Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2021-nji ýylyň 7-nji iýunynda çykaran 202 belgili buýrugy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň

2021-nji ýylyň 7-nji iýunynda çykaran 202 belgili

B U Ý R U G Y

 

Ilata saglygy goraýyş kömeginiň ýatymlaýyn şertlerde berilmeginiň Tertibini tassyklamak hakynda

 

2015-nji ýylyň 23-nji maýynda kabul edilen “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 10-njy maddasynyň 2-nji bendine laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 26-njy martynda çykaran 2195-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen buýurýaryn:

1. Ilata saglygy goraýyş kömeginiň ýatymlaýyn şertlerde berilmeginiň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasarlary Ç.Agamyradow we A.Gylyjow gözegçilik etmeli.


Ministr     N. Amannepesow


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we

derman senagaty ministriniň

2021-nji ýylyň 7-nji iýunynda

çykaran 202 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy


Ilata saglygy goraýyş kömeginiň ýatymlaýyn şertlerde berilmeginiň

Tertibi

 

I bap. Umumy düzgünler


1. Şu Ilata saglygy goraýyş kömeginiň ýatymlaýyn şertlerde berilmeginiň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) 2015-nji ýylyň 23-nji maýynda kabul edilen “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 10-njy maddasynyň 2-nji bendine, “Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” döwlet maksatnamasyny rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 26-njy martynda çykaran 2195-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” döwlet maksatnamasyna hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy we Türkmenistanyň çäginde ilata saglygy goraýyş kömeginiň ýatymlaýyn şertlerde (mundan beýläk – ýatymlaýyn kömek) berilmeginiň tertibini kesgitleýär.

2. Ýatymlaýyn kömegini berýän saglygy goraýyş edaralaryna şu aşakdakylar degişlidir:

1) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky Müdiriýetler (mundan beýläk – Müdiriýetler);

2) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky Merkezler (mundan beýläk – Merkezler);

3) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky Hassahanalar (mundan beýläk – Hassahanalar);

4) Welaýatlarda ýerleşýän Hassahanalar (mundan beýläk – welaýat Hassahanalary);

5) Şäherlerde ýerleşýän Hassahanalar (mundan beýläk – şäher Hassahanalary);

6) Etraplarda ýerleşýän Hassahanalar (mundan beýläk – etrap Hassahanalary);

7) beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň garamagyndaky hassahanalar.

3. Müdiriýetleriň, Merkezleriň, Hassahanalaryň, welaýat Hassahanalarynyň, şäher Hassahanalarynyň, etrap Hassahanalarynyň işi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri ýa-da degişli welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy tarapyndan tassyklanan degişli düzgünnamalar esasynda amala aşyrylýar.

4. Ýatymlaýyn kömek – syrkawlara gije-gündiz gözegçilik edilmegi we bejerilmegi, şol sanda anyklaýyş, öňüni alyş çärelerini geçirmegi öz içine alýan saglygy goraýyş kömegi bolup durýar.

5. Ýatymlaýyn şertlerde ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi – döwrebap, ýöriteleşdirilen usullaryň, şeýle hem, saglygy dikeltmegi talap edýän çäreleriň netijesinde, anyklaýyşy, bejergini, dikeldişi, şol sanda göwrelilik, çaga dogurmak we dogrumdan soňky döwürlerde saglygy goraýyş edarada bolmaklygy öz içine alýar.

6. Ýatymlaýyn şertlerde ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi ýöriteleşdirilen ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi görnüşinde hem berlip bilner.

Ýöriteleşdirilen ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi keseli bejermegiň täze çylşyrymly ýa-da özboluşly usullaryny, şeýle hem keseli bejermegiň ylmy taýdan subut edilen netijeliligi bolan usullarynyň ulanylmagyny, şol sanda öýjük (sütün öýjükleri) tehnologiýalarynyň, robotlaşdyrylan tehnikanyň, maglumatlar tehnologiýalarynyň we saglygy goraýyş ylmynyň, ylymyň we tehnikanyň meňzeş pudaklarynyň gazananlarynyň esasynda işlenip düzülen genetik inženerçilik usullarynyň ulanylmagyny özünde jemleýär.

Ýöriteleşdirilen ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýan ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömeginiň görnüşleriniň sanawyna laýyklykda saglygy goraýyş edaralary tarapyndan berilmäge degişlidir.


II bap. Ýatymlaýyn kömegiň berilmegi


7. Syrkawa gije-gündiziň dowamynda gözegçilik etmek bilen, onuň bejerilmegini, şol sanda anyklaýyş, öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegini öz içine alýan saglygy goraýyş kömegini bermegiň zerurlygynyň ýüze çykmagy ýatymlaýyn kömegiň berilmegi üçin esas bolup durýar.

8. Syrkawy ýatymlaýyn kömegi bermek üçin ýatymlaýyn kömegini berýän saglygy goraýyş edaralaryna ýerleşdirmek şu aşakdaky tertipde amala aşyrylýar:

1) gyssagly ýagdaýda ýatymlaýyn kömegini almak üçin ýerleşdirmeklik - gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini talap edýän keseller, betbagtçylykly halatlar, şikesler, zäherlenmeler we beýleki ýagdaýlar sebäpli, ugradyş hatynyň bardygyna ýa-da ýokdugyna seretmezden tiz kömek gullugy arkaly ýa-da syrkawyň özüniň ýüz tutmagy esasynda, ýatymlaýyn kömegini berýän saglygy goraýyş edaralarynyň kabul ediş bölüminiň (otagynyň) lukmany tarapyndan;

2) meýilleşdirilen ýagdaýda ýatymlaýyn kömegini almak üçin ýerleşdirmeklik – ilkinji saglygy goraýyş kömegini amala aşyrýan saglygy goraýyş edaralarynyň lukmanlarynyň ýa-da feldşerleriniň ugradyş hatynyň esasynda ýa-da syrkawyň özüniň ýüz tutmagy esasynda, ýatymlaýyn kömegini berýän saglygy goraýyş edaralarynyň kabul ediş bölüminiň (otagynyň) lukmany tarapyndan.

9. Syrkaw gyssagly ýagdaýda ýatymlaýyn kömegini almak üçin ýerleşdirilende gije-gündiziň dowamynda syrkawlary kabul edýän ýatymlaýyn kömegini berýän saglygy goraýyş edaralarynyň kabul ediş bölüminde (otagynda) gaýragoýulmasyz kömek berlip, zerur barlaglardan geçirilip, gyssagly kabul edilmäge we ol babatda degişli resminamalar doldurylmaga degişlidir. Kabul ediş bölüminde syrkawlary kabul etmekligi we olaryň ýerleşmekden boýun gaçyrmagyny hasaba alyş depderçesi ýöredilmelidir.

Her bir agyr ýagdaýda ýüz tutan ýa-da tiz kömek gullugynyň, sanitar awiasiýasynyň serişdesi arkaly getirilen syrkawa, ejir çekene şol hassananynyň kabul ediş bölüminde (otagynda) ýöriteleşdirilen tiz saglygy goraýyş kömegi berilýän döwründe 2 (iki) sagadyň dowamynda syrkaw aradan çykan ýa-da jeset getirilen ýagdaýynda syrkawlary kabul etmekligi we näsagyň ýerleşmekden boýun gaçyrmagyny hasaba alyş depderçesinde syrkawa berilen kömek we geçirilen barlaglar ýa-da jeset barada doly ýazgy edilmelidir.

10. Syrkaw kabul ediş bölüminde (otagynda) aradan çykan ýagdaýynda ýa-da jeset getirilen ýagdaýynda, bu barada degişli hukuk goraýjy edaralara habar berilmegi hökmanydyr.

11. Meýilleşdirilen ýagdaýda ýatymlaýyn kömegini almak üçin ýerleşdirmeklik saglygy goraýyş edaranyň iş wagtynda amala aşyrylýar we syrkaw kabul ediş bölümine (otagyna) ýüz tutanyndan soňra, 30 minudyň dowamynda kabul edilmäge we kömek berilmäge hem-de ol babatynda degişli resminamalar doldurylmaga degişlidir.

12. Syrkaw ýatymlaýyn kömegini almak üçin hassahana meýilnamalaýyn ýerleşdirilende, onuň ýanynda şu resminamalar bolmalydyr:

1) pasport (16 ýaşyna ýetmedik çagalar üçin dogluş hakynda şahadatnama) ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminama. Görkezilen resminamalaryň asyl nusgalarynyň bolmadyk ýagdaýynda olaryň nusgasy kabul edilip bilner;

2) Türkmenistanyň raýatynyň saglyk ätiýaçlandyryş pasporty (bar bolsa);

3) ilkinji saglygy goraýyş kömegini amala aşyrýan saglygy goraýyş edaralarynyň lukmanlarynyň ýa-da feldşerleriniň Ugradyş haty (bar bolsa).

13. Syrkaw meýilleşdirilen ýagdaýda ýatymlaýyn kömegini almak üçin saglygy goraýyş edarasyna ýerleşdirilende şu Tertibiň on ikinji böleginde görkezilen resminamalaryň ýanynda bolmadyk halatynda, ýatymlaýyn kömegini almak üçin saglygy goraýyş edarasyna ýerleşdirmekden ýüz dönderilmegine ýol berilmeýär, bejergä kabul edilýär. Ýöne syrkawa bu resminamalaryň getirilmäge degişlidigi barada düşündirilýär.

14. Syrkaw ýatymlaýyn kömegini almak üçin saglygy goraýyş edarasyna ýerleşdirilende “Ýatymlaýyn kömegi alýan syrkawyň lukmançylyk kartasynyň”, endamynyň gyzgynynyň ölçeg kagyzynyň, lukmanyň bellikleriniň we derman serişdeleriniň harçlanyşyny hasaba almak üçin gözegçilik kagyzynyň degişli sütünleri doldurylýar we näsaglary kabul etmekligi we olaryň ýerleşmekden boýun gaçyrmagyny hasaba alynýan depderçede degişli bellik edilýär.

15. “Ýatymlaýyn kömegi alýan syrkawyň lukmançylyk kartasy” ýatymlaýyn kömegini alýan syrkawyň esasy resminamasy bolup hyzmat edýär we şol döwürdäki ähli maglumatlary öz içine alýar.

16. “Ýatymlaýyn kömegi alýan syrkawyň lukmançylyk kartasynda” yzygiderli we doly beýan etmek bilen, syrkawyň arzlary, kesel we durmuş taryhy, umumy ýagdaýy, seredilendäki ýagdaýy, obýektiw maglumatlar, barlaghana we enjamlar arkaly geçirilen barlaglaryň netijeleri, kesel kesgidi, barlaglaryň we bejerginiň meýilnamasy, derman serişdeleriniň esaslandyrylyşy hem-de lukmanlaryň maslahatynyň (konsiliumynyň) netijenamasy (geçirilen bolsa) ýazylýar.

17. Syrkawda neşe serişdelerini, psihotrop maddalary we prekursorlary hem-de alkogolly önümleri, psihoaktiw, güýçli täsir edýän ýa-da beýleki seri dumanladyjy maddalary ulanmaklygyň alamatlary bolan ýagdaýynda, bu barada “Ýatymlaýyn kömegi alýan syrkawyň lukmançylyk kartasyna” bellik edilýär hem-de barlag üçin syrkawdan biologiki serişdeler alynýar we barlaga ugradylýar. Barlaglaryň netijesi hökmany suratda “Ýatymlaýyn kömegi alýan syrkawyň lukmançylyk kartasyna” berkidilmelidir.

18. Syrkaw ýatymlaýyn kömegini almak üçin saglygy goraýyş edarasyna ýerleşdirilende ýokanç parazitar keselleriň bardygyna barlanýar we saglygy goraýyş edaranyň içki düzgünleri bilen tanyşdyrylýar hem-de bu barada “Ýatymlaýyn kömegi alýan syrkawyň lukmançylyk kartasynda" bellik edilýär.

19. Ýatymlaýyn kömegi alýan syrkaw bejeriji lukmanyndan ýa-da bölüm müdirinden kesel kesgidi, bellenilen bejergi, bolup biljek gaýraüzülmeler, başga saglygy goraýyş edarasyna geçirilýändigi hem-de öýlerine çykarylýandygy barada, şeýle-de beýleki özüni gyzyklandyrýan soraglara jogap alyp bilýär.

20. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2017-nji ýylyň 31-nji iýulynda 1079 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Ýaşaýyş üçin wajyp görkezijiler boýunça saglygy goraýyş kömeginiň berilmegi hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2017-nji ýylyň 10-njy iýulynda çykaran 209 belgili buýrugy bilen tassyklanan Ýaşaýyş üçin wajyp görkezijiler boýunça saglygy goraýyş kömeginiň berilmegi hakynda Düzgünnamada görkezilen ýagdaýlarda ýaşaýyş üçin wajyp görkezijiler boýunça raýatlara razylygy bolmazdan saglygy goraýyş kömegi berlip bilner, şeýle-de, raýatlar ýaşaýyş üçin wajyp görkezijiler boýunça saglygy goraýyş kömeginden ýüz öwrüp bilerler. Geçirilen düşündüriş işlerine garamazdan, syrkawyň ýa-da onuň ýakyn garyndaşlarynyň saglygy goraýyş kömeginden ýüz öwürýän ýa-da saglygy goraýyş kömeginiň berilmegini bes etmegi talap edýän ýagdaýlarynda lukman (feldşer) tarapyndan raýatyň saglygy goraýyş kömeginden düýpgöter boýun gaçyrýandygy barada Delilnama doldurylýar hem-de bu delilnama saglygy goraýyş kömeginden boýun gaçyrýan ýa-da onuň ýakyn garyndaşlary (garyndaşlary) hem-de lukman (feldşer) tarapyndan gol çekilýär.

Ýaşaýyş üçin wajyp görkezijiler boýunça kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň ata-enesi (kanuny wekili) ýa-da kanunda bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamyň kanuny wekili syrkawyň janyny halas etmek üçin zerur bolan saglygy goraýyş kömeginden ýüz öwürýän ýagdaýynda, syrkawyň bähbidini goramak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda bejeriş-öňüni alyş edara kazyýete ýüz tutmaga hukuklydyr. Şeýle ýagdaýlarda saglygy goraýyş kömegiň berilmegi kazyýetiň karary esasynda amala aşyrylýar.

21. Syrkaw ýatymlaýyn kömegini almak üçin saglygy goraýyş edarasyna ýerleşdirilen güni, oňa bejergi çäreleri bellenilýär hem-de geçirilmegi göz öňünde tutulýan barlaglar bilen tanyşdyrylýar.

22. Syrkaw ýatymlaýyn kömegini almak üçin saglygy goraýyş edarasyna ýerleşdirilende, onuň kabul ediş bölüminiň (otagynyň) saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan resmi kagyzlar doldurylmaga degişlidir.

23. Syrkaw ýatymlaýyn kömegini almak üçin saglygy goraýyş edarasyna ýerleşdirilende, onuň kabul ediş bölüminiň (otagynyň) lukmanlary, şepagat uýalary, kiçi saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan, gerek bolsa inçe ugurly lukmanlary çagyrmak bilen ilkinji lukmançylyk (ýöriteleşdirilen) kömegi berilýär.

24. Her bir agyr ýa-da gaty agyr ýagdaýda ýüz tutan ýa-da tiz kömek gullugy, sanitar awiasiýasynyň serişdeleri arkaly getirilen syrkawlara şol saglygy goraýyş edarasynyň kabul ediş bölüminde (otagynda) ýöriteleşdirilen tiz saglygy goraýyş kömegi berilýär. Syrkawyň ýagdaýy durnuklaşandan soňra, degişli saglygy goraýyş edaranyň hünärmenleri çagyrylyp, bilelikde görlenden soňra, syrkawyň geçiriljek saglygy goraýyş edarasynyň inçe hünärli lukmanyň (reanimatologynyň) ýanynda bolmagynda ugurlar boýunça degişli saglygy goraýyş edarasyna geçirilýär.

25. Şikes alan, zäherlenen, heläkçilik ýagdaýa düşen syrkawlar barada, olaryň ýaşaýan ýeri boýunça bellenilen tertipde hukuk goraýjy edaralara habar berilýär.

26. Syrkaw ýatymlaýyn kömegini almak üçin saglygy goraýyş edarasyna ýerleşdirilen gününden başlap, anyklaýyş, barlag, bejergi, berhizli iýmit bilen bellenilen tertipde üpjün edilýär.

27. Syrkaw ýatymlaýyn kömegini almak üçin saglygy goraýyş edarasyna ýerleşdirilenden soňra, 3 (üç) senenama gününden gijikdirilmän kliniki kesel kesgidi esaslandyrylýar we “Ýatymlaýyn kömegi alýan syrkawyň lukmançylyk kartasynyň” ýüzüne senesi, lukmanyň ady, familiýasy we goly görkezilip, çykarylýar.

28. Kesel çylşyrymly geçýän bolsa, onda kesel kesgidini takyk anyklamak üçin zerur bolan goşmaça barlaglaryň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy barada “Ýatymlaýyn kömegi alýan syrkawyň lukmançylyk kartasynda” bellik edilýär.

29. Ýatymlaýyn kömegini almak üçin ýerleşdirilýän syrkawda ýokanç keseller güman edilen ýa-da ýüze çykarlan ýagdaýynda, 2021-nji ýylyň 13-nji martynda kabul edilen “Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda degişli işler amala aşyrylýar.

30. Ýatymlaýyn kömegini alýan syrkawlar dynç we baýramçylyk günlerinden başga, her gün bejeriji lukman tarapyndan görlüp, syrkawyň ýagdaýy barada gündelik ýazylýar. Bu gündelikde syrkawa bellenen bejergi we anyklaýyş çäreleri ýazylýar. Gaty agyr ýagdaýdaky syrkawlara (anesteziologiýa we reanimasiýa bölümlerinde, intensiw bejeriş otaglarynda bejergi alýan) syrkawyň agyrlyk ýagdaýyna baglylykda her 4 (dört) sagatdan az bolmadyk wagtda (syrkawyň ýagdaýy agyrlaşan ýagdaýynda, agyrlyk derejesini beýan etmek bilen yzygiderli) sagady, minudy görkezmek bilen gündelik ýazylýar we kömek berilýär. Gündeliklerde syrkawdaky bolup geçýän üýtgemeler we şoňa laýyklykda bejergi beýan edilýär.

31. Saglygy goraýyş edarasynyň bölüm müdiri syrkawy ýatymlaýyn kömegini almak üçin saglygy goraýyş edarasyna ýerleşdirilen güni, ondan soňra bolsa, syrkawyň ýagdaýyna görä, zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda görýär we bu barada “Ýatymlaýyn kömegi alýan syrkawyň lukmançylyk kartasynda” gündelik ýazýar (bejeriji lukman bilen bilelikde ýazmaga rugsat berilýär). Reanimasiýa bölüminde bejergi alýan syrkawlary degişli bölümiň müdiri we bejeriji lukman her gün görüp, bu barada 1 (bir) gezekden az bolmadyk wagtda gündelikde ýazýar.

32. Gije, baýramçylyk we dynç günlerinde nobatçylyk edýän lukman bölümdäki ähli syrkawlara gözegçilik edýär, agyr ýagdaýdaky syrkawlara, şol günüň dowamynda düşen hem-de reanimasiýa bölüminde bejergi alýan syrkawlara 2 (iki) gezek gündelik ýazýar.

33. Käbir ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş edaralarynda ýatymlaýyn kömegi alýan syrkawyň saglygy goraýyş resminamasyna bejeriji lukmanyň ýazgylarynyň ýygylygy şol saglygy goraýyş edaranyň ýobaşçysy tarapyndan kesgitlenýär.

34. Syrkaw saglygy goraýyş edaranyň içinde bir bölümden başga bir bölüme geçirilen ýagdaýynda şol edaranyň kabul ediş bölüminde (otagynda) gaýtadan resmileşdirmezden beýleki bölüme geçirilýär.

35. Çylşyrymly geçýän kesellerde, agyr şikeslerde ýa-da kesel kesgidini anyklamak, syrkawy alyp barmak, bejerginiň taktikasyny saýlamak bilen bagly zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, ýatymlaýyn kömeginiň islendik döwründe, saglygy goraýyş edaranyň ýolbaşçysynyň orunbasary degişli hünärmenleriň, merkezi edaralarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallym-professorlarynyň, welaýat derejeli hassahanalarda zerurlyk çykan ýadaýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Adatdan daşary ýagdaýlardaky saglygy goraýyş merkezi tarapyndan ugradylan hünärmenleriň, etrap hassahanalarynda welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň Adatdan daşary ýagdaýlardaky saglygy goraýyş merkezi tarapyndan ugradylan hünärmenleriň gatnaşmagynda lukmanlaryň maslahatyny (konsilium) geçirýär. Elektron ulgamynyň üsti bilen sanly wideo aragatnaşyk arkaly lukmançylyk maslahatlaryny (konsiliumlary) geçirýär.

36. Gijeki nobatçylyk döwründe, dynç we baýramçylyk günlerinde lukmanlaryň maslahaty (konsiliumy) jogapkär nobatçy tarapyndan geçirilýär.

37. Syrkawyň keseli agyr ýa-da çylşyrymly bolan ýagdaýynda, ýolbaşçylygyň ylalaşygy esasynda başga saglygy goraýyş edaradan degişli hünärmenler maslahata (konsiliuma) çagyrylýar.

38. Ýatymlaýyn kömegi alýan döwründe görkezmelere laýyklykda zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, syrkaw başga saglygy goraýyş edara barlaga, hünärmeniň maslahatyna (ýöriteleşdirilen barlaglara) goýberilip ýa-da başga saglygy goraýyş edaradan maslahata hünärmen çagyrylyp, şeýle-de, bejergini dowam etmek üçin ýolbaşçylygyň ylalaşygy esasynda, başga saglygy goraýyş edara geçirilip bilner. Syrkaw bejergini dowam etdirmek üçin, başga saglygy goraýyş edara geçirilen ýagdaýynda, bu barada “geçiriş epikriz” atly resminama ýazylýar.

39. Saglygy goraýyş edarada ýatymlaýyn kömegini alýan syrkawlara sagdyn-durmuş, arassaçylyk, dogry iýmitlenmek, dogry gün tertibini saklamak we beýleki temalarda wagyz-nesihat işleri geçirilýär.

40. Agyr ýagdaýdaky syrkawy ugurlar boýunça bir saglygy goraýyş edarasyndan degişli başga saglygy goraýyş edara geçirmeklik (etrap hassahanasyndan welaýat, şäher hassahanasyna, etrap, şäher, welaýat hassahanasyndan merkezi saglygy goraýyş edaralaryna ýa-da Aşgabat şäherinde bir hassahanadan başga bir hassahana-syrkawy ýöriteleşdirilen ulag bilen alyp gitmeklik) reanimatolog lukmanynyň gatnaşmagynda, syrkawy gören lukman (feldşer, şepagat uýa), Adatdan daşary ýagdaýlardaky saglygy goraýyş merkezi tarapyndan ugradylan hünärmen ýa-da lukmanlar topary tarapyndan çözülýär we lukmanyň (reanimatologyň), Adatdan daşary ýagdaýlardaky saglygy goraýyş merkezi tarapyndan ugradylan hünärmenleriň ýanynda bolmagynda amala aşyrylýar. Syrkawa inçe ugur boýunça ýöriteleşdirilen barlaglar we bejergi çäreleri geçirmeklik zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, reanimasiýa bölüminden ýöriteleşdirilen ulag arkaly başga saglygy goraýyş edarasynyň reanimasiýa bölümine geçirmäge rugsat berilýär.

Etrap hassanalaryndan Merkezi hassahanalara ugradylýan her bir syrkaw ýolbaşçylygyň iki taraplaýyn ylalaşygy esasynda degişli inçe hünärli lukmanyň ýanynda bolmagynda amala aşyrylýar.

41. Ýatymlaýyn kömegini berýän saglygy goraýyş edaralarynda derman we sarp ediji serişdeler ýeterlik derejede bolmalydyr.

42. Saglygy goraýyş edarasynyň bölümlerinde bejergi alýan syrkawyň ýagdaýy birden agyrlaşyp, tiz saglygy goraýyş kömegini bermeklik zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda, bölüme reanimatolog lukmany çagyrylýar we tizden-tiz reanimasiýa bölümine geçirilýär.

43. Uzak wagtlap ýatymlaýyn kömegini alýan syrkawlara her 10 (on) senenama gününden keseliň geçişini beýan etmek bilen, “tapgyrlaýyn epikriz” ýazylýar. Tapgyrlaýyn epikriz ýazylanda takyk barlaglaryň, laborator we funksional barlaglaryň netijesi, ýüze çykan üýtgeşmeler görkezilýär. Bejerişde girizilen üýtgeşmeler esaslandyrylýar. Mundan beýläk geçiriljek barlaglaryň we bejerişiň meýilnamasy ýazylýar.

44. Syrkawy anesteziologiýa we reanimasiýa bölümine ýerleşdirmek meselesi saglygy goraýyş edarasynyň kabul ediş bölüminde (otagynda) göreninden soňra anesteziolog-reanimatolog lukmany ýa-da şol bölümiň müdiri tarapyndan çözülýär.

45. Syrkaw aradan çykan ýagdaýynda, Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2017-nji ýylyň 10-njy awgustynda 1088 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Patologoanatomik barlaglary geçirmegiň Tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2017-nji ýylyň 18-nji iýulynda çykaran 216 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, Patologoanatomik barlaglary geçirmegiň Tertibine hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hereket edilýär.

46. Merkezi saglygy goraýyş edaralarynda ölüm sebäpli, ýatymlaýyn kömegini alyp çykarylanlaryň “Ýatymlaýyn kömegini alýan syrkawyň lukmançylyk kartasyna” Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň degişli kafedralarynyň professor mugallymlary, welaýat we etrap derejeli saglygy goraýyş edaralarynda degişli hünärmenleri tarapyndan syn ýazylýar.

47. Her bir ölüm ýagdaýlary saglygy goraýyş edaranyň buýrugy esasynda döredilen topar tarapyndan seljerilýär.

48. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda 1251 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2019-nji ýylyň 7-nji awgustynda çykaran 221 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk bilermenler seljermesini geçirmegiň Tertibine laýyklykda ýatymlaýyn kömegi alýan raýatlara wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk haty berilýär.

49. “Ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlaryny kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda çykaran 384-nji kararyna laýyklykda, ilatyň aýry-aýry toparlary derman serişdeleri, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler we saglygy goraýyş hyzmatlary bilen tölegsiz hem-de ýeňillikli şertlerde üpjün edilýär.

50. Ýatymlaýyn kömegi alýan syrkaw saglygy goraýyş edarasyndan çykarylanyndan soňra, bejeriji lukman ähli ýazgylary ýazyp we barlap, bölüm müdirine tabşyrýar. Bölüm müdiri geçirilen bejergiler, barlaglar baradaky ýazgylary (kesel taryhynda bar bolan ähli ýazgylary) we gündelikleri barlap, ýazgylaryň ýerbe-ýerdigine göz ýetireninden soňra, “Ýatymlaýyn kömegi alýan syrkawyň lukmançylyk kartasynda” näçe kagyz bardygyny ýazyp, gol çekýär we bölümiň uly şepagat uýasyna tabşyrýar. Bölümiň uly şepagat uýasy “Ýatymlaýyn kömegi alýan syrkawyň lukmançylyk kartasyny” syrkaw saglygy goraýyş edaradan çykanyndan soňra 3 (üç) senenama gününiň dowamynda hasabat bölümine tabşyrýar. Bölümiň uly şepagat uýasy 1 (bir) aýyň dowamynda iki taraplaýyn gol çekilenden soňra, (tabşyrýan we kabul edýän) “Ýatymlaýyn kömegi alýan syrkawyň lukmançylyk kartasyny” arhiwe tabşyrýar. Bu resminama arhiwde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde saklanylýar.

51. Hukuk goraýjy ýa-da ygtyýarly başga edaralar tarapyndan ýatymlaýyn kömegi alan syrkawyň “Ýatymlaýyn kömegi alýan syrkawyň lukmançylyk kartasy” soralyp ýüz tutulan ýagdaýynda, diňe saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysynyň ýazmaça rugsat bermegi bilen we “Ýatymlaýyn kömegi alýan syrkawyň lukmançylyk kartasyny” soraýan hukuk goraýjy ýa-da başga ygtyýarly edaralar tarapyndan berilýän Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda degişli resminama alnyp, ýörite depderçä bellik edilip, degişli resminamalar doldurylanyndan soňra, kartanyň nusgasy berilýär, zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda yzyna gaýtarmak şerti bilen “Ýatymlaýyn kömegi alýan syrkawyň lukmançylyk kartasynyň” asyl nusgasy berilýär.

52. Daşary ýurtly raýatlar ýatymlaýyn kömegi almak üçin ýüz tutan ýagdaýynda, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda saglygy goraýyş kömegi berilýär.

53. Çagalar ýatymlaýyn kömegini alýan saglygy goraýyş edaralarynda bolan döwründe aşakdaky talaplar ýerine ýetirilýär:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda syrkaw çaga ideg etmek üçin seredýän ata-enäniň birine (ýa-da onuň ornuny tutýan adama) ýa-da maşgalanyň başga agzasyna saglygy goraýyş edarasynda bolan döwründe wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk hatyny bermek bilen ýanynda bolmaklyga rugsat berilýär;

2) çaga seretmek üçin ýanynda bolýan ata-enäniň birine (ýa-da onuň ornuny tutýan adama) ýa-da maşgalanyň başga agzasyna näsag orny bilen üpjün edilýär;

3) çagalar üçin niýetlenen bölümlerde çagalara oýnamak üçin, şeýle-de, terbiýeçilik işlerini geçirmek üçin şert döredilýär.


III bap. Kabul edilýän bölümde (otagda) ýatymlaýyn kömegini almak üçin ýerleşdirilýän syrkawlaryň agyrlyk derejesi boýunça bölüniş tertibi


54. Gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda ýa-da köpçülikleýin ýüz tutan ýagdaýlarynda syrkawlar kabul ediş bölüminiň (otagynyň) jogapkär lukmany tarapyndan üç topara bölünýärler:

1) birinji topara - gaýragoýulmasyz tiz lukmançylyk kömegini talap edýän, ýaşaýyşa howp döredýän ýiti keselli, şok, koma ýagdaýyndaky hem-de öýken, ýürek, böwrek ýetmezçilikli syrkawlar degişlidir;

2) ikinji topara - saglyk ýagdaýy ýatymlaýyn kömegi talap edýän, ýöne, kabul ediş bölüminde (otagynda) anyklaýyş - barlag çäreleri geçirilip, kesel kesgidi takyk anyklanylyp, bejerginiň belli bir ugry saýlanyp alynýan ýiti hirurgiki, urologiki, ginekologiki, trawmatologiki, newrologiki, terapewtiki ugurly syrkawlar degişlidir;

3) üçünji topara - kabul ediş bölüminde (otagynda) kesel kesgidi takyk anyklanylyp, degişli kömek berlenden soňra, gatnawly bejergä ugradylýan syrkawlar degişlidir.

55. Birinji topara degişli syrkawyň getirilýändigi barada tiz saglygy goraýyş kömegi gullugy rasiýanyň ýa-da telefonyň üsti bilen saglygy goraýyş edaranyň kabul ediş bölümine (otagyna) habar berýär.

Birinji topara degişli syrkaw getirilýän saglygy goraýyş edaranyň kabul ediş bölüminiň (otagynyň) şepagat uýasy bu barada kabul ediş bölüminiň (otagynyň) jogapkär lukmanyna we degişlilikde inçe ugurly lukmanlara habar berýär (reanimatolog, trawmatolog, hirurg, kardiolog we ş.m).

Inçe ugurly lukmanlar habar berlen dessine kabul ediş bölümine (otagyna) barýarlar.

Birinji topara degişli syrkawyň getirilýändigi barada anyklaýyş bölüminiň hünärmenlerine, ýagny, barlaghana, funksional anyklaýyş, rentgen, endoskopiýa we beýleki bölümlere habar berilýär.

Anyklaýyş bölüminiň hünärmenleri habar berlen dessine kabul ediş bölümine (otagyna) barýarlar.

Kabul ediş bölümindäki (otagyndaky) taýýarlyk işlerine kabul ediş bölüminiň (otagynyň) jogapkär lukmany jogap berýär. Syrkawa zerur bolan barlaghana we enjamlar arkaly barlaglar, reanimasion-gaýragoýulmasyz çäreler kabul ediş bölüminde (otagynda), gaýragoýulmasyz kömek otagynda geçirilýär. Gaýragoýulmasyz kömek otagynda 24 sagada çenli wagtyň dowamynda näsaga degişli barlag we intensiw bejergi çärelerini geçirmäge rugsat berilýär. Ýagdaýy durnuklaşandan soňra, syrkaw degişli bölüme ýerleşdirilýär ýa-da degişli saglygy goraýyş edara ugradylýar.

56. Ikinji topara degişli syrkawlar saglygy goraýyş edaranyň kabul ediş bölümine (otagyna) getirilende ýa-da ýüz tutan ýagdaýynda, olara ýerine ýetirilýän çäreler:

1) syrkaw getirilenden ýa-da ýüz tutanyndan soňra, 10-15 minudyň dowamynda kabul ediş bölüminiň (otagynyň) jogapkär lukmany tarapyndan, şeýle-de degişlilikde hirurg, urolog, ginekolog, trawmatolog, newrolog ýa-da terapewt lukmany tarapyndan seredilýär;

2) inçe ugurly lukmanlar tarapyndan seredilenden soňra, anyklaýyş - barlag çäreleri bellenilýär;

3) syrkaw kabul ediş bölümine (otagyna) getirilenden ýa-da ýüz tutanyndan soňra, 30-60 minudyň dowamynda barlaghana we enjamlar arkaly barlaglar geçirilip, ýatymlaýyn kömegini almak üçin saglygy goraýyş edarasyna ýerleşdirilýär we bejerginiň taktikasy saýlanyp alynýar.

57. Üçünji topara degişli syrkawlar saglygy goraýyş edaranyň kabul ediş bölümine (otagyna) getirilende ýa-da ýüz tutan ýagdaýynda:

1) syrkaw ýüz tutanyndan soňra, 30-60 minudyň dowamynda kabul ediş bölüminiň (otagynyň) jogapkär lukmany tarapyndan ýa-da degişli inçe ugurly lukmanlar tarapyndan seredilýär;

2) barlaghana we enjamlar arkaly barlaglar geçirilip, bejergi bellenilenden soňra, syrkawy ýatymlaýyn kömegini almak üçin gündizki saglygy goraýyş edarasyna ýerleşdirmek ýa-da gatnawly bejergä ugratmak meselesi çözülýär;

3) gatnawly bejergä ugradylýandygy barada syrkawyň degişli saglyk öýüniň ýolbaşçylygyna habar berilýär.


IV bap. Syrkaw kabul edilen wagty onuň ýagdaýy gyssagly operatiw bejerginiň ýerine ýetirilmegini talap edýän ýagdaýynda işiň gurnalyşy


58. Gyssagly operatiw bejergi talap edilýän ýagdaýlarda kabul ediş bölüminiň (otagynyň) jogapkär lukmanynyň, anesteziolog-reanimatolog lukmanynyň we degişli inçe ugurly lukmanlaryň gatnaşmagynda, kabul ediş resminamalary doldurylmazdan, syrkaw gyssagly gaýragoýulmasyz kömek otagyna ýa-da operasion bloga geçirilýär.

59. Syrkawa gyssagly operasion blokda ýa-da (bar bolsa) gaýragoýulmasyz kömek otagynyň operasion otagynda intensiw barlag, bejergi we degişli operasiýa geçirilýär.

60. Gaýragoýulmasyz hirurgiýa keselli syrkawlara saglygy goraýyş kömegi bellenilen tertipde, 1,5-2 sagadyň dowamynda, zerur barlaglardan we maslahatlardan geçirilip operasiýa taýýarlyk görülýär. Syrkawlar saglygy goraýyş edarasyna ýerleşdirilenden soňra, barlaglaryň we bejergi çäresiniň göwrümi hirurg lukmany we jogapkar lukman tarapyndan (bölüm müdiri) bilelikde maslahatlaşylyp çözülýär.

61. Operasiýa geçirilenden soňra, syrkawyň umumy ýagdaýynyň agyrlyk derejesine, anesteziýanyň we operasiýanyň göwrümine laýyklykda degişli bölüme geçirilýär.

62. Syrkawy gören inçe ugurly lukmanlar keseliniň görnüşine seretmezden, syrkawyň degişli saglygy goraýyş resminamalaryna bellik edýärler.



V bap. Ýatymlaýyn kömegini alýan saglygy goraýyş edarasyndan çykarmagyň tertibi

 

63. Syrkawy ýatymlaýyn kömegini alýan saglygy goraýyş edarasyndan çykarmak meselesi bejeriji lukman tarapyndan degişli bölümiň müdiri bilen bilelikde çözülýär.

64. Syrkaw şu aşakdaky görkezmeler esasynda ýatymlaýyn kömegini alýan saglygy goraýyş edarasyndan çykarylyp bilner:

1) sagalmak, gowulanmak, durnuklaşmak, üýtgewsiz, ölüm sebäpli, başga saglygy goraýyş edara geçirilmegi sebäpli (iki edaranyň ýolbaşçylygynyň ylalaşygy esasynda amala aşyrylýar);

2) raýatyň şu Tertibiň ýigriminji böleginde görkezilen saglygy goraýyş kömeginden düýpgöter boýun gaçyrýandygy barada Delilnama ýazmagy esasynda (lukman tarapyndan bolup biljek gaýraüzülmeler düşündirilýär);

3) syrkaw ýatymlaýyn kömegi alýan döwründe saglygy goraýyş edaranyň içki düzgünlerini bozsa ýa-da bejergileri, barlaglary geçirmäge bökdençlik döretse, bölümde bejergi alýan beýleki syrkawlaryň bejergi almagyna bökdençlik döretse, edaranyň ýolbaşçysynyň ýa-da orunbasarynyň hat üsti bilen görkezmesi esasynda bejergini doly almadyk hem bolsa.

65. Ýatymlaýyn kömegini alýan saglygy goraýyş edarasyndan çykarylanda syrkawa “Ýatymlaýyn kömegi alýan syrkawyň lukmançylyk kartasyndan” göçürme berilýär. Göçürmede doly kesel kesgitlemesi, geçirilen barlaglaryň netijeleri, geçirilen bejergiler, maslahatlar ýazylýar.

66. Göçürme maşgala lukmanyna/feldşerine goýberilýär.


VI bap. Syrkawlardan we olaryň hossarlaryndan edilýän talaplar


67. Syrkawlardan we olaryň hossarlaryndan edilýän talaplar şulardan ybaratdyr:

1) bejeriji lukman tarapyndan bellenen barlaglary, bejergileri doly we öz wagtynda ýerine ýetirmekden;

2) bejeriji lukman tarapyndan bellenen düzgünleri berjaý etmekden;

3) ýatymlaýyn kömegini berýän saglygy goraýyş edaranyň içki tertip düzgünlerini berjaý etmekden;

4) saglyk ýagdaýy bilen bagly üýtgeşmeleri bejeriji lukmana wagtynda habar bermekden;

5) diňe lukman tarapyndan rugsat berlen iýmit serişdelerini iýmekden we sowadyjyda saklamakdan;

6) ýatymlaýyn kömegini berýän saglygy goraýyş edaranyň aşhanasynda iýmitlenmeden (diňe hereketi çäklenen we agyr ýagdaýdaky syrkawlara ýerinde iýmitlenmäge rugsat berilýär);

7) arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmekden;

8) ýangyna garşy howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryny berjaý etmekden;

9) özbaşdak derman serişdeleri kabul etmezlikden;

10) syrkaw tölegli şertlerde ýa-da hojalyk hasaplaşygynyň hasabyna bejergi alýan bolsa, hereket edýän nyrhnamalara laýyklykda syrkaw ýa-da onuň hossarlary bejergi alýan ýatymlaýyn kömegini berýän saglygy goraýyş edaranyň hasaphana bölümine töleg geçirmekden.

Syrkawlar ýa-da olaryň hossarlary esassyz saglygy goraýyş işgärleri ýa-da beýleki syrkawlar bilen çekeleşikli ýagdaý döretse, olara Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda degişli çäreler görülýär.

68. Ýatymlaýyn kömegini berýän saglygy goraýyş edaralarynda syrkawyň yzyndan ýagdaýyny soramak üçin gelýänleriň saglygy goraýyş edaralaryna gelmeginiň we ondan gitmeginiň wagtlary bu edaralaryň işleriniň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp bellenilýär.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 9-njy iýulynda 1488 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.