Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň 2021-nji ýylyň 13-nji iýulynda çykaran 53-Ö/122 iş belgili bilelikdäki buýrugy

Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň hereket ediş möhletleriniň uzaldylandygy barada Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary tarapyndan bellikleri etmegiň Tertibini tassyklamak hakynda


«Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportlarynyň hereket ediş möhletlerini uzaltmagyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 01-nji iýulynda çykaran 2300-nji kararynyň dördünji bölegini ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýarys:

1. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň hereket ediş möhletiniň uzaldylandygy barada Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary tarapyndan bellikleri etmegiň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň birinji böleginde görkezilen Tertibi Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna ýetirmeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarlary W.Hajiýew we B.Mätiýew hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary S.Imamberdiýew gözegçilik etmeli.

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň

Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow

 

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa

gullugynyň başlygy B.Öwezow

 


Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa

gullugynyň başlygynyň

2021-nji ýylyň 13-nji iýulynda

çykaran 53-Ö/122 iş belgili bilelikdäki

buýrugy bilen tassyklandy


Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportlarynyň hereket ediş möhletleriniň uzaldylandygy barada Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary tarapyndan bellikleri etmegiň Tertibi


1. Şu Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportlarynyň hereket ediş möhletleriniň uzaldylandygy baradaky bellikleri etmegiň şu tertibi (mundan beýläk – Tertip) “Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportlarynyň hereket ediş möhletlerini uzaltmagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda çykaran 2300-nji kararynyň dördünji böleginde bellenen kadalary ýerine ýetirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.

Şu Tertip daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň, özlerine bagly bolmadyk sebäpler boýunça daşary ýurt döwletlerinden Türkmenistana gidip bilmeýän halatlarynda, olaryň pasportlarynyň hereket ediş möhletleriniň uzaldylandygy baradaky bellikleri etmegiň tertibini kesgitleýär.

2. Şu Tertip daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň (mundan beýläk – pasport) hereket ediş möhleti 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwary - 2022-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygyndaky döwürde tamamlananlarynyň ýa-da tamamlanýanlarynyň hereket ediş möhletiniň 2022-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylandygy baradaky bellikleri etmegiň tertibini düzgünleşdirýär.

3. Pasportynyň möhletiniň uzaldylandygy baradaky bellikleri etmek üçin Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryna ýa-da konsullyk edaralaryna erkin görnüşde ýazylan arza bilen ýüz tutup bilerler.

Eger-de Türkmenistanyň raýatynyň bolýan döwletinde Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy ýa-da konsullyk edarasy ýok bolsa, bu raýat Türkmenistanyň ýakynda ýerleşýän Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasyna ýa-da konsullyk edarasyna ýüz tutup biler.

Arzanyň ýanyna şular goşulýar:

1) pasportyň asyl nusgasy;

2) pasportyň nusgasy (şahsy maglumatlar üçin sahypanyň nusgasy);

3) fotosurat (3x4 ýa-da 4x5 sm) kagyz görnüşde we elektron göterijide.

Şu bölekde görkezilen resminamalar Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasyna ýa-da konsullyk edarasyna arzaçy tarapyndan elin gowşurlyp ýa-da poçta arkaly iberilip bilner. Resminamalary poçta arkaly salga ugratmak ýa-da möhleti uzaldylandygy baradaky bellikler edilen pasporty arzaça yzyna ibermek bilen bagly çykdajylaryň öwezi arzaçy tarapyndan dolunmalydyr.

4. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň ýa-da konsullyk edarasynyň konsullyk wezipeli hünärmeni resminamalaryň dolulygyny we dogrulygyny barlaýar.

5. Pasportyň hereket ediş möhletiniň uzaldylandygy baradaky bellikler pasporta kesilip alynýan içlik görnüşdäki QR-kodly ýazgyny berkitmek hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň möhletiniň uzaldylandygy hakyndaky ýazgyny (şu Tertibe 1-nji goşundy) etmek bilen resmileşdirilýär.

6. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanasynyň ýa-da konsullyk edarasynyň konsullyk wezipeli hünärmeni arzaçy barada alnan maglumatlaryň esasynda ýörite programmanyň üsti bilen Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň möhletiniň uzaldylandygy baradaky bellikleri etmek üçin elektron anketany (şu Tertibe 2-nji goşundy) doldurýar we doldurylan anketany çap edýär. Çap edilen anketanyň aşaky sag burçunda hem-de ikinji boş sahypasynda ýörite enjam arkaly okalýan we arzaçy barada maglumaty jemleýän QR-kodly ýazgy ýerleşdirilýär.

7. Çap edilen anketanyň ikinji sahypasyndaky QR-kodly ýazgy kesilip alynýar hem-de pasportyň «WIZALAR WE MÖHÜRÇELER» diýen ýazgy ýerleşdirilen 46-njy sahypasyna stepler bilen berkidilýär.

8. Şu Tertibiň bäşinji böleginde görkezilen ýazgyda «Validity of this passport extended by the ___________ until 31.12.2022» diýen bellik bilen bir hatarda , ýazgynyň san belgisini we berlen senesi, konsullyk wezipeli adamyň adynyň baş harpy, familiýasy we wezipesi görkezilip, onuň goly we degişli Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edarasynyň möhüri bilen tassyklanylmalydyr.

Pasportyň «BELLIKLER» diýlen ýazgy ýerleşdirlen 47-nji sahypasynda şu Tertibiň bäşinji böleginde görkezilen ýazgy edilýär hem-de konsullyk wezipeli adamyň goly we Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanasynyň ýa-da konsullyk edarasynyň Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen möhüri bilen berkidilýär.

9. QR-kod belligi pasportyň “BELLIKLER” diýlen sahypasynda edilen ýazgynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

10. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary tarapyndan pasportyň hereket ediş möhletiniň uzaldylandygy baradaky bellikleri etmek boýunça hyzmatlar tölegsiz esasda ýerine ýetirilýär.

11. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary pasportlaryň hereket ediş möhletleriniň uzaldylandygy baradaky bellikleri etmegiň hasabatyny aýratyn kitap ýöredýärler hem-de bu baradaky maglumatlary degişli tertipde merkezleşdirlen görnüşde hasaba almak üçin her hepdäniň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen Döwlet migrasiýa gullugyna iberýärler.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda 1490 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.