Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2021-nji ýylyň 29-njy martynda çykaran МВ-33 belgili buýrugy

«Kompozit polimer armaturany ulanmak bilen beton we geotehniki gurnawlar. Işi amala aşyrmagyň we kabul etmegiň kadalary» atly TGK 3.03.06-2021 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda


Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama we gurluşyk babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek, şähergurluşyk, binagärlik we gurluşyk çygrynda döwlet kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet resminamalaryny bellenen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen, buýurýaryn:

1. «Kompozit polimer armaturany ulanmak bilen beton we geotehniki gurnawlar. Işi amala aşyrmagyň we kabul etmegiň kadalary» atly TGK 3.03.06-2021 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň orunbasary A.Geldiýew gözegçilik etmeli.


Ministr R. Gandymow


Türkmenistanyň Gurluşyk we

binagärlik ministriniň

2021-nji ýylyň 29-njy martynda

çykaran МВ-33 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy

 

«Kompozit polimer armaturany ulanmak bilen beton we geotehniki gurnawlar. Işi amala aşyrmagyň we kabul etmegiň kadalary» atly TGK 3.03.06-2021 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary

 

I bap. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1. Şu «Kompozit polimer armaturany ulanmak bilen beton we geotehniki gurnawlar. Işi amala aşyrmagyň we kabul etmegiň kadalary» atly TGK 3.03.06-2021 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary (mundan beýläk – Kadalar) “Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama we gurluşyk babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet kadalaşdyryjy we usulyýet resminamalaryny bellenen tertipde işläp taýýarlamak hem-de tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy.

Şu Kadalar aýna ýa-da bazalt süýümli materiallardan tutuşlaýyn we turba görnüşli keseligine kesilen periodik profilli kompozit polimer armatura (mundan beýläk - KPA) üçin niýetlenilýär.

2. Şu Kadalar KPA-nyň önümçiligine we esasy häsiýetlerine bildirilýän talaplary, ýaşaýyş we jemgyýetçilik binalaryň, ulag desgalarynyň gurluşygynda beton, daş we geotehniki gurnawlarda KPA-nyň ulanylyş düzgünlerini, şeýle hem KPA bilen armirlenen beton gurnawlary seýsmiki sebitlere hem degişlilikde taslama etmek üçin düzgünleri kesgitleýär.

3. Şu Kadalar gurnama we monolit beton, şeýle hem KPA-ny ulanmak bilen geotehniki gurnawlar taslama edilende we gurlanda peýdalanmak üçin niýetlenendir, ýagny her bir anyk ýagdaýda öndüriji tarapyndan beýan edilen ulanyş temperaturasynyň çäkli aňlatmasyny we uzak möhletliligini hasaba almak bilen tehniki we ykdysady taýdan esaslandyrylan bolmalydyr.

4. KPA-ny degişli tehniki-ykdysady esaslandyrma bar bolan ýagdaýynda, bellenilen tertipde tassyklanan gurluşyk gurnawlaryny posdan goramak babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda adaty (ýowuz däl) şertlerde bolşy ýaly, polat armaturanyň poslamagyna getirýän ýowuz gurşawlaryň (hloridler, kislotaly gurşawlar, ýokary konsentrasiýaly agressiw gazlar we şuňa meňzeşler) täsir edýän ýagdaýlarynda hem ulanmaklyk üçin niýetlenilen gurnawlarda peýdalanmak bolar. Ýowuz gurşawlarda ulanylýan deslapdan dartgynlanan demirbeton gurnawlary armirlemek üçin KPA-nyň ulanylşy has gowy hasaplanylýar. KPA bellenilen tertipde tassyklanan gurluşyk gurnawlaryny posdan goramak babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda posdan zeper ýetmesiniň howplulyk derejesi boýunça III topara (iň az howply) degişlidir.

5. Ulag gurluşygynda, degişli kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda, doňaklyga garşy reagentleriň intensiw täsirine sezewar bolýan gurnawlarda KPA-ny ulanmaklyga ýol berilýär.

6. KPA-ny daşky gurşawyň minus 60°С-dan pes bolmadyk we öndüriji tarapyndan görkezilen ulanyş temperaturanyň çäkli aňlatmasyndan ýokary bolmadyk temperaturasynyň yzygiderli täsir etmelerinde ulanylýan dürli maksatly binalaryň we desgalaryň beton gurnawlarynda ulanmaklyga ýol berilýär.

7. KPA-nyň elektrik toguny geçiriji däldigi (dielektrik) we ýylylyk geçiriji däldigi bilen baglylykda, ony elektrik izolirleýji göteriji gurnawlar üçin ulanmaklyga ýol berilýär.

8. Beton gurnawlary armirlemek üçin we geotehniki desgalarda, adatça, keseleýin öňe çykyp duran ýerleriniň beýikligi 0,5 mm-den az bolmadyk periodik profilli gapdal üsti güberçekli KPA-ny ulanmalydyr. Periodik profilli gapdal üsti güberçekli KPA-nyň bir tipli kesimi şu Kadalaryň 1-nji suratynda getirilendir.


Surat 1. Periodik profilli gapdal üsti güberçekli KPA-nyň bir tipli kesimi

bu ýerde: 1) dd - daşky diametri;

2) did - içki diametri;

3) t – keseleýin öňe çykyp duran ýerleriniň aralygy;

4) h- keseleýin öňe çykyp duran ýerleriniň beýikligi.

 

Bellik: Dürli öndürijiler tarapyndan öndürilýän oklar daşky gapdal üsti ýylmanak ýa-da güberçek, şol sanda üstüne abraziw (üpürdik) material (adatça, çäge) sepilip, ankerli giňeldilen periodik profilli bolup biler. Öndüriji oklaryň güberçekliliginiň häsiýetnamalaryny, öndürilýän anyk kysymlar üçin berilýän tehniki resminamada we oklary ulanmak boýunça hödürnamalarda görkezýär.

9. KPA-ny ulanmak bilen beton, daş we armodaş gurnawlaryň hasaplamasyny we gurnawçylygyny bellenilen tertipde tassyklanan KPA bilen armirlenen beton gurnawlar, taslama etmekligiň düzgünleri; beton we demirbeton gurnawlary, taslama etmekligiň düzgünleri; daş we armodaş gurnawlary babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda, armaturanyň şu görnüşiniň özboluşly aýratyn häsiýetlerini we onuň betondaky işiniň aýratynlyklaryny görkezýän şu Kadalaryň II babynyň § 5 paragrafy boýunça häsiýetlerini we III babyny nazara almak bilen geçirmelidir.

10. Beton we geotehniki gurnawlarda KPA-ny aýry-aýry oklar, tekiz gözenekler ýa-da göwrümli karkaslar görnüşinde ulanmak bolar (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 1-nji we 2-nji suratlaryna seret).

11. Daşky diwar panellerde KPA-ny köplenç gözenekler görnüşinde ulanmalydyr. Taýýar gözenekleri almak mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, olar ulanylýan ýerinde taýýarlanylýarlar.

12. Gözenekleri oklaryň kesişýän ýerlerini daňyp, soňundan hem “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili karary bilen tassyklanan “Gatadylmadyk epoksid-dian şepbikler. Tehniki şertler” atly TDS-10587-93 belgili döwlet standarty (mundan beýläk- “Gatadylmadyk epoksid-dian şepbikler. Tehniki şertler” atly TDS-10587-93 belgili döwlet standarty) boýunça epoksid şepbik bilen siňdirip we gatadyp ýasamalydyr. Gözenegiň oklaryny “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili karary bilen tassyklanan, “Umumy maksatly pes uglerodly polat sim. Tehniki şertler” atly TDS-3282-74 belgili döwlet standarty (mundan beýläk - “Umumy maksatly pes uglerodly polat sim. Tehniki şertler” atly TDS-3282-74 belgili döwlet standarty) boýunça “Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 1-nji suratynda görkezilşi ýaly, pes uglerodly gyzdyryp toplanan polat sim bilen berkitmeklige ýol berilýär.

13. Gurnawyň gorag beton gatlagynyň galyňlygyny, KPA-nyň we betonyň bilelikdäki işiniň şertine, şeýle hem şu Kadalaryň görkezmelerine laýyklykda oda çydamlylygy we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň talaplaryna laýyklykda bellemelidir.

14. KPA-nyň oklarynyň dikligine birleşdirmesini deň berklikdäki birleşdirmäni üpjün edýän polimer ýa-da polat muftalaryň kömegi bilen sepleşdirip, şeýle hem üsti-üstüne edip amala aşyrmak bolar. Armaturanyň üsti-üstüne birleşdirilmesi hasaplanan güýçleriň bir okdan beýlekisine berilmegini üpjün edýän uzynlygyna amala aşyrylmalydyr.

15. Beton we geotehniki gurnawlarda, degişli esaslandyrma bar bolanda, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2016-njy ýylyň 17-nji iýunynda çykaran 1/118 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Demirbeton gurnawlary armirlemek üçin gyzgynlygyna sozulýan polat. Tehniki şertler” atly TDS 770-2016 belgili döwlet standarty (mundan beýläk – “Demirbeton gurnawlary armirlemek üçin gyzgynlygyna sozulýan polat. Tehniki şertler” atly TDS 770-2016 belgili döwlet standarty), “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2016-njy ýylyň 13-nji dekabrynda çykaran 1308 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Demirbeton gurnawlar üçin armaturadan sozulan metal. Tehniki şertler” atly TDS-34028-2016 belgili döwlet standarty (mundan beýläk – “Demirbeton gurnawlar üçin armaturadan sozulan metal. Tehniki şertler” atly TDS-34028-2016 belgili döwlet standarty), “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili karary bilen tassyklanan, “1´7 armaturaly polat tanaplar. Tehniki şertler” atly TDS-13840-68 belgili döwlet standarty (mundan beýläk- “1´7 armaturaly polat tanaplar. Tehniki şertler” atly TDS-13840-68 belgili döwlet standarty) boýunça dartgynly we dartgynsyz polat armaturany, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2016-njy ýylyň 29-njy dekabrynda çykaran 1/289 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Kebşirlenen armatura we arasyna goýulýan önümler, demirbeton gurnawlaryň kebşirlenen armaturasynyň we arasyna goýulýan önümleriniň birleşdirmeleri. Tehniki şertler” atly TDS 847-2016 belgili döwlet standarty (mundan beýläk – “Kebşirlenen armatura we arasyna goýulýan önümler, demirbeton gurnawlaryň kebşirlenen armaturasynyň we arasyna goýulýan önümleriniň birleşdirmeleri. Tehniki şertler” atly TDS 847-2016 belgili döwlet standarty) boýunça polat armaturadan edilen we arasyna goýulýan önümleri KPA bilen bilelikde gurnamaga ýol berilýär.

16. Ýowuz gurşawlaryň täsir edýän şertlerinde ulanyş üçin niýetlenilen KPA-ly gurnawlarda, poslamaýan polatlardan edilen polat armaturaly we arasyna goýulýan önümleri ýa-da bellenilen tertipde tassyklanan gurluşyk gurnawlaryny posdan goramak babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň talaplaryna laýyklykda gorag örtükleri bolan önümleri peýdalanmalydyr.

17. KPA-ny “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2018-nji ýylyň 23-nji maýynda çykaran 115-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Agyr we ownuk däneli betonlar. Tehniki şertler” atly ТDS 1056-2018 belgili döwlet standartyna (mundan beýläk – “Agyr we ownuk däneli betonlar. Tehniki şertler” atly ТDS 1056-2018 belgili döwlet standarty), “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2018-nji ýylyň 14-nji awgustynda çykaran 1/186-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Ýeňil betonlar. Tehniki şertler” atly TDS 1058-2018 belgili döwlet standartyna (mundan beýläk - “Ýeňil betonlar. Tehniki şertler” atly TDS 1058-2018 belgili döwlet standarty), “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2016-njy ýylyň 25-nji awgustynda çykaran 1/176 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Beton garyndylar. Tehniki şertler” atly TDS 846-2016 belgili döwlet standartyna (mundan beýläk – “Beton garyndylar. Tehniki şertler” atly TDS 846-2016 belgili döwlet standarty), “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili karary bilen tassyklanan, “Ýol, aerodrom üçin asfaltbeton garyndylar we asfaltbeton. Tehniki şertler” atly TDS-9128-97 belgili döwlet standartyna laýyk gelýän agyr, ownuk däneli, ýeňil, öýjük-öýjük, öýjük düzümli we dartgynlanýan betonlardan bolan gurnawlarda ulanmak bolar. KPA-ly beton gurnawlar üçin bellenilen tertipde tassyklanan pürsli binýatlar babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalary boýunça gysylandaky berkligi B15-den pes bolmadyk betonyň toparyny ulanmaklyk hödürlenýär.

18. KPA-ly gurnawlarda betonyň sowuga çydamlylygy boýunça kysymlaryny bellenilen tertipde tassyklanan beton we demirbeton gurnawlaryň taslama etmekligiň düzgünleri babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda gurnawlara bildirilýän talaplara, olaryň ulanyş düzgünine we daşky gurşawyň şertlerine baglylykda bellemelidir.

19. Bellenilen tertipde tassyklanan gurluşyk gurnawlaryny posdan goramak babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda armaturanyň bütewillik şertine görä, jaýryklaryň açylma ini boýunça KPA bilen armirlenen gurnawlara talaplar bildirilmeýär. Jaýryklaryň açylmasynyň ahyrky ýol berilýän inini, bellenilen tertipde tassyklanan KPA bilen armirlenen beton gurnawlar, taslama etmekligiň düzgünleri babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda, gurnawlaryň gurnawçylyk talaplaryna, ulanyş üçin ýaramlylygyna, estetiki düşünjelerine, syzdyryjylygyna bildirilýän talaplaryň bardygyna görä, şeýle hem agramyň täsir edýän dowamlylygyna baglylykda kesgitlemelidir. Gabaraly gidrotehniki desgalar üçin jaýryklaryň açylma ininiň ahyrky ýol berilýän aňlatmasy 0,5 mm-den geçmeli däldir.

20. KPA bilen armirlenen beton gurnawlaryň çäkli egrelmeleri we ýerini üýtgetmeleri bellenilen tertipde tassyklanan agramlar we täsirler, taslama etmekligiň kadalary babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda umumy talaplar bilen esaslandyrylýar.

 

II bapKPA BILDIRILÝÄN TEHNIKI TALAPLAR

 

§ 1. Materiallara bildirilýän talaplar


21. Oklary taýýarlamak üçin aşakdaky esasy materiallary peýdalanmalydyr:

1) “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili karary bilen tassyklanan, “Aýna sapaklardan rowingler. Tehniki şertler” atly TDS-17139-79 belgili döwlet standartynyň talaplaryna, tassyklanan standartlara we tehniki şertlere laýyk gelýän, ýylylyga çydamly (ýumşap başlamaly temperaturasy 120°С-dan az bolmaly däl) süýümli materiallardan (aýna, bazalt we başgalar) rowingler ýa-da sapaklar;

2) tassyklanan standartlara we tehniki şertlere, “Gatadylmadyk epoksid-dian şepbikler. Tehniki şertler” atly TDS-10587-93 belgili döwlet standartyna laýyk gelýän polimer şepbikleriň (epoksid, epoksifenol, poliefir we başgalar) ýa-da termoplastik polimerleriň esasynda birleşdiriji;

3) okyň gapdal üstüniň güberçegini emele getirmek we häsiýetlerini sazlamak üçin polimer birleşdirijiniň ýanyna, tassyklanan standartlara we tehniki şertlere laýyk gelýän gowulandyryjy maddalar we goşundylar.

Öndüriji, öndürilýän oklar üçin kadalaşdyryjy resminamada armirleýji we birleşdiriji materiallaryň we hödürnamalarda olaryň ulanylyşy boýunça şertli belliklerini görkezýär.

22. Oklar taýýarlanylmaly materiallaryň anyk görnüşleri we kysymlary taýýarlaýjynyň tehniki we tehnologik resminamasynda görkezilýär.

KPA üznüksiz armirleýän dolduryjynyň görnüşi boýunça şu görnüşlere bölünýär:

1) aýnakompozit armatura (mundan beýläk- AKA);

2) bazaltkompozit armatura (mundan beýläk- BKA).

23. Oklary taýýarlamak üçin peýdalanylýan ähli esasy materiallaryň, olaryň häsiýetleriniň degişli standartlara we tehniki şertlere laýyklyk sertifikatlary bolmalydyr we önüm, tapgyrlaýyn synaglardan geçen kärhanalardan gelip gowuşmalydyr. Bu kärhanalaryň sanawy öndürijiniň kadalaşdyryjy resminamasynda görkezilmelidir.

24. Oklar önümçilige goýberilmezden öň esasy materiallar hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda giriş gözegçiliginden geçmelidir.

 

§ 2. Önümçilige bildirilýän talaplar


25. KPA-ny şu Kadalaryň II babynyň §4, §5, §6 paragraflarynyň we öndürijiniň öndürýän KPA-sy üçin bellenen tertipde tassyklanan tehniki resminamasynyň talaplaryna laýyklykda armaturanyň önümçiligini üpjün edýän, tehnologik reglament boýunça periodik profiliň gapdal üstüni emele getirmek bilen oklary süýüp ýasama usullary arkaly taýýarlamalydyr.

26. KPA-lar uzynlygy 0,5-den 12 metre çenli (kesindiniň uzynlygynyň aralygy 0,5 metr) bolan kesindiler görnüşinde taýýarlanylmalydyr. Alyjy bilen ylalaşylyp, desgada islendik uzynlykdaky oklary öndürip bolar.

27. 3-den 10 mm çenli kiçi diametrli KPA üçin daşama we eltip tabşyrma, adatça, şu Kadalarda görkezilenler boýunça, diametriň iň az ýol berilýän aňlatmasy bilen saramalarda ýa-da barabanlarda ýerine ýetirilýär.

28. Ölçegli oklaryň uzynlygy boýunça çäkli gyşarmalar şu Kadalaryň 1-nji tablisasynda getirilen aňlatmalara laýyk gelmelidir.


1-nji tablisa

Oklaryň uzynlygy, m

Uzynlygy boýunça çäkli gyşarmalar, mm

6-a çenli, hasaba alyp

+ 25

6-dan köp 12-ä çenli, hasaba alyp

+ 35

12-den köp

+ 50

29. KPA-da, ok bilen betonyň birleşmede talap edilýän berkligini üpjün edýän, dürli geometriki we fiziki-mehaniki häsiýetlendirmeleri, periodik profiliň üstki görkezijileri bolup biler.


§ 3. Tehniki resminamalara bildirilýän talaplar


30. Öndüriji, tehniki resminamada özüniň öndürýän KPA-nyň anyk kysymlaryny, ýol berilýän gyşarmalary nazara almak bilen geometriki häsiýetlendirmelerini we okyň periodik profiliniň häsiýetlendirmelerini görkezmelidir.

31. KPA-nyň önümçilik resminamasynda we sargyt edilende ulanylýan şertli bellikde onuň esasy talap edijilik alamatlaryny häsiýetlendirýän maglumatlary görkezýärler, ýagny şulary öz içine alyp:

1) nominal diametr d, mm;

2) süýndürilendäki berklik çäginiň aňlatmasy ав, МPа;

3) süýndürilendäki maýyşgaklyk modulynyň aňlatmasy Е, МPа.

Sargyt edilende KPA-nyň belliginden soň okyň tabşyrlanda talap edilýän uzynlygyny (metrlerde) görkezýärler. Alyjy bilen ylalaşma boýunça (sargyt edilende) oklaryň häsiýetlendirmeleriniň tehniki şertlerde görkezilenlerden tapawutlanýan aňlatmalary üpjün edilip bilner.

32. KPA-nyň şertli belliginiň aşakdaky ýaly gurluşy bolmalydyr:


Х Х - Х - Х, Х

---------------KPA-nyň görnüşi

---------------Nominal diametr

---------------Süýndürilendäki berklik çägi

---------------Süýndürilendäki maýyşgaklyk moduly

---------------Resminamanyň belligi (TDS, ТŞ)


Şertli belligiň mysaly: (АKA 12-1000-50, TDS (ТŞ) ..., uzynlygy 14 metr). Aýna plastikden taýýarlanylan KPA-nyň resminamadaky we sargyt edilendäki şertli belligi, nominal diametri 12 mm, süýndürilendäki berklik çägi 1000 МPа, süýndürilendäki maýyşgaklyk moduly 50 GPа, uzynlygy 14 metr.

33. Öndüriji özüniň öndürýan oklarynyň ulanylyşy boýunça hödürnamalarynda çydamlylygy, çeýeligi, yzgara durnuklylygy, relaksasion durnuklylygy, sowuga çydamlylygy, ýokary temperaturalarda çydamlylygy, üzülende otnositel uzalmasyny, gysylandaky berklik we deformasion häsiýetlerini we alyjy bilen ylalaşylan beýleki görkezijileri öz içine alýan goşmaça ulanyş görkezijiler boýunça maglumaty getirmelidir (maglumat peýdalanylan synag usullaryny görkezmek bilen görkezijileriň kepillendirýän aňlatmalary ýa-da iş şertleriniň koeffisiýentleri görnüşinde berilmelidir).

34. KPA-nyň klimatik ýerine ýetirilişiniň görnüşi “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili karary bilen tassyklanan, “Maşynlar, enjamlar we beýleki tehniki önümler. Dürli klimatik sebitler üçin ýerine ýetirilen. Daşky gurşawyň klimatik ýagdaýlary täsir edende kategoriýalar, ulanyş, saklanyş we daşalyş şertleri” atly TDS-15150-69 belgili döwlet standartyna laýyk gelmelidir.


§ 4. Ulanylýan KPA-nyň daşky görnüşine bildirilýän talaplar


35. Oklaryň gapdal üsti güberçekli, periodik profilli ýa-da ankerler bilen giňeldilen bolmalydyr.

36. KPA-nyň haryt kysymyny, üstüniň güberçegine we reňkine bildirilýän talaplary häsiýetlendirýän meňzetme alamatlary taýýarlaýjynyň kadalaşdyryjy resminamasynda görkezilmelidir.

37. KPA-nyň üst ýüzünde süýümlere zeper ýetirmek bilen mehaniki täsir etmeden epilen ýerleriň bolmagyna ýol berilmeýär.

38. KPA-nyň üst ýüzünde köp ýygnanan birleşdirijiniň büdür-südür ýerlerini ýylmap aýrylandan soň emele gelýän solgun tegmilleriň bolmagyna, şeýle hem reňki armaturanyň esasy reňkinden tapawutlanýan zolaklaryň bolmagyna ýol berilýär.

39. Okyň daşky görnüşine we diametrine bildirilýän talaplar, zerur bolan ýagdaýynda (alyjy bilen ylalaşma boýunça) taýýarlaýjynyň kadalaşdyryjy resminamasynda görkezilmelidir.


§ 5. Esasy häsiýetlerine we hil gözegçiligine bildirilýän talaplar


40. Gurluşyk beton we geotehniki gurnawlarda, öndürijiniň degişli tehniki resminamalarynda getirilen birnäçe bir nusgadaky ölçegli aňlatmalardan saýlanyp alynýan geometriki we fiziki-mehaniki häsiýetnamalary bolan KPA-ny ulanmalydyr.

41. KPA-nyň nominal diametriniň aňlatmasy öndürijiniň alyja ýükläp ugradan önüminiň ýany bilen ugradylýan resminamada görkezilen diametriň aňlatmasyndan az bolmaly däldir.

42. KPA-nyň dürli görnüşleriniň esasy fiziki-mehaniki häsiýetnamalary şu Kadalaryň 2-nji tablisasynda getirilen talaplara laýyk gelmelidir.


  • 2-nji tablisa

Häsiýetnamalar

Ölçeg birligi

AKA

BKA

Süýndürilendäki berklik çägi, (σв) az bolmadyk

МPа

800

800

Süýndürilendäki maýyşgaklyk moduly, (Ef) az bolmadyk

GPа

50

50

Gysylandaky berklik çägi, (σвс) az bolmadyk

МPа

300

300

Keseligine kesilendäki berklik çägi, (τsh) az bolmadyk

МPа

150

150

Beton bilen birleşmede berklik çägi, (τr), az bolmadyk

МPа

12

12

Aşgar gurşawda saklanandan soňra süýnmedäki berklik çäginiň peselmegi ∆ σB, % köp bolmadyk

%

25

25

Aşgar gurşawda saklanandan soňra beton bilen birleşmede berklik çägi (τr), az bolmadyk

МPа

10

10

Ulanylmagyň çäkli derejesi (Tэ,) az bolmadyk

0С

60

60

43. Öndüriji KPA-nyň aşakdaky häsiýetnamalary üçin habar beriji maglumatlary getirmelidir:

1) 1 m profiliň agramy, g;

2) dykyzlygy, t/m.

44. Öndüriji aşakdakylara borçlydyr:

1) öndürýän KPA-nyň 95%-dan pes bolmadyk ähtimallyk bilen taýýarlanylyş häsiýetnamalarynyň tehniki resminama laýyklygyny kepillendirmek;

2) her ýyl şol önümi taýýarlamak boýunça tutuş döwrüň içinde alnan synaglaryň maglumatlaryny statistiki taýdan işläp bejermegiň seljermesiniň netijeleri boýunça goýberilýän KPA-nyň häsiýetnamalarynyň laýyklygyny tassyklamak.

45. Hili boýunça barlagy taýýarlaýjy-kärhana geçirýär. KPA-nyň hili (häsiýetnamalaryň şu Kadalaryň II babynyň §4, §5 paragraflarynyň we öndürijiniň tehniki resminamasynyň talaplaryna laýyklygy) taýýarlaýjy-kärhananyň tehniki gözegçilik gullugy tarapyndan tassyklanan bolmalydyr. KPA-nyň häsiýetlerini kesgitlemek boýunça kabul ediş gözegçiliginiň düzüminde geçirilen synaglaryň netijeleri, armatura toplumy üçin berilýän pasportda açyp görkezilýär. Nusgalary seçip alma boýunça hödürlenýän göwrümler we synaglary geçirmegiň usulyýetleri “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda çykaran 252-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Beton gurnawlary armirlemek üçin kompozit polimer armatura. Umumy tehniki şertler” atly TDS-31938-2012 belgili döwlet standartynda (mundan beýläk-“Beton gurnawlary armirlemek üçin kompozit polimer armatura. Umumy tehniki şertler” atly TDS-31938-2012 belgili döwlet standarty) getirilendir.


§ 6. Gaplamagyň we bellik etmegiň düzgünleri


46. Gaplamagyň düzgünleri şu Kadalaryň kyrk ýedinji-elli ikinji böleklerinde getirilendir.

47. Gaplama ýüklenip-düşürilýän işlerde, daşalanda we tä ulanmaga çenli saklananda KPA-nyň tutuşlygyna abat saklanmagyny üpjün etmelidir.

48. KPA-nyň ölçegli uzynlykdaky oklaryny, bir toplumyň düzüminde daňyp gaplaýarlar, olar jebis edilip ýerleşdirilmelidirler we her 1-1,5 metrden keseleýin ugurda berk aýlap daňylmalydyrlar, şunlukda gyraňlardan saralyp daňylan gyradaky ýerleriň aralygy 10-dan 20 sm çenli bolmalydyr.

49. Alyjy bilen ylalaşma boýunça maýyşgak KPA-nyň saramalara we barabanlara gaplamasyna ýol berilýär. Maýyşgak okyň saralmaly hem-de daşamanyň we saklanyşyň ähli şertlerinde KPA-nyň abat saklanmagyny üpjün etmeli saramanyň ýa-da barabanyň minimal diametri (d6, mm) şu Kadalarda (1) formula boýunça hasaplanylýar:


(1)

 

bu ýerde: d- nominal diametr, mm;

σb – süýndürilendäki berklik çägi, MPa;

Ef – süýndürilendäki maýyşgaklyk moduly, MPa


50. Sargylar iki sany bütinleý ýerleşen birleşdiriji saramalar bilen daşyndan aýlap daňylmalydyr, sargylaryň daňylary bolsa iki-üç sany birleşdiriji saramalar bilen berk berkidilmelidir.

51. Sarap daňmany “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda çykaran 206-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Kendir sapaklar. Tehniki şertler” atly TDS 1278-2019 belgili döwlet standarty boýunça kendir sapaklar ýa-da “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili karary bilen tassyklanan, “Gaplama üçin polat lenta. Tehniki şertler” atly TDS-3560-73 belgili döwlet standarty boýunça lentalar bilen amala aşyrýarlar. Daňmanyň, saramanyň ýa-da barabanyň agramy, şeýle hem KPA-nyň gaplanmadyk oklarynyň agramy aşakdakydan geçmeli däldir:

1) elde ýüklenende we düşürilende - 80 kg-dan;

2) mehanizmleşdirilen usulda ýüklenende we düşürilende öndüriji-kärhanalarda we alyjylarda göteriji mehanizmleriň görnüşi we tehniki häsiýetnamalary bilen esaslandyrylýar.

52. Elde düşürmekligi sargytda öňünden gepleşýärler. Eltip tabşyrylýan KPA-nyň mukdaryny taýýarlaýjynyň tehniki resminamasyna laýyklykda agramy boýunça kesgitleýär.

53. KPA-ny bellik etmegiň düzgünleri şu Kadalaryň elli dördinji, elli altynjy böleklerinde getirilendir.

54. KPA-nyň belgisini gaplama kagyzda aşakdaky maglumatlary belläp görkezmelidir:

1) kärhananyň ady;

2) KPA-nyň taýýarlanylan standartynyň ýa-da tehniki şertleriniň belligi;

3) KPA-nyň görnüşi;

4) eltip tabşyrylmaly toplumlaryň belgi sany;

5) toplumlardaky oklaryň umumy uzynlygy;

6) gaplaryň sany;

7) gaplamadaky oklaryň sany;

8) toplumyň taýýarlanylan senesi;

9) gaplaýjynyň we Tehniki gözegçilik bölüminiň gözegçisiniň F.A.Aa;

10) Tehniki gözegçilik bölüminiň möhüri.

55. Her bir gaplamanyň (saramanyň, barabanyň) ýanyna iki sany gaplama kagyzy berkidilmelidir.

56. Gaplama kagyzyň berkidiliş usuly we ýeri KPA-nyň öndürijisiniň tehniki resminamasynda görkezilmelidir.


§ 7. Daşamagyň we saklamagyň tertibi

 

57. Daşalýan döwründe KPA zeper ýetme mümkinçiligini aýyrýan şertleri berjaý edip, ulagyň berlen görnüşinde ýükleri daşamagyň hereket edýän düzgünlerine laýyklykda ulagyň islendik görnüşinde KPA-ny daşamaga ýol berilýär.

58. KPA-ny keseligine ýerleşdirilen ýagdaýynda daşaýarlar.

59. Alyjy KPA-nyň öndürijisi bilen wagtly-wagtynda eltip bermegiň senesini we wagtyny ylalaşmalydyr, zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda bolsa, gurluşyk meýdançasynyň çäklerinde KPA-ny daşamagyň usuly barada we ulag serişdelerine, mysal üçin, olaryň görnüşine, ölçeglerine, agramyna, gabaralaryna we başgalara bildirilýän çäklendirmeler babatda öndürijini habarly etmelidir.

60. KPA-ny, ýyladylmaýan ammar jaýlarda ýa-da mehaniki zeper ýetmeleriň we suw basmagyň ähtimallygyny aýyrýan şertlerde poluň üstünden 100 mm-den az bolmadyk beýiklikde durýan, gyzdyryjy enjamlardan bir metrden ýakyn bolmadyk ýyladylýan ammarlarda saklamalydyr.

61. KPA-ny tekjelerde keseligine ýerleşdirilen ýagdaýda saklamalydyr.

62. Saklananda ultramelewşe şöhlelendirmäniň täsirini aýyrýan çäreleri berjaý etmelidir.

63. Okly gaplamalar, daşalanda we saklanylanda, şeýle hem ýükleme-düşürme işlerde urgylardan we zeper ýetmelerden goramalydyr.


§ 8. Eltip bermegiň we alyjy tarapyndan kabul etmegiň düzgünleri


64. Öndüriji (üpjün ediji) üpjün etme boýunça şertnama laýyklykda we onuň esasynda alyjyny KPA bilen üpjün etmegi amala aşyrýar, şertnamada KPA-nyň mukdary we hili, şeýle hem eltip bermegiň möhletleri we serişdeleri boýunça ähli zerur bolan parametrler görkezilmelidir.

65. Öndüriji (üpjün ediji) üpjün eden mahalynda, ýany bilen çap edilen we tassyklanan görnüşinde aşakdaky resminamalary alyja bermelidir:

1) KPA-nyň her bir toplumy üçin - «KPA-nyň pasportynyň görnüşi» atly şu Kadalara 4-nji goşunda laýyklykda pasport;

2) her bir ýükläp ugradylan KPA üçin – gaplama kagyzlary we haryt üçin goşulyp iberilýän nama.

66. Topluma bir kysymly, bir tehniki resminamalar boýunça we üznüksiz önümçilik prosesinde bir tehnologik çyzgyda çig mal materiallardan taýýarlanylan, bir nusgadaky ölçegli önümler girmelidir.

Öndüriji üpjün etmegiň şertnamasynda görkezilen maglumaty alyja goşmaça bermelidir.

67. Alyjy tarapyndan oklary “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili karary bilen tassyklanan, “Metal önümleri. Kabul edip alma, bellik etme, gaplama, daşama we saklama” atly TDS-7566-94 belgili döwlet standarty boýunça toplum edip, kabul edip almalydyr. KPA-ny kabul edip alanda alyjynyň, öndürijiden (üpjün edijiden) peýdalanylýan esasy materiallaryň hili baradaky maglumaty, şeýle hem ähli kadalaşdyrylan görkezijiler boýunça KPA-nyň kabul ediş-tabşyryş we tapgyrlaýyn geçirilýän synaglarynyň netijelerini talap etmäge haky bardyr.

68. Alyjynyň “Beton gurnawlary armirlemek üçin kompozit polimer armatura. Umumy tehniki şertler” atly TDS-31938-2012 belgili döwlet standartynda getirilen gözegçilik usullaryna laýyklykda üpjün edilen KPA-nyň saýlama giriş hil gözegçiligini geçirmäge haky bardyr. Synaglaryň her bir görnüşini geçirmek üçin KPA-nyň toplumyndan seçilip alynýan nusgalaryň sany, kabul ediş-tabşyryşda 3-den, tapgyrlaýyn we görnüş boýunça bolsa 6-dan az bolmaly däldir. Synaglaryň kanagatlandyrylmadyk netijeleri alnanda görkezijileriň islendigi boýunça alyjynyň armaturanyň toplumyny çalşyrmagy talap etmäge haky bardyr.


III bap. BETON GURNAWLARDA KPA-ny ULANMAK BOÝUNÇA GURNAWÇYLYK-TEHNOLOGIK ÇÖZGÜTLER

 

§ 1. Ulanyş desgalary we şertleri


69. Beton göteriji gurnawlaryň anyk görnüşlerinde KPA-ny ulanmagyň mümkinçiligi hakyky synaglara we ulanyş döwründäki monitoringe degişli tejribe-gurnawçylyk işleriň netijeleri boýunça kesgitlenilmelidir.

70. Tehniki-ykdysady görkezijileriň mümkin bolan görnüşlerini deňeşdirmegiň esasynda saýlanyp alynýan armirleýji materialyň berklik we fiziki-mehaniki häsiýetlerini iň köp (maksimal) peýdalanmagy göz öňünde tutmalydyr.

71. KPA-nyň has oýlanyşykly we maksadalaýyk ulanylýan ýerleri ýowuz (agressiw) gurşawlarda işlemek üçin niýetlenilen gurnawlardyr.

72. АKA-ny şu armatura bolan gatnaşygy boýunça ýowuzlygy has pes, bitarap we az kislotaly şertlerdäki beton gurnawlarda ulanmak maksadalaýyk.

73. Beton gurnawlaryň düzüminde KPA-ny posa garşy gorag boýunça gymmat bolmadyk we zähmeti az sarp edýän çäreleri geçirmezden peýdalanmak bolýar.

74. KPA-nyň ulanylmagy mümkin bolan, beton gurnawlaryň toparlandyrmasy (desgalar we gurnawçylyk çözgütleriň görnüşleri boýunça) “KPA-ny ulanmak mümkinçiligi bilen beton gurnawlaryň toparlandyrmasy” atly şu Kadalara 2-nji goşundyda getirilendir.


§ 2. Gurnama beton gurnawlar


75. Degişli hasaplaşyk we eksperimental (synag) esaslandyrmada (şol sanda beton bilen birleşmesi üpjün edilende) köpçülikleýin ulanylýan gurnama beton gurnawlaryň bir nusgaly taslama çözgütlerinde polat armaturany kiçi diametrli deň berklikdäki KPA bilen çalşyrmaga ýol berilýär. Gurnama elementleriň gurnalýan halkalaryny polat armaturadan ýerine ýetirmelidir. Gurnama beton gurnawlaryň hiline gözegçilik “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili karary bilen tassyklanylan, “Gurluşyk önümleri demirbeton we beton zawotda taýýarlanylan. Doldurma arkaly synag usullary. Berkligini, gatylygyny we jaýryga durnuklylygyny anyklamagyň düzgünleri” atly TDS-8829-94 belgili döwlet standartyna, şeýle hem işçi çyzgylaryň ýa-da tehniki şertleriň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

76. Gurnama beton gurnawlar üçin polat armaturanyň aşakdaky görnüşleriniň deregine KPA-ny ulanmaklyk hödürlenýär:

1) “Demirbeton gurnawlary armirlemek üçin gyzgynlygyna sozulýan polat. Tehniki şertler” atly TDS 770-2016 belgili döwlet standarty boýunça АIII (А400) topara degişli periodik profilli işçi (dik) gyzgynlygyna sozulýan armatura polady;

2) “Demirbeton gurnawlary armirlemek üçin gyzgynlygyna sozulýan polat. Tehniki şertler” atly TDS 770-2016 belgili döwlet standarty boýunça А-I (А240) topara, А-II (А300) topara degişli keseleýin gurnawçylyk we gurnama armatura polady;

3) “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili karary bilen tassyklanan, “Demirbeton gurnawlary armirlemek üçin pes uglerodly polatdan sowuklygyna sozulýan sim. Tehniki şertler” atly TDS-6727-80 belgili döwlet standarty (mundan beýläk-“Demirbeton gurnawlary armirlemek üçin pes uglerodly polatdan sowuklygyna sozulýan sim. Tehniki şertler” atly TDS-6727-80 belgili döwlet standarty) boýunça 4,5 mm diametrli Вр-I topara degişli sim.

77. Armaturada egrelmäni we süýndüriji gatylygy emele getirýän, köp gezek gaýtalanýan agramlary kabul edip, KPA-ny maýyşgak esasda (çydamly) işleýän ýol plitalary görnüşli gurnama gurnawlary armirlemek üçin peýdalanmalydyr.

78. Ýol plitalarynyň gurnawlary KPA-ny ulanmak bilen gündelik abatlaýyş işleriniň we ulanyş çykdajylarynyň bolmadyk ýagdaýynda, şol sanda ýowuz (agressiw) toprak şertlerinde iň köp (maksimal) hyzmat ediş möhletine hasaplaýarlar.

79. KPA-ny ulanmak bilen şäher ýollarynyň örtükleri üçin gurnama beton plitalaryň taslama edilmegini “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili karary bilen tassyklanan “Şäher ýollarynyň örtükleri üçin demirbeton plitalar. Tehniki şertler” atly TDS-21924.0-84 belgili döwlet standartynyň talaplaryny göz öňünde tutup alyp barmalydyr.

80. KPA-ny iri öýjükli betondan (diwar bloklary) we öýjükli dolduryjylar esasyndaky ýeňil gurnawçylyk-ýylylyk geçirmeýän betondan (lenta görnüşli kesilen diwar paneller) ybarat bolan gowşak armirlenen germewleýji gurnawlarda ulanmak bolýar.

81. KPA-ny ýaşaýyş we jemgyýetçilik jaýlarynyň kerpiç diwarlaryndaky beton germeçlerde, hususan-da “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2019-njy ýylyň 17-nji dekabrynda çykaran 411-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Ýaşaýyş we jemgyýetçilik jaýlary üçin demirbeton gurnama germeçler. Tehniki şertler” atly TDS 1313-2019 belgili döwlet standaty boýunça germeçlerde peýdalanmak maksadalaýyk bolup durýar.


§ 3. Beton we beton garyndylaryBeton garyndylara we gurnawçylyk betona bildirilýän talaplar

 

82. Beton gurnawlary armirleme üçin KPA ulanylanda, beton garyndysynyň düzümini düzýän böleklere (semente, dolduryjylara, goşundylara) ýörite talaplar bildirilmeýär. KPA-nyň armirlemesini betonlarda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda çykaran 353 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Portlandsement we şlakoportlandsement. Tehniki şertler” atly TDS 753-2020 belgili döwlet standarty (mundan beýläk - “Portlandsement we şlakoportlandsement. Tehniki şertler” atly TDS 753-2020 belgili döwlet standarty) boýunça portlandsement we onuň dürli görnüşleri (sulfata çydamly, gidrofob we şuňa meňzeler) esasynda bolşy ýaly, şlakoportlandsement, sulfata çydamly şlakoportlandsement esasynda hem ulanmaga ýol berilýär.

83. Beton garyndylarynyň hili we olaryň taýýarlanylyş tehnologiýasy “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2018-nji ýylyň 14-nji awgustynda çykaran 1/176 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Betonlar. Synplandyrma we umumy tehniki talaplar” atly TDS 1057-2018 belgili döwlet standartyna, “Ýeňil betonlar. Tehniki şertler.” atly TDS 1058-2018 belgili döwlet standartyna, “Agyr we ownuk däneli betonlar. Tehniki şertler” atly ТDS 1056-2018 belgili döwlet standartyna laýyklykda kadalaşdyrylýan hil görkezijileri boýunça talaplary kanagatlandyrýan gurnawlaryň betonlaryny almagy üpjün etmelidir.

84. Betonlaryň düzümini “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2019-njy ýylyň 27-nji iýunynda çykaran 194-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Betonlar. Düzümini seçip almagyň düzgünleri” atly TDS 1279-2019 belgili döwlet standarty boýunça seçip alýar.

85. Suw-sement gatnaşygynyň, çekilen howanyň göwrüminiň talap edilýän aňlatmalaryny we KPA-ny armirleme bilen gurnawlar üçin beton garyndylarynda sementiň iň az (minimal) harçlanylşyny betonyň aýratyn görnüşleri üçin “Agyr we ownuk däneli betonlar. Tehniki şertler” atly ТDS 1056-2018 belgili döwlet standartyna laýyklykda gurnawlaryň iş şertlerine baglylykda kesgitleýärler. KPA bilen armirlenen betonlaryň sementini “Agyr we ownuk däneli betonlar. Tehniki şertler” atly ТDS 1056-2018 belgili döwlet standartynyň 3-nji tablisasynda görkezilen görkezijilerden az harçlamak bilen taýýarlamaga ýol berilýär, emma bellenilen tertipde tassyklanan gurluşyk gurnawlaryny posdan goramak babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalary boýunça ýowuz (agressiw) gurşawlarda ulanylýan gurnawlar üçin harçlanylýandan az bolmaly däldir.

86. Betonlaryň tygşytlylygyny we hilini ýokarlandyrmak üçin beton garyndysyna “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2013-nji ýylyň 30-njy iýulynda çykaran 142-nji belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Betonlar üçin goşundylar. Umumy tehniki talaplar” atly TDS-24211-2008 belgili döwlet standartynyň talaplaryny kanagatlandyrýan, “Agyr we ownuk däneli betonlar. Tehniki şertler” atly ТDS 1056-2018 belgili döwlet standartynda getirilen goşundylary goşmalydyr. KPA-ny ulanmak bilen betonlarda olaryň häsiýetlerini gowulandyrýan we sazlaýan goşundylary (plastifisirleýji, howany çekiji, betonyň tutuşmagyny we gatamagyny tizleşdiriji, aýaza garşy we şuňa meňzeşler) saýlap alma çäklendirilmeýär. Şol bir wagtda hem betonyň armatura bolan gorag häsiýetlerini ýokarlandyrýan goşundylary (natriniň nitriti, ingibitor – natriniň tetraboraty, katapin – ingibitor we şuňa meňzeşler) ulanman bolar.

87. Beton garyndylarynyň taýýarlanylyşyny we daşalyşyny “Beton garyndylar. Tehniki şertler” atly TDS 846-2016 belgili döwlet standartynyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirýär.

88. KPA-ny ulanmak bilen gurulýan gurnawlar üçin betonlary, anyk desga üçin bellenen tertipde tassyklanan taslama we tehnologik resminamalara laýyklykda taýýarlamaly. Taslama ýaşynda betonyň görkezijileri, “Agyr we ownuk däneli betonlar. Tehniki şertler” atly ТDS 1056-2018 belgili döwlet standartynda kesgitlenilen gysylandaky, okly süýndürilendäki, egrelendäki süýnme berkligi boýunça toparlary bilen, sowuga durnuklylygy we suw syzdyrmazlygy boýunça kysymlary bilen häsiýetlendirilýär.

 

§ 4. Armatura we beton işleriniň önümçiligine bildirilýän talaplar.

Armatura işlerini kabul edip alma we gözegçilik etme


89. Gurnawlary armirleme üçin KPA peýdalanylanda beton işlerini Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2020-nji ýylyň 28-nji dekabrynda 1426 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Beton we demirbeton monolit gurnawlary. Işleri amala aşyrmagyň we kabul etmegiň kadalary” atly TGK 3.03.04-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2020-nji ýylyň 30-njy noýabrynda çykaran MB-138 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Beton we demirbeton monolit gurnawlary. Işleri amala aşyrmagyň we kabul etmegiň kadalary” atly TGK 3.03.04-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna (mundan beýläk- “Beton we demirbeton monolit gurnawlary. Işleri amala aşyrmagyň we kabul etmegiň kadalary” atly TGK 3.03.04-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna), Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda 1429 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Gurnama beton we demirbeton gurnawlary. Öndürmegiň we kabul etmegiň düzgünleri” atly TGK 3.03.02-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda çykaran MB-145 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Gurnama beton we demirbeton gurnawlary. Öndürmegiň we kabul etmegiň düzgünleri” atly TGK 3.03.02-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna (mundan beýläk - “Gurnama beton we demirbeton gurnawlary. Öndürmegiň we kabul etmegiň düzgünleri” atly TGK 3.03.02-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary) we armaturanyň şu görnüşiniň häsiýetli alamatlaryny görkezýän şu Kadalaryň degişli baplaryna laýyklykda geçirmelidir.

90. Beton garyndylary yzygiderli ugur bilen ähli gatlaklarda bir tarapa ýerleşdirip, arasyny kesmän birmeňzeş galyňlykdaky keseleýin gatlaklar esasynda betonlanýan gurnawlara ýerleşdirmelidir (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 3-nji suratyna seret).

91. Beton garyndysy dykyzlandyrylanda wibratorlaryň KPA-a we goýulýan böleklere söýenmesine ýol berilmeýär.

92. Beton garyndysynyň KPA-ny ulanmak bilen gurnawlaryň galybyna erkin gaçmasynyň beýikligi 0,5 m-den köp bolmaly däldir.

93. Armatura işleri ýerine ýetirilende “Beton we demirbeton monolit gurnawlary. Işleri amala aşyrmagyň we kabul etmegiň kadalary” atly TGK 3.03.04-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna, “Gurnama beton we demirbeton gurnawlary. Öndürmegiň we kabul etmegiň düzgünleri” atly TGK 3.03.02-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna salgylanmalydyr.

94. KPA bilen armirlenen beton gurnawlarda tekiz we giňişleýin armatura önümleriniň taýýarlanylyşy, esasan, oklaryň kesişýän ýerlerini sintetiki sapak bilen sarap daňyp, soňundan epoksid şepbik bilen siňdirip we epoksid şepbigini gatadyp, kebşirlenmeýän birleşdirmeler arkaly amala aşyrylýar. Şeýle-de, oklaryň ildirgiçjikleri peýdalanmak bilen ýa-da ýörite awtomatik sapançalaryň kömegi bilen mehanizmleşdirilen usul arkaly “Umumy maksatly pes uglerodly polat sim. Tehniki şertler” atly TDS-3282-74 belgili döwlet standarty (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 4-nji we 5-nji suratlaryna seret) boýunça gyzdyryp toplanan pes uglerodly polat simiň atanak görnüşli düwünlerinde berkidilmegine ýol berilýär (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 6-njy suratyna seret).

95. KPA-dan armatura önümleri (karkaslar we gözenekler) taýýarlanylanda we olar kabul edilip alnanda olaryň çyzykly ölçegleriniň hakyky gyşarmalary taslama resminamasynda görkezilen, ýol berilýän gyşarmalardan geçmeli däldir.

96. Taslama resminamasynda KPA-dan edilen önümler üçin görkezmeler ýok bolan ýagdaýynda, olaryň çäkli aňlatmalary “Kebşirlenen armatura we arasyna goýulýan önümler, demirbeton gurnawlaryň kebşirlenen armaturasynyň we arasyna goýulýan önümleriniň birleşdirmeleri. Tehniki şertler” atly TDS 847-2016 belgili döwlet standartyna, “Beton we demirbeton monolit gurnawlary. Işleri amala aşyrmagyň we kabul etmegiň kadalary” atly TGK 3.03.04-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna we “Gurnama beton we demirbeton gurnawlary. Öndürmegiň we kabul etmegiň düzgünleri” atly TGK 3.03.02-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda polat armatura üçin bolşy ýaly, umumy talaplar bilen esaslandyrylýar.

97. Gorag gatlagyň galyňlygyny bellenilen tertipde tassyklanan KPA bilen armirlenen beton gurnawlar, taslama etmekligiň düzgünleri babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň talaplaryna laýyklykda, betonda KPA-nyň ankerlemesini we KPA-dan ybarat oklaryň sepleriniň gurluş mümkinçiligini, şeýle hem Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 11-nji iýulynda 1244 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Jemgyýetçilik binalary we desgalary” atly TGK 2.08.02-19 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Тürkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji aprelinde çykaran МВ-70 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Jemgyýetçilik binalary we desgalary” atly TGK 2.08.02-19 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary we Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2015-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda 903 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Binalary we desgalary taslamagyň ýangyna garşy kadalary” atly TGK 2.01.02-15 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Тürkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2015-nji ýylyň 19-njy awgustynda çykaran МВ-65 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Binalary we desgalary taslamagyň ýangyna garşy kadalary” atly TGK 2.01.02-15 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary boýunça gurnawlaryň anyk görnüşi üçin oda çydamlylygyna we ýangyn howpsuzlygyna bildirilýän talaplary üpjün edip, KPA-nyň we betonyň bilelikdäki işiniň şertlerine görä bellemelidir.

98. Betonyň gorag gatlagynyň galyňlygy KPA-dan ybarat okyň diametrinden az we 10 mm-den az kabul edilmeli däldir.

99. Betonyň gorag gatlagynyň galyňlygy, 100°С-dan 200°C çenli gyzýan temperaturada 5 mm artmalydyr we KPA-dan ybarat okyň diametrinden 1,5–den az kabul edilmeli däldir. Beton gatlagynyň KPA çenli galyňlygy poslama nukdaýnazaryndan kadalaşdyrylmaýar.

100. KPA-ny ulanmak bilen gurnawlar betonlananda gorag gatlagynyň taslama boýunça galyňlygy galyby ýerleşdirmek ýa-da sement-çäge erginden, ýylylyga çydamly we aşgara çydamly polimer materiallardan ybarat berkitmeleri gurmak arkaly üpjün edilýär.


IV bap. MAÝYŞGAK BIRLEŞDIRIJILER HÖKMÜNDE GERMEWLEÝJI GURNAWLARDA KPA-ny ULANMAK BOÝUNÇA GURNAWÇYLYK-TEHNOLOGIK ÇÖZGÜTLER

 

101. KPA-dan ybarat ölçegli uzynlykdaky oklar, dürli maksatly binalaryň we desgalaryň köp gatlakly germewleýji gurnawlarynyň düzüminde maýyşgak birleşdirijileriň (birleşdiriji elementleriň) gurluşy üçin netijeli ulanylyp bilner. KPA-dan ybarat maýyşgak birleşdiriji germewleýji gurnawyň daşky örtgileýän we içki ýylylyk geçirmeýän gatlaklary bilen göteriji diwaryň birleşdirmesini üpjün etmelidir. KPA-dan ybarat maýyşgak birleşdirijileriň ulanylmagy aýna plastikanyň we bazalt plastikanyň ýylylyk geçirijilik koeffisiýentiniň pesligi (adatça, metala garanda 100 esse az) netijesinde «sowugyň sekijikleriniň» emele gelmegini ýok edýär, ýylylyk ýitgisini azaldýar we binanyň energiýa netijeliligini ýokarlandyrýar.

102. KPA-dan ybarat maýyşgak birleşdirijiler aşakdaky gurnawlaryň düzüminde ulanylýar:

1) gurnama materiallardan ybarat üç gatlakly kerpiç, daş we beýleki utgaşdyrylan diwarlar (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 7-nji suratyna seret);

2) kerpiçden, daşdan ýa-da beýleki ownuk gurnama örtgiden edilen monolit beton diwarlar;

3) iri panelli jaý gurluşygy üçin üç gatlakly gurnama demirbeton diwar paneller;

4) az gatly gurluşyk üçin üç gatlakly ýylylyk saklaýan bloklar.

103. KPA-ny ulanmak bilen maýyşgak birleşdirijiler üçin, adatça, ýokary berkligi we sement erginleriniň hem-de betonlaryň aşgarly ýagdaýyň täsirine durnuklylygy bolan, bazalt plastikadan ybarat oklary peýdalanmalydyr.

Maýyşgak birleşdirijileriň gurluşy üçin ýaramlylygy degişli tehniki şahadatnama bilen tassyklanan aýna plastikadan ybarat oklary peýdalanmaga ýol berilýär.

104. KPA-dan ybarat maýyşgak birleşdirijiniň gurnawçylyk-tehnologik çözgüdi aşakdakylary üpjün etmelidir:

1) kerpiç örümiň seplerinde, diwaryň betonynda ygtybarly berkitmäni;

2) süýndürilendäki we egrelendäki berkligi;

3) sement erginleriň we betonlaryň aşgarly ýagdaýa durnuklylygy;

4) diwaryň ýylylyga garşylyk görkezijisiniň birmeňzeşligi.

105. KPA-dan ybarat maýyşgak birleşdirijileriň şu Kadalaryň talaplaryny kanagatlandyrýan we ýörite tehniki şertlere we şahadatnamalara laýyk gelýän gurnawlaryny ulanmalydyr.

106. Oklaryň uçlarynda beton ýa-da sement ergini bilen birleşmesini üpjün etmek üçin epinler (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 8-nji a suratyna seret), gysgaltmalar (şol sanda çägeden) (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 8-nji b suratyna seret), dýubel ýa-da nurbat görnüşli gilzalar (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 8-nji ç, d suratlaryna seret) görnüşinde ankerli gurluşlar ýerleşdirilýär. KPA-nyň okynyň tutuş uzynlygyna çägesow örtügi bolup biler (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 8-nji e suratyna seret). Birleşdirijiniň gurnawyna şemalladýan deşigi döretmek üçin direg berkidiji, ýyladyjyny gyzdyrmak üçin plastik uçluk girip biler (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 9-njy suratyna seret).

107. Kerpiç diwarlar üçin içki diwaryň erginli sepindäki KPA-dan ybarat «maýyşgak birleşdirijileriň» minimal bekleme çuňlugy - 90 mm, iň köp (maksimal) -150 mm bolýar. Daşky diwaryň erginli sepindäki bekleme çuňlugy - 90 mm.

108. Kerpiç bilen örtüklenen monolit diwar üçin göteriji gatlakdaky bekleme dýubeliň uzynlygyna laýyk gelýär, örtükleme gatlakdaky bolsa 90 mm düzýär.

109. “Maýyşgak birleşdirijileriň” ýapyk diwaryň 1 m-ne düşýän sany 4-den az bolmaly däldir.

110. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili karary bilen tassyklanan “Sintetiki birleşdiriji esasynda alnan ýokary gatylykdaky mineral-pamyk plitalar. Tehniki şertler” atly TDS-22950-95 belgili döwlet standarty boýunça mineral-pamyk plitalar bilen kerpiç ýa-da beton diwarlar ýyladylanda, KPA-dan ybarat “maýyşgak birleşdirijileriň” dikligine gurluşynyň aralygy plitanyň beýikligine deň (500-den 600 mm çenli), keseligine bolsa – 500 mm bolmalydyr. Minplita bilen örtükleme gatlagyň arasyndaky şemalladýan deşik urga çydamly we sowuga durnukly plastikadan ybarat direg berkitmäni KPA-nyň okynda berkitmek arkaly döredilýär (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 8-nji b, ç suratlaryna seret).

111. Kerpiç diwarlar penopolistiroldan ýa-da penopoliuretandan ybarat plitalar bilen ýyladylanda KPA-dan ybarat “maýyşgak birleşdirijileriň” dikligine aralygy plitanyň beýikligine deň, emma 1000 mm-den köp däl, “maýyşgak birleşdirijileriň” keseligine aralygy - 250 mm-e deň bolmalydyr. “Maýyşgak birleşdirijileriň” gurluş parametrleri olaryň diwaryň tekizligi boýunça ýerleşişine görä, adatça, 4 sany/m anyklanylýar.

112. Monolit demirbeton diwarlar ýyladylanda we demirbeton önümler taýýarlanylanda KPA-dan ybarat “maýyşgak birleşdirijileriň” gurluş aralygy dikligine we keseligine 500 mm-e deňdir.

113. KPA-dan ybarat “maýyşgak birleşdirijileri” binanyň boşluk ýerleriniň perimetri boýunça, deformasion sepleriniň, parapetiň golaýynda, şeýle hem burçlarynda 300 mm aralykdan goşmaça gurýar.


V bap. GEOTEHNIKI GURNAWLARDA KPA-ny ULANMAK BOÝUNÇA GURNAWÇYLYK-TEHNOLOGIK ÇÖZGÜTLER

 

§ 1. Ulanylyş desgalar we şertleri


114. АKA-ny ulanmak bilen wagtlaýyn geotehniki gurnawlar, mehanizmleşdirilen ýerasty ötük (tunnel) gazyjy we ýer gazyjy enjamlaryň täsiri astynda, polat armatura bilen deňeşdireniňde, kesilende we goparylanda keseleýin agramlary kabul etmek üçin berkliginiň pesliginiň hasabyna aňsat weýran bolup bilerler. Geotehniki gurnawlar üçin KPA-ny ulanmagyň tehniki-ykdysady taýdan maksadalaýyklygy ýowuz (agressiw) gurşawlarda poslama garşy ýokary durnuklylygy we süýndürilendäki ýokary berkligi bilen esaslandyrylandyr.

115. Hemişelik geotehniki gurnawlaryň düzüminde BKA posa garşy goragy boýunça gymmat bolmadyk we zähmeti köp sarp etmeýän çäreler geçirilmezden peýdalanylyp bilner.

116. Geotehniki desgalaryň (köprüler, ýerasty ötükler, binýatlar, direg diwarlar, berkitmeler we şuňa meňzeşler) göteriji gurnawlarynda KPA-nyň ulanylmagy ýörite hasaplamalaryň ýerine ýetirilmegini, esaslandyrmalary we zerur bolan ýagdaýynda, ýörite synaglaryň geçirilmegini talap edýär.

117. KPA-nyň has oýlanyşykly we maksadalaýyk ulanylýan ýerleri ýowuz (agressiw) gurşawlarda, mysal üçin, ýol örtüklerinde, köprüleriň ulag geçýän ýerlerinde, germewlerde, direg diwarlarda, gum depelerinde, kollektorlarda we şuňa meňzeşlerde işlemek üçin niýetlenilen gurnawlar hasaplanýar.

118. KPA-nyň ulanylmagy mümkin bolan geotehniki gurnawlaryň görnüşleri we toparlandyrmasy “KPA-ny ulanmak mümkinçiligi bilen geotehniki gurnawlaryň toparlandyrmasy” atly şu Kadalara 3-nji goşundyda getirilendir.


§ 2. Binýatly gurnawlaryň gurluşy


119. Binýatly gurnawlarda KPA-ny ulanmak boýunça görkezmeler şu Kadalaryň bir ýüz ýigriminji-bir ýüz otuz birinji böleklerinde getirilendir.

120. KPA-ny ulanmak bilen esaslary we binýatlary taslama etmeklik Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2016-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda 952 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Binalaryň we desgalaryň düýpleri” atly TGK 2.02.01-16 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda” Тürkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda çykaran МВ-02 belgili buýrugy bilen tassyklanan, “Binalaryň we desgalaryň düýpleri” atly TGK 2.02.01-16 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň (mundan beýläk – “Binalaryň we desgalaryň düýpleri” atly TGK 2.02.01-16 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary), bellenilen tertipde tassyklanan ýerasty desgalar, düýpler we binýatlar, işleri gurama, ýerine ýetirme we kabul edip alma; pürsli binýatlar babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň talaplaryny nazara almak bilen ýerine ýetirilmelidir. Tehniki-ykdysady görkezijileri deňeşdirmegiň görnüşleriniň esasynda saýlanyp alynýan armirleýji materialyň berklik we fiziki-mehaniki häsiýetleriniň iň köp (maksimal) peýdalanylmagyny göz öňünde tutmalydyr.

121. KPA-ny ulanmak bilen binýatlaryň gurnawlary, ýeňil abatlaýyş işleri we ulanyş çykdajylary ýok bolan ýagdaýynda, şol sanda ýowuz toprak gurşawlarynda iň köp (maksimal) hyzmat ediş möhletine hasaplaýar.

122. KPA-ny ulanmak bilen ýüzleý goýulýan binýatlary gönüden-göni binýat çukurynda (hendekde, kotlowanda) ýa-da gurnama elementlerden ybarat gurnama görnüşinde ýerine ýetirýär.

123. Lenta görnüşli monolit we plitaly binýatlar üçin gurluşyk meýdançasynda armatura işleri geçirilende KPA-nyň taýýar oklarynyň gurnawçylyk egreltmegini ýerine ýetirmegiň mümkin däldigini göz öňünde tutmaly. Egreldilen polat oturtmalary ulanmak bolar.

124. Plita egrelende ýüze çykýan süýndüriji gatalmalaryň kabul edilmegi üçin ýüzleý goýlan maýyşgak binýatlaryň tekiz ýa-da basgançakly plitaly bölegini armirlemek üçin KPA-ny ulanmaklyk netijeli hasaplanylýar (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 10-njy suratyna seret). Maýyşgak binýat üçin basgançagyň ininiň (basgançagyň (binýadyň) dabanynyň iň kiçi ölçegi) onuň beýikligine bolan gatnaşygy, şeýle hem plitanyň öňe çykmasynyň binýadyň beýikligine bolan gatnaşygy (topragyň meýilleşdirilmeginiň üstünden, binýadyň dabanyna çenli aralyk) 1,5 esseden az bolmaly däldir.

125. KPA-nyň gözenegi bilen binýatly plitany armirleme “Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 11-nji suratynda görkezilendir.

126. Binýatly gurnawlar üçin polat armaturanyň aşakdaky görnüşleriniň deregine KPA-ny ulanmaklyga ýol berilýär:

1) “Demirbeton gurnawlary armirlemek üçin gyzgynlygyna sozulýan polat. Tehniki şertler” atly TDS 770-2016 belgili döwlet standarty boýunça АIII (А400) topara degişli periodik profilli işçi (dik) gyzgynlygyna sozulýan armatura polady;

2) “Demirbeton gurnawlary armirlemek üçin gyzgynlygyna sozulýan polat. Tehniki şertler” atly TDS 770-2016 belgili döwlet standarty boýunça АI (А240) we АII (А300) topara degişli keseleýin gurnawçylyk we gurnama armatura polady;

3) “Demirbeton gurnawlary armirlemek üçin pes uglerodly polatdan sowuklygyna sozulýan sim. Tehniki şertler” atly TDS-6727-80 belgili döwlet standarty we “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili karary bilen tassyklanan “Demirbeton gurnawlary armirlemek üçin pes uglerodly polatdan sim. Tehniki şertler” atly TDS-7348-81 belgili döwlet standarty (mundan beýläk – “Demirbeton gurnawlary armirlemek üçin pes uglerodly polatdan sim. Tehniki şertler” atly TDS-7348-81 belgili döwlet standarty) boýunça 6-dan 8 mm çenli diametrli BII topara degişli sim.

127. Degişli hasaplama we eksperimental (synag) esaslandyrmada (şol sanda beton bilen birleşmesi üpjün edilende) köpçülikleýin ulanylýan binýatlaryň beton gurnawlarynyň bir nusgaly taslama çözgütlerinde polat armaturany, kiçi diametrli deň berklikdäki KPA bilen çalşyrmaga ýol berilýär. KPA-dan gözenekleriň gurluşy şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.

128. KPA-ly beton binýatlar üçin, ýowuz (agressiw) ýerasty suwlar bar bolan ýagdaýynda, degişli görnüşli sementleri ulanmalydyr ýa-da üst ýüzüniň gidroizolýasiýasyny gurnamalydyr.

129. KPA-ny ulanmak bilen beton monolit we gurnama binýatlar gurlanda bellenilen tertipde tassyklanan pürsli binýatlar babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalary boýunça betonyň gysylandaky berkligi B15-den pes bolmadyk toparly beton ulanylmalydyr.

130. KPA-ny lenta görnüşli binýatlaryň we ýerzeminleriň diwarlarynyň gurluşygynda kerpiçden we but daşyndan ybarat daş örümi armirlemek üçin ulanmaly, “KPA-ny ulanmak mümkinçiligi bilen beton gurnawlaryň toparlandyrmasy” atly şu Kadalara 2-nji goşundyda getirilendir.

131. Örülýän ergine, gatamagyny tizleşdirýän we sowuga garşy goşundylar – polat armaturanyň poslamasyny emele getirýän hlorly duzlar goşulýan gyş döwründe süýndürme birleşdirijileri hökmünde KPA-ny ulanmaklyga ýol berilýär.

132. Binýatly gurnawlar üçin KPA-ny ulanmagyň mysallary şu Kadalaryň bir ýüz otuz üçünji-bir ýüz kyrkynjy böleklerinde getirilendir.

 

Sütünli binýatlaryň gurluşy

 

133. Betondan, butdan, sement-toprakdan we başgalardan ybarat sütün bolup durýan ýeke gurnama binýatda (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 12-nji suratyna seret) KPA-ny germewiň panelleri üçin, şeýle hem esasyň plitasynyň armirleýji gözenekleri üçin süýndürme birleşdirijileri hökmünde peýdalanmak bolýar.


Lenta görnüşli binýatlaryň gurluşy


134. KPA ulanylanda lenta görnüşli monolit binýady aşagyndan armirlenen plita-lenta we gysylanda işleýän we agramy esasa berýän armirlenmedik binýatly diwar bilen ýerine ýetirmek maksadalaýykdyr. Gurnaw, «Grafiki şekiller» atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 10-njy suratynda getirilendir.

135. Gurnama binýatlar, tutuşlaýyn ýerleşýän ýa-da arasy bölünýän KPA bilen armirlenen binýatly plitalardan we beton blokly diwarlardan ybarat bolup durýarlar (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 13-nji suratyna seret). Kompozit materialyň ýokary posa garşy häsiýetleriniň netijesinde, ýeke gözenekler ýa-da KPA-nyň gözeneklerinden ybarat tekiz armatura bloklar bilen armirlenen plitalar ýerasty suwlaryň derejesinden aşakda goýlup bilner.

136. Gurnama binýatly plitalaryň işçi armaturasy hökmünde “Demirbeton gurnawlary armirlemek üçin gyzgynlygyna sozulýan polat. Tehniki şertler” atly TDS 770-2016 belgili döwlet standarty boýunça AIII (А400) topara degişli periodik profilli okly gyzgynlygyna sozulýan armatura berkligi deň bolan KPA ulanmalydyr. Paýlaýjy armatura hökmünde KPA-nyň oklary peýdalanylanda, “Demirbeton gurnawlary armirlemek üçin pes uglerodly polatdan sowuklygyna sozulýan sim. Tehniki şertler” atly TDS-6727-80 belgili döwlet standarty we “Demirbeton gurnawlary armirlemek üçin pes uglerodly polatdan sim. Tehniki şertler” atly TDS-7348-81 belgili döwlet standarty boýunça olaryň berkligi, ВрI we ВрII topara degişli polat armatura sime deň bolmalydyr.

137. Gaty gysylýan, çökýän we beýleki gurluşy durnuksyz topraklarda gurnama binýatlar gurlanda, şeýle hem topraklaryň gatlaklary endigan däl ýagdaýda gat-gat bolup ýerleşende desganyň perimetri boýunça birleşdiriji sepleri ýa-da binýatly plitalaryň ýa-da gönüden-göni lenta görnüşli binýatlaryň üstünden dikligine guşaklary armirlemek üçin KPA-ny peýdalanmak bolar (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 14-nji suratyna seret).

Birleşdiriji sepleriň tekiz gözenekleriniň ýa-da dik guşaklaryň karkaslarynyň KPA dik oklary, diametri 10 mm-den az bolmadyk AIII (А400) topara degişli polat armaturanyň berkligine deň bolmalydyr.


Arasy bölünýän binýatlaryň gurluşy


138. Arasy bölünýän binýatlar, adatça, 0,2 l (l - plitanyň uzynlygy) köp bolmadyk aralykda ýerleşdirilýän demirbeton plitalardan gurulýar. Binýatlaryň bu görnüşinde KPA-nyň ulanylyşy plitalaryň arasyndaky toprak aralyklarynyň KPA-nyň oklary bilen goşmaça armirlenmesiniň mümkinçiligi bilen, şu Kadalaryň bir ýüz otuz dördünji, bir ýüz otuz bäşinji, bir ýüz otuz altynjy böleklerine meňzeş (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 15-nji suratyna seret).


Birleşmeleriň gurluşy

 

139. Beton bloklardan ybarat gurnama binýatly diwara kerpiç diwar birleşdirilen ýagdaýynda (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 16-njy suratyna seret), dik we kese diwarlaryň arasyndaky birleşdirijini “Demirbeton gurnawlary armirlemek üçin gyzgynlygyna sozulýan polat. Tehniki şertler” atly TDS 770-2016 belgili döwlet standarty boýunça 8-den 10 mm çenli diametrli polat armaturanyň berkligine deň bolan KPA-nyň oklaryndan ybarat gözenekleriň keseleýin seplerine salmagyň kömegi bilen ýerine ýetirip bolar.


Maçta görnüşli binýatly diregleriň gurluşy

 

140. Posa garşy ýokary çydamlylygy, pes ýylylyk geçirijiligi, dielektrik we berklik häsiýetleri KPA-ny galtaşma ulgamyň, yşyklandyryş diregleriň, tok geçiriji hatarlar diregleriň we tok geçiriji hatarlar izolirleýji trawersleriň binýatlarynda peýdalanmaga ýol berýär. Maçtaly diregiň üç hatar ýaýraýan binýadynyň umumy görnüşi we KPA-dan ybarat armaturaly karkasyň gurnawlary «Grafiki şekiller» atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 17-nji suratynda getirilendir.


§ 3. Nagel berkitmegiň gurluşy


141. Nagel berkitme üçin KPA-ny ulanmak boýunça görkezmeler şu Kadalaryň bir ýüz kyrk ikinji- bir ýüz kyrk sekizinji böleklerinde getirilendir.

142. KPA-ny ulanmak bilen nagel berkitme dikleýin diwarjyklaryň, şeýle hem gurluşyk hendekleriň kert-ýapgyt diregleriniň we adatça, 15 m-den köp bolmadyk çuňlukdaky çöketlikleriň durnuklylygyny işläp düzme prosesinde armirleýji elementleriň ýa-da mikropürsleriň (ýere kakylýan nageller) ulgamy arkaly golaý ýerleşýän toprak massiwini berkitme we diwarjygyň (diregiň) üstüne gorag gatlagyny gurma ýoly bilen üpjün etmelidir. Ulanylyş mysallary «Grafiki şekiller» atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 18-nji suratynda getirilendir. Nageller armirlenen toprakdan özi göterýän gabaraly direg diwarjygy döredip, özüniň tutuş uzynlygyna toprak gabarasyny birleşdirýär.

143. KPA-ny ulanmak bilen nagel berkitme gurluşy boýunça taslama edilende we işler alnyp barlanda “Binalaryň we desgalaryň düýpleri” atly TGK 2.02.01-16 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň, bellenilen tertipde tassyklanan gurluşyk ýerasty desgalar, düýpler we binýatlar, işleri gurama, ýerine ýetirme we kabul edip alma babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň görkezmelerinden we beýleki degişli kadalaşdyryjy resminamalardan ugur almalydyr.

144. Ankerler ýa-da diregler arkaly berkidilen germewleýji direg gurnawyň (pürsli, dyrnakly, demirbetondan we başga direg diwarjyklar) gurulmagyny talap etmeýän tygşytly usul hökmünde nagel berkitmegi, degişli tehniki-ykdysady esaslandyrma bar bolan halatynda, haçan-da bu inženerçilik we gidrogeologik şertler boýunça mümkin bolan, tebigy diregleri bolan hendegi işläp düzme bolsa bar bolan gurluşygyň şertleri boýunça mümkin däl ýa-da maksadalaýyk däl bolan ähli ýagdaýlarda ulanmalydyr.

145. Gaty, ýarymgaty we gaty maýyşgak konsistensiýaly (akyjylyk görkezijisi Jl < 0,5) tozanly-toýunsow birleşdiriji topraklarda (gumbaýrak, topur, toýun), çökýän we çişýän topraklardan başgasynda, şeýle hem gorag örtügiň gurulýan döwründe dikligine nagelleriň hasaplanan aralygyndan az bolmadyk beýiklikde, öňden bellenen kert ýeriň diregini saklamaga ukyply we armirleýji element (nagel) bilen hasaplama boýunça zerur birleşmesini üpjün edýän emeli usulda dykyzlandyrylyp, tebigy ýerleşen topraklarda KPA-ny ulanmak bilen nagel berkitme gurluşyna ýol berilýär.

146. KPA-ny ulanmak bilen nagel berkitme, wagtlaýyn (hemişelik desga gurulýança we hendegiň yzy gömülýänçä) ýa-da ýeňil abatlaýyş işleri geçirilmedik we ulanyş çykdajylary bolmadyk ýagdaýynda hemişelik, şol sanda ýowuz (agressiw) toprakly gurşawlarda hyzmat edip biler.

147. KPA-ny ulanmak bilen nagel berkitme beton-sepilen örtükli monolit görnüşinde ýa-da plitalardan ybarat gurnama gorag diwarjykly gurnama görnüşinde ýerine ýetirilip bilner.

148. Çümdürilýän we buroinýeksion nagelleriň göteriji elementleri üçin tutuşlaýyn bolşy ýaly, polat armaturanyň aşakdaky görnüşleriniň deregine turba görnüşli keseleýin kesilen KPA-ny ulanmaklyga ýol berilýär:

1) “Demirbeton gurnawlary armirlemek üçin gyzgynlygyna sozulýan polat. Tehniki şertler” atly TDS 770-2016 belgili döwlet standarty boýunça АIII (A400), AIV (A600), AV (A800) topara degişli periodik profilli gyzgynlygyna sozulýan armatura polady;

2) “Demirbeton gurnawlar üçin armaturadan sozulan metal. Tehniki şertler” atly TDS-34028-2016 belgili döwlet standarty boýunça Ат400с, Ат500с, Ат600, Ат600с, Ат800 topara degişli periodik profilli termomehaniki berkidilen armatura polady;

3) taýýarlaýjy zawodyň kadalaşdyryjy resminamalary boýunça nurbat görnüşli armatura polady;

4) diregleriň, dikleýin diwarlaryň ýa-da gurnama örtgi plitalaryň beton-sepilen örtügini armirlemek üçin polat armaturany berkligi deň armatura bilen çalşyryp, KPA-dan ybarat gözenekler ulanylýar (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 19-njy suratyna seret).


Beton-sepilen örtükli nagel berkitmäniň gurluşy


149. Nagel berkitme üçin ulanylýan mysallar şu Kadalaryň bir ýüz ellinji- bir ýüz altmyş üçünji böleklerinde getirilendir.

150. Beton-sepilen örtükli nagel berkitmäni KPA ulanylanda, armirleýji oklardan öňürti topraga çümdürilende, adatça, çuňlugy 8 m çenli bolan hendekler we çöketlikler üçin durnukly birleşdiriji topraklarda (topurlar, toýunlar) wagtlaýyn hökmünde ulanmaly. Gurnawyň bir nusgaly görnüşi “Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 20-nji suratynda getirilendir, tehniki häsiýetnamalary şu Kadalaryň 3-nji tablisasynda getirilendir.

  • 3-nji tablisa

Gurnawçylyk parametri

Aňlatmasy

Berkidilýän ýapgyt diregleriň beýikligi, m

3-8

Kert ýer, gradus

70-90

Nagelleriň uzynlygy, m

2-7

KPA armirleýji oklarynyň görnüşi, mm

Öňe çykmalaryň beýikligi 2-den az bolmadyk tutuşlaýyn ýa-da periodik profilli turba görnüşli kesim

KPA armirleýji oklaryň diametri, mm

20-50

Armirleýji oklaryň süýndürilendäki

berkligi,kN

70-400

Nagelleriň aralygy, m

0,6-1,0

Nagelleriň keseligine ýapgyt burçy,

gradus

0-30

Beton-sepilen örtügiň galyňlygy, mm

50-70


151. KPA armirleýji oklardan öňürti topraga çümdürilende we beton-sepilen gorag örtükde hendekleriň we ýapgyt diregleriň diwarlaryny berkitmek boýunça işleriň düzümine aşakdaky işler girýär:

1) topragy ýeriň bir ýa-da iki gatlagynyň çuňlugyna çenli mehanizmleşdirip işläp düzme (0,6-dan 2,0 çenli);

2) iş öndürilşiniň düzgünlerine laýyklykda taslama boýunça kert ýere çenli soňundan ýapgyt diregiň üstüni işläp ýetirmek;

3) KPA-dan ybarat armirleýji oklary ýapgyt direge çümdürme;

4) gözenegiň ýa-da KPA-dan ybarat armatura karkasynyň çekimi we berkitmesi;

5) beton-sepilen örtügi çalma;

6) örtükdäki oklary berkitme.

Işleriň tapgyryny taslamadaky çuňluga ýetilýänçä indiki gezeklerde we hatarlarda doly gaýtalaýar.

152. KPA-dan ybarat buroinýeksion nagellerde beton-sepilen örtükli nagel berkitmäni wagtlaýyn hökmünde bolşy ýaly, adatça, çuňlugy 15 metre çenli bolan hendekler we çöketlikler üçin birleşdiriji gury topraklarda (gumbaýrak, topur, toýun) hemişelik hem ulanmaklyga ýol berilýär. Tehniki häsiýetnamasy şu Kadalaryň 4-nji tablisasynda getirilendir. KPA-dan ybarat buroinýeksion nageller üçin kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda turba görnüşli keseleýin kesilen içi boş oklary peýdalanmak hödürlenýär, ýagny olaryň üsti bilen goşmaça inýeksion turbany peýdalanmazdan berkitme erginini bermek bolýar.


4-nji tablisa

Gurnawçylyk parametri

Aňlatmasy

Berkidilýän ýapgyt diregleriň beýikligi,

m

7-15

Kert ýer, gradus

70-90

Guýularyň diametri, mm

60-170

Nagelleriň uzynlygy, m

5-12

KPA-dan ybarat göteriji okyň görnüşi

periodik profilli turba görnüşli kesim

ýa-da ankerli gysgaltmalar bilen

KPA-dan ybarat göteriji okyň diametri,

mm

20-36

KPA-dan ybarat göteriji okyň süýndürilendäki berkligi, kN

70-360

Nagelleriň aralygy, m

1,0-1,5

Nagelleriň keseligine ýapgyt burçy,

gradus







burçy, gradд.

0-30

Beton-sepilen örtügiň galyňlygy, mm

60-150

153. Turba görnüşli kesilen KPA-dan ybarat göteriji okly buroinýeksion nagellerde we beton-sepilen örtükde ýapgyt diregleri we hendekleriň diwarlaryny berkitmek boýunça işleriň düzümine aşakdaky tehnologik işler girmelidir, ýagny (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 21-nji suratyna seret):

1) Iş öndürilşiň düzgünlerine laýyklykda taslama boýunça kert ýere çenli soňundan ýapgyt diregiň üstüni işläp ýetirmek bilen, eýelenen ýeriň uzynlygy boýunça topragy, ýeriň bir ýa-da iki gatlagynyň çuňlugyna çenli mehanizmleşdirip işläp düzme (1,0-den 3,0 m çenli);

2) KPA-dan ybarat armatura gözenegi (armokarkasy) gurmak we soňundan toprakly ýapgyt diregiň taýýarlanan ýerini sepip-betonlama;

3) KPA-dan ybarat göteriji oklary çümdürmek bilen keseligine ýa-da ýapgytlygyna (0-dan 30° çenli burç astynda) guýulary geçirmek;

4) KPA-dan ybarat okyň boşlugynyň içinden 0,4-den 0,6 çenli suw-sement gatnaşygy bilen berkidiji sement ergininiň inýeksiýasy;

5) beton-sepilen örtügiň üstünde oklary berkitme;

6) zerur bolan ýagdaýynda sepilen-betonyň 2-nji gatlagyny çalma;

7) ýeriň indiki gatlagynyň topragyny işläp düzme we işleri gaýtalama.

154. Örtükdäki nagel berkidilmäni hyrly birleşdiriji gurluşlara (perehodniki) berkidiji nurbatlary towlap geýdirmek arkaly ýa-da KPA-dan ybarat ok bilen bölekde arasyna goýulýan çydamly plastinanyň üstaşyry berkidilen polat oboýmalary kebşirlemek arkaly geçirýärler. Berkidilmäni, sepilen-beton 1,5 MPa-dan az bolmadyk berkligi toplandan soň (takmynan 12 sagatdan soň) ýerine ýetirmelidir.

155. Ýapgyt diregiň (diwarjygyň, gapdalyň) gorag örtüginiň armatura karkasyny dikligine we keseligine süýşürilip bellenen, KPA-dan ybarat gözenegiň 2 sany gatlaklaryndan ýerine ýetirmeklige ýol berilýär.

156. Yzyndan gelýän hatarlaryň armatura karkasy öňdäki hataryň armokarkasynyň öňe çykmalary bilen örülýän sim arkaly birleşdirilmelidir.

157. Nagel berkidilen ýerlerdäki armatura karkasda, mysal üçin, turbalaryň kesikleri ýa-da burawlama diametrine degişli sogrup çykarylýan agaç, plastik we başga elementler görnüşindäki arasyna goýulýan bölekler ýerleşdirilmelidir (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 22-nji suratyna seret).

158. Her bir hatardaky gözenegiň aşaky ujy gatlagyň düýbünde 20 sm çuňlukdaky çuňlandyrmada oturdylýar we sepilip-betonlamada bitewileşdirmäni aýyrmak üçin gömülýär.

 

Gurnama gorag diwarjykly nagel berkitmäniň gurluşy


159. KPA ulanylanda gurnama gorag diwarjykly nagel berkitmäni (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 23-nji suratyna seret) wagtlaýyn hökmünde bolşy ýaly, 15 m çenli çuňlukdaky hendekler we çöketlikler üçin durnukly birleşdiriji topraklarda (toýunlar, topurlar, gumbaýrak) hemişelik hem ulanmaga ýol berilýär.

160. Berkitme gurnawy KPA-dan ybarat göteriji ok bilen germewleýji çarçuwalardan we topraga burawlanyp siňdirilýän nagellerden hatar-hatar gurulýan diwarlaryň birleşdirilmegidir (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 24-nji suratyna seret). Diwarjyk dik guşaklaryň keseleýin pürsleri bilen birleşdirilen dikleýin göteriji sütünleri we adatça, buroinýeksion nagel arkaly berkidilýän topraga dartylýan gorag diregleri öz içine alýar. Dik guşaklaryň keseleýin pürslerinde turba görnüşli pürsler ýa-da iki tawroly pürsler görnüşinde dikleýin sütünleriň gurluşy üçin konduktorlar bilen üpjün edilen ýörite deşikler bolmalydyr.

161. Gorag diregler hökmünde, adatça, KPA-dan ybarat gözenekler bilen armirlenen 60-dan 80 mm çenli galyňlykdaky ýuka diwarly plitalar peýdalanylýarlar. Degişli esaslandyrma bar bolanda, metal listleri ýa-da kompozision materiallardan ybarat diregleri peýdalanmaga ýol berilýär. Berkitmäniň tehniki häsiýetnamasy şu Kadalaryň 5-nji tablisasynda berlendir.

5-nji tablisa

Gurnawçylyk parametri

Aňlatmasy

Gapdalyň beýikligi, m

5-15

Nagelleriň uzynlygy, m

4-12

Çekmegiň bir nusgaly ölçegi

АP – АVI topara degişli armatura oklar 12-32;

TWŞ 030-60 mm

Nagelleriň aralygy, m

1-1,5

Nagelleriň ýapgyt burçy, gradus

0-30

Dikleýin sütünleriň diametri, mm

80-160

Dikleýin sütünleriň uzynlygy, m

2,9-3,9

Gorag germewiň ölçegi, m.

1 х 2 - den 1,5 х 3-çenli

Hendegiň gatlagyny işläp düzme çuňlugy, m

3,0 çenli

Gorag diregler bilen hendegiň bortuny berkitme wagty, sagat

8 – 24-den giç bolmadyk

Işçi temperaturalaryň diapazony, 0С

-10...+ 40

  • Berkitme işleri aşakdakylardan ybaratdyr:

1) dik guşagyň konduktorlarynyň üstaşyry dikleýin guýulary burawlama, sütünleriň göteriji elementlerini çümdürme we bitewileşdirme;

2) 1-nji hataryň topragyny mehanizmleşdirip işläp düzme;

3) hendegiň diwarynyň golaýyndaky topragy elde işläp üstüni ýetirme we arassalama, taslama boýunça ýagdaýyna görä gorag diregleri gurma;

4) gorag direglerde berkitme bilen nagelleriň aralyk hatarynyň gurluşy;

5) dikleýin sütünler bilen sepleşdirip we ýokarky pürse degişlilikde süýşürip, 1-nji hataryň aşaky pürsüni gurma;

6) ýapgyt nageller bilen aşaky pürsi topraga berkitme;

7) berk bellenen tertipde, hendegiň taslama boýunça düýbüne ýetýänçä öňki işleri gaýtalama.

162. Dikleýin sütünleri topraga çuňlaşdyrma, topragyň hatarynyň işläp düzme beýikliginiň 1/3-den az bolmaly däldir. Sütüniň aşagyndaky guýularyň dik okunyň taslamadaky ýagdaýdan gyşarmasy 1°-dan köp bolmaly däldir. Sütünler hökmünde polat turbalary, KPA oklardan ybarat karkas bilen burawlanyp dykylýan mikropürsleri peýdalanyp bolar.

163. Sütünleri we nagelleri atanak tertipde her birinden soň gurmaly. Her bir germewleýji direg, taslama ýagdaýa görä gurlandan soň nagel bilen topraga dartylan bolmalydyr.

 

§ 4. Demir we awtomobil ýollaryň gum düşegi


164. Demir we awtomobil ýollarynyň gum düşeginiň, şeýle hem dürli maksatly gum düşekleriň we çöketlikleriň gurluşynda aşakdakylar üçin KPA-ny ulanmak bolar:

1) gum düşeginiň esasyny berkitme;

2) gum düşeginiň, gum düşekleriň we çöketlikleriň gabarasyny armirleme;

3) gum düşekleriň, çöketlikleriň, suwuň ugruny sowýan ganawlaryň ýapgyt direglerini gorama we berkitme;

4) ýol geçirijileriň we kiçi köprüleriň konuslarynda, gum düşekleriň, çöketlikleriň, suwuň ugruny sowýan ganawlaryň ýapgyt direglerinde we beýleki şoňa meňzeş ýagdaýlarda geogözenekleri gurnama we gurnawçylyk berkitme.

165. Dürli toprak şertlerinde gurulýan awtomobil we demir ýollarynyň gum düşekleriniň esasyny we gabarasyny berkitmek üçin KPA-nyň ulanylşy “Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 25-nji suratynda getirilendir. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili karary bilen tassyklanan, “Topraklar. Klassifikasiýa” atly TDS-25100-95 belgili döwlet standarty (mundan beýläk - “Topraklar. Klassifikasiýa” atly TDS-25100-95 belgili döwlet standarty) boýunça ortaça berklikdäki topraklardan düzülen esas üçin drenaž geçirlen gatlakda KPA-dan ybarat gözenegi ýerleşdirilýär (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 25-nji suratyna seret). “Topraklar. Klassifikasiýa” atly TDS-25100-95 belgili döwlet standarty boýunça esasyň berkligi pes topragy üçin gum düşeginiň esasyndaky KPA-dan ybarat gözenek geotekstil materialyň gatlagynda ýerleşdirilýär (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 25-nji suratyna seret). “Topraklar. Klassifikasiýa” atly TDS-25100-95 belgili döwlet standarty boýunça gowşak esaslar üçin gum düşeginiň esasyndaky KPA-dan ybarat gözenek gum düşeginiň orta böleginde drenaž geçiriji topragyň aralyk gatlagynda düşelýän geotekstil material we KPA-dan ybarat gözenek bilen utgaşýar (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 25-nji suratyna seret). Drenaž geçiriji gatlagyň galyňlygy drenirleýji suwlary toplamak we aýyrmak üçin 0,5-den 1 m çenli bolmalydyr.

166. Gum düşekleriniň esaslaryny berkidýän armatura gözenekler üçin nominal diametri 8-den 12 mm çenli bolan KPA ulanylýar.

167. KPA dürli gurluşyk gurnawlarynyň astyndaky, şol sanda dürli maksatly gum düşekleriniň esasy böleginde ýerleşdirilen suw geçiriji desgalaryň astyndaky teýgum esasyny berkitmek üçin peýdalanylyp bilner.

168. Iki hatarly suw geçiriji desganyň tipli ülňüsi birinji hatarda ýerleşen süzüji gum düşegini, ikinji hatarda ýerleşen armotoprak oboýmadaky metal turbaly gum düşegini öz içine alýar (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 26-njy suratyna seret).

Birinji hatara ýumşamaýan jynslara degişli, sowuga çydamly, iriligi 0,3 m çenli bolan, jaýryk ýa-da ýylmanan, erkin taşlama bilen daş dökülýär.

Birinji süzüji hataryň üstünde gum düşegiň topragynyň gum düşegiň süzüji böleginiň kesimine syzyp geçmesini we onuň kolmatasiýasyny aýyrýan yzyna süzüji gurluş ýerleşdirilýär. Yzyna süzüji gurluş armirleýji sintetiki materialdan ybarat oboýmada 400 mm-den az bolmadyk galyňlykdaky dykyzlandyrylan ürgün suw syzdyrmaýan materialyň gezekleşdirilýän gatlaklary görnüşinde ýerine ýetirilendir. Soňkusy hökmünde dokalan ýa-da dokalmadyk geotekstili, ýa-da geotekstil materiallary bolan kompozit kombinasiýalary peýdalanýarlar. Yzyna süzüjiniň üstüne epin-epin turba bilen ikinji hataryň gum düşegi dökülýär.

Epin-epin turbanyň esasynda (şeýle hem turbanyň üstündäki gum düşeginde) 8-den 12 çenli diametrli KPA-dan ybarat gözenek görnüşinde (aýna plastikaly ýa-da bazalt plastikaly) ýüklenen gum düşeginden emele gelýän basyşy paýlaýan armirleýji gatlagy ýerleşdirýär.

169. Armotoprakly gum düşegi olaryň arasynda KPA-dan ybarat armatura (ýa-da polat) gözenekleri, geotekstil materiallary, keseligine ýerleşdirilen we toprak bilen deňeşdireniňde ep-esli süýndüriji güýçleri kabul etmäge ukyply metal zolaklary ýerleşdirmek bilen topragyň dykyzlandyrylýan gatlaklaryny gat-gat edip dökmek bilen döredilýär.

KPA-ny ulanmak bilen armotoprak gurnawlaryň tehniki-ykdysady artykmaçlyklary aşakdakylardyr:

1) çuňlaşdyrylan binýady gurmagyň zerurlygynyň ýoklugy;

2) köp metal sarp edijiligi azaltmasy;

3) armotoprak esasyň galtaşma zolaklarynda süýnmeklige garşylyk görkezme ýokarlananda ýowuz (agressiw) topraklarda posa garşy durnuklylygyň ýokarlandyrmasy.

170. Armirleýji elementler hökmünde periodik profilli KPA oklar ulanylanda yzyna gömülýän toprak aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:

1) organiki garyndylaryň bolmazlygy;

2) 0,015 mm-den has ownuk bölejikleriň düzümi agramy boýunça 15%-den köp bolmazlygy;

3) 150 mm-den iri bölejikleriň düzümi agramy boýunça 25%-den köp bolmazlygy;

4) 350 mm-den iri garyndylaryň bolmazlygy.

171. KPA-nyň ýokary posa garşy häsiýetleri toprakda hloridleriň we sulfatlaryň dökülmegine ýol berýärler.

172. Armotoprak gurnawlaryň gurluşynyň tehnologik ülňüsi yzygiderlilikde ýerine ýetirilen indiki işleri öz içine almalydyr:

1) esasyň taýýarlamasyny;

2) armaturanyň düşelmegini;

3) ýapgyt diregiň örtüginiň daşky örtük elementleriniň birinji hataryny gurmagyny;

4) daşamany, eltip bermegi, soňundan ýerleşdirme bilen yzyna gömülýän topragyň birinji (aşaky) gatlagyny tekizlemegi we dykyzlandyrmany, işleri mundan beýläk gaýtalamagyny.

Gurluşyk gum düşegiň içki tarapyndan amala aşyrylmalydyr, ýagny bu goşmaça tehnologik gurluşlaryň (mysal üçin, sekileriň) ulanylmagyny aýyrýar.

173. KPA oklary, şu Kadalaryň bir ýüz ýetmiş dördünji we bir ýüz ýetmiş bäşinji böleklerine laýyklykda geotehniki gurnawlarda geogözenegi ýerleşdirmek we berkitmek üçin gurnama we gurnawçylyk ankerler hökmünde ulanýar.

174. Geogözenegi berkidýän anker urga çydamly we sowuga durnukly polimer materialdan geýdirilýän-ildirgiji bolan 6-dan 12 mm çenli diametrli periodik profilli KPA okyndan durýar (köplenç aýna plastika armatura ulanylýar) (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 27-nji suratyna seret). Geýdirilýän bölek, onuň sanjyp deşilýän armatura okyna dykyz geýdirilmelidir. Anker topraga kakyp girizilende urgylary geýdirilýän bölegiň üstünden däl-de, KPA okyň özünden etmeli.

Kompozit ankerler aşakdaky ýaly artykmaçlyklara eýedir:

1) kiçi agram;

2) temperaturalaryň giň diapazonynda ýokary berklik;

3) poslagan däl;

4) owradylan daşy, çagylly, harsaňly we şuňa meňzeşleri topraklarda peýdalanmak mümkinçiligi.

175. KPA-dan ybarat dykylyp kakylýan ankerleri berkitmek üçin ulanmak bilen ýapgyt diregde göwrümli geogözenegi ýerleşdirme aşakdaky yzygiderlilikde ýerine ýetirilýär:

1) geogözenegiň ýerleşdirilýän ýerinde, onuň modulynyň ýokarky gyrasynyň uzaboýuna ankerleriň uzynlygynyň ýarysyny öýjügiň inine deň aralykdan topraga dykyp kakmaly (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 28-nji suratyna seret);

2) geogözenegiň bölegini çekip uzaltmaly we bölegiň gyraky hatarynyň her bir uzaldylan öýjügini oňa degişli ankere geýdirmeli. Ondan soň KPA-dan ybarat ankerleri geogözenegiň ýokarky gyrasy bilen gyradeň edip kakmaly. Soňra geogözenegiň bölegini onuň tutuş uzynlygyna çenli ýapgyt direg boýunça aşaklygyna uzaltmaly (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 29-njy suratyna seret).


§ 5. Kenar gorag desgalaryň gurluşy


176. Tebigy (emeli) plýažlary saklamak we kenar ýapgytlaryny köwülmeden goramak üçin niýetlenilen kenar gorag desgalary üçin KPA betondan edilen direg diwarlary we tolkunyň badyny ýatyrýan bermlaryň, bunlaryň, toprak bölekleriniň we grawitasion diwardan dökülýän gum gabaralarynyň elementlerini armirlemek, gorag üçin göwrümli guty görnüşli gabionlaryň we maýyşgak geotublaryň gurluşy, desgalaryň astyndaky esaslary çökmelerden we ýuwmalardan goramagy berkitmek üçin ulanylyp bilner.

177. Plýažy saklaýan bunanyň beton örtügini armirlemek üçin KPA-dan ybarat gözenegiň peýdalanylyşynyň mysaly “Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 30-njy suratynda getirilendir.

178. “Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 31-nji we 32-nji suratlarynda, KPA-nyň toplumlaýyn ulanylyşynyň mysaly hökmünde kenar-gorag desganyň gurnawynyň görnüşleri getirilendir, ýagny ol kenarlary tolkunlaryň täsirlerinden goramak üçin direg-saklaýjy hökmünde peýdalanylyp bilner.

Gurnaw modul seksiýalara birleşdirilýän profilli polat göteriji dikleýin we uzaboýuna elementlerden ybarat öňdäki gurnama diwarjygy öz içine alýar (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 35-nji suratyna seret). Gözenegiň esasy, ýapgyt sütünleriň kömegi bilen çagylly-jyglym daşly topragyň tekizleýji gatlagyna daýanýar. KPA dykyzlandyrylan drenirleýji topragyň gezekleşýän, berkidiji gözenekler ýa-da diwar bölekde geotekstil materialdan oralan inler arkaly armotoprakly tubalar bilen geçirilen gatlaklardan ybarat armotoprak gurnawy diwaryň aňyrsyndaky böleginde gurmak üçin. Kompozit we geotekstil materiallaryň utgaşmasy mümkindir.


§ 6. Direg diwarlaryň gurluşy


179. Direg diwarlaryň gurnawlarynda KPA-ny ulanmagyň maksadalaýyklygy ulanyş şertlerini (agressiw gurşawlaryň barlygy, deşik ýerlerini gurmagyň zerurlygy), materialy köp sarp edijiligini we gurluşygyň gymmatyny peseltme mümkinçiligini nazara almak bilen tehniki-ykdysady deňeşdirme görnüşlerine görä kesgitlenilmelidir. KPA-ny ulanmak bilen direg diwarlaryň dürli görnüşlerini taslama etmeklik “Binalaryň we desgalaryň düýpleri” atly TGK 2.02.01-16 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň, bellenilen tertipde tassyklanan beton we demirbeton gurnawlaryň taslama etmekligiň düzgünleri; direg diwarlary we ýerzeminleriň diwarlaryny taslama etmek; ýerasty desgalar, düýpler we binýatlar, işleri gurama, ýerine ýetirme we kabul edip alma babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmelidir.

180. KPA-nyň ulanylyşyny direg diwarlaryň aşakdaky görnüşleri üçin saýgarmaly:

1) burç görnüşli ýuka diwarly (konsolly, ankerli, kontrforsly);

2) maýyşgak (konsolly, diregli ýa-da anker bilen berkidilen);

3) grawitasion armotoprakly.

181. Gaty ýa-da şarnirli birleşdirilen şekilli we binýatly plitalardan durýan, burç görnüşli diwarlar üçin (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 33-nji suratyna seret) KPA-nyň ulanylmagy diwarasty binýatly plitalar armirlenende netijeli hasaplanylýar.

Tutuşlaýyn gurnama gurnawlarda şekilli we binýatly plitalar taýýar elementlerden ýerine ýetirilýärler. Gurnama-monolit gurnawlarda, şekilli plita gurnama, binýatly bolsa – monolit bolup durýar. Monolit direg diwarlaryň tutuşlygyna gurulmagy mümkindir.

182. KPA-ny ulanmak bilen direg diwarlaryň binýatly plitalaryny armirlemegi “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50-nji belgili karary bilen tassyklanan, “Demirbeton gurnawlar we önümler üçin kebşirlenen armatura gözenekler. Umumy tehniki şertler” atly TDS-23279-85 belgili döwlet standartyna we şu Kadalaryň degişli böleklerine laýyklykda ýerine ýetirilýän tekiz gözeneklerden göz öňünde tutmalydyr.

183.Monolit diwarlar üçin armirleme aýry-aýry oklar arkaly amala aşyrylyp bilner. Şunlukda, KPA oklary şekilli plitalar we dabanyň hem-de diwarjygyň birleşýän ýerinde betonlamany goşmaça armirlemek üçin çökmeklige garşy durýan armatura hökmünde hem ulanmak bolýar.

184. Binýatly we şekilli plitalary birleşdirýän ankerli çekiş güýçleri üçin (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 33-nji suratyna seret) “Demirbeton gurnawlary armirlemek üçin gyzgynlygyna sozulýan polat. Tehniki şertler” atly TDS 770-2016 belgili döwlet standarty boýunça Ат600, Ат800 toparlara degişli ýa-da “Demirbeton gurnawlar üçin armaturadan sozulan metal. Tehniki şertler” atly TDS-34028-2016 belgili döwlet standarty boýunça АIII (A400), AIV (A600), AV (A800) toparlara degişli polat armaturanyň berkligine laýyk gelýän BKA ulanylyp bilner.

185. Burç görnüşli direg diwarlaryň işçi KPA üçin gorag gatlagynyň galyňlygy 30 mm-den az we armaturanyň oklarynyň diametrinden kiçi kabul edilmeli däldir. Monolit binýatly plitalarda, beton taýýarlamasy ýok bolan ýagdaýynda aşaky işçi BKA üçin betonyň gorag gatlagyny azyndan 50 mm kabul etmek hödürlenýär.

186. KPA-ly ýuka diwarly direg diwarlar üçin gysylandaky berkligi B20-den pes bolmadyk topara degişli betonlary ulanmak hödürlenýär.

187. Gezekme-gezek doňdurylýan we eredilýän gurnawlar üçin taslamada betonyň sowuga durnuklylygy we suw syzdyrmazlygy boýunça kysymy agzalyp geçilmelidir. Betonyň taslama boýunça kysymy desga ulanylanda ýüze çykýan temperatura kadasyna, gurluşyk meýdanynda daşky howanyň hasaplanan gyş temperaturalarynyň aňlatmalaryna baglylykda kesgitlenilýär.

188. Burawlanyp dykylýan pürslerden ýa-da “diwar topragyň içinde” usul arkaly ýerine ýetirilýän maýyşgak direg we wagtlaýyn germewleýji diwarlar üçin (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 34-nji suratyna seret) KPA-nyň ulanylmagy aşakdakylar üçin netijeli bolup durýar, ýagny:

1) kommunikasiýalary geçirmek, tunnelden (ýerasty ötükden) geçýän maşynyň çykmagyny (girmegini) üpjün etmek üçin tutuşlaýyn diwarda deşik ýerleriniň gurluşy;

2) direg diwaryň berkligini we durnuklylygyny, hendegiň germewini üpjün edýän toprak ankerleriň ýa-da ankerli pürsleriň göteriji çekiş güýji.

189. “Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 35-nji suratynda mysal hökmünde 20-den 32 mm çenli diametrli AIII (А400) topara degişli işçi polat armaturadan ybarat öňki armokarkaslary deň berklikdäki AKA-dan ybarat giňişleýin karkas bilen çalşyrmak arkaly tunnelden (ýerasty ötükden) geçýän diregiň kesilip ýerleşdirilýän zolagynda gorag gurnama (söküp aýyrma) kameranyň germewleýji pürsli diwaryny armirlemegiň bir nusgaly ülňüsi getirilendir. AKA-dan ybarat pürsli karkasyň gurnawy we bölekleri “Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 36-njy, 38-nji suratlarynda görkezilendir.

190. Grawitasion direg diwaryň gurnawynyň häsiýetnamasy we mysaly şu Kadalaryň bir ýüz togsan birinji, bir ýüz togsan ikinji böleklerinde getirilendir.

191. KPA-ny ulanmak bilen gurulýan göwrümli grawitasion direg gurnawlar, adatça, gözenekler ýa-da KPA-nyň aýry-aýry oklary arkaly armirlenen, dökülýän ýa-da tebigy gurluşly topragyň gabarasyny we üstki tekiz ýa-da profilli gorag diwary öz içine alýar. Direg diwarlaryň bu görnüşi, çylşyrymly inžener-geologik şertlerde ulanylyp bilner.

192. Mysal hökmünde “Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 39-njy suratynda KPA-ny ulanmak bilen diwaryň armirlenen aňyrsyndaky bölegi bolan göwrümli grawitasion direg gurnawy getirilendir, ýagny ol çylşyrymly inžener-geologik şertlerde ulag we senagat-raýat gurluşygynda peýdalanylyp bilner.


§ 7. Ankerli berkitmäniň gurluşy


193. KPA-dan ybarat göteriji çekiş güýji bolan toprak ankerler we ankerli pürsler direg diwarlary, hendekleriň germewlerini, doklaryň we goýberilýän guýularyň düýplerini, yşyklandyryş we elektrik geçiriji maçtalary, binýatlary we dürli maksatly diregleri we başgalary berkitmek üçin ulanylyp bilner.

194. Göteriji çekiş güýji hökmünde KPA ulanylan toprak ankerler ýa-da ankerli pürsler arkaly direg diwarlaryň we beýleki gurnawlaryň berkidilmegi ulanyşyň tutuş döwrüniň dowamynda olaryň berkligini, durnuklylygyny we az deformirlenmesini üpjün etmelidir.

195. KPA-ny ulanmak bilen ankerli berkitmäniň gurluşy boýunça taslama edilende we işler alnyp barlanda “Binalaryň we desgalaryň düýpleri” atly TGK 2.02.01-16 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary, bellenilen tertipde tassyklanan ýerasty desgalar, düýpler we binýatlar, işleri gurama, ýerine ýetirme we kabul edip alma; pürsli binýatlar; toprak ankerleriň taslama edilişi we gurluşy babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň görkezmelerinden ugur almalydyr.

196. KPA-dan ybarat çekiş güýji bolan toprak ankerler öňünden-gataldylan ýaly ulanylmalydyr. Ilkinji sürtülme güýjüniň ululygy (Аb) aşakdaky ýaly bolmalydyr:


0,8-Ар < Аb < 1,2-Ар (2)


bu ýerde Ар – şu Kadalara bir ýüz togsan bäşinji bölegi boýunça taslama ediş tapgyrynda kesgitlenilýän, ankere düşýän hasaplanan agram. Ankerleriň deslapdan dartgynlama aňlatmasy taslamada kesgitlenilýär.

197. KPA-dan ybarat çekiş güýji bolan ankerli pürsler direg diwarda (germewleýji gurnawda ýa-da başga desgada) berkidilmezden öň 0,2 • Ар-dan az bolmadyk güýç bilen tehnologik sürtülmä sezewar edilmelidir.

198. Berkidilme ygtybarlylygyny üpjün etmek üçin hasaplanan sogrup çykaryjy agram (Ар) berkidilmäniň ulanyş döwründe, degişli ätiýaç koeffisiýentleri hasaba almak bilen, KPA-dan ybarat çekiş güýjüň süýndürilendäki berkliginden geçmeli däldir:







(3)


bu ýerde ϭв – süýndürilendäki berklik çäginiň aňlatmasy;

Fm - KPA-dan ybarat çekiş güýjüniň kesilen ýeriniň hasaplanan meýdany;

γс = 0,9 – bellenilen tertipde tassyklanan polat gurnawlar babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda gowşamadyk kesim boýunça berkligiň hasaplamasynda süýndürilen çekiş güýji üçin iş şertleriniň koeffisiýenti;

γm = 1,1 ÷ 1,2 – birinji toparyň çäkli ýagdaýlary boýunça hasaplamada çekiş güýjüniň materialy boýunça ygtybarlylyk koeffisiýenti;

Кт = 1,5 – bellenilen tertipde tassyklanan ýerasty desgalar, düýpler we binýatlar, işleri gurama, ýerine ýetirme we kabul edip alma babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda agram boýunça ygtybarlylyk koeffisiýenti.

199. Wagtlaýyn ankerleriň göteriji çekiş güýji hökmünde AKA bolşy ýaly, BKA-ny hem ulanmaga ýol berilýär. Wagtlaýyn ankerleriň çekiş güýjüniň şäher gurluşygynyň şertleri üçin hendekleriň berkidilmesini AKA-dan ýerine ýetirmek zerurdyr. AKA-dan ybarat kesilendäki we epin bolandaky berkliginiň häsiýetnamalary ankerleri çykarmazdan agyr şäher şertlerinde ýerasty kommunikasiýalary geçirmäge mümkinçilik berýär.

200. Hemişelik ankerleriň göteriji çekiş güýji we direg diwarlaryň berkidilýän pürsleri üçin, şeýle hem desgalaryň ýüze çykmadan durnuklylygyny üpjün etmek üçin peýdalanylýan ankerler we pürsler üçin çydamly we has berk BKA-ny ulanmalydyr.

201. KPA-nyň agram astynda berkliginiň deňligi we deformirlenmesiniň çäklendirme şertinde, polat armaturanyň we sozulan metalyň aşakdaky görnüşleriniň deregine şulary ulanmak bolar, ýagny:

1) “Demirbeton gurnawlary armirlemek üçin gyzgynlygyna sozulýan polat. Tehniki şertler” atly TDS 770-2016 belgili döwlet standarty boýunça 25-den 40 mm çenli diametrli АIII (A400), AIV (A600), AV (A800) topara degişli periodik profilli gyzgynlygyna sozulýan armatura polady;

2) “Demirbeton gurnawlar üçin armaturadan sozulan metal. Tehniki şertler” atly TDS-34028-2016 belgili döwlet standarty we taýýarlaýjy zawodyň kadalaşdyryjy resminamalary boýunça Ат500с, Ат600, Ат600с, Ат800, Ат1000 topara degişli 18-den 36 mm çenli diametrli periodik profilli we hyr görnüşli termomehaniki berkidilen armatura polady;

3) “1´7 armaturaly polat tanaplar. Tehniki şertler” atly TDS-13840-68 belgili döwlet standartlaryna degişli 1х7 polat armatura tanaplary;

4) kadalaşdyryjy resminamalara laýyk gelýän turba görnüşli hyrly ştangalary.

202. Toprak ankerleriň we ankerli pürsleriň çekiş güýji üçin, köplenç, süýndürilendäki hasaplanan göterijilik ukyby 300-den 900 kN çenli bolan KPA-ny aşakdakylary öz içine alyp peýdalanmak hödürlenýär:

1) taýýarlaýjy zawodyň kadalaşdyryjy resminamalary boýunça üsti ýylmanak we güberçekli aýna süýümlerden we bazalt süýümlerden ýerine ýetirilen, turba görnüşli keseligine kesilen armatura oklary;

2) taýýarlaýjy zawodyň kadalaşdyryjy resminamalary boýunça ýokary maýyşgak modully tutuşlaýyn kesilen KPA oklary;

3) taýýarlaýjy zawodyň kadalaşdyryjy resminamalary boýunça nominal diametrli periodik profilli aýna plastik armatura oklary.

203. KPA-dan ybarat çekiş güýji bolan ankeri ýa-da ankerli pürsi toprakda berkitmek üçin inýeksion usullary peýdalanmalydyr, ýagny olarda “Portlandsement we şlakoportlandsement. Tehniki şertler” atly TDS 753-2020 belgili döwlet standarty boýunça М400 - М500 portlandsementiň esasynda işçi zolaga gatadyjy erginleri gysyp ýygnama arkaly bekleme döredilýär.

204. KPA-ny ulanmak bilen ankerleriň we ankerli pürsleriň gurluşynyň tehnologik ülňüsi aşakdaky yzygiderlilikde ýerine ýetirilen işleri öz içine almalydyr:

1) ýapgyt guýynyň doly uzynlygyna burawlanyp geçmesini;

2) gurluşyk meýdançasynda ankeri toplama we ony öňünden burawlanan guýa çümdürmesini;

3) ankeriň toprakda beklenen esasy bölegini emele getirmesini;

4) sement ergin bilen taslama boýunça berklik toplanýança ankeriň berk durmagy;

5) ankeriň germewleýji gurnawda synag edilmegi we berkidilmegi.

205. Mysal hökmünde “Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 40-njy suratynda direg diwarlary we hendekleriň germewlerini berkitmek üçin turba görnüşli kesilen KPA-dan ybarat ankeriň we ankerli pürsleriň gurnawlary getirilendir.


§ 8. Tunnelleriň (ýerasty ötükleriň) geçýän ugry boýunça topragyň öňürti berkidilmesi


206. Ulag tunnellerinde (ýerasty ötükler) we beýleki ýerasty dag känlerinden gazylyp alynýan peýdaly magdan ýataklaryň çykarylýan ýerlerinde bir bada tutuşlaýyn keseligine açmak bilen mehanizmleşdirilip geçirilende, agdarylmalaryň, opurylmalaryň we gündelik üstüň çökmeleriniň öňüni almak üçin AKA-dan ybarat armirleýji elementler, geçýän ýeriň ugry boýunça topragyň öňürti berkidilmesi üçin ulanylyp bilner (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 41-nji suratyna seret).

Süýndürilende ýokary berkligi bolan AKA-dan ybarat armirleýji elementler kesilmäge we epin-epin bolmaga pes garşylyk görkezme häsiýetine eýedirler, tunnel (ýerasty ötük) gazyjy mehanizmleşdirilen toplumyň göteriji organy ýa-da ekskawatoryň işçi organy arkaly aňsat bozulýarlar, bozulan AKA-nyň bölekleri bolsa päsgelçilikler döretmeýärler we mehanizmler işledilende howpsuzdyr.

207. AKA-dan ybarat armirleýji elementler (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 42-nji suratyna seret), adatça, sement ergininiň toplanmasynyň kömegi bilen bir bada tutuşlaýyn keseligine açmak bilen, kesimi boýunça öňünden keseligine (5° çenli azrak ýapgyt) burawlanan çuňluklara (şpurlara) berkidilip oturdylýarlar. Has durnukly topraklarda AKA-dan ybarat oklar gönüden-göni topraga kakyp girizme, basyp girizme, towlap berkitme arkaly çümdürilendir.

208. Sement ergin esasynda berkidilýän armirleýji elementler üçin gorag manžetleri bilen ýapylan inýeksion deşikleri ýa-da wagtlaýyn gapak bilen goralan oklaryň aşaky gyraňynyň üstaşyry erginiň çykalgasy bolan turba görnüşli kesilen AKA-ny peýdalanmaklyk maksadalaýyk bolup durýar (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 43-nji suratyna seret).

209. AKA-dan ybarat armirleýji elementleriň düýp çuňlukdaky basyş meýdany boýunça ýerleşiş ýygylygy geçip boljak topraklaryň häsiýetnamalaryna baglylykda goýberiş-sazlaýyş işlerinde kesgitlenilýär we çümdürilýän oklar üçin, adatça, 0,6-dan 1 metre çenli we burawlanýan çuňluklarda (şpurlarda) berkidilýän oklar üçin 1,0-dan 1,5 metre çenli bolmalydyr.

210. AKA-dan ybarat armirleýji elementleriň uzynlygy, depginler we anyk inžener-geologik şertler esasynda kesgitlenilýär, mehanizmleşdirilip geçilýän ýeriň ugry boýunça, adatça, 8-den 15 metre çenli bolýar.

§ 9. Ýeriň astyndaky gazylyp alynýan peýdaly magdan ýataklarynyň aýna plastika ankerler bilen berkidilmesi


211. AKA-dan ybarat ankerler (mundan beýläk-AAK) taýýarlaýyş, düýpli işler ýa-da arassalaýyş dag magdan çykarylýan ýerleriň üçeklerini we gapdallaryny (bortlaryny), şeýle hem gum düşekleriniň we çöketlikleriň ýapgytlaryny wagtlaýyn ýa-da hemişelik diregi üçin ulanylýarlar. Şeýle görnüşli inwentar AAK-laryň artykmaçlyklary uly bolmadyk agramy we süýndürilende ýokary berkligi, gurnawda metalyň ýoklugy (burawlap gutaranda friksion uçgunlama mümkinçiligini aýyrýar), ýowuz (agressiw) gurşawlarda posa garşy ýokary durnuklylygy, aňsat bozulma mümkinçiligi.

212. AAK gurnawy we onuň parametrleri ulanyş şertlerine laýyk gelmelidir we olaryň hyzmat ediş döwrüniň dowamynda dag magdan çykarylýan ýerleriň üçeginiň we gapdallarynyň durnukly ýagdaýyny üpjün etmelidir (azyndan 10 ýyl).

213. Dag magdan çykarylýan ýerleri berkitmek üçin AAK gurnawyň düzümine (“Grafiki şekiller” atly şu Kadalara 1-nji goşundynyň 44-nji suratyna seret) adatça, aşakdaky elementler girýär:

1) daşky diametri 16-dan 26 mm çenli bolan tutuşlaýyn ýa-da turba görnüşli keseligine kesilen periodik profilli АKA oklar, okyň aşaky ujy ýiti burç astynda gyşarlan;

2) 40-dan 60 mm çenli diametrli we uzynlygy 80 mm-den az bolmadyk, gyraňlanan gyraňly direg dyky (wtulka);

3) aýna plastikadan ýa-da polatdan ybarat, 100-den 150 mm çenli diametrli direg plastina-şaýba.

214. Dag magdan çykarylýan ýerlerini berkidýän aýna plastika anker üçin АKA-nyň esasy berklik häsiýetnamalary şu Kadalaryň 6-njy tablisasynda getirilen talaplara laýyk gelmelidir.


6-njy tablisa

Häsiýetnama

Ölçeg birligi

Hasaplama aňlatmasy

Süýndürilendäki berklik çägi, az bolmadyk

МPа

600

Keseligine kesilendäki berklik çägi, az bolmadyk

МPа

150

Çäkli aýlanýan moment, az bolmadyk

N*m

40

215. Öňünden burawlanýan çuňluklarda (şpurlarda) AAK-nyň berkidilmesi sement ýa-da polimer berkidiji esasynda çalt gatadýan düzümler bilen inýeksion ýa-da ampula usullar arkaly amala aşyrylýar. Ankerli okyň berkidilmesini çuňlugyň (şpuryň) tutuş uzynlygy boýunça geçirmeli. AAK-ny gurmak üçin çuňlugyň (şpuryň) diametri ankerli okyň uzynlygynyň diametrinden uly, adatça, 6-dan 20 mm çenli bolmalydyr.

216. Inýeksion usulda burawlanan çuňlugy (şpury) gurluşyk erginini taýýarlap, guýýan enjamyň kömegi bilen uzynlygynyň üçden iki bölegine çenli berkidiji düzüm bilen doldurmaly, soňra AAK-ny goşmaly. Çuňlugyň (şpuryň) içine AAK-nyň süýşdügiçe berkidiji düzüm gysylýar, şonuň bilen hem çuňluk (şpur) tutuşlygyna doldurylýar.

217. Ampully usulda bir bada tutuşlaýyn keseligine açmagyň kömegi bilen burawlanan çuňluga (şpura) berkidiji düzümli ampullaryň zerur bolan mukdaryny bermek zerurdyr. Çuňlugyň (şpuryň) ampulalardan boş galan bölegine ankeriň okyny girizýärler. AAK-nyň daşky ujuny aýlap-beriji mehanizmiň (buraw, perforator we başgalar) şpindeline girizýärler. 15-30 sekundyň dowamynda aýlanýan ankery birsydyrgyn çuňluga (şpura) geçirýärler (berýärler).

218. AAK-nyň daşky uçlaryna, zerur bolan ýagdaýynda, şaýbalar, ýapyşdyryjylar, metal ýa-da polimer gözenek oturdylyp bilner, ýagny olar gazyp çykarylýan ýeriň, gum düşeginiň ýa-da ýapgyt diregiň berkidilýän üstüne berk gysdyrylmalydyr.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 6-njy maýynda 1466 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.