Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň 2021-nji ýylyň 8-nji fewralynda çykaran 01/05-01 belgili buýrugy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň

2021-nji ýylyň 8-nji fewralynda çykaran 01/05-01 belgili

B U Ý R U G Y

 

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 15-nji awgustynda çykaran 01/05-13 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, Birža söwdasyna gatnaşmazdan baglaşylan, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige alynmaga degişli daşary söwda we içeri söwda şertnamalaryny (goşmaça ylalaşyklary) bellige almagyň Tertibine goşmaça girizmek hakynda

 

2014-nji ýylyň 1-nji martynda kabul edilen “Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda çykaran 14074-nji kararyna, “Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda çykaran 984-nji karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna, “Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin strategiýasyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran 1615-nji karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin strategiýasyna laýyklykda hem-de Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ulgamyny kämilleşdirmek, şertnamalary bellige almak amallaryny ýönekeýleşdirmek barada Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda 1258 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Birža söwdasyna gatnaşmazdan baglaşylan, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige alynmaga degişli daşary söwda we içeri söwda şertnamalaryny (goşmaça ylalaşyklary) bellige almagyň Tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 15-nji awgustynda çykaran 01/05-13 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, Birža söwdasyna gatnaşmazdan baglaşylan, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige alynmaga degişli daşary söwda we içeri söwda şertnamalaryny (goşmaça ylalaşyklary) bellige almagyň Tertibiniň ikinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

“Biržanyň Hasaba alyş bölümine tabşyrylmazdan öň, bellige alynmagy üçin hödürleniljek Şertnamanyň (goşmaça ylalaşygyň) taslamasy Sanawa laýyklykda degişli resminamalar bilen bilelikde ylalaşmak üçin elektron poçtanyň üsti bilen Biržanyň resmi elektron poçtasynyň salgysyna iberilip bilner. Biržanyň resmi elektron poçtasyna gelip gowşan Şertnama (goşmaça ylalaşyk) we onuň resminamalar bukjasy şu Tertibe laýyklykda seljerilýär. Şertnamany (goşmaça ylalaşygy) we onuň resminamalar bukjasyny seljermegiň dowamynda ýüze çykarylan kemçilikler düzetmek üçin elektron görnüşde Şertnamany (goşmaça ylalaşygy) we resminamalar bukjasyny iberen şahsyň elektron poçtasyna iberilýär. Şertnamanyň (goşmaça ylalaşygyň) taslamasy ylalaşylandan soň, Şertnama (goşmaça ylalaşyk) bellige alynmagy üçin şu bölegiň birinji tesimine laýyklykda Biržanyň Hasaba alyş bölümine tabşyrylýar.”.

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň orunbasarlary gözegçilik etmeli.



Başlyk B.Çaryýew

 


Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 21-nji iýunynda 1480 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.