“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2021-nji ýylyň 12-nji maýynda çykaran 159-iş belgili buýrugy

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2014-nji ýylyň 2-nji iýulynda çykaran 1/143 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Hyzmatlary sertifikatlaşdyrmagyň Tertibine üýtgetmeleri girizmek hakynda


2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edilen “Sertifikatlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 12-nji maddasynyň 2-nji bendine laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 2141-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2014-nji ýylyň 15-nji iýulynda 778 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Hyzmatlary sertifikatlaşdyrmagyň Tertibini tassyklamak barada” “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2014-nji ýylyň 2-nji iýulynda çykaran 1/143 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Hyzmatlary sertifikatlaşdyrmagyň Tertibinde:

1) dördünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“4. Hyzmatlary sertifikatlaşdyrmak boýunça işler şu aşakdaky tapgyrlardan durýar:

1) I tapgyr – arzany kabul etmek;

2) II tapgyr – hyzmaty sertifikatlaşdyrmagyň saýlanan usulyýeti esasynda hyzmatlaryň ýerine ýetirilşine baha bermek we hyzmatlaryň laýyklyk sertifikatyny resmileşdirmek;

3) III tapgyr – sertifikatlaşdyrylan hyzmatlaryň döwürleýin gözegçilik barlagyny geçirmek.”;

2) bäşinji böleginde:

a) “b” bendinde “Edara görnüşli taraplarynyň” diýen sözleri “Ýuridik şahslarynyň” diýen sözler bilen çalşyrmaly;

b) “ç” we “ä” bentlerini aýyrmaly;

3) ýedinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“7. Döwlet inspektory hyzmatlary sertifikatlaşdyrmagyň II tapgyrynda hyzmaty sertifikatlaşdyrmagyň saýlanan usulyýeti esasynda hyzmatlaryň ýerine ýetirilişine baha bermegi şu aşakdaky tertipde ulanýar:

a) eger-de, sertifikatlaşdyrylýan hyzmatlary Arza berijiniň hut özi tarapyndan ýerine ýetirilýän bolsa – usulyýet hyzmatlary ýerine ýetirijiniň ussatlygyna baha bermekden hem-de hyzmatlaryň netijesini barlamakdan (synag etmekden) ybarat bolup durýar;

b) eger-de, sertifikatlaşdyrylýan hyzmatlar ýuridik şahs tarapyndan ýa-da işe çekilen işgärleriň zähmetini ulanmak arkaly ýerine ýetirilýän bolsa – usulyýet hyzmatlary ýerine ýetirijiniň ussatlygyna baha bermekden, hyzmatyň ýerine ýetiriliş prosesine baha bermekden hem-de hyzmatlaryň netijesini barlamakdan (synag etmekden) ybarat bolup durýar.”;

4) sekizinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“8. Zerur bolan halatynda hyzmatlaryň ýerine ýetirilişine baha bermek üçin sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan başga bilermen-auditorlary hem barlaga çekilip bilner.”;

5) onunjy böleginde:

a) birinji tesiminde “10 (on)” diýen sözleri “8 (sekiz)” diýen sözler bilen çalşyrmaly;

b) ikinji tesimini aýyrmaly;

6) on birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“11. Sertifikatlaşdyrmak boýunça edara hyzmatlaryň barlagynyň oňyn netijeleri esasynda we Arza beriji tarapyndan hasap fakturasynyň tölegi bellenen tertipde töleg resminamasy bilen tassyklanandan soň 2 (iki) iş gününiň dowamynda hyzmatlaryň laýyklyk sertifikaty 3 (üç) ýyla çenli möhlet bilen Gulluk tarapyndan tassyklanan görnüşde iki nusgada resmileşdirilýär. Hyzmatlaryň laýyklyk sertifikatyna sertifikatlaşdyrmak boýunça edaranyň degişli bölüminiň başlygy, bölümiň başlygynyň orunbasary we Döwlet inspektory tarapyndan gol çekilýär hem-de möhür bilen berkidilýär.”;

7) on üçünji böleginiň soňky tesiminde “3 (üç)” diýen sözleri “2 (iki)” diýen sözler bilen çalşyrmaly;

8) on dördünji böleginiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

“14. Hyzmatlary sertifikatlaşdyrmagyň III tapgyrynda bolsa sertifikatlaşdyrmak boýunça edara tarapyndan sertifikatlaşdyrylan hyzmatlaryň döwürleýin gözegçilik barlagy geçirilýär.”;

9) on bäşinji böleginde “Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi” diýen sözleri “Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi” diýen sözler bilen çalşyrmaly.

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary B.Klyçew gözegçilik etmeli.


Başlyk                                                                              M.Hojagulyýew



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 

2021-nji ýylyň 28-nji maýynda 1471 bellige 

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.