Türkmenistanyň Energetika ministriniň 2021-nji ýylyň 17-nji maýynda çykaran 132 belgili buýrugy

Türkmenistanyň Energetika ministriniň

2021-nji ýylyň 17-nji maýynda çykaran 132 belgili

B U Ý R U G Y


Elektroenergetikanyň gözegçiliginiň guralyşy hakynda Düzgünnamany tassyklamak barada

 

2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda kabul edilen «Elektrik energetikasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasynyň 3-nji bendiniň “e” kiçi bendine hem-de «Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda çykaran 1602-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Energetika ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, energetika babatda kanunçylygy kämilleşdirmek, kadalaşdyryjy-tehniki we gollanma resminamalaryny bellenilen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen, buýurýaryn:

1. Elektroenergetikanyň gözegçiliginiň guralyşy hakynda Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Energetika ministriniň orunbasary H. Rejepmyradow gözegçilik etmeli.


Ministr Ç.Pürçekow


Türkmenistanyň Energetika ministriniň

2021-nji ýylyň 17-nji maýynda

çykaran 132 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy


Elektroenergetikanyň gözegçiliginiň guralyşy hakynda

DÜZGÜNNAMA

 

I bap. Umumy düzgünler


1. Şu Elektroenergetikanyň gözegçiliginiň guralyşy hakynda Düzgünnama (mundan beýläk – Düzgünnama) 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda kabul edilen «Elektrik energetikasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasynyň 3-nji bendiniň “e” kiçi bendine laýyklykda, şeýle hem «Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 23-nji martynda çykaran 1602-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Energetika ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda elektroenergetika babatda kanunçylygy kämilleşdirmek, kadalaşdyryjy-tehniki we gollanma resminamalaryny bellenilen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň (mundan beýläk – ministrligiň) wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy.

Şu Düzgünnama elektroenergetikanyň gözegçiligini guramagyň we amala aşyrmagyň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Şu Düzgünnamada ulanylan ähli düşünjeler «Elektrik energetikasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenen manylara eýedirler.

3. Elektroenergetikanyň gözegçiligi «Elektrik energetikasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda we elektroenergetika babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen elektroenergetika babatda howpsuzlygyň we ygtybarlylygyň talaplarynyň elektroenergetikanyň subýektleri we önümçilik we (ýa-da) durmuş hajatlary üçin elektrik (ýylylyk) energiýasyny satyn alýan fiziki we ýuridik şahslar (mundan beýläk – sarp edijiler) tarapyndan bozulmagynyň duýdurylmagyna, ýüze çykarylmagyna we öňüniň alynmagyna gönükdirilendir.

4. Elektroenergetikanyň gözegçiliginiň çygry elektroenergetikanyň subýektleriniň we sarp edijileriň şu aşakdaky görkezilenleri ýerine ýetirmekleri bolup durýar:

1) elektroenergetika ulgamynyň obýektleriniň ulanyşa girizilmegine ygtyýar beriji resminamalarynyň bolmagy;

2) elektrik energiýasynyň tehniki şertleriniň talaplarynyň berjaý edilişi;

3) elektroenergetika ulgamynyň obýektleriniň gorag zolaklarynyň çäklerindäki ýer bölekleriniň aýratyn ulanylyş şertleriniň ýerine ýetirilmegi;

4) elektroenergetika ulgamlarynyň obýektleri abatlaýyşa çykarylanda kesgitlenen talaplarynyň ýerine ýetirilmegi;

5) operatiw-dispetçerçilik dolandyryşyň subýektleri tarapyndan operatiw-dispetçerçilik çygrynda gatnaşyklary düzgünleşdirýän hökmany talapnamalaryň, şol sanda Türkmenistanyň bitewi elektroenergetika ulgamynyň çäklerinde tehnologik iş düzgünleriniň işini howpsuz dolandyrmak we elektroenergetika ulgamynyň obýektleriniň ýa-da sarp edijileriniň energiýa kabul ediji enjamlarynyň ulanylyş ýagdaýynyň talapnamalaryny kesgitleýän kadalaryň ýerine ýetirilmegi;

6) elektrik energiýasyny öndürmegiň, geçirmegiň, paýlamagyň we sarp etmegiň iş düzgünleriniň amatlaşdyrylmagy, netijeli we tygşytly ulanylmagy;

7) elektroenergetikanyň subýektleriniň we sarp edijileriň «Elektrik energetikasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda we elektroenergetika babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen talaplaryň ýerine ýetirilmegi.


II bap. Elektroenergetikanyň gözegçiligini amala aşyrmagyň esasy ýörelgeleri we olary geçirmäge ygtyýarlandyrylan edaralar


5. Elektroenergetikanyň gözegçiligi ministrligiň gurluş düzüm birlikleri tarapyndan gözegçilik boýunça özlerine berlen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şu aşakdakylar arkaly amala aşyrylýar:

1) ýüze çykarylan bozulmalaryň netijelerini aradan aýyrmak we (ýa-da) öňüni almak, günäkär şahslary jogapkärçilige çekmek boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan barlaglary geçirmek we guramak, çäreleri görmek;

2) elektroenergetikanyň subýektleriniň işleriniň barşynda elektroenergetika babatda howpsuzlygyň we ygtybarlylygyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmek.

6. Elektroenergetikanyň gözegçiligi ministrligiň şu aşakdaky gurluş düzüm birlikleri tarapyndan amala aşyrylýar:

1) pudaklaýyn tabynlygyna, guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan sarp edijiler babatda – «Döwletenergogözegçilik» kärhanasy;

2) elektroenergetikanyň subýektleri babatda – «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň merkezi diwany.


III bap. Elektroenergetikanyň gözegçiligini geçirmäge ygtyýarlandyrylan edaralaryň hukuklary

 

7. Elektroenergetikanyň gözegçiligini geçirmäge şu Düzgünnamanyň altynjy böleginde görkezilen ygtyýarlandyrylan edaralaryň şulara hukugy bardyr:

1) barlaglary Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan kadalara we şol sanda şu Düzgünnama laýyklykda amala aşyrmaga;

2) pudaklaýyn tabynlygyna, guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan ähli fiziki we ýuridik şahslarynyň energetika desgalaryna we enjamlaryna päsgelçiliksiz barmaga;

3) Türkmenistanyň administratiw kanunçylygynda bellenilen halatlarda bozulmalary bilen baglanyşykly administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnamalary düzmäge, administratiw hukuk bozulmalary baradaky işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge (şu Düzgünnamanyň sekizinji böleginde görkezilen wezipeli adamlar), ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kazyýete, arbitraž kazyýetine ýüz tutmaga;

4) sarp edijilere elektrik (ýylylyk) energiýasyny peýdalanýan enjamlarynda we desgalarynda bar bolan bozulmalaryň aradan aýrylmagy bo­ýun­ça görkezme bermäge, bellenilen möhletde görkezmeler aradan aýrylmadyk ýagda­ýynda, elektrik ulgamyndan öçürmäge çenli çäreleri görmäge;

5) «Elektrik energetikasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda we elektroenergetika babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen beýleki hukuklaryny amala aşyrmaga.

8. Energetika edaralarynyň adyndan ygtyýarlyklarynyň çäginde administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnamalary düzmäge, administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge ministrligiň edaralarynyň şu aşakdaky wezipeli adamlarynyň hukugy bardyr:

1) «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň bölümçeleriniň başlyklary we inspektorlary;

2) «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň direktory, onuň orunbasarlary, baş inženeri we inspektorlary, ýerli bölümleriniň başlyklary, olaryň orunbasarlary, baş inženerleri we inspektorlary;

3) «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň başlygy, onuň orunbasary we baş inženeri, şeýle hem korporasiýanyň welaýatlardaky we welaýat hukukly şäherlerdäki önümçilik birleşikleriniň baş direktorlary, olaryň orunbasarlary we baş inženerleri.

 

IV bap. Elektroenergetikanyň gözegçiliginiň görnüşleri


9. Elektroenergetikanyň gözegçilgi meýilnamalaýyn hem-de meýilnamadan daşary barlaglara bölünýär.

10. Meýilnamaýyn barlaglar «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň we «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň ýolbaşçylary tarapyndan tassyklanylan meýilnamalar esasynda geçirilýär.

11. Meýilnamadan daşary barlaglar ygtyýarlyk berlen döwlet edaralaryndan we hukuk goraýjy edaralardan gelip gowuşýan tabşyryklaryň esasynda ýa-da beýleki zerur halatlarda geçirilýär.


V bap. Sarp edijiler babatda elektroenergetikanyň gözegçiligi


12. Elektrik energiýasynyň oýlanyşykly we netijeli ulanylmagyna, elektrik energiýasynyň şertnamalaýyn möçberleriniň we sarp ediliş tertibiniň berjaý edilişine, sarp edijileriň podstansiýalarynyň we elektrik enjamlarynyň, hasaplaşyk hasaba alnyş enjamlarynyň, ölçeýji transformatorlarynyň tehniki ýagdaýyna, elektrik enjamlaryna howpsuz hyzmat edilmegini üpjün edýän çäreleriň geçirilmegine, eýeçiliginiň we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, elektrik energiýasynyň hiline bolan talaplaryň berjaý edilmegine «Döwletenergogözegçilik» kärhanasy tarapyndan elektroenergetika barlagy we gözegçiligi amala aşyrylýar.

Barlag «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanan meýilnama esasynda amala aşyrylýar.

I derejeli sarp edijiler we gurluşygy dowam edýän aýratyn ähmiýetli döwlet desgalary ýylda bir gezek, II derejeli sarp edijiler iki ýylda bir gezek, III derejeli sarp edijiler bolsa üç ýylda bir gezek barlanylmaga degişlidir.

Barlaglar ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň desgalarynyň, şeýle-de gurluşygy dowam edýän aýratyn ähmiýetli döwlet desgalarynyň we sarp edijileriň ýerleşýän çäklerindäki «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň merkezi diwanynyň degişli gulluklary, welaýatlardaky we welaýat hukukly şäherlerdäki bölümleri we olaryň bölümçeleri tarapyndan amala aşyrylmaga degişlidir.

Barlagyň netijeleri boýunça iki nusgada delilnama düzülýär. Olaryň biri barlagy amala aşyran tarapda, beýlekisi bolsa barlagyň geçirilen tarapynda galýar.

13. «Döwletenergogözegçilik» kärhanasy bilen ylalaşylan ýörite kadalaşdyryjy-tehniki resminamalaryň esasynda ulanylýan elektrik enjamlarynyň yzygiderli gözegçiligi degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

14. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky energetika desgalarynyň elektroenergetika gözegçiligi babatda esasy wezipeleri şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1) elektrik enjamlaryň tehniki hyzmata we abatlaýşa bildirilýän talaplaryň berjaý edilişine gözegçilik etmek;

2) tehniki ulanylyş we howpsuzlyk tehnikasynyň düzgünleriniň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň we elektrik enjamlaryň ulanyş boýunça gözükdirijileriň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;

3) enjamlaryň, elektrik gurnamalaryň işindäki bökdençlikleriň derňelşini, hasaba alnyşyny we seljermesini guramak;

4) enjamlaryň, elektrik gurnamalaryň işindäki bökdençlikleri we önümçilik şikeslenmelerini duýdurmak boýunça öňüni alyş çäreleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;

5) kadalaşdyryjy-tehniki resminamalaryň we enjamyň ulanylyşyny kämilleşdirmek hem-de ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň işlenip düzülmegini guramak;

6) döwürleýin tehniki barlagyň geçirilişine gözegçilik etmek.

15. Pudaklaýyn tabynlygyna, guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan elektroenergetika gözegçiliginiň amala aşyrylmagy, sarp edijini elektrik enjamlarynyň tehniki ýagdaýyny barlamak we gözegçilik etmek borçlaryndan, «Elektrik energetikasy baradaky kadalary tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 28-nji maýynda çykaran 14263-nji karary bilen tassyklanan, Elektrik we ýylylyk energiýasyndan peýdalanmagyň Kadalarynyň we elektroenergetika babatda beýleki kadalaşdyryjy-tehniki resminamalarynyň talaplaryny berjaý etmek jogapkärçiliginden boşatmaýar.

 

VI bap. Elektroenergetikanyň subýektleri babatda elektroenergetikanyň gözegçiligi

 

16. Elektroenergetikanyň subýektleriniň barlagy «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýanynyň merkezi diwanynyň degişli müdirlikleri, gulluklary we bölümleri tarapyndan toplumlaýyn amala aşyrylýar.

Barlag «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanan bir ýyllyk meýilnamasy esasynda amala aşyrylýar.

Barlagy amala aşyrmak maksady bilen, elektroenergetikanyň subýektiniň görnüşine baglylykda (elektrik stansiýasy, elektrik ulgamlary kärhanasy) «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň ýolbaşçysynyň buýrugy esasynda korporasiýanyň merkezi diwanynyň degişli müdirlikleriniň, gulluklarynyň we bölümleriniň hünärmenlerinden ybarat bolan topar düzülýär. Zerur bolan halatynda, bu topara «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň beýleki kärhanalarynyň hünärmenleri hem çekilip bilner.

17. Elektroenergetikanyň subýektleriniň toplumlaýyn barlagy amala aşyrylanda topar tarapyndan barlanylmaga şu aşakdakylar degişli bolup durýar:

1) elektroenergetika ulgamynyň obýektlerini ulanmaklygyň guramaçylygy;

2) elektroenergetika ulgamynyň obýektleriniň ulanyş boýunça gözükdirijileriň we tehniki ulanylyş, howpsuzlyk tehnikasynyň düzgünleriniň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaplarynyň berjaý edilişi;

3) enjamlaryň, binalaryň we desgalaryň ýagdaýy;

4) orta we düýpli abatlaýyş işleriniň bellenen möhletleriniň berjaý edilişi;

5) elektroenergetika babatda degişli kadalaşdyryjy-tehniki we guramaçylyk-görkezme häsiýetli resminamalarda beýan edilen çäreleriň we talaplaryň ýerine ýetirilişi;

6) heläkçilikli ýagdaýlary duýdurmak we olary aradan aýyrmaga taýýarlyk boýunça çäreleriň ýerine ýetirilişi;

7) energetika desgalarynyň howpsuz ulanylmagyny üpjün etmek boýunça kadalaşdyryjy-tehniki resminamalaryň we gözükdirijileriň işlenip düzülişi;

8) elektroenergetikanyň subýektleriniň tehniki we guramaçylyk resminamalarynyň ýöredilişi.

18. Barlagyň netijeleri boýunça iki nusgada delilnama düzülýär. Olaryň biri «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynda, beýlekisi bolsa elektroenergetikanyň subýektinde galýar.

Barlagyň netijesinde ýüze çykarylan kemçilikler elektroenergetikanyň subýektleri tarapyndan haýal edilmän düzedilmelidir we bu barada şol subýektiň ýolbaşçylary «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň toplumlaýyn barlagyny amala aşyran toparyna kemçilikleri düzetmek üçin ýerine ýetiren işleri babatda goşmaça hasabat bermelidirler.

19. Elektroenergetikanyň subýektleriniň energetika desgalarynyň tehniki ýagdaýyna yzygiderli we hemişilik gözegçiligi döwürleýin gözden geçirilişi amala aşyrmak arkaly üpjün edilýär.

Enjamlaryň, binalaryň we desgalaryň döwürleýin gözden geçirilişini olaryň ýagdaýyna we howpsuz ulanylmagyna jogapkär adamlar amala aşyrmalydyr. Elektroenergetikanyň subýektiniň enjamlarynyň, binalarynyň we desgalarynyň ýagdaýyna we howpsuz ulanylmagyna jogapkär adamlar elektroenergetikanyň subýektiniň baş inženeri tarapyndan kesgitlenmelidir.

20. Enjamlaryň, binalaryň we desgalaryň ýagdaýyna we howpsuz ulanylmagyna jogapkär adamlar energetika desgalarynyň degişli kadalaşdyryjy-tehniki resminamalaryň we gözükdirijileriň talaplaryna laýyklykda ulanylmagyny, energetika enjamynyň ýagdaýyna gözegçiligini, enjamyň we onuň elementleriniň işindäki bökdençlikleri derňemegi we hasaba almagyny, ulanyş-abatlaýyş resminamalarynyň ýöredilmegini üpjün etmelidirler.


VII bap. Jemleýji düzgünler


21. Barlaglary amala aşyrýan energetika edaralarynyň wezipeli adamlarynyň çözgütleri we hereketleri (hereketsizligi) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda administratiw ýa-da kazyýet tertibinde şikaýat edilip bilner.

22. Şu Düzgünnamada düzgünleşdirilmedik beýleki ýagdaýlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylmaga degişlidir.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 25-nji iýunynda 1483 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.