«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2021-nji ýylyň 17-nji maýynda çykaran 161-iş belgili buýrugy

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň

2021-nji ýylyň 17-nji maýynda çykaran 161-iş belgili

B U Ý R U G Y

 

Önümi sertifikatlaşdyrmagyň Tertibini tassyklamak hakynda


2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edilen «Sertifikatlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 12-nji maddasynyň 8-nji bendiniň «a» kiçi bendiniň we 18-nji maddasynyň 1-nji bendiniň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Önümi sertifikatlaşdyrmagyň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslaryna şu buýrugyň birinji böleginde görkezilen Tertibiň kabul edilendigi barada Gullugyň resmi internet saýtynda habar bermeli we saýtda elektron nusgasyny ýerleşdirmeli. Türkmen standartlary maglumat merkezi ýüz tutmalar esasynda buýrugyň zerur bolan nusgalary bilen bellenen tertipde üpjün etmek boýunça degişli işleri geçirmeli.

3. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň käbir buýruklaryna şu buýruga goşulýan Sanawa laýyklykda güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

4. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyñ başlygynyň orunbasary B.Klyçew gözegçilik etmeli.


 

Başlyk   M.Hojagulyýew



«Türkmenstandartlary» baş döwlet

gullugynyň başlygynyň

2021-nji ýylyň 17-nji maýynda

çykaran 161-iş belgili buýrugyna

goşulýar


«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň güýjüni ýitiren diýip ykrar edilýän buýruklarynyň

SANAWY


1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2014-nji ýylyň 10-njy aprelinde 752 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan “Önümi sertifikatlaşdyrmagyň Tertibini tassyklamak hakynda” “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2014-nji ýylyň 27-nji martynda çykaran 1/60 belgili buýrugy.

2. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2016-njy ýylyň 10-njy iýunynda 997 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan “Önümi sertifikatlaşdyrmagyň Tertibini tassyklamak hakynda” “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2014-nji ýylyň 27-nji martynda çykaran 1/60 belgili buýrugyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2016-njy ýylyň 24-nji maýynda çykaran 1/91 belgili buýrugy.

3. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 26-njy dekabrynda 1286 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2014-nji ýylyň 27-nji martynda çykaran 1/60 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Önümi sertifikatlaşdyrmagyň Tertibine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 23-nji dekabrynda çykaran 426-iş belgili buýrugy.



«Türkmenstandartlary» baş döwlet

gullugynyň başlygynyň

2021-nji ýylyň 17-nji maýynda

çykaran 161-iş belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy

 

Önümi sertifikatlaşdyrmagyň

T E R T I B I

 

I bap. Umumy düzgünler


1. Şu Önümi sertifikatlaşdyrmagyň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) 2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edilen «Sertifikatlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 12-nji maddasynyň 8-nji bendiniň «a» kiçi bendiniň we 18-nji maddasynyň 1-nji bendiniň talaplaryna laýyklykda işlenilip düzüldi hem-de Türkmenistanda öndürilýän, Türkmenistandan daşary ýurt döwletlerine eksport edilýän, Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän önümleri, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän öň ulanyşda bolan önümleri sertifikatlaşdyrmagyň tertibini we daşary ýurt döwletleri tarapyndan berlen sertifikatlaşdyrmak boýunça resminamalaryň ykrar edilmeginiň tertibini kesgitleýär.

2. Şu Tertibiň talaplary sertifikatlaşdyrmak boýunça işleri amala aşyrmak üçin «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy tarapyndan bellenilen tertipde akkreditirlenen «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň garamagyndaky kärhanalar (guramalar) we beýleki döwlet edaralar, bilermen-auditorlar, synag barlaghanalary (merkezleri), önümi öndürýän, ýerleýän we onuň hili üçin jogapkärçilik çekýän hususy telekeçiler we ýuridik şahslar tarapyndan ýerine ýetirilmegi üçin hökmandyr.

3. Şu Tertipde ulanylýan düşünjeleriň manysy “Sertifikatlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kesgitlenilýär, şeýle hem Tertibiň maksatlary üçin aşakda görkezilen esasy düşünjeler ulanylýar:

1) önüm – sertifikatlaşdyrmagyň obýekti bolup durýan önümler, harytlar, enjamlar, maşynlar, mehanizmler, çig mallar, ýarym taýýar önümler we başgalar;

2) synaglaryň netijeleri – önümiň hilini we howpsuzlyk häsiýetlerini kesgitlemek boýunça geçirilen barlaghana synaglarynyň netijenamasy;

3) sertifikatlaşdyrmak boýunça edaralar - «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy tarapyndan bellenilen tertipde akkreditirlenen «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň garamagyndaky kärhanalary (guramalary) we beýleki döwlet edaralary;

4) Arza berijiler - sertifikatlaşdyrmak boýunça edaralaryna önümleri sertifikatlaşdyrmak üçin ýüz tutýan ýuridik we fiziki şahslar;

5) daşky gözden geçiriş seljermesi - kadalaşdyryjy resminamada önümiň daşky gözden geçirilşine bellenen talaplary boýunça geçirilýän barlaglar;

6) barabarlygy geçirmek - sertifikatlaşdyrmak üçin berlen arzadaky önümiň ady, kysymy, markasy we beýleki maglumatlaryň sertifikatlaşdyrylýan (barlanýan) önüme laýyklygyny kesgitlemek boýunça geçirilýän iş.


II bap. Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän önümi sertifikatlaşdyrmagyň tertibi


4. Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän önümi (Türkmenistana getirilýän ulanyşda bolan önüm muňa degişli däldir) sertifikatlaşdyrmak üçin Arza beriji tarapyndan sertifikatlaşdyrmak boýunça edara şu aşakdaky sanaw boýunça resminamalary kagyz ýa-da sanly ulgam arkaly elektron görnüşde (ýa-da elektron göterijide) tabşyrylmalydyr:

1) arza;

2) gümrük edaralary tarapyndan berilýän delilnamanyň nusgasy (gümrük barlagynyň namasynyň ýa-da harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ýere ýerleşdirilendigi hakynda delilnamanyň nusgasy);

3) gümrük deklarasiýasynyň nusgasy;

4) şertnamanyň nusgasy (önüm Türkmenistana şertnama boýunça getirilen ýagdaýynda);

5) inwoýsyň nusgasy ýa-da hasap-faktura;

6) önüm şertnama boýunça getirilende, şertnama esasynda (satyjydan, potratçydan) talap edilýän önümiň hilini tassyklaýan resminamalaryň nusgasy;

7) ýük haryt-ulag namasynyň nusgasy;

8) ýuridik şahs üçin – Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek barada şahadatnama, Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme, şeýle hem ygtyýarly wekiliniň ygtyýarlygyny ýuridik şahsyň möhri we onuň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanan ynanç haty;

9) fiziki şahs üçin - hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamanyň nusgasy, onuň ygtyýarly wekili üçin notarial taýdan ýa-da hususy telekeçiniň möhri bilen tassyklanan ynanç haty we pasportynyň nusgasy.

Arza beriji, sertifikatlaşdyrmak üçin arzada talap edilýän maglumaty dolulygyna beýan edýär, şeýle hem arzada Arza berijiniň adyndan başga adamyň gol çekmegine ýol berilmeýär.

5. Sertifikatlaşdyrmaga hödürlenýän önümler bir atdan köp bolan halatynda ýa-da önüm barada maglumat uly möçberde bolanda arzanyň ýany bilen ýöriteleşme (goşundy) goýulýar, onda önümiň aýratynlygyna baglylykda şu aşakdaky maglumatlar görkezilýär:

1) önümiň ady, sorty, markasy we başgalar, mukdary ýa-da göwrümi;

2) önümiň düzümi (toplumy, kompleksi), düzüm bölekleri.

Ýöriteleşmäniň her sahypasynda Arza beriji gol çekýär, şonda Arza beriji ýuridik şahs bolan ýagdaýynda, möhürini hem goýýar.

6. Ýöriteleşme resmileşdirilýän laýyklyk sertifikatynyň her bir nusgasynyň ýanyna goşulmalydyr.

7. Arza beriji tarapyndan berilýän resminamalar döwlet dilinde bolmalydyr ýa-da bellenen tertipde döwlet diline terjime edilmelidir. Şol bir wagtda berilýän resminamalaryň mukdary köp bolan halatynda sertifikatlaşdyrmak boýunça edara bilen ylalaşylan tertipde olar başga daşary ýurt dilinde kabul edilip bilner.

8. Her bir önümiň aýratynlygyna baglylykda, önümleriň hilini, howsuzlygyny we daşky gurşawy goramak boýunça tassyklaýjy resminamalaryň bolmagy olaryň kadalaşdyryjy resminamasynda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen bolsa (himiýa önümleriň howpsuzlyk pasportlary, toksikologik synaglaryň netijeleri, enjamlaryň öndüriji tarapyndan geçirilen synagyň netijeleri, gigiýeniki sertifikat we ş.m) ol resminamalar sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan Arza berijiden talap edilip bilner.

9. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara 3 (üç) iş gününiň dowamynda arzanyň dogry doldurylyşyny, berlen resminamalaryň ýeterlikdigine, toplumlaýyndygyna seredýär we döwlet inspektoryny belleýär. Arza degişli tertipde, şol sanda elektron kitapda hasaba alynýar we bölüm başlygy tarapyndan arzada sertifikatlaşdyrmak boýunça işlerini ýerine ýetirmek üçin ýazmaça tabşyryk (rezolýusiýa) goýulýar.

10. Döwlet inspektory 3 (üç) iş gününiň dowamynda arza boýunça şu işleri geçirýär:

1) önüm üçin kadalaşdyryjy resminamalary öwrenmek;

2) önümiň nusgalyklaryny seçilip almak usullaryny öwrenmek;

3) akkreditirlenen synag barlaghanasyny kesgitlemek.

11. Döwlet inspektorynyň sertifikatlaşdyrylýan önümiň ýerleşýän ýerine gitmegi we önümiň nusgalyklarynyň akkreditirlenen synag barlaghanasyna eltilmegi, synaglaryň teswirnamalarynyň sertifikatlaşdyrmak boýunça edara gowşurylmagy Arza beriji tarapyndan üpjün edilýär.

12. Döwlet inspektory Arza berijiniň ýa-da onuň wekiliniň gatnaşmagynda şu aşakdaky işleri geçirýär:

1) önümiň arzada görkezilen ady bilen barabarlygy;

2) önümiň daşky gözden geçiriş seljermesi;

3) önümiň barlaghana synaglaryny geçirmek üçin nusgalyklaryň seçilip alynmagy.

13. Önümiň daşky gözden geçirilişi we barlaghana synaglary üçin önümiň nusgalyklarynyň seçilip alynmagy sertifikatlaşdyrmak üçin arza berlen önümiň toplumynyň ýerleşýän ýerinde geçirilýär. Önümden nusgalyklar seçilip alnanda nusgalyklary seçip alyş namasy resmileşdirilýär.

Şertnamalar boýunça getirilýän önümleriň (enjamlaryň) daşky gözden geçirmek işinde Döwlet inspektory bilen bilelikde önümi ulanjak tarapyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda barlaglar geçirilip bilner.

Daşky gözden geçirmegiň netijeleri boýunça daşky gözden geçiriş seljerme namasy düzülýär.

Daşky gözden geçiriş seljerme namasy düzülende Döwlet inspektory, kadalaşdyryjy resminamada önümiň diňe daşky gözden geçirilişine bellenen talaplary boýunça geçiren barlaglarynyň netijelerini beýan edýär.

Daşky gözden geçiriş üçin alnan önümiň nusgalyklary seljerme geçirilenden soň Arza berijä gaýtarylandygy hakynda nusgalyklary seçip alnyş namasynda degişli ýazgy ýazylýar.

14. Sertifikatlaşdyrmak boýunça barlaghana synaglaryny geçirmek üçin önümden, kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklykda synaglary geçirmek mümkinçiligini üpjün edýän, ýeterlik mukdary seçilip alynýar.

Barlaghana synaglaryny geçirmek üçin nusgalyklary seçip alyş namasy üç nusgada düzülýär, olaryň biri Arza berijä berilýär, ikinjisi önümiň nusgalyklary bilen bilelikde synaglary geçirmek üçin akkreditirlenen synag barlaghanasyna iberilýär, üçünjisi sertifikatlaşdyrmak boýunça edarada galýar.

Eger synaglar birnäçe barlaghanalarda geçirilmeli bolsa, nusgalyklary seçip alyş namasy her bir barlaghana üçin aýratynlykda düzülýär.

15. Seçilip alnan önümiň nusgalyklarynyň sertifikatlaşdyrmak boýunça synaglary akkreditirlenen barlaghanada geçirilýär, şeýle barlaghana bolmadyk mahalynda, synaglar attestatlaşdyrylan barlaghanada Döwlet inspektorynyň gatnaşmagynda geçirilip bilner. Synaglaryň netijeleri teswirnama bilen resmileşdirilýär.

16. Şu ýagdaýlarda önümi sertifikatlaşdyrmak barlaghana synaglary geçirilmezden, Döwlet inspektorynyň daşky gözden geçiriş seljermesiniň esasynda geçirilip bilner:

1) Türkmenistanyň çäginde şol önüm babatda sertifikatlaşdyryş synaglaryny geçirip biljek akkreditirlenen ýa-da attestatlaşdyrylan synag barlaghanasy bolmasa;

2) önümden seçilip alynmaly nusgalyklaryň mukdary sertifikatlaşdyrmak üçin arzadaky önümiň mukdaryndan köp ýa-da deň bolsa;

3) sertifikatlaşdyrmak üçin arzada ilatyň sarp edýän önümiň toplumynyň möçberi on birlige deň ýa-da az bolsa.

17. Derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny (tehnikalary) sertifikatlaşdyrmak üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan berlen ygtyýarnamanyň bolmagy hökmanydyr. Weterinar derman serişdelerini, witaminlerini, weterinar onümlerini we gurallaryny sertifikatlaşdyrmak üçin Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan berilýän ygtyýarnamanyň we Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy tarapyndan berilýän güwanamanyň we derňewnama boýunça geçirilen barlagyň netijesiniň bolmagy hökmanydyr. Mundan başga-da, aragatnaşyk serişdelerini we enjamlaryny sertifikatlaşdyrmak üçin “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berlen Türkmenistanyň çägine getirilmegine rugsatnamasynyň bolmagy hökmany bolup durýar.

18. Sertifikatlaşdyrmak boýunça işleri geçirmegiň barşynda Arza berijä hasap-faktura berilýär, onuň tölegi bellenilen tertipde Arza beriji tarapyndan töleg resminamasy bilen tassyklanýar ýa-da sanly ulgam arkaly elektron tölegiň amala aşyrylandygy barada resminama berilýär.

19. Daşky gözden geçiriş seljerme namasynyň, barlaghana synaglaryň teswirnamalarynyň seljermesi, şeýle-de laýyklyk sertifikatyň resmileşdirilmegi we hasaba alynmagy 5 (bäş) iş gününiň dowamynda amala aşyrylýar.

Barlaghana synaglary geçirilmedik ýagdaýynda, önümiň daşky gözden geçiriş seljermesi 3 (üç) iş gününden köp bolmadyk möhletde geçirilýär. Sertifikatlaşdyrmaga hödürlenýän önüm sertifikatlaşdyrmak boýunça edaradan uzakda ýerleşende, önümiň görnüşi ýa-da mukdary (sany) köp bolan ýagdaýlarynda we şuňa meňzeş ýagdaýlarda daşky gözden geçiriş seljermesiniň möhleti Arza beriji bilen ylalaşylan tertipde uzaldylyp hem bilner.

20. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara daşky gözden geçiriş seljermesiniň we (ýa-da) barlaghana synaglarynyň oňyn netijeleri alnandan we Arza beriji tarapyndan hasap fakturasynyň tölegi geçirilenden soň laýyklyk sertifikatyny resmileşdirýär. Laýyklyk sertifikaty üç nusgada resmileşdirilýär. Olaryň ikisi belgilenen tassyklanan görnüşde çap edilýär we Arza berijä berilýär, üçünjisi bolsa A-4 ölçegdäki kagyzda çap edilip sertifikatlaşdyrmak boýunça edarada galýar. Laýyklyk sertifikatyň üç nusgasy hem sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň degişli wezipeli adamlary tarapyndan gol çekilýär, gollar degişli möhür bilen berkidilýär.

Arzanyň ýany bilen ýöriteleşme berlen mahalynda onuň her sahypasynda laýyklyk sertifikatyna gol çekýän wezipeli adamlary tarapyndan gol çekilýär, gollar degişli möhür bilen berkidilýär, şeýle hem laýyklyk sertifikatynyň belgisi we berlen senesi ýazylýar.

21. Laýyklyk sertifikatynyň hereket ediş möhleti her bir anyk ýagdaýda sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan önümiň kadalaşdyryjy resminamasyna laýyklykda bellenilýär we önümi saklamak, ýerlemek ýa-da ulanmak möhletinden ýokary geçmeli däldir.

22. Laýyklyk sertifikaty bellenen tertipde Sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwlet sanawynda sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan hasaba alynýar.

23. Sertifikatlaşdyrylmaga hödürlenýän önüm ölçeg serişdesi bolup (ýa-da gurluşynda ölçeg serişdesi bolan enjam) ölçegleriň serşdeleriniň Döwlet sanawyna girizilmedik bolsa, onda Arza berijiniň hem-de buyrujynyň ölçeg serişdelerini kesgitli möhletlerde ölçegleriň serişdeleriň Döwlet sanawyna giriziljekdigi hakyndaky kepillik hatlary esasynda, sertifikatlaşdyrmak boýunça edara, ölçegleriň serişdeleriň Döwlet sanawyna girizilmedik ölçeg serişdelerini 4 (dört) aýdan köp bolmadyk möhlet bilen sertifikatlaşdyryp bilner, şunda bu işleriň geçirilmegi boýunça jogapkärçilik Arza berijiniň üstüne ýüklenilýär.

24. Daşky gözden geçiriş seljermesiniň we (ýa-da) barlaghana synaglarynyň netijeleri boýunça sertifikatlaşdyrylmaga hödürlenen önüm kadalaşdyryjy resminamanyň talaplaryna laýyk gelmedik ýagdaýynda, Arza berijä laýyklyk sertifikaty bermek mümkinçiliginiň ýokdugy hakynda ýazmaça 5 (bäş) iş güne çenli möhletde habar iberilýär, şeýle-de önümi ýerlemegi, satmagy (ulanmagy) gadagan ediş namasy resmileşdirilýär.

25. Arza beriji, laýyklyk sertifikaty bermek mümkinçiliginiň ýokdugy hakyndaky ýazmaça habary alandan soňra, kadalaşdyryjy resminamanyň talaplaryna laýyk gelmeýän önümiň aýratynlyklaryny nazara alyp, kadalaşdyryjy resminamanyň talaplaryna laýyk getirmek boýunça geçiren anyk çärelerini beýan edip we esaslandyryp, sertifikatlaşdyrmak boýunça edara önümi gaýtadan sertifikatlaşdyrmak üçin 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda ýüzlenip biler.

Sertifikatlaşdyrmak boýunça işlere gaýtadan başlamak we işleri geçirmek mümkinçiligi sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan önümiň kadalaşdyryjy resminamasynyň talaplaryna laýyklykda kesgitlenýär we tölegli esasda ýerine ýetirilýär. Şunda, Arza beriji laýyklyk sertifikatyny almak üçin işlere gaýtadan seretmek barada diňe ilki arza beren sertifikatlaşdyrmak boýunça edara ýüzlenmelidir.

Önümiň gaýtadan (ikilenç) daşky gözden geçiriş seljermesini we (ýa-da) barlaghana synaglaryny geçirmeklik her bir önümiň kadalaşdyryjy resminamasynda kesgitlenen tertibe laýyklykda geçirilýär hem-de onuň netijeleri gutarnykly hasap edilýär.

26. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara laýyklyk sertifikatynyň hereket ediş möhletini uzaltmak hukugyna eýedir.

Laýyklyk sertifikatynyň hereket ediş möhletini uzaltmagy laýyklyk sertifikatyny hasaba alan ýa-da önümiň şol wagtda ýerleşýän ýerine degişlilikde sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan amala aşyrylýar.

27. Arza beriji laýyklyk sertifikatynyň hereket ediş möhletini uzaltmak üçin sertifikatlaşdyrmak boýunça edara arza bilen ýüz tutýar.

Arza beriji tarapyndan berlen arzada şu maglumatlar görkezilýär:

1) laýyklyk sertifikatynyň belgisi, berlen senesi;

2) sertifikatlaşdyrylan önümiň ady;

3) önümiň galan mukdary;

4) önümiň ýerleşýän ýeriniň salgysy.

Arzanyň ýanyna hereket ediş möhleti uzaldylmaly laýyklyk sertifikatynyň asyl nusgasy hem goşulýar.

28. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara önümiň galan mukdarynyň saklanyş şertleriniň barlagyny, önümiň daşky gözden geçiriş seljermesini (önüm talaba laýyk saklanmadyk ýagdaýynda ýa-da daşalanda, ýüklenip-düşürilende kadalaşdyryjy resminamalar berjaý edilmese, önümiň hiline şübhe dörän halatynda barlaghana synaglaryny) geçirýär we geçirilen işleriň oňyn netijeleri esasynda, önümi ýerlemek we ulanmak möhletine baglylykda her bir anyk ýagdaýda laýyklyk sertifikatynyň hereket ediş möhletini uzaltmak barada netijä gelýär.

29. Laýyklyk sertifikatynda, geçirilen daşky gözden geçirme seljerme namasynyň, şeýle-de barlaghana synaglarynyň teswirnamasynyň belgileri we seneleri, laýyklyk sertifikatynyň hereket ediş möhletiniň uzaldylan senesi ýazylýar. Bu ýazgy sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň degişli wezipeli adamlaryň gollary we möhür bilen tassyklanýar.

Laýyklyk sertifikatynyň hereket ediş möhletiniň uzaldylandygy hakynda sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwlet sanawynda degişli bellik edilýär.

30. Daşky gözden geçiriş seljermesiniň (barlaghana synaglarynyň) netijeleri boýunça önüm kadalaşdyryjy resminamanyň talaplaryna laýyk gelmedik ýagdaýynda, Arza berijä laýyklyk sertifikatynyň möhletini uzaltmak mümkinçiliginiň ýokdugy hakynda ýazmaça 5 (bäş) iş güne çenli möhletde habar berilýär, şeýle-de önümi ýerlemegi, satmagy, ulanmagy gadagan ediş namasy resmileşdirilýär. Sertifikatlaşdyrmak boýunça gaýtadan geçirilen işleriň netijeleri gutarnykly hasap edilýär.


III bap. Önümçiligi sertifikatlaşdyrmagyň tertibi


31. Önümçiligi sertifikatlaşdyrmagyň maksady – öndüriji tarapyndan öndürilýän önümiň kadalaşdyryjy resminamalarda bellenen talaplara laýyklygynyň durnuklylygyny üpjün edýän şertleriň bardygyny tassyklamakdan, şeýle-de önümçilik prosesinde önümiň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmeklik boýunça amala aşyrylýan çäreleriň kadalara we düzgünlere laýyk gelýänligini barlamakdan ybaratdyr.

32. Önümçiligi sertifikatlaşdyrmak boýunça işler aşakdaky tapgyrlardan durýar:

1) I-tapgyr:

a) arzany kabul etmek;

b) önümçilige deslapky bahany bermek;

2) II-tapgyr:

a) önümçiligi sertifikatlaşdyrmagyň meýilnamasyny düzmek;

b) önümçiligiň aýratynlygyny nazara almak bilen önümçiligi sertifikatlaşdyrmagyň usulyýetini (metodikasyny) düzmek;

ç) önümçiligi barlamak;

d) laýyklyk sertifikaty resmileşdirmek;

3) III-tapgyr:

a) sertifikatlaşdyrylan önümçiligiň döwürleýin gözegçilik barlagyny geçirmek.

33. Önümçiligi sertifikatlaşdyrmak üçin Arza beriji sertifikatlaşdyrmak boýunça edara şu aşakdaky sanaw boýunça resminamalary (kagyz ýa-da sanly ulgam arkaly elektron görnüşde) tabşyrylmalydyr:

1) arza;

2) önüm öndüriji barada maglumat (öndüriji ýuridik şahsyň ady, ýuridiki salgysy, ýolbaşçysynyň ady, familiýasy, önümiň hiline jogapkär işgäriň ady, familiýasy, ýuridik şahsyň döredilen senesi, Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek barada şahadatnama, Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme);

3) önüm öndüriji telekeçilik işini amala aşyrýan bolsa telekeçi barada maglumat (telekeçiniň ady, familiýasy, salgysy, hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan hasaba alnan senesi, önümiň hiline jogapkär işgäriniň ady, familiýasy, önümçilikde işleýän işgärleri barada maglumat, işgärleriň zähmet şertnamalarynyň tassyklanan görnüşdäki nusgalary);

4) öndürilýän önüme degişli kadalaşdyryjy resminamalaryň sanawy;

5) önümçilige degişli howpsuzlyk sertifikatlarynyň nusgasy;

6) önüm öndürýän fiziki ýa-da ýuridik şahsyň eýeçilik, kärende hukugy ýa-da başga bir kanuny esasda degişli bolan önümçilik enjamlaryň, jaýlaryň we binalaryň bardygyny tassyklaýan resminamalaryň nusgalary;

7) önümçiligiň tehnologiki prosesleri barada maglumat;

8) synag barlaghanasy barada maglumat;

9) önümçilikde ulanylýan ölçeg serişdeleri barada maglumat;

10) önüm öndürýän ýuridik şahsyň gurluş çyzgysy, şol sanda sertifikatlaşdyrylýan gurluş birligi (bölüm, seh) barada maglumat.

Önümçiligiň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, Arza berijiden önümçiligi sertifikatlaşdyrmak üçin, tehnologik kadalara degişli kadalaşdyryjy resminamalarda ýa-da önümiň kadalaşdyryjy resminamasynda hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda önümçiligiň howpsuzlygyny, daşky gurşawyň goralmagyny tassyklaýan resminamalaryň bolmagy bellenen bolsa, ol resminamalar sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan talap edilip bilner.

34. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara 3 (üç) iş gününiň dowamynda arzanyň dogry doldurylyşyny, berlen resminamalaryň toplumlaýynlygyny barlaýar we Döwlet inspektoryny belleýär. Arza degişli tertipde, şol sanda elektron kitapda hasaba alynýar we bölüm başlygy tarapyndan arzada degişli ýazmaça tabşyryk (rezolýusiýa) goýulýar.

Arza kabul edilende Arza berijä önümçiligi sertifikatlaşdyrmak işiniň I-tapgyrynda geçiriljek işler üçin hasap faktura berilýär, onuň tölegi bellenilen tertipde Arza beriji tarapyndan töleg resminamasy bilen tassyklanýar ýa-da sanly ulgam arkaly elektron tölegiň amala aşyrylandygy barada resminama berilýär.

35. Döwlet inspektory 10 (on) iş gününiň dowamynda arzanyň we oňa goşulýan resminamalaryň degişli kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklygynyň seljermesini geçirýär (önümçilige deslapky baha bermek). Önümçilige deslapky bahany bermek işiniň netijesinde Döwlet inspektory tarapyndan degişli netijenama düzülýär.

Önümçilige deslapky bahany bermek işiniň netijesinde oňyn netijeler alnan ýagdaýynda Döwlet inspektory önümçiligi sertifikatlaşdyrmagyň II-tapgyryna geçýär, ýagny önümçiligi sertifikatlaşdyrmagyň meýilnamasyny hem-de önümçiligi sertifikatlaşdyrmagyň usulyýetini (metodikasyny) düzmek we Arza beriji bilen ylalaşmak.

Arza berijä önümçiligi sertifikatlaşdyrmak işiniň II-tapgyrynda geçiriljek işler üçin hasap faktura berilýär, onuň tölegi bellenilen tertipde Arza beriji tarapyndan resminamasy bilen tassyklanýar ýa-da sanly ulgam arkaly elektron tölegiň amala aşyrylandygy barada resminama berilýär.

Önümçilige deslapky bahany bermek işiniň netijesinde oňaýly netijeler alynmadyk ýagdaýynda, arzanyň ýany bilen goşulýan resminamalaryň kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmeýändigi barada anyk bellikleri görkezip, Arza berijä ýazmaça 5 (bäş) iş güne çenli möhletde habar iberilýär.

36. Önümçiligi barlamak üçin sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň ýolbaşçysynyň buýrugy bilen barlag iş topary bellenýär. Arza sereden Döwlet inspektory barlag iş toparyna ýolbaşçylyk edýär. Bu topara bilermen-auditorlar hem bellenen tertipde çekilip bilner.

Barlag iş topary önümçiligi sertifikatlaşdyrmagyň meýilnamasyna we önümçiligi sertifikatlaşdyrmagyň usulyýetine (metodikasyna) laýyklykda önümçiligiň barlagyny 5 (bäş) iş gününiň dowamynda geçirýär. Önümiň görnüşine laýyklykda, barlaghana synaglaryna sarp edilýän wagty nazara almak bilen önümçiligiň barlagynyň möhleti bellenen möhletden 30 (otuz) güne çenli uzaldylyp bilner.

Önümçiligiň barlagynyň netijeleri boýunça ykrarnama düzülýär. Önümçiligiň barlagynyň netijesinde oňaýly netijeler alnan ýagdaýynda barlag iş topary ykrarnamada önümçiligi sertifikatlaşdyrmagyň mümkindigi hakynda netije çykarýar. Ykrarnamada barlag iş toparynyň ähli agzalary gol çekýärler.

37. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara önümçiligiň barlagynyň oňyn netijeleriniň esasynda we Arza beriji tarapyndan hasap fakturasynyň tölegi geçirilenden soň önümçilige laýyklyk sertifikatlaryny tassyklanan görnüşde 3 (üç) iş gününiň dowamynda resmileşdirýär. Laýyklyk sertifikatlary iki nusgada resmileşdirilýär. Laýyklyk sertifikatlaryna sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň degişli wezipeli adamlary tarapyndan gol çekilýär, gollar degişli möhür bilen berkidilýär. Laýyklyk sertifikatlary 3 (üç) ýyl möhlet bilen iki nusgada resmileşdirilýär. Önümçiligiň hereket ediş möhletine baglylykda laýyklyk sertifikatlary 3 ýyldan az möhlete resmileşdirilip bilner.

Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara bilen Arza beriji, bellenen tertipde sertifikatlaşdyryş şertnamasyny baglaşýarlar. Arza beriji we serifikatlaşdyrmak boýunça edara Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylan sertifikatlaşdyryş şertnamada bellenilen degişli işleri berjaý etmäge borçludyrlar.

38. Laýyklyk sertifikatlary bellenen tertipde Sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwlet sanawynda sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan hasaba alynýar.

Laýyklyk sertifikatynyň bir nusgasy Arza berijä berilýär, ikinjisi bolsa sertifikatlaşdyrmak boýunça edarada galýar.

39. Eger-de, önümçiligi sertifikatlaşdyrmak boýunça geçirilýän barlagyň netijesinde önümçilikde kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň bozulmalary ýüze çykarylan halatynda barlag iş topary tarapyndan ykrarnama düzülýär, ykrarnamada degişli bellikler we teklipler berilýär.

Arza beriji 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda önümçiligiň kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk getirilmegini üpjün eden halatynda sertifikatlaşdyrmak boýunça edara önümçiligiň barlagyny gaýtadan geçirýär. Gaýtadan geçirilen barlagyň netijeleri gutarnykly hasap edilýär.

Gaýtadan geçirilen barlagyň netijeleri oňyn bolan halatynda şu Tertibiň otuz ýedinji-otuz sekizinji böleklerinde beýan edilen tertipde laýyklyk sertifikatlary resmileşdirilýär.

Eger-de, berlen teklipler we bellikler bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmese, topar tarapyndan önümçiligi sertifikatlaşdyrmak mümkinçiliginiň ýokdugy barada ykrarnama düzülýär hem-de bir nusgasy 5 (bäş) iş gününiň dowamynda Arza berijä berilýär.

40. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara laýyklyk serifikatynyň hereket ediş döwründe sertifikatlaşdyrylan önümçiligiň döwürleýin gözegçilik barlagyny bellenen tertipde ýylda azyndan bir gezek geçirýär.

41. Önümçiligi sertifikatlaşdyrylan ýuridik şahsyň ady ýa-da onuň ýokarda duran edarasy üýtgedilip guralan ýagdaýynda, bu ýuridik şahs Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara özüniň adynyň ya-da ýokarda duran edarasynyň üýtgedilip guralandygyny tassyklaýan resminamalar bilen bilelikde resmi haty berýär. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara onümçilige berlen laýyklyk sertifikatyny öňki belgisi, hasaba alnan senesi we hereket ediş möhleti bilen ýuridik şahsyň täze adyna gaýtadan resmileşdirýär.

Resmileşdirilen önümçilik sertifikatyndaky önümiň kadalaşdyryjy resminamasy üýtgände (deregine başga resminama kabul edilse, gaýtadan seredilse) Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan şol kadalaşdyryjy resminamanyň talaplaryna laýyklykda barlaglar geçirilip önümlerden nusgalyklar alnyp barlaghana synaglaryny geçirilmelidir we kanagatlanarly netije alnan ýagdaýynda, Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara önümçilige berlen laýyklyk sertifikatyny öňki belgisi, hasaba alnan senesi we hereket ediş mohleti bilen Arza beriji fiziki we ýuridik şahsyň adyna täze kadalaşdyryjy resminamalary görkezmek bilen gaýtadan resmileşdirýär.

42. Döwlet inspektorynyň sertifikatlaşdyrylýan önümiň we önümçiligiň ýerleşýän ýerine gitmegi we onümiň nusgalyklarynyň akkreditirlenen synag barlaghanasyna eltilmegi, synaglaryň teswirnamalarynyň sertifikatlaşdyrmak boýunça edara gowşurylmagy Arza beriji tarapyndan üpjün edilýär.


IV bap. Önümiň toplumyny sertifikatlaşdyrmagyň tertibi


43. Önümiň toplumyny sertifikatlaşdyrmagyň tertibi Türkmenistanda öndürilen taýýar önümiň toplumyny sertifikatlaşdyrmagyň umumy talaplaryny belleýär. Önümleriň önümçilik aýratynlyklary bolan kesgitli önümiň toplumlaryny sertifikatlaşdyrmagyň tertibi Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilip bilner.

44. Önümiň toplumyny sertifikatlaşdyrmak üçin Arza beriji tarapyndan sertifikatlaşdyrmak boýunça edara şu aşakdaky sanaw boýunça resminamalary (kagyz ýa-da sanly ulgam arkaly elektron görnüşde) tabşyrylmalydyr:

1) arza;

2) ýuridik şahs üçin – Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek barada şahadatnama, Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme, şeýle hem ygtyýarly wekiliniň ygtyýarlygyny ýuridik şahsyň möhri we onuň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanan ynanç haty;

3) fiziki şahs üçin - hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamanyň nusgasy, onuň ygtyýarly wekili üçin notarial taýdan ýa-da hususy telekeçiniň möhri bilen tassyklanan ynanç haty we pasportynyň nusgasy;

4) önüm öndüren tarapyndan geçirilen synaglaryň netijeleriniň teswirnamasynyň we (ýa-da) daşky gözden geçiriş seljermesiniň delilnamasy.

Sertifikatlaşdyrmaga hödürlenýän önümler bir atdan köp bolan halatynda ýa-da önüm barada maglumat uly möçberde bolanda arzanyň ýany bilen şu Tertibiň bäşinji bölegine laýyklykda ýöriteleşme goýulýar.

45. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara önümiň toplumyny sertifikatlaşdyrmak üçin şu Tertibiň ýedinji-on altynjy, on dokuzynjy böleklerinde beýan edilen tertibe laýyklykda işleri geçirýär.

46. Sertifikatlaşdyrmak boýunça işleri geçirmegiň barşynda Arza berijä hasap-faktura berilýär, onuň tölegi bellenilen tertipde Arza beriji tarapyndan töleg resminamasy bilen tassyklanýar ýa-da sanly ulgam arkaly elektron tölegiň amala aşyrylandygy barada resminama berilýär.

47. Türkmenistanyň çäginde sertifikatlaşdyryş synaglaryny geçirmek üçin akkreditirlenen ýa-da attestatlaşdyrylan synag barlaghana bolmadyk ýagdaýynda önümi sertifikatlaşdyrmak işi barlaghana synaglaryny geçirmezden, diňe Döwlet inspektorynyň daşky gözden geçiriş seljermesiniň esasynda geçirilýär.

48. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara daşky gözden geçiriş seljermesi we (ýa-da) barlaghana synaglarynyň oňyn netijeleri esasynda we Arza beriji tarapyndan hasap fakturasynyň tölegi geçirilenden soň laýyklyk sertifikaty iki nusgada 5 (bäş) iş günüň dowamynda resmileşdirýär. Laýyklyk sertifikatlary sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň degişli wezipeli adamlary tarapyndan gol çekilýär, gollar degişli möhür bilen berkidilýär.

Arzanyň ýany bilen ýöriteleşme berlen mahalynda onuň her sahypasynda laýyklyk sertifikatyna gol çekýän wezipeli adamlary tarapyndan gol çekilýär, gollar degişli möhür bilen berkidilýär, şeýle hem laýyklyk sertifikatynyň belgisi we berlen senesi ýazylýar.

49. Laýyklyk sertifikatynyň hereket ediş möhleti şu Tertibiň ýigrimi birinji böleginde beýan edilen tertibe laýyklykda kesgitlenýär.

50. Laýyklyk sertifikatlary sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwlet sanawynda sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan hasaba alynýar.

Laýyklyk sertifikatynyň bir nusgasy Arza berijä berilýär, ikinjisi bolsa sertifikatlaşdyrmak boýunça edarada galýar.

51. Barlaghana synaglarynyň we (ýa-da) daşky gözden geçiriş seljermesiniň netijeleri boýunça sertifikatlaşdyrylmaga hödürlenen önüm kadalaşdyryjy resminamanyň talaplaryna laýyk gelmedik ýagdaýynda, sertifikatlaşdyrmak boýunça edara şu Tertibiň ýigrimi dördünji-ýigrimi bäşinji böleklerinde beýan edilen tertibe laýyklykda işleri geçirýär.

Arza berijiniň arzasy esasynda laýyklyk sertifikatynyň hereket ediş möhletini uzaltmak boýunça işler şu Tertibiň ýigrimi altynjy-otuzynjy böleklerine laýyklykda işler geçirilip bilner.


V bap. Türkmenistandan daşary ýurt döwletlerine eksport edilýän önümi sertifikatlaşdyrmagyň tertibi

 

52. Türkmenistandan daşary ýurt döwletlerine eksport edilýän önümi sertifikatlaşdyrmak işi, şu Tertibiň II, III we IV baplaryna laýyklykda resmileşdirilip berlen laýyklyk sertifikatlaryny şol sertifikaty beren degişli ygtyýarly edara tarapyndan görnüşi tassyklanan, Türkmenistandan daşary ýurt döwletlerine eksport edilýän önüme laýyklyk sertifikatlaryny resmileşdirip bermekden ybarat bolup durýar. Türkmenistandan daşary ýurt döwletlerine eksport edilýän önümine laýyklyk sertifikaty “Sertifikatlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 14-nji maddasyna laýyklykda arza berijiniň meýletin arzasy esasynda resmileşdirilýär.

53. Türkmenistandan daşary ýurt döwletlerine eksport edilýän önümi sertifikatlaşdyrmak üçin Arza beriji tarapyndan sertifikatlaşdyrmak boýunça edara şu aşakdaky sanaw boýunça resminamalary tabşyrylmalydyr:

1) arza kagyz ýa-da sanly ulgam arkaly elektron görnüşde;

2) önümiň laýyklyk sertifikatynyň asyl nusgasy ýa-da önümçiligiň laýyklyk sertifikatynyň tassyklanan nusgasynyň we synaglarynyň netijeleriniň teswirnamasy;

3) eger-de Türkmenistandan daşary ýurt döwletlerine eksport edilýän önüm, öndüriji ýuridik şahs tarapyndan çykarylman, başga ýuridik ýa-da fiziki şahs tarapyndan eksport edilýän bolsa, önümiň satyn almak, satmak baradaky şertnamanyň nusgasy (kagyz ýa-da elektron göterijide) arza goşulmalydyr.

Sertifikatlaşdyrmaga hödürlenýän önümler bir atdan köp bolan halatynda ýa-da önüm barada maglumat uly möçberde bolanda arzanyň ýany bilen şu Tertibiň bäşinji bölegine laýyklykda ýöriteleşme goýulýar.

54. Sertifikatlaşdyrylmaga hödürlenýän önüm ölçeg serişdesi ýa-da gurluşynda ölçeg serişdesi bolan enjam bolsa, onda Arza beriji önümiň ölçegleriň serişdeleriniň Döwlet sanawyna girizilendigini tassyklaýan resminamany arzanyň ýany bilen bermelidir.

55. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara 3 (üç) iş gününiň dowamynda arza seredýär we Döwlet inspektoryny belleýär. Arza degişli tertipde, şol sanda elektron kitapda hasaba alynýar.

56. Döwlet inspektory Arza berijiniň gatnaşmagynda şu aşakdaky işleri geçirýär:

1) önümiň arzada görkezilen ady bilen barabarlygy;

2) önümiň daşky gözden geçirlişi.

Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda (önüm talaba laýyk saklanmadyk ýagdaýynda ýa-da daşalanda, ýüklenip-düşürilende kadalaşdyryjy resminamalar berjaý edilmese, önümiň hiline şübhe dörän halatynda) önümiň barlaghana synaglaryny geçirmek üçin nusgalyklar seçilip alynýar.

57. Sertifikatlaşdyrmak boýunça işleri geçirmegiň barşynda Arza berijä geçiriljek işlere laýyklykda hasap-faktura berilýär, onuň tölegi bellenilen tertipde Arza beriji tarapyndan töleg resminamasy bilen tassyklanýar ýa-da sanly ulgam arkaly elektron tölegiň amala aşyrylandygy barada resminama berilýär.

58. Döwlet inspektorynyň önümiň ýerleşýän ýerine gitmegi we önümiň nusgalyklarynyň akkreditirlenen synag barlaghanasyna tabşyrylmagy, synaglaryň teswirnamalarynyň sertifikatlaşdyrmak boýunça edara gowşurylmagy Arza beriji tarapyndan üpjün edilýär.

59. Önümiň daşky gözden geçiriliş seljermesi, barlaghana synaglary üçin önümiň nusgalyklarynyň seçilip alynmagy sertifikatlaşdyrmak üçin arza berlen önümiň toplumynyň ýerleşýän ýerinde geçirilýär.

Daşky gözden geçiriş seljermesiniň netijeleri boýunça seljerme namasy düzülýär, önümden nusgalyklar seçilip alnanda bolsa nusgalyklary seçip alyş namasy resmileşdirilýär.

60. Barlaghana synaglaryny geçirmek zerurlygy bolan halatynda sertifikatlaşdyrmak boýunça edara şu Tertibiň on dördünji we on bäşinji böleklerinde beýan edilen talaplara laýyklykda işleri geçirýär.

61. Türkmenistandan daşary ýurt döwletlerine eksport edilýän önümi sertifikatlaşdyrmak üçin sertifikatlaşdyrmak boýunça edara şu Tertibiň on dokuzynjy-ýigrimi ikinji we ýigrimi dördünji böleklerinde beýan edilen talaplara laýyklykda işleri geçirýär.


VI bap. Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän önüm sertifikatlaşdyrylanda önümiň hilini, howpsuzlygyny tassyklaýan daşary ýurt sertifikatlaryny ýa-da önümiň barlaghana synaglarynyň netijelerini ykrar etmegiň tertibi


62. «Sertifikatlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän önüm sertifikatlaşdyrylanda, önümiň hilini we howpsuzlygyny tassyklaýan daşary ýurt döwletleriniň sertifikatlaşdyrmak boýunça edaralarynyň beren laýyklyk sertifikatlary ýa-da önümiň barlaghana synaglarynyň netijeleri Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda ykrar edilýär.

Laýyklyk sertifikatlarynyň özara ykrar edilmegi hakynda ikitaraplaýyn halkara şertnamasy baglaşylmadyk bolsa, şeýle hem daşary ýurt döwletlerinden getirilýän önümler üçin hasaba alnan (Döwlet sanawynda) sertifikatlaşdyrmak boýunça Türkmenistanda hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalar bolmadyk halatynda, sertifikatlaşdyrmak maksady bilen öndürijiden ýa-da daşary ýurt döwletleriniň sertifikatlaşdyrmak boýunça edarasyndan önümleriň hilini we howpsuzlygyny tassyklaýan resminamalaryň ykrar edilmegine we ulanylmagyna sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan bellenilen tertipde rugsat berilýär.

63. Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän önüm sertifikatlaşdyrylanda, daşary ýurt döwletleriniň laýyklyk sertifikatlarynyň ýa-da önümiň barlaghana synaglarynyň netijelerini ykrar edilmegi üçin Arza beriji sertifikatlaşdyrmak boýunça edara kagyz ýa-da sanly ulgam arkaly elektron görnüşde arza bilen ýüz tutýar we arzanyň ýanyna ykrar ediljek resminamanyň aşakdakylaryndan birini döwlet diline terjime edilen nusgasy bilen teklip edip biler:

1) daşary ýurt döwletiniň sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan berlen laýyklyk sertifikatynyň asyl nusgasy;

2) önümiň barlaghana synaglarynyň netijeleriniň asyl nusgasy;

3) önümçiligi sertifikatlaşdyrylan kärhananyň möhüri bilen tassyklanan tapgyrlaýyn (seriýalaýyn) öndürilýän önüme berlen laýyklyk sertifikatynyň göçürmesi;

4) gorag nyşany bolan ýörite kagyzda nusgalanan laýyklyk sertifikatynyň (barlaghana synaglarynyň netijesiniň) göçürmesi;

5) “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda şaýatlyk edilen laýyklyk sertifikatynyň (barlaghana synaglarynyň netijesiniň) göçürmesi.

Arzanyň ýanyna şu Tertibiň dördünji böleginde görkezilen resminamalar hem goşulmalydyr.

Sertifikatlaşdyrmaga hödürlenýän önümler bir atdan köp bolan halatynda ýa-da önüm barada maglumat uly möçberde bolanda arzanyň ýany bilen şu Tertibiň bäşinji bölegine laýyklykda ýöriteleşme goýulýar.

64. Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän önüm sertifikatlaşdyrylanda, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda önümiň hilini we howpsuzlygyny tassyklaýan daşary ýurt döwletleriniň sertifikatlaşdyrmak boýunça edaralarynyň beren laýyklyk sertifikatlaryny ýa-da önümiň barlaghana synaglarynyň netijelerini ykrar etmek bu önümiň arzada görkezilen ady bilen barabarlygyny hem-de önümiň daşky gözden geçiriş seljermesini geçirmekden ybaratdyr.

Şol bir wagtda, sertifikatlaşdyrmak boýunça edara kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplara laýyk gelmegini tassyklamak maksady bilen önümiň dolulygyna ýa-da birnäçe görkezijileri boýunça barlaghana synaglaryny geçirmäge hukugy bar.

65. Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän önümiň hilini we howpsuzlygyny tassyklaýan laýyklyk sertifikatlarynyň özara ykrar edilmegi hakynda ikitaraplaýyn halkara şertnamasy baglaşylmadyk daşary ýurt döwletleriniň sertifikatlaşdyrmak boýunça edaralarynyň beren laýyklyk sertifikatlaryny ýa-da önümiň barlaghana synaglarynyň netijeleri ykrar edilende önümleri sertifikatlaşdyrmak üçin sertifikatlaşdyrmak boýunça edara şu Tertibiň dokuzynjy-ýigrimi bäşinji böleklerinde beýan edilen talaplara laýyklykda işleri geçirýär.


VII bap. Laýyklyk sertifikatyny gaýtadan resmileşdirmegiň we onuň öwezliginiň berilmegiň tertibi


66. Laýyklyk sertifikatlaryny gaýtadan resmileşdirmek işi, şu Tertibiň II we IV baplaryna laýyklykda resmileşdirilip berlen laýyklyk sertifikatlaryny başga ýuridik we fiziki şahslaryň adyna resmileşdirip bermekden ybarat bolup durýar.

Laýyklyk sertifikatyny gaýtadan resmileşdirilmegi laýyklyk sertifikatyny hasaba alan ýa-da önümiň şol wagtda ýerleşýän ýerine degişlilikde sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan amala aşyrylýar.

67. Arza beriji tarapyndan laýyklyk sertifikatyny gaýtadan resmileşdirmek üçin sertifikatlaşdyrmak boýunça edara şu aşakdaky sanaw boýunça resminamalary (kagyz ýa-da sanly ulgam arkaly elektron görnüşde) tabşyrylmalydyr:

1) arza;

2) ýuridik şahs üçin – Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek barada şahadatnama, Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme, şeýle hem ygtyýarly wekiliniň ygtyýarlygyny ýuridik şahsyň möhri we onuň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanan ynanç haty;

3) fiziki şahs üçin - hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamanyň nusgasy, onuň ygtyýarly wekili üçin notarial taýdan ýa-da hususy telekiçiniň möhri bilen tassyklanan ynanç haty we pasportynyň nusgasy;

4) özünde laýyklyk sertifikatynyň belgisini, berlen senesini, sertifikatlaşdyrylan önümiň adyny, önümiň galan mukdary, önümiň ýerleşýän ýeriniň salgysy barada maglumaty bolan hat;

5) önümiň satyn almak, satmak baradaky şertnamanyň tassyklanan nusgasy (ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen eýeçilik hukugynyň geçendigini tassyklaýan başga resminama).

Sertifikatlaşdyrmaga hödürlenýän önümler bir atdan köp bolan halatynda ýa-da önüm barada maglumat uly möçberde bolanda arzanyň ýany bilen şu Tertibiň bäşinji bölegine laýyklykda ýöriteleşme goýulýar.

Arzanyň ýanyna gaýtadan resmileşdirilmeli laýyklyk sertifikatynyň asyl nusgasy hem goşulýar.

68. Sertifikatlaşdyrmak boýunça işleri geçirmegiň barşynda Arza berijä hasap-faktura berilýär, onuň tölegi bellenilen tertipde Arza beriji tarapyndan töleg resminamasy bilen tassyklanýar ýa-da sanly ulgam arkaly elektron tölegiň amala aşyrylandygy barada resminama berilýär.

69. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara önümiň galan mukdarynyň saklanyş şertleriniň barlagyny, önümiň daşky gözden geçiriş seljermesini (önüm talaba laýyk saklanmadyk ýagdaýynda ýa-da daşalanda, ýüklenip-düşürilende kadalaşdyryjy resminamalar berjaý edilmese, önümiň hiline şübhe dörän halatynda barlaghana synaglaryny) geçirýär we geçirilen işleriň oňyn netijeleri esasynda, önümi ýerlemek we ulanmak möhletine baglylykda her bir anyk ýagdaýda laýyklyk sertifikatynyň gaýtadan resmileşdirmek barada netijä gelýär we şu Tertibiň kyrk sekizinji we ellinji böleklerinde beýan edilen talaplara laýyklykda işleri geçirýär.

Gaýtadan resmileşdirilen sertifikatda “Gaýtadan resmileşdirilen” diýen ýazgy ýazylýar.

70. Daşky gözden geçiriş seljermesiniň (barlaghana synaglarynyň) netijeleri boýunça önüm kadalaşdyryjy resminamanyň talaplaryna laýyk gelmedik ýagdaýynda, Arza berijä laýyklyk sertifikatyny gaýtadan resmileşdirmek mümkinçiliginiň ýokdugy hakynda ýazmaça 5 (bäş) iş güne çenli möhletde habar berilýär, şeýle-de önümi ýerlemegi, satmagy, ulanmagy gadagan ediş namasy resmileşdirilýär.

71. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara ýitirilen we zeper ýeten (zaýalanan) laýyklyk sertifikatynyň öwezligini berýär.

72. Laýyklyk sertifikatynyň öwezligini almak üçin Arza beriji Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara arza bilen ýüz tutýar. Arza beriji ýüz tutulýan hatynda laýyklyk sertifikatynyň berlen senesi we belgisi görkezýär.

73. Arzanyň ýanyna laýyklyk sertifikatynyň ýitirilendigi barada habary saklaýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatynyň nusgasy ýa-da habaryň ýerleşdirilendigini tassyklaýan köpçülikleýin habar beriş edarasynyň haty goşulýar. Eger laýyklyk sertifikatyna zeper ýeten (zaýalanan) bolsa, zeper ýeten (zaýalanan) nusgasy Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tabşyrylmalydyr.

74. Laýyklyk sertifikatynyň öwezligi 3 (üç) iş gününiň dowamynda muzdsuz remileşdirilýär.


VIII bap. Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän öň ulanyşda bolan önümi sertifikatlaşdyrmagyň tertibi


75. Türkmenistana daşary ýurt döwletlerinden getirilýän öň ulanyşda bolan önümi sertifikatlaşdyrmak işleri “Sertifikatlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 14-nji maddasyna laýyklykda Arza berijiniň meýletin arzasy esasynda geçirilýär.

Niýetlenen maksadyna laýyklykda ulanylan önüm - öň ulanyşda bolan diýlip hasap edilýär. Ondan başga-da, önümiň öň ulanyşda bolandygyny tassyklamak üçin aşakdaky alamatlar hem aýratynlykda esas bolup biler:

1) niýetlenen maksatlary boýunça ulanylmagy bilen baglanyşykly önümde emele gelen şikesleriň, könelişmeleriň yzlarynyň bolmagy;

2) Arza berijiniň önümiň öň ulanyşda bolandygyny tassyklaýan resmi deliller (gelip çykyş sertifikaty, inwoýs, eksport serifikaty we şuňa meňzeşler);

3) önümde geçirilen abatlaýyş işleriniň yzlarynyň bolmagy, gaýtadan reňklenmegi we şuňa meňzeşler.

76. Ulanylman (peýdalanylman) uzak wagtlap saklanylan önüm öň ulanyşda bolan diýip hasap edilmeýär.

77. Öň ulanyşda bolan önümi sertifikatlaşdyrmak üçin Arza beriji sertifikatlaşdyrmak boýunça edara arza bilen bilelikde kagyz ýa-da sanly ulgam arkaly elektron görnüşde şu aşakdaky resminamalar bilen ýüz tutýar, arzada önümiň öň ulanyşda bolandygy barada bellik edýär:

1) arza;

2) ýuridik şahs üçin – Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek barada şahadatnama, Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme, şeýle hem ygtyýarly wekiliniň ygtyýarlygyny ýuridik şahsyň möhri we onuň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanan ynanç haty;

3) fiziki şahs üçin - hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamanyň nusgasy, onuň ygtyýarly wekili üçin notarial taýdan ýa-da telekeçiniň möhri bilen tassyklanan ynanç haty we pasportynyň nusgasy;

4) gümrük edaralary tarapyndan berilýän delilnamanyň nusgasy (gümrük barlagynyň namasynyň ýa-da harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ýere ýerleşdirilendigi hakynda delilnamanyň nusgasy), gümrük deklarasiýasynyň nusgasy.

Sertifikatlaşdyrmaga hödürlenýän önümler bir atdan köp bolan halatynda ýa-da önüm barada maglumat uly möçberde bolanda arzanyň ýany bilen şu Tertibiň bäşinji bölegine laýyklykda ýöriteleşme goýulýar.

78. Öň ulanyşda bolan önümi sertifikatlaşdyrmaklyk, diňe önümiň barabarlygyny geçirmek hem-de daşky gamma şöhlelenmesiniň ekspozision dozasynyň kuwwatlylyk derejesiniň ölçeglerini geçirmek arkaly amala aşyrylýar.

79. Sertifikatlaşdyrmaga hödürlenýän öň ulanyşda bolan önüm ýerüsti ulag serişdesi ýa-da olaryň aýnalary bolan halatynda, ýagtylyk geçirijilik derejesiniň ölçegleri geçirilýär.

80. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara 3 (üç) iş gününiň dowamynda arzanyň dogry doldurylyşyny, berlen resminamalaryň toplumlaýynlygyny barlaýar we Döwlet inspektoryny belleýär.

Arza degişli tertipde (şol sanda elektron kitapda) hasaba alynýar we bölüm başlygy tarapyndan arzada sertifikatlaşdyrmak boýunça işlerini ýerine ýetirmek üçin ýazmaça tabşyryk (rezolýusiýa) goýulýar.

81. Sertifikatlaşdyrmak boýunça işlerini geçirmegiň barşynda Arza berijä hasap-faktura berilýär, onuň tölegi bellenilen tertipde Arza beriji tarapyndan resminamasy bilen tassyklanýar ýa-da sanly ulgam arkaly elektron tölegiň amala aşyrylandygy barada resminama berilýär.

82. Döwlet inspektory 3 (üç) iş gününiň dowamynda sertifikatlaşdyrmak üçin hödürlenen öň ulanyşda bolan önümiň daşky gamma şöhlelenmesiniň ekspozision dozasynyň kuwwatlylyk derejesiniň ölçeglerini geçirmek üçin synag laboratoriýasyna ugrukdyrmany Arza berijä resmileşdirip berýär.

83. Arza berijiniň gatnaşmagynda, sertifikatlaşdyrmaga hödürlenýän öň ulanyşda bolan önümiň toplumynyň ýerleşýän ýerinde degişlilikde Döwlet inspektory we synag barlaghanasynyň hünärmeni aşakdaky işleri geçirýärler:

1) barabarlygy geçirmek;

2) daşky gamma şöhlelenmesiniň ekspozision dozasynyň kuwwatlylyk derejesiniň ölçeglerini geçirmek.

Döwlet inspektorynyň we synag barlaghanasynyň hünärmeniniň sertifikatlaşdyrylýan öň ulanyşda bolan önümiň ýerleşýän ýerine gitmegi, ölçegleriň teswirnamalarynyň sertifikatlaşdyrmak boýunça edara gowşurylmagy Arza beriji tarapyndan üpjün edilýär.

84. Geçirilen barabarlygyň netijeleri boýunça Döwlet inspektory tarapyndan barabarlygyň delilnamasy düzülýär, synag barlaghanasy tarapyndan ölçegleriň delilnamasy düzülýär.

85. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara barabarlygyň we gamma şöhlelenmesiniň ekspozision dozasynyň kuwwatlylyk derejesiniň ölçeglerininiň oňyn netijeleri alnandan we Arza beriji tarapyndan hasap-fakturasynyň tölegi geçirilenden soň laýyklyk sertifikatyny şu Tertibiň ýigriminji böleginde beýan edilen tertibe laýyklykda resmileşdirýär. Laýyklyk sertifikatynda «öň ulanyşda bolan» hem-de «gümrükde resmileşdirmek üçin» diýen ýazgy ýazylýar. Laýyklyk sertifikaty 2 (iki) aý möhlete berilýär.

86. Laýyklyk sertifikaty bellenen tertipde Sertifikatlaşdyrmak boýunça döwlet sanawynda sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan hasaba alynýar.

87. Şu Tertibiň segsen üçünji böleginde beýan edilen işleriň netijeleri boýunça sertifikatlaşdyrmaga hödürlenýän öň ulanyşda bolan önüm kadalaşdyryjy resminamalara laýyk gelmedik halatynda, Arza berijä laýyklyk sertifikaty bermek mümkinçiliginiň ýokdugy hakynda ýazmaça 3 (üç) iş gününiň dowamynda habar iberilýär, şeýle-de önümi ýerlemegi, satmagy (ulanmagy) gadagan ediş namasy resmileşdirilýär.


IX bap. Sertifikatlaşdyryş işleriniň tölegi

we jemleýji düzgünler


88. Arza beriji sertifikatlaşdyryş işleriniň (şol sanda daşary ýurt döwletiniň sertifikatlaryny ykrar etmek, laýyklyk sertifikatynyň hereket ediş möhletini uzaltmak, gaýtadan resmileşdirmek) netijelerine garamazdan sertifikatlaşdyrmak bilen baglanyşykly ähli çykdajylary bellenen tertipde, sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşmak arkaly tassyklanan nyrhnamalara laýyklykda töleýär. Sertifikatlaşdyrmak üçin tölege synaglar üçin tölegler hem girýär.

89. Arza berijileriň sertifikatlaşdyrmak boýunça işleriň netijeleri bilen ýa-da sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň çözgütleri bilen razy bolmadyk halatynda 10 (on) iş gününiň dowamynda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Appelýasiýa toparyna arza bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Appelýasiýa topary arzanyň barlagynyň netijeleri boýunça Arza berijä 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi görnüşde habar berýär.

90. Şu Tertipde göz öňüne tutulan önümi sertifikatlaşdyrmak boýunça resminamalary seljermek hem-de seljermeler boýunça netijeleri kabul etmek işleri «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň kadalaşdyryjy resminamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

91. Arza beriji sertifikatlaşdyrmaga hödürlenýän önümiň, (enjamyň, guralyň) içki gurluşynda ýa-da ulgamynda enjamlaşdyrylan (oturdylan) aýratyn bölekleriniň öndürijiniň daşky görnüşindäki belgilenen kysymyna (görnüşine) laýyklygyna jogapkärçilik çekýär.

92. Arza beriji, arzada we önümiň ýöriteleşmesinde görkezilen maglumatlaryň dogrulygy, şeýle hem önümiň mukdary we bahasynyň anyklygy üçin doly jogapkärçilik çekýär.

93. Hasaba alnan arza sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan şu aşakdaky ýagdaýlarda seredilmän galdyrylýar. Eger Arza beriji:

1) sertifikatlaşdyrmagyň şertlerini ýerine ýetirmekden boýun gaçyrsa ýa-da 10 (on) iş gününden köp wagtda sertifikatlaşdyryş işine gatnaşmasa;

2) bir aýyň dowamynda hasap-fakturasy boýunça çykdajylary tölemese;

3) hasaba alnan arzanyň seredilmän galdyrylmagyny sorap arza ýazsa.

94. Sertifikatlaşdyrmak boýunça işleriň Arza berijiniň günäsi boýunça bökdelen halatynda, Döwlet inspektory bu barada arzanyň arka tarapynda degişli bellikleri ýazýar we gol çekýär, şeýle-de Arza beriji (ýa-da onuň bellenen wekili) gol çekýär. Arza beriji (ýa-da onuň bellenen wekili) gol çekmekden ýüz dönderen halatynda, Döwlet inspektory tarapyndan bu barada degişli ýazgy ýazylýar.

95. Şu aşakdaky ýagdaýlarda sertifikatlaşdyrmak boýunça edara sertifikatlaşdyrylan önümiň kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklygy boýunça jogapkärçiligi çekmeýär:

1) laýyklyk sertifikatynyň hereket ediş möhleti geçenden soňra;

2) sertifikatlaşdyrylan önüm öndürilende, daşalanda, saklananda, ýerlenende, ulanylanda kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplary berjaý edilmese.

96. Sertifikatlaşdyrmak boýunça işlere gatnaşýan taraplar şu Tertibiň bozulmagy üçin kanunçylykda bellenen jogapkärçiligi çekýärler.

97. Şu Tertipde kesgitlenmedik ýagdaýlar ýüze çykan halatynda, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda düzgünleşdirilýär.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 25-nji iýunynda 1482 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.