Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 2021-nji ýylyň 20-nji maýynda çykaran 56-Ö belgili buýrugy

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň

2021-nji ýylyň 20-nji maýynda çykaran 56-Ö belgili

B U Ý R U G Y

 

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 2014-nji ýylyň 11-nji aprelinde çykaran 35-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edaralary tarapyndan administratiw hukuk bozulmalary baradaky işlere seredilmeginiň tertibi hakynda Düzgünnama üýtgetmeler girizmek hakynda


2021-nji ýylyň 13-nji martynda “Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen baglylykda, buýurýaryn:

  • 1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2014-nji ýylyň 29-njy aprelinde 759 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edaralary tarapyndan administratiw hukuk bozulmalary baradaky işlere seredilmeginiň tertibi hakynda düzgünnamany tassyklamak barada” Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 2014-nji ýylyň 11-nji aprelinde çykaran 35-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edaralary tarapyndan administratiw hukuk bozulmalary baradaky işlere seredilmeginiň tertibi hakynda Düzgünnama şu üýtgetmeleri girizmeli:
  • 1) otuz altynjy böleginde “wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine çenli möçberde jerime salynýar” diýen sözleri “fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine, wezipeli adamlara - dördüsinden altysyna çenli möçberde jerime salynýar” diýen sözler bilen çalşyrmaly;
  • 2) otuz ýedinji böleginde “wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň dördüsinden altysyna çenli möçberde jerime salynýar” diýen sözleri “fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň dördüsinden altysyna, wezipeli adamlara - altysyndan onusyna çenli möçberde jerime salynýar” diýen sözler bilen çalşyrmaly.
  • 2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň orunbasary H.Taçjanowa gözegçilik etmeli.



Ministr M.Sylapow



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 21-nji iýunynda 1479 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.