Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň 2021-nji ýylyň 17-nji maýynda çykaran 240-ö belgili buýrugy

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň

2021-nji ýylyň 17-nji maýynda çykaran 240-ö belgili

B U Ý R U G Y

 

Ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny bellige almagyň tertibini tassyklamak hakynda


“Weterinariýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasynyň 4-nji bendine, 61-nji maddasynyň 9-njy bendine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda çykaran 1146-njy karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hakyndaky Düzgünnamanyň ýedinji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda, buýurýaryn:

1. Ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny bellige almagyň tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň önümçilik ugry boýunça orunbasary gözegçilik etmeli.

 

Ministr   A. Altyýew



Ylalaşyldy:

«Türkmenstandartlary» baş döwlet

gullugynyň başlygy  M. Hojagulyýew



Türkmenistanyň Oba hojalyk we

daşky gurşawy goramak ministriniň

2021-nji ýylyň 17-nji maýynda

çykaran 240-ö belgili buýrugy bilen

tassyklandy


Ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny bellige almagyň

TERTIBI

 

I bap. Umumy düzgünler


1. Weterinariýa ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny bellige almagyň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) “Weterinariýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasynyň 4-nji bendine, 61-nji maddasynyň 9-njy bendine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda çykaran 1146-njy karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hakyndaky Düzgünnamanyň ýedinji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

Şu Tertip ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny bellige almagyň hem-de gaýtadan bellige almagyň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Şu Tertibiň kadalary ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny Türkmenistanda öndürýän we Türkmenistana getirýän fiziki we ýuridik şahslary tarapyndan hökmany ýerine ýetirilmäge degişlidir.

3. Şu Tertibiň maksatlary üçin, şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) ot-iýmler - mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen tebigy iýmit (gök otlar, samanlar, bedeler, ösümlik däneleri, kombinirlenen iýmler we ş.m.beýlekiler) önümleri;

2) ot-iým goşundylary - mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen tebigy iýmit önümlerinde ýetmezçilik edýän düzüm bölekleriniň öwezini dolmak, baýlaşdyrmak üçin goşulýan goşundylar (witaminler, beloklar, uglewodlar, makro-mikro elementler, mineral maddalar);

3) ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny synagdan geçirmek–ot-iýmleriň, ot-iým goşundylarynyň hilini barlamak, olaryň häsiýetini, zäherliligini, ýaramlylyk möhletini, netijeliligini, haýwanlaryň bedenine, maldarçylyk önümlerine we daşky gurşawa ýetirýän täsirini kesgitlemek üçin geçirilýän synaglar;

4) kämilleşdirilen ot-iýmler we ot-iým goşundylary – bellige alnan wagtyndaky düzümi ýa-da peýdalanmak baradaky görkezijileri üýtgedilen, gaýtadan bellige alynmaga degişli ot-iýmler we ot-iým goşundylary;

5) arza beriji - weterinariýa ot-iýmleriň we ot-iým goşundylarynyň bellige alynmagy üçin arza bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugyna (mundan beýläk – Gulluk) ýüz tutýan fiziki we ýuridik şahslar.

4. Ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny bellige almak şulary öz içine alýar:

1) ot-iýmleriň we ot-iým goşundylarynyň hilini barlamak, olaryň häsiýetini, zäherliligini, ýaramlylyk möhletini, netijeliligini, haýwanlaryň bedenine, maldarçylyk önümlerine we daşky gurşawa ýetirýän täsirini kesgitlemek üçin geçirilýän seljermesini we synaglaryny;

2) geçirilen seljermäniň we synaglaryň esasynda oňyn netije berlen ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny Gulluk tarapyndan şu Tertibe laýyklykda Döwlet reýestrine girizmekligi;

3) ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny Türkmenistanda öndürmäge we Türkmenistana getirmäge hukuk berýän arza berijä ot-iýmleriň we ot-iým goşundylarynyň bellige alnandygy barada şahadatnamany (mundan beýläk – Şahadatnama, şu Tertibe 2-nji goşundy) bermekligi.


II bap. Arza berijiden resminamalary kabul etmegiň, olara garamagyň hem-de ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny bellige almagyň we gaýtadan bellige almagyň tertibi


5. Ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny bellige almak üçin, arza berijiler tarapyndan Gulluga şu aşakdaky resminamalar berilmelidir:

1) ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny bellige almak barada arza (şu Tertibe 1-nji goşundy);

2) ýuridik şahs üçin - esaslandyryjy resminamalaryň “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji maddasynda bellenilen tertipde şaýatlyk edilen nusgasy (mundan beýläk - nusga), Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesi, onuň ynanylan wekiline berlende wekiline berlen ynanç haty;

3) fiziki şahs üçin - hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda resminamanyň nusgasy we onuň pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasynyň nusgasy;

4) ot-iýmleriň we ot-iým goşundylarynyň hödürlenilýän nusgalary (nusgalarda ot-iýmleriň, ot-iým goşundylarynyň ulanma görkezijisinde (olar gaplanan halatynda olaryň gaplarynda) mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenendigi baradaky ýazgylaryň, nyşanlaryň we resminamalaryň bolmagy hökmanydyr);

5) söwda kysymyny, önüm öndürijiniň adyny, salgysyny, görnüşini, düzümini, ulanyş usullaryny, ulanmak üçin görkezijilerini, garşy görkezijilerini, ulanyş möhletini we şertlerini tassyklaýan resminamalary;

6) Türkmenistana getirilýän ot-iýmleriň we ot-iým goşundylarynyň getirilýän daşary ýurt döwletlerinde bellige alnandygy baradaky maglumatlar;

7) ot-iýimiň we ot-iým goşundylarynyň öndürilen ýurdunda geçirlen seljermeleriň we synaglaryň netijeleri barada resminamalar;

8) ot-iýmleriň we ot-iým goşundylarynyň kadalaşdyryjy-tehniki resminamalary.

6. Gulluk ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny bellige almak üçin şu Tertibiň bäşinji böleginde görkezilen resminamalary kabul edýär we bu barada Gullukda ýöredilýän ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny bellige alyş kitabynda ýazgy edýär.

7. Gulluk şu Tertibiň bäşinji böleginde görkezilen resminamalaryň gelip gowşan gününden başlap, 20 (ýigrimi) iş gününiň dowamynda şol resminamalara seljerme işlerini geçirip, resminamalaryň doly we dogrulygyny anyklaýar.

8. Gulluk tarapyndan şu aşakdaky ýagdaýlarda arza berijiniň beren resminamalary yzyna gaýtarylýar:

1) arza beriji tarapyndan berlen resminamalarda doly bolmadyk, nädogry ýa-da şübheli maglumatlar bolan ýagdaýynda;

2) synag işleri oňyn netijeleri bermedik bolsa.

Arza beriji tarapyndan tabşyrylan resminamalarda ýetmezçilikleriň bolmadyk halatynda, bellige almak üçin hödürlenýän ot-iýmiň we ot-iým goşundylarynyň nusgasy Gullugyň akkreditirlenen ýa-da attestatlaşdyrylan barlaghanasyna synag barlaglaryndan geçirilmegi üçin iberilýär. Bu synag işleri nusganyň gelip gowşan gününden başlap 45 (kyrk bäş) senenama gününiň dowamynda geçirilmäge degişlidir. Synag işleri oňyn netije beren ýagdaýynda, synag geçiren barlaghana tarapyndan netijenama düzülip, netijenama arza berijiniň beýleki resminamalaryna goşulýar we bu resminamalar toplumy seretmek üçin Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi (mundan beýläk - Ministrlik) tarapyndan döredilýän Ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny bellige almak boýunça Toparyň (mundan beýläk - Topar) garamagyna hödürlenilýär.

9. Resminamalar Topar tarapyndan kabul edilen gününden başlap 20 (ýigrimi) iş gününiň dowamynda seredilmäge degişlidir.

Topar onuň garamagyna hödürlenen resminamalara umumy seljerme geçirip, olaryň Türkmenistanda hereket edýän kanunçylygyna hem-de bu ugurda Türkmenistanyň ykrar eden halkara ylalaşyklaryna laýyk gelýändigine barlaglary geçirip, ot-iým we ot-iým goşundyny bellige almak, gaýtadan bellige almak ýa-da bellige almakdan ýüz öwürmek hakynda netijenamalaryň birini kabul edýär.

Toparyň netijenamalary sesleriň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär, teswirnama bilen resmileşdirilýär.

Toparyň ot-iým we ot-iým goşundysyny bellige almak, gaýtadan bellige almak baradaky netijenamasy ot-iým we ot-iým goşundysyny Döwlet reýestrine girizmek üçin esas bolýar.

10. Topar tarapyndan ot-iým we ot-iým goşundysyny bellige almak hakynda netijenama kabul edilen ýagdaýynda, Gulluk şol ot-iým we ot-iým goşundysyny Döwlet reýestrine girizýär hem-de arza berijä 2 (iki) iş gününiň dowamynda Şahadatnama resmileşdirýär we gowşurylýar. Gullugyň jogapkär wezipeli işgäri tarapyndan Şahadatnamanyň gowşurlandygy hakynda bellige alyş kitabynda degişli bellikler edilýär.

11. Şahadatnama 5 (bäş) ýyl möhlet bilen berilýär.

12. Ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny gaýtadan bellige almak olaryň ilkinji gezek bellige alnyşyndaky ýaly şu Tertibe laýyklykda geçirilýär.

13. Ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny gaýtadan bellige almak şu aşakdaky ýagdaýlarda amala aşyrylýar:

1) arza berijiniň adynyň, hukuk salgysynyň, önümçilik tehnologiýasynyň üýtgän ýa-da ol bellenilen tertipde gaýtadan döwlet tarapyndan bellige alnan ýagdaýynda;

2) Şahadatnamanyň hereket edýän möhleti tamamlanan ýagdaýynda.

14. Türkmenistana şu aşakdaky maksatlar üçin getirilýän ot-iýmleri we ot-iým goşundylary bellige alynmaga degişli däldir:

1) ot-iýmleri we ot-iým goşundylary bellige almak üçin nusgalary getirilende;

2) ýerlemek hukugy bolmazdan sergilerde, ýarmarkalarda, maslahatlarda görkezmek üçin getirilen ot-iýmleri we ot-iým goşundylary;

3) içerki bazarda ýerlenilmegine hukugy bolmazdan, diňe paçsyz söwda dükanlarynda ýerlemek üçin niýetlenen ot-iým we ot-iým goşundylary.


III bap. Şahadatnamanyň hereketini togtatmak we ýatyrmak.

Şahadatnamany gaýtadan bermek

 

15. Şahadatnamanyň hereketi şu aşakdaky ýagdaýlarda togtadylyp bilner:

1) synag barlaghananyň barlaghana netijeleri esasynda, şol sanda weterinariýa çygrynda geçirilýän monitoringiň esasynda ot-iýmleriň we ot-iým goşundylaryň hiliniň howpsuzlygynyň weterinariýa-sanitariýa kadalarynyň we olara degişli kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmeýändigi ýüze çykarylsa;

2) ot-iýmleri we ot-iým goşundylary öndürilende weterinariýa-sanitariýa kadalarynyň we olara degişli kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplary bozulyp öndürilendigi ýüze çykarylsa.

16. Gulluk şu Tertibiň on bäşinji böleginde görkezilen bozulmalary ýüze çykaran halatynda ýüze çykarlan bozulmalary resmileşdirip, Şahadatnamanyň hereketiniň togtadylmagy baradaky meseläni Toparyň garamagyna hödürleýär. Topar Gullugyň ýol berlen bozulmalar barada hödürlän resminamalaryna 10 (iş) gününiň dowamynda seredip, Şahadatnamanyň hereketini togtatmak ýa-da onuň hereketiniň togtatmakdan ýüz öwürmek hakynda netijenamanyň birini kabul edýär.

Topar Şahadatnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren bozulmalary düzetmek üçin Şahadatnamaly şahslara möhlet bellemäge borçludyr. Görkezilen möhlet 1 (bir) aýdan köp bolmaly däldir.

Eger Şahadatnamaly şahslar görkezilen bozulmalary bellenen möhletde düzetmese, onda Topar Şahadatnamanyň hereketini ýatyrmak hakynda netijenama kabul edip biler.

17. Şahadatnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren bozulmalar düzedilenden soň, Şahadatnamaly şahslar Şahadatnamanyň hereketini dikeltmek hakyndaky arza bilen Gulluga ýüz tutmalydyrlar.

18. Gulluk:

1) arzany alan gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda Şahadatnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren bozulmalaryň Şahadatnamaly şahslar tarapyndan düzedilendigini barlamak maksady bilen barlag geçirýär;

2) barlag tamamlanan gününden başlap 3 (üç) iş gününiň dowamynda, barlagyň netijeleriniň esasynda Şahadatnamanyň hereketini dikeltmek ýa-da dikeltmekden ýüz öwürmek hakynda netijenamanyň kabul edilmegi üçin Topara hödürleýär we Toparyň kabul eden netijenamasy barada Şahadatnamaly şahsa ýazmaça görnüşde habar berýärler.

19. Topar tarapyndan Şahadatnamanyň hereketiniň ýatyrylmagy baradaky netijenamanyň kabul edilmegine aşakdaky ýagdaýlarda ýol berilýär:

1) weterinariýa çygrynda geçirilýän monitoringiň netijeleri boýunça ot-iýmleri we ot-iým goşundylary ulanylan mahalynda haýwanlaryň janyna we saglygyna, onuň nesline ýaramsyz täsirleri ýüze çykarylanda;

2) Şahadatnamanyň eýesi ýa-da onuň kanuny wekili tarapyndan Şahadatnamanyň ýatyrylmagy hakynda arza berlende;

3) Şahadatnamanyň eýesi tarapyndan Şahadatnama üýtgetmeleriň we (ýa-da) goşmaçalaryň girizilmegine getirip biljek zerur maglumatlar görkezilen üýtgetmeler we (ýa-da) goşmaçalar ýüze çykan gününden başlap 20 (ýigirmi) senenama gününiň dowamynda berilmese;

4) kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi esasynda;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki ýagdaýlarda.

20. Şahadatnama şu aşakdaky halatlarda hukuk güýjüni ýitirýär:

1) Şahadatnamanyň möhleti gutaranda;

2) Şahadatnama ýatyrylanda;

3) Şahadatnamaly ýuridik şahs ýatyrylanda;

4) Şahadatnamaly fiziki şahs hususy telekeçi hökmünde işini bes eden ýa-da ölen halatynda;

5) Şahadatnamaly fiziki şahs kazyýet tarapyndan fiziki şahsyň kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilende;

6) Şahadatnamaly şahsyň arzasynyň esasynda Şahadatnamanyň hereketini ýatyrmak hakynda Topar tarapyndan netijenama kabul edilen mahalynda.

21. Şahadatnama ýitirilende, ogurlananda ýa-da ulanyp bolmajak derejede zaýalananda ýa-da berlen şahadatnamanyň ýok bolan beýleki ýagdaýlarynda şahadatnamany gaýtadan almak üçin Arza beriji Gulluga Şahadatnamany gaýtadan bermek hakynda arza bilen ýüz tutýar. Gulluk gaýtadan şahadatnama almak üçin ýüz tutan arza berijiniň arzasyny gelip gowşan gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda seljerip, Şahadatnamany 2 (iki) iş gününiň dowamynda Arza berijä gowşurýar.

22. Şahadatnama gaýtadan berlende öňki şahadatnamadaky degişli bellikler täze Şahadatnama geçirilýär we oňa “gaýtadan” diýip bellik edilýär. Ýitirilen we ogurlanan şahadatnama Şahadatnama gaýtadan berlen gününden hakyky däl diýlip hasap edilýär.


IV bap. Jemleýji düzgünler

 

23. Weterinariýa işi babatyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagynda günäli bilnen fiziki we ýuridik şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

24. Şu Tertipde düzgünleşdirilmedik ýagdaýlar ýüze çykan halatynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna goldanylýar.


Ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny

bellige almagyň tertibine 1-nji goşundy


Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky

gurşawy goramak ministrliginiň

ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugyna


Ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny bellige almak barada

ARZA


Türkmenistanda öndürilen we Türkmenistana getirilen ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny bellige almagyňyzy we bu barada şahadatnamany bermegiňizi haýyş edýärin.

___________________________________________________________________

(öndürilen ýurdy)


1. Arza beriji _____________________________________________________

(ýuridik şahsyň doly ady we esaslandyryjy resminamalary, Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk

___________________________________________________________________

döwlet sanawyndan göçürmesi, fiziki şahsyň - familiýasy, ady, atasynynyň ady, pasport ýa-da beýleki resminama maglumatlary)


2. Arza berijiniň ýerleşýän ýeri______________________________________

(ýuridik şahsyň - hukuk salgysy, fiziki şahsyň – ýaşaýan ýeriniň salgysy,

____________________________________________________________________

telefon (faks) belgisi)

3. Arza berijiniň wekili_____________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady, salgysy, telefony (faksy) ynanç hatynyň senesi we belgisi,

___________________________________________________________________

şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň maglumatlary, salgysy (fiziki şahslar üçin)

4. Ot-iýmleri we ot-iým goşundylary barada maglumat:

1) Ot-iýmleriň we ot-iým goşundylarynyň ady__________________________

asyl nusgada rus dilindäki

___________________________________________________________________

atlandyrylyşy, latyn dilinde ylmy atlandyrylyşy we patentleşdirilmedik halkara ady)

2) Ot-iýmleriň we ot-iým goşundylarynyň goýberilişiniň görnüşi___________

____________________________________________________________________

3) Ot-iýmleriň we ot-iým goşundylarynyň düzümi_______________________

___________________________________________________________________

4) Ot-iýmleriň we ot-iým goşundylarynyň niýetlenişi______________________

5. Patentiň belgisi we eýesi________________________________________

6. Ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny taýýarlaýjy______________________

(ýuridik şahsyň doly ady, hukuk salgysy, telefony)

____________________________________________________________________

7. Ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny öndüriji__________________________

(önüm öndürijiniň doly ady, hukuk

____________________________________________________________________

salgysy, telefony) (daşary ýurtdaky) önüm öndürijiniň ady

8. Beýleki ýurtlarda bellige alnandygy baradaky maglumatlar______________

(daşary ýurtda bellige alnan wagty we belgisi,

bellige alyş möhletiniň tamamlanýan wagty)


Arza berildi “____”________20 ý ____________________

(Arza berijiniň, wekiliniň goly)

Möhür


Ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny

bellige almagyň tertibine 2-nji goşundy


Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky

gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky

Döwlet weterinariýa gullugy



Ot-iýmleriň we ot-iým goşundylarynyň bellige alnandygy barada

ŞAHADATNAMA

 

№_____________ “_____”_______20____ ý.


____________________________________________________________________

(Arza berijiniň doly ady, salgysy, ot-iýmleriň, ot-iým goşundylarynyň we önüm öndürijiniň ady) ___________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

Döwlet tarapyndan bellige alyndy, döwlet reýestrine girizildi, ot-iýmleri we ot-iým goşundylaryny Türkmenistanda öndürmäge we Türkmenistana getirmäge rugsat edilýär.

____________________________________________________________________


Şu Şahadatnama__________________________________________________

(ot iýmlerine we ot-iým goşundylaryna geçirilen barlaghana synaglarynyň we seljermesiniň netijeleri )

____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________esasynda berildi.


Döwlet tarapyndan bellige alnandygy barada Şahadatnamanyň hereket edýän möhleti:

____________________________________________________________________


Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy

goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet

weterinariýa gullugynyň başlygy _________ ____________________

M.Ý. (goly) (familiýasy, ady, atasynyň ady)




Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 9-njy iýunynda 1477 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.