Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň 2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde çykaran 69 iş belgili buýrugy


“Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin talap edilýän resminamalaryň Sanawyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň 2013-nji ýylyň 10-njy awgustynda çykaran 116 belgili buýrugyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda


“Migrasiýa gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryny ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalşyrmak) üçin resminamalary tabşyrmagyň, kabul etmegiň we resmileşdirilen pasporty bermegiň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2013-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda 702 bellige alyş belgisi bilen döwlet bellige alnan, “Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin talap edilýän resminamalaryň Sanawyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň 2013-nji ýylyň 10-njy awgustynda çykaran 116 belgili buýrugynda:

1) adynda we birinji böleginde “çalyşmak” diýen sözi “çalşyrmak” diýen söz bilen çalşyrmaly;

2) şol buýruk bilen tassyklanan, Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalşyrmak) üçin talap edilýän resminamalaryň Sanawynda:

a) birinji böleginde “(goşulýar)” diýen sözi aýyrmaly;

b) üçünji, dördünji, altynjy, ýedinji böleklerinde, on ikinji böleginiň onunjy bendinde, on dördünji, on bäşinji, on altynjy, on dokuzynjy böleklerinde “we onuň nusgasy” diýen sözleri aýyrmaly;

ç) bäşinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“5. Türkmenistanyň çäklerinde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň ýaşaýan ýerini tassyklaýan resminama;”;

d) sekizinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“8. Harby bilet ýa-da harby hasap resminamasy (harby borçlular we harby gulluga çagyryşa degişli adamlar üçin), harby gullukçylar üçin gulluk şahsyýetnamasy (65 ýaşdan ýokary raýatlardan talap edilmeýär)”;

e) dokuzynjy bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“9. Harby gullukçylar üçin degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny resmileşdirmek baradaky haty (hereket edýän möhleti 6 aý);”;

ä) on dokuzynjy böleginden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

“191. Pasport almak (çalşyrmak) üçin ýüz tutýan raýatyň şu Sanaw boýunça kabul edilýän resminamalarynyň asyl nusgalarynyň elektron göçürmesi (skanirlenen görnüşi), elektron göterijide (maglumatlar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň pasport ulgamyndaky maglumatlar goruna girizilenden soňra elektron göteriji eýelerine gaýtarylýar);”

f) “Bellik” diýen bölegine şu mazmunly ikinji sözlemi goşmaly:

“Şu Sanaw boýunça talap edilýän resminamalaryň asyl nusgalary (şu Sanawyň birinji-ikinji böleklerinde görkezilen resminamalar we onunjy böleginde görkezilen döwlet pajynyň töleg kagyzy muňa girmeýär) eýelerine gaýtarylýar.”.

g) Sanawyň goşundysyny aýyrmaly.

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Gullugyň başlygynyň orunbasarlarynyň, Gullugyň Merkezi edarasynyň Pasport bölüminiň müdiriniň, welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça müdirlikleriniň, degişli etrap we şäher bölümleriniň müdirleriniň üstüne ýüklemeli.


Gullugyň başlygy

podpolkownik B. Öwezow



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 29-njy maýynda 1472 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.