Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň 2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda çykaran 55 belgili buýrugy

Temmäki önümleriniň söwda Kadalaryny tassyklamak hakynda

 

«Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Söwda işi hakynda», «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda», «Sertifikatlaşdyrmak hakynda» we «Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, «Temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 14671-nji kararyna, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2011-nji ýylyň 26-njy martyndaky 186-IV belgili “Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna goşulmak hakynda” kararyna, şeýle hem temmäki önümleriniň söwdasyny tertipleşdirmek hem-de sarp edijileriň hukuklaryny we saglygyny goramagy üpjün etmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Temmäki önümleriniň söwda Kadalaryny tassyklamaly (goşulýar).

2. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2011-nji ýylyň 13-nji aprelinde 566 bellige alyş belgisi bilen döwlet bellige alnan, «Temmäki önümleriniň söwda Kadalaryny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň 2011-nji ýylyň 29-njy martynda çykaran 50 belgili buýrugyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Kurbanowa tabşyrmaly.


Ministr O.Gurbannazarow 


Ylalaşyldy:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş 

we derman senagaty ministri N.Amannepesow

«01» iýun 2021 ý.

Türkmenistanyň Içeri işler

ministri M.Çakyýew

«01» iýun 2021 ý.


Türkmenistanyň Söwda we daşary

ykdysady aragatnaşyklar ministriniň

2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda

çykaran 55 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy


Temmäki önümleriniň söwda Kadalary

 

I bap. Umumy düzgünler


1. Şu Temmäki önümleriniň söwda Kadalary (mundan beýläk – Kadalar), «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Söwda işi hakynda», «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda», «Sertifikatlaşdyrmak hakynda» we «Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2011-nji ýylyň 26-njy martynda kabul eden 186-IV karary esasynda tassyklanan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna, «Temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 14671-nji kararyna laýyklykda hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 29-njy noýabrynda çykaran 9237-nji karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi hakynda Düzgünnamanyň esasynda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Şu Kadalar temmäki önümleriniň söwdasyny amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär, şeýle hem satyjy bilen sarp edijiniň arasynda ýüze çykýan özara gatnaşyklary düzgünleşdirýär we sarp edijileriň hukuklaryny goramaga, ýokary hilli we howpsuz harytlaryň ýerlenilmegine hem-de hyzmat etmegiň medeniýetiniň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Şu Kadalaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň çäginde temmäki önümleriniň söwdasyny amala aşyrýan şahslar (mundan beýläk – söwda işiniň subýektleri) tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmanydyr.

3. Şu Kadalarda ulanylýan esasy düşünjeler:

1) aksiz belgisi (markasy) – belgilenen temmäki önümleriniň gelip çykyşynyň kanunylygyny tassyklaýan, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda temmäki önüminiň her birine edilýän, gorag elementlerine eýe bolan bellik;

2) dolanyşyk – temmäki çig malynyň we (ýa-da) temmäki önümleriniň lomaý we bölek satuw söwdasy, şeýle hem olaryň saklanylmagy, getirilmegi we alnyp gidilmegi;

3) sarp ediliş gaby – alyjy tarapyndan satyn alynýan temmäki önümleriniň gabynyň iň kiçi birligi:

a) daňy (blok) – daşyna polimer örtgi, kagyz ýa-da kagyz sargysy oralan, çilim gaplarynyň anyk mukdary salynýan sarp ediliş gaplar topary;

b) gap – sarp ediliş gabynyň, temmäki önüminiň anyk mukdaryny saklaýan gaty kagyzdan (karton), kagyzdan ýa-da başga serişdeden ýasalan birligi;

ç) guty (boks) – daşyna polimer örtgi oralyp bilinýän, gaty kagyzdan ýasalan gapyrjaga ýerleşdirilen, çilim gaplarynyň anyk mukdary salynýan sarp ediliş gaplar topary.

4) temmäki – temmäki önümleriniň öndürilmegi üçin çig mal (temmäki çig malyny) almak maksady bilen ösdürilip ýetişdirilýän, düzüminde nikotin we adamyň saglygy üçin zyýanly beýleki maddalary bar bolan bir we köpýyllyk otlaryň we gyrymsy agaçlaryň topary;

5) temmäki önümleri – çekmek (çekilýän temmäki önümleri), sormak, çeýnemek, ysgamak (çekilmeýän temmäki önümleri) we (ýa-da) temmäki önümlerini sarp etmegiň başga usullary üçin niýetlenen, souslar we (ýa-da) ys berijiler goşulan we goşulmadyk ýagdaýda, dolulygyna ýa-da bölekleýin fermentatiw temmäkiden (ýapragyndan) we (ýa-da) mahorkadan taýýarlanan önümler;

6) temmäki tüssesi – temmäki önümleri çekilýän ýa-da çekilen ýerdäki atmosfera howasynyň düzüminde bar bolan tüsse.

4. Temmäki önümleriniň söwdasy amala aşyrlanda söwda işiniň subýektleri «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Söwda işi hakynda», «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda», «Sertifikatlaşdyrmak hakynda» we «Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny, şu Kadalary we Türkmenistanyň beýleki degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny goldanmaga borçludyrlar.

5. «Temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 14671-nji karary esasynda, temmäki önümlerini bellenen tertipde Türkmenistanyň çägine getirmäge, iň pes bölek satuw bahalaryny bellemäge, garamagyndaky ýuridik şahslaryň üsti bilen lomaý we bölek satuw söwdasyny amala aşyrmaga diňe Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi ygtyýarlydyr.

6. Temmäki önümlerini getirilmegi, lomaý we bölek söwdasy degişli ygtyýarnamalar bar mahaly amala aşyrylyp bilner.

Türkmenistanda hili boýunça we gigiýeniki kadalary, ýagny bir çilimiň tüssesinde bar bolan şepbigiň, nikotiniň we uglerodyň monooksidi we beýleki zyýanly maddalary boýunça Türkmenistanyň kadalaşdyryjy resminamalarynyň talaplaryna laýyk gelýän hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan belgilemeleri bolan temmäki önümleriniň ýerlenilmegine rugsat berilýär.

Temmäki önümleriniň sarp ediliş gabynyň her bir birligi aksiz belgileri bilen hökmany tertipde belgilenmäge degişlidir.

7. Temmäki önümleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibe laýyklykda sertifikatlaşdyrylmaga degişlidir.

8. Temmäki önümleriniň islendik görnüşde we islendik keşpde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mahabatlandyrylmagyna, şeýle hem söwda obýektleriniň binalarynyň öňünde, girelgesinde (girilýän ýerinde), tekjelerinde, awtoulaglarda, aýratyn duran gurluşlarda we gaýry ýerlerde ýerleşdirilmegine ýol berilmeýär.

9. Temmäki önümlerini çekmek gadagan edilen söwda we hyzmat ediş obýektleriniň ýa-da beýleki desgalaryň her bir girelgesinde temmäki önümleri ulanmaklygyň gadaganlygy barada belgiler ýerleşdirilmelidir.


II bap. Temmäki önümleriniň görnüşleri

 

10. Temmäki önümleriniň görnüşleri diýlende sarp ediliş häsiýetleri we sarp ediliş usuly boýunça çekilýän we çekilmeýän meňzeş temmäki önümleriniň jemine düşünilýär.

11. Temmäki önümlerine şu aşakdakylar degişlidir:

1) çilim – temmäki bogusynyň böleginden durýan, çilim kagyzyna dolanan, uzynlygyna ýelimlenen süzgüç müşdükli ýa-da müşdüksiz temmäki önümi;

2) sigara – üç gatdan durýar: içindäkiden (sigara we temmäki çig malynyň garyndysy), içki dolagyndan (sigara ýapragynyň bölegi) we perdeden (sigara ýapragy örtülen bölegi), içindäkisi we içki dolagy burumlaýyn dolanan temmäki önümi. Sigaranyň ýogynlygy onuň uzynlygynyň üçden bir (ýa-da has köp) böleginiň dowamynda 15 mm-dan az bolmaly däldir;

3) sigaretka – içki dolagsyz kiçijik sigara;

4) sigarilla (sigaritta) – sigara we başga temmäki çig malyndan ýasalan we köpgatly gurluşy bolan çekilýän önümleriň bir görnüşi: dilinen, kesilen sigara we başga görnüşli temmäki çig maly içinde bolan, içki dolakdan ýa-da onsuz, sigara ýapraklaryndan, dikeldilen temmäkiden ýa-da ýörite kagyzdan dolakly önüm. Sigarillalaryň süzgüç müşdükleri hem bolup biler. Üç gatdan ybarat bolan sigarillalaryň ýogynlygy 15 mm. köp bolmaly däldir;

5) papiroslar – bir bölegi kesilen temmäki bilen doldurylan, papiros gilzasyndan ybarat bolan temmäki önümleri;

6) bidi – owradylan temmäki ýapraklarynyň, damarjyklarynyň we baldajyklarynyň garyndysyndan taýýarlanan, tendunyň guradylan ýapragyna dolanan we sapak bilen oralan çekilýän temmäki önüminiň bir görnüşi;

7) kretek – owradylan gwozdikanyň we temmäki önümlerini taýýarlamak üçin kesilen çig malyň souslanan we yslandyrylan garyndysyndan ybarat bolan, çilim kagyzyna ýa-da mekgejöwen golçurynyň guradylan ýapragyna dolanan, süzgüçli ýa-da süzgüçsiz çekilýän temmäki önüminiň görnüşi;

8) suw çilimi üçin temmäki – temmäki däl çig maly we beýleki goşundylary goşulan ýa-da goşulmadyk dilinen ýa-da kesilen temmäki çig malynyň we beýleki ingrediýentleriň suw çilimini ulanmak bilen çekmäge niýetlenen garyndysy;

9) şybyk (trubka) temmäkisi – temmäki çekilýän trubkada çekmäge niýetlenilen dilinen, kesilen, towlanan ýa-da basgylanan temmäkiden ybarat we temmäki däl çig maly, souslary we yslandyryjylary goşmak bilen önümiň 75 göterim sap agramyndan köp bolan möçberde süýüminiň 1 mm ýa-da ondan köp bolan çekilýän temmäki önüminiň görnüşi;

10) çeýnelýän temmäki – kesilen temmäki ýapragynyň gysylan böleklerinden, temmäki däl çig malyny we başga goşundylary goşmak ýa-da goşmazlyk bilen taýýarlanan, çeýnemek üçin niýetlenen, çekilmeýän temmäki önüminiň görnüşi;

11) ysgalýan temmäki – temmäki däl çig malyny we beýleki goşundylary goşmak ýa-da goşmazlyk bilen, kesilen temmäkiniň pnewmatikasy arkaly alnan tozgasyndan taýýarlanan, ysgamak üçin niýetlenen, çekilmeýän temmäki önüminiň görnüşi;

12) sorulýan temmäki (snýus) – temmäki däl çig malyny we beýleki goşundylary goşmak ýa-da goşmazlyk bilen, dolulygyna ýa-da bölekleýin arassa temmäki tozgasyndan we (ýa-da) kesilen temmäkiniň ownuk böleklerinden taýýarlanan, sormak üçin niýetlenen, çekilmeýän temmäki önüminiň görnüşi;

13) çekilýän temmäki (ýuka kesilen) – çekilýän temmäki önümleriň bir görnüşi bolup, papirosy we çilimi elde taýýarlamak üçin niýetlenen dilinen, kesilen, towlanan ýa-da basgylanan temmäkiden ybarat we temmäki däl çig maly, souslary we yslandyryjylary goşmak bilen önümiň 25% sap agramyndan az bolmadyk möçberde süýümiň ini 1 mm ýa-da ondan pes bolan temmäki önüm;

14) turba şekilli temmäki – çekilýän temmäki önümleriň bir görnüşi bolup, çekilýän trubkany ulanmak bilen çekmäge niýetlenen dilinen, kesilen, towlanan ýa-da basgylanan temmäkiden ybarat we temmäki däl çig maly, souslary we yslandyryjylary goşmak bilen önümiň 75% sap agramyndan köp bolan möçberde süýümiň ini 1 mm ýa-da ondan köp bolan temmäki önüm;

15) nas (naswaý) – çekilmeýän temmäki önüminiň bir görnüşi bolup, temmäkiden, hekden we beýleki temmäki däl çig malyndan taýýarlanan, sormak üçin niýetlenen önüm;

16) başga temmäki önümleri.

12. Çekilýän önümleriň düzüminde temmäki bolmadyk görnüşlerine şu aşakdakylar degişlidir:

1) çekilýän garyndy – dürli sintetik goşundylar bilen (ýa-da şolarsyz) guradylan dürli otlardan ybarat bolan, gowşak psihotrop täsiri (enteogenler) bolan (ýa-da şolarsyz) ösümlikleriň süýüminden ybarat, tebigy efir ýaglary bilen utgaşyklylykdaky temmäki däl çig malynyň garyndysy;

2) elektron çilimler – çilim sypatyndaky we sorulanda hakyky temmäki tüssesiniň tagamyny berýän, düzüminde nikotin bolup bilýän, bug emele gelmegi arkaly temmäki çeken ýaly ulanylýan elektron abzal.


III bap. Temmäki önümleriniň Türkmenistana getirilmegi we olaryň lomaý söwdasy


13. Temmäki önümleriniň lomaý söwda obýektleriniň belli bir ýerlerde ýerleşdirilmegine Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2004-nji ýylyň 21-nji iýunynda 310 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň 2004-nji ýylyň 29-njy martynda çykaran 42 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanyň çäklerinde söwda desgalaryna bildirilýän esasy talaplara laýyklykda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilen ylalaşmak arkaly ýol berilýär.

14. Temmäki önümleriniň lomaý söwda obýektleriniň ýaşaýyş jaýlarda (içinden gurulan, ýanaşyk gurulan, ýanaşdyrylan, ýöriteleşdirilmedik) we ýaşaýyş etrapçalarynyň içinde aýratyn duran jaýlarda ýerleşdirilmegi gadagan edilýär.

15. Temmäki önümlerini saklamak şertleri şu kadalaşdyryjy talaplara laýyk gelmelidir:

1) temmäki önümleri saklanylýan jaý gurak, arassa we howasy oňat çalşylýan bolup, howanyň çyglylygy 60±10% bolmalydyr;

2) ammar jaýlary ölçeg serişdeleri (psihrometrler) bilen enjamlaşdyrylan bolmalydyr;

3) jaýyň polunyň beýikligi ýeriň derejesinden 50 sm pes bolmaly däldir. Çilimli gapyrjaklar howanyň çalyşmagy üçin poldan beýikligi 10 sm pes bolmadyk boşlukly agaç polda ýa-da düşemede ýa-da agaç pürslerde ýerleşdirilmelidir;

4) çilimli gapyrjaklar aşakdaky gapyrjaklar ýemşermez ýaly beýiklikde we iki, üç hatardan geçelgesi bolar ýaly örülmelidir, ýyladyş çeşmelerden aralygy 1 metrden az bolmaly däldir;

5) çilim saklanýan jaýda ýiti ysly, şeýle hem gaýry yslary özüne ýeňil siňdirýän önümler bilen bilelikde saklanmagyna ýol bermeli däldir.

16. Temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirilmek, temmäki önümleriň lomaý söwdasyny amala aşyrmak işi “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda bu işiň görnüşine ygtyýarnamasy bolan söwda işiniň subýekti tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

Temmäki önümleriniň Türkmenistanyň çägine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen mukdarda ygtyýarnamasyz we aksiz belgisiz getirilmegine diňe aşakdaky halatlarda ýol berilýär:

1) şahsy zerurlyklar üçin niýetlenen Türkmenistanyň çägine kanunçylygynda bellenilen mukdarda getirilende;

2) sertifikatlaşdyrmak maksady üçin barlaghana synaglary (barlaglary) üçin niýetlenilen nusgalyk hökmünde getirilende;

3) resmi wekiliýetlerine, diplomatik we olara deňleşdirilen daşary ýurt döwletleriniň wekillerine we halkara edaralaryna hyzmat etmek üçin getirilende.

17. Temmäki önümleriniň lomaý söwdasy mahalynda hasaplaşyklar diňe geleşige gatnaşyjylaryň karz edaralaryndaky hasaplarynyň üsti bilen iki taraplaýyn şertnamalaryň esasynda nagt däl tertipde amala aşyrylýar, ammar-dükanlaryň nagt pul serişdeleri bilen geçirýän hasaplaşyklary muňa degişli däldir.


IV bap. Temmäki önümleriň bölek söwdasy

 

18. Temmäki önümleriniň bölek söwdasynyň ýöriteleşdirilen, azyk we azyk däl harytlaryň köp görnüşli dükanlarynyň bölümlerinde (seksiýalarynda) amala aşyrylmagyna ýol berilýär.

19. Söwda obýektleri sanitariýa-gigiýeniki, tehniki we ýangyna garşy kadalara we düzgünlere laýyk gelmelidir, olarda ammar jaýlary bolmalydyr, maddy gymmatlyklaryň aýawly saklanylmagy we olaryň saklanyş şertleri üpjün edilmelidir.

20. Temmäki önümleri saklanylýan jaýlar söwda zalyndan ýangyna garşy diwarlar bilen arasy bölünen hem-de gorag we ýangyna garşy seslendirijiler bilen enjamlaşdyrylan bolmalydyr.

21. Ýöriteleşdirilen dükanlaryň, söwda obýektleriň iş tertibi ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilen ylalaşylyp söwda işiniň subýektleri tarapyndan kesgitlenilmäge degişli.

22. Türkmenistanyň çäginde temmäki önümleriniň bölek söwdasy şu aşakdakylaryň bolmagynda amala aşyrylyp bilner:

1) temmäki önümleriniň ýerlenilmegi üçin ygtyýarnama;

2) temmäki önümleriniň laýyklyk sertifikaty ýa-da onuň bellenilen tertipde şaýatlyk edilen nusgasy;

3) temmäki önümleriniň bellenilen talaplara laýyk gelýändiginiň tassyklanylmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan belgilenmeler;

4) aksiz belgisi (markasy);

5) temmäki önümleriniň gelip çykyşyny tassyklaýan resminama;

6) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, elektron gözegçilik kassa enjamy ýa-da ýörite kompýuter ulgamlary;

7) temmäki önümleriniň kämillik ýaşyna ýetmediklere satylmagynyň gadagan edilýändigi hakynda temmäki önümleriniň satylýan ýerlerindäki bildirişler.

23. Bölek satuw söwdasy üçin hödürlenilýän temmäki önümi hakynda maglumatlar satyjy tarapyndan alyjylaryň dykgatyna satylýan temmäki önüminiň sanawynyň söwda zalynda ýerleşdirilmegi arkaly ýetirilýär, onuň ýazgysy ak esasda gara reňkli birmeňzeş ölçegli harplar bilen ýerine ýetirilmelidir we ol haýsy-da bolsa bir çyzgy şekilleri ýa-da suratlary peýdalanylmazdan, satylýan temmäki önüminiň bahasynyň görkezilmegi bilen elipbiý tertibinde düzülmelidir.

Söwda dükanynda temmäki önüminiň alyja görkezilmegi, onuň talap etmegi boýunça satylýan temmäki önümleriniň sanawy bilen tanşandan soň amala aşyrylyp bilner.

Sarp edijileriň haýyşy boýunça satyjy temmäki önümleriniň gelip çykyşyny we hilini tassyklaýan resminamalar barada goşmaça maglumat bermäge borçludyr.

24. Temmäki önümleriniň bölek söwdasy şu aşakdaky ýagdaýlarda gadagan edilýär:

1) göçme söwda ulgamynyň üsti bilen (awtoulaglar, tirkegler we beýlekiler bilen), aýlap satmak, islendik emelleşdirilen tagtalardan we tekjelerden (köçelerde, ýollarda, howlularda, jaýlarda) satmak;

2) ownuk satuw söwda ulgamynyň üsti bilen (ilatly ýerde dükanlar bolmadyk halatynda temmäki önümleriniň söwdasyna başga söwda ýerlerinde ýa-da göçme söwdada ýol berilýär);

3) temmäki önümleriniň söwda ýerlerinde olaryň goýulmagy we görkezilmegi bilen, şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan halat muňa degişli däldir;

4) sport edaralarynyň, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet edaralarynyň çäginde we jaýlarynda (şol sanda şypahana zolaklarynda), şol edaralaryň ýanyndaky jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda (şol sanda berhizlik naharhanalarynda), şeýle hem çaga iýmiti önümlerini satmak üçin ýöriteleşdirilen söwda obýektlerinde we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda;

5) demir ýol menzilleriniň we awtoulag menzilleriniň, howa menzilleriniň, deňiz we derýa portlarynyň çäginde we jaýlarynda (paçsyz söwda dükanlaryndan başga), myhmanhana hyzmatlarynyň, wagtlaýyn ýaşamagy üpjün etmek boýunça hyzmatlaryň, durmuş hyzmatlarynyň edilmegi üçin niýetlenen jaýlarda;

6) bilim edaralarynyň serhedinden azyndan ýüz metr aradaşlykda. Görkezilen araçäkler temmäki önümleriň bölek satuwyny amala aşyrýan söwda işiniň subýektiniň girelge gapylaryndan bilim edaralarynyň howlusynyň (haýatynyň) esasy girelgesine çenli kesgitlenilýär. Aralyklary ýanýodalar ýa-da ýörelýän ýoljagaşlar, alleýalar, geçelgeler boýunça ölçenilýär. Eger temmäki önümleriň bölek satuwyny amala aşyrýan söwda işiniň subýektleri söwda merkezileriniň (söwda toplumynyň) başga binalaryň, gurluşlaryň içinde ýerleşýän bolsa, onda ýokarda görkezilen araçäk temmäki önümleriň bölek satuwyny amala aşyrýan söwda merkezleriniň (söwda toplumynyň), başga binalaryň, gurluşlaryň içinde ýerleşen bölek söwda işiniň subýektleriniň giriş gapylaryndan bellenilýär;

7) ýöriteleşdirilen söwda binalarynda, şeýle hem çagalar üçin niýetlenen harytlaryň ýa-da sport harytlarynyň söwdasyny edýän her ugurly (uniwersal) söwda ýerleriniň bölümlerinde;

8) öz-özüňe hyzmat ediş bölümlerde;

9) elden söwda etmek, şeýle hem söwda üçin bellenilmedik ýerlerde;

10) söwda awtomatlarynyň, beýleki elektron ýa-da mehaniki enjamlaryň peýdalanylmagy bilen;

11) temmäki önümleriniň hili tassyklanylýan degişli resminamalar bolmadyk, belgiler (belgilemeler) kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmedik mahalynda;

12) aragatnaşyk ulgamlarynyň ýa-da islendik beýleki tehnologiýalaryň pedalanylmagy bilen, Internet arkaly;

13) haýsy-da bolsa bir harytlaryň ýa-da hyzmatlaryň ýany bilen toplumda;

14) elektron çilimler görnüşinde;

15) gapda nikotiniň, şepbigiň, uglerodyň monooksidiniň bolmagy ýa-da olaryň aňryçäk ýol berilýän derejeden geçýändigi barada maglumatlar görkezilmedik ýagdaýynda;

16) paçsyz söwda dükanynyň ýörite belgilemesi bolanda;

17) açyk sarp ediliş gaplaryndan agramyny ölçäp, sanma-san satmak, öz gabyndaky sigarlaryň we sigarillalaryň söwdasy muňa degişli däldir;

18) sarp ediliş gaby bolmadyk, aksiz belgisiz ýa-da hasaba alyş-gözegçilik resminamalary bolmadyk ýagdaýynda turbaly we kalýan temmäkisiniň satylmagy;

19) aksiz belgileri bolmadyk ýagdaýynda;

20) süzgüçsiz çilimleri satmak;

21) çilimiň gabynda temmäki önümlerini ulanmagyň zyýanlydygy barada ýazgy bolmadyk ýagdaýynda;

22) sorulýan we çeýnelýän temmäkini we çekilýän garyndylaryň islendik görnüşlerini.

25. Türkmenistanyň çägine bikanun getirilen, gelip çykyşy bellenilmedik, belgilemesi, zyýanly maddalaryň düzüminde bolmagy boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmeýän, degişli resminamalary, aksiz belgileri bolmazdan satylýan temmäki önümleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde alynmaga we ýok edilmäge degişlidir.

Eger söwda işiniň subýekti temmäki önümlerini satuwdan aýyrmak üçin çäre görmedik bolsa, bu temmäki önümleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde alynýar.

Dolanyşykdan alynan temmäki önümleri satuwa çykarmaga degişli däldir.

26. Temmäki önümleriniň kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar tarapyndan satylmagy, şeýle hem kämillik ýaşyna ýetmediklere satylmagy gadagandyr.

27. Temmäki önümleriniň satylýan ýerlerinde, kassa enjamynda ýa-da onuň ýanynda hökmany suratda “Temmäki önümlerini kämillik ýaşyna ýetmediklere satmak gadagandyr” diýen ýazgy ýerleşdirilen bolmalydyr.

28. On sekiz ýaşa ýetendigine şübhe dörän temmäki önümini alýan şahsa temmäki önümleri satylýan mahalynda satyjy şulara borçludyr:

1) alyjynyň hakyky ýaşyny kesgitlemek maksady bilen pasportyny (onuň ornuny tutýan resminamany) talap etmäge;

2) eger pasporty (onuň ornuny tutýan resminamasy) görkezilmedik ýagdaýynda, temmäki önümini satmakdan ýüz öwürmäge.

29. Paçsyz söwda dükanynda ýerlenilýän temmäki önümleri paçsyz söwda dükanynyň ammarynda ýörite belgilemäge degişlidir.

Paçsyz söwda dükanynyň işgärleri öz müşderileriniň ýol resminamalarynda harytlaryň satyn alnandygy hakynda bellik etmäge borçludyrlar.

Paçsyz söwda dükanynda harytlaryň lomaý, şol sanda ownuk lomaý ýerlenilmegine ýol berilmeýär.

30. Sigarillary (sigarittalary), sigaretkalary gabynda (gutylarda, gaplarda) we bir-birden ýerlemäge rugsat berilýär. Önümler bir-birden ýerlenende satyjy önümiň gabyny (gutusyny, gabyny) içindäki önümleri dolulygyna ýerläp gutarýança aýawly saklamaga we sarp edijileriň ýa-da gözegçilik edaralarynyň talap etmegi bilen görkezmäge borçludyr.

31. Temmäki önümleriniň gaplarynyň, daňylarynyň (bloklarynyň), gutylarynyň (bokslarynyň) gaplanylyşy we belgilenilişi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy resminamalarynyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

32. Temmäki önümleriniň sarp edijiliş gabynda şu aşakdaky maglumatlar bolmalydyr:

1) temmäki önüminiň ady;

2) öndürijiniň ady we ýerleşýän ýeri (salgysy, ýurduny görkezmek bilen). Eger önümçilik prosesine, çilimleriň hiline, öndürlende ulanylýan çig malyna we materiallaryna bir gurama (gözegçilik edarasy) gözegçilik edýän bolsa, we çilimler şonuň ýaly kärhanada öndürilen bolsa, onda şol görnüşli çilimleri öndürýän guramanyň ady we ýerleşýän ýeri (salgysy) bilen bilelikde gaba, boksa öndüriji hökmünde şu görnüşde beýan edilen maglumaty goýmaga rugsat berilýär:

“(ady we ýerleşýän ýeri/salgysy) gözegçiligi astynda öndürildi”, görkezilen ýazgydan soňra çilimleriň öndürilen döwleti görkezilýär: “ (döwletiň ady) öndürildi”;

3) süzgüçli çekilýän önümler üçin süzgüjiň barlygy hakynda maglumatlar;

4) taýýarlanan aýy we ýyly;

5) san möçberi (bir-birden gaplanan temmäki önümleri üçin) ýa-da sap agramy gramda (çekimleýin temmäki önümleri üçin);

6) öndürilen temmäki önümleri üçin ony öndürmekde ulanylýan kadalaşdyryjy resminamalar barada bellikler;

7) temmäki önümlerini kämillik ýaşyna ýetmediklere satmazlyk barada maglumatlar;

8) Türkmenistanyň çäginde hasaba alnan we sarp edijileriň talaplaryny kabul etmek üçin öndüriji tarapyndan ygtyýarlandyrylan guramanyň ady we ýerleşýän ýeri (salgysy);

9) ynamdar gullugyň telefon belgileri (temmäki önümlerini ulanmazlyga isleg bildirýänler üçin)

10) şertli belgisi (ştrih kod);

11) QR kod (bolan ýagdaýynda).

33. Temmäki önümleriniň sarp edijilik gabynda ýokardaky maglumatlary ýerleşdirmek mümkin bolmasa, şol maglumatlar onuň içlik kagyzynda ýerleşdirmelidir (çilim, papiros, bidi, kretekden başga), şeýle hem sanma-san satylýan sigara we sigarilla satylanda goýulýar.

34. Temmäki önümleriň içlik kagyzynda sarp etmegiň howpy barada aşakdaky duýduryş ýazgylaryň biri ýerleşdirilýär:

1) çekilýän temmäki önümleri üçin (çilimlerden başga) - "Çilim çekmek saglygyňyza zyýanly";

2) çekilmeýän temmäki önümleri üçin - "Bu temmäki önümi saglygyňyza zyýanlydyr".

Içlik kagyzynda maglumatlaryň ýerleşdirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylmalydyr.

35. Temmäki önümleriniň sarp ediliş gabynda şu aşakdaky maglumatlaryň bolmagy gadagan edilýär:

1) temmäki önümleriniň satylmagyna ýa-da ulanylmagyna itergi berýän islendik düşünje, beýan etme, marketing keşbini, reňkini, simwoliki ýa-da başga bir nyşany, göni ýa-da gytaklaýyn ýalan, ýalňyş, başga bir aldawly ýa-da ýalňyş düşünje döredip biljek islendik usul bilen ulanmak, temmäki önümleriniň aýratynlyklary, saglyga täsiri, çykarylýan önümleri baradaky;

2) temmäki önüminiň iýmit önümi ýa-da dermanlyk önümler bilen birleşmegine sebäp bolýan maglumatlaryň ulanylmagy, şol sanda dermanlyk ösümlikler, olaryň temmäki önüminiň “ülje”, “ýertudana”, “alma”, “şokolad”, “narpyz”, “ženşen” we başgalar ýaly sözleri we sözlemleri ulanyp, iýmit önümi ýaly tagamly bolmagy baradaky.

36. Temmäki önümleriniň söwdasynda şu aşakdakylara ýol berilmeli däldir:

1) temmäki önümleriniň aýratynlaşdyrylmagy üçin, şeýle harytlar öndürilende temmäki önümleri bolup durmaýan harytlaryň beýleki görnüşleri üçin hyzmat edýän haryt nyşanynyň peýdalanylmagyna, şeýle hem temmäki önümleri bolup durmaýan, ýöne olarda temmäki önümleriniň aýratynlaşdyrylmagy üçin hyzmat edýän haryt nyşanynyň ulanylan harytlarynyň lomaý we bölek söwdasyna;

2) şeýle harytlaryň lomaý we bölek söwdasynda temmäki önümleri bolup durmaýan harytlaryň başga görnüşleri öndürilende temmäki önüminiň peýdalanylmagyna we oňa meňzedilmegine.

37. Temmäki önümlerini satlyga çykarmazdan öň satyjy olaryň gabynyň daşky görnüşi boýunça hilini barlamalydyr (gutysynyň hapalanmagy, ýyrtylmagy we ýeliminiň açylmagy, açylýan lentanyň gyşarmagy we başgalar).

38. Turba şekilli, çekilýän, çeýnelýän, sorulýan, ysgalýan we suw çilimi üçin temmäki önümleri ýerlenende olaryň ulanylyşy barada gözükdirijiler sarp edijilik gabyndan aýratynlykda islendik amatly görnüşde goşmaça maglumat hökmünde berilmegine rugsat edilýär. Bölek söwdada satmak üçin niýetlenen sarp edijilik gabyndaky temmäkiniň sap agramy-mukdary 500 gramdan ýokary bolmaly däldir.

39. Söwda işiniň subýekti tarapyndan duýdurylmazdan sarp edijilere pes hilli temmäki önümleri satylan halatynda sarp edijiniň “Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda öz talaplarynyň kanagatlandyrylmagyna hukugy bardyr.

40. Gowy hilli temmäki önümler çalşyrylmaga we gaýtarylmaga degişli däldir.


V bap. Jemleýji düzgünler


41. Şu Kadalaryň berjaý edilişine gözegçilik Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ygtyýarly edaralar tarapyndan amala aşyrylýar.

42. Şu Kadalaryň talaplaryny bozan şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

43. Şu Kadalarda düzgünleşdirilmedik gatnaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 9-njy iýulynda 1489 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.