddalaryň (ingrediýentleriň) ýaýramazlygy üçin agregat ýagdaýyna görä polietilen haltalarda, paketlerde, çeleklerde we beýleki gaplarda saklanylýar.

9. III klasa degişli howply önümçilik galyndylary zyýanly maddalaryň ýaýramazlygyny aradan aýyrýan we ýükläp-düşürme, ulag işlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän, galyndylary çäklendirip saklamagy üpjün edýän gaplarda saklanylýar.

10. IV klasa degişli howply önümçilik galyndylary açyk senagat meýdançasynda üýşürilen görnüşinde saklanylyp, galyndylary daşamak üçin enjamlaşdyrylan ulag serişdesinde, gaplanan görnüşde ýa-da galyndylaryň daşky gurşawa düşmeginiň öňüni alýan başga usulda galyndylaryň gaýtadan işlenilýän ýa-da ýerleşdirilýän ýerine daşalýar. 

V klasa şu Sanitariýa kadalarynyň III babynda görkezilen hojalyk galyndylary degişlidir.

11. Peýdalanylmaga degişli bolmadyk galyndylary galyndylaryň eýeleri bolup durýan şahslar tarapyndan gaýtadan işlemek, ulanmak, şeýle hem ýok etmek işlerini amala aşyrýan beýleki şahsa (fiziki ýa-da ýuridik şahslara) geçirmek üçin alty aýdan köp bolmadyk möhlete çenli galyndylaryň wagtlaýyn toplanylmagyna we saklanylmagyna ýol berilýär.

Suwuk we gaz görnüşdäki galyndylar germetiki ýapyk gaplarda saklanylýar. Toplanylyşyna görä galyndylar senagat obýektiniň çäginden çetleşdirilýär ýa-da olar senagat obýektinde zyýansyzlandyrylýar. 

12. Senagat zolaklarynyň çägindäki önümçilik galyndylaryň çäklendirilen möçberleri ýuridik şahslar tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar we tebigaty goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan tassyklanylýar.

Galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda ýuridik şahslar özleriniň önümçilik we hojalyk işleriniň netijesinde emele gelýän galyndylaryň emele gelmeginiň kadalarynyň hem-de galyndylary ýerleşdirmegiň çäklendirilen möçberleriniň taslamalaryny işläp taýýarlamaga we daşky gurşawy goramak babatynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasyna hem-de galyndylar bilen iş salyşmak çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki ygtyýarlandyrylan edaralaryna ylalaşmak üçin bellenilen tertipde, olary bermäge borçlydyrlar.

13. Galyndylaryň toplanylmagyna, saklanylmagyna we ýerlenilmegine diňe ilatyň saglygyny we daşky gurşawy goramagy üpjün edýän ýörite gurnalan şlam-, şlak-, kül-, radioaktiw, toksiki, gazylyp alynýan magdanlardan emele gelýän galyndylary toplaýjy, agdaryjy tehnikalar we degişli şertler bilen üpjün edilen desgalar bolan ýagdaýynda ýol berilýär.

14. Gaty galyndylar, şol sanda ürgün (owrangyç) galyndylar konteýnerlerde, plastik, kagyz haltalarda ýa-da paketlerde saklanylyp, olar toplanylyşyna görä (ýöne aýda bir gezekden az bolmadyk wagtda) ýörite bellenen we enjamlaşdyrylan ýere daşalýar.

15. Galyndylaryň wagtlaýynça saklanylýan meýdançasy önümçilik obýektiniň çäginiň yk (şemalyň akymy) tarapynda ýerleşdirilýär. Meýdança toksiki galyndylary (maddalary) geçirmeýän, arassalaýjy desga tarapa eňňitli, gyrasy çilli guýmaly gaty material bilen örtülýär. Meýdançanyň ýüzünden geçýän akymyň umumy çabga geçirijä birikdirilmegine ýol berilmeýär. Meýdançanyň ýüzünden geçýän akym üçin, olardan toksiki maddalary tutup alýan we olaryň zyýansyzlandyrylmagyny hem-de arassalanylmagyny üpjün edýän, ýörite arassalaýjy gurnama göz öňünde tutulmalydyr. Meýdançada galyndylary atmosfera ygallarynyň we şemalyň täsirinden goramak çäreleri göz öňünde tutulmalydyr. 

16. Önümçiligiň toksiki (I we II klas howply) galyndylaryň zyýansyzlandyrylmagy önümçiligiň toksiki galyndylaryň ýerleşdirilýän meýdançalarynda amala aşyrylýar.

17. Önümçilik galyndylary (III we IV klas howply) zyýansyzlandyrmak üçin degişli obýektlerde ulanyş galyndylary bilen önümçilik galyndylaryň belli bir böleginiň işlenilmegine we gaty hojalyk galyndylaryň ýerleşdirilýän ýerinde ýerleşdirilmegine rugsat berilýär. 

18. Daşalýan galyndylaryň mukdary ulag serişdesiniň göwrümine laýyk gelmelidir. Önümçilik galyndylary daşalanda galyndylaryň doldurylan, daşalan, ýüklenilen, düşürilen ýerlerinde daşky gurşawyň hapalanmagyna ýol berilmeýär.

19. I klasdan III klasa çenli howply galyndylary ýüklemek, daşamak we düşürmek bilen bagly tehnologiki işler mehanizmleşdirilýär. 

20. Ýarym suwuk (pasta görnüşli) galyndylar üçin ulag serişdeleri dökmäge oňaýly şlang bilen enjamlaşdyrylýar.  

21. Gaty we tozan görnüşli galyndylar üçin ulag serişdesi gorag örtgüsi (plýonkasy) ýa-da gorag materialy bilen üpjün edilýär.

22. Tozan görnüşli galyndylar ähli tapgyrlarda: ýüklenilende, daşalanda we düşürilende çyglandyrylmalydyr. 

23. I we II klas howply galyndylar daşalanda ulag serişdesini dolandyrýan we ýüküň ýany bilen gidýän işgärden başga üçünji şahsyň bolmagyna ýol berilmeýär.

24. Çig mal hökmünde galyndylary ulanýan obýektlerde tehnologiki prosesler awtomatlaşdyrylýar we mehanizmleşdirilýär.

25. Senagat galyndylaryň ýerlenilmegi subýektiň senagat zolaklaryndan daşda we ilatly ýerleriň çäginde howplulyk klasyna laýyklykda, olaryň ilatly ýerlerden daşda hem-de önümçilik meýdançasynda ýerleşdirilmek mümkinçiligi bolmadyk hereket edýän ýylylyk elektrosentrallarynda, ýylylyk elektrik beketlerinde (kül şlak agdarylýan/kül agdarylýan ýerlerden başga) amala aşyrylýar.

26. Gaýtadan ulanmak mümkinçiligi bolmadyk galyndylary ýerleşdirmek üçin meýdançalar, şol sanda täze gurulýan ýylylyk elektrosentrallary, ýylylyk elektrik beketleri ilatly ýerlerden we önümçilik meýdançasynyň çäginden daşda ýerleşdirilmelidir.

27. Suwda eremeýän zäherli maddalaryň, II we III klas howply gaty hem-de tozan görnüşli galyndylaryň ýerlenilmegi önümçilik galyndylaryň meýdançalarynda amala aşyrylýar. Ýöriteleşdirilen çukurlara galyndylary dökmek işi gatma-gat dykyzlandyrmak arkaly geçirilýär. Ýöriteleşdirilen çukurlardaky galyndylaryň iň ýokary derejesiniň, onuň ýanaşyk çäginden 2 metrden az bolmadyk meýilleşdirilen bellikden pes bolmagy göz öňünde tutulmalydyr.

28. Ýöriteleşdirilen çukurlar enjamlaşdyrylanda, olara ini 8 metrden az bolmadyk ýanaşyk çäk  göz öňünde tutulmalydyr. Galyndylaryň gömülmegine süzmek koeffisiýenti bir gije-gündizde 6-10 metrden köp bolmadyk toprakda ýol berilýär.

29. Ýöriteleşdirilen çukurlarda tozan görnüşli galyndylary gömmek bu galyndylaryň şemal bilen dargamagynyň aradan aýrylmagyny kepillendirýän çäreleri göz öňünde tutmak arkaly geçirilýär. Ýöriteleşdirilen çukura her gezek bu galyndylar guýulandan soň, galyndylar 20 santimetrden ýuka bolmadyk galyňlykdaky toprak bilen üzňeleşdirilýär.

30. Suwda ereýän zäherli maddalary düzüminde saklaýan II we III klas howply gaty hem-de pasta görnüşli galyndylaryň gömülmegi düýbi we gapdal diwarlary üzňeleşdirilen ýöriteleşdirilen çukurlarda amala aşyrylýar.

31. Ýöriteleşdirilen çukurlaryň galan böleginiň doldurylmagy üçin, onuň galyndy dökülen bölegi topragyň dykyzlandyryjy gatlagy bilen örtülýär. Galyndylary topragyň dykyzlandyryjy gatlagynyň üstüne goşmaklyk, onuň bozulmagyna ýol bermeýär.

32. Düzüminde gowşak ereýän zäherli maddalary bolan I klas howply galyndylar gömülende, olaryň ýerasty suwlara aralaşmagynyň öňüni almak boýunça çäreler amala aşyrylmalydyr:

1) ýöriteleşdirilen çukuryň düýbi we diwarlary süzmek koefisiýenti 10 m/gije-gündizden köp bolmadyk, ini 1 metrden az bolmadyk palçyk gatlagy bilen suwalmalydyr;

2) çukuryň düýbüniň örtülen we diwarlarynyň berkidilen beton plitalarynyň birleşýän ýerleri bitum, gudron ýa-da suw geçirmeýän materiallar bilen doldurylmalydyr.  

33. Suwda ereýän I klas howply galyndylar 2 gezek (doldurylmazdan ozal we doldurylandan soň) gözegçilikden geçirilen diwarlarynyň galyňlygy 10 millimetrden az bolmadyk polat konteýnerlere ýa-da balonlara salynyp, beton gapyrjaga ýerleşdirilip gömülýär. 

34. IV klasa degişli önümçilik galyndylaryň hojalyk galyndylar bilen birleşdirilmegine ýa-da bu galyndylaryň ýerleşdirilýän ýerinde meýdançalaryň çäginde meýilleşdirme işlerinde üzňeleşdiriji material hökmünde ulanylmagyna ýol berilýär. 

35. Galyndylar bilen doldurylan ýöriteleşdirilen çukurlar 2 metr galyňlykda topragyň dykyzlandyrylan gatlagy bilen üzňeleşdirilýär, soňra, onuň üsti suw geçirmeýän gudrondan, tiz gataýan şepbik (smola), sementgudron örtük bilen örtülýär.

36. Çukuryň dykyzlandyrylan gatlaklary we suw geçirmeýän örtügi, onuň ýanaşyk çäklerinden ýokarda durýar. Suw geçirmeýän örtük çukuryň gabarasynyň her tarapynyň 2-2,5 metr daşyna çykýar we goňşy çukuryň örtügi bilen sepleşýär. Olaryň sepleşýän ýerleri, daşgyn we sil suwlarynyň, çukurlaryň ýüzünden ýöriteleşdirilen bugarma meýdançasyna toplanylmagyna we akdyrylmagyna ýardam berer ýaly görnüşe getirilýär.

37. Çukurlardaky suw geçirijileriň üzňeleşdirilýän örtüginiň enjamlaşdyrylmagy boýunça işleriň gurnalmagy her bir anyk ýagdaý üçin aýratynlykda ýer böleginiň relýefini we gidrogeologiki şertlerini göz öňünde tutmak arkaly amala aşyrylýar. 

38. Ýakmaklyga degişli önümçilik galyndylary zyýansyzlandyrylanda iş düzgüni 1000-1200 0С-den pes bolmadyk, çykýan gazlary ýakyp gutarýan kameraly peçler (insineratorlar) ulanylýar. Meýdançada regenerasiýa degişli bolan agyr metallar, radioaktiw galyndylar, nebit önümlerini çykaryp almaga işlenilip taýýarlanylan netijeli usullar bolan galyndylar kabul edilmeýär.   

39. Suwuk ýagdaýdaky galyndylaryň gömülmegine ýol berilmeýär. I-III klaslara degişli howply suwuk galyndylar ýöriteleşdirilen meýdança äkidilmezden ozal, pasta görnüşli konsistensiýa geçirilýär.  

40. Radioaktiw, toksiki, gazylyp alynýan magdanlardan emele gelýän galyndylaryň ýerleşdirilýän ýöriteleşdirilen nokady magdan işläp taýýarlaýan obýektiň öz çäginde (ýeke-täk senagat meýdançasynyň çäklerinde) ýa-da SGZ-ny göz öňünde tutmak bilen özbaşdak çäkde ýerleşdirilýär.

41. Oba hojalyk üçin ýaramly bolmadyk, ilatly ýerlerden we awtomobil ýollaryndan 5 kilometrden uzak aralykda ýerleşen radioaktiw, toksiki, gazylyp alynýan magdanlardan emele gelýän galyndylaryň ýerleşdirilýän ýöriteleşdirilen nokadynyň daşyna topragyň ýüzünde we bentde (dambada) gamma şöhle saçmanyň kuwwatlylygy tebigy radiasiýa fonunda sagatda 0,3 mkZw/sagatdan ýokary bolmadyk ýagdaýynda germew edilmeýär. Ýöriteleşdirilen bu nokadyň daş-töwereginde duýduryş beriji ýazgylar we görkeziji nyşanlar goýulýar.

42. Işlenen radioaktiw, toksiki, gazylyp alynýan magdanlardan emele gelýän galyndylaryň ýerleşdirilýän ýöriteleşdirilen nokadyny islendik maksat üçin ulanmaklyga ýol berilmeýär. Onuň SGZ-nda ýaşalýan binalary, mekdepleri we mekdebe çenli çagalar edaralaryny, medeni durmuş maksatly desgalary, söwda hem-de durmuş hyzmaty kärhanalaryny, saglygy goraýyş we dynç alyş edaralaryny, sport desgalaryny we beýleki jemgyýetçilik desgalaryny, şeýle hem baglary, seýilgähleri, bagçylyk we saýalyk gurluşyklaryny hem-de bakjalary ýerleşdirmäge ýol berilmeýär.

43. Radioaktiw, toksiki, gazylyp alynýan magdanlardan emele gelýän galyndylaryň ýerleşdirilmeli ýöriteleşdirilen nokadynyň ýerleşýän çägi zerur ölçeglerdäki SGZ-nyň gurnalmagy göz öňünde tutulan etrabyň we ýöriteleşdirilen nokadyň gelejekki ösüş meýilnamasy bilen baglaşdyrylýar. 

44. Radioaktiw, toksiki, gazylyp alynýan magdanlardan emele gelýän galyndylaryň ýerleşdirilmeli ýöriteleşdirilen nokadynyň suw üpjünçilik çeşmesi bolan ýerüsti suwly gatlaklarda, uly derýalaryň we kölleriň iň ýakyn kenarynyň gyrasynyň (1000 m.-den az) golaýynda şeýle hem, SGZ-nyň ölçegine laýyklykda gelejekdäki ösüş boýunça ilaty 50 müň adamdan köp bolmaly şäherlerde ýerleşdirilmegine ýol berilmeýär.

45. Obýektiň çäginde radioaktiw, toksiki, gazylyp alynýan magdanlardan emele gelýän galyndylaryň ýerleşdirilmeli ýöriteleşdirilen nokady kärhananyň önümçilik, adminstratiw we durmuş binalarynyň SGZ-nyň ölçeginiň ýarysyna deň bolan (ýöne, 500 m.-den ýakyn bolmaly däl) aralykda ýerleşdirilýär.  

46. Radioaktiw, toksiki, gazylyp alynýan magdanlardan emele gelýän galyndylaryň gömülýän nokadynyň ýerleşdiriliş aýratynlyklary:

1) agyz suw alynýan ýerlerden we balyk tutulýan uçastoklardan pes;

2) gowşak süzülýän toprakly (palçyk, toýunsöw, gatlakly), ýygnanýan galyndylaryň iň pes derejesindäki 2 m.-den az bolmadyk, olaryň has ýokary galmagyndaky ýerasty suw ýataklary bolan (ýöriteleşdirilen nokadyň ulanylmagynda suwuň ýokary galmagyny göz öňünde tutmak bilen) meýdançalarda. Oňaýsyz gidrogeologiki şertlerde saýlanyp alnan meýdançada ýerasty suwlaryň peselmegini üpjün edýän çäreler göz öňünde tutulýar.

47. Radioaktiw, toksiki, gazylyp alynýan magdanlardan emele gelýän galyndylaryň ýerleşdirilen ýöriteleşdirilen nokadyny gömmezden ozal, onuň ýer işleri üçin zerur bolan tehnikany ulanmaklyga mümkinçilik berýän kondisiýa çenli guramagy boýunça çäreler geçirilýär.

48. Gömülen radioaktiw, toksiki, gazylyp alynýan magdanlardan emele gelýän galyndylaryň gömülýän nokadynyň daşy beýikligi 2 m.-den pes bolmadyk haýat bilen ýapylýar. Haýat ýöriteleşdirilen nokatdan 30 metrden ýakyn bolmadyk aralykda haýatyň çäginden daşda, topragyň ýüzünde we bentde (dambada) gamma şöhle saçmanyň ekspozisiýa möçberiniň kuwwaty tebigy fonuň üstüne sagatda 0,3 mkZw/sagatdan ýokary bolmadyk ýagdaýda ýerleşdirilmelidir. 

49. Gömülen radioaktiw, toksiki, gazylyp alynýan magdanlardan emele gelýän galyndylaryň ýerleşdirilen nokadyna, onyň adminstrasiýasy tarapyndan şlam-, şlak-, radioaktiw, toksiki, gazylyp alynýan magdanlardan emele gelýän galyndylaryň ýerleşdirilýän ýöriteleşdirilen nokadyny, kül toplaýjylary we üýşmekleri gömmegiň  pasporty (şu Sanitariýa kadalaryna 1-nji goşundy) düzülýär we ol ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna geçirilýär. 

50. Ýörite gurnalan şlam-, şlak-, kül-, radioaktiw, toksiki, gazylyp alynýan magdanlardan emele gelýän galyndylary toplaýjylaryň, agdaryjylaryň we beýleki desgalaryň ýok edilmegi hem-de saklanylmagy ilatyň saglygyny goramagy we daşky gurşawyň amatly ýagdaýyny saklamagy üpjün edýän çözgütleriň taslamalary boýunça geçirilýär. 


III bap. Gündelik durmuşdaky galyndylaryň ýygnalmagyna, ulanylmagyna, zyýansyzlandyrylmagyna we daşalmagyna bildirilýän sanitariýa-epidemiologiýa talaplary


§ 1. Gaty hojalyk galyndylaryň ýygnalmagyna, daşalmagyna we zyýansyzlandyrylmagyna bildirilýän sanitariýa-epidemiologiýa talaplary


51. Ilatly ýerleriň çäklerinde gündelik durmuşdaky galyndylaryň ýygnalmagy, ulanylmagy, peýdalanylmagy, zyýansyzlandyrylmagy we ýerlenilmegi jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan amala aşyrylýar. 

Gündelik durmuşdaky galyndylary ýygnamak, daşamak işini amala aşyrýan we gaty hojalyk galyndylaryň ýerleşdirilýän ýerini saklaýan ýörite edarasy bolmadyk az ilatly nokatlarda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň gözegçiliginde we hyzmatynda galyndylary özbaşdak çetleşdirme işleri gurnalýar.

52. Söwda we jemgyýetçilik iýmiti, bilim edaralary, şypahanalar we beýleki bejeriş-sagaldyş edaralaryndan (Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keseller merkezleri müdiriýetinden (şol sanda Inçekeseli-bejeriş öňüni alyş merkezi, Merkezi deri-wenerologiýa hassahanalaryndan başga) çykýan iýmit galyndylary gapakly göwrümlere ýygnalýar we sowadylan otaglarda ýa-da sowadyjy kameralarda saklanylýar. 

53. Ilatly ýerlerde (ýaşaýyş jaý hem-de jemgyýetçilik maksatly ähli binalaryň, köpçülikleýin dynç alyş ýerleriniň we medeni dynç alyş merkezleriniň çäklerinde) galyndylary ýygnamak üçin konteýnerleri (gaplary) ýerleşdirmek üçin ulag baryp biler ýaly ýörite meýdança bölünip berilýär. Meýdança gaty örtük bilen örtülip, onuň 3 tarapy galyndylaryň şemalda ýaýramagynyň mümkinçiligini aradan aýyrýan, beýikligi 1,5 m.-den pes bolmadyk aýmança bilen haýatlanýar.

54. Gaty hojalyk galyndylaryň ýygnalmagy üçin niýetlenilen konteýnerler gapakly bolmalydyr. Ilatly ýerlerde konteýner meýdançasy ýaşaýyş we jemgyýetçilik binalaryndan, çagalar üçin niýetlenilen obýektlerden, sport meýdançalaryndan hem-de ilatyň dynç alýan ýerlerinden Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2006-njy ýylyň 12-nji maýynda 382 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Jemagat hojalygynyň usulyýeti we pudagy ösdürmek baradaky barlag institutynyň başlygynyň 2005-njy ýylyň 7-nji noýabrynda çykaran 60-B belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Türkmenistanyň ilatly ýerleriniň çäkleriniň arassaçylygyny saklamagyň we olary syryp-süpürmegiň kadalaryna” laýyklykda 20 metrden ýakyn we 100 metrden daş bolmadyk aralykda ýerleşdirilmelidir.

55. Ýaşaýyş jaýlaryň olaryň abadanlaşdyrylan ýanaşyk ýerlerinde gaty hojalyk galyndylary ýygnamak üçin bir ülňüli konteýnerler ulanylmalydyr. Hususy hojalyklarda bolsa, agzy gapakly göwrümleriň ulanylmagyna ýol berilýär. 

56. Gaty hojalyk galyndylary ýygnamak üçin niýetlenilen konteýnerleriň eýesi konteýnerleri, olary ulanýan ilatyň sanyny, galyndylaryň toplanyş ölçeglerini, saklanyş möhletlerini göz öňünde tutup ýerleşdirmelidir. Konteýnerleriň göwrümi toplanýan galyndylaryň göwrümine laýyk gelmelidir.

Gaty hojalyk galyndylaryň çetleşdirilmegi öz wagtynda amala aşyrylmalydyr. Galyndylaryň konteýnerlerde saklanylmaly möhleti howanyň temperaturasy 0 0С we ondan aşak bolanda - 3 günden artyk, 0 0С-den ýokary (+ temperaturada) - 1 günden artyk däldir.

57. Köp öýli ýaşaýyş jaýlarynda zerur ýagdaýlarda gaty hojalyk galyndylary üçin konteýner meýdançasynyň gyrasyndan başlap, 1,5 metrlik radiusyna çenli, meýilnamalaýyn-yzygiderli arassalaýyş işleri geçirilmelidir.

58. Gaty hojalyk galyndylary üçin konteýnerleriň eýesi galyndylary anyk ilatly ýerleriň ýerli şertlerini we gurulýan böleginiň hakyky ösüşini göz öňünde tutup, ulag serişdeleriniň sanyny kesgitleýär.

59. Ulag serişdeleriniň we gaty hojalyk galyndylary üçin konteýnerleriň eýesi hojalyk zolagynyň çäginden daşda ulag serişdelerini hem-de konteýnerleri ýuwmak üçin meýdança gurnamalydyr. Meýdançada sowuk suw ulgamy geçirilen ýuwuş bölümi göz öňünde tutulmalydyr. Meýdança eltilýän hapa we arassa konteýnerleriň (ulaglaryň) akymy bölünmelidir hem-de kesişmeli däldir. 

60. Suw ulgamy çekilmedik ýerlerde daşardaky howanyň temperaturasynyň      5 0С-den ýokary bolan ýagdaýlarynda konteýnerleriň köçeleri ýuwýan ulaglaryň üsti bilen ýuwulmagyna ýol berilýär. 

61. Konteýnerleriň we ulaglaryň ýuwulmagyndan soň emele gelýän ýuwundy suwlaryny bugartmak, kartalara goýbermek ýa-da gaty hojalyk galyndylary çyglandyrmak üçin ulanmak bolýar.

62. Gaty hojalyk galyndylary üçin niýetlenilen ýöriteleşdirilen meýdançanyň eýesi meýdançadan çykylýan ýerde galyndylary daşaýan ulaglaryň tigirlerini zyýansyzlandyrmak üçin zyýansyzlandyryjy beton wannalaryny gurnamalydyr. Wannanyň uzynlygy 8 m.-den, ini 3 m.-den, çuňlugy 0,3 m.-den az bolmaly däldir.

63. Gaty hojalyk galyndylary üçin ýöriteleşdirilen meýdançanyň ähli çäginiň perimetri boýunça ýeňil haýat, çuňlygy 2 metrden köp bolan guradyjy garym ýa-da beýikligi 2 metrden ýokary bolmadyk gaçy gurnalmalydyr. 

64. Hojalyk galyndylaryň zyýansyzlandyrylmagynda şu Sanitariýa kadalarynyň otuz sekizinji böleginde görkezilen peçler (insineratorlar) ulanylýar. Ýöriteleşdirilen meýdança regenerasiýa degişli bolan agyr metallar, radioaktiw galyndylar, nebit önümlerini çykaryp almaga işlenilip taýýarlanylan netijeli usullar bolan galyndylar kabul edilmeýär.   


§ 2. Howly içindäki gurnamalara we hapa suw ýygnanýan çukurlara bildirilýän sanitariýa-epidemiologiýa talaplary


65. Merkezleşdirilen suw üpjünçilik we lagym ulgamlaryna birikdirilen ýaşaýyş hem-de beýleki obýektleriň çäginde howly gurnamalarynyň we hapa suw ýygnanýan çukurlaryň gurulmagyna, täzeden enjamlaşdyrylmagyna ýol berilmeýär.

66. Merkezleşdirilen suw üpjünçilik we lagym ulgamlaryna birikdirilmedik ýaşaýyş hem-de beýleki obýektleriň çäklerinde ulanylan suwuk galyndylary ýygnamak işleri suw geçirmeýän çukurly, ýerüsti bölegi gapakly we gaty fraksiýalary alyp galmak üçin gözenekli hapa ýygnanýan çukurlar arkaly amala aşyrylýar. Howly hajathanalarynyň bolan ýerlerinde umumy hapa ýygnanýan çukuruň gurnalmagyna ýol berilýär.

67. Lagym ulgamyna birikdirilmedik sanitariýa-howly içindäki gurnamalar we jemgyýetçilik hajathanalary jaşaýyş hem-de jemgyýetçilik binalaryndan, çagalar üçin we ilatyň dynç almagy üçin niýetlenilen meýdançalardan azyndan 25 metr, hususy öýlerden (şol sanda daçalardan)-azyndan 10 metr, guýulardan hem-de kaptažlardan-azyndan 50 metr aralyga daşlaşdyrylmalydyr.


IV bap. Galyndylaryň saklanylyşyna we ýerlenilmegine bildirilýän

sanitariýa-epidemiologiýa talaplary


68. Galyndylary saklamak we ýerlemek ýöriteleşdirilen meýdançalarda amala aşyrylýar. 

69. Gaty hojalyk galyndylary ýerlenilýän meýdançanyň ölçegi, galyndylaryň 20-25 ýylyň dowamynda ýygnanma möhletini göz öňünde tutmak arkaly kesgitlenilýär. 

70. Meýdançalar üçin aýratyn, gurluşyk işleri alnyp barylmaýan, ýelejireýän, ilatly ýerleriň we ilatyň köpçülikleýin dynç alyş zolaklarynyň, hojalyk suw üpjünçiliginiň, mineral çeşmeleriň, açyk suw howdanlarynyň hem-de ýerasty suwlaryň hapalanylmagyny aradan aýyrýan inženerçilik çözgütleriniň ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýän, sil, gar, daşgyn suwlary basmaýan ýerler göz öňünde tutulýar. 

71. Meýdança ilatly ýerleriň yk (şemalyň akymy) tarapynda, şemalyň agdyklyk edýän ugruny göz öňünde tutmak bilen, derýalaryň akymy boýunça hojalyk-agyz suw üpjünçiliginiň suw alýan gatlagyndan pes, açyk suw howdanlarynyň, gyşlamak üçin çukurlaryň, balyklaryň köp mukdarda saklanylýan ýerleriniň araçäklerinden pes ýerlerde ýerleşdirilýär. 

72. Meýdança ýerasty suwlaryň 20 metrden köp çuňlykda suwy az geçirýän, süzüjiligi 10 m/sek.-dan köp bolmadyk koeffisiýentli jynsly toprak bilen örtülen ýer böleklerinde ýerleşdirilýär. Meýdançanyň düýbüniň esasyny ýerasty suwlaryň iň ýokary esasy derejesinden 4 metrden az bolmadyk ýerde ýerleşdirýärler. Onuň düýbi we diwarlary gidro üzňeleşdirilýär. 

73. Gaty hojalyk galyndylaryň ammarlaşdyrylýan, ýok edilýän we gömülýän ýerleriniň, zir-zibil dökülýän ýerleriň SGZ-nyň ölçegi we gökleşdirilmegi “Senagat kärhanalaryny taslamaklygyň arassaçylyk kadalary” atly TGK 2.09.04-09 belgili Türkmenistanyň Gurluşyk kadalary laýyklykda amala aşyrylýar.

74. Geljekde ýaşaýyş-jaý gurluşyk işleriniň alnyp barylmaly ýerlerinde, önümçilik obýektleriniň giňeldilýän, rekreasiýa zolaklarynyň, derýalaryň jülgeleriniň, jarlarynyň, ýeriň çökýän böleklerinde, karst prosesleriniň döreýän ýerlerinde, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň ýatan ýerlerinde, ýerasty agyz suw çeşmeleriniň suw alýan zolaklarynda meýdançalaryň ýerleşdirilmegine ýol berilmeýär. 

75. Meýdançanyň çäginiň ilatly ýerlerine, önümçilik obýektlerine, oba hojalyk üçin ýaramly ýerlerine, suwuň akýan taraplaryna eňňitli bolmagyna ýol berilmeýär.

76. Meýdançalara IV klas howply önümçilik galyndylary üzňeleşdiriji material hökmünde çäklendirilmedik möçberde kabul edilýär. Bu galyndylar gaty hojalyk galyndylaryndan çykýan zäherli maddalaryň süzgüçdäki derejesindäki (1 kg. galynda litr suw) suw çekimleriniň saklanylmagy, kisloroda biohimiki zerurýetçilik görkezijisi we 300 mg/l.-den ýokary bolmadyk kisloroda himiki zerurýetçiligi, fraksiýalarynyň ölçegi 250 mm.-den pes bolan birmeňzeş düzümi bilen häsiýetlenýär.

77. Gaty hojalyk galyndylaryň ýöriteleşdirilen meýdançasyna üzňeleşdiriji material hökmünde ulanylýan we çäklendirilmän kabul edilýän IV klas howply önümçilik galyndylaryň sanawy şu Sanitariýa kadalaryna 2-nji goşundynyň 1-nji tablisasynda görkezilendir. 

Meýdançalara çäklendirilen möçberde kabul edilip, gaty hojalyk galyndylary bile ýerleşdirilýän III we IV klas howply önümçilik galyndylaryň sanawy (1000 m3 gaty hojalyk galyndylaryna kada görkezijiler) su Sanitariýa kadalaryna 2-nji goşundynyň 2-nji tablisasynda görkezilendir. 

Çäklendirilen möçberde kabul edilip we aýratyn şertleriň berjaý edilmegi bilen saklanylýan III we IV klas howply önümçilik galyndylaryň sanawy şu Sanitariýa kadalaryna 3-nji goşundyda görkezilendir. 

78. Meýdançanyň çägi iki zolaga bölünýär: gaty hojalyk galyndylaryň saklanylýan zolagy we hojalyk-durmuş obýektleriniň ýerleşdirilýän zolagy.

Gaty hojalyk galyndylarynyň saklanylýan ýeri edaranyň administrasiýasy tarapyndan aýratyn böleklere (kartalaryna) bölünýär we şol bölekler gezekli-gezegine galyndylar bilen doldurylýar. 

79. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kadalaşdyryjy resminamalar esasynda meýdançada işleýän işgärler üçin sanitariýa-durmuş hyzmatlary otagy göz öňünde tutulmalydyr. Naharlanmak üçin otaglar azyndan 1 sany durmuş sowadyjysy we gap-gaç ýuwmak üçin nowa (rakowina) bilen enjamlaşdyrylmalydyr. 

80. Galyndylar bilen iş salyşýan işgärler üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýörite egin-eşigiň, ýörite aýakgabyň we beýleki hususy gorag serişdeleriň, ýuwup aýyrýan we zyýansyzlandyrýan ýa-da ýokançsyzlandyrýan serişdeler bilen üpjün edilmelidirler.  

81. Gaty we suwuk galyndylaryň ýygnalmagy, başga maksatlar üçin ulanylmagy, degişli desgalaryň işledilmegi bilen meşgullanýan işgärler hökmany deslapky (işe giren halatynda) we döwürleýin (zähmet işiniň dowamynda) lukmançylyk taýdan gözegçiligini (barlagyny), işgärleriň haýyşy boýunça nobatdan daşary lukmançylyk taýdan gözegçiligini (barlagyny) geçmelidirler. 

82. Meýdança getirilýän galyndylaryň düzümine we hasabyna, meýdançanyň işleýän böleginde galyndylaryň ýerleşdirilişine, galyndylary üzňeleşdirmek boýunça tehnologiki sikliň ýerine ýetirilişine gözegçilik üpjün edilmelidir.  

83. Gaty hojalyk galyndylar üçin meýdança hojalyk galyndylary we gaty önümçilik galyndylaryň käbir görnüşleri (III we IV klas howply), şeýle-de tejribe-eksperimental usullary arkaly kesgitlenilen klasly howpsuz galyndylar kabul edilýär.  

84. Gaty hojalyk galyndylarynyň bile saklanylmagy üçin çyglylygy 85%-den köp bolmadyk ýarylma howpsuz we öz-özünden ýanmaýan önümçilik galyndylary kabul edilýär. Gaty hojalyk galyndylarynynyň meýdançasyna suwuk we pasta görnüşli galyndylar kabul edilmeýär.  

85. Meýdançada hyzmat edilýän edaralaryň we olardan kabul edilýän galyndylaryň hem-de olaryň mukdarynyň sanawy bolmalydyr. 

86. III we IV klas howply önümçilik galyndylary çäklendirilen mukdarda (gaty hojalyk galyndylaryň agramynyň 30%-inden köp däl) kabul edilýär hem-de suw çekilmesinde gaty hojalyk galyndylaryndaky süzgüjiň derejesinde zäherli elementleriň we 5000 mg/l kislorodda kislorodyň biohimiki talaplarynyň 20 hem-de kislorodyň himiki talaplarynyň 400 saklanylmagy bilen häsiýetlenýän hojalyk galyndylary bilen bile saklanylýar. 

87. Gaty hojalyk galyndylary üçin meýdançalara epidemiologiýa taýdan howply, ýöriteleşdirilen gurnamalarda zyýansyzlandyrylmadyk galyndylaryň kabul edilmegine ýol berilmeýär. 

88. Radioaktiw galyndylaryň ýerleşdirilmegi we gömülmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

89. Gaty hojalyk galyndylar üçin meýdançalara ölen haýwanlaryň maslyklarynyň, konfiskatlaryň, et läşleriniň galyndylaryň kabul edilmegine ýol berilmeýär.

90. Meýdançada galyndylary zyýansyzlandyrmak üçin üýşürilen zibilleriň meýdan şertlerinde kompostirleme usuly ulanylýar, her ýylda 120000 m3-den az bolan gaty hojalyk galyndylary kabul edýän meýdançalar üçin gaty hojalyk galyndylary garymda saklama tertibi peýdalanylýar. Garymlaryň çuňlugy 3-6 metr we üstüne görä ini 6-12 metr bolmaly. Garymlar şemalyň agdyklyk edýän ugruna perpendikulýar ýerleşdirilýär.

91. Garymlar gazylanda emele gelen toprak gaty hojalyk galyndylary bilen doldurylandan soň, olaryň gömülmegi üçin ulanylýar. Bir garymyň uzynlygy, onuň doldurylma möhletiniň göz öňünde tutulmagy arkaly kesgitlenilýär:

1) 0 0С temperaturadan ýokary döwürde 1-2 aýyň dowamynda;

2) 0 0С temperaturadan pes bolan döwürde topragyň doň wagtynyň ähli döwründe.

92. Gaty hojalyk galyndylaryň gönüden-göni batgalyk we daşgyn suwlaryň basan ýer böleklerinde saklanylmagyna ýol berilmeýär. Beýle ýer böleklerini meýdança hökmünde ulanmazdan ozal, olaryň üsti ýerüsti ýa-da daşgyn suwlarynyň maksimal derejesinden 1 metr ýokary çykarylyp inert materiallar bilen örtülýär. Munda hökman suwa çydamly ekran hem ulanylmalydyr. Ýerasty suwlaryň 1 metrden az bolan çuňlukda bar bolan ýagdaýynda deslapdan toprak guradylyp, ýüzi üzňeleşdiriji material bilen örtülmelidir. 

93. Meýdançanyň gökleşdirilen zolagynda (kesgitli çäk boýunça) gaty hojalyk galyndylaryň ýerasty suwlara edýän täsirine gözegçilik (monitoring) etmek üçin guýylar (skwažinalar) gurnalýar, olaryň biri ýerasty suwlaryň akymy boýunça meýdançadan ýokarda, 1-2 sanysy bolsa, meýdançadan pesde ýerleşdirilmelidir.

94. Iş kartasynda gaty hojalyk galyndylary ýerleşdirilende galyndylaryň dykyzlandyrylan gatlagyny 2 metr galyňlykda toprak ýa-da beýleki üzňeleşdiriji materiallar arkaly aralyk ýa-da gutarnykly üzňeleşdirmeklik amala aşyrylýar. Tekiz meýdançalarda galyndylaryň üzňeleşdirilmegi tomus paslynda her gün, 5 0С-den pes temperaturada ýerleşdirilen pursatyndan 3 gije-gündizden gijä galdyrylmaly däldir. 

95. Üzňeleşdiriji material hökmünde şlaklar, we/ýa-da hek, mel, soda, gips, grafit, asbosement, şifer ýaly önümçilik galyndylary ulanylýar.

96. Zibil daşaýan ulaglar boşadylanda we gaty hojalyk galyndylary ýerleşdirilende galyndylaryň ýeňil fraksiýalary saklanyp galar ýaly, şemalyň agdyklyk edýän tarapynda göçme torly haýat goýulýar. Her iş tapgyrynda 1 gezekden seýrek bolmadyk ýygylykda göçme şitlerde saklanan galyndylar ýygnalýar we meýdançanyň galyndylary ýerleşdirmek üçin niýetlenilen bölegine ýerleşdirilýär hem-de onuň üsti üzňeleşdiriji gatlak bilen dykyzlandyrylýar.  

97. Ýerasty we ýerüsti akymlaryň açyk howdanlara eltýän öwrümli kanallary yzygiderli zibilden arassalanylyp durulmalydyr.

98. Meýdançalaryň çäginde gaty hojalyk galyndylarynyň açyk ot ýakylmagyna ýol berilmeýär. Zibilleriň öz-özünden ýanmagy ýüze çykan ýagdaýynda Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň gullukçylary gelýänçä, meýdançanyň işgärleri tarapyndan özbaşdak dörän ýangyny söndürmek işleri geçirilmelidir. 

99. Meýdançalaryň ýapylmagy, onuň taslamasynda göz öňünde tutulan beýiklige çenli gömülmeginden soň amala aşyrylýar. Ulanylyş möhleti 5 ýyldan az bolan meýdançalarda soňraky çökme ýagdaýlara görä, göz öňünde tutulan wertikal bellikden 10% ýokary gömmeklige ýol berilýär. 

100. Meýdança ýapylmazdan ozal galyndylaryň ahyrky gatlagy topragyň daşky üzňeleşdiriji gatlagy bilen gutarnykly ýapylýar. 

101. Daşky üzňeleşdiriji gatlak gutarnykly meýilleşdirilende meýdançanyň gyralarynda suw akymlary üçin eňňit (iniş) göz öňünde tutulmalydyr.

102. Meýdança ulanylyp başlan wagtyndan başlap, onuň beýikliginiň ýokary galmagyna görä, daşky ýapgytlary berkidilýär. Daşky ýapgytlar üçin material hökmünde toprak ulanylýar.

103. Meýdançanyň ýokarky üzňeleşdiriji gatlagynyň gurluşygy meýdança ýapylandan soň, onuň ulanylmagynyň göz öňünde tutulan şertlerine görä kesgitlenilýär. Ýapyk meýdança milli tebigy seýilgäh toplumlary, lyža sporty üçin depejikler ýa-da töwerege ser salmak üçin meýdançalar üçin ulanylan ýagdaýynda, onuň daşky üzňeleşdiriji gatlagy 0,6 m.-den az bolmaly däldir. 

104. Meýdançanyň ýapgytlaryndan topragyň ýuwulmagynyň ýa-da şemala dargamagynyň öňüni almak üçin daşky üzňeleşdiriji gatlak goýulan badyna, olar seki görnüşinde gökleşdirilýär.  

105. Rekultiwirlenen meýdançanyň çäginiň düýpli gurluşyk işlerini amala aşyrmak üçin ulanylmagyna ýol berilmeýär.   

106. Işlenilen karýerler we emeli dörän boşluklar hapalanan sil suwlarynyň hem-de akymlaryň ýygnaýjylarydyr. Bu çäkleri hojalyk işleri üçin ýaramly bolmagyna gaýtarmak üçin, olaryň rekultiwirlenilmegi zerurdyr. 

107. Karýerleri we beýleki emeli dörän boşluklary howply bolmadyk galyndylar hem-de III-IV klas howply önümçilik obýektleriniň galyndylary bilen gömmeklige ýol berilýär. Şeýle hem, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilen SGZ-ny kesgitlemek bilen bellenilen ýerleri ýerleme üçin ulanmaklyga ýol berilýär.

Galyndylaryň islendik görnüşi ulanylanda, olaryň morfologiki we fiziki-himiki düzümi kesgitlenilmelidir. Iýmit galyndylaryň we ösümlik gelip çykyşly galyndylar 15%-den ýokary bolmaly däldir. Galyndylaryň ýerleşýän ýerinde gaty hojalyk galyndylary üçin galyndylaryň ammarlaşdyrylýan, ýok edilýän we gömülýän ýerlerini taslamalaşdyrmak, ulanmak we rekultiwirlemek işleri jemagat hojalygy babatynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

108. Rekultiwirlenilýän karýeriň SGZ-nyň ölçegi hökmünde iň golaý ýaşaýyş jaý gurluşlarynyň çäginden 100 metrden az bolmadyk ölçeg kabul edilýär. Rekultiwirlenilýän karýeriň haýaty we degişli işleri amala aşyrmak üçin hojalyk-durmuş obýektleri bolmalydyr.

109. Gaty hojalyk galyndylaryň we önümçilik galyndylaryň ýerleşdirilýän meýdançalarynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kadalaşdyryjy resminamalar esasynda önümçilik gözegçiligi amala aşyrylmalydyr.

110. Meýdança dolandan soň, onuň ýok edilmesi taslama laýyklykda geçirilýär. 

111. SGZ-nyň çäginde we iş zolagynda atmosfera howasynyň hapalanmagy aňryçäk ýol berilýän toplanmadan ýokary bolan ýagdaýynda hapalanma derejesini peseltmek boýunça çäreler geçirilmelidir.

112. SGZ we hapa suwlaryň guýulýan beketleriniň ölçegleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kadalaşdyryjy resminamalar esasynda bellenilýär. 

113. Hapa suwlaryň guýulýan beketleri ýaşaýyş we jemgyýetçilik binalary hem-de gurnamalary babatynda, olaryň yk (şemalyň akymyna) tarapynda ýerleşdirilýär. Beketleriň ölçegleri 0,2 ga. 1m3 hasabyndan kesgitlenilýär.

114. Wakuum bilen doldurylan awtosisternalardan suwuk galyndylary boşatmak ýörite şlanglar we kabul edilýän gurluşlar arkaly ýerine ýetirilýär.

115. Suwuk galyndylara 1:1 hasabyndan suw goşulýar, gaty garyndylar zibil owradyjy enjamlarda maýdalanylýar we lagym ulgamyna goýberilýär. Lagym ulgamynyň geçirilmedik ýerlerinde galyndylar her gün, gaty hojalyk galyndylary zyýansyzlandyrmak üçin bölünip berlen ýere äkidilmelidir. 

116. Lagym ulgamy geçirilmedik ilatly ýerlerde gaty we suwuk galyndylar aýratynlykda ýygnalýar. Suwuk galyndylar suw geçirmeýän çukurlara ýygnalyp, assenizasiýa ulagy bilen assenizasiýa meýdanyna ýa-da sürülýän meýdana daşalýar. 

117. Suwuk galyndylaryň saklanylýan we gömülýän meýdany (mundan beýläk–assenizasiýa meýdany) “Senagat kärhanalaryny taslamaklygyň arassaçylyk kadalary” atly TGK 2.09.04-09 belgili Türkmenistanyň Gurluşyk kadalarynda görkezilen aralykda ýerleşdirilýär.

118. Meýdanlary tomus we gyş territoriýasyna hem-de aýratyn meýdançalara (kartalara) bölýärler. Suwuk galyndylar meýdanyň sürülen ýerlerine dökülip, 20 sm. çuňlukda gömülýär. Gyş meýdançalary güýzde sürülýär we oňa gyşyna galyndy dökülýär, ýazda meýdançalar gurandan soň ýene-de sürülýär.

119. Assenizasiýa meýdanynda tehniki maksatly ösümlikleriň ekilmegine ýol berilýär. Gök-bakja ekinleriniň ekilmegine ýol berilmeýär.

120. Sürülýän meýdanlar we assenizasiýa meýdanlary haýatlanýar, ol ýerde ulag ýuwmak üçin meýdança gurýarlar. Işgärler üçin niýetlenilen otaglar ýagtylyk we hojalyk-agyz suwy bilen üpjün edilýär.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 

2021-nji ýylyň 16-njy iýulynda 1491 bellige 

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.