“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2021-nji ýylyň 12-nji maýynda çykaran 158-iş belgili buýrugy

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 24-nji dekabrynda çykaran 427-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, Döwlet standartlaryny we tehniki şertleri işläp düzmegiň, tassyklamagyň, bellige almagyň, üýtgetmegiň we ýatyrmagyň tertibine üýtgetmeler girizmek hakynda

 

  • 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda kabul edilen “Standartlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 2141-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2020-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda 1292 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Döwlet standartlaryny we tehniki şertleri işläp düzmegiň, tassyklamagyň, bellige almagyň, üýtgetmegiň we ýatyrmagyň tertibini tassyklamak hakynda” “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 24-nji dekabrynda çykaran 427-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, Döwlet standartlaryny we tehniki şertleri işläp düzmegiň, tassyklamagyň, bellige almagyň, üýtgetmegiň we ýatyrmagyň tertibinde:

1) onunjy böleginde:

a) 2-nji bendinde “üç” diýen sözi “iki” diýen söz bilen çalşyrmaly;

b) 5-nji bendini aýyrmaly;

ç) 6-njy bendini şu görnüşde beýan etmeli;

“6) döwlet standartyň taslamasynyň degişli ygtyýarly döwlet edaralary bilen ylalaşylandygyny tassyklaýan ylalaşyk hatlaryň we bar bolan ýagdaýynda ylalaşmazdan öň berlen teklipleriň we bellikleriň asyl nusgalary;”;

d) 7-nji bendinde “(bar bolanda);” diýen sözleri “(bar bolanda).” diýen sözler bilen çalşyrmaly;

e) 8-nji bendini aýyrmaly;

2) on dördünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“14. Bellige alnan döwlet standartlary we olara girizilen üýtgetmeler iki dilde (döwlet we rus), ýagny bir asyl nusgada Gullugyň Türkmen standartlary maglumat merkeziniň Kadalaşdyryjy resminamalaryň döwlet gaznasyna tabşyrylýar, ikinji asyl nusgasy bolsa, işläp düzüji fiziki we ýuridik şahslara berilýär.”;

3) on bäşinji böleginde:

a) 1-nji bendinde “üç” diýen sözi “iki” diýen söz bilen çalşyrmaly;

b) 3-nji bendini aýyrmaly;

ç) 4-nji bendini aýyrmaly;

d) 5-nji bendinde “resminamasy;” diýen sözi “resminamasy.” diýen söz bilen çalşyrmaly;

e) 6-njy bendini aýyrmaly.

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary B.Klyçew gözegçilik etmeli.



Başlyk M.Hojagulyýew



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 28-nji maýynda 1470 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.