Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň we Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň 2021-nji ýylyň 4-nji martynda çykaran 79/30 belgili bilelikdäki buýrugy

Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy boýunça özara hasaplaşyklaryň Tertibini we Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyryş gorlaryny emele getirmegiň we sarp etmegiň Tertibini tassyklamak hakynda

 

“Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 26-njy iýunynda çykaran 1287-nji kararynyň ikinji bölegini ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýarys:

1. Şulary tassyklamaly (goşulýar):

1) Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy boýunça özara hasaplaşyklaryň Tertibini;

2) Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyryş gorlaryny emele getirmegiň we sarp etmegiň Tertibini.

2. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1) Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrliginde 2000-nji ýylyň 2-nji maýynda 240 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyrma guramasynyň baş direktory we Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministri tarapyndan 2000-nji ýylyň 29-njy martynda 143/14/562 belgi bilen tassyklanan, Ätiýaçlandyrma gorlaryny emele getirmegiň we harçlamagyň Kadalary;

2) Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrliginde 2000-nji ýylyň 2-nji maýynda 241 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyrma guramasynyň baş direktory we Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministri tarapyndan 2000-nji ýylyň 30-njy martynda 144/14/563 belgi bilen tassyklanan, Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleri betbagtçylykly halatlardan we hünär bilen baglanyşykly kesellerden hökmany şahsy ätiýaçlandyrmak boýunça özara hasaplaşyklaryň tertibi hakynda kadalary.


Türkmenistanyň Maliýe we 

ykdysadyýet ministri                                                         M.Serdarow

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň Baş directory                                            G. Nurmuhammedow

 

Türkmenistanyň Maliýe we

ykdysadyýet ministriniň we

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň baş direktorynyň

2021-nji ýylyň 4-nji martynda

çykaran 79/30 belgili bilelikdäki

buýrugy bilen tassyklanyldy


Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde

bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany

döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy boýunça özara hasaplaşyklaryň

Tertibi

 

I bap. Umumy düzgünler we hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasyny

baglaşmagyň tertibi

 

1. Şu Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy boýunça özara hasaplaşyklaryň Tertibi (mundan beýläk-Tertip) “Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 26-njy iýunynda çykaran 1287-nji kararynyň ikinji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy we guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşine garamazdan Türkmenistanyň ýuridik şahslaryň, Türkmenistanyň çäginde iş alyp barýan, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellige alnan daşary ýurtlaryň ýuridik şahslarynyň, olaryň şahamçalarynyň we wekillikleriniň, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan, bellenilen tertipde hususy telekeçi hökmünde bellige alnan, hakyna tutma zähmeti ulanýan we işgär bilen zähmet gatnaşyklaryna girýän fiziki şahslaryň (mundan beýläk - ätiýaçlandyrýan) ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy boýunça (mundan beýläk - hökmany ätiýaçlandyryş) özara hasaplaşyklary geçirmegiň  tertibini düzgünleşdirýär.

2. Hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramalar (mundan beýläk - ätiýaçlandyryjy) bilen ätiýaçlandyrýanlaryň arasynda 1-nji ýanwardan 31-nji dekabr aralygyna bir senenama ýyly üçin baglaşylýar.

1-nji ýanwardan soň döredilen ätiýaçlandyrýanlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellige alnan gününden başlap, degişli ýylyň 31-nji dekabryna çenli hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýarlar.

Geljek ýyl üçin hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy dowam edýän ýylyň 1-nji oktýabryndan 31-nji dekabr aralygyndaky döwürde baglaşylýar.

3. Hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýan tarapyndan doldurylýan Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy barada arzasy (şu Tertibe 1-nji goşundy) esasynda öz işgärleriniň peýdasyna baglaşylýar. Arzada ähli zerur maglumatlar bolmalydyr.

Arza Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasyna degişli Işgärleriň sanawy (mundan beýläk-işgärleriň sanawy, şu Tertibe 2-nji goşundy) goşulýar.

4. Hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe hökmany ätiýaçlandyryşa degişli işgärleriň sany üýtgän ýagdaýynda hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen tertipde oňa goşmaça goşmaça ylalalşyk arkaly üýtgetme girizilýär.

Hökmany ätiýaçlandyryşa degişli işgärleriň sany azalan ýagdaýynda, eger ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmedik bolsa, ätiýaçlandyrýana işi ýöretmek üçin çykdajylary hasaba almak bilen, ätiýaçlandyryş döwrüniň ahyryna çenli galan möhletine deňeçerlikde ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) gaýtarylyp berilýär.

Ätiýaçlandyrylan şahs işden boşadylan ýa-da başga hökmany ätiýaçlandyryşa degişli bolmadyk işe geçirilen gününden başlap ol babatda hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy bes edilýär. Öňki ätiýaçlandyrylan şahsyň ornuna işe täze kabul edilen işgäriň ätiýaçlandyryşy bolsa ol işe kabul edilen gününden başlanýar. Bu barada ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryja täze işgäri kabul edilen gününde ýazmaça habar bermelidir, ýöne 10 (on) iş gününiň dowamyndan gijä galmaly däldir.

Hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş gatançlaryň (ätiýaçlandyryş baýraklaryň) tölenilmegi hasaplaşygyň nagt däl ýa-da nagt görnüşlerinde  birwagtda amala aşyrylýar.

5. Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenilenden soň ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana bellenilen tertipde resmileşdirilen Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (şu Tertibe 3-nji goşundy) gowşurýar.

6. Ätiýaçlandyrýan ýuridik şahs hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe üýtgedilip guralan halatynda onuň hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça hukuklary we borçlary onuň hukuk oruntutaryna geçýär.

Ätiýaçlandyrýan-ýuridik şahs hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe üýtgedilip guralmagy hakynda ätiýaçlandyryja 7 (ýedi) iş gününden gijä galman habar bermelidir.

Ätiýaçlandyrýan ýuridik şahsyň işi togtadylanda, bes edilende ýa-da ýatyrylanda hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi bes edilýär. Hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, ätiýaçlandyrýana gaýtaryp berýär.

Ätiýaçlandyrýan fiziki şahs hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ölen ýagdaýynda, ätiýaçlandyrýanyň hukuklary we borçlary mirasdarlaryna geçip biler.

7. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen ýagdaýynda, ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasy esasynda, ony bermegiň çykdajylaryny tölemegi borçlandyrmak bilen, ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň öwezligi berilýär. Öwezligi berlenden soň ozalky ýitirilen ýa-da ýok edilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy hakyky däl diýlip hasap edilýär we şol ätiýaçlandyryş şahadatnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär.

8. Ätiýaçlandyrýanyň hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini) almak üçin bähbit görüjini bellemäge, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmazdan öň, öz garaýşyna görä ony çalyşmaga haky bardyr.

Bähbit görüji ätiýaçlandyrýanyň arzasyna goşulýan Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasyna degişli işgärleriň sanawynda görkezilýär. Bähbit görüjini çalyşmak ätiýaçlandyrýanyň arzasy esasynda işgärleriň sanawyny täzeden resmileşdirmek bilen amala aşyrylýar.


II bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň we tölemegiň tertibi

 

9. Ätiýaçlandyrýan hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ätiýaçlandyrylan şahs bilen baglanyşykly ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy hakynda haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ätiýaçlandyryja habar bermelidir.

10. Önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysanyň netijesinde ýüze çykan ätiýaçlandyryş halaty boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberleri (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleri) ätiýaçlandyrýan tarapyndan berlen şu resminamalaryň esasynda ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da bahbit görüjä tölenilýär:

1) ätiýaçlandyrylan şahs şikes alan halatynda:

a) Ätiýaçlandyryş halaty hakynda arza (mundan beýläk-arza, şu Tertibe 4-nji goşundy);

b) ätiýaçlandyrýan tarapyndan “Önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalary derňemegiň we hasaba almagyň Tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 20-nji maýynda çykaran 14780-nji karary bilen tassyklanylan, Önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalary derňemegiň we hasaba almagyň Tertibinde kesgitlenen B-1 görnüşdäki ykrarnamanyň nusgasy (mundan beýläk- B-1 görnüşdäki ykrarnamanyň nusgasy);

ç) Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 10-njy iýunynda 1233 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Ätiýaçlandyrýanyň (ätiýaçlandyrylan şahsyň) şikes alandygy barada saglygy goraýyş edarasynyň delilhatyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji maýynda çykaran 135 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, Ätiýaçlandyrýanyň (ätiýaçlandyrylan şahsyň) şikes alandygy barada saglygy goraýyş edarasynyň 195/h görnüşli delilhaty (mundan beýläk – delilhaty);

2) ätiýaçlandyrylan şahsa maýyplyk topary bellenilende:

a) arza;

b) ätiýaçlandyrýan tarapyndan düzülen önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysa hakynda B-1 görnüşdäki ykrarnamanyň nusgasy;

ç) hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň onuň maýyplygyny, haýsy topara degişlidigini, sebäbini hem-de wagtyny kesgitleýän Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şaýatlyk edilen kepilnamasynyň nusgasy;

3) ätiýaçlandyrylan şahs ölen halatynda:

a) arza;

b) ätiýaçlandyrýan tarapyndan düzülen betbagtçylykly hadysa hakynda B-1 görnüşdäki ykrarnamanyň nusgasy;

ç) ölüm hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy (ölüm hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy esasynda bähbit görüjä tölenýär, eger-de hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasynda bähbit görüji bellenmedik bolsa, döwlet notarial edarasy tarapyndan berlen Mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama esasynda tölenilýär);

4) ätiýaçlandyrylan şahs hünär keseli bilen kesellän halatynda:

a) arza;

b) ätiýaçlandyrýan tarapyndan düzülen önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysa hakynda B-1 görnüşdäki ykrarnamanyň nusgasy;

ç) delilhaty esasynda tölenilýär.

11. Ätiýaçlandyrylan şahs şikes alan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly alan şikesiniň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) “Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde çykaran 1190-njy karary bilen tassyklanan Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibine laýyklykda kesgitlenýär.

12. Ätiýaçlandyrylan şahsa maýyplyk topary bellenilende ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu aşakdaky möçberlerde tölenilýär:

1) I topar maýyplygy bolan adamlara - ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 80 göterimi;

2) II topar maýyplygy bolan adamlara - ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 60 göterimi;

3) III topar maýyplygy bolan adamlara -ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 40 göterimi.

Ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsyň hünär keseli bilen kesellän, emma maýyplyk topary bellenilmedik halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberiniň  20 göterimi möçberinde ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilýär.

13. Ätiýaçlandyrylan şahs ölen halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) bähbit görüjä ýa-da ätiýaçlandyrylan şahsyň, mirasdaryna tölenilýär.

14. Ätiýaçlandyrylan şahsyň haýyşy boýunça doly bejeriş tamamlanýança alnan şikesiň deslapky derejesi kesgitlenilip we oňa hakujy tölenilip bilner. Gutarnykly güwä geçilmeginiň netijeleri boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberleri (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilende tölenilen hakujy tutulyp alynýar.

15. Ätiýaçlandyrylan şahsyň alan şikesiniň agyrlyk derejesi ätiýaçlandyryjynyň degişli garaşsyz bilermen-lukman tarapyndan kesgitlenip delilhatyň arka tarapynda  netijenama doldurylýar. Zerurlyk ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyryjynyň degişli garaşsyz bilermen-lukman ätiýaçlandyrylan şahsyň bejerişde bolan ähli saglygy goraýyş edaralarynyň gatnaw bejergi alýan näsagyň saglyk kitapçasyndan göçürmeleri sorap alyp biler. Garaşsyz bilermen-lukman Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beren netijenamasy esasynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrylan şahsa ätiýaçlandyryş pul möçberlerini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini) töleýar.

16. Hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyrylan şahsyň alan bir ýa-da birnäçe şikesi üçin tölenilmeli ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) umumy möçberi bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolup bilmez.

17. Ätiýaçlandyrylan şahs, oňa hasaplanyp tölenilmäge degişli edilen ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) alman ölen halatynda we hökmany ätiýaçlandyryş şertnamada bähbit görüji bellenen bolsa, bu töleg bähbit görüjä tölenilýär.

Ätiýaçlandyrylan şahs ölen halatynda, hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça bähbit görüjä tölenilýän ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) miras boýunça geçýän emlägiň düzümine girmeýär.

Eger bähbit görüji bellenmedik ýagdaýynda ätiýaçlandyrylan şahs ölen halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) onuň mirasdarlaryna tölenilýär.

18. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryjy tarapyndan karz edarasynda alyjynyň adyna açylan hasaplaşyk ýa-da töleg kartyna geçirmek ýa-da ätiýaçlandyryjynyň pulhanasyndan nagt görnüşinde tölenilýär.

19. Kämillik ýaşyna ýetmedik şahsa ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda özüniň ýa-da onuň kanuny wekilleriniň adyna karz edarasynda açylan şahsy hasabyna ýa-da  töleg kartyna geçirmek bilen bir wagtda bu barada hossarlyk we howandarlyk edaralaryna habar bermek arkaly amala aşyrylýar.

Etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň häkimlikleriniň hossarlyk we howandarlyk çygrynda iş alyp barýan bölümi hossarlyk we howandarlyk edaralary bolup durýarlar.

Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň bolmadyk ilatly ýerlerinde Türkmenistanyň hossarlyk we howandarlyk hakyndaky kanunçylygynda bellenen döwlet kepillikleriniň üpjün edilmegine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça işi amala aşyrýarlar.

20. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek saglygy goraýyş, derňew, kazyýet we beýleki edaralaryň hökmany tertipde berýän resminamalarynyň hem-de netijenamasynyň esasynda amala aşyrylýar.

21.  Ätiýaçlandyrylan şahslar tarapyndan zähmet borçlarynyň ýerine ýetirilen wagtynda önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysa netijesinde, ýagny Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 20-nji maýynda çykaran 14780-nji karary bilen tassyklanan Önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalary derňemegiň we hasaba almagyň Tertibiniň on ikinji böleginde görkezilenleriň netijesinde olaryň saglygyna we ömrüne zyýan (zelel) ýetirilen ýagdaýynda, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryjy tarapyndan tölenilýär.

Önümçilikde ulanylýan maddalary ulanmagyň, olaryň nädogry saklanylmagynyň ýa-da daşalmagynyň netijesinde zäherlenmek bilen bagly betbagtçylykly hadysa ýüze çykan ýagdaýynda, ýa-da eger ätiýaçlandyrylan şahs ätiýaçlandyrýan tarapyndan öz zähmet borçlaryny ýerine ýetirmek üçin başga bir kärhana wagtlaýyn geçirilen ýa-da esasy işi bilen utgaşdyrmak boýunça işleri ýerine ýetiren ýagdaýynda hem ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryjy tarapyndan tölenilýär.

Ätiýaçlandyrylan şahsa şikes ýetmegi ýa-da onuň ölmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 20-nji maýynda çykaran 14780-nji karary bilen tassyklanylan Önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalary derňemegiň we hasaba almagyň Tertibiniň on üçünji, on dördünji böleklerinde görkezilenler netijesinde ýüze çykan bolsa, ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär.

Eger ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetendigi barada öz wagtynda habar berilmese, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini doly ýa-da bölekleýin tölemekden ýüz döndermäge haky bardyr:

1) ätiýaçlandyrýanyň ýa-da öz peýdasyna hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan adamyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde. Görkezilen kada raýatlyk borjunyň ýerine ýetirilmegi ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatda ulanylmaýar;

2) ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan adam tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilip, şol jenaýatlar üçin olar jenaýat jogapkärçiligine çekilende we iş kesilende;

3) ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykda durýan bolsa.

Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ähli zerur resminamalar alnandan soň 7 (ýedi) iş gününden gijä galman tölenilýär (jedellere kazyýet tertibinde garalýan halatlar muňa girmeýär).

Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden ýüz dönderilen halatynda bu barada çözgüt kabul edilen gününden başlap 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda ýüz döndermegiň sebäplerini delillendirmek bilen ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana ýazmaça habar bermelidir.

22. Ätiýaçlandyryjy hökmany ätiýaçlandyryş barada arzany, ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny we ätiýaçlandyryş halaty hakynda arzany bellenilen tertipde bellige alýar.

23. Ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsa şikes ýetmegi bilen baglanyşykly bolan zyýan (zelel) üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde çykaran 1190-njy karary bilen tassyklanan Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibine laýyklykda kesgitlenmegi üçin bilermen-lukmanyna ýazmaça berlen netijeler we ýetirilen şikesi anyklamak boýunça geçirilen iş üçin hak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tölenilýär.


Türkmenistanyň Maliýe we

ykdysadyýet ministriniň we

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň baş direktorynyň

2021-nji ýylyň 4-nji martynda

çykaran 79/30 belgili bilelikdäki

buýrugy bilen tassyklanyldy


Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde

bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany

döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyryş gorlaryny

emele getirmegiň we sarp etmegiň

Tertibi

 

I bap. Umumy düzgünler we ätiýaçlandyryş gorlaryny emele

getirmegiň tertibi


1. Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyryş gorlaryny (mundan beýläk-ätiýaçlandyryş gory) emele getirmegiň we sarp etmegiň Tertibi (mundan beýläk-Tertip) “Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 26-njy iýunynda çykaran 1287-nji kararynyň ikinji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda, şeýle hem ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy (mundan beýläk - hökmany ätiýaçlandyryş) boýunça ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak we önümçilikde betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriň döremeginiň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreleri maliýeleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlandy we ätiýaçlandyryşyň şu görnüşi boýunça ätiýaçlandyryş gorlaryny emele getirmegi we sarp etmegiň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Ätiýaçlandyryş gorlaryny Türkmenistanyň çäginde hökmany ätiýaçlandyryşy amala aşyrýan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk - ätiýaçlandyryjylar) emele getirýärler.

Guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýuridik şahslaryň, Türkmenistanyň çäginde iş alyp barýan, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellige alnan daşary ýurtlaryň ýuridik şahslarynyň, olaryň şahamçalarynyň we wekillikleriniň, ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işini amala aşyrýan, bellenilen tertipde hususy telekeçi hökmünde bellige alnan, hakyna tutma zähmeti ulanýan we işgär bilen zähmet gatnaşyklaryna girýän fiziki şahslaryň (mundan beýläk - ätiýaçlandyrýan) ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleri (mundan beýläk - ätiýaçlandyrylan şahslar) hökmany ätiýaçlandyryşa degişlidir.

3. Ätiýaçlandyryş gorlary ätiýaçlandyryş gatançlaryndan (ätiýaçlandyryş baýraklaryndan), bellenilen göterimlerde geçirmegiň hasabyna emele getirilýär.

4. Ätiýaçlandyryş gorlary ätiýaçlandyryş gatançlaryndan (ätiýaçlandyryş baýraklaryndan) geçirmegiň şu möçberlerinde bellenilýär:

1) zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak üçin ätiýaçlandyryş goruny üpjün etmek üçin–70 göterim;

2) önümçilikde betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň öňüni almak boýunça duýduryş çärelerini maliýeleşdirmek üçin–10 göterim;

3) işi alyp barmak boýunça çykdajylary üpjün etmek üçin–20 göterim.

5. Ätiýaçlandyryş gatançlaryndan (ätiýaçlandyryş baýraklaryndan) zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak üçin ätiýaçlandyryş gorunda toplanan serişdeleriň 20 göterimi ätiýaçlandyryjylar tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda döredilýän merkezleşdirilen ätiýaçlandyryş gaznasyna geçirilýär.

6. Betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň öňüni almak boýunça duýduryş çärelerini maliýeleşdirmek üçin ätiýaçlandyryş gory Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda döredilýär.

7. Merkezleşdirilen ätiýaçlandyryş gaznasyna geçirilen we betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň öňüni almak boýunça duýduryş çärelerini maliýeleşdirmek üçin ätiýaçlandyryş gorunyň serişdeleri dolulygyna ätiýaçlandyryjylar tarapyndan her çärýegiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna geçirilýär.


II bap. Zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak üçin ätiýaçlandyryş gory

 

8. Zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak üçin ätiýaçlandyryş gorunyň möçberi, maliýe hasabat döwri tamamlanandan soň, buhgalterçilik hasaba alnyşynyň maglumatlary boýunça gelip gowşan ätiýaçlandyryş gatançlaryndan (ätiýaçlandyryş baýraklaryndan) zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak üçin ätiýaçlandyryş goruna serişdeleri geçirmegiň bellenilen möçberinden hakyky tölenen ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) aýyrmak bilen kesgitlenýär.

9. Eger zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak üçin ätiýaçlandyryş goruna geçirmeli pul serişdesiniň möçberi hakyky tölenen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberinden köp bolsa, onda tapawudyň pul möçberi geljekki ýyllarda zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak üçin ätiýaçlandyryş goruna gönükdirilýär.

10. Eger zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak üçin ätiýaçlandyryş goruna geçirmeli pul serişdesiniň möçberi hakyky tölenmeli ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberinden az bolsa, onda tapawudyň pul möçberi zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak üçin öňki ýyllarda ätiýaçlandyryş gorunda toplanan serişdelerden çekilýär.

11. Ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak üçin uly möçberlerde töleg etmek zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda we ätiýaçlandyryjylaryň şol zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmaga ätiýaçlandyryş gorunyň serişdeleri ýeterlik bolmasa, onda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda döredilen merkezleşdirilen ätiýaçlandyryş gaznasynyň serişdeleri peýdalanylýar. Şeýle edilende ätiýaçlandyryjy tarapyndan şol gazna geçirilen serişdeleriň çäklerindäki möçberler gaýtarylmazdan berilýär, galan möçberi bellenilen tertipde gaýtaryp bermek şertlerde berilýär.


III bap. Betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň öňüni almak boýunça duýduryş çärelerini maliýeleşdirmek üçin ätiýaçlandyryş gory


12. Betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň öňüni almak boýunça duýduryş çäreleri maliýeleşdirmek üçin ätiýaçlandyryş gorunyň möçberi hasabat döwri tamamlanandan soň, buhgalterçilik hasaba alnyşynyň maglumatlary boýunça gelip gowşan ätiýaçlandyryş gatançlaryndan (ätiýaçlandyryş baýraklaryndan) we ätiýaçlandyryş goruna serişdeleri geçirmegiň bellenilen çäginden ugur alyp kesgitlenýär.

13. Betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň öňüni almak boýunça duýduryş çäreleri maliýeleşdirmek üçin ätiýaçlandyryş gorunyň serişdelerini “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugyna we onuň ýerlerdäki edara-kärhanalaryna ýa-da ätiýaçlandyryşyň şu görnüşi boýunça ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşan ätiýaçlandyrýanlara bölüp bermek, olaryň berýän sarp etmegiň hasaplamasyny hasaba alyp, şeýle hem görkezilen maksatlar üçin serişdeleriň möçberinden ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy ýa-da ätiýaçlandyryjylar tarapyndan amala aşyrylýar.

Şunda ätiýaçlandyryşyň şu görnüşi boýunça tölenen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) derejesi, önümçiligiň anyk görnüşleri öwrenilýär we bu görkezijä täsir edýän esasy sebäpler göz öňünde tutulýar, şeýle hem görkezilen maksatlar üçin bar bolan serişdelerden ugur alynýar.

14. Geljek ýyl üçin betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň öňüni almak boýunça duýduryş çäreleri maliýeleşdirmek üçin ätiýaçlandyryş gorunyň serişdelerini sarp etmegiň hasaplamasy “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugyna we onuň ýerlerdäki bölümlerine ýa-da ätiýaçlandyrylýanlar tarapyndan Betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň öňüni almak boýunça çäreleriň sanawyna (şu Tertibe goşundy) laýyklykda düzülýär we ätiýaçlandyryjylara berilýär we olar tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ýolbaşçysyna tassyklatmak üçin iberilýär.

15. Betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň öňüni almak boýunça duýduryş çäreleri maliýeleşdirmek üçin ätiýaçlandyryş goruň serişdeleriniň sarp edilendigi resminamalar (töleg tabşyrygy we beýlekiler) bilen tassyklanylýar we hasabat bilen birlikde ätiýaçlandyryjylara berýärler.

16. Senenama ýylynyň ahyryna çenli sarp etmegiň serişdeleri indiki ýyl üçin gelip gowşan sarp etmegiň hasaplamalaryna seredilen wagtynda göz öňünde tutulýar.

17. Gelip gowşan ätiýaçlandyryş gatançlaryndan (ätiýaçlandyryş baýraklaryndan) betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň öňüni almak boýunça duýduryş çäreleri geçirmek üçin ätiýaçlandyrýanlara geçirilýän pul serişdeleriň bellenilen maksatlara sarp edilişine ätiýaçlandyryjylar gözegçilik edýärler.

Betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň öňüni almak boýunça duýduryş çärelerini amala aşyrýan ätiýaçlandyrýanlar bellenilen maksatlar üçin olara goýberilýän serişdeleriň sarp edilişi barada ätiýaçlandyryjylara her ýylda hasabat berýär.

18. Zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak üçin ätiýaçlandyryş gorlarynyň wagtlaýyn ulanylman duran serişdeleri diwersifikasiýa, yzyna gaýtarylmak, peýdalylyk we geçginlilik şertlerinde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýerleşdirilýär.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 5-nji aprelinde 1460 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.