Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2021-nji ýylyň 19-njy martynda çykaran 106 belgili buýrugy

Hirurgiýa keselleri ugry boýunça çagalara saglygy goraýyş kömegini

bermegiň tertibini tassyklamak hakynda

 

“Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 10-njy maddasynyň 2-nji bendine laýyklykda, buýurýaryn:

1. Hirurgiýa keselleri ugry boýunça çagalara saglygy goraýyş kömegini bermegiň tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Ç.Agamyradowa tabşyrmaly.


Ministr                                                                          N.Amannepesow


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we

 derman senagaty ministriniň

2021-nji ýylyň 19-njy martynda

 çykaran 106 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy


Hirurgiýa keselleri ugry boýunça çagalara saglygy goraýyş 

kömegini bermegiň

Tertibi

 

I bap. Umumy düzgünler


1. Şu hirurgiýa keselleri ugry boýunça çagalara saglygy goraýyş kömegini bermegiň tertibi (mundan beýläk-Tertip) “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 10-njy maddasynyň 2-nji bendine laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy we saglygy goraýyş edaralarynda hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän 15 ýaşdan kiçi çagalara (mundan beýläk – hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalar) hirurgiki saglygy goraýyş kömegini (mundan beýläk - hirurgiýa kömegi) bermegiň tertibini düzgünleşdirýär.

2. Hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara hirurgiýa kömegini bermek saglygy goraýyş edaralarynda, hirurg lukmanynyň otagynda, kliniki-anyklaýyş otagynda, hirurgiýa bölüminde, ýöriteleşdirilen hirurgiýa merkezlerinde, şeýle hem saglygy goraýyş edaralarynyň beýleki bölümlerinde hirurgiýa kömegine mätäç çagalara anyklaýyş we bejeriş, saglygy dikeldiş, sagdyn ýaşaýyş durmuşy alyp barmak çäreleri we maslahat kömegi berilýär. Saglygy goraýyş edaralarynda hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara berilýän hirurgiýa kömegi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen tertipde tassyklanylan, hirurgiýa kömeginiň hil standartlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Hirurgiýa kömegini bermekligi amala aşyrýan saglygy goraýyş edaralaryna guramaçylyk-usulyýet kömegi etrap, şäher, welaýat we merkezi derejesinde baş çaga hirurg-hünärmenleri tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara saglygy goraýyş kömegi şu görnüşlerde berilýär:

1) ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi;

2) tiz saglygy goraýyş kömegi, şol sanda ýöriteleşdirilen tiz saglygy goraýyş kömegi;

3) ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi şol sanda ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi;

4) saglygy goraýyş-durmuş kömegi;

5) şypahana kömegi;

6) palliatiw saglygy goraýyş kömegi;

7) derman kömegi.

4. Hirurgiýa kömegi şu aşakdaky şertlerde berilýär:

1) saglygy goraýyş edarasyndan daşarda – “Tiz kömek” gullugynyň lukman (feldşer, hirurgiýa kömegi) çagyryş toparynyň çagyrylýan ýeri boýunça, şeýle-de sanitar awiasiýa serişdesinde;

2) gatnawly şertlerde, şol sanda saglygy goraýyş işgäri çagyrylan mahalynda öýünde, gije-gündiz gözegçilik edilmezden we bejerilmezden;

3) gündizki ýatymlaýyn şertlerde - gije-gündiz gözegçilik edilmegi we bejerilmegi talap etmeýän, diňe gündizine gözegçilik edilmegi we bejerilmegi;

4) ýatymlaýyn şertlerde-gije-gündiz gözegçilik edilmegi we bejerilmegi.

Hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara hirurgiýa maslahatyny bermegiň tizligini ýokarlandyrmak maksady bilen, saglygy goraýyş kömegi telelukmançylyk aragatnaşygynyň ulanylmagy bilen hem berlip bilner.

5. Hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara hirurgiýa kömegi şu aşakdaky görnüşlerde  berilýär:

1) gaýragoýulmasyz kömegi – näsagyň janyna we saglygyna howp döredýän duýdansyz ýiti keseller ýüze çykan mahalynda, dowamly keseller ýitileşen ýagdaýlarynda;

2) meýilnamalaýyn kömegi – öňüni alyş çäreleri geçirilen mahalynda, näsagyň janyna we saglygyna howp döretmeýän we bejermegiň belli bir wagta yza süýşürilmegi näsägyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna getirmeýän mahalynda we ýagdaýlarda.


II bap. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi

 

6. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi saglygy goraýyş kömeginiň öňüni alyş çäreleriniň, hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalarda hirurgiýa keseli ir ýüze çykarmak, anyklaýyş, bejeriş, dikeldiş, sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirmek we hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara hem-de olaryň ata-enelerine (olaryň ornuny tutýan adamlara) sanitariýa-gigiýena taýdan düşünje bermek maksatlary bilen amala aşyrylýan saglygy goraýyş kömeginiň her bir adam üçin esasy elýeterli görnüşi bolup durýar.

7. Saglygy goraýyş kömeginiň öňüni alyş çäreleri hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara iýmitlenmegi (beloklar, uglewodlar, witaminlar we beden üçin gerekli bolan mikroelementler göz öňünde tutulýar), dogry dynç almaklygy (wagtynda uklamaklyk, aýdym saz diňlemek we medeni çärelere gatnaşmak) düşündirmekligi hem-de ýerine ýetirilmegini gazanmaklygyny öz içine alýandyr.

8. Hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalarda keselini ir ýüze çykarmak maksady bilen, saglyk öýlerinde saglygy goraýyş barlaglaryndan, inçe ugurly lukmanlaryň maslahatyndan geçirmeklik maslahat berilýär.

9. Hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalaryň keselini anyklaýyş, hirurg lukmany tarapyndan ýöriteleşdirilen ýokary tehnologiýaly anyklaýyş maslahat-beriş merkezlerine ugratmaklyk arkaly amala aşyrylýar. Hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalaryň keselini bejermek anyklaýyş-maslahat beriş merkezlerinde kesel ýüze çykarylan ýagdaýynda ýöriteleşdirilen bejeriş merkezlerine iberilýär. 

10. Hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalary ýöriteleşdirilen bejeriş merkezlerinde bejergisini alandan soň, saglygy goraýyş dikeldişi (mundan beýläk – saglygy dikeltmek) döwrüni dogry ýola goýmak maksady bilen, fizioterapewt lukmanyň gözegçiliginde bolmaklygyny we şypahana edaralarynda saglygynyň bejerilmeginiň dowam edilmegi maslahat berilýär. 

11. Sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirmek, hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalarda dogry iýmitlenmek, dynç almak, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmak endikleriniň emele gelmegi babatda degişli işleriň geçirilmegini öz içine alýandyr.

12. Saglygy goraýyş edarasy:

1) bedenterbiýäni, keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň serişdesi hökmünde peýdalanýar;

2) bedenterbiýe we sport bilen, şol sanda sport-sagaldyş syýahatçylygy bilen meşgullanýan hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara lukmançylyk gözegçiligini amala aşyrýar, sport ätiýaçlygynyň we sportuň görnüşleri boýunça dürli derejedäki Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryna taýýarlamak, usulyýet, lukmançylyk üpjünçiligi we maýyplygy bolan çagalaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna lukmançylyk gözegçiligi amala aşyrýar;

3) bedenterbiýäniň we sportuň serişdelerini peýdalanmak bilen çagalar sagaldyş  we saglygy dikeldiş merkezlerini, iş otaglaryny, raýatlar bilen bedenterbiýe-sagaldyş işini alyp barmagy üpjün edýär. Şeýle merkezleri, iş otaglaryny ýörite enjamlar we lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrýar;

4) ýurduň ilatynyň saglygyny pugtalandyrmakda we sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçilikleriniň maksatlaýyn wagyz-nesihatyny amala aşyrýar.

13. Çagalara sanitar-gigiýena taýdan düşünje bermeklik çagalar tarapyndan şahsy gigiyenanyň doly we dogry ýerine ýetirmekligi (saçyna we dyrnagyna serenjam bermek, wagtly-wagtynda ýuwunmak we şoňa meňzeş) gazanmak maksady bilen geçirilýär.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine laýyklykda, ilatyň, şol sanda çagalaryň aňynda ýokary sanitariýa medeniýetini terbiýelemek we ony öwretmek, sagdyn ýaşaýyş düzgünini ündemek boýunça işler geçirilýär.

Mekdebe çenli çagalar we umumybilim edaralarynda, bejeriş-öňüni alyş edaralarynda, sagaldyş merkezlerinde iýmit önümleriniň möçberleri bellenende çaganyň iýmitlenmeginiň ylmy taýdan esaslandyrylan fiziologik kadalyk ölçegleriniň berjaý edilmegi boýunça işler amala aşyrylýar.

Döwlet sanitar-epidemiologiýa düzgünleri we kadalary berjaý edilmezligi çaganyň janyna we saglygyna howp döredýändigi bilen bagly keselleriň ýüze çykmagyna we ýaýramagyna getirýän sanitar-epidemiologiýa talaplaryny (şol sanda çaganyň ýaşaýyş gurşawynyň faktorlarynyň howpsuzlygynyň we zyýansyzlygynyň ölçegleri, gigiýena we beýleki kadalary) belleýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ugur almalydyr.

Daşky gurşawyň we önümçilik işiniň faktorlarynyň çaganyň saglygyna,  ömrüniň dowamlylygyna edýän täsirini öwrenýän, ilatly nokatlaryň, çagalaryň ýaşaýyş şertleriniň sagdynlaşdyrylmagyna gönükdirilen kadalary, talaplary we sanitar çärelerini işläp düzýän lukmançylyk ylmy bolup durýan gigiýena boýunça degişli işler geçirilýär.

Çaganyň saglygynyň we ýaşaýyş gurşawynyň ýagdaýyna gözegçilik etmegiň, olary seljermegiň, baha bermegiň we çaklamagyň, şeýle hem ilatyň saglygynyň we ýaşaýyş gurşawynyň ýagdaýyna täsir edýän faktorlaryň özara arabaglanyşyklaryny kesgitleýän döwlet gözegçilik ulgamy bolup durýan durmuş-gigiýena monitoringi geçirilýär. 

Ilatyň hem-de geljekki nesilleriň saglygyny goramak we berkitmek maksady bilen, ilatyň sanitar-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet, sebit we belli maksada gönükdirilen maksatnamalar işläp taýýarlanylýar hem-de amala aşyrylýar.

14. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi bejeriş-öňüni alyş edaralary tarapyndan gatnawly we ýatymlaýyn şertlerde berilýär. Hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara saglygy goraýyş kömegi islendik wagty (bejeriş öňüni alyş edarasynyň iş wagtyna laýyklykda) sagatlayyn gatnawly şertde berilýär. Gündizki ýatymlaýyn şertlerde näsaga saglygy goraýyş kömegi bejeriş öňüni alyş edarasynda gündiziň dowamynda irdenden agşama çenli berilýär.

15. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi şu aşakdaky kömekleri göz öňünde tutýar:

1) ilkinji kömek;

2) lukman gelmezinden öň berilýän saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi;

3) lukmançylyk saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi;

4) ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi.

16. Ilkinji kömek lukman, orta saglygy goraýyş işgäri, şeýle hem ýörite taýýarlygy bolmadyk adam tarapyndan berlip bilner.

17. Lukman gelmezinden öňki ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi maşgala feldşerleri, maşgala şepagat uýalary we orta lukmançylyk bilimi bolan beýleki saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan berilýär.

18. Ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi maşgala lukmanlary we hünärmen lukmanlar tarapyndan berilýär.

19. Ýöriteleşdirilen ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi hünärmen lukmanlar, şol sanda ýöriteleşdirilen, ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegini berýän saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmen lukmanlary tarapyndan berilýär.

20. Raýatlara ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegini bermegiň tertibi Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2017-nji ýylyň 13-nji iýulynda 1072 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Raýatlara ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegini berýän döwlet saglygy goraýyş edaralaryň Sanawyny, şeýle hem onuň berilmeginiň möçberini we tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2017-nji ýylyň 23-nji iýunynda çykaran 186 belgili buýrugyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Lukmançylyk görkezmesi bolup, ýatymlaýyn şertlerde bejergi bermek zerurlygy bolmadyk halatynda terapewt lukmany, pediatr lukmany, maşgala lukmany (feldşerler) ýa-da hirurg-lukman näsaglary ýöriteleşdirilen ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegini bermek üçin, saglygy goraýyş edarasyndaky hirurg lukmanyň otagyna ugradýar.

Ýöriteleşdirilen ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegi, saglygy goraýyş edarasynyň hirurg lukmany tarapyndan berilýär.

Lukmançylyk görkezmesi bolup, ýöriteleşdirilen ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegininiň çäklerinde saglygy goraýyş kömegini bermek mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda terapewt lukmany, pediatr lukmany, maşgala lukmany (feldşer) näsagy hirurgiki ulgamynyň keselleri bilen kesellemeginde ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegini bermek üçin saglygy goraýyş edarasynyň hirurg lukmanynyň otagyna ugradylýar.


III bap. Tiz saglygy goraýyş kömegi


21. Tiz saglygy goraýyş kömegi ýöriteleşdirilen tiz saglygy goraýyş kömeginiň görnüşinde berlip bilner.

22. Tiz saglygy goraýyş kömegi, şol sanda ýöriteleşdirilen tiz saglygy goraýyş kömegi, saglygy goraýyş edarasyndan daşarda, şeýle hem gatnawly we ýatymlaýyn şertlerde berlip bilner.

23. Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri tarapyndan bellenilen tertipde tiz saglygy goraýyş kömegini çagyrmagyň ýeke-täk san belgisiniň ulgamy işleýär.

24. Adamyň janyna we saglygyna howp döredýän ýagdaýlar ýüze çykan mahalynda saglygy goraýyş işgärleriniň zerur bolan islendik aragatnaşyk serişdesini we adamy iň ýakynda ýerleşýän tiz saglygy goraýyş kömegi gullugyna ýa-da bejeriş-öňüni alyş edarasyna alyp barmak üçin bar bolan islendik ulag serişdesini tölegsiz peýdalanmaga hukugy bar. 

25. Tiz saglygy goraýyş kömegini bermek zerurlygy ýüze çykan halatynda sanitar awiasiýasynyň serişdeleri peýdalanylyp bilner.

26. Gyssagly saglygy goraýyş kömegini bermek talap edilýän ýagdaýlarda, tiz, şol sanda ýöriteleşdirilen gyssagly saglygy goraýyş kömegine mätäç hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara tiz saglygy goraýyş kömegi, şol sanda ýöriteleşdirilen tiz saglygy goraýyş kömegi çagyryş boýunça hereket edýän göçme tiz kömek gullugynyň feldşer toparlary, çagyryş boýunça hereket edýän göçme tiz kömek gullugynyň lukman toparlary tarapyndan berilýär.

27. Tiz saglygy goraýyş kömegi, şol sanda ýöriteleşdirilen tiz saglygy goraýyş kömegi saglygy goraýyş edarasynyň daşynda, şeýle hem gyssagly ýa-da gaýragoýulmasyz görnüşde berilýär.

Tiz saglygy goraýyş kömegi berilýän wagtynda, zerurlyk ýüze çyksa, sanitar awiasiýa ulagynda saglygy goraýyş kömegi berilýär we degişli saglygy goraýyş edarasyna alyp gidilýär.

Köp ugurly hassahanalaryň reanimasiýa bölümlerinde endokrinologiýa keselli, şeýle hem onuň ýaşaýşyna howp salýan başga ýagdaýlar bar bolsa çagalar babatynda gyssagly ýagdaýda hassahana ýerleşdirmekde intensiw bejergi geçirilýär, tiz lukmançylyk kömegi hassahanalarda bolsa-gönümel endokrinologiýa bölümlerinde intensiw bejergi otaglarynda geçirilýär.

 

IV bap. Ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi


28. Ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi ýatymlaýyn şertlerde berilýär.

29. Ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi öňüni alyş çärelerini, anyklaýşy we saglygy bejermegi, şol sanda ýörite usullaryň ulanylmagyny öz içine alýar.

30. Ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi ýöriteleşdirilen ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi görnüşinde berlip bilner.

31. Ýöriteleşdirilen ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi keseli bejermegiň täze çylşyrymly ýa-da özboluşly usullaryny, şeýle hem keseli bejermegiň ylmy taýdan subut edilen netijeliligi bolan usullarynyň ulanylmagyny, şol sanda öýjük (sütün öýjükleri) tehnologiýalarynyň, robotlaşdyrylan tehnikanyň, maglumatlar tehnologiýalarynyň we saglygy goraýyş ylmynyň, ylymyň we tehnikanyň meňzeş pudaklarynyň gazananlarynyň esasynda işlenip düzülen genetik inženerçilik usullarynyň ulanylmagyny özünde jemleýär.

32. Ýöriteleşdirilen ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýan ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömeginiň görnüşleriniň sanawyna laýyklykda saglygy goraýyş edaralary tarapyndan berilýär.

33. Döwlet saglygy goraýyş edaralarynda berilýän saglygy goraýyş kömeginiň hil standartlary, ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömeginiň görnüşleri we möçberleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýan tertipde bellenilýär.

34. Ýöriteleşdirilen, şol sanda ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi, hirurg lukmanlary tarapyndan ýatymlaýyn şertlerde we gündizki ýatymlaýyn şertlerde berilýär we ol öňüni alyş, anyklaýyş, ýöriteleşdirilen barlag usullaryny, çylşyrymly tehnologiýalary, keseliň öňüni alyş, anyklaýyş, bejeriş, ýöriteleşdirilen we lukmançylyk saglygyny dikeltmegi öz içine alýar.

35. Meýilleşdirilen saglygy goraýyş kömegi hirurgiki keselleriniň öňüni alyş çäreleri geçirilende, ýaşaýşa howp salmaýan, gyssagly we gaýra goýulmasyz kömegi talap etmeýän, näsag çaga saglygy goraýyş kömegini bermegiň möhletini belli bir wagta çenli yza çekilmegi näsag çaganyň agyrlaşmagyna sebäp bolmaýan ýagdaýlarda berilýär.

36. Saglygy goraýyş edarasynyň ýöriteleşdirilen, şol sanda ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegini bermek, lukmançylyk görkezmeleri esasynda şu aşakdaky ýagdaýlarda alnyp barylýar:

1) hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalaryň ata-enesi ýa-da onuň ornuny tutýan adamlar özbaşdak ýüz tutanda;

2) ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegini berýän saglygy goraýyş edarasynyň feldşerleri, lukman terapewtleri, maşgala lukmanlary, endokrinolog lukmanlary tarapyndan ugradylanda;

3) hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalar tiz kömek gullugy tarapyndan getirilende.

37. Hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalar tiz kömek gullugy tarapyndan, düzüminde “Hirurgiýa”, “Anesteziologiýa we reanimasiýa” ugurlary boýunça gije-gündüziň dowamynda saglygy goraýyş kömegini berýän saglygy goraýyş edaralaryna ugradylýar.

38. Saglygy goraýyş edaralaryna gelen hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalar kabul ediş bölüminde hirurg ýa-da beýleki ugurlar boýunça lukmanlar tarapyndan görkezmesi bolan halatynda we ýaşaýşyna howp salýan ýagdaýlar ýok bolsa, hirurgiýa bölüme, eger-de ýaşaýşyna howp salýan ýagdaýlar bar bolsa, reanimasiýa ýa-da intensiw bejeriş bölümlerine ugradylýar.

39. Ýaşaýyşa howp salýan ýagdaýlar aradan aýrylanyndan soň, lukmançylyk görkezmeleri esasynda, näsag çagalar saglygy goraýyş edarasynyň hirurgiýa bölümine ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegini bermek üçin geçirilýär.

Hirurgiýa ulgamynyň kesellerinde ilkinji kesel kesgidi, hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalar saglygy goraýyş edaralaryna düşen ilkinji gününde kliniki-instrumental barlaglaryň we laborator barlaglaryň esasynda goýulýar.

Gutarnykly kesel kesgidi, näsagyň hirurgiýa bölümine düşen gününden başlap, 3 (üç) senenama gününiň dowamynda kliniki-instrumental we laborator barlaglaryň, dinamiki gözegçiligiň esasynda goýulýar.

40. Hirurgiýa ulgamynyň kesellerinde saglygy goraýyş kömegi, hirurgiki kesellerini anyklamagyň we bejermegiň kliniki beýanlary, standartlary we algoritmleri esasynda berilýär.

41. Ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegine degişli däl, keseliň adaty däl geçişinde gutarnykly  kesel  kesgidini goýmak zerurlygy ýüze çykanda, geçirilýän bejerginiň netijesizliginde ýa-da beýleki bejergi usullarynda netijäniň mümkinçiligi pes bolanda, esasy keseliň gaýraüzülen akymynda ýa-da utgaşykly keselleri  bolanda,  anyklamasy çylşyrymly ýagdaýlarda ýa-da keseliň gaýraüzülmeli we utgaşykly keselleri bolan çagalary operasiýadan öňki taýýarlygynda, gaýtadan hassahana  ýerleşdirmek zerurlygy bolanda, saglygy goraýyş edaralarynyň ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegi şu Tertibe laýyklykda berilýär.

42. Hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalar ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegi görkezmeler esasynda, düzüminde ýokary tehnologiýaly hirurgiýa kömegi berip bilýän enjamlar bar bolan bejeriş maslahat beriş merkezlerinde çagalara ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegini bermegiň tertibine laýyklykda ýerine ýetirilýär.

43. Kliniki beýanlarda, standartlarda we algoritmlerde göz öňünde tutulyşy ýaly, ýatymlaýyn şertlerde hirurgiýa bölümlerinde hirurgiki ulgamynyň keseli bar bolan çagalara hirurgiýa kömegini bermegiň möhleti tamamlanan ýagdaýynda, ýöne hirurgiýa kömeginiň berilmegine mätäç çaganyň soňky alyp barmagyň usuly we näsagyň dikeldilmegi (reabilitasiýasy) lukmanlaryň maslahaty (konsilium) tarapyndan kesgitlenilýär.

44. Hirurgiýa ulgamynyň kesellerinde lukmançylyk görkezmeleri bolan ýagdaýynda çagalar palliatiw hirugiýa kömegini berýän saglygy goraýyş edaralaryna ugradylýar.


V bap. Saglygy goraýyş-durmuş kömegi


45. Saglygy goraýyş-durmuş kömegi-keseliň öňüniň alynmagyna, anyklanylmagyna, bejerilmegine, saglygynyň dikeldilmegine, gaýtadan dikeldilmegine gönükdirilen saglygy goraýyş hyzmatlary, näsag we maýyplygy bolan çagalara ideg edilmegi özünde jemleýän kömek bolup durýar.

46. Saglygy goraýyş-durmuş kömegi çagalara kesellän mahalynda we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen başga ýagdaýlarda berilýär.

47. “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 21-nji maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda çagalaryň döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň ulgamyndan mugt peýdalanmaga hukugy bardyr.

48. Ilaty durmuş taýdan goramak maýyplygy bolan çagalara döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi hem-de durmuş ýeňillikleriniň berilmegi görnüşinde maddy üpjünçilik we durmuş taýdan hyzmat etmek boýunça döwlet ulgamyndan ybaratdyr.

Maýyplygy bolan çagalaryň durmuş taýdan goralmagyny üpjün etmek boýunça saglygy goraýyş edaralary tarapyndan Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kanunçylygyna laýyklykda işler amala aşyrylýar.

49. Maýyplygy bolan çagalaryň saglygynyň dikeldilmegi adam bedeniniň bozulan ýa-da ýitirilen wezipelerini, öz-özüne hyzmat etmek, hünär işiniň dürli görnüşlerine bolan ukyplarynyň dikeldilmegine gönükdirilen, saglygy goraýyş, hünär we durmuş çäreleriniň toplumyndan ybarat.

Maýyplygy bolan çagalara lukmançylyk, hünär we durmuş taýdan dikeltmek saglygy goraýyş edaralary tarapyndan işlenip taýýarlanylýan özbaşdak dikeldiş maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

50. Maýyplygy bolan çagalara durmuş kömegi, pul tölegleri we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýeňillikleriň berilmegi, dermanlar, maýyplygy bolan çagalar üçin arabalar, protezler we beýleki protez-ortopedik önümler, şeýle hem saglygy goraýyş, durmuş we hünär taýdan dikeltmek boýunça hyzmatlary we durmuş hyzmatyny etmek arkaly berilýär.

51. Maýyplygy bolan çagalara derman we lukmançylyk üpjünçiligi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň Ministrlеr Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde degişlilikde mugt ýa-da ýeňillikli şertlerde amala aşyrylýar.


VI bap. Şypahana kömeginiň berilmegi


52. Hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalar lukmançylyk görkezmeleri esasynda saglygy dikeldiş çäreleri geçirmek üçin şypahana edaralaryna ugradylýar.

Şypahana sagaldyş-öňüni alyş maksatlarynda özleşdirilen we peýdalanylýan, tebigy bejeriş serişdeleri we infrastruktura obýektlerini hem goşmak bilen, olaryň ulanylmagy üçin zerur bolan jaýlary we desgalary bolan aýratyn goralýan tebigy ýer bolup durýar.

Şypahana işi tebigy bejeriş serişdeleriniň peýdalanylmagy esasynda keselleriň bejerilmegini we öňüniň alynmagyny guramak hem-de amala aşyrmak boýunça ylmy-amaly işiň ähli görnüşleriniň jemini öz içine alýar.

53. Şypahana kömegi şu aşakdakylara gönükdirilýär:

1) çaganyň zeper ýeten beden agzasynyň ýa-da beden ulgamynyň bozulan ýa-da ýitirilen işiniň doly ýa-da bölekleýin dikeldilmegine;

2) çaganyň zeper ýeten beden agzalarynyň ýa-da beden ulgamynyň işiniň bolup biljek bozulmalarynyň öňüniň alynmagynyň irki anyklanylmagyna we düzedilmegine;

3) bolup biljek maýyplygyň öňüniň alynmagyna we derejesiniň peseldilmegine;

4) çaganyň bedeniniň bozulan işiniň dikeldilmegine ýa-da öweziniň dolunmagyna.

54. Şypahana kömegi tebigy bejeriş we derman serişdeleriniň, şeýle hem öňüni alyş çäreleriniň we bejermegiň beýleki usullarynyň ulanylmagy bilen berilýär.

Tebigy bejeriş serişdeleri- mineral suwlary, bejergi palçyklary, şor kölleriň we kölleriň duzly suwyny, bejeriji klimaty, keselleri bejermek we olaryň öňüni almak we dynç alşy guramak üçin ulanylýan beýleki tebigy obýektleri we şertleri öz içine alýar.

Hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara şypahana kömegi hem-de şypahana kömeginiň berilmegi üçin lukmançylyk görkezmeler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýan, Şypahana kömeginiň berilmeginiň tertibine, şypahana kömeginiň berilmegi üçin lukmançylyk görkezmeleriniň sanawyna laýyklykda amala aşyrylýar hem-de kesgitlenilýär.

55. Şypahana edaralarynyň esasy wezipeleri şular bolup durýar:

1) bejeriş, bejeriş-öňüni alyş, saglygy dikeldiş çärelerini we ilatyň dynç alşyny häzirki zaman derejesinde guramak we geçirmek;

2) häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň we innowasion tehnologiýalaryň esasynda ilatyň saglygyny bejermegiň we berkitmegiň dünýä ülňülerine laýyk gelýän sagaldyş-dikeldiş usullaryny ornaşdyrmak;

3) Türkmenistanyň tebigy bejeriş serişdelerini we bejeriş-dikeldiş serişdelerini toplumlaýyn ulanmak;

4) şypahana bejerişi şertlerinde amala aşyrylýan bejeriş-öňüni alyş çäreleriniň aýratynlyklarynyň ilatyň saglygynyň berkemegine edýän täsirini öwrenmek;

5) şypahana-bejeriş çäginde halkara hyzmatdaşlygy.

56. Şypahana edaralary şypahana hyzmatlarynyň şu aşakdaky görnüşlerini edýär:

1) lukmançylyk we keseli anyklaýyş hyzmatlary;

2) klimatoterapiýa;

3) palçyk bilen bejeriş terapiýasy;

4) fizioterapiýa;

5) diýetoterapiýa;

6) fitoterapiýa;

7) dynç alşy guramak;

8) bejerişiň Türkmenistanyň bejeriş tebigy serişdeleriniň ulanylmagy esasyndaky başga görnüşleri.


VII bap. Hirurgiýa ulgamynda gaýragoýulmasyz ýagdaýlary


57. Hirurgiýa ulgamynda gaýragoýulmasyz ýagdaýlary diýip-betbagtçylykly halatlarda, şikeslerde, zäherlenmelerde we beýleki ýagdaýlarda gyssagly anyklaýşyň geçirilmegini hem-de bejerilmegini talap edýän, saglygyň ähli ýiti bozulmalaryna düşünilýär.

58. Hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara gaýragoýulmasyz hirurgiýa kömegini bermek zerurlygy ýüze çykmagy sanitar awiasiýasynyň serişdelerini peýdalanmaga esas bolup durýar.

59. Gyssagly saglygy goraýyş kömegini bermek talap edilýän ýagdaýlarda çagyryş boýunça hereket edýän göçme gaýragoýulmasyz hirurgiýa gullugynyň lukman (feldşer) toparlary tarapyndan berilýär.

60. Gyssagly anyklaýşyň hem-de bejerişiň geçirilmegi üçin gaýra goýulmasyz ýagdaýlara getirýän sebäpler anyklanylýar we olar aşakdaky toparlara bölünýär:

1) ösüşiň dogabitdi kemislikleri:

a) döş kapasa organlarynyň;

b) garyn boşlugy organlarynyň;

2) täze emele gelen çişler;

3) şikesler;

4) bedende ýüze çykýan ähli ýiti hirurgiki keseller.


VIII bap. Derman kömeginiň berilmegi


61. Hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara derman kömeginiň berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. Şeýle hem, dermanlaryň kömegi bilen bejergi hirurgiki kesellerini anyklamagyň we bejermegiň kliniki beýanlary, standartlary we algoritmleri esasynda bellenilýär.

62. Hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara hirurgiki kömek Türkmenistanyň döwlet tarapyndan kepillendirilen mugt saglygy goraýyş kömegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tassyklanylan, Türkmenistanyň raýatlaryna döwlet tarapyndan kepillendirilen mugt saglygy goraýyş kömeginiň (hyzmatynyň) sanawyna laýyklykda berilýär.

Şeýle hem, hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara hirurgiki kömek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tassyklanylan, sanawlara we möçberlere laýyklykda berilýär:

1) Türkmenistanyň raýatlaryna döwlet tarapyndan kepillendirilen mugt saglygy goraýyş kömeginiň (hyzmatynyň) sanawyna laýyklykda we çagalara bejeriş-önüni alyş işinde hem-de tejribesinde gerek bolan kömekden (hyzmatdan) az bolmadyk möçberde berilýän saglygy goraýyş kömeginiň (hyzmatynyň) möçberine;

2) Türkmenistanyň kanunçylyk namalaryna laýyklykda döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň Türkmenistanyň raýatlaryna döwlet tarapyndan kepillendirilen mugt saglygy goraýyş kömeginden (hyzmatyndan) daşary edýän tölegli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň möçberine (her bir hyzmatyň bahasyny kesgitlemek bilen);

3) saglygy goraýşyň inçe ugurlarynda işleýän merkezi, Aşgabat şäher we welaýat edaralary derejelerinde edilýän tölegli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň aýry-aýrylykdaky sanawlaryna we nyrhlarynyň möçberine, şeýle hem olarda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna mugt saglygy goraýyş kömegi (hyzmaty) bilen üpjün edilýän hassalaryň we beýleki hemaýata mätäçleriň toparlarynyň sanawyna.


IX bap. Hirurgiýa ulgamynda keselleriň anyklaýyş usullary


63. Hirurg lukman özüniň zerur bolan professional we gulluk borçlaryny ýerine ýetirende, özüniň ýokary derejeli taýýarlygyna laýyklykda differensial anyklaýyşy geçirmäge, goşmaça barlag, ýagny kesel üçin özüniň hereketleriniň netijelerini öňünden görmäge borçlydyr.

64. Hirurgiýa ulgamynda keselleri anyklaýyş usullary 3 (üç) görnüşe bölünýär:

1) lukman barlaglary;

2) instrumental anyklaýyş;

3) barlaghana usuly.

65. Hirurg lukman lukman barlaglary, anyklaýşy geçirende ilki bilen keseliň hemme ýagdaýy bilen tanyşýar. Birnäçe anyklaýyş usullaryny geçirýär. Käbir halatlarda anyklamagyň şeýle usullarynyň özi hem keseliň kesgidini kesgitlemek üçin ýeterlik bolup durýar.

66. Instrumental anyklaýyş öz içine:

1) şöhleli usullary:

a) rentgen we kompýuter tomografiýa barlagy-ösüşiň anomaliýasyny, kistalary we şikeslerini kesgitlemek;

b) magnit-rezonansly we ýadro-magnitli tomografiýa - bu usul adamy radiotolkunlar bilen magnit meýdanynda şöhlelendirmäge esaslanan, netijede barlanýan agzanyň grafiki şekili ekrana çykarylýar, işleýän agzanyň dinamiki şekilini almaga ýardam berýän radiotolkunly barlaglaryň funksional usullary, köp sanly keselleri kesgitlemek;

2) ultrasesli usullary:

a) kelle damarlarynyň ultrasesli dopplerografiýasy - bu usul damarlarda gan aýlanyş tizligini hasaba almaga esaslanan, barlaglar gan aýlanyşyň güýçli bozulmalary ýaly ötüşen keselleri kesgitmek;

b) ehokardiografiýa-ýürek kesellerini, klapanlaryň ýagdaýlaryny, uly damarlary anyklamak üçin ulanylýan ýüregiň ultrases barlagy, esasy keseli anyklamak üçin we hirurgiki ulgamynyň işleýişiniň bozulmagynyň sebäplerini ýüze çykarmak.

67. Barlagyň laboratoriýa usullary-ganyň kliniki we biohimiki, peşewiň, täretiň derňewleriniň kesgitlemesini dogry anyklamakda ulanylýar. Bu ýörite immunologiki derňewler döwrebap barlaghanalaryň esasyny düzýändir.

68. Hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalary bejeriş Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen tertipde tassyklanylýan, Saglygy goraýyş edaralarynda çagalara hirurgiki keselleri ugry boýunça berilýän hirurgiki kömeginiň hil standartlaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Bejergi  hirurgiki kesellerini anyklamagyň we bejermegiň kliniki beýanlary, standartlary we algoritmleri esasynda bellenilenýär.


Х bap. Hirurg lukmanynyň otagynyň işini guramak


69. Saglygy goraýyş edarasynyň ilkinji ýöriteleşdirilen lukmançylyk-sanitariýa kömegini amala aşyrýan hirurg lukmanynyň otagynyň işi şu bapda görkezilen tertipde guralýar.

70. Hirurg lukmanyň otagy saglygy goraýyş edarasynyň düzüm birligi hökmünde döredilýär. Hirurg lukmanyň otagynyň saglygy goraýyş we beýleki işgärleriniň sany saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan geçirilýän bejeriş-anyklaýyşyň iş möçberine we hyzmat edilýän ilatyň sanyna baglylykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýan, lukman hirurgyň otagyna teklip edilýän wezipe birlikleriniň sanawyny göz öňünde tutup, Türkmenistanda edara-kärhanalaryň wezipe sanawlaryny tassyklamagyň we ylalaşmagyň kanunçylykda bellenilen tertibine laýyklykda kesgitlenilýär.

71. Hirurg lukmanyň otagynyň hirurg lukman wezipesine, saglygy goraýyş ugry boýunça ýokary bilimli we hirurgiýa ugry boýunça ýörite hünär kämilleşdiriş okuwyny geçen hünärmen bellenilýär.

72. Hirurg lukmanyň otagyna ýörite orta lukmançylyk bilimi bolan işgärler şeýle hem, lukmanlar işe bellenilende saglygy goraýyş ulgamynda ýolbaşçylara, hünärmenlere we beýleki işgärlere bildirilýän hünär kämilleşdiriş düzgünleriniň talaplary berjaý edilmelidir. Olar bellenilen tertipde hünärlerini ýokarlandyrmalydyrlar. Degişli saglygy goraýyş edaralary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenilýän şertlerde we tertipde işgärleriň hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlygyny we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny geçirýärler.

73. Hirurg lukmanyň otagynyň esasy işi şulardan ybaratdyr:

1) hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara gözegçilik, anyklaýyş, bejergi geçirmek;

2) lukmançylyk görkezmesi bolanda, hirurgiki ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalary ýöriteleşdirilen, şol sanda ýokary tehnologiýaly hirurgiýa kömegini bermek üçin niýetlenen saglygy goraýyş edaralaryna ugratmak;

3) lukmançylyk görkezmesi bolanda, hirurgiki ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalary hirurg lukmanyna we beýleki lukmanlara- hünärmenlere ugratmak;

4) hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalary kliniki-anyklaýyş otaga we ýöriteleşdirilen hirurgiýa merkezine ugratmak;

5) hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalary saglygy goraýyş dikeldişe we şypahana bejergisine ugratmak;

6) hirurgiýa ulgamynyň keselleri boýunça hirurgiýa kömegini bermek babatdaky soraglar boýunça saglygy goraýyş edaralarynyň beýleki bölümleriniň lukmanlaryna maslahat kömegini bermek;

7) amalyýetde, hirurgiýa ulgamynyň kesellerini anyklamak, bejermek we öňüni almak barada täze usullary girizmek;

8) ýöredilşi, Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan göz öňünde tutulan, hasabat we hasaba alyş resminamalary ýöretmek, hasabatlary bermek, hasaba alyjylar üçin maglumatlary ýygnamak.

74. Hirurg lukmanyň otagyň abzallaşdyrylmagy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýan, hirurg lukmanyň otagyny we kliniki-anyklaýyş otagyny lukmançylyk enjamlary we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün etmegiň standartynda göz öňünde tutulan kadalara laýyklykda geçiriýär.


ХI bap. Kliniki-anyklaýyş otagynyň işini guramak


75. Kliniki-anyklaýyş otagynyň işini guramak şu bapda bellenilen tertibe laýyklykda amala aşyrylýar.

76. Kliniki-anyklaýyş otagy hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara ýöriteleşdirilen hirurgiýa kömegini berýän we düzüminde pediatr lukman, fizioterapewt lukman, lukmançylyk reabilitasiýasy boýunça lukman, bejeriş bedenterbiýe boýunça ugrukdyryjy, logoped we psiholog lukmanlary, şeýle hem düzüminde funksional anyklaýyş we bejeriş bedenterbiýe bölümleri bolan, saglygy goraýyş edaralarynyň düzüm birligidir.

77. Kliniki-anyklaýyş otagynyň saglygy goraýyş we beýleki işgärleriniň sany kliniki-anyklaýyş otagy döredilen saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan geçirilýän bejeriş-anyklaýyşyň iş möçberine we hyzmat edilýän ilatyň sanyna  baglylykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýan, kliniki-anyklaýyş otagyna teklip edilýän wezipe birlikleriniň sanawyny göz öňünde tutup, Türkmenistanda edara-kärhanalaryň wezipe sanawlaryny tassyklamagyň we ylalaşmagyň kanunçylykda bellenilen tertibine laýyklykda kesgitlenilýär.

78. Kliniki-anyklaýyş otagy özüniň işini üpjün etmek üçin saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysynyň razylygy bilen şol edaranyň kesel bejeriş-anyklaýyş we kömekçi bölümçeleriniň mümkinçiliklerini peýdalanyp biler.

79. Kliniki-anyklaýyş otagynyň lukman hirurg wezipesine, saglygy goraýyş ugry boýunça ýokary bilimli we hirurgiýa ugry boýunça ýörite hünär kämilleşdiriş okuwyny geçen hünärmen bellenilýär.

80. Hirurg lukmanyň otagyna orta lukmançylyk bilimi bolan işgärler şeýle hem, lukmanlar işe bellenilende saglygy goraýyş ulgamynda ýolbaşçylara, hünärmenlere we beýleki işgärlere bildirilýän hünär kämilleşdiriş düzgünleriniň talaplary berjaý edilmelidir. Olar bellenilen tertipde hünärlerini ýokarlandyrmalydyrlar.

81. Degişli saglygy goraýyş edaralary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenilýän şertlerde we tertipde işgärleriň hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlygyny we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny geçirýärler.

82. Kliniki-anyklaýyş otagynyň ýerine ýetirýän işleri şulardan ybaratdyr:

1) hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara anyklaýyş, bejergi geçirmek, dispanser gözegçilik we dinamiki gözegçilik etmek;

2) hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalary ýöriteleşdirilen, şol sanda ýokary tehnologiýaly saglygy goraýyş kömegini bermek üçin niýetlenen saglygy goraýyş edaralaryna ugratmak;

3) hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalary lukmançylyk reabilitasiýasyna we şypahana bejergisine we beýleki hünärmenleriň maslahatyna ugratmak;

4) hirurgiýa ulgamynyň kesellerini anyklamak we bejermek babatda hirurg lukmanlaryna maslahat hem-de guramaçylyk-usulyýet kömegini bermek;

5) kliniki, okuw, ylmy-barlag edaralary we ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş edaralary bilen özara işleşmek;

6) amalyýetde, hirurgiki ulgamynyň kesellerini anyklamakda, bejermekde we öňüni almakda täze häzirki zaman usullary girizmek;

7) hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalaryň we olaryň garyndaşlarynyň arasynda hirurgiki keselleriniň öňüni alyş çäreleri boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirmek;

8) hasabat we hasaba alyş resminamalary ýöretmek, hasabatlary bermek, hasaba alyjylar üçin maglumatlary ýygnamak.

83. Kliniki-anyklaýyş otagynyň abzallaşdyrylmagy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş  we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýan, hirurg lukmanyň otagyny we kliniki-anyklaýyş otagyny lukmançylyk enjamlary we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün etmegiň standartynda göz öňünde tutulan kadalara laýyklykda geçiriýär.


ХII bap. Hirurgiýa bölüminiň iş tertibini guramak


84. Hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara hirurgiýa kömegini berýän saglygy goraýyş edarasynyň hirurgiýa bölüminiň işini guramak şu bapda bellenilen tertibe laýyklykda amala aşyrylýar.

85. Hirurgiýa bölümi hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara ýöriteleşdirilen hirurgiýa kömegini berýän saglygy goraýyş edarasynyň düzüm birligi bolup durýar.

86. Hirurgiýa bölüminiň saglygy goraýyş we beýleki işgärleriniň sany hirurgiýa bölüminiň döredilen saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan geçirilýän bejeriş-anyklaýyşyň iş möçberine we hyzmat edilýän ilatyň sanyna baglylykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýan, Hirurgiýa bölüminiň we Hirurgiýa merkeziniň teklip edilýän wezipe birlikleriniň sanawyny göz öňünde tutup, Türkmenistanda edara-kärhanalaryň wezipe sanawlaryny tassyklamagyň we ylalaşmagyň kanunçylykda bellenilen tertibine laýyklykda kesgitlenilýär.

87. Hirurgiýa bölüminiň ýolbaşçysy we hirurg lukmanyň wezipesine saglygy goraýyş ugry boýunça ýokary bilimli we hirurgiýa ugry boýunça ýörite hünär kämilleşdiriş okuwyny geçen hünärmen bellenilýär. Hirurg lukmanyň otagyna ýörite orta lukmançylyk bilimi bolan işgärler şeýle hem, lukmanlar işe bellenilende saglygy goraýyş ulgamynda ýolbaşçylara, hünärmenlere we beýleki işgärlere bildirilýän hünär kämilleşdiriş düzgünleriniň talaplary berjaý edilmelidir. Olar bellenilen tertipde hünärlerini ýokarlandyrmalydyrlar.

88. Degişli saglygy goraýyş edaralary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenilýän şertlerde we tertipde işgärleriň hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlygyny we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny geçirýärler.

89. Hirurgiýa bölüminiň düzüminde şu aşakdakylary göz öňünde tutmak maslahat berilýär:

1) bölüm müdiriň otagy;

2) lukmanlar üçin otag;

3) bejeriş bedenterbiýe bilen özbaşdak meşgullanmak üçin otag;

4) funksional anyklaýyş otagy;

5) sanjym otagy;

6) daňy çalşyrylýan  otag.

90. Hirurgiýa bölüminde şu aşakdakylary göz öňünde tutmak maslahat berilýär:

1) näsaglar üçin otaglar;

2) näsaglara seretmek üçin otaglar;

4) lukmançylyk işgärleri üçin otag;

5) baş şepagat uýasynyň otagy;

6) lukmançylyk enjamlary saklanýan otag;

7) hojalyk uýasynyň otagy;

8) nahar paýlanýan otag;

9) arassa düşek daşlary üçin otag;

10) hapa düşek daşlary ýygnalýan otag;

11) lukmançylyk işgärleri üçin duş we hajathana;

12) näsaglar üçin duş we hajathana;

13) sanitar otagy;

14) soramaga gelýänler üçin otag;

15) okuw otagy;

16) näsaglar gündiz bolar ýaly ýer (holl).

91. Hirurgiýa bölüminiň abzallaşdyrylmagy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýan, hirurgiýa bölümini we hirurgiýa merkezini lukmançylyk enjamlary we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün etmegiň kadasynda göz öňünde tutulan kadalara laýyklykda geçiriýär.

92. Hirurgiýa bölümi özüniň işini üpjün etmek üçin saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysynyň razylygy bilen şol edaranyň kesel bejeriş-anyklaýyş we kömekçi bölümçeleriniň mümkinçiliklerini peýdalanyp bilýär.

93. Hirurgiýa bölüminiň esasy ýerine ýetirýän işleri şulardan ybaratdyr:

1) hirurgiýa ulgamynyň keseli bilen kesellän çagalara ýatymlaýyn bejergi şertlerinde ýöriteleşdirilen hirurgiýa kömegini bermek;

2) hirurgiýa ulgamynyň keseli bilen kesellän çagalara we hirurgiki amaldan soňky çagalara lukmançylyk reabilitasiýasyny üpjün etmek;

3) özüne hyzmat edip bilýän hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara lukmançylyk görkezmelerini kesgitläp, olary ýöriteleşdirilen lukmançylyk edaralarynyň reabilitasiýasy we palliatiw hirurgiýa kömegi bermek üçin ugratmak;

4) saglygy goraýyş edarasynyň intensiw bejergi we reanimasiýa bölümindäki  hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara lukmançylyk maslahat kömegini bermek;

5) hirurgiýa ulgamynyň keselleriniň öňüni almak, anyklamak we bejermek  meseleleri boýunça saglygy goraýyş eadaralarynyň beýleki bölümleriniň lukmanlaryna maslahat kömegini bermek;

6) wagtlaýyn işe ukypsyzlyk seljermesini geçirmek;

7) hirurgiýa ulgamynyň keselleriniň öňüni almak we hirurgiki keselleriň gaýra üzülmesi bolan çagalaryň uýgunlaşmagyny üpjün etmek üçin okuw sapaklaryny işläp düzmek we girizmek;

8) hasabat we hasaba alyş resminamalary ýöretmek, hasabatlary bermek, hasaba alyjylar üçin maglumatlary ýygnamak.

94. Hirurgiýa bölümi orta lukmançylyk mekdepleriň, lukmançylyk uniwersitetiniň hem-de ýöriteleşdirilen hünär kämilleşdiriş edaralarynyň, şeýle hem hirurgiki ulgamynyň keseli bilen kesellän çagalara lukmançylyk hirurgiki kömegini berýän ylmy- okuw edaralary hökmünde ullanylyp bilner.


ХIII bap. Ýöriteleşdirilen hirurgiýa merkeziniň işini guramak


95. Ýöriteleşdirilen hirurgiýa merkezi hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara ýöriteleşdirilen, şol sanda ýokary tehnologiýaly hirurgiki kömegini berýän, özbaşdak saglygy goraýyş edara hökmünde ýa-da öz düzüminde lukmançylyk reabilitasiýasy bölümi we birden köp hirurgiýa bölümi bolan, saglygy goraýyş edarasynyň bölümi hökmünde döredilýär.

96. Saglygy goraýyş edarasynyň düzüminde döredilýän ýöriteleşdirilen hirurgiýa merkeze ýolbaşçy şol edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.

97. Ýöriteleşdirilen hirurgiýa merkeziň ýolbaşçysy, onuň bölüminiň ýolbaşçysy, hirurg lukmany wezipesine, çaga hirurgiýasy ugry boýunça ýokary bilimli we hirurgiýa ugry boýunça ýörite hünär kämilleşdiriş okuwyny geçen hünärmen bellenilýär.

98. Hirurg lukmanyň otagyna orta lukmançylyk bilimi bolan işgärler şeýle hem, lukmanlar işe bellenilende hirurgiýa ulgamynda ýolbaşçylara, hünärmenlere we beýleki işgärlere  bildirilýän hünär kämilleşdiriş düzgünleriniň talaplary  berjaý edilmelidir. Olar bellenilen tertipde hünärlerini ýokarlandyrmalydyrlar.

99. Degişli saglygy goraýyş edaralary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenilýän şertlerde we tertipde işgärleriň hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlygyny we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny geçirýärler.

100. Ýöriteleşdirilen hirurgiýa merkeziň saglygy goraýyş we beýleki işgärleriniň sany hirurgiýa bölüminiň döredilen saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan geçirilýän bejeriş-anyklaýyşyň iş möçberine we hyzmat edilýän ilatyň sanyna baglylykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýan, hirurgiýa bölüminiň we hirurgiýa merkeziniň teklip edilýän wezipe birlikleriniň sanawyny göz öňünde tutup, Türkmenistanda edara-kärhanalaryň wezipe sanawlaryny tassyklamagyň we ylalaşmagyň kanuncylykda bellenilen tertibine laýyklykda kesgitlenilýär. 

101. Ýöriteleşdirilen hirurgiýa merkeziň abzallaşdyrylmagy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýan, hirurgiýa bölümini we hirurgiýa merkezini lukmançylyk enjamlary we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün etmegiň standartynda göz öňünde tutulan kadalara laýyklykda geçiriýär.

102. Ýöriteleşdirilen hirurgiýa merkeziň düzüminde şu aşakdakylary göz öňünde tutmak maslahat berilýär:

1) bölüm müdüriň otagy;

2) lukmanlar  üçin otag; 

3) özbaşdak bejeriş bedenterbiýe sapaklary üçin otag;

4) funksional anyklaýyş otagy;

5) sanjym otagy.

103. Ýöriteleşdirilen hirurgiýa merkeziňde şu aşakdakylary göz öňünde tutmak maslahat berilýär:

1) näsaglar üçin otaglar;

2) näsaglara seretmek üçin otaglar;

3) saglygy goraýyş işgärleri üçin otag;

4) baş şepagat uýasynyň otagy;

5) lukmançylyk enjamlary saklanýan otag;

6) hojalyk uýasynyň otagy;

7) nahar paýlanýan otag;

8) arassa düşek daşlary saklanylýan otag;

9) ulanylan düşek daşlary saklanylýan otag;

10) saglygy goraýyş  işgärleri üçin duş we hajathana;

11) näsaglar üçin duş we hajathana;

12) sanitar otagy;

13) soramaga gelýänler üçin otag;

14) okuw otagy;

15) näsaglar gündiz bolar ýaly ýer (holl).

104. Ýöriteleşdirilen hirurgiýa merkezi özbaşdak saglygy goraýyş edarasy hökmünde döredilende, merkezde şu aşakdakylary göz öňunde tutmaklyk maslahat berilýär:

1) administratiw-hojalyk bölümi;

2) düzüminde hasaba alyş, guramaçylyk- usulyýet  (lukmançylyk statistika) otaglary bolan, maglumatlar-analitiki bölümi;

3) funksional anyklaýyş bölümi;

4) şöhle anyklaýyş bölümi;

5) ultrases anyklaýyş bölümi;

6) Merkeziň işlemegini üpjün edýän beýleki düzüm bölümleri.

105. Saglygy goraýyş edarasynda döredilen Ýöriteleşdirilen hirurgiýa merkez ýolbaşçysynyň buýrugy bilen edaranyň düzümindäki bejergi-anyklaýyş we goşmaça bölümlerinden hem peýdalanýar.

106. Ýöriteleşdirilen hirurgiýa merkeziň esasy ýerine ýetirýän işleri:

1) hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara gündüzki ýatymlaýyn we gatnaw şertlerinde ýöriteleşdirilen hirurgiki kömegi bermek;

2) hirurgiýa ulgamynyň keseli bilen kesellän çagalara dinamikada gözegçilik etmek;

3) hirurgiýa ulgamynyň kesellerinden ölümçilik we maýyplyk boýunça keselçiligiň lukmançylyk-statistikasynyň seljermesini we monitoringini geçirmek;

4) dürli hünärli lukmanlara hirurgiki ulgamynyň keselleri boýunça maslahatlary gurnamak;

5) hasabat we hasaba alyş resminamalary ýöretmek, hasabatlary bermek, hasaba alyjylar üçin maglumatlary ýygnamak.

107. Ýöriteleşdirilen hirurgiýa merkezi orta lukmançylyk mekdepleriň, lukmançylyk uniwersitetiniň hem-de ýöriteleşdirilen hünär kämilleşdiriş edaralarynyň, şeýle hem hirurgiýa ulgamynyň keselleri bilen kesellän çagalara lukmançylyk kömegini berýän ylmy-okuw edaralary hökmünde ulanylýar.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 5-nji aprelinde 1459 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.