“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2021-nji ýylyň 7-nji maýynda çykaran 151-iş belgili buýrugy

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň

2021-nji ýylyň 7-nji maýynda çykaran 151-iş belgili

B U Ý R U G Y

 

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2014-nji ýylyň 1-nji maýynda çykaran 1/94 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Sertifikatlaşdyrylan önüme döwlet gözegçiligi amala aşyrmagyň Tertibine üýtgetme girizmek hakynda

 

2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edilen “Sertifikatlaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 12-nji maddasynyň 2-nji bendine we 8-nji bendiniň “ç” kiçi bendine laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 2141-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2014-nji ýylyň 14-nji maýynda 763 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Sertifikatlaşdyrylan önüme döwlet gözegçiligi amala aşyrmagyň Tertibini tassyklamak hakynda” “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň 2014-nji ýylyň 1-nji maýynda çykaran 1/94 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Sertifikatlaşdyrylan önüme döwlet gözegçiligi amala aşyrmagyň Tertibiniň üçünji böleginiň birinji tesiminde “azyndan iki” diýen sözleri “azyndan bir” diýen sözler bilen çalşyrmaly.

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyñ başlygynyň orunbasary B.Klyçew gözegçilik etmeli. 

Başlyk M. Hojagulyýew

 


 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 28-nji maýynda 1469 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.