Türkmenistanyň Döwlet ministri - “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň 2021-nji ýylyň 25-nji maýynda çykaran 83-iş/77-iş/186-Ö belgili bilelikdäki buýrugy

Türkmenistanyň Döwlet ministri - “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň we

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň

2021-nji ýylyň 25-nji maýynda çykaran 83-iş/77-iş/186-Ö belgili bilelikdäki

B U Ý R U G Y

 

Nebit işlerini amala aşyrýan Kömekçi potratçynyň derejesini tassyklamagyň Tertibini tassyklamak hakynda

 

«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 48-nji maddasynyň on ýedinji bölegine laýyklykda, buýurýarys:

1. Nebit işlerini amala aşyrýan Kömekçi potratçynyň derejesini tassyklamagyň tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2009-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda 478 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işi amala aşyrýan kömekçi potratçy hökmünde şahsyň derejesini tassyklamagyň Tertibini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky Döwlet agentliginiň direktorynyň 2008-nji ýylyň 2-nji dekabrynda çykaran 23/Ö belgili we «Işini «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda alyp barýan tarapyň kömekçi potratçy hökmünde derejesini tassyklamagyň Tertibini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygynyň 2008-nji ýylyň 2-nji dekabrynda çykaran 59-Ö belgili buýruklaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň degişli orunbasarlary gözegçilik etmeli.

 

Türkmenistanyň Döwlet ministri - 

«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow

 

«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew

 

Türkmenistanyň Maliýe we

ykdysadyýet ministri M.Serdarow

 

Türkmenistanyň Döwlet ministri - “Türkmengaz”

döwlet konserniniň başlygynyň, “Türkmennebit”

döwlet konserniniň başlygynyň we

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň

2021-nji ýylyň 25-nji maýynda

çykaran 83-iş/77-iş/186-Ö belgili bilelikdäki

buýrugy bilen tassyklanyldy


Nebit işlerini amala aşyrýan Kömekçi potratçynyň derejesini tassyklamagyň Tertibi

 

I bap. Umumy düzgünler


1. Nebit işlerini amala aşyrýan Kömekçi potratçynyň derejesini tassyklamagyň tertibi (mundan beýläk - Tertip) «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 48-nji maddasynyň on ýedinji bölegine laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Şu Tertip Nebit işlerini amala aşyrýan Potratçylar we Kömekçi potratçylar üçin Nebit işleriniň aýry-aýry görnüşlerini ýerine ýetirýän, ýagny degişli şertnamada beýan edilen harytlaryň üpjün edilmegini, işleriň we hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegini amala aşyrýan Şahslaryň Kömekçi potratçy hökmünde derejesini tassyklamagyň tertibini kesgitleýär.

3. Şu Tertibe laýyklykda Kömekçi potratçynyň derejesiniň tassyklanylmagy Kömekçi potratçylar babatda «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynda we «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilen salgyt salmak bilen bagly we beýleki aýratynlyklary ulanmak üçin esas bolup durýar.

4. Şu Tertibiň kadalary «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna laýyklykda Potratçy bolup çykyş edýän Şahslara degişlidir.

5. Şu Tertipdäki düşünjeler «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ulanylýar.

6. Şu aşakdakylar Kömekçi potratçylardyr:

1) Potratçynyň Şertnamasynyň çäklerinde Nebit işleriniň aýry-aýry görnüşlerini (şol sanda bilelikdäki işleri hem) ýerine ýetirmek boýunça Potratçy bilen baglaşylan şertnamada beýan edilen harytlaryň Potratçy üçin üpjün edilmegini, işleriň we hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegini amala aşyrýan Şahs;

2) Potratçynyň Şertnamasynyň çäklerinde Nebit işleriniň aýry-aýry görnüşlerini ýerine ýetirýän Kömekçi potratçynyň şertnamasynyň çäklerinde Kömekçi potratçy üçin başga şertnama boýunça Nebit işleriniň aýry-aýry görnüşlerini ýerine ýetirýän Şahs. Bu Şahs Kömekçi potratçy bilen Nebit işleriniň aýry-aýry görnüşlerini ýerine ýetirmek babatda kömekçi potrat şertnamasyny baglaşandan soňra Kömekçi potratçynyň derejesine eýe bolýar.

7. Kömekçi potratçylara Türkmenistanyň dahyllylary we dahylsyzlary bolup durýan fiziki we ýuridik şahslar degişlidir.

8. Nebit işleri amala aşyrylanda Potratçynyň we (ýa-da) Kömekçi potratçynyň Nebit işleriniň aýry-aýry görnüşleri boýunça Kömekçi potratçylaryň hyzmatlaryndan peýdalanmaga hukugy bardyr. Şunda Kömekçi potratçylar tarapyndan Potratçy we (ýa-da) Kömekçi potratçy üçin amala aşyrylýan harytlaryň üpjün edilmegi, işleriň we hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi diňe Nebit işlerine degişli bolmalydyr.

9. Potratçy (Kömekçi potratçy) üçin Nebit işleriniň çäklerinde ätiýaçlandyryş, bank hyzmatlaryny we jemagat hyzmatlaryny, audit, maslahat beriş, hukuk hyzmatlaryny hem-de şular ýaly beýleki hyzmatlary ýerine ýetirýän Şahslar Kömekçi potratçylar däldir we olara Kömekçi potratçynyň derejesiniň tassyklamasy berilmeýär.

10. Haçan-da Potratçy Kömekçi potratçy üçin harytlaryň üpjün edilmegini, işleriň ýa-da hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegini özbaşdak amala aşyrýan bolsa, onda Potratçyda Potratçynyň derejesi saklanýar we oňa şu Tertibiň düzgünleri degişli däldir.

Eger Potratçy şu Tertibiň degişli düzgünlerini ulanýan başga Potratçy ýa-da başga Potratçynyň Kömekçi potratçysy üçin (başga Şertnama boýunça Nebit işleriniň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde) harytlaryň üpjün edilmegini, işleriň ýa-da hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegini amala aşyrýan ýagdaýlarynda oňa Kömekçi potratçynyň derejesi berilýär.


II bap. Kömekçi potratçynyň derejesini tassyklamak

 

11. Harytlaryň üpjün edilmegini, işleriň we hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegini amala aşyrýan Şahslar bilen şertnamalar baglaşylandan soňra Potratçy «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda şol Şahslaryň derejesini Kömekçi potratçylar hökmünde kesgitleýär.

12. Kömekçi potratçy bilen şertnama baglaşylandan soň Potratçy Fiziki şahslar babatda Kömekçi potratçynyň derejesiniň tassyklamasyny (şu Tertibe 1-nji goşundy) we Ýuridik şahslar babatda Kömekçi potratçynyň derejesiniň tassyklamasyny (şu Tertibe 2-nji goşundy) düzýär we oňa Potratçynyň ýolbaşçysy ýa-da Potratçynyň ýolbaşçysy tarapyndan ygtyýarlyk berlen başga wezipeli adam tarapyndan gol çekilýär hem-de möhür bilen tassyklanylýar.

13. Şu Tertibiň altynjy böleginiň 1-nji bendinde görkezilen Kömekçi potratçynyň derejesiniň tassyklamasy 2 (iki) asyl nusgada düzülip, onuň bir nusgasy 3 (üç) iş gününden gijä galman Kömekçi potratça iberilýär, beýleki nusgasy Potratçyda şertnamanyň hereket edýän möhletine çenli saklanylýar.

14. Şu Tertibiň altynjy böleginiň 2-nji bendinde görkezilen Kömekçi potratçynyň derejesini tassyklamak üçin şu Tertibiň altynjy böleginiň 1-nji bendinde görkezilen Kömekçi potratçy Potratça özüniň şu Tertibiň altynjy böleginiň 2-nji bendinde görkezilen Kömekçi potratçysy bilen baglaşan şertnamasy boýunça degişli maglumatlary berýär. Bu maglumatlar Potratça şertnama baglaşylandan soň 3 (üç) iş günden gijä galman berilmelidir we ol Potratçy tarapyndan Kömekçi potratçynyň derejesiniň tassyklamasyny düzmek üçin ähli zerur bolan maglumatlary öz içine almalydyr. Maglumatyň berilýän görnüşi Potratçy tarapyndan kesgitlenilýär hem-de şu Tertibiň 1-nji we 2-nji goşundylarynda beýan edilýän maglumatlary özünde jemlemelidir.

Şu Tertibiň altynjy böleginiň 2-nji bendinde görkezilen Kömekçi potratçynyň derejesiniň tassyklamasy Potratçy tarapyndan 3 (üç) asyl nusgada düzülýär, onuň iki nusgasy şu Tertibiň altynjy böleginiň 1-nji bendinde görkezilen Kömekçi potratça 3 (üç) iş gününden gijä galman iberilýär, beýleki nusgasy Potratçyda şertnamanyň hereket edýän möhletine çenli saklanylýar.

Şu Tertibiň altynjy böleginiň 1-nji bendinde görkezilen Kömekçi potratçy Kömekçi potratçynyň derejesiniň tassyklamasynyň özünde bar bolan bir nusgasyny 1 (bir) iş gününden gijä galman, şu Tertibiň altynjy böleginiň 2-nji bendinde görkezilen Kömekçi potratça iberýär, beýleki nusgasyny şertnamanyň hereket edýän möhletine çenli özünde saklaýar.

15. Kömekçi potratçy talap edilen halatynda Kömekçi potratçynyň derejesiniň tassyklamasynyň göçürmesini tanyşmak üçin talap edýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralaryna bermelidir.

16. Kömekçi potratçynyň derejesiniň tassyklamasy «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 105-nji maddasyna laýyklykda, goşulan baha üçin salgydyň 0 (nol) göterim derejedäki möçberini we «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 48-nji maddasynyň üçünji böleginde bellenilen düzgünleri ulanmak üçin esas bolup durýar.

17. Kömekçi potratçynyň derejesiniň tassyklamasy her bir baglaşylan şertnama boýunça aýratynlykda berilýär.

18. Potratçy tarapyndan Kömekçi potratçynyň derejesiniň tassyklamasynyň berlen senesine garamazdan, Şahs degişli şertnamanyň baglaşylan pursatyndan başlap, Kömekçi potratçynyň derejesine eýe bolýar.

19. Kömekçi potratçynyň derejesiniň tassyklamasy Potratçy tarapyndan Kömekçi potratçylaryň derejesiniň tassyklamalaryny hasaba alyş kitabynda (şu Tertibe 3-nji goşundy) hasaba alynýar. Kömekçi potratçylaryň derejesiniň tassyklamalaryny hasaba alyş kitaby islendik wagtda Konsern üçin elýeterli bolmalydyr.

Kömekçi potratçylaryň derejesiniň tassyklamalaryny hasaba alyş kitabynyň elektron görnüşde ýöredilmegine hem ýol berilýär.


III bap. Kömekçi potratçylaryň derejesiniň tassyklamalary barada maglumat

 

20. Potratçy tarapyndan Kömekçi potratçylara Kömekçi potratçynyň derejesiniň tassyklamasy berlenden soň, Kömekçi potratçylaryň derejesiniň tassyklamalary barada maglumat ((mundan beýläk-Maglumat) şu Tertibe 4-nji goşundy) taýýarlanylýar.

21. Maglumat degişliligi boýunça degişli Konserne we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetine hasabat aýyndan soň gelýän aýyň 5-den gijä galman, kagyz we elektron (pdf formatynda) görnüşinde iberilýär.

Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde talap edilen halatynda Maglumat beýleki döwlet edaralaryna hem iberilip bilner.

22. Iberilýän Maglumatda hasabat aýynyň dowamynda Kömekçi potratçynyň derejesiniň tassyklamasy berlen ähli Şahslar barada maglumatlar görkezilýär.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti Maglumaty degişli ýerli salgyt edaralaryna ýetirýär.

23. Belli bir Kömekçi potratçylar baradaky maglumat Türkmenistanyň ýerine ýetiriji häkimiýet edaralaryna, şeýle hem gyzyklanma bildirýän beýleki döwlet edaralaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde resmi taýdan ýüz tutulan halatynda Potratçy tarapyndan berilýär.


IV bap. Şu Tertibiň talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik


24. Eger-de şu Tertibiň ýigrimi birinji bölegine laýyklykda Konserne berlen Maglumatda «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň we degişli şertnama boýunça Kömekçi potratçynyň derejesini tassyklamagyň talaplarynyň bozulandygyny ýüze çykarylan halatynda ýa-da Potratçy tarapyndan Kömekçi potratçy baradaky we Potratçy bilen baglaşylan şertnama baradaky aýry-aýry maglumatlar nädogry görkezilen halatynda, Konsern tarapyndan bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetine we Potratça ýazmaça görnüşde habar berilýär.

25. Şu Tertibiň ýigrimi dördünji bölegine laýyklykda Konsern tarapyndan iberilen habary (maglumaty) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti degişli ýerli salgyt edaralarynyň dykgatyna, Potratçy bolsa ozal Kömekçi potratçy diýip bikanun ykrar edilen (ýa-da ol barada aýry-aýry maglumatlar nädogry görkezilen) Şahsa ýetirýär. Kömekçi potratçy bolsa, bu barada öz Kömekçi potratçysyna we beýleki gyzyklanýan Şahslara habar bermelidirler.

26. Resminamalaýyn salgyt barlaglarynyň barşynda şu Tertibiň talaplarynyň bozulmalary ýüze çykarylan ýagdaýynda ýerli salgyt edaralary bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetine habar berýärler. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti bolsa, bu bozulmalar barada degişliligi boýunça degişli Konserne habar berýär.

27. Konsern Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetinden şu Tertibiň talaplarynyň bozulmalary barada gelip gowuşan maglumaty seljerýär we ony ýatyrmak üçin kanuny deliller bolan halatynda, Kömekçi potratçynyň derejesiniň tassyklamasyny ýatyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi üçin Potratça ýollaýar. Potratçy öz gezeginde alnan maglumat boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada Konserne we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetine habar berýär.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 22-nji iýunynda 1481 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.