Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2021-nji ýylyň 21-nji maýynda çykaran 185 belgili buýrugy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň

2021-nji ýylyň 21-nji maýynda çykaran 185 belgili

B U Ý R U G Y

 

Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň taýýarlanylmagy, saklanylmagy we

näsaga goýberilmeginiň tertibini tassyklamak hakynda


2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda kabul edilen “Ganyň donorlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 22-nji maddasynyň üçünji bölegine, 2015-nji ýylyň 23-nji maýynda kabul edilen “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji we 44-nji maddalaryna laýyklykda, buýurýaryn:

1. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň taýýarlanylmagy, saklanylmagy we näsaga goýberilmeginiň tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Ç.Agamyradow gözegçilik etmeli.

 

Ministr   N. Amannepesow


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we

derman senagaty ministriniň

2021-nji ýylyň 21-nji maýynda

çykaran 185 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy



Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň taýýarlanylmagy, saklanylmagy we näsaga goýberilmeginiň tertibi

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Şu Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň taýýarlanylmagy, saklanylmagy we näsaga goýberilmeginiň tertibi (mundan beýläk – Tertip) 2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda kabul edilen “Ganyň donorlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 22-nji maddasynyň üçünji bölegine, 2015-nji ýylyň 23-nji maýynda kabul edilen “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Şu Tertip ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň taýýarlanylmagynyň, saklanylmagynyň we näsaga goýberilmeginiň tertibini düzgünleşdirýär.

3. Şu Tertipde ulanylýan esasy düşünjeler:

1) donoryň gany (mundan beýläk – gan) – resipiýente goýberilmegi, düzüm bölekleriniň öndürilmegi, şeýle hem başga bejeriş maksatlarynda ulanylmagy üçin donordan alnan gan;

2) donoryň ganynyň düzüm bölekleri – donordan alnan ýa-da donoryň ganyndan dürli usullar bilen öndürilen gany düzýän bölekler (eritrositler, leýkositler, trombositler, plazma, kriopresipitat);

3) ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň donory (mundan beýläk – donor) – öz ganyny ýa-da onuň düzüm böleklerini meýletin tabşyrýan adam;

4) ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň taýýarlanylmagy – donorlary saýlamagy, gany almagy, ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň barlagyny we gaýtadan işlenmegini özünde jemleýän çäreleriň toplumy;

5) ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň saklanylmagy – ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň bütewiliginiň, olaryň elýeterliliginiň, şeýle hem ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň biologik häsiýetleriniň goralmagynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly lukmançylyk işi;

6) ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegi – resipiýente saglygy goraýyş kömegini bermek arkaly onuň bedenine ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegi arkaly amala aşyrylýan bejeriş usuly;

7) resipiýent – lukmançylyk görkezijileri boýunça ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegine mätäç bolan ýa-da özüne gan ýa-da onuň düzüm bölekleri goýberilýän adam.


II bap. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň taýýarlanylmagynyň (gaýtadan işlenilişiniň) tertibi

 

§1. Umumy talaplar


4. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň taýýarlanylmagy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagynda durýan gan gullugy edaralary (mundan beýläk - gan gullugy edaralary) amala aşyrýarlar.

5. Donor gany ýa-da onuň düzüm bölekleri bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň talaplaryny kanagatlandyrmak we adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda mobilizasion ätiýaçlyk goryny döretmek maksady bilen taýýarlanylýar.

6. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň taýýarlanylmagy gan gullugy edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan amala aşyrylýar.

7. Donorlardan ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň alynmagy Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda 1417 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagat ministriniň 2020-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda çykaran 311 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Donorlaryň ganynyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň alynmagynyň tertibine laýyklykda alnyp barylýar.

8. Gan gullugy edaralarynyň ganyň ýa-da onuň düzüm böleklerini gaýtadan işlenilýän bölümleriniň (otaglarynyň) saglygy goraýyş bellige alyjysy, şepagat uýasy gan tabşyrylandan soň (donasiýa) donoryň kartasyny, donoryň gatnaşmagynda onuň maglumatlaryny gan alynýan içi erginli gabyň (gemakonyň) etiketkasyndaky we probirkadaky belligiň maglumatlary bilen gaýtadan deňeşdirme geçirip, resmileşdirmelidir we donordan alnan konserwirlenen ganly gaby (gemakony) gany gaýtadan işlenýän otagyna we gan nusgaly probirkany barlaghana bölümine geçirmelidir.

9. Gan gullugy edaralarynyň ganyň ýa-da onuň düzüm böleklerini gaýtadan işlenilýän bölümleri (otaglary) degişli enjamlar we serişdeler bilen üpjün edilmelidir.

10. Sentrifugirlemek usuly bilen sowadyjyly refrižerator sentrifugalary ulanmak arkaly taýýarlanylan konserwirlenen gandan ganyň düzüm bölekleri bölünip alynýar. Sentrifugirlemegiň tizligi sentrifuganyň rotorynyň tizligine we radiusynyň ölçegine baglylykda nomogramma boýunça gurnalýar.

11. Sentrifugirlemek usuly, ganyň alynýan düzüminiň tehnologiki tertibine we sentrifuganyň görnüşine laýyklykdaky temperatura düzgüninde geçirilýär.

12. Konserwirlenen gan sentrifugirlenenden soň: plazma, leýkotrombositar gatlagyna we eritrosit agram düzüm böleklerine bölünýär.

13. Gany düzüm böleklerine bölmek üçin plazmaekstraktorlar (mehaniki we awtomatiki), magistrallary jebisleşdirmek üçin awtomatiki kebşirleýji we aseptiki birikdiriji (konnektor) ulanylýar.


§2. Düzüminde eritrositleri saklaýan ganyň düzüm bölekleriniň taýýarlanylmagynyň tertibi


14. Eritrosit agramy sentrifugirlenen konserwirlenen gandan plazmany aýyrmak arkaly alynýar.

15. Konserwirlenen gany sentrifugirleme düzgüni sentrifuganyň görnüşine baglylykda +5°С +8°С temperaturada gurnalýar.

16. Eritrosit agramy - konserwirlenen gan sentrifugirlenenden soňra plazma plazmaekstraktorlaryň (mehaniki we awtomatiki) kömegi bilen goşmaça konteýnere geçirilýär, şonuň bilen birlikde eritrosit agramly konteýnerde globulýar agramyň ýokarsynda gerek gematokriti saklamak üçin 2-3 sm (40-50 ml) beýiklikde bolan plazma goýulýar, şondan soň eritrosit agramly we plazmaly konteýnerleri birikdirýän turbajyklar jebisleşdirilip biri-birinden kesilip aýrylýar we eritrost agramly konteýnere eritrosit agramynyň etiketkasynyň pasportlaşdyrylmagynyň görnüşinde (şu Tertibe 1-nji goşundy) görkezilen etiketka ýazgy edilip, polimer konteýnere ýelmenip taýýarlanylýar.

17. Leýkofiltrlenen eritrosit agramy – konserwirlenen gandan filtrasiýa usuly bilen leýkositleri aýrylyp, sentrifugirlenenden soňra plazma plazmaekstraktorlaryň (mehaniki we awtomatiki) kömegi bilen goşmaça konteýnere geçirilýär, şonuň bilen birlikde leýkofiltrlenen eritrosit agramynyň üstünde 2-3 sm (40-50 ml) beýiklikde bolan plazma goýulýar, şondan soň leýkofiltrlenen eritrosit agramly we leýkofiltrlenen plazmaly konteýnerleri birikdirýän turbajyklar jebisleşdirilip biri-birinden kesilip aýrylýar, olaryň belgileri deňeşdirilýär we leýkofiltrlenen eritrosit agramynyň etiketkasynyň pasportlaşdyrylmagynyň görnüşinde (şu Tertibe 2-nji goşundy) görkezilen etiketka ýazgy edilip, polimer konteýnere ýelmenip taýýarlanylýar.

18. Filtrasiýa üçin, Türkmenistanda rugsat berlen, ýörite leýkofiltrler öndürijiniň gözükdirijisine laýyklykda ulanylýar.

19. Düzüminde leýkositleri we trombositleri az mukdarda bolan eritrosit agramy (ýuwlan eritrositler) – konserwirlenen gany sentrifugirlemek arkaly plazmany we leýkotrombositar gatlagy aýryp, soňra 0,9 %-li natriý hloridiň steril ergini bilen eritrosit agramy ýuwmak arkaly taýýarlanylýar.

20. Düzüminde leýkositleri we trombositleri az mukdarda bolan eritrosit agramyny (ýuwlan eritrositleri) almak üçin 10 gije-gündizden köp saklanylmadyk konserwirlenen ganly gemakonlarda taýýarlanylan eritrosit agramy ulanylýar. Eritrosit agramyna steril şertlerde laminar boksda magistral ulgamynyň kömegi bilen 0,9 %-li natriý hloridiň ergini goşulýar, konserwirlenen ganly gemakon dykgatly çaýkalýar, jebisleşdirilýär we sentrifugirlemek üçin geçirilýär.

21. Eritrosit agramly konteýner, sentrifuganyň görnüşine baglylykda +5°С +8°С temperaturaly düzgünde sentrifugirlenýär.

22. Sentrifugirlenenden soň konserwirlenen ganly konteýner seresaplyk bilen laminar boksa geçirilýär, gemakonyň turbajygynyň ujy spirt bilen dykgatly arassalanýar, jebisleşdirilen tikinleri bölünýär we leýkositleriň garyndysy hem-de 0,5 sm beýiklikde eritrositleriň gatlagy bilen 0,9 %-li natriý hloridiň çökündili gatlagy, steril ulgam bilen birikdirilen konserwantsyz polimer konteýnere geçirilýär, konteýnerleri birikdirýän turbajyklar jebisleşdirilip biri-birinden kesilip aýrylýar. Düzüminde leýkositleri we trombositleri az mukdarda bolan eritrosit agramynyň (ýuwlan eritrositleriň) etiketkasynyň pasportlaşdyrylmagynyň görnüşinde (şu Tertibe 3-nji goşundy) görkezilen etiketka ýazgy edilip, polimer konteýnere ýelmenýär.

23. Bir gije-gündize çenli saklanylan eritrosit agramy ulanylanda, bu amal iki gezek gaýtalanýar, eger-de iki gije-gündizden on gije-gündize çenli saklanylan eritrosit agramy ulanylanda, bu amal bir gezek gaýtalanýar.

24. Aseptiki birikdiriji (konnektor) bar halatynda, eritrosit agramy ýuwmak amaly onuň gözükdirijisine laýyklykda ýerine ýetirilýär.

25. Leýkotrombositar gatlagy aýrylan eritrosit agramy konserwirlenen gandan, sentrifuganyň görnüşine baglylykda gurnalan düzgünde +5°С +8°С temperaturada sentrifugirlenenden soňra, yzygiderlilikde ondan plazmany we leýkotrombositar gatlagy aýyrmak arkaly taýýarlanylýar.

26. Leýkotrombositar gatlakdan leýkosit agramy taýýarlanyp, leýkosit agramynyň etiketkasynyň pasportlaşdyrylmagynyň görnüşinde (şu Tertibe 4-nji goşundy) görkezilen etiketka ýazgy edilip, polimer konteýnere ýelmenýär.

27. 24 sagatdan köp saklanylan leýkotrombositar gatlakly konteýner ulanylmaýar, resipiýentlere guýmak üçin ýaramly däl diýlip delilnama boýunça hasapdan aýrylyp, zyýansyzlandyrylyp ýok edilýär.

28. Eritrosit garyndysy – konserwirlenen gan sentrifugirlenenden soňra plazma plazmaekstraktorlaryň (mehaniki we awtomatiki) kömegi bilen goşmaça konteýnere geçirilýär we eritrosit agramyna resuspendirleýji ergini goşmak arkaly taýýarlanyp, eritrosit garyndysynyň etiketkasynyň pasportlaşdyrylmagynyň görnüşinde (şu Tertibe 5-nji goşundy) görkezilen etiketka ýazgy edilip, polimer konteýnere ýelmenýär.

29. Aferezli eritrositler – donorlardan enjamly sitaferez usuly bilen alynýar. Enjamly eritrositaferez usuly öndüriji zawodyň gözükdirijisine laýyklykda geçirilýär.

30. Bir amalyň dowamynda eritrositleriň 1-2 doza mukdary alynýar.


§3. Gandan täze doňdurylan plazmanyň we beýleki düzüm bölekleriniň taýýarlanylmagynyň tertibi


31. Täze doňdurylan plazma – konserwirlenen gan sentrifugirlenenden soňra plazma plazmaekstraktorlaryň (mehaniki we awtomatiki) kömegi bilen goşmaça konteýnere geçirilýär, şondan soň eritrosit agramly we plazmaly gaplary (konteýnerleri) birikdirýän turbajyklar jebisleşdirilip biri-birinden kesilip aýrylýar we plazmaly konteýnere täze doňdurylan plazmanyň etiketkasynyň pasportlaşdyrylmagynyň görnüşinde (şu Tertibe 6-njy goşundy) görkezilen etiketka ýazgy edilip, polimer konteýnere ýelmenenden soň -40°С we ondan pes temperaturada doňdurylyp taýýarlanylýar.

32. Leýkofiltrlenen täze doňdurylan plazma – konserwirlenen gandan filtrasiýa usuly bilen leýkositleri aýrylyp, sentrifugirlenenden soňra plazma plazmaekstraktorlaryň (mehaniki we awtomatiki) kömegi bilen goşmaça konteýnere geçirilýär, şondan soň eritrosit agramly we plazmaly konteýnerleri birikdirýän turbajyklar jebisleşdirilip biri-birinden kesilip aýrylýar we plazmaly konteýnere leýkofiltrlenen täze doňdurylan plazmanyň etiketkasynyň pasportlaşdyrylmagynyň görnüşinde (şu Tertibe 7-nji goşundy) görkezilen etiketka ýazgy edilip, plazmaly polimer konteýnere ýelmenip, -40°С we ondan pes temperaturada doňdurmak üçin çalt doňdurylýan doňduryjyda doňdurylyp taýýarlanylýar.

33. Ganyň sentrifugirlenmegi, sentrifuganyň görnüşine baglylykda, plazmanyň alnyşynyň tehnologiki tertibine laýyklykda geçirilýär.

34. Filtrasiýa üçin öndürijiniň gözükdirijisine laýyklykda ýörite filtrler ulanylýar.

35. Wirusinaktiwirlenen plazma – konserwirlenen gan sentrifugirlenenden soňra plazma plazmaekstraktorlaryň (mehaniki we awtomatiki) kömegi bilen goşmaça gaba (konteýnere) geçirilýär, şondan soň eritrosit agramly we plazmaly gaplary (konteýnerleri) birikdirýän turbajyklar jebisleşdirilip biri-birinden kesilip aýrylýar we plazmaly konteýner wirusinaktiwirleýän ýörite enjamlarda inaktiwasiýa geçirilýär we plazmaly konteýnere wirusinaktiwirlenen täze doňdurylan plazmanyň etiketkasynyň pasportlaşdyrylmagynyň görnüşinde (şu Tertibe 8-nji goşundy) görkezilen etiketka ýazgy edilip, plazmaly polimer konteýnere ýelmenip, -40°С we ondan pes temperaturada doňdurmak üçin çalt doňdurylýan doňduryjyda doňdurylyp taýýarlanylýar.

36. Wirusinaktiwasiýa usuly üçin Türkmenistanda rugsat berlen ýörite enjamlar we ulgamlar öndürijiniň gözükdirijisine laýyklykda ulanylýar. Plazmany inaktiwirlemek üçin gök metileni ulanmak usuly bilen ýerine ýetirilýär.

37. Täze doňdurlan plazmany karantinde saklamak – bu donoryň plazmasynyň “seronegatiw penjire” (ýokanç hadysanyň barlaghana barlaglarynda ýüze çykmaýan döwri) 3 aýa çenli we -25°С ýokary däl temperaturada doňdurylan ýagdaýda saklanylýan, ýokançlardan howpsuzlygy ýokarlandyrýan usullaryň biri bolup durýar.

38. Karantinizirlenen täze doňdurylan plazma, transfuzion ýokançlara gaýtadan barlanylanda diňe “negatiw” netijeler alnan we karantinizirlenen täze doňdurylan plazmanyň etiketkasynyň pasportlaşdyrylmagynyň görnüşinde (şu Tertibe 9-njy goşundy) görkezilen etiketka ýazgy edilip, polimer konteýnere ýelmenip, -40°С we ondan pes temperaturada doňdurmak üçin çalt doňdurylýan doňduryjyda doňdurylyp, 3 aýa çenli karantinde saklanylýar.

39. Täze doňdurlan plazmany saklamak üçin ýörite doňduryjylar we temperatura gözegçilik enjamlary bilen enjamlaşdyrylan, elýeterlilik çäklendirilen we degişli bellikler belgilenen aýratyn otaglar ulanylýar.

40. Lukmançylyk maksady üçin ýaramly täze doňdurlan plazmany karantinde saklamaga iberilýär.

41. Karantinde saklamak üçin täze doňdurlan plazma kabul edilende donoryň kartasy we ýokanç keselleriň markerlerine geçirilen barlaglaryň “negatiw” netijeleri barada maglumatlar konteýnerdäki ähli maglumatlar bilen deňeşdirilýär.

42. Karantinde saklaýan bölüm, donoryň keselini, wirus göterijilige ýüze çykarmak barada maglumatlary öz wagtynda almak we gaýtadan barlaga çagyrmak üçin, beýleki bölümler bilen özara sazlaşykly işleýär.

43. Täze doňdurlan plazmanyň karantinde saklanýan döwründe karantinde saklamagyň möhletlerini hasaba alyş depderçeleri ýöredilýär.

44. Awtomatiki ýazýan enjamlar ýok halatynda, sowadyjylarda we doňduryjy kameralarda temperatura düzgünine geçirilýän gözegçilik gije-gündizde 3 gezekden az bolmaly däldir we gözegçiligiň maglumatlary temperatura düzgüni bellenilýän depdere bellenilmelidir.

45. Transfuzion ýokançlara we donoryň keseline barlaghana barlaglarynyň netijeleri “pozitiw” ýüze çykarylanda, bu ýokanjyň gizlin döwründe öňki tabşyrylan ganyň plazmasy, dessine karantinde saklamakdan aýrylýar. Plazmanyň ähli zaýa mukdary «Hakyky zaýa» diýen ýazgy bilen bellenilýär we howpsuz ýok etmek üçin delilnama düzülip, zyýansyzlandyrmaga berilýär.

46. Karantin möhleti gutarandan soň, donoryň gaýtadan geçirlen barlaglarynyň netijeleri “negatiw” ýüze çykarylanda, plazma lukmançylyk maksatlary üçin ulanylýar.

47. Wirusinaktiwirlenen plazma karantinde saklanylmaýar.

48. Kriopresipitaty – taýýarlamak üçin konserwirlenen gandan alnan we aferez usuly bilen alnan täze doňdurlan plazma ulanylýar.

49. Täze doňdurlan plazma “ýumşak gar” görnüşinde bolmagy üçin takmynan 10-12 sagatlap +2oС-+4oС temperaturada sowadyjyda goýulýar.

50. Täze doňdurlan plazmany sentrifugirlemek üçin sentrifuganyň görnüşine baglylykda işleýiş düzgüni +2oС-+4oС temperaturada gurnalýar.

51. Sentrifugirlenenden soň plazma goşmaça konteýnere geçirilýär, esasy konteýnerde gemakonyň düýbünde göwrümi 15-30 ml kriopresipitat (düzüminde V, VIII ganyň lagtalanma labil faktorlaryny, Willebrandyň faktoryny, fibrinogeni, fibronektini saklaýan) galýar, konteýnerleri birikdirýän turbajyklar jebisleşdirilip biri-birinden kesilip aýrylýar, soňra olaryň belgileri deňeşdirilýär, kriopresipitatly konteýnere kriopresipitatyň etiketkasynyň pasportlaşdyrylmagynyň görnüşinde (şu Tertibe 10-njy goşundy) görkezilen etiketka ýazgy edilip, polimer konteýnere ýelmenýär we ony doňdurmak üçin -40°С we ondan pes temperaturada çalt doňdurylýan doňduryjyda doňdurylyp taýýarlanylýar.

52. Kriopresipitaty alnandan soň galan täze doňdurlan plazma - supernatant plazma (natiw konsentirlenen plazma) diýilýär, supernatant plazmaly (natiw konsentirlenen plazmaly) konteýnere supernatant plazmanyň (natiw konsentirlenen plazmanyň) etiketkasynyň pasportlaşdyrylmagynyň görnüşinde (şu Tertibe 11-nji goşundy) görkezilen etiketka ýazgy edilip, polimer konteýnere ýelmenýär we ony doňdurmak üçin -40°С we ondan pes temperaturada çalt doňdurylýan doňduryjyda doňdurylyp taýýarlanylýar.

53. Trombosit agramyny taýýarlamak üçin konserwirlenen gandan ýa-da aferez usuly bilen alnan, trombositlere baý bolan plazma ulanylýar. Trombositlere baý bolan plazma +20°С-dan +22°С-a çenli temperaturada sentrofugirlenip, trombositleri aýrylan plazma boş konteýnere geçirilýär, gemakonyň düýbünde 50-60 ml trombosit agramly plazma galýar, şondan soň trombositleri aýrylan plazmaly we trombosit agramly konteýnerleri birikdirýän turbajyklar jebisleşdirilip biri-birinden kesilip aýrylýar, soňra olaryň belgileri deňeşdirilýär. Trombosit agramly konteýnere trombosit agramynyň etiketkasynyň pasportlaşdyrylmagynyň görnüşinde (şu Tertibe 12-nji goşundy) görkezilen etiketka ýazgy edilip, polimer konteýnere ýelmenip taýýarlanylýar.

54. Trombosit agramy +20°С +22°С temperaturada bolan trombomiksere ýerleşdirilýär.

55. Trombositleri alnan plazmaly konteýnere täze doňdurlan plazmanyň etiketkasynyň pasportlaşdyrylmagynyň görnüşinde görkezilen etiketka ýazgy edilip, polimer konteýnerlere ýelmenip, -40°С we ondan pes temperaturada doňdurmak üçin çalt doňdurylýan doňduryjyda doňdurylyp taýýarlanylýar.

56. Trombositleriň konsentraty – donordan enjamly trombositaferez usuly bilen alynýar. Enjamly trombositaferez usuly öndüriji zawodyň gözükdirijisine laýyklykda geçirilýär.

 

III bap. Gan ýa-da onuň düzüm bölekleriniň saklanylyşynyň tertibi

 

57. Donorlardan alnan konserwirlenen gan derňelip tassyklanylýança we gutarnykly pasportlaşdyrylýança ýörite berlen sowadyjylarda “BARLANYLMADYK GAN. GOÝBERILMÄGE DEGIŞLI DÄL” diýen ýazgy bilen saklanylýar

58. Gan we onuň düzüm bölekleri saklanylýan sowadyjylar we doňduryjylar elektrik üpjünçiligiň ätiýaçlyk çeşmesine birikdirilmelidir.

59. Temperatura gözegçilik edýän awtomatiki enjamlar ýok halatynda, gije-gündiziň dowamynda sowadyjylaryň we doňduryjylaryň temperatura düzgünine 3 gezekden az bolmadyk gözegçilik geçirilmelidir hem-de maglumatlary temperatura düzgünine gözegçiligiň hasaba alynýan depderçesine ýazylmalydyr.

60. Gan we onuň düzüm bölekleri sowadyjylarda we doňduryjylarda, olaryň toparlaýyn we rezus-degişliligine laýyklykda aýratynlykda saklanylmalydyr. Her topar, sowadyjylarda we doňduryjylarda özüne laýyklykda, belgilenen tekjelerinde saklanylmalydyr.

61. Eritrosit agramy +2°С +6°С temperaturada saklanylmalydyr. Saklanyş möhleti konserwanta bagly bolmalydyr.

62. Leýkofiltrlenen eritrosit agramy +2°С +6°С temperaturada saklanylmalydyr. Saklanyş möhleti konserwanta bagly bolmalydyr.

63. Leýkotrombositar gatlagy aýrylan eritrositler +2°С +6°С temperaturada saklanylmalydyr. Saklanyş möhleti konserwanta bagly bolmalydyr.

64. Düzüminde leýkositleri we trombositleri az mukdarda bolan eritrosit agramy (ýuwlan eritrositler) +2°С +6°С temperaturada saklanylmalydyr. Ýuwlandan soň 24 sagat saklanylmalydyr.

65. Eritrosit garyndysy +2°С +6°С temperaturada saklanylmalydyr. Saklanyş möhleti 42 gije-gündize çenli bolmalydyr.

66. Aferezli eritrositler +2°С +6°С temperaturada saklanylmalydyr. Saklanyş möhleti 42 gije-gündize çenli bolmalydyr.

67. Trombositleriň konsentratyny bölüp aýyrmak üçin niýetlenen konserwirlenen gan +20°С +22°С temperaturada saklanyp, taýýarlanan wagtyndan 6 sagatdan köp saklanylmaly däldir.

68. Trombositleriň konsentraty +20°С +22°С temperaturada saklanyp, yzygiderli garylmak düzgüni üpjün edilmelidir.

69. Trombomikserli termostat bar ýagdaýynda, trombositleriň konsentratynyň saklanyş möhleti taýýarlanan wagtyndan 72 sagat bolmalydyr.

70. Trombomikserli termostatyň ýok ýagdaýynda, trombositleriň konsentraty +20°С +22°С temperaturada saklanyp, taýýarlanan wagtyndan 24 sagatdan köp saklanylmaly däldir.

71. Täze doňdurylan plazmany taýýarlamak üçin niýetlenen konserwirlenen gan +2°С +6°С temperaturada 6 sagatdan köp saklanylmaly däldir.

72. Täze doňdurylan plazmanyň saklanyş temperaturasy -25°С we ondan pes bolmalydyr. Täze doňdurylan plazmanyň saklanyş möhleti -25°С -30°С temperaturada 12 aý, -30°С we ondan pes temperaturada 24 aý bolmalydyr. Täze doňdurylan plazmanyň doňy çözülenden soň, bir sagadyň dowamynda ulanylmalydyr we gaýtadan doňdurmak gadagandyr.

73. Kriopresipitat -30°С we ondan pes temperaturada, täze doňdurylan plazmanyň taýýarlanan wagtyndan hasaplanyp, 24 aý saklanylmalydyr, -25°С -30°С temperaturada, täze doňdurylan plazmanyň taýýarlanan wagtyndan hasaplanyp, 12 aý saklanylmalydyr.

74. Leýkosit agramy +2°С +6°С temperaturada saklanyp, taýýarlanan wagtyndan 6 sagatdan köp saklanylmaly däldir.

75. Gan gullugy edaralaryndan eritrosit agramy, ýuwlan eritrosit agramy, leýkosit agramyny saglygy goraýyş edaralaryna ýörite niýetlenen temperaturasy +10°С çenli saklaýan izolýasiýaly konteýnerlerde daşalmalydyr.

76. Gan gullugy edaralaryndan täze doňdurylan plazmany, natiw konsentrirlenen plazmany, kriopresipitaty saglygy goraýyş edaralaryna ýörite niýetlenen temperaturasy -25°С çenli saklaýan izolýasiýaly konteýnerlerde daşalmalydyr.

77. Gan gullugy edaralaryndan trombosit agramyny saglygy goraýyş edaralaryna ýörite niýetlenen temperaturasy +20°С +22°С çenli saklaýan izolýasiýaly konteýnerlerde daşalmalydyr.

78. Gan gullugy edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleri gan ýa-da onuň düzüm böleklerini bejeriş-öňüni alyş edaralaryna bermekden öň olary makrobahalandyrmadan geçirýärler, şeýle hem gerek bolýan topara we rezus degişlilige we saklanylma möhletine laýykdygyna berk gözegçilikde saklamagy üpjün edýärler.

79. Bejeriş-öňüni alyş edaralaryna hem-de ylmy-kliniki merkezlerine, şol sanda beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky saglygy goraýyş edaralaryna gan ýa-da onuň düzüm bölekleri sargyt (talapnama) esasynda gan gullugy edaralary tarapyndan goýberilýär, goýberilen gan we onuň düzüm bölekleri yzyna kabul edilmeýär.

80. Gan we onuň düzüm bölekleri bejeriş-öňüni alyş edaralaryna getirilen wagty ulanylmadyk ýagdaýynda, olary dessine talap edilýän temperatura şertlerinde saklamaga goýmalydyr.

81. Ulanyş möhleti gutaran eritrosit agramy şepagat uýasy (nobatçy) tarapyndan belgilenen, dikilen, möhür bilen berkidilen we ýolbaşçynyň goly bilen tassyklanylan ýörite № 418-nji görnüşli kitapçada hasaba alynýar we № 423/h hasabat görnüş boýunça bölüm müdiri tarapyndan hasapdan çykarylýar.


IV bap. Gan ýa-da onuň düzüm bölekleriniň näsaga goýberilmeginiň tertibi


82. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegini üpjün edýän saglygy goraýyş işgärleri olaryň howpsuz we oňat hilli bolmagyny üpjün etmek boýunça talaplary berjaý etmäge borçludyrlar.

83. Resipiýentiň janynyň we saglygynyň, nesil yzarlaýjylygynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen oňa gan ýa-da onuň düzüm böleklerini goýberilmezden öň saglygy goraýyş işgäri tarapyndan resipiýentiň ganynyň topary, rezus-faktory (eritrositlerde bolýan antigeni) kesgitlenilmelidir, şeýle hem donoryň we resipiýentiň ganynyň gabat gelşiniň barlagy geçirilmelidir.

84. Ýokanç keselleriň döredijileri babatda deslapdan barlagy geçirilmedik ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegine rugsat berilmeýär.

85. Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmegi Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 14-njy martynda 1199 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Ganyň ýa-da onuň düzüm bölekleriniň goýberilmeginiň gollanmasyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2019-njy ýylyň 16-njy fewralynda çykaran 42 belgili buýrugyna laýyklykda alnyp barylmalydyr.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 17-nji iýunynda 1478 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.