Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2021-nji ýylyň 15-nji fewralynda çykaran MB-14 belgili buýrugy

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň

2021-nji ýylyň 15-nji fewralynda çykaran MB-14 belgili

B U Ý R U G Y


“Zäherli önümçilik galyndylary zyýansyzlandyrmak we gömmek boýunça meýdançalar. Taslamagyň düzgünleri” atly TGK 2.01.28-21 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak barada


Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama, gurluşyk babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny, döwlet kadalaryny, gollanmalaryny, gözükdirmelerini we usulyýet resminamalaryny bellenen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen, buýurýaryn:

1. “Zäherli önümçilik galyndylary zyýansyzlandyrmak we gömmek boýunça meýdançalar. Taslamagyň düzgünleri” atly TGK 2.01.28-21 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň orunbasary A.Geldiýew gözegçilik etmeli.


Ministr                                                                          R. Gandymow


Türkmenistanyň Gurluşyk we 

binagärlik ministriniň

2021-nji ýylyň 15-nji fewralynda

 çykaran MB-14 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy


«Zäherli önümçilik galyndylary zyýansyzlandyrmak we gömmek boýunça meýdançalar. Taslamagyň düzgünleri» atly TGK 2.01.28-2021 belgili 

Türkmenistanyň gurluşyk kadalary


I bap. Umumy düzgünler


1. Şu “Zäherli önümçilik galyndylary zyýansyzlandyrmak we gömmek boýunça meýdançalar. Taslamagyň düzgünleri” atly TGK 2.01.28-2021 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary (mundan beýläk - Kadalar) Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine, “Galyndylar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Tebigaty goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna hem-de “Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda binagärlik, taslama, gurluşyk babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny, döwlet kadalaryny, gollanmalaryny, gözükdirijilerini we usulyýet resminamalaryny bellenen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy.

2. Şu Kadalar zäherli önümçilik galyndylary zyýansyzlandyrmak we gömmek boýunça meýdançalaryň (mundan beýläk - meýdançalar) taslamasyny düzmek üçin degişli bolup durýar.

3. Şu Kadalar radioaktiw galyndylary gömmek boýunça meýdançalaryň, gaty önümçilik galyndylary we zäherli däl senagat galyndylary üçin meýdançalaryň taslamasyny düzmäge degişli bolup durmaýar.

4. Meýdançalar tebigaty goraýyş desgalary bolup durýar we senagat kärhanalarynyň, ylmy-barlag edaralarynyň we institutlarynyň zäherli önümçilik galyndylaryny merkezleşdirip toplamak, zyýansyzlandyrmak we gömmek üçin niýetlenendir.

5. Meýdançalaryň meýdany we kuwwaty meýdançalaryň gurluşygyna tehniki-ykdysady esaslandyrmalar bilen kesgitlenilýär.

6. Şu aşakdaky zäherli önümçilik galyndylaryň görnüşine baglylykda, materiallar (tehnologiki ulgamlaryň, usullaryň we gaýtadan işleme (utilleşdirme), zyýansyzlandyrma we gömme ýagdaýynyň (prosesleriniň) ýerine ýetirilişini guramagyň taslamasyny düzmek üçin tehnologiki reglamentler) taslamanyň buýrujysyna şol ugurdan ýöriteleşdirilen ygtyýarly edaralar tarapyndan berilmelidir:

1) düzüminde myşýak bar bolan organiki däl gaty galyndylar we laýlar, simap bar bolan galyndylar, sian bar bolan akar suwlar we laýlar, gurşun, sink, kadmiý, nikel, surma, wismut, kobalt we olaryň birleşdirmesi bar bolan galyndylar, hrom bar bolan galyndylar, laýlar we akar suwlar, demiriň we nikeliň karbonilleriniň galyndylary babatynda;

2) düzüminde metalorganiki zäherli galaýynyň birleşdirmesi, galogenorganiki we kremniýorganiki birleşdirmeleri bar bolan galyndylar, aşgarly demirleriň, fosfor we ftor bar bolan galyndylar we laýlar, fosfororganiki birleşdirmeler bar bolan galyndylar, tetraetil gurşun önümçiliginiň laýlary, ulanylan organiki eredijiler (degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan berkidilen önümiň sanawyna (nomenklaturasyna) laýyklykda), ýaramsyz ýagdaýa gelen we ulanylmagy gadagan edilen pestisidler babatynda;

3) galwanik önümleriň galyndylarynyň regenerasiýasy babatynda;

4) galwanik önümleriň galyndylaryny çekmek babatynda;

5) nebiti gaýtadan işleme, nebithimiýa we slaneshimiki gaýtadan işleme galyndylary ulanylan organiki eredijiler babatynda.

7. Galyndylaryň howplulyk klaslary daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsiriniň derejesine baglylykda “Galyndylar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kesgitlenilýär.

8. Meýdançanyň düzüminde şular göz öňünde tutulmalydyr:

1) zäherli önümçilik galyndylary zyýansyzlandyrmak boýunça kärhana;

2) zäherli önümçilik galyndylaryň gömülýän ýeri;

3) zäherli önümçilik galyndylaryň daşalmagy üçin niýetlenen ýörite enjamlaşdyrylan ulag serişdeleriniň ulagjaýy (garaž).

9. Zäherli önümçilik galyndylary zyýansyzlandyrmak boýunça kärhana galyndylaryň zyýansyzlandyrylmagy ýa-da zäherliligini azaltmak (howplulyk klasyny), olary eremeýän şekillere üýtgetmek, guratmak we gömülmäge degişli galyndylarynyň göwrümini azaltmak maksady bilen ýakmak we fiziki-himiki taýdan gaýtadan işlemek üçin niýetlenendir.

10. Zäherli önümçilik galyndylary gömülýän ýeri howplulygyň dürli klaslaryndan zäherli gaty galyndylar ýerleşdirilýän ýörite enjamlaşdyrylan kartalary (esas çukury), şeýle hem kömekçi binalary we desgalary ýerleşdirmek üçin niýetlenen çäk bolup durýar.

11. Meýdança gelýän zäherli önümçilik galyndylar özleriniň fiziki-himiki aýratynlyklary boýunça we gaýtadan işleme usuly boýunça toparlara bölünýär, olara baglylykda zyýansyzlandyrmanyň we gömmäniň haýsydyr bir usuly ulanylýar. Şu ýerde “Galyndylaryň toparlarynyň we olary gaýtadan işleme usullarynyň sanawy” (şu Kadalara 1-nji goşundy) atly goşundyda görkezilendir.

12. Meýdança kabul edilmäge diňe howplylygyň I, II, III we zerurlygyna görä IV klaslarynyň zäherli önümçilik galyndylary degişlidir, olaryň sanawlary buýrujysy we taslama düzüjiler tarapyndan her bir anyk ýagdaýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralary (mundan beýläk - Gulluk), daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ýerli edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işler müdirliginiň (mundan beýläk - TGM-niň BRG we HEIM) ýerli birlikleri bilen ylalaşylýar.  

13. Gulluk, daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ýerli edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we TGM-niň BRG we HEIM-niň ýerli birlikleri bilen ylalalaşygy boýunça howplulygyň IV klasynyň gaty önümçilik galyndylary şäher hojalyk galyndylarynyň ammarlaryna ýerleşdirilip orta we ýokary kysymlarynda izolirleýji inert materialy hökmünde ulanylyp bilner. Howplulygyň IV klasyna degişli gaty önümçilik galyndylarynyň gömülýän ýerlerine kabul edilmegine degişli tehniki-ykdysady esaslandyrma bolan ýagdaýynda rugsat berilýär.

14. Suwuk zäherli önümçilik galyndylary meýdança çykarylmagyndan öň kärhanalarda guradylmalydyr. Meýdança suwuk zäherli galyndylaryň kabul edilmegine diňe senagat kärhanasy tarapyndan guradylmagynyň maksada laýyk däldigini tassyklaýan degişli tehniki-ykdysady esaslandyrma bolan ýagdaýynda rugsat berilýär.

15. Galyndylaryň şu görnüşleri meýdança kabul edilmäge degişli däldir:

1) demir ýa-da beýleki maddalary çykarmagyň netijeli usullary işlenilip taýýarlanan galyndylar (her bir anyk ýagdaýda utilleşdirmede we galyndylaryň gaýtadan işleniş usullarynyň ýoklugyna degişli ministrlikler ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan tassyklanan bolmalydyr);

2) radioaktiw galyndylar;

3) regenerasiýa edilmäge degişli nebit önümleri.


II bap. Meýdançalaryň ýerleşdirilişi


16. Meýdançalaryň ýerleşdirilişi çäk ýörelge boýunça amala aşyrylmalydyr we çäkleri meýilleşdirmegiň çyzgysynda (shemasynda) we taslamalar işlenilip taýýarlanylanda göz öňünde tutulmalydyr.

17. Meýdançalar şu ýerlerde ýerleşdirilmelidir:

1) daşky gurşawy hapalanmakdan goraýan çäreleriň we inžener çözgütleriniň amala aşyrylmagy mümkin bolan meýdançalarda;

2) ilatly ýerlere we dynç alyş zolaklaryna gatnaşygy boýunça şemal degmeýän tarapy bilen (agdyklyk edýän tarapyň şemallary üçin);

3) içimlik suwuň, balykçylyk hojalyklarynyň, işbil taşlaýyş ýerleriniň, köpçülikleýin ýaýlada bakyp seretme we balygyň gyşlyk üçin çukurlaryna suw çykarylýan ýerleriniň aşagy;

4) oba hojalyk däl maksatly ýerlerde, oba hojalygy üçin ýaramsyz ýerlerde ýa-da iň ýaramaz hildäki oba hojalyk ýerlerinde;

5) gidrogeologiýa şertlerine laýyklykda, adaty bolşy ýaly, gowşak süzýän toprakly (laýly, toýunly, slanesli), toprak suwlarynyň meýdançanyň gömülýän galyndylaryň aşaky derejesinden azyndan 2 m ulanylanda suwuň galyşyny nazara alyp olaryň has köp galmagynda ýataklarynyň ýerlerinde.

18. Ýaramaz gidrogeologiýa şertlerde saýlanan meýdançada toprak suwlarynyň talap edilýän peselmesini üpjün edýän inžener çäreleri göz öňünde tutulmalydyr.

19. Meýdançalaryň ýerleşdirilýän obýektleriniň guralmagy “Galyndylar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda we beýleki Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar. 

20. Meýdançalaryň şu ýagdaýlarda ýerleşdirilmegine rugsat berilmeýär:

1) ilatly ýerleriň (şäherleriň, şäherçeleriň we oba ilatly ýerleriň) çäklerinde;

2) tebigaty goraýyş, sagaldyş, rekreasion we taryhy-medeni maksatly ýerlerde;

3) agyz suw we hojalyk-durmuş suw üpjünçiligi maksady bilen peýdalanylýan suw gorag zolaklarynda we suw obýektleriniň sanitariýa taýdan goralýan zolaklarynda;

4) ýerasty suw obýektleriniň suw toplaýyş meýdanlarynda we ýerasty suw obýektleriniň üstünde ýerleşýän çäkde;

5) ilatyň saglygyna, şeýle hem daşky gurşawa zyýan ýetirip biljek howpuň döräp biljek beýleki ýerlerinde;    

6) harby obýektleriniň ýerleşýän we oňa ýanaşyk ýerleşýän meýdanlarda we harby obýektleriniň üstünde ýerleşýän çäkde.

21. Çökýän topraklarda meýdançalaryň ýerleşdirilmegine topragyň çökme häsiýetiniň doly aýrylmagy şerti bilen rugsat berilýär.

22. Inžener gözlegleriniň maglumatlary şulary öz içine almalydyr:

1) taslama düzüjiler tarapyndan bellenilen meýdançanyň gurluşyk ýeriniň aýrylan araçäklerinde we gerimlerinde topografik meýilnamalary;

2) içine 3 m çuňlaşdyrmaly suwa daýanmadan öň topraklaryň (gömülme kartalarynyň esaslaryna) inžener-geologiýa häsiýetlendirmesini 25 m gowrak çuňlukda suwa daýanmanyň ýataklarynda geologiýa işläp çykarylmalaryň çuňlugy kartalary düýbünden 6 m azrak bolmalydyr, zeýkeş enjamy zerur bolan ýagdaýlarda işläp çykarmalary zeýkeşiň çuňlugy goýlan shemasyna laýyklykda anyklanylmalydyr;

3) laýlaryň hennekleri barada ýa-da laýlaryň talap edilýän suwgeçirmezlik ýagdaýyna ýetirmek maksady bilen gaýtadan işlenilmesi boýunça hödürnamasy bolan laýlaryň barlygy barada maglumatlar, şeýle hem beýleki materiallaryň (çäge, grawiý, daşyň) hennekleri baradaky maglumatlar;

4) toprak suwlarynyň derejeleriniň tertibiniň beýanyny, topraklaryň gözden geçirilme görkezijisiniň, toprak akymlarynyň üpjünçilik çygyrlarynyň we ýüküni düşürme çygyrlarynyň, toprak akymynyň derejesiniň ýokarlanyşynyň hem-de onuň himiki düzüminiň beýanyny öz içine alýan gidrogeologiýa beýany;

5) meteorologiýa häsiýetnamasy, klimat çyzgysynyň göwrüminde görkezilen temperaturanyň we şemalyň tertibi, gar örtüginiň, toprak doňuşynyň, suwuň ýer üsti bilen bugaryjylygynyň we ygallaryň üpjün edilmegi. Meýdançanyň içinden geçýän jarlar bar bolan ýagdaýynda, olaryň suw toplaýjy meýdançasy ornaşdyrylýar, ýagyş we doňy çözülen suwlaryň iň köp sarp edilişi kesgitlenilýär.     

23. Zäherli önümçilik galyndylaryň gömülýän ýeriniň meýdany 20 - 25 ýylyň dowamynda toplanjak galyndylar göz öňünde tutulyp bellenilýär.

24. Meýdançanyň taslamasyny düzmek üçin başlangyç maglumatlaryň düzümine gömülme kartalaryny we ýerüsti suwlary goramak boýunça teklipnamalary, inžener gözlegleriniň we suwlaryň zyňylmagy üçin bölünip berlen ýerleri barada maglumatlar girizilmelidir.

25. Barlag guýylarynyň burawlama ýerleri meýilnamada ýazga alynmalydyr, şeýle hem olaryň tamponažy boýunça çäreler görkezilmelidir.

26. Zäherli önümçilik galyndylary zyýansyzlandyrmak we gömmek boýunça meýdançanyň desgalaryny aşakdakylar ýaly ýerleşdirmelidir:

1) zäherli önümçilik galyndylary zyýansyzlandyrmak boýunça kärhananyň galyndylar bilen  esasy üpjün ediji kärhanadan has ýakyn aralykda ýerleşmegi;

2) galyndylaryň gömülme meýdançasy - şu Kadalaryň II babynyň talaplaryna laýyklykda;

3) ýörite enjamlaşdyrylan ulag serişdeleriniň ulagjaýy (garaž) - adaty bolşy ýaly zäherli önümçilik galyndylary zyýansyzlandyrmak boýunça kärhananyň golaýynda.

27. Şäheriň senagat zolagynda kärhanany we ulagjaýy ýerleşdirmek üçin çäginiň ýok bolan ýagdaýynda, bir meýdanda meýdançanyň ähli desgalarynyň ýerleşdirilmegine rugsat berilýär.


III bap. Meýdançanyň meýilleşdiriş, gurnawçylyk talaplary we onuň kuwwaty


28. Zäherli önümçilik galyndylary zyýansyzlandyrmak boýunça kärhananyň gurluşygynyň dykyzlygy azyndan 30 göterim bolmalydyr.    

29. Galyndylaryň gömülme meýdançasynyň daş-töweregi 2,4 m beýiklikde awtomatiki gorag signalizasiýasy bolan, tikenli simden germew bilen aýlanan bolmalydyr.

30. Zäherli önümçilik galyndylarynyň gömülme meýdançasynda onuň perimetri boýunça germewden başlap yzygiderlilikde şular ýerleşdirilmelidir:

1) halkaly kanal;

2) 1,5 m beýiklikde we ýokarysynyň ini 3 m halka çilleme;

3) kämilleşdirilen düýpli örtükli we kartalara çykyşly halkaly awtoýol;

4) ýoluň uzaboýuna çabga sowujy nowalar ýa-da beton plitalar bilen örtülen suwly ganawlar.

31. Daşky halkaly kanal suw toplama meýdançanyň ýanyndaky daşgynyň üpjün edilenliginiň 1 göterim sarp edilişine hasaplanan bolmalydyr. Suwuň sowmasy golaýdaky suw akymynda göz öňünde tutulmalydyr.

32. Suw akymynyň jaryny meýdançanyň ýerlerinden sowma zerur bolan ýagdaýlarda sowma kanalyň suwunyň hasaplanan sarp edilişi 0,1 göterim üpjün etmeklik bilen kabul edilmelidir. 

33. Taslamada zäherli önümçilik galyndylaryň gömülýän meýdançasynyň önümçilik we kömekçi zolaklaryna bölünişi hem göz öňünde tutulmalydyr. Zolaklaryň, binalarynyň we desgalarynyň arasyndaky aralyk azyndan 25 m bolmalydyr. 

34. Meýdançanyň önümçilik meýdançalarynda howplulygyň dürli klaslarynyň galyndylaryny, ýagyş we zeýkeş suwlarynyň barlag-sazlaýjy şahalary, zerur bolan ýagdaýlarda bugardyjy-şahalary aýratyn gömülmegi göz öňünde tutýan kartalar ýerleşdirilýär. 

35. Kömekçi zolakda şular göz öňünde tutulmalydyr:

1) galyndylary kabul etmek, sortlamak, saklamak üçin aýratyn otaglar;

2) önümçilik we hojalyk galyndylaryny işläp geçmek üçin aýratyn otaglar;

3) işgärleriň naharlanmagy we dynç almagy üçin otaglar;

4) arassa we hapa iş geýimleri çalşylýan, içinden geçilýän suwa düşülýän, hajathana we el ýuwguçly otaglary;

5) geýimleri dezinfeksiýa taýdan işläp geçmek üçin otaglar;

6) dezinfeksiýa serişdeleri saklamak üçin otaglar;

7) himiýa zäherlenme howpundan ilaty we işgärleri goramak üçin ulanyljak goşmaça otaglar hem-de aýratyn guruljak gaçybatalgalar ýa-da radiasiýa garşy bukalgalar (ilatyň we işçi gullukçylaryň goragyny üpjün etmek maksady bilen şäheriň çäginde ýaşaýan we işleýän ilaty harby döwürde hem-de adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda goramak maksady bilen gorag desgalarynyň ýeterlik möçberinde gurulmagyny üpjün etmelidir); 

8) ýörite ulaglar we mehanizmler üçin bassyrmaly meýdança;

9) ýörite ulaglaryň we mehanizmleriň häzirki bejergisi üçin ussahana;

10) ýangyç-ýaglama materiallarynyň ammary;

11) kartalaryň konserwasiýasynda suw geçirmeýän örtükleriň ýola goýulmasy üçin niýetlenen materiallary saklamak üçin ammary;

12) ýangyç ammarly bug gazanyň jaýy;

13) ýörite ulaglaryň we konteýnerleriň arassaçylygy, ýuwmak işleri we zyýansyzlandyrylmasy üçin desga;

14) awtoulag terezileri;

15) barlag-goýberiş nokady. 

36. Bug gazanyň gurluşygyna ýylylyk üpjünçiliginiň beýleki çeşmeleri ýok bolan ýagdaýynda rugsat berilýär.

37. Zäherli önümçilik galyndylary zyýansyzlandyrmak boýunça kärhananyň we galyndylaryň gömülýän ýeriniň bir meýdançasynda ýerleşýän ýagdaýynda aýratyn otaglar, ýörite ulaglaryň we mehanizmleriň bassyrmaly meýdançalary, awtoulag terezileri, arassalamak işleri, ýörite ulaglary we konteýnerleri ýuwmak we zyýansyzlandyrmak üçin desgalaryň, ýangyç-ýaglama materiallarynyň ammarlary adaty ýaly bir ýerde ýerleşmelidir. 

38. Içerki ýagyş we erän gar suwlarynyň ugruny sowmaklygy iki sany bölekden (seksiýadan) ybarat bolan barlag-ugrukdyryjy howuzlarda göz öňünde tutmalydyr. Howuzyň her böleginiň göwrümini 10 ýylda bir gezek gaýtalanýan iň köp bir gije-gündizki ýagyşyň möçberine çaklap hasaplamalydyr. Durlanan suwlary barlagdan soň şu ýerlere ugrukdyrmalydyr: 

1) arassa suwlary – önümçilik zerurlyklary üçin, peýdalanyjy ýok bolan ýagdaýynda – halkalaýyn kanala (nowhana); 

2) hapalanan suwlary – bugardyjy-howuza, onuň gurulmagy mümkin bolmadyk ýagdaýynda - zäherli önümçilik galyndylary zyýansyzlandyrmak boýunça kärhana.

39. Bugardyjy-howuzyň meýdany gömülýän meýdançanyň çäginden ýagyş we erän gar suwlarynyň ortaça ýyllyk hasaplanan akymynyň 10 göteriminiň hapalanmagynyň mümkindigine esaslanyp kesgitlenilýär.

40. Eger howa şertleri boýunça tebigy bugardyjyny gurmaklyk mümkin bolmasa, onda taslamada zäherli önümçilik galyndylary zyýansyzlandyrmak boýunça kärhana akymlaryň bir ugurly berilmegini üpjün etmek üçin ugrukdyryjy howdan göz öňünde tutulmalydyr.

41. Bugardyjy-howuzlaryň, barlag-ugrukdyryjy howuzlaryň we ugrukdyryjy howdanlaryň akymlaryň howplulyk klasyna laýyklykda süzüjilige garşy germewaçlary ýa-da örtükleri bolmalydyr.

42. Süzüjilige garşy germewaçlaryň gurnawlary we olaryň ulanylmagy “Suw arassalaýjy desgasyna garşy perdeler we olaryň zäherli önümçilik galyndylarynyň gömülýän meýdançalaryň ulanylyşyna” (şu Kadalara 2-nji goşundy) laýyklykda amala aşyrylýar. Hapalanan ýagyş we ýerasty suwlaryň howplulyk klasy kartalarda (esas çukurlarynda) ýerleşdirilýän galyndylardaky has zäherli madda (ýa-da bir klasyň maddalarynyň jemi) boýunça, eger onuň (olaryň) galyndylardaky düzümi agramy boýunça 10 göterimden az bolmadyk ýagdaýynda kabul edilmelidir.  

43. Süzüjilik görkezijisi (koeffisiýenti) 10-3 sm/s az bolmadyk topragyň ýerasty suwlarynyň derejesiniň ýokary durýan ýerinde (ulanylyşynda garaşylýan ýokarlanma derejesini nazara almak bilen kartalaryň düýbünden 2 m az) galyndylaryň gömülýän meýdançasyny ýerleşdirmegiň zerurlygy ýüze çykanda suwuň ugruny zeýkeş suwlaryň barlag-ugrukdyryjy howuzlaryna sowmak üçin zeýkeşi göz öňünde tutmalydyr.

44. 0,1 m3/s gowrak zeýkeş suwlary goşulanda we halkalaýyn seňňer galdyrmanyň astyndaky meýdançanyň kontury boýunça 25 m çenli aralykda ýeriň üstünden suw geçirmeýän gurluş bar bolanda süzüjilige garşy örtügi – 15-den köp bolmadyk güýjüň gradiýenti bilen 0,6 m az bolmadyk galyňlykdaky toýun diafragmany göz öňünde tutmalydyr.

45. Üpjün ediş zolagy izolirlemek (çetleşdirmek) zerur bolan wagtynda üç tarapyndan öňdäki diafragmany göz öňünde tutmaga rugsat berilýär, şunlukda goşmaça zeýkeş bolmasa-da ýerasty suwlaryň derejesiniň peselmegini üpjün etmek bolar, ýagny bu gidrogeologik hasaplamalar arkaly esaslandyrylan bolmalydyr.

46. 10-3 sm/s az süzüjilik görkezijili (koeffisiýentli) we gat-gat litologik gurluşly esasyň topraklarynda (toýun toprakda, çägesow toprakda, ownuk çägelerde) keseleýin ýa-da dikleýin turbaly zeýkeşler netijesiz bolan wagtynda kartalaryň (esas çukurlarynyň) düýbündäki germewaçlaryň astynda suwuň ugruny ondan zeýkeş suwlarynyň barlag-ugrukdyryjy howuzlaryna sowýan gatlak zeýkeşi göz öňünde tutulmalydyr.

47. Barlag-ugrukdyryjy howuzlarynyň taslamalarynda ýagyş we erän gar suwlarynyň hapalanan akymyny bölekleriň birine ugrukdyrmak mümkinçiligi göz öňünde tutulmalydyr.

48. Ýörite maşynlary we konteýnerleri arassalamak, ýuwmak we zyýansyzlandyrmak üçin desgalar administratiw-ýaşaýyş jaý binalaryndan 50m-den az bolmadyk aralykdaky meýdançanyň önümçilik zolagyndan çykylýan ýerde ýerleşmelidir. 

49. Galyndylaryň gömülýän ýerine barylýan ýollar we önümçilik zolagy emeli ýagtylandyrylmalydyr. Işçi kartalaryň we barylýan ýollaryň ýagtylma derejesini           5 lýuksda (lk) kabul etmelidir.

50. Meýdançanyň taslamasy düzülende elektrik energiýasy bilen üpjünçiligiň ygtybarlylygynyň ikinji derejesi (kategoriýasy) kabul edilmelidir.

51. Meýdança öz aralarynda we galyndylary tabşyryjy-kärhanalar bilen telefon aragatnaşygy bolmalydyr.

52. Meýdançanyň daşky suw üpjünçiligi we lagym ulgamynyň gurluşygy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyklanan kadalara laýyklykda çözülýär.

53. Meýdançanyň düzümindäki gidrotehniki desgalary düýplüligiň II klasyna degişli etmelidir.

54. Meýdançanyň kuwwaty zäherli galyndylaryň zäherli önümçilik galyndylary zyýansyzlandyrmak boýunça kärhana we galyndylaryň gömülýän meýdançasyna getirilýänlerini hem öz içine alyp, bir ýylyň dowamynda meýdança kabul edip boljak mukdary (müň t) bilen kesgitlenilýär. Konteýnerlerde gömülmäge degişli galyndylaryň mukdary konteýnerleriň agramyny hasaba alyp kesgitlenilýär.

55. Senagat (önümçilik) kärhanalaryndan gönüden-göni gömülmäge getirilýän galyndylardan başga-da, galyndylaryň gömülýän meýdançasynda kartalaryň talap edilýän göwrümi kesgitlenilende galyndylary zyýansyzlandyrmak boýunça kärhanada emele gelýän zäherli gaty galyndylary hem nazara almak zerurdyr.


IV bap. Zäherli önümçilik galyndylary zyýansyzlandyrmak


56. Meýdança getirilýän suwuk ýanmaýan galyndylar gömülmezden öňürti suwuny çekdirip guradylmalydyr we tehniki mümkinçilik bolanda zyýansyzlandyrylmalydyr (käbir metallaryň walentliligini peseltme, eremeýän birleşmelere öwürme).

57. Meýdança getirilýän suwuk, gaty we pasta görnüşli ýanýan galyndylary ikilenç zyýanly maddalardan aýrylýan gazlary soňundan arassalap, ýanýan önümleriň fiziki ýylylygyny utilleşdirmek bilen, mümkin boldugyça, peçlerde ýakmalydyr.

58. Howplulygy boýunça I klasyna degişli, düzüminde ereýän maddalary saklaýan, gaty we pasta görnüşli ýanmaýan galyndylar, adatça, tehniki mümkinçilik bolanda gömülmezden öň zäherli maddalaryň eremeýän birleşmelere öwrülmesinden ybarat bolan bölekleýin zyýansyzlandyrma degişli bolýarlar. Howplulygy boýunça I klasyna degişli, düzüminde ereýän maddalary saklaýan, gaty we pasta görnüşli ýanmaýan galyndylary, degişli tehniki-ykdysady esaslandyrma bar bolan ýagdaýynda, gönüden-göni germetik metal konteýnerlerde gömmäge rugsat berilýär.

59. Meýdança getirilýän galyndylary gaýtadan işlemekligi zäherli önümçilik galyndylary zyýansyzlandyrmak boýunça kärhanada amala aşyrmalydyr.

60. Kärhananyň taslamasynyň tehnologiýa bölümini işläp taýýarlamaklygy  galyndylar bilen nusgalarda (modellerde) geçirilen ylmy-barlag we synag işleriniň netijesinde alnan deslapky maglumatlaryň esasynda hem-de şu Kadalaryň altynjy we         ýigrimi ikinji bölekleriniň talaplaryny nazara alyp ýerine ýetirmelidir.

61. Zäherli önümçilik galyndylary zyýansyzlandyrmak boýunça kärhananyň düzüminde şular göz öňünde tutulmalydyr:

1) administratiw-ýaşaýyş jaýlaryny, barlaghanany, tehnologik ýagdaýlara (proseslere) gözegçilik etmek we dolandyrmak boýunça merkezi, lukmançylyk nokatlaryny we naharhanany;

2) gaty we pasta görnüşli ýanýan galyndylary ýylylyk arkaly (termiki) zyýansyzlandyrýan sehi;

3) akar suwlary we suwuk hlorly organiki galyndylary ýylylyk arkaly (termiki) zyýansyzlandyrýan sehi;

4) gaty we suwuk ýanmaýan galyndylary fiziki-himiki zyýansyzlandyrýan sehi;

5) zaýalanan we belgilenmedik ballonlary zyýansyzlandyrýan sehi;

6) simaply we lýuminessent çyralary zyýansyzlandyrýan sehi;

7) hek erginini taýýarlaýan sehi;

8) aňsat ot alýan we sorujy bilen ýanýan suwuklyklaryň ammaryny;

9) gapdaky galyndylar üçin bassyrmanyň aşagyndaky açyk ammary;

10) himikatlaryň we reaktiwleriň ammaryny;

11) oda çydamly önümleriň ammaryny;

12) awtoulag terezileri; 

13) ýörite kir ýuwulýan ýeri (kooperatiwleşdirme mümkinçiligi ýok bolanda);

14) ýörite maşynlaryň, gaplaryň we konteýnerleriň mehanizmleşdirilip ýuwulýan ýeri;

15) mehaniki-abatlaýyş sehi;

16) barlag-goýberiş nokady;

17) kärhananyň zerurlyklaryna laýyklykda umumy kärhana desgalary (obýektleri).

62. Gaty we pasta görnüşli ýanýan galyndylary ýylylyk arkaly (termiki) zyýansyzlandyrýan sehde aşakdakylary göz öňünde tutmalydyr:

1) köpri şekilli greýferli kran bilen ýanýan gaty galyndylary kabul etmek we aralykda saklamak üçin bunkeri;

2) galyndylary ýakmak üçin peçleri;

3) suwuň buguny işläp çykarmak üçin utilizator-gazanlary (galyndylary gaýtadan işläp çykarýan maşyn);

4) tüsseli gazlary tozandan arassalaýan ulgamy;

5) tüsseli gazlary fiziki-himiki jähtden arassalaýyş ulgamy (hlorly we ftorly wodoroddan, kükürt oksidlerinden we beýleki garyndylardan);

6) küli we şlagy aýyrýan hem-de ýerleşdirýän ulgamy.

63. Kärhanada pejiň dozalara bölüji gurluşynyň kabul ediş ştusseriniň ölçegleri bilen çäklendirilýän gaty galyndylaryň iri fraksiýalaryny ownutma (ýakylmazdan öň) göz öňünde tutulmalydyr.

64. Peçleriň gurnawy gaty, suwuk we pasta görnüşli galyndylaryň ýakylmagyny (adatça, gapda) üpjün etmelidir. Peçleriň gurnawlary işlenip taýýarlanylanda geljekde galyndylaryň düzümini doly üýtgetmegiň mümkinçiligini göz öňünde tutmalydyr.

65. Peçleriň ýük ýükleýän gurluşlaryny galyndylaryň ýanmagyny hem-de utilizator-gazanda alynmaly buguň mukdaryny gazanmak üçin dürli galyndylar peje mukdary we ýylylyk agramy boýunça üznüksiz we deňölçegli geler ýaly ýagdaýlary göz öňünde tutup, taslamasyny düzmek gerekdir.

66. Galyndylaryň peçde ýanma temperaturasy 1000°С pes, düzüminde galogen saklaýan birleşmeler bar bolanda – 1200°С pes bolmaly däldir.

67. Düzüminde galogen birleşmesi bar bolan galyndylar  peçde ýakylanda hlorly we ftorly fon hapalanmalarynyň we düzüminiň wodorodyň tüsse gazlarynyň göwrümi boýunça 0,1 göterimden geçmeli däldigi nazara alnyp, her bir anyk ýagdaýda howa hlorly we ftorly wodorodyň toplanmalary rugsat edilýän aňryçäk toplanmalardan geçmejek mukdarlarda bölünmelidir.

68. Önümçilik galyndylary ýakylandan soň peçde gutarnykly ýakýan kamerany göz öňünde tutmalydyr, ýagny onda degişli goşmaça ýangyç berlende we howanyň degişli ýokary temperaturasynda we wagt dowamly bolanda (2,0 s az bolmadyk) doly ýanmadyk önümleriň doly okislenmesi gazanylýar. 

69. Gutarnykly ýakýan kameranyň gurnawyny we onda ýanýan ýerleriň (gorelkalaryň) ýerleşdirilişini gutarnykly ýakýan kamerada emele gelýän tüsseli gazlar bilen peçden gelýän tüsseli gazlaryň doly garyşmagyny üpjün eder ýaly edip taslama düzülmelidir.

70. Gutarnykly ýakýan kameradan çykýan ýerde tüsseli gazlaryň temperaturasy 1000°С pes bolmaly däldir, düzüminde galogen saklaýan birleşmeler bar bolanda bolsa – 1200-den 1450°С-a çenli bolmalydyr.

71. Önümçilik galyndylaryny ýakmak üçin peçdäki oda daşyndan gözegçilik etmekligi, adatça, telewizion kameranyň kömegi bilen göz öňünde tutmalydyr.

72. Gutarnykly ýakýan kameranyň aňyrsynda gurulýan utilizator-gazan işiň aşakdaky şertlerini kanagatlandyrmalydyr:

1) çykylýan ýerde tüsseli gazlaryň temperaturasy 1450°С çenli bolmalydyr;

2) ýylylyk agram birden üýtgän ýagdaýlarynda (1 minutda 30 göterime çenli) bug gazanyň durnukly, ygtybarly işini üpjün etmelidir; 

3) bug gazanyň turbalarynyň tüsseli gazlar bilen galtaşýan diwarjyklarynyň temperaturasy 150 - 350°С çäklerde bolmalydyr;

4) tüsseli gazlaryň bug gazanyň konwektiw üstlerine girilýän ýerdäki temperaturasy 600°С-dan ýokary bolmaly däldir (üstde eredilen külüň çökmesini aýyrmak, netijede bolsa, poslap dargamanyň öňüni almak üçin);

5) tüsseli gazlaryň bug gazandan çykylýan ýerdäki temperaturasy 250 - 300°С çäklerde bolmalydyr;

6) bug gazanyň gurnawy gyzýan üstlerine seredip görmek üçin mümkinçiligi üpjün etmelidir;

7) bug gazanyň gurnawynda gyzýan üstlerini arassalamak üçin gurluşlar göz öňünde tutulmalydyr.

73. Ýakylmaga getirilýän önümçilik galyndylarynda 150-den 300°С-a çenli temperaturadaky buglaryň ýokary basyşyna eýe bolan maddalar (myşýagyň okisi, selen, fosfor, şeýle hem surmanyň, myşýagyň, demiriň, gurşunyň, kadmiýniň, wismutyň hloridleri we başgalar) bar bolanda, arassalamanyň yzgarly basgançagyny göz öňünde tutmalydyr. Yzgarly arassalama ulgamy howa taşlanýan tüsseli gazlarda görkezilen hapalanmalaryň düzüminiň taşlanmalaryň ahyrky rugsat berilýänden aşak bahalaryna çenli peselmegini üpjün etmelidir.

74. Utilizator-gazanlaryň kömekçi-gazan enjamy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyklanan kadalaryň talaplaryna laýyklykda düzülmelidir.

75. Akar suwlary we suwuk hlorly organiki galyndylary ýylylyk arkaly (termiki) zyýansyzlandyrýan sehinde şular göz öňünde tutulmalydyr:

1) akar suwlary we suwuk ýanýan galyndylary ýylylyk arkaly (termiki) zyýansyzlandyrmak üçin tüsseli gazlary mineral duzlaryň akdyryp alyp gidilmesinden arassalaýan ulgamly we mineral duzlaryň garyndysyny gury görnüşde çykarýan ulgamly peçleri;

2) suwuk hlorly organiki galyndylary ýylylyk arkaly (termiki) zyýansyzlandyrmak üçin hlorly kalsiýni ýa-da haryt duz kislotasyny almak bilen tüsseli gazlardan hlorly wodorody peýdaly ulanýan ulgamly we aýrylýan gazlary sanitariýa arassalaýyş ulgamly peçleri.

76. Akar suwlar we suwuk organiki galyndylar ýylylyk arkaly (termiki) zyýansyzlandyrylanda aşakdaky şertler berjaý edilmelidir:

1) aýrylýan gazlaryň siklonik peçlerdäki ýa-da beýleki görnüşli peçlerdäki temperaturasy 950-1050°С çäklerde bolmalydyr;

2) organiki maddalaryň okislenmesiniň netijesinde emele gelýän hlorly wodorodyň, kükürt oksidleriniň we fosforyň bitaraplaşdyrmasyny iýiji natr ýa-da natriý karbonaty bilen pejiň göwrüminde amala aşyrmalydyr. Iýiji natryň (natriý karbonatynyň) pejiň göwrümine berlişini akar suwlar bilen bilelikde 10 göterim artyk edip amala aşyrmalydyr;

3) mineral duzlaryň garyndysynyň siklonik ojakda emele gelýän erginini sowadyjy-skrubberiň kub bölegine çykarmalydyr;

4) sowadylan gazlary tizlik bilen aýlanyp çalt hereket edýän gazy ýuwup arassalaýjy enjamlarda mineral duzlardan arassalamalydyr, ol ýerden peçden çykýan ýokary temperaturaly gazlaryň fiziki ýylylygynyň hasabyna buglamagyň kömegi bilen konsentrirleme üçin duzlaryň gowşak erginini sowadyjy-skrubbere gaýtarmalydyr. Duzlaryň konsentrirlenen (goýaldylan) erginini, mineral duzlaryň gury görnüşdäki garyndysyny (guratma, sentrifugirleme we ş.m.) saýlaýan ulgama bermek bilen, sowadyjy-skrubberden üznüksiz çykarmalydyr.

77. Duzlary gaty görnüşde almak üçin mineral duzlaryň garyndysynyň erginini siklonik peçden sowadyjy-ownadyjy enjama çykarmaga, şeýle hem öňünden sowadylan tüsseli gazlary gury gaz arassalaýjy desgalarda arassalamaga rugsat berilýär, şunlukda gazlary sowatmak üçin doly bugardýan enjamlary ulanmalydyr.

78. Suwuk hlorly organiki galyndylar ýylylyk arkaly (termiki) zyýansyzlandyrylanda aşakdaky şertler berjaý edilmelidir:

1) olaryň ýylylyk arkaly (termiki) zyýansyzlandyrylyşyny, adatça, siklonik peçde 1200-den 1500°С çenli temperaturada amala aşyrmalydyr;

2) galyndylar ýanan wagtynda emele gelýän hlorly wodorody duz kislotasyny ýa-da düzüminde hlor saklaýan beýleki önümleri almak bilen peýdaly ulanmalydyr;

3) pejiň ýylylyk agramy 7·106 Wt ýokary bolanda (duz kislotasy alnan ýagdaýynda) hlorly wodorodyň siňme (absorbsiýa) derejesinden öň galyndylaryň gaz halyndaky ýanýan önümlerini sowatmak üçin utilizator-gazanyň ulanylmagyny göz öňünde tutmalydyr, onda 1,3-den 4,0 MPa çenli basyşly doýgun bugy işläp çykarmak bilen ýylylygy peýdaly ulanma amala aşyrylýar; 

4) düzüminde agramy boýunça 70 göterimden ýokary organiki birleşen hlory saklaýan hlorly organiki galyndylar ýakylanda galyndylaryň garyndynyň durnukly ýanmagyny üpjün edýän gatnaşykdaky suwuk ýangyç (galyndylar) bilen öňünden garyşdyrylmagyny göz öňünde tutmalydyr;

5) galyndylary peje salmak üçin, adatça, forsunkanyň dykylmak ähtimallygyny azaltmak, şeýle hem peji duruzmazdan onuň çalt mehaniki arassalaýyş mümkinçiligini üpjün etmek maksady bilen, galyndylaryň hereket edişi boýunça göneldilen kanallary bolan pnewmatik görnüşli forsunkalary ulanmalydyr;

6) galyndylaryň ýanmagy üçin howany azyndan 20 göterim artyk bermelidir. Howanyň artykmaçlygynyň ýokarky çägi gaz halyndaky ýanýan önümlerde reagirlenmedik kislorodyň saklanmagy bilen çäklendirilýär, onuň mukdary hloryň uly mukdaryny emele getirmezlik üçin göwrüm boýunça 3,5 göterimden geçmeli däldir. Zerur bolan ýagdaýynda galyndylaryň ýanma temperaturasyny 1200 - 1500°С çäklerde saklamak üçin pejiň göwrümine suw, duz kislotasyny goýbermek ýa-da  suwly bugy üflemek bolar;

7) duz kislotasy alnanda galyndylaryň gaz halyndaky ýanýan önümlerinden hlorly wodorodyň siňmesi (absorbsiýasyny) izotermik absorberlerde ýerine ýetirilmelidir;

8) gazlar howa zyňylmagyndan öň olary sanitariýa taýdan arassalamak üçin iýiji natryň ýa-da natriý karbonatynyň suwly erginini peýdalanmak bilen aşgarly ýuwmak hökmandyr. Erginiň ýuwup arassalanmaga getirilýän gazlarynyň konsentrasiýasy natriniň bikarbonatynyň - aşgarly arassalanýan aralyk önümiň kristallaşmasynyň öňüni almagyň şertinden gelip çykyşyna görä agram boýunça 5 göterimden ýokary bolmaly däldir;

9) aşgarly arassalanmadan soň gazlar aşgarly ýuwulanda emele gelýän we işlenen erginde saklanýan natriý gipohloridiň bozulmasynyň ýerli düwünini göz öňünde tutmalydyr.

79. Üç fazaly ulgamyň enjamlarynyň ulanylmagy gazlaryň hlorly wodoroddan we hlordan ygtybarly arassalanyşyny üpjün edýän şert bolmak bilen,  aýrylýan gazlary sanitariýa taýdan arassalamak üçin hek erginini peýdalanmaga rugsat berilýär, şunlukda kalsiýniň gipohloridiniň bozulmagynyň ýerli düwünini göz öňünde tutmalydyr.

80. Gaty we suwuk ýanmaýan galyndylary fiziki-himiki taýdan zyýansyzlandyrylýan sehde aşakdakylary göz öňünde tutmalydyr:

1) düzüminde sian saklaýan gaty galyndylary zyýansyzlandyrma boýunça ulgamlary öz içine alýan gurluşy:

a) galyndylary kabul etmegi we owratmagy;

b) suspenziýany taýýarlamagy we sianidleri sianatlara öwürmegi;

ç) suspenziýany süzmegi;

2) galwanik önümçiliginiň galyndylaryny zyýansyzlandyrma boýunça aşakdakylary öz içine alýan gurluşy:

a) galyndylary kabul etmek üçin sygymly parky;

b) kükürt kislotasynyň we demir kuporosynyň ergini bilen Сr+6 we Мn+7 dikeltme ulgamy;

ç) hek ergini bilen agyr metallaryň ionlaryny çökdürme ulgamy;

d) çökündini süzme ulgamy;

3) düzüminde myşýak saklaýan galyndylary zyýansyzlandyrýan, aşakdakylary öz içine alýan gurluşy:

a) galyndylary kabul etmek üçin sygymly parky;

b) üç walentli we üç hlorly myşýagyň birleşmelerini myşýak kislotasyna, natriniň arsenatyna we nitrooksifenil-aroson kislotasyna öwürýän ulgamy;

ç) kalsiýniň arsenaty görnüşinde hek ergini bilen düzüminde myşýak saklaýan birleşmeleri çökdürme ulgamy;

d) çökündini süzme ulgamy;

e) süzülen suwuklygy ugratma ulgamy.

81. Zaýalanan we belgilenmedik ballonlary zyýansyzlandyrýan gabarada (korpusda) aşakdakylary göz öňünde tutmalydyr:

1) ballonlary partlatmak üçin bronirlenen çukurlar;

2) bronirlenen çukurlary we aýrylýan gazlary ýuwup arassalamak we zyýansyzlandyrmak üçin ulgamy;

3) partlaýjy maddalary saklamak üçin ýerzemin.

82. Simaply we lýuminessent çyralary zyýansyzlandyrýan gabarada (korpusda) aşakdakylary göz öňünde tutmalydyr:

1) çyralary kabul edip almak üçin ammar jaýy;

2) lýuminessent we simaply çyralary zyýansyzlandyrmak üçin enjamy;

3) tehnologik gazlary simapdan arassalaýan ulgamy;

4) ýuwulýan suwlary simapdan arassalaýan ulgamy;

5) düzüminde simap saklaýan, gaýtadan işlenilmäge ugradylýan galyndyly konteýnerleri saklamak üçin ammar jaýy.

83. Esasy tehnologik korpuslaryň, kömekçi binalaryň we desgalaryň düzümi meýdança getirilýän galyndylaryň anyk sanawyna (nomenklaturasyna) baglylykda üýtgäp biler.


V bap. Zäherli galyndylary gömme


84. Zäherli galyndylar meýdançada gömülmäge degişlidir. Zäherli galyndylaryň gömülme usuly olaryň zäherliligine (howplulyk klasyna) we suwda ereýjiligine baglydyr. Düzüminde howplulygy boýunça I klasyna degişli, suwda ereýän maddalary saklaýan pasta görnüşli galyndylar gömülmäge metal konteýnerlerde getirilmelidir.

85. Howplulygy boýunça dürli klasyna degişli galyndylaryň gömülmegi meýdançada ýerleşýän aýrybaşga ýörite kartalarda amala aşyrylýar.

86. Kartalaryň ölçegleri we olaryň mukdary getirilýän galyndylaryň mukdaryna we meýdançanyň hasaplanan hereket ediş möhletine baglylykda kesgitlenilýär. Eger dürli atly galyndylar bilelikde gömlende has zäherli, partlama-ýangyn howply maddalary emele getirmeýän bolsa, şeýle hem şonda gaz emele gelmesi bolup geçmeýän ýagdaýynda, olary bir kartda gömmeklige rugsat berilýär. 

87. Galyndylary gömmek üçin kartalaryň ölçegleri reglamentirlenmeýär. Kartalaryň çuňlugy şu Kadalaryň on ýedinji böleginiň talaplaryny nazara almak bilen, ýer işleriniň deňagramlylyk şertine görä hasaplanylýar. Kartyň göwrümi 2 ýyldan köp bolmadyk wagtyň dowamynda gömülmäge getirilýän galyndylaryň kabul edilmegini üpjün etmelidir.

88. 10-5 sm/s-dan köp bolmadyk süzüjilik koeffisiýenti bilen häsiýetlendirilýän toprakda howplulygy boýunça IV klasyna degişli galyndylary gömmek üçin kartalar ýerleşdirilende süzüjilige garşy germewaçlaryň gurluşy boýunça hiç hili ýörite çäreler talap edilmeýär. Has syzdyrýan topraklarda 0,5 m-den az bolmadyk galyňlykdaky toýunyň dykyzlandyrylan gatlagy arkaly düýbüň we ýapgytlaryň izolýasiýasyny göz öňünde tutmak zerurdyr. Şunlukda toýun gatlagynyň süzüjilik koeffisiýenti 10-7 sm/s-dan köp bolmaly däldir.

89. 10-7 sm/s köp bolmadyk süzüjilik koeffisiýenti bilen häsiýetlendirilýän toprakda howplulygy boýunça II we III klaslaryna degişli, suwda eremeýän galyndylary gömmek üçin kartalar ýerleşdirilende süzüjilige garşy germewaçlaryň gurluşy boýunça hiç hili ýörite çäreler talap edilmeýär. Has syzdyrýan topraklarda 1m-den az bolmadyk gatlakda düýp we ýapgytlar boýunça süzüjilik koeffisiýenti 10-7 sm/s köp bolmadyk dykyzlandyrylan toýundan germewajy göz öňünde tutmak zerurdyr.

90. 10-8 sm/s-dan köp bolmadyk süzüjilik koeffisiýenti bilen häsiýetlendirilýän toprakda howplulygy boýunça I klasyna degişli, suwda eremeýän galyndylary we howplulygy boýunça II we III klaslaryna degişli, suwda ereýän galyndylary gömmek üçin kartalar ýerleşdirilende süzüjilige garşy germewaçlaryň gurluşy boýunça hiç hili ýörite çäreler talap edilmeýär. Has syzdyrýan topraklarda 1 m az bolmadyk gatlakda düýp we ýapgytlar boýunça süzüjilik koeffisiýenti 10-8 sm/s köp bolmadyk mynjyradylan toýundan germewajy göz öňünde tutmak zerurdyr.

91. Howplulygy boýunça dürli klaslaryna degişli zäherli galyndylaryň gömülýän topraklarynyň süzüjilik koeffisiýentleri süzüjilige garşy germewaçlaryň gurluşy boýunça ýörite çäreler bolmazdan şu Kadalaryň 1-nji tablisasynda getirilendir.

92. Şu Kadalaryň segsen sekizinji we togsanynjy böleklerinde görkezilen süzüjilik koeffisiýentli toýunlar ýa-da olaryň galyndylara durnuklylygy ýok bolan ýagdaýynda degişli tehniki-ykdysady esaslandyrma we galyndylaryň agressiw täsirine garşy olaryň uzak möhletlilik we çydamlylyk şerti bolanda kartalaryň süzüjilige garşy germewaçlarynyň beýleki gurnawlaryna rugsat berilýär. Galyndylaryň zäherlilik derejesine (howplulyk klasyna) we olaryň gurnawyna baglylykda germewaçlaryň görnüşleri şu Kadalaryň 2-nji goşundysynda getirilendir. 

93. Howplulygy boýunça IV klasyna degişli galyndylaryň aýryp dökülmesini her bir gatlagy gat-gat edip tekizlemek we dykyzlandyrmak bilen göz öňünde tutmalydyr. Kartyň merkezindäki galyndylaryň derejesini seňňer galdyrylýan bentleriň gerşinden ýokarda, perimetri boýunça bolsa – bentleriň gerişlerinden 0,5 m aşakda kabul etmelidir. Şunlukda, üstleriň ortasyndan perimetre çenli ýapgydy 10 göterimden köp bolmaly däldir. Galyndylar bilen doldurylan karty ýokarky gatlakda 0,2 m galyňlykda ösümlik gögerýän topragyň 10 göterimini goşmak bilen 0,5 m galyňlykdaky ýerli topragyň dykyzlandyrylan gatlagy arkaly izolirlemelidir (çetleşdirmelidir). 


1-nji tablisa

Galyndylaryň zäherlilik derejesi

(howplulyk klasy)    Topragyň süzüjilik koeffisiýenti, 

köp bolmadyk

    sm/s    m/gije-gündiz

1. Howplulygy boýunça I klasyna degişli eremeýän we II hem-de III klaslara degişli ereýän maddalar    10-8    0,0000086

(0,00001)

2. Howplulygy boýunça II hem-de III klaslara degişli eremeýän maddalar    10-7    0,000086

(0,0001)

3. Howplulygy boýunça IV klasy     10-5    0,0086

(0,01)


94. Howplulygy boýunça I, II we III klaslara degişli, suwda eremeýän galyndylaryň kartalara aýryp dökülmesini “özüňden” ýörelge boýunça bir saparda doly beýiklige çenli göz öňünde tutmak zerurdyr. Şunlukda, esas çukuryň taslama boýunça üste çenli gömlen meýdançasy 0,5 m az bolmadyk galyňlykdaky topragyň gorag gatlagy bilen bir saparda basyrylmalydyr we ol ýere mundan beýläk galyndylaryň daşalmagy amala aşyrylmalydyr. Awtoulagyň geçmesini topragyň gorag gatlagynda ýerleşdirilýän wagtlaýyn düşeme (düşek) boýunça göz öňünde tutmalydyr. Görkezilen galyndylaryň kartanyň merkezindäki iň ýokary derejesi germewleýji bendiň gerşinden azyndan 0,5 m aşakda bolmalydyr, kartanyň ýapgytlar bilen birleşýän ýerlerinde bolsa perimetri boýunça gerişden azyndan 2 m aşakda bolmalydyr.

95. Tozan görnüşli galyndylar gömlende bu galyndylar ulagdan düşürilen pursatynda we gömlende şemal bilen äkidilmezligini kepillendirýän çäreleriň göz öňünde tutulmagy zerurdyr. 

96. Howplulygy boýunça I, II we III klaslara degişli, suwda eremeýän galyndylar bilen doldurylan kartalary soňundan bu gatlagyň ýokarky gatlagyny işläp bejermek bilen, ýerli topragyň gatlagy arkaly izolirlemelidir (çetleşdirmelidir).

97. Izolirlenýän gatlagyň galyňlygy her bir anyk ýagdaýda tejribe-önümçilik synaglarynyň netijeleriniň esasynda hapalanýan maddalaryň häsiýetlerine baglylykda kabul edilýär, emma ilkibaşdaky gorag gatlagy öz içine alyp, 2 m-den az bolmaly däldir.

98. Gömlen ýeriň üsti  güberçek bolmalydyr. Kartyň ortarasynda gömlen ýeriň depesiniň beýikligi bentleriň gerişleriniň üstünde 1,5 m-den az bolmaly däldir, kontury boýunça bolsa – olar bilen sepleşmelidir. Şeýlelikde, bir wagtda sementi goşmak we garyşdyrmak hem-de tekiz katoklar (tekizleýji maşynlar) arkaly ony dykyzlandyrmak bilen, nebit ýa-da bitum esasynda 0,15 m-den az bolmadyk galyňlykda gömlen ýeriň ýokarky gatlagyny işläp bejermegi göz öňünde tutmalydyr. Nebitiň ýa-da bitumyň mukdaryny, şeýle hem aktiw goşundylaryň mukdaryny şu Kadalaryň 2-nji tablisasy boýunça kabul etmelidir. Izolirleýji gatlak (germewaç) kartyň konserwasiýasyndan soň gurulýan, çabga suwlaryny sowýan nowalary öz içine alyp, tutuş kontur boýunça kartalaryň gabaralarynyň çäklerinden azyndan 2 m çykmalydyr. Kartalaryň arasynda hemişelik geçelge bolmadyk ýagdaýynda, goňşy kartalaryň arasyndaky izolirleýji gatlak bitewi bolmalydyr.


2-nji tablisa

Topraklaryň görnüşi    Maýyşgaklyk sany    Nebitiň ýa-da bitumyň sarp edilmesi    Aktiw goşundylaryň mukdary

        aktiw goşundylarsyz    aktiw goşundyly    sementiň    aktiw hekiň (СаО)

Agyr tozanly çägesow topraklar    3-7    5-8

1,0-1,6    4-5

0,8-1,0    3-4

0,6-0,8    2-3

0,4-0,6

Toýunlar:                    

ýeňil we ýeňil tozanly    7-12    6-8

1,2-1,6    4-6

0,8-1,2    3-4

0,6-0,8    2-3

0,4-0,6

agyr we agyr tozanly    12-17    8-10

1,6-2,0    6-8

1,2-1,6    4-5

0,8-1,0    3-4

0,6-0,8


99. Materiallaryň sarp edilmesi sanawjyda işlenilýän topragyň agramyna bolan göterimde, maýdalawjyda -  kg/m2 berlen.

100. Howplulygy boýunça I klasyna degişli gaty we pasta görnüşli ýanmaýan, suwda ereýän galyndylary ýörite germetik metal konteýnerlerde gömmegi göz öňünde tutmalydyr. Konteýneriň diwarjygynyň galyňlygy 10 mm-den az bolmaly däldir. Konteýnerler galyndylar bilen doldurylmazyndan öň we doldurylandan soň germetikligine iki gezek gözegçilik edilmelidir. Konteýnerleriň ölçegleri reglamentirlenmeýär, doldurylan konteýneriň agramy 2 tonnadan köp bolmaly däldir.

101. Konteýneriň gurnawçylyk materialy galyndylara bolan gatnaşygy boýunça posa çydamly bolmalydyr, poslamagyň tizligi 0,1 mm/ýyl geçmeli däldir.

102. Galyndylar ýüklenen konteýnerleri daşyndan sement ergini bilen torkretirlenen we 20 mm az bolmadyk galyňlykda sürtüp aýrylan, suw syzdyrmazlygy boýunça W6 belgili, gysylandaky berkligi boýunça B15 kysymly agyr betondan 0,4 m az bolmadyk galyňlykda diwarjyklary bolan demirbeton bunkerlerde gömmelidir. Bunkerleri bölümlere bölmeklik göz öňünde tutulmalydyr. Her bir bölümiň göwrümi 2 ýyla çenli wagtyň dowamynda galyndyly konteýnerleriň kabul edilmegini üpjün etmelidir. 

103. Bunkerde bäşden az bolmadyk bölümler göz öňünde tutulmalydyr. Ondan başga-da, bunkeriň tutuş üstüniň toprak bilen galtaşýan gidroizolýasiýasyny göz öňünde tutmalydyr. Bunkeri ýerasty suwlarynyň basmagyna ýol berilmeýär. 

104. Bölümleri ýagyş suwlarynyň düşmeginden goramak üçin tutuş bunkeriň üstünde gapdalyny germewlemek bilen bassyrmany göz öňünde tutmalydyr.

105. Bunkerleriň bölümlerinde galyndyly konteýnerleri ýerleşdirmegiň iň ýokary derejesi bu bunkerleriň ýokarky erňeginden azyndan 2 m aşakda bolmalydyr. Bunkerleriň doldurylan bölümlerini demirbeton plitalar bilen beklemegi, soňundan dykyzlandyrylan topragyň gatlagy bilen 2 m galyňlykda gömmegi göz öňünde tutmalydyr, ondan soň suw syzdyrmaýan örtükleri göz öňünde tutmalydyr, ýagny olar ýanaşyk meýdanyň üstünden beýik bolmalydyr we her tarapyndan azyndan 2 m   bunkeriň gabaralaryndan daşary çykmalydyr.

106. Meýdança ulanyşa tabşyrlanda taýýar kartalaryň we bunkerleriň göwrümi we olaryň mundan beýläk dowam edilmeli işi 2 ýylyň dowamynda kartalarda, 5 ýylyň dowamynda bolsa – demirbeton bunkerlerde gömülmäge getirilýän galyndylaryň kabul edilişini üpjün etmelidir.

107. Meýdançalarda 300 tonna çenli mukdarda pestisidleri gömmäge rugsat berilýär. Pestisidleri gömmeklik olaryň beýleki galyndylar bilen bilelikde howplulygy boýunça klasyna baglylykda amala aşyrylmalydyr.


VI bap. Tehnologik ýagdaýlary (prosesleri) mehanizmleşdirmek


108. Kärhananyň zäherli önümçilik galyndylaryny zyýansyzlandyrma boýunça taslamasynda işleýän işgärleriň galyndylar bilen gatnaşygynyň öňüni almak we daşky gurşawy goramak üçin aşakdakylary göz öňünde tutmalydyr:

1) suwuk galyndylaryň garyjy gurluşlar bilen sygymly enjamlara kabul edilmegini;

2) sorujylar arkaly ýa-da turbageçirijiler boýunça inert gaz bilen sygymly enjamlardan gysyp çykarmak arkaly suwuk galyndylaryň gaýtadan işlenilmäge berilmegini;

3) pasta görnüşli ýanýan galyndylaryň, adatça, ýanýan gapda daşalmagyny;

4) köp agyzly greýferli köpri kran arkaly peji gaty galyndylar bilen doldurmagy, şunlukda kranyň maşinistinde galyndyly bunkerleriň we pejiň kabul edýän bunkeriniň görüş meýdany üpjün edilmelidir (görüş meýdany telewizion gurluşyň kömegi bilen hem üpjün edilip bilner);

5) gaty galyndylaryň berlişiniň üznüksizligini üpjün edýän dozalara bölüji gurluşlar, şeýle hem gapdaky pasta görnüşli galyndylary peje salmak üçin gurluş bilen pejiň enjamlaşdyrylmagyny.

109. Galyndylaryň gömülýän meýdançasynyň taslamasy düzülende kartalarda galyndylaryň düşürilmegini we bölüşdirilmegini iň ýokary derejede mehanizmleşdirme, olaryň konserwasiýasy göz öňünde tutulmalydyr.

110. Howplulygy boýunça I, II we III klaslara degişli galyndylaryň daşalmagyny, adatça, galyndylary kartalara belli bir aralykdan düşürmek üçin gerekli gurluşlar bilen enjamlaşdyrylan ýörite konteýnerlerde göz öňünde tutmalydyr. Gurluşyk wagtynda kartalardan ýagyş we erän gar suwlarynyň sorduryp çykarylmagyny amala aşyrmak üçin göçme motopompalary ýa-da sorujy nasoslary göz öňünde tutmalydyr.

111. Galyndylary gömme boýunça maşynlar we mehanizmler bilen bir hatarda doldurylan kartalaryň konserwasiýasynda täze kartalaryň we suw syzdyrmaýan örtükleriň gurluşy üçin maşynlary we mehanizmleri (ekskawatorlar, buldozerler, greýderler, katoklar, laý garyjy maşynlar, awtosamoswallar, bitum guýmak üçin maşynlar, diskli boronalar we ş.m.) göz öňünde tutmalydyr.


VII bap. Meýdançalaryň sanitariýa-gorag zolaklary we daşky gurşawyň 

ýagdaýyna gözegçilik


112. Bir ýyldaky kuwwatlylygy 100 müň tonna we ondan köp galyndylary  ýerleşdirýän zäherli önümçilik galyndylaryny zyýansyzlandyrma boýunça kärhananyň sanitariýa-gorag zolagynyň ölçeglerini - 1000 m, kuwwatlylygy 100 müň tonnadan az kärhananyň ölçeglerini - 500 m kabul etmelidir.

113. Kärhananyň sanitariýa-gorag zolagynyň ölçegleri gurluşygyň anyk şertlerinde howadaky zyýanly taşlandylaryň dumly-duşa ýaýramagyny hasaplap anyklanylmalydyr.

114. Awtoulaglaryň ýöriteleşdirilen parkynyň ulagjaýynyň (garaž) sanitariýa-gorag zolagynyň ölçegleri Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2009-njy ýylyň 19-njy iýunynda 489 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Senagat kärhanalaryny taslamaklygyň arassaçylyk kadalary” atly TGK 2.09.04-09 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak barada” Türkmenistanyň Gurluşyk ministriniň 2009-njy ýylyň 11-nji maýynda çykaran MB-94 belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Senagat kärhanalaryny taslamaklygyň arassaçylyk kadalary” atly TGK 2.09.04-09 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň talaplaryna laýyklykda kabul edilmelidir.  

115. Zäherli önümçilik galyndylarynyň gömülýän meýdançalarynyň sanitariýa-gorag zolagynyň ilatly ýerlere we açyk suw howdanlaryna çenli, şeýle hem medeni-dynç alyş maksady bilen ulanylýan desgalara (obýektlere) çenli ölçegleri anyk ýerli şertleri nazara alyp kesgitlenilýär, emma 3000 m az bolmaly däldir.

116. Zäherli önümçilik galyndylaryň gömülýän meýdançalaryny aşakda görkezilen metrden az bolmadyk ýagdaýynda ýerleşdirilmelidir:

1) 200 – oba hojalyk hajatlaryndan we awtomobil we demir ýollaryň umumy ulgamyndan;

2) 50 – rekreasion maksatlarda peýdalanmak üçin niýetlenilmedik tokaý nahallaryň oturdylan ýerleriň çäklerinden.  

117. Zäherli önümçilik galyndylarynyň gömülýän meýdançasynyň sanitariýa-gorag zolagynda bu galyndylary zyýansyzlandyrma boýunça kärhanany, ýörite enjamlaşdyrylan ulag serişdeleriniň ulagjaýyny (garažyny) we hapalanan ýagyş we zeýkeş suwlaryny bugardyjylary ýerleşdirmäge rugsat berilýär.

118. Galyndylaryň gömülýän meýdançasynyň çäginde we onuň sanitariýa-gorag zolagynda ýerasty suwlaryň derejesiniň ýokarydygyna, olaryň fiziki-himiki we bakteriologik düzümine gözegçiligi üpjün etmek üçin gözegçilik edilýän guýularyň gabsalaryny göz öňünde tutmak zerurdyr. Her bir gabsa iki sany guýudan az bolmaly däldir.

119. Toprak akymynyň 0,1 göterimden azrak ýapgydynda, gabsalar ähli dört sany ugurlar boýunça göz öňünde tutulmalydyr. 0,1 göterimden gowrak ýapgytda barlag guýulary akym boýunça ýokarlygyna ugry aýryp, üç sany ugurlar boýunça ýerleşdirmek bolar. Gömülýän meýdançanyň taraplarynyň uzynlygy 200 m köp bolmadyk ýagdaýynda, her bir tarapa bir barlag gabsany göz öňünde tutmalydyr. Meýdançanyň taraplarynyň uzynlygy uly bolanda gabsalary 100-150 m ýerleşdirmelidir.

120. Gözegçilik edilýän guýularyň arasyndaky aralyk gabsada 50-100 m çäklerde kabul edilmelidir. Gabsanyň bir guýusy gömülýän meýdançanyň çäginde, beýlekisi – sanitariýa-gorag zolagynda ýerleşmelidir. Anyk gidrogeologik şertleri nazara alyp, berlen aralyklary azaltmak bolar.

121. Guýular ýerasty suwlaryň derejesinden azyndan 5 m aşakda çuňlaşdyrylmalydyr.

122. Zäherli önümçilik galyndylarynyň gömülýän meýdançasyndan daşarda ýerleşýän hapalanan ýagyş we zeýkeş suwlaryny bugardyjylar üçin birmeňzeş gözegçiligi göz öňünde tutmalydyr.

123. Synag üçin alynýan ýerleri hem halkalaýyn kanaldan suwuň azalyp akýan ýerinde göz öňünde tutmalydyr.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 

2021-nji ýylyň 19-njy martynda 1456 bellige 

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.