Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2021-nji ýylyň 10-njy maýynda çykaran 23-iş belgili buýrugy

Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2021-nji ýylyň 10-njy maýynda çykaran 23-iş belgili

B U Ý R U G Y


Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmagy kämilleşdirmek hakynda


2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda kabul edilen “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda”, 2010-njy ýylyň 10-njy maýynda kabul edilen “Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna we “Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamany tassyklamak barada” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 6-njy aprelinde çykaran 2213-nji kararyna laýyklykda hem-de Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak we adwokatyň tälim alyjylaryny hünär synagyndan geçiriş toparlarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Şulary tassyklamaly (goşulýar):

1) Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak boýunça toparyň düzümini;

2) Adwokatyň hünär tälim alyjylarynyň hünär synagyny geçirmek boýunça toparyň düzümini;

3) Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak boýunça toparyň işiniň tertibini;

4) Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgäri babatda barlaglary geçirmegiň tertibini;

5) Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan hünär synagyndan geçmegiň tertibini.

2. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda 1190 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Ygtyýarnamanyň dalaşgärlerini hünär synagyndan geçirmegiň tertibini kämilleşdirmek barada” Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda çykaran 5-iş belgili buýrugyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Adalat ministriniň Hukuk kömegi müdirliginiň işine gözegçilik edýän orunbasaryna we Hukuk kömegi müdirliginiň müdirine tabşyrmaly.


Ministr B.Muhamedow 

 

Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2021-nji ýylyň 10-njy maýynda

çykaran 23-iş belgili buýrugy bilen

tassyklandy


Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak boýunça toparyň düzümi



1. Türkmenistanyň Adalat ministriniň Hukuk kömegi müdirliginiň işine gözegçilik edýän orunbasary (Toparyň başlygy);

2. Hukuk kömegi müdirliginiň müdiri (Toparyň agzasy);

3. Kanunçylyk müdirliginiň müdiri (Toparyň agzasy);

4. Halkara-hukuk gatnaşyklary müdirliginiň müdiri (Toparyň agzasy);

5. Hukuk kömegi müdirliginiň notariat we raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň müdiri (Toparyň agzasy);

6. Hukuk kömegi müdirliginiň maslahatçysy (Toparyň kätibi).

 

Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2021-nji ýylyň 10-njy maýynda

çykaran 23-iş belgili buýrugy bilen

tassyklandy


Adwokatyň hünär tälim alyjylarynyň hünär synagyny

 geçirmek boýunça toparyň 

düzümi


1. Türkmenistanyň Adalat ministriniň Hukuk kömegi müdirliginiň işine gözegçilik edýän orunbasary (Toparyň başlygy);

2. Hukuk kömegi müdirliginiň müdiri (Toparyň agzasy);

3. Kanunçylyk müdirliginiň konstitusion kanunçylyk bölüminiň müdiri (Toparyň agzasy);

4. Halkara-hukuk gatnaşyklary müdirliginiň daşary ykdysady işiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiri (Toparyň agzasy);

5. Hukuk kömegi müdirliginiň notariat we raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň müdiri (Toparyň agzasy);

6. Hukuk kömegi müdirliginiň maslahatçysy (Toparyň kätibi).


Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2021-nji ýylyň 10-njy maýynda

çykaran 23-iş belgili buýrugy bilen

tassyklandy

 

Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak boýunça toparyň işiniň tertibi

 

1. Şu Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak boýunça toparyň işiniň tertibi (mundan beýläk - Tertip) 2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda kabul edilen “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamany tassyklamak barada” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 6-njy aprelinde çykaran 2213-nji kararyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlandy we Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak boýunça topary (mundan beýläk - Topar) döretmegiň we onuň işiniň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Topar öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny, “Türkmenistanyň adalat edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň 2016-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda çykaran 14970-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Adalat ministrligi hakynda Düzgünnamany, “Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ytyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamany tassyklamak barada” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 6-njy aprelinde çykaran 2213-nji karary bilen tassyklanan, Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamany (mundan-beýläk Düzgünnama) we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, şeýle hem şu Tertibi goldanýar.

3. Topar Türkmenistanyň Adalat ministriniň buýrugy bilen döredilýär we onuň agzalary kesgitlenilip, düzümi tassyklanylýar.

Türkmenistanyň Adalat ministri Toparyň işini utgaşdyrýar, onuň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär.

Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arza we onuň ýanyna sanaw boýunça goşulýan resminamalaryň kabul edilmegini, Toparyň mejlisine resminamalaryň taýýarlanylmagyny, onuň netijenamalary esasynda kabul edilen çözgütler boýunça maglumatlary Türkmenistanyň degişli fiziki we ýuridik şahslarynyň (mundan beýläk–şahslar) dykgatyna ýetirilmegini Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň (mundan beýläk – Ministrlik) Hukuk kömegi müdirligi amala aşyrýar.

4. Topar şu aşakdaky işleri amala aşyrýar:

1) fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini (mundan beýläk – hukuk kömegini bermek işi) amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany almaga dalaş edýän şahslaryň (mundan beýläk – ygtyýarnamanyň dalaşgäri) hünär synagyny geçirýär;

2) ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen ygtyýarnamany bermek hakyndaky arzada we onuň ýanyna goşulýan resminamalarda bar bolan maglumatlaryň dolulygyny we dogrulygyny, ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligini barlaýar (mundan beýläk – barlag) hem-de bildirilýän talaplara we şertlere laýyk gelýändigi ýa-da laýyk gelmeýändigi barada netijenama düzýär;

3) ygtyýarnamanyň dalaşgärinden barlag geçirilende gerek bolan resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary alýar;

4) ygtyýarnamanyň dalaşgäri babatda geçirilen hünär synagynyň netijeleri boýunça netijenama düzýär;

5) hünär synagynyň netijeleri boýunça beýleki resminamalary resmileşdirýär;

6) ygtyýarnamany bermek (bermekden ýüz öwürmek), ygtyýarnama goşmaça girizmek, ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek, onuň hereketini togtatmak, dikeltmek, hereketini bes etmek we ýatyrmak hakynda çözgütlerini netijenama görnüşde resmileşdirýär;

7) ygtyýarlylandyrmak bilen bagly Toparyň ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleler boýunça çözgütleri kabul edýär.

5. Toparyň düzümine Toparyň başlygy we bäşden köp bolmadyk Ministrligiň merkezi edarasynyň hünärmenlerinden döredilen Topar agzalary, şol sanda Toparyň kätibi girýär.

Toparyň kätibiniň ses bermek hukugy ýokdur.

6. Türkmenistanyň Adalat ministriniň orunbasary Toparyň başlygy bolup durýar. Toparyň başlygynyň bolmadyk halatynda, Toparyň mejlisine Ministrligiň wezipeli adamy bellenilýär.

7. Toparyň başlygy:

1) Topara umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar;

2) Toparyň işini guraýar;

3) Toparyň mejlisini we hünär synagyny geçirmegiň gününi, wagtyny we ýerini kesgitleýär;

4) Toparyň mejlisinde başlyklyk edýär we mejlisini alyp barýar;

5) Toparyň mejlisiniň netijenamalaryna, ykrarnamalaryna, hünär synagy kagyzlaryna we beýleki resminamalaryna hem-de teswirnamalaryna gol çekýär;

6) berlen resminamalarda doly däl, nädogry we şübheli maglumatlar bilen bagly meselede degişli edaralardan zerur maglumatlary sorap alýar;

7) ygtyýarnamanyň dalaşgärinden zerur resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary soraýar we alýar;

8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

8. Topar agzasy:

1) Topara berlen resminamalar bilen tanyşýar;

2) Toparyň mejlisine gatnaşýar;

3) Toparyň çözgütleriniň kabul edilmegine gatnaşýar;

4) Toparyň mejlisiniň teswirnamasynda beýan edilýän aýratyn pikirini aýdyp bilýär;

5) Topar agzalarynyň garamagyna degişli bolan resminamalara gol çekýär.

9. Toparyň kätibi:

1) ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan Düzgünnamada bellenilen resminamalaryň dolulygyny we dogrulygyny barlaýar we degişli resminamalary resmileşdirýär;

2) geçirilen barlagyň netijeleri boýunça ykrarnamany düzýär;

3) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň şu bölegiň 1-nji bendinde bellenen barlagdan geçen ýagdaýynda, bu barada dykgatnamany düzýär we ygtyýarnamanyň dalaşgärine hünär synagyna goýberilýändigi, hünär synagyny geçirmek üçin bellenen güni, wagty we ýeri barada habar berýär;

4) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň şu bölegiň 1-nji bendinde bellenen barlagdan geçmedik ýagdaýynda, bu barada dykgatnamany düzýär we barlagyň netijesi boýunça ygtyýarnamany bermekden ýüz öwürmek hakynda Toparyň çykaran netijenamasyny resmileşdirýär;

5) hünär synagynyň geçiriljek güni we wagty barada Topar agzalaryna habar berýär;

6) hünär synagy üçin resminamalary we Toparyň mejlisiniň gün tertibiniň beýleki meseleleri boýunça resminamalary taýýarlaýar, iş dolandyryşy alyp barýar;

7) Toparyň mejlisleriniň geçirilmegi bilen bagly guramaçylyk işlerini ýerine ýetirýär;

8) Toparyň mejlisiniň teswirnamasyny ýöredýär;

9) ygtyýarnamalary resmileşdirýär we olaryň sanawyny ýöredýär;

10) Toparyň mejlisiniň netijenamalaryna, ykrarnamalaryna, hünär synagy kagyzlaryna we beýleki resminamalaryna we teswirnamalaryna gol çekýär;

11) Toparyň mejlisleriniň teswirnamalarynyň we beýleki resminamalarynyň arhiwini ýöredýär;

12) beýleki tabşyryklary ýerine ýetirýär.

Toparyň mejlisleriniň guralyşyna we geçirilişine Toparyň kätibi jogapkärdir.

10. Toparyň kätibi bolmadyk halatynda, onuň wezipeleri başga hünärmene ýüklenip bilner.

11. Toparyň mejlisiniň agzalarynyň ikiden bir bölegi gatnaşan ýagdaýynda, Topar hünär synagyny geçirmeklige we synagyň jemleri boýunça degişli netijeleri kabul etmeklige ygtyýarly hasap edilýär.

Toparyň ähli çözgütleri, toparyň mejlise gatnaşýan agzalarynyň açyk ses bermeginde, sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär. Sesler deň bolan ýagdaýynda, Toparyň başlygynyň sesi kesgitleýji bolýar.

Ses berlen mahaly ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň hünäri boýunça bilim derejesi, orta atylýan soraglara dogry we takyk jogaplaryň sany nazara alynýar.

Ses bermeklik ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ýok mahaly geçirilýär.

12. Topar tarapyndan ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşine kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan bildirilýän talaplara we şertlere laýyk gelýändigi ýa-da laýyk gelmeýändigi barada netijenama çykarylanda, degişlilikde Türkmenistanyň Adalat ministri “ygtyýarnamany bermek hakynda çözgüt kabul edildi” ýa-da “ygtyýarnamany bermekden ýüz öwürmek hakynda çözgüt kabul edildi” diýen çözgüt kabul edýär.

Toparyň netijenamasynda ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini ýerine ýetirmäge laýyk gelýändigi ýa-da gelmeýändigi göni beýan edilýär.

Toparyň çykarýan çözgütleri netijenama görnüşinde resmileşdirilýär.

13. Toparyň her bir kabul eden çözgüdi boýunça resmileşdirilen netijenamalara mejlise gatnaşýan Toparyň ähli agzalary tarapyndan gol çekilýär we ol Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan tassyklanylýar.

14. Toparyň mejlisinde teswirnama ýöredilýär, oňa Toparyň başlygy we kätip gol çekýär.

Teswirnamada Toparyň mejlisiniň geçirilen güni we wagty, Toparyň mejlisine gatnaşýan agzalaryň familiýalary, atlary, atalarynyň atlary, ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň familiýasy, ady, atasynyň ady, berlen soraglar we olara berlen jogaplar gysgaça beýan edilýär.

15. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň Ministrligiň ygtyýarnamany bermekden ýüz öwürmegine ýa-da onuň hereketsizligine ygtyýarnama gözegçiligi edarasyna ýa-da kazyýete şikaýat etmäge hukugy bardyr. Şunda ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň garaşsyz seljermäniň geçirilmegini talap etmäge hukugy bardyr.

Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak ýa-da dikeltmekden ýüz öwürmek hakynda, şeýle hem ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda çözgüde ygtyýarnamaly tarapyndan ygtyýarnama gözegçiligi edarasyna ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilner.

16. Toparyň mejlisi şu halatlarda geçirilmeýär:

1) ygtyýarnamanyň dalaşgäri Toparyň mejlisine gatnaşyp bilmedik ýagdaýynda;

2) ygtyýarnamanyň dalaşgäri hünär synagyndan geçmekden ýüz öwürse.

17. Şu Tertip bilen kadalaşdyrylmadyk gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.


Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2021-nji ýylyň 10-njy maýynda

çykaran 23-iş belgili buýrugy bilen

tassyklandy


Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgäri babatda barlaglary geçirmegiň tertibi

 

1. Şu Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgäri babatda barlaglary geçirmegiň tertibi (mundan beýläk - Tertip) 2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda kabul edilen “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamany tassyklamak barada” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 6-njy aprelinde çykaran 2213-nji karary bilen tassyklanan, Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy hem-de ygtyýarnamany almak maksady bilen, fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini (mundan beýläk - hukuk kömegini bermek işi) amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgärleri (mundan beýläk – ygtyýarnamanyň dalaşgäri) babatda barlaglary geçirmegiň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Hukuk kömegini bermek işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamanyň (mundan beýläk-ygtyýarnama) berilmeginiň maksady, hukuk kömegi berlende döwletiň, fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramagy, şeýle hem ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň berjaý edilmegini üpjün etmek bolup durýar.

3. Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arza Türkmenistanyň Adalat ministrligine (mundan beýläk – Ministrlik) berilýär.

Ýokary ýuridik bilimli, hukuk hünäri boýunça azyndan iki ýyl üznüksiz iş döwri bolan, iş kesilenlik aýby bolmadyk ýa-da onuň kanunda bellenen tertipde öz-özünden aýrylan ýa-da aýrylan bolan, Ministrlikde hukuk kömegini bermek işini amala aşyrmak üçin hünär synagyndan geçen Türkmenistanyň raýatynyň (mundan beýläk – fiziki şahs) we hukuk kömegini bermek işini amala aşyrmak üçin fiziki şahslar üçin bellenen hünär talaplaryna laýyk gelýän, üçden az bolmadyk işgärleri bolan, esaslandyryjysynda (esaslandyryjylarynda) iş kesilenlik aýby bolmadyk ýa-da onuň kanunda bellenen tertipde öz özünden aýrylan ýa-da aýrylan bolan ýuridik şahslarynyň hukuk kömegini bermek işini amala aşyrmaga hukugy bardyr.

4. Ygtyýarnamany almak üçin ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen ygtyýarnama bermek hakyndaky arzasynda (mundan beýläk - arza) we oňa goşulan resminamalarda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna, ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligine barlag (mundan beýläk - barlag) geçirilýär.

Ygtyýarnamanyň dalaşgärleri arzanyň ýanyna şu aşakdaky resminamalary goşmalydyrlar:

1) ýuridik şahs üçin:

a) esaslandyryş resminamalaryň nusgalary, Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme, ynanç haty ýa-da ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň wekiliniň ygtyýarlygyny tassyklaýan buýrugy;

b) işgärleriň wezipe sanawynyň nusgasy, ýolbaşçynyň, esaslandyryjynyň (esaslandyryjylaryň) we hukuk kömegini bermek işini amala aşyrjak hünärmenleriň şu bölegiň 2-nji bendinde görkezilen resminamalary;

ç) hukuk kömegini bermek işini amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnamaly işgärler baradaky maglumatlary we olar babatda şu bölegiň 2-nji bendinde görkezilen resminamalary;

d) ygtyýarlylandyrylýan işiň görnüşini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamanyň dalaşgärinde peýdalanýan edara jaýyň barlygyny (eýeçiliginde, kireýine almak ýa-da başga kanuny esasda peýdalanmagynda) tassyklaýan resminamalaryň nusgalary hem-de enjamlary barada maglumat;

2) fiziki şahs üçin:

a) bellenen görnüş boýunça doldurylan sowalnama (şu Tertibe goşundy);

b) Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasy;

ç) ýokary bilim barada diplomyň we bilim baradaky beýleki resmi namalaryň nusgalary;

d) zähmet depderçesiniň nusgasy.

5. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen arzada we oňa goşulan resminamalarda özi hakda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna, ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligine, şeýle hem ygtyýarnamanyň dalaşgäri hakynda maglumatlara we onuň ygtyýarnamanyň talaplaryny we şertlerini hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine barlagyň geçirilmegi hökmanydyr.

Ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligine, şeýle hem ygtyýarnamanyň dalaşgäri hakynda maglumatlara we onuň ygtyýarnamanyň talaplaryny we şertlerini hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine barlag Türkmenistanyň Adalat ministriniň buýrugy bilen döredilýän Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak boýunça topar (mundan beýläk-Topar) tarapyndan, ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen arzada we oňa goşulan resminamalarda özi hakda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna barlag Toparyň kätibi tarapyndan geçirilýär.

6. Barlag geçirilende:

1) ygtyýarnamanyň dalaşgärinden zerur resminamalar, düşündirişler we maglumatlar soralýar we alynýar;

2) geçirilen barlagyň netijesi boýunça ykrarnama (mundan beýläk - ykrarnama) düzülýär;

3) beýleki zerur hereketler amala aşyrylýar.

7. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri barlaglar geçirilende gerek bolan resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary Ministrlige bermäge borçludyr.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan arza goşulýan bellenilen görnüş boýunça sowalnamada görkezilen maglumatlar degişli resminamalar bilen tassyklanylmalydyr.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň familiýasy, ady, atasynyň ady üýtgän halatynda, familiýasynyň, adynyň, atasynyň adynyň üýtgedilendigi hakynda şahadatnamanyň nusgasy hem-de bellenilen tertipde doldurylan ygtyýarnamanyň dalaşgäri baradaky maglumatlar goşulmalydyr.

Berlen maglumatlarynyň doly bolmagyna we dogrulygyna fiziki şahs özi hem-de maglumatlary hödürleýän ýuridik şahsyň ýolbaşçysy jogap berýärler.

8. Barlag geçirilende ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň beren resminamalaryndaky maglumatlaryň dolulygy we dogrulygy hem-de ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirmek mümkinçiligi barlanylýar.

Geçirilen barlagyň netijesi boýunça şu aşakdakylaryň biri düzülýär:

1) resminamalaryň barlagynyň netijesi kanagatlanarly bolan halatynda, bu barada kätip tarapyndan ykrarnama taýýarlanylyp, hünär synagyna goýbermek barada dykgatnama;

2) resminamalaryň barlagynyň netijesi kanagatlanarsyz bolan halatynda, bu barada kätip tarapyndan ykrarnama taýýarlanylyp, hünär synagyna goýbermekden ýüz öwürmek barada dykgatnama;

3) ygtyýarnamanyň dalaşgäri Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bildirilýän ygtyýarnama talaplaryna we şertlerine laýyk gelmedik halatynda, Topar tarapyndan ygtyýarnama dalaşgäriniň ygtyýarnama talaplaryna we şertlerine laýyk gelmeýändigi barada dykgatnama.

Şu Tertibiň sekizinji böleginiň 3-nji bendinde görkezilen barlagyň netijesinde ygtyýarnamany bermekden ýüz öwürmek barada kabul edilen çözgüt boýunça Toparyň ygtyýarnamany bermekden ýüz öwürmek baradaky netijenamasy resmileşdirilýär we oňa Toparyň agzalary tarapyndan gol çekilýär hem-de Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan tassyklanylýar.

9. Çözgüt kabul edilenden soň 3 (üç) iş gününiň içinde kabul edilen çözgüt barada ygtyýarnamanyň dalaşgärine habar Toparyň kätibi tarapyndan ýazmaça görnüşde berilýär.

10. Şu Tertip bilen kadalaşdyrylmadyk gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.











Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini

bermek işini amala aşyrjak ygtyýarnamanyň

dalaşgäri babatda barlaglary geçirmegiň tertibine

goşundy


SOWALNAMA


Fotosurat üçin

4x6




1. Familiýasy, Ady










Atasynyň ady


2. Jynsy

___________________________________________________________________


_____________________________________________________________________




3. Doglan senesi





4. Doglan ýeri

 (güni, aýy, ýyly)

_______________________________________




5. Raýatlygy:






6. Pasport seriýasy,





berlen wagty we






kim tarapyndan

berlen







7. Bilimi




(okuw mekdebi)


Fakulteti



Okuwy tamamlan

ýyly


Diplomyň belgisi




Diplom boýunça hünäri




8. Alymlyk derejesi __________




9. Haýsy daşary ýurt dillerini bilýär ____________________________________________________________________________


10. Iş tejribesi hakynda zähmet depderçeden alnan maglumatlar





t/b

Döwür

Işlän ýeri

Wezipesi



Işe giren wagty

Işden çykan wagty



1.







2.







3.







4.







...








11. Daşary ýurtda bolanmy (iş bilen, gulluk sapary, syýahat)


Aýy we ýyly

Haýsy ýurtda

Daşary ýurt döwletlerinde bolmagyňyzyň maksady

Giren

Çykan










12. Şahsy maglumat doldurylan wagtdaky maşgala ýagdaýy _______________________________________________________

 (maşgala agzalaryny we olaryň doglan güni, aýy we ýyly görkezilmeli)

________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________




13. Hukuk kömegini bermek işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamaňyz togtadyldymy, ýatyryldymy? ________________________________________________________________________________________________________

(eger ýatyrylan bolsaonda haçan we sebäbini  görkezmeli)

________________________________________________________________________________________________________

14. Siz kazyýetiň çözgüdi boýunça belli bir wezipäni eýelemek hukugyndan ýa-da işiň belli bir görnüşi bilen meşgullanmakdan mahrum edildiňizmi?

________________________________________________________________________________________________________

(eger mahrum edilen bolsa, onda haçan we sebäbini görkezmeli)

____________________________________________________________________



15. Kazyýet jogapkärçiligine çekilendigiňiz barada maglumat

___________________________________________________________________



16.Ygtyýarnama boýunça ahyrky peýda alyjy kim

____________________________________________________________________




17. Öý salgysy





18. Öýjükli telefony


faks:




kody belgisi


kody belgisi



19. Öý telefony


faks:




kody belgisi


kody belgisi




Elektron salgysy:






20. Soragnamanyň doldurylan wagty ______ ýylyň “___”____________




Şahsy goly































Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2021-nji ýylyň 10-njy maýynda

çykaran 23-iş belgili buýrugy bilen

tassyklandy


Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan hünär synagyndan geçmegiň tertibi

 

1. Şu Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan hünär synagyndan geçmegiň tertibi (mundan beýläk - Tertip) 2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda kabul edilen “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamany tassyklamak barada” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 6-njy aprelinde çykaran 2213-nji karary bilen tassyklanan, Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy hem-de fiziki we ýuridik şahsyň (mundan beýläk- ygtyýarnamanyň dalaşgäri) hukuk kömegini bermek işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamany (mundan beýläk-ygtyýarnama) almak maksady bilen hünär synagyndan geçmeginiň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Hünär synagyndan geçmek hukuk kömegini bermek işini amala aşyrjak ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň işiň şu görnüşini amala aşyrmagy üçin hökmany şert bolup durýar.

3. Hünär synagy ygtyýarnamanyň dalaşgäri - fiziki şahslar ýa-da ýuridik şahslar üçin geçirilýär.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri - fiziki şahslar hem-de ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň - ýuridik şahsyň hukuk kömegini bermek işini amala aşyrjak işgärleri hünär synagyndan geçýärler. Şunda ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň - ýuridik şahsyň hünär synagyndan geçen işgärleriniň sany üçden az bolup bilmez. Olar hünär synagyndan geçmedik ýagdaýynda, ygtyýarnamanyň berilmegine ýol berilmeýär.

Ygtyýarnamaly ýuridik şahs hünär synagyndan geçmedik (ygtyýarnamasy bolmadyk) işgärlerini hukuk kömegini bermek işine ol hünär synagyndan geçenden soň çekip biler.

4. Hünär synagy Türkmenistanyň Adalat ministriniň buýrugy bilen döredilen Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak boýunça topar (mundan beýläk-Topar) tarapyndan geçirilýär.

5. Hünär synagyna şu aşakdakylar goýberilmeýär:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen arzada we oňa goşulýan resminamalarda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna geçirilýän, ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirmek mümkinçiligini barlaýan barlagdan (mundan beýläk – barlag) geçmedik bolsa;

2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jenaýat edendigi üçin iş kesilenlik aýby onuň kanunda bellenen tertipde öz-özünden aýrylmadyk ýa-da aýrylmadyk bolsa;

3) öň hünär synagyna goýberilip, ony tabşyryp bilmedik pursatyndan azyndan alty aý geçmedik bolsa;

4) kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäkli diýlip kazyýet tarapyndan ykrar edilen bolsa;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

6. Hünär synagyny geçirmegiň güni şu sebäpler boýunça başga güne geçirilip bilner:

1) saglygy goraýyş edarasynyň resminamasy bilen tassyklanylan ýarawsyzlyk netijesinde ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň hünär synagyna gatnaşyp bilmedik ýagdaýynda;

2) ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan hünär synagyny başga güne geçirilmegini haýyş edip, resmi taýdan habar edilen ýagdaýynda;

3) Toparyň mejlisiniň agzalarynyň ikiden bir böleginiň gatnaşmadyk ýagdaýynda;

4) beýleki esasly sebäpler bilen bagly ýagdaýlarda.

7. Hünär synagyna goýberilen ygtyýarnamanyň dalaşgäri bellenen möhletdäki hünär synagyna gatnaşyp bilmejek bolsa, onda ol hünär synagynyň geçiriljek gününden öň 1 (bir) iş gününden gijä galman gatnaşyp bilmeýändiginiň sebäplerini düşündirmek arkaly, hat üsti bilen habar bermelidir. Şu halatda ygtyýarnamanyň dalaşgäri nobatdaky hünär synagyna goýbermek meselesini çözmek üçin gatnaşmazlygynyň sebäplerini tassyklaýan resminamalary görkezmelidir.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri esasly sebäpler bolmazdan hünär synagyna gatnaşmadyk, sebäpleriň esaslydygyny tassyklaýan resminamany görkezip bilmedik ýa-da hünär synagyna gatnaşmakdan ýüz öwren halatynda, ol hünär synagyndan geçmedi diýlip hasaplanylýar we bu barada Hünär synag kagyzynda (şu Tertibe goşundy) ýazgy edilýär.

8. Çözgüt kabul edilenden soň 3 (üç) iş gününiň dowamynda Topar tarapyndan kabul edilen çözgüt barada ygtyýarnamanyň dalaşgärine ýazmaça görnüşinde habar berilýär.

9. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri hünär synagyna pasportyny ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasyny görkezenden soň goýberilýär.

Esasly sebäpler bolmazdan, hünär synagyna gijä galan ygtyýarnamanyň dalaşgäri hünär synagyna gelmedi diýlip hasaplanylýar we onuň gaýtadan beren arzasy esasynda ol Toparyň nobatdaky mejlisine goýberilýär. Ilki başdaky beren arzasy bellenilen möhletlere laýyklykda ýapylýar.

10. Hünär synagy synaga goýberilen ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň bilim derejesini barlamak arkaly geçirilýär. Onuň hünär taýýarlygy Türkmenistanyň kanunçylygy boýunça barlanylýar.

11. Hünär synagy Türkmenistanyň Adalat ministrligi (mundan beýläk-Ministrlik) tarapyndan kesgitlenen görnüşi boýunça ýagny, test we söhbetdeşlik görnüşinde tapgyrlaýyn geçirilýär. Testdäki soraglar Ministrlik tarapyndan kesgitlenilýär.

12. Hünär synagy tapgyrlaýyn geçirilende:

1) birinji tapgyrda - test görnüşinde;

2) ikinji tapgyrda - söhbetdeşlik görnüşinde geçirilýär.

13. Hünär synagyň birinji tapgyrynyň soraglaryna Topar tarapyndan bellenen wagtyň dowamynda jogap berilýär. Onuň netijelerini oňyn diýip ykrar etmek üçin dogry jogaplaryň umumy jemi testiň soraglarynyň 75 göteriminden az bolmaly däldir. Dogry jogap - testde hödürlenen jogaplaryň içinden ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan dogry jogabyň saýlap alynmagydyr. Hünär synagynyň birinji tapgyry kompýuter arkaly ýa-da ýazmaça görnüşinde geçirilip bilner.

14. Hünär synagy geçirilýän mahaly ygtyýarnamanyň dalaşgärine kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan, düşündiriş beriji we ýörite edebiýatdan, aragatnaşyk serişdelerinden peýdalanmak, beýleki ygtyýarnamanyň dalaşgärleri bilen gepleşikleri geçirmek gadagan edilýär.

Bu talaplary bozan ygtyýarnamanyň dalaşgäri Toparyň mejlisler zalyndan çykarylýar we hünär synagyndan geçmedik diýlip hasaplanylýar.

15. Keseki adamlara hünär synagyna gatnaşmak gadagan edilýär.

16. Birinji tapgyrdan üstünlikli geçen ygtyýarnamanyň dalaşgäri hünär synagynyň ikinji tapgyryna goýberilýär. Topar berilýän soraglara dogry we doly jogap berşinden ugur alyp, ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň bilimine baha berýär.

17. Topar tarapyndan hünär synagynyň netijeleri kesgitlenilen mahaly “hünär synagyndan geçdi” ýa-da “hünär synagyndan geçmedi” diýen çözgüt kabul edilýär.

Hünär synagynyň netijeleri boýunça Hünär synagy kagyzy resmileşdirilýär we oňa Toparyň mejlisine gatnaşan agzalary tarapyndan gol çekilýär.

18. Hünär synagyň kagyzy hem-de testlere jogaplar Toparyň ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ygtyýarnamanyň talaplara we şertlere laýyk gelýändigi ýa-da laýyk gelmeýändigi barada netijenamasynyň ýanyna goşulýar we ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň şahsy işinde saklanylýar.

Toparyň ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ygtyýarnamanyň talaplara we şertlere laýyk gelýändigi ýa-da laýyk gelmeýändigi barada netijenamasy esasynda Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan ygtyýarnamany bermek hakynda ýa-da ony bermekden ýüz öwürmek hakynda çözgüt kabul edýär.

19. Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan çözgüt kabul edilenden soň, 3 (üç) iş gününiň dowamynda ygtyýarnamany bermek hakynda ýa-da ony bermekden ýüz öwürmek hakynda kabul edilen çözgüt barada sebäplerini görkezmek bilen kätip ygtyýarnamanyň dalaşgärine ýazmaça görnüşde habar berýär.

20. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri hünär synagyndan geçmedik halatynda, hünär synagyndan geçmedik pursatyndan azyndan alty aý geçenden soň gaýtadan ýüz tutup biler.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň Ministrligiň ygtyýarnamany bermekden ýüz öwürmegine ýa-da onuň hereketsizligine ygtyýarnama gözegçiligi edarasyna ýa-da kazyýete şikaýat etmäge hukugy bardyr. Şunda ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň garaşsyz seljermäniň geçirilmegini talap etmäge hukugy bardyr.

21. Şu Tertip bilen kadalaşdyrylmadyk gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.




Fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini

bermek işini amala aşyrjak ygtyýarnamanyň

dalaşgäri tarapyndan hünär synagyndan geçmegiň tertibine

goşundy


HÜNÄR SYNAGY KAGYZY


1. Familiýasy ___________________________________

Ady ___________________________________________

Atasynyň ady ___________________________________

2. Doglan güni _____ aýy ____________ ýyly _________

3. Bilimi _____________________________________

4. Bilimi boýunça hünäri___________________________

5. Alymlyk derejesi ______________________________

6. Toparyň çykaran çözgüdi_________________________

________________________________________________


Toparyň başlygy _________ ______________________

 (goly)    (familiýasy, ady, atasynyň ady)

Toparyň agzalary: _________ ______________________

   (goly)    (familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

________ ______________________

   (goly)  (familiýasy, ady, atasynyň ady)

________ ______________________

   (goly)    (familiýasy, ady, atasynyň ady)

________ ______________________

   (goly)    (familiýasy, ady, atasynyň ady)


Toparyň kätibi ________ ______________________

   (goly)    (familiýasy, ady, atasynyň ady)



Hünär synagynyň geçirilen güni “___” _________ 20___ ýyl.




Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda 1476 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.