Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2021-nji ýylyň 21-nji maýynda çykaran 25-iş belgili buýrugy

Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2021-nji ýylyň 21-nji maýynda çykaran 25-iş belgili

B U Ý R U G Y


Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet sanawynyň resminamalaryny ýöretmegiň Tertiplerini tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2019-njy ýylyň 12-nji martynda çykaran 19-iş belgili buýrugyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda


“Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen hem-de “Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugy döretmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykaran 14508-nji kararyna laýyklykda, buýurýaryn:

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 3-nji aprelinde 1206 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet sanawynyň resminamalaryny ýöretmegiň Tertiplerini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2019-njy ýylyň 12-nji martynda çykaran 19-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan:

    1) Döwlet tarapyndan bellige alynmaga gelip gowuşýan resminamalaryň hasaba alnyş kitabynyň ýöredilmeginiň Tertibinde:

a) on sekizinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“18. Kitabyň “Arza beriji” diýen sütüninde arza beriji barada şu aşakdaky kybaplaşdyryş maglumatlar görkezilýär:

1) fiziki şahs babatda – familiýasy, ady, atasynyň ady we hemişelik ýaşaýan ýeriniň ýa-da köplenç bolýan ýeriniň salgysy;

2) ölen şahsyň gozgalmaýan emläge bolan hukugy bellige alnanda, hukuk eýesi ölen sahs babatda – onuň ölenligini tassyklaýan degişli resminamanyň esasynda familiýasy, ady, atasynyň ady we ölen senesi 

3) arza arza berijiniň wekili tarapyndan berilýän halatynda arza berijiniň wekiliniň familiýasy, ady, atasynyň ady we hemişelik ýaşaýan ýeriniň ýa-da köplenç ýaşaýan ýeriniň salgysy, şeýle-de onuň ygtyýarlylygy ynanç haty, kanunçylyk, kazyýetiň çözgüdi esasynda gelip çykýan resminama laýyklykda anyklanylýar we degişli ýazgy edilýär;

4) ýuridik şahs babatda – doly ady, şeýle hem wekiliniň familiýasy, ady, atasynyň ady we onuň bu ýuridik şahsyň adyndan hereket etmäge ygtyýarlygyny tassyklaýan resminamasyna laýyklykda anyklanylýar we ýazgy edilýär.”

b) Tertibe goşulan 1-nji we 2-nji goşundylaryny şu görnüşde beýan etmeli:


 

Döwlet tarapyndan bellige alynmaga

gelip gowuşýan resminamalaryň hasaba alnyş

kitabynyň ýöredilmeginiň Tertibine

1-nji goşundy

Görnüş 01

 

Döwlet tarapyndan bellige alynmaga gelip gowuşýan resminamalaryň hasaba alnyş kitaby

 

T/b    Müdirligiň, onuň ýerli edarasynyň belgisi    Gelip gowşan belgisi, senesi we wagty    Arza beriji

     Gelip gowşan resminamalar

     Arza berijiniň ýüztutmasynyň maksady    Resminamalary kabul eden

(familiýasy, ady, atasynyň ady, goly)    Kabul edilen çözgüt    Berlen resminamalar    Bellik

 

 

1

     4:01

     1:2:03:2018    Amanowa Gülçire Gurdowna, Daşoguz şäheriniň Ahal köçesiniň 11-nji jaýynda ýazgyda duran.    1. Daşoguz şäher häkiminiň 12.03.2012ý çykaran N 341 belgili karary;

2. Aşgabat şäheriniň döwlet notarial edarasynyň 25.10.2019ý. №8555 belgi bilen hasaba alnan satyn almak-satmak şertnamasy;

 

     Daşoguz şäheriniň A.Tahyrow köçesiniň 11-nji jaýyna bolan

eýeçilik hukugy

Inwentar 123 belgili    Berdiýew Kemal Meredowiç    Döwlet tarapyndan bellige alyndy

4:01:123:22:03:2018    Şahadatnm

N123(0100023)

 

Arzanyň göçürme nusgasy

 

Bellik: Eger hukuk belleýji resminamada tassyklaýjy ýazgy edilse onda şol resminamanyň ady görkezilýär

      

Bellik: Sütünde ýazylanlar mysal üçin görkezilen.


Döwlet tarapyndan bellige alynmaga gelip

gowuşýan resminamalaryň hasaba alnyş

kitabynyň ýöredilmeginiň Tertibine

2-nji goşundy

 

Görnüş 01 A

 

Döwlet tarapyndan bellige alynmaga gelip gowuşýan resminamalaryň hasaba alnyş kitaby

 

T/b    Aşgabat şäher müdirliginiň, onuň ýerli edarasynyň we Döwlet tarapyndan bellige alynmaga gelip gowuşýan resminamalaryň hasaba alnyş kitabynyň belgisi    Gelip gowşan belgisi, senesi we wagty

     Arza beriji

     Gelip gowşan resminamalar

     Arza berijiniň ýüztutmasynyň maksady    Resminamalary kabul eden

(familiýasy, ady, atasynyň ady, goly)    Kabul edilen çözgüt    Berlen resminama-

lar    Bellik

1    1:01:01

     01:12:03:2018    Amanowa Gülçire Gurdowna, Daşoguz şäheriniň Ahal köçesiniň 11-nji jaýynda ýazgyda duran.    1. Aşgabat şäher häkiminiň12.03.2012ý çykaran N 341 belgili karary;

2. Aşgabat şäheriniň döwlet notarial edarasynyň 25.10.2019ý. №8555 belgi bilen hasaba alnan satyn almak-satmak şertnamasy;    Eýeçilik hukugy    Berdiýew Kemal Meredowiç    Döwlet tarapyndan bellige alyndy

4:01:123:22:03:2018    Şahadatnma N123(010002)

Arzanyň göçürme nusgasy

Bellik: Eger hukuk belleýji resminamada tassyklaýjy ýazgy edilse onda şol resminamanyň ady görkezilýär     

Bellikler: 1) bu görnüş Aşgabat şäher müdirliginiň ýerli edaralary üçin niýetlenen;

                2) sütünde ýazylanlar mysal üçin görkezilen.

 

2) Bellige alyş kitabynyň ýöredilmeginiň Tertibinde:

a) üç ýüz segseninji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“380. Döwlet sanawynda gozgalmaýan emläge bolan hukugynyň ýüze çykmagy, başga birine geçmegi, bes edilmegi döwlet tarapyndan bellige alnandan soň tükelleýiş işine döwlet bellige alyjysy tarapyndan degişli bellik edilýär. Şeýle hem, bu barada Gullugyň ýerli edaralary tarapyndan degişli gozgalmaýan emlägi hasaba alyjy edaralaryna her hepdäniň soňunda hepdäniň jemi boýunça Döwlet sanawynda gozgalmaýan emläge bolan hukugynyň ýüze çykmagy, başga birine geçmegi, bes edilmegi döwlet tarapyndan bellige alnanlar barada habar (şu Tertibe 31-nji goşundy) berilýär. Şunda, iberilýän habarlary we  beýleki zerur bolan maglumatlary hasaba alyjy edaralary bilen Gullugyň arasynda döredilen sanly maglumat-telekommunikasiýa toruna ornaşdyrylan programma üpjünçiliginiň üsti bilen elektron görnüşinde bellenilen tertibe laýyklykda alşylyp bilner. Sanly elektron aragatnaşyk ulgamy tehniki ýa-da başga sebäplere göra işlemedik halatynda, hat-habarlar poçta arkaly iberilýär. Bu maglumatlary alan degişli hasaba alyjy döwlet edaralar tarapyndan degişli resminamalarda gozgalmaýan emläge bolan hukugyň ýüze çykmagy, başga birine geçmegi, bes edilmegi barada ýazgy edilýär.

Döwlet sanawyna üýtgetmeler (goşmaçalar), düzedişler girizilende bu barada Gullugyň ýerli edaralary tarapyndan Döwlet sanawyna üýtgetmeler (goşmaçalar) girizilendigi barada  habar (şu Tertibe 38-nji goşundy) şu bölegiň birinji tesimine laýyklykda berilýär.”;

b) dört ýüz on üçünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“413. Öň bellige alnan hukuklar bilen bagly bellige alyş işleri we bellige alyş kitaplary arhiwden alnan we arhiwe tabşyrlan wagtynda degişli jogapkär işgär tarapyndan Öň bellige alnan hukuklar bilen bagly arhiwden alnan bellige alyş işleri we bellige alyş kitaplary barada maglumat saklaýan kitapda (şu Tertibe 30-njy goşundy) we hukuklary ilkinji gezek bellige alnyp arhiwe tabşyrlan bellige alyş işleri we bellige alyş kitaplary barada maglumat saklaýan kitapda (şu Tertibe 35-nji goşundy) ýazgy edilýär.”;

ç) şu mazmunly täze bölegi goşmaly:

“4131. Döwlet tarapyndan bellige alynmaga gelip gowuşýan resminamalarynyň hasaba alnyş kitaby, Döwlet sanawyndan fiziki we ýuridik şahslaryň maglumat bermek baradaky ýüz tutmalarynyň hasaba alnyş kitaby, Döwlet tarapyndan bellige alynmaga gelip gowuşýan resminamalary kabul etmekden ýüz dönderilendigi barada hasaba alnyş kitaby, Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnamalarynyň hasaba alnyş kitaby, Gozgalmaýan emlägiň girewe alynmagynyň, gozgamasyz edilmeginiň hasaba alnyş kitaby, Gozgalmaýan emläge bolan hukuklary we hukuklarynyň borçlanmalary bellige alnan şahslaryň elipbiý tertibinde sanawynyň hasaba alnyş kitaby, bellige alnan hukuklaryň we hukuklaryň borçlanmalaryň sanawynyň kitaby arhiwden alnan we arhiwe tabşyrlan wagtynda degişli jogapkär işgär tarapyndan arhiwden alnan Döwlet tarapyndan bellige alynmaga gelip gowuşýan resminamalarynyň hasaba alnyş kitaby, Döwlet sanawyndan fiziki we ýuridik şahslaryň maglumat bermek baradaky ýüz tutmalarynyň hasaba alnyş kitaby, Döwlet tarapyndan bellige alynmaga gelip gowuşýan resminamalary kabul etmekden ýüz dönderilendigi barada hasaba alnyş kitaby, Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnamalarynyň hasaba alnyş kitaby, Gozgalmaýan emlägiň girewe alynmagynyň, gozgamasyz edilmeginiň hasaba alnyş kitaby, Gozgalmaýan emläge bolan hukuklary we hukuklarynyň borçlanmalary bellige alnan şahslaryň elipbiý tertibinde sanawynyň hasaba alnyş kitaby, bellige alnan hukuklaryň we hukuklaryň borçlanmalaryň sanawynyň kitaby barada maglumat saklaýan kitapda (şu Tertibe 36-njy goşundy) we sahypalary dolup ýapylan we arhiwe tabşyrlan Döwlet tarapyndan bellige alynmaga gelip gowuşýan resminamalarynyň hasaba alnyş kitaby, Döwlet sanawyndan fiziki we ýuridik şahslaryň maglumat bermek baradaky ýüz tutmalarynyň hasaba alnyş kitaby, Döwlet tarapyndan bellige alynmaga gelip gowuşýan resminamalary kabul etmekden ýüz dönderilendigi barada hasaba alnyş kitaby, Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnamalarynyň hasaba alnyş kitaby, Gozgalmaýan emlägiň girewe alynmagynyň, gozgamasyz edilmeginiň hasaba alnyş kitaby, Gozgalmaýan emläge bolan hukuklary we hukuklarynyň borçlanmalary bellige alnan şahslaryň elipbiý tertibinde sanawynyň hasaba alnyş kitaby, bellige alnan hukuklaryň we hukuklaryň borçlanmalaryň sanawynyň kitaby barada maglumat saklaýan kitapda (şu Tertibe 37-nji goşundy) ýazgy edilýär.”

d) şu mazmunly täze XXXI baby goşmaly:

XXXI bap. Internet torunyň üsti bilen Gullugyň resmi web- saýty arkaly göni tertipde hukuk hyzmatlaryň alynyp barylmagynyň Tertibi


411. Internet torunyň üsti bilen Gullugyň resmi web- saýty arkaly göni tertipde Gulluk we onuň  ýerli edaralary isleg bildirýän fiziki we ýuridik şahslara (mundan beýläk – şahslar) hukuk hyzmatlaryny berýärler.

412. Göni tertipde (mundan beýläk – online) hukuk hyzmatlary sargyt etmek bilen bagly ähli amallar internet torunyň üsti bilen Gullugyň resmi web- saýty arkaly online görnüşde amala aşyrylýar.

413. Online hukuk hyzmatlary Gullugyň resmi web-saýtynda ýerleşdirilýär.

414. Gulluk boýunça internet torunyň üsti bilen Gullugyň resmi web-saýty arkaly sargyt edilen online hukuk hyzmatlary bilen baglanyşykly işi Gullugyň Baş döwlet bellige alyjysynyň buýrugy bilen berkidilen Gullugyň Maglumatlary seljeriş bölüminiň döwlet bellige alyjysy (mundan beýläk – Gullugyň ygtyýarly şahsy) tarapyndan amala aşyrylýar. Gullugyň Aragatnaşyk we tehnologiýa bölümi online hukuk hyzmatlary bilen baglanyşykly işiň alnyp barylmagynda Gullugyň ygtyýarly şahsyna ýardam berýär.

Gullugyň ygtyýarly şahsy käbir sebäplere görä iş ýerinde bolmadyk halatynda, sargyt edilen online hukuk hyzmatlary bilen baglanyşykly işi Gullugyň Baş döwlet bellige alyjysynyň buýrugy bilen berkidilen Gullugyň beýleki döwlet bellige alyjysy tarapyndan amala aşyrylýar.

415. Gullugyň müdirlikleri boýunça online hukuk hyzmatlary bilen baglanyşykly sargyt edilen işi şol müdirligiň müdiriniň buýrugy bilen berkidilen müdirligiň Maglumatlary seljeriş boýunça döwlet bellige alyjysy (mundan beýläk – Müdirligiň ygtyýarly şahsy) tarapyndan amala aşyrylýar.

Müdirligiň ygtyýarly şahsy käbir sebäplere görä iş ýerinde bolmadyk halatynda, sargyt edilen online hukuk hyzmatlary bilen baglanyşykly işi şol müdirligiň müdiriniň buýrugy bilen berkidilen müdirligiň beýleki döwlet bellige alyjysy tarapyndan amala aşyrylýar.

416. Gullugyň ýerli edaralary boýunça sargyt edilen online hukuk hyzmatlary bilen baglanyşykly işi şol müdirligiň ýerli edaralarynyň uly döwlet bellige alyjylary, eger-de, uly döwlet bellige alyjylary ýok bolsa, şol müdirligiň müdiriniň buýrugy bilen berkidilen döwlet bellige alyjysy (mundan beýläk – ýerli edaralarynyň ygtyýarly şahslary) tarapyndan amala aşyrylýar.

417. Online hukuk hyzmatlar şu aşakdaky 3 topara bölünýär:

1) Döwlet sanawynda hukuklarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin elektron nobata durmak;

2) Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet sanawyndan gozgalmaýan emlägiň obýekti hakynda maglumaty sargyt etmek;

3) Gozgalmaýan emläge bolan eýeçilik hukugynyň bellige alynandygyny ýa-da alynmandygyny tassyklaýan maglumaty sargyt etmek.

418. Şahslar zerur bolan hyzmatyny sargyt etmek üçin Gullugyň resmi web-saýtyndaky “Online hyzmatlar” bölegine ýerleşýän degişli online hukuk hyzmaty saýlaýarlar we peýda bolan meýdançalary zerur bolan maglumatlary bilen dolduryp online hukuk hyzmatyny sargyt edýärler.

Şahs tarapyndan iberilýän maglumatlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda goralýar.

419. Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet sanawyndan gozgalmaýan emlägiň obýekti hakynda maglumat sargydy we Gozgalmaýan emläge bolan eýeçilik hukugynyň bellige alynandygyny ýa-da alynmandygyny tassyklaýan maglumat sargydy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen möçberde tölegli tertipde amala aşyrylýar. Tölegler internet torunyň üsti bilen Gullugyň resmi web-saýtynda şahslaryň bank kartlary arkaly töleg edilýär. 

420. Gullugyň ygtyýarly şahsy tarapyndan her iş güni sagat 16:00-da internet toruň üsti bilen online görnüşde gelip gowşan sargytlary umumylaşdyryp seljerýär.

421. Gullugyň Aşgabat şäher müdirligine degişli sargytlar turniket programmasyna dessine ýüklenilýär.

422. Gullugyň welaýat müdirliklerine degişli sargytlary Gullugyň ygtyýarly şahsy tarapyndan şol welaýat müdirligiň ygtyýarly şahsyna Gullugyň maglumat-telekommunikasiýa torunyň üsti bilen sagat 16:30 çenli iberilýär.

423. Gullugyň müdirlikleriniň ygtyýarly şahslary öz gezeginde Gullugyň maglumat-telekommunikasiýa torunyň üsti bilen gelip gowşan sargytlary umumylaşdyryp seljerýärler we degişliligi boýunça şol müdirligiň ýerli edarasynyň ygtyýarly şahsyna Gullugyň maglumat - telekommunikasiýa torunyň üsti bilen sagat 17:00 çenli iberilýär.

424. Gullugyň maglumat-telekommunikasiýa torunyň üsti bilen gelip gowşan sargytlary ýerine ýetirmek üçin müdirligiň ýerli edarasynyň ygtyýarly şahsy tarapyndan degişli işler geçirilip maglumatlar taýýarlanylýar.

425. Taýýarlanan maglumatlar raýatyň bellenilen wagtynda ýüz tutanyndan soňra degişli kitaplarda hasaba alynýar.”;

e) Tertibiň XXXI babyny XXXII bap diýip ykrar etmeli;

ä) Tertibiň dört ýüz on birinji - dört ýüz on bäşinji böleklerini degişlilikde dört ýüz ýigrimi altynjy - dört ýüz otuzynjy bölekler diýip ykrar etmeli;

f) Tertibe goşulan 20-nji, 30-njy, 31-nji goşundylaryny şu görnüşde beýan etmeli:


Bellige alyş kitabynyň ýöredilmeginiň Tertibine

20-nji goşundy


Görnüş 44


Döwlet sanawynda gozgalmaýan emlägiň döwlet tarapyndan bellige alnan kärendesi barada maglumat


“__”_________________ 20___ ý.


Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluk

__________________________________________________________

(gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrýan Gullugyň ýerli edarasynyň ady)

____________________________________________________________________________________________________________________________________

(gozgalmaýan emlägiň obýektiniň salgysy (ýerleşýän ýeri) 

bolan kärende hukugynyň ___________________________________________________________________ 

                                     ( hukuk belleýji resminamalarynyň rekwizitleri)

esasynda Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet sanawynda __________________________________________

(bellige alyş belgisi)

bellige alyş belgisi bilen

__________________________________________________________________

(kärendeçi fiziki şahs babatda – familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi we ýeri, raýatlygy, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy (ady, belgisi, senesi, kim tarapyndan berlen), hemişelik ýaşaýan ýeriniň ýa-da köplenç ýaşaýan ýeriniň salgysy; kärendeçi ýuridik şahs babatda – doly ady, salgyt belgisi, döwlet tarapyndan bellige alyş belgisi, döwlet tarapyndan bellige alnan wagty, bellige alan edaranyň ady, salgysy (ýerleşýän ýeri)

adyna döwlet tarapyndan bellige alnandygy we şol sebäpli ýokarda görkezilen maglumatlary degişli resminamalara ýazga goşmak üçin Size iberýäris.


Döwlet bellige alyjysy _________   __________        _____________________

                         (san belgisi)           (goly)          (familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

M.Ý.

Bellik: doldurylanda ýaýyň içindäkiler aýrylmaga degişli.

 

 



Bellige alyş kitabynyň ýöredilmeginiň

Tertibine 30-njy goşundy

Görnüş 25

 

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan

hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige

alynmagy baradaky gulluk


________________________________________________________________

(gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrýan edaranyň doly ady)

 


Öň bellige alnan hukular bilen bagly arhiwden alnan bellige alyş işleri we bellige alyş kitaplary barada maglumat saklaýan kitaby


20____ýyl


Tertip belgi____




Başlanan wagty “___”_________________20___ý.


Tamamlanan wagty “___”______________20___ý.

                                                           



 

Bellige alyş kitabynyň ýöredilmeginiň Tertibine

                                                                                                                   30-njy goşundynyň dowamy (kitabyň içki sahypasy)

 

 

 

 

№    Resminamanyň ady, ýyly, belgisi    Resmina-manyň berlen senesi    Sahypa sany    Resminamany alan döwlet bellige alyjysynyň familiýasy, ady, atasynyň ady we goly    Resminamany beren arhiwçiniň ýa-da jogapkär şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady we goly    Resminamanyň yzyna tabşyrylan senesi    Sahypa sany    Resminamany tabşyran döwlet bellige alyjysynyň familiýasy, ady, atasynyň ady we goly    Resminamany kabul eden arhiwçiniň ýa-da jogapkär şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady we goly    Bellik

                                                   

                                                   

                                                   

                                                   

                                                   












 

Bellige alyş kitabynyň ýöredilmeginiň Tertibine

31-nji goşundy

 

Görnüş 45

 

Döwlet sanawynda gozgalmaýan emläge bolan hukugynyň ýüze çykmagy, başga birine geçmegi, bes edilmegi döwlet tarapyndan bellige alnanlar barada habar

“__”_________________ 20___ ý.

 

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluk

__________________________________________________________

(gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrýan Gullugyň ýerli edarasynyň ady)

______________________________________________________________

(gozgalmaýan emlägiň obýektiniň salgysy (ýerleşýän ýeri) 

bolan _____________________________________________________________ 

(hukugyň görnüşi we hukuk belleýji resminamalarynyň rekwizitleri)

esasynda Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet sanawynda __________________________________________

(bellige alyş belgisi)

bellige alyş belgisi bilen bilen __________________________________________________________________ 

(fiziki şahs babatda – familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi we ýeri, raýatlygy, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy (ady, belgisi, senesi, kim tarapyndan berlen), hemişelik ýaşaýan ýeriniň ýa-da köplenç ýaşaýan ýeriniň salgysy; ýuridik şahs babatda – doly ady, salgyt belgisi, döwlet tarapyndan bellige alyş belgisi, döwlet tarapyndan bellige alnan wagty, bellige alan edaranyň ady, salgysy (ýerleşýän ýeri)

adyna döwlet tarapyndan bellige alnandygy we __________________________________________________________________

(Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnamasynyň rekwizitleri) 

resmileşdirilendigi barada habar berýäris we şol sebäpli ýokarda görkezilen maglumatlary degişli resminamalara ýazga goşmak üçin Size iberýäris.


Döwlet bellige alyjysy _________    __________     _____________________

                           (san belgisi)           (goly)          (familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

M.Ý.

Bellik:

1) “we şol sebäpli ýokarda görkezilen maglumatlary degişli resminamalara ýazga goşmak üçin Size iberýäris” diýen ýazgy degişli hasaba alyjy edaralara iberilende ýazylýar, hukuk eýelerine iberilende aýrylýar;

2) doldurylanda ýaýyň içindäkiler aýrylmaga degişli.


 g) şu mazmunly 35-nji, 36-njy, 37-nji, 38-nji goşundylary goşmaly:



Tertibine 35-nji goşundy

Görnüş 26


 

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan

hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige

alynmagy baradaky gulluk


_______________________________________________________________

(gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrýan edaranyň doly ady)

 


Hukuklary ilkinji gezek bellige alnyp arhiwe tabşyrlan bellige alyş işleri we bellige alyş kitaplary barada maglumat saklaýan kitaby


20____ýyl


Tertip belgi____






Başlanan wagty “___”_________________20___ý.


Tamamlanan wagty “___”______________20___ý.












 

Bellige alyş kitabynyň ýöredilmeginiň Tertibine

                                                                                                                   35-nji goşundynyň dowamy (kitabyň içki sahypasy)

 

 

 

 

№    Resminamanyň ady, ýyly, belgisi    Resminamanyň berlen senesi    Sahypa sany    Resminamany tabşyran döwlet bellige alyjysynyň familiýasy, ady, atasynyň ady we goly    Resminamany kabul eden arhiwçiniň ýa-da jogapkär şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady we goly    Bellik

                               

                               

                               

                               

                               

 

Bellige alyş kitabynyň ýöredilmeginiň

Tertibine 36-njy goşundy

Görnüş 27

 

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan

hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige

alynmagy baradaky gulluk


______________________________________________________________

(gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrýan edaranyň doly ady)

 


Arhiwden alnan Döwlet tarapyndan bellige alynmaga gelip gowuşýan resminamalarynyň hasaba alnyş kitaby, Döwlet sanawyndan fiziki we ýuridik şahslaryň maglumat bermek baradaky ýüz tutmalarynyň hasaba alnyş kitaby, Döwlet tarapyndan bellige alynmaga gelip gowuşýan resminamalary kabul etmekden ýüz dönderilendigi barada hasaba alnyş kitaby, Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnamalarynyň hasaba alnyş kitaby, Gozgalmaýan emlägiň girewe alynmagynyň, gozgamasyz edilmeginiň hasaba alnyş kitaby, Gozgalmaýan emläge bolan hukuklary we hukuklarynyň borçlanmalary bellige alnan şahslaryň elipbiý tertibinde sanawynyň hasaba alnyş kitaby, bellige alnan hukuklaryň we hukuklaryň borçlanmalaryň sanawynyň kitaby barada maglumat saklaýan kitaby


20____ýyl


Tertip belgi____


Başlanan wagty “___”_________________20___ý.


Tamamlanan wagty “___”______________20___ý.




 

Bellige alyş kitabynyň ýöredilmeginiň Tertibine

                                                                                                                   36-njy goşundynyň dowamy (kitabyň içki sahypasy)

 

 

 

 

№    Resminamanyň ady, ýyly, belgisi    Resmina-manyň berlen senesi    Sahypa sany    Resminamany alan döwlet bellige alyjysynyň familiýasy, ady, atasynyň ady we goly    Resminamany beren arhiwçiniň familiýasy, ady, atasynyň ady we goly    Resminamanyň yzyna tabşyrylan senesi    Sahypa sany    Resminamany tabşyran döwlet bellige alyjysynyň familiýasy, ady, atasynyň ady we goly    Resminamany kabul eden arhiwçiniň familiýasy, ady, atasynyň ady we goly    Bellik

                                                   

                                                   

                                                   

                                                   

                                                   















 

Bellige alyş kitabynyň ýöredilmeginiň

Tertibine 37-nji goşundy

Görnüş 28

 

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan

hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige

alynmagy baradaky gulluk


_______________________________________________________________

(gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrýan edaranyň doly ady)

 


Sahypalary dolup ýapylan we arhiwe tabşyrylan Döwlet tarapyndan bellige alynmaga gelip gowuşýan resminamalarynyň hasaba alnyş kitaby, Döwlet sanawyndan fiziki we ýuridik şahslaryň maglumat bermek baradaky ýüz tutmalarynyň hasaba alnyş kitaby, Döwlet tarapyndan bellige alynmaga gelip gowuşýan resminamalary kabul etmekden ýüz dönderilendigi barada hasaba alnyş kitaby, Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnamalarynyň hasaba alnyş kitaby, Gozgalmaýan emlägiň girewe alynmagynyň, gozgamasyz edilmeginiň hasaba alnyş kitaby, Gozgalmaýan emläge bolan hukuklary we hukuklarynyň borçlanmalary bellige alnan şahslaryň elipbiý tertibinde sanawynyň hasaba alnyş kitaby, bellige alnan hukuklaryň we hukuklaryň borçlanmalaryň sanawynyň kitaby barada maglumat saklaýan kitaby


20____ýyl


Tertip belgi____






Başlanan wagty “___”_________________20___ý.


Tamamlanan wagty “___”______________20___ý.”.



 

Bellige alyş kitabynyň ýöredilmeginiň Tertibine

                                                                                                                   37-nji goşundynyň dowamy (kitabyň içki sahypasy)

 

 

 

 

№    Resminamanyň ady, ýyly, belgisi    Resminamanyň berlen senesi    Sahypa sany    Resminamany tabşyran döwlet bellige alyjysynyň familiýasy, ady, atasynyň ady we goly    Resminamany kabul eden arhiwçiniň familiýasy, ady, atasynyň ady we goly    Bellik

                               

                               

                               

                               

                               




 

Bellige alyş kitabynyň ýöredilmeginiň Tertibine

38-nji goşundy

 

Görnüş 09

 

Döwlet sanawyna üýtgetmeler (goşmaçalar) girizilendigi barada habar


“__”_________________ 20___ ý.


Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluk

__________________________________________________________

(gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrýan Gullugyň ýerli edarasynyň ady)

_____________________________________________________________________________________________________________________________________

(hukuk eýesiniň ady, familiýasy, atasynyň ady, gozgalmaýan emläge bolan hukugyň döwlet sanawynda bellige alnan belgisi)

______________________________________________________________________________________________________________________________________

(girizilen üýtgetmeleriň (goşmaçalaryň ) mazmuny)

şol sebäpli ýokarda görkezilen maglumatlary degişli resminamalara ýazga goşmak üçin Size iberýäris.


Döwlet bellige alyjysy _________    __________     _____________________

                            (san belgisi)        (goly)         (familiýasy, ady, atasynyň ady)


M.Ý.

Bellik: doldurylanda ýaýyň içindäkiler aýrylmaga degişli.

 

h) Tertibiň 32-nji goşundysynyň on ikinji, on üçünji, on dördünji, otuz birinji, otuz ikinji, otuz üçünji hem-de otuz dördünji böleklerini şu görnüşde beýan etmeli:

12    Döwlet bellige alyjylarynyň möhürlerini, möhürçelerini bermek, saklamaga kabul etmek hem-de almak boýunça Gullugyň müdirliklerinde ýöredilýän hasaba alyş kitaby    Görnüş 08

13    Döwlet bellige alyjylarynyň möhürlerini, möhürçelerini saklamaga kabul etmek boýunça Gullugyň ýerli edaralarynda ýöredilýän 

hasaba alyş kitaby    Görnüş 08 A

14    Döwlet sanawyna üýtgetmeler (goşmaçalar) girizilendigi barada habar    Görnüş 09

31    Öň bellige alnan hukuklar bilen bagly arhiwden alnan bellige alyş işleri we bellige alyş kitaplary barada maglumat saklaýan kitaby    Görnüş 25

32    Hukuklary ilkinji gezek bellige alnyp arhiwe tabşyrlan bellige alyş işleri we bellige alyş kitaplary barada maglumat saklaýan kitaby    Görnüş 26

33    Arhiwden alnan Döwlet tarapyndan bellige alynmaga gelip gowuşýan resminamalarynyň hasaba alnyş kitaby, Döwlet sanawyndan fiziki we ýuridik şahslaryň maglumat bermek baradaky ýüz tutmalarynyň hasaba alnyş kitaby, Döwlet tarapyndan bellige alynmaga gelip gowuşýan resminamalary kabul etmekden ýüz dönderilendigi barada hasaba alnyş kitaby, Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnamalarynyň hasaba alnyş kitaby, Gozgalmaýan emlägiň girewe alynmagynyň, gozgamasyz edilmeginiň hasaba alnyş kitaby, Gozgalmaýan emläge bolan hukuklary we hukuklarynyň borçlanmalary bellige alnan şahslaryň elipbiý tertibinde sanawynyň hasaba alnyş kitaby, bellige alnan hukuklaryň we hukuklaryň borçlanmalaryň sanawynyň kitaby barada maglumat saklaýan kitaby    Görnüş 27

34    Sahypalary dolup ýapylan we arhiwe tabşyrylan Döwlet tarapyndan bellige alynmaga gelip gowuşýan resminamalarynyň hasaba alnyş kitaby, Döwlet sanawyndan fiziki we ýuridik şahslaryň maglumat bermek baradaky ýüz tutmalarynyň hasaba alnyş kitaby, Döwlet tarapyndan bellige alynmaga gelip gowuşýan resminamalary kabul etmekden ýüz dönderilendigi barada hasaba alnyş kitaby, Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnamalarynyň hasaba alnyş kitaby, Gozgalmaýan emlägiň girewe alynmagynyň, gozgamasyz edilmeginiň hasaba alnyş kitaby, Gozgalmaýan emläge bolan hukuklary we hukuklarynyň borçlanmalary bellige alnan şahslaryň elipbiý tertibinde sanawynyň hasaba alnyş kitaby, bellige alnan hukuklaryň we hukuklaryň borçlanmalaryň sanawynyň kitaby barada maglumat saklaýan kitaby    Görnüş 28

i) Tertibiň 32-nji goşundysynyň on bäşinji, otuz bäşinji, otuz altynjy, otuz ýedinji hem-de otuz sekizinji böleklerini aýyrmaly.

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň orunbasary S.Jumaýew we Gullugyň Baş döwlet bellige alyjysy W.Halydow gözegçilik etmeli.



Ministr                                                                 B. Muhamedow



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 

2021-nji ýylyň 3-nji iýunynda 1475 bellige 

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.