Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň 2021-nji ýylyň 20-nji fewralynda çykaran 84-Ö belgili buýrugy

Mallary belgilemegiň tertibini tassyklamak barada


“Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 28-njy maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, buýurýaryn:

1. Mallary belgilemegiň tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň oba hojalyk önümçiligi boýunça orunbasary gözegçilik etmeli.

 

Ministr                                                                                              A.Altyýew


Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky

 gurşawy goramak ministriniň

2021-nji ýylyň 20-nji fewralynda

 çykaran 84-Ö belgili buýrugy bilen

tassyklandy


Mallary belgilemegiň tertibi

 

1. Şu Mallary belgilemegiň Tertibi (mundan beýläk-Tertip) “Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda“  Türkmenistanyň Kanunynyň 28-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we tohum mallaryň şol tohuma degişliligini takyk anyklamaga mümkinçilik berýän tatuirowka-belgileri, tagmany basmak, gulak belgini dakmak (birka), çipi berkitmek arkaly we başga usullar bilen tohum malyň, tohum mallarynyň sürileriniň meňzeşligini takyklamak maksady bilen belgilemek işini düzgünleşdirýär.

2. Şu Tertibiň talaplary Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň (mundan beýläk-Ygtyýarlandyrylan edara) Mallaryň we guşlaryň tohumçylyk döwlet gullugy (mundan beýläk - Gulluk) hem-de öz eýeçiliginde tohum mallary bolan Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslary tarapyndan ýerine ýetrilmäge degişlidir.

3. Tohum malyň, tohum mallaryň sürüleriniň meňzeşligini takyk anyklamaga mümkinçilik berýän çipleşdirmek usuly bilen, birkany berkitmek ýoly bilen, tatuirowka etmek we başga usullar bilen tohum malyň, tohum mallaryň sürüleriniň meňzeşligini takyklamak maksady bilen tohumçylyk hojalyklary tarapyndan belgileme amala aşyrylýar.

4. Şu aşakdaky tohum mallar hökmany belgilenilmäge degişlidir:

1) düýe mallar (tohum enelik düýeler, tohum höwür erkekler, olaryň ýaş köşekleri);

2) iri şahly mallar (tohum sygyrlar, tohum höwür öküzler, olaryň ýaş göleleri);

3) ownuk şahly mallar (tohum ene goýunlar, tohum ene geçiler, tohum höwür goçlar, tohum höwür tekeler, olaryň ýaş guzulary we owlaklary);

4) doňuzlar (tohum ene doňuz, tohum höwür doňuz, olaryň ýaş jojuklary);

5) atlar (baýtallar, höwür atlar, olaryň taýlary);

6) guşlar (tohum towuklar, horazlar, ördekler, gazlar, indýüklar, bedeneler, olaryň jüýjeleri);

7) towşanlar (ene towşanlar, höwür towşanlar, olaryň çebşekleri);

8) balyklar (enelik we atalyk tohum höwür balyklar, olaryň kijijek balyjaklary);

9) balarylar (ene balarylary, tohum balary paketleri).

5. Iri we ownuk  şahly mallaryň göleleri, guzulary, owlaklary şeýle hem köşekleri doglandan soňra 10 (on) iş gününiň dowamynda, jojuklar 1 (bir) aýlyk wagty,taýçanaklar 4 (dört) aýlyk wagty, jüýjeler ýumurtgadan çykansoň 7 (ýedi) günlük wagtyndan gijä galman belgilenilmäge degişlidir.

6. Mallary belgilemek işlerine şu talaplar bildirilýär:

1) belgi ýeňil we çalt ýerine ýetirilmelidir;

2) belgi uzak wagt saklanylmalydyr;

3) belgi uzak aralykdan aýdyň görünmelidir;

4) belgi malyň saglygyna we derisiniň bütewiligine şikes ýetirmeli däldir.

7. Mallary belgilemek Gullugyň jogapkär işgärleriniň gatnaşmagynda we seçgi etmeginde eýeçiliginiň görnüşine garamazdan eýeçiliginde tohum mallary bolan şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.   

8. Mallary belgilemek tohum mallaryň bedenine tatuirowka-belgilerini etmek, gyzgyn we sowuk tagma basmak, birka dakmak, çipi berkitmek ýa-da çipi deri örtüginiň içinden goýmak arkaly amala aşyrylýar.  Mundan başga-da, gulakdan alyk almak, reňk çalmak, mallaryň boýnuna kemer asmak we lakam dakmak usullary hem ulanylyp bilner.

9. Tagma basmagyň gyzgyn görnüşi–demirden ýasalan harp ýa-da şekil, san belgisi goýulan şu Tertibiň 1-nji suratynda görkezilen gurallaryň ulanylmagy bilen amala aşyrylýar. Gurallar otda gyzdyrylyp, malyň çep ýa-da sag budunyň üstine basylýar we malyň endamyndaky tüýleri ýanyp, onuň endamynyň ýüzünde şol demirden ýasalan guraldaky harplar, şekiller ýa-da san belgisi malyň deri örtüginiň ýüzinde emele gelýär. Gyzdyrylan tagma malyň endamyna basylan mahalynda 25-30 sekuntdan köp deri örtüginiň ýüzinde saklanmaly däldir, eger-de tagma doly gyzdyrylmasa onda şekil doly we dogry düşmeýär.

Emele gelen şekiliň ýüzi degişli weterinar derman serişdeleri bilen zyýansyzlandyrylýar.

10. Gyzgyn tagma basmak usuly iri we ownuk şahly mallaryň şahlaryna san ýazylan tagma basmak görnüşinde hem ulanylýar, bu usul malyň ýüzüne seredeniňde görüner ýaly edilip, şahynyň öň tarapyna basylýar.

11. Tagmanyň gyzgyn görnüşi esasan hem iri we ownuk şahly mallarda, düýelerde giňden ulanylýar, tagmadaky harplar, şekiller ýa-da san belgileri adatça maldarçylyk hojalygynyň ýerleşýän ýerine ýa-da mal eýesiniň islegine görä birnäçe harp, birnäçe san ya-da şekil görnüşinde dürli-dürli bolup biler.

12. Şu usulyň aşakda görkezilen kemçilikleri bardyr:

1) gyzgyn tagma talap edilýän wagtdan artyk malyň bedeniniň ýüzünde saklanylmagy bilen bagly malyň ýaralanmagy;

2) köp ýyl geçmezden belginiň takyklygynyň peselmegi;

3) tagma basylan ýerinde täze tüýleriň ösmegi.

 Şulara garamazdan, gyzgyn tagma basmak usuly onuň ykjamlygy we mal üçin agyrsyzlygy sebäpli, tejribede giňden ulanylýar.

13. Tagma basmagyň sowuk görnüşi – demirden ýasalan san, harp we şekil belgisi goýulan şu Tertibe 1-nji suratda görkezilen gurallaryň ulanylmagy bilen amala aşyrylýar. Gurallar sowuk, ýagny 196 gradus bolan suwuklandrylan azoda batyrylyp (suwuk azodyň demir demire täsiri bes edýänçä 2-3 minut azot saklanýan dýuara gabyna salmaly, uglerodyň ikiokis ýa-da spirtiň erginine 5-10 minuda salmak bilen) malyň derisiniň gerek meýdançasyna degrilip şu Tertibiň 2-nji suratynda görkezilişi ýaly goýulýar. Sowuk azot malyň endamyndaky tüýleriň düzümine täsir etmek bilen, köp bolmadyk wagtyň geçmegi bilen şol ýerde ak gytyk tüýleriň hemişelik çykyp tagmanyň şekillerini emele getirýär. Bu usul diňe reňkli mallarda ulanylýar.

14. Tagma enjamy ýeterlik derejede sowadylmadyk ýagdaýynda tagma bildirilýän netije alynmaýar. Sowuk tagmalamagyň wagty – 5 aýa çenli göleler üçin 25-30 sekunt, uly ýaşly atlar we 6 aýdan uly bolan göleler üçin 40-50 sekunt, 1,5 ýaşdan uly bolan iri şahly mallar üçin 50-60 sekunt.

15. Şu usulyň aşakda görkezilen artykmaçlygy bardyr :

1) uzak wagtyň dowamynda saklanylmagy;

2) belginiň uzak aralykdan görünýändigi;

3) malyň derisiniň zaýalanmaýandygy.

15.Tatuirowka – usuly bilen mallary belgilemek üçin şu Tertibiň 3-4-nji suratlarynda görkezilen 0-dan 9 çenli san we/ýa-da latyn harplaryň toplumlaryndan, ýörite reňkden (mastika ýa-da tuş)  we atagzlardan ybarat gurallar ulanylýar.

Tatuirowka belgisi gulagyň içki tarapynyň ýokary gyrasyna parallel bolan gözegçilik etmek üçin has oňaýly böleginde şu Tertibiň 4-nji suratynda görkezilen ýaly goýulýar.

16. Tatuirowkadan öň gulak gowy arassalanylýar, ýuwulýar we zyýansyzlandyrylýar. Şu usul bedeniniň reňki ak mallarda köplenç doňuzlarda ulanylýar. Ol iňňelerden düzülen sanlardan we/ýa-da latyn harplardan ybarat atagza berkidilen ýörite tatuirowka edýän enjamyň kömegi bilen malyň gulagyny deşmezden öň, kagyzy deşmek bilen, düzülen belginiň dogrulygyny barlaýarlar. Gulagyň içki üsti deşilenden soň, kiçi ýaralar ýüze çykýar olara gara ýa-da reňkli ýörite reňk (mastika ýa-da tuş) çalynýar. Ýörite reňkleriň reňki malyň derisiniň reňkine görä ulanylýar we basylmaly belgi malyň eýesiniň islegine görä saýlanylýar.

17. Şu usulyň aşakda görkezilen kemçilikleri bardyr:

1) belgileri goýmagyň degişli zähmet talap edijiligi;

2) belgini okamagyň agyrlygy;

3) belginiň takyklygynyň peselme mümkinçiligi bu hem, olaryň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi we zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, täzelemegi talap edýär.

Ýokarda bellenenlere garamazdan, tatuirowka usuly onuň ykjamlygy we mallar üçin agyrsyzlygy üçin tejribede giňden ulanylýar.

18. Çipi birikdirmek arkaly belgilemek usuly şu Tertibiň 5-nji we 6-njy suratlarynda görkezilen skanerleýji gurluş (skaner), mikroshema görnüşinde ýerine ýetirilen we düzüminde kabul ediji, geçiriji we kody ýatda saklamak üçin ýat blogy bolan mikroçip, köp şahaly anten bilen aýnaly ýa-da keramika örtüginde ýerleşdrilen mallaryň bedenine kapsula görnüşinde goýmagy, boýnundan asylýan kemere we aýagynyň goşaryna dakylmagy, gulaga dakylýan halka bilen dakylmagy arkaly ýerine ýetrilýär.

19. Mikroçip we/ýa-da kapsulasynyň ölçegleri adatça uly bolmaýar.

Olar mallaryň her biriniň boýun bölegine, bedeniniň deri örtüginiň içine ýöriteleşdrilen şpris arkaly goýulýar we her bir malyň hereketi baradaky maglumatlary ýeterlik aralyga ýerleşdirilen skanerleýji gurluş (skaner) elektromagnit yşaratyň kömegi bilen induksiýa tigirini işjeňleşdirýär, tigir hem öz gezeginde skanere sanly kody geçirýär. Kod skaneriň displeýinde görkezilýär we skaneriň görnüşine baglylykda, skaneriň ýadyna girizilýär we soňra serwere geçirilip bilinýär ýa-da skaneriň displeýinden elden maglumatlar binýadyna girizilýär. Çipde jemlenen maglumatlar ýörite tolkunlaryň kömegi bilen çipdäki kompýuterine (enjamyna) geçirilýär.

20. Mallar çip berkitmek arkaly belgilenen bolsa, olaryň esasy girip çykýan ýatagynyň gapysyna, derwezesine sekilli skaner enjamy gurnamak bilen abzallaşdyrylyp, ýörite programma arkaly malyň eýesi üçin döredilen maglumat merkezine mallaryň hereketi, ösüşi, gündelik süýt berijiligini, saglygy barada maglumatlary toplamak degişli bolup durýar. Öndüriji tarapyndan işlenip düzülen mikro çipiň skanerinden  uzaldylýan antenna ornaşdyrmak arkaly kompýuter bazasyna jemlenen maglumatlary uzak aralyga jemlemekde hem ýeňillikler döreýär.

21. Şu usulyň aşakda görkezilen artykmaçlygy bardyr:

1) usulyň agyrsyzlygy;

2) uzak möhletliligi we ykjamlylygy;

3) meňzeşligini takyklamak üçin wagtyň az harçlanylmagy;

4) şeýle hem ýalňyşsyz bolmagy.

Bu usulyň ýokary bahasyndan başga kemçilikleri ýokdur.

21. Birka dakmak usulynda mallaryň tertip belgisini aňladýan plastmassadan ýa-da demirden ýasalan malyň gulagyna dakylýan halka ulanylýar. Gulaga dakylýan halkalar dürli şekilli - üç burçly, dört burçly, tegelek bolup bilerler. Halkalaryň dürli reňkde bolmagy tohum mallaryň önümlilik derejesini, ýagny elita, I klas, II klas derejelerine bölmegini aňladýar.

22. Halka dakylmazdan öň malyň gulagyna her dürli wiruslar, mikroblar düşmezlik, ýara bolmazlyk üçin malyň gulagy göwnejaý arassalanýar, soňundan bolsa gulagynyň düýbine ýakyn ortasyndan şu Tertibiň 7-nji suratynda görkezilen ýörite atagzynyň (şpsiniň) kömegi bilen tegelek deşik edilýär we spirtli ýod bilen deşilen ýeri arassalanýar hem-de halka dakylýar.  

23. Şeýle hem mallaryň baş sanyny hasaplamak üçin belgilemegiň gulakdan alyk almak usuly ulanylýar. Şu usulyň ulanylmagy bilen mallary belgilemek üçin ýörite gaýçynyň kömegi bilen täze doglan ýaş mallaryň gulagynyň kitirdewüginden bir bölek gyrkylyp almak arkaly amala aşyrylýar we ol hem ulanylýar.

24. Alnan her bölegiň ýerleşişine görä mallaryň baş sany hem şu Tertibiň 8-nji suratynda a) görkezilişi ýaly şeýle hasaplanylýar, ýagny:

1) gulagynyň ýokary gyrasynda sagy-1 çepi-10;

2) aşaky gyrasynda sagy-3 çepi-30;

3) sagy ujunda 100 çepi-200;

4) tegelek deşik gulaklarynyň ortasynda bolanda sagy-400 çepi-800;

5) tegelek deşik gulaklarynyň ujuna ýakyn bolanda sagy-1000 çepi-2000.

Malyň iki gulagyndaky sanlaryň jemi, onuň tertip belgisini aňladýar.

25. Mallary belgilemek üçin reňk çalmak, lakam dakmak, kemer asmak we beýleki usullar ulanylýar.

Reňk çalmak usuly gysga wagtlaýyn belgilere degişlidir. Ol esasan hem dürli kesellere garşy weterinar çäreleri hem-de käbir ýagdaýda tükelleme sanawy geçirilende islendik ýerine reňk çalmak arkaly ulanylýar.

Belgilemegiň kemerleri asmak usuly bolsa, mallaryň boýnunda san ýazylan reňkli kemeri asmak gysga wagtlaýyn bolup, olar malyň fiziologiki ýagdaýyny (bogaz, gysyr, höwürden çykanlygy ýa-da çykmanlygy) aňlatmak üçin peýdalanylýar.  

Lakam dakmak usuly ulanylanda käbir düzgünleriň berjaý edilmegi talap edilýär ýagny, mallara adamyň, milletiň, şäheriň, paýtagtyň, ýurdyň we harby çinleriň ady dakylmaýar.

26. Towşanlary belgilemek olaryň bedenine reňk çalmak, boýnuna halka dakmak ýaly usullary ulanmak arkaly amala aşyrylýar.

27. Guşlaryň belgilenilmegi şu Tertibiň 9-njy suratynda görkezilişi ýaly olaryň aýaklaryna, ganatlaryna metaldan ýa-da plastamassadan sanlar bilen belgilenen halkalary geýdirmek, olaryň ganatyna ýa-da aýagyna ýumşak metallardan ýasalan, san (sanlar) bilen belgilenen halkalary, ganatynyň ýa-da aýagynyň daşyna dakmak bilen amala aşyrylýar. 

28. Balyklary belgilemek toparlaýyn we ýekebara belgilemek arkaly amala aşyrylýar.

29. Balyklary toparlaýyn belgilemek balyklary jynsy, ýaşy we gelip çykyşy boýunça bölmek üçin ulanylýar. Balyklary ýekebara belgilemek bolsa, köpeldiji- balyklary pasportlaşdyrmak, olaryň nesil berişini kesgitlemek üçin amala aşyrylýar.

30. Balyklary belgilemek olaryň ýüzgüçlerini kesmek, reňk çalmak, çipleri goýmak arkaly amala aşyrylýar.

Balyklaryň ýüzgüçlerini kesmek iň aňsat usullaryň biri bolup, olaryň ýüzgüçleriniň 2/3 bölegi kesilip aýrylýar. Ýüzgüç kesilende göni bolup durmalydyr, ol birnäçe ýylyň dowamynda saklanmalydyr. Balyklaryň arka tarapyndaky ýüzgüçleri kesilýär, çünki balyklaryň garyn tarapdaky ýüzgüçleri kesilende, esasan hem ýaş balyklarda, olaryň ösüşine, ýüzmegine päsgelçilik döredilýär.

Balyklary belgilemegiň reňk çalmak görnüşi bolsa, bir ýaşdan uly bolan, agramy on kilogramdan artyk bolan we teňňeleriniň ululygy 1 (bir) sm uly bolan balyklarda ulanylýar.

 Çiplemek balyklaryň bedenine elektron çip ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylýar.

31. Balarylary belgilemek olaryň bedenine san belgisini ýazmak ýa-da reňkli falga ýelmemek arkaly amala aşyrylýar.

Reňkli falga ýelmemek usulyny ulanmak üçin BF-2 kleýe batyrylan reňkli falga balarynyň kükregine ýelmenýär.

Ene balaryny belgilemek onuň ganatyny kesmek arkaly hem amala aşyrylýar. Ene balarynyň döreýşine görä täk ýylda sag, jübüt ýylda çep ganatyny kesmek usuly ulanylýar. Şeýle hem, balarylary belgilemek olaryň ganatyna ýa-da arkasyna açyk reňkli ýörite reňkleri çalmak arkaly hem amala aşyrylýar.

32. Mallary belgilemek bilen baglanyşykly çykdajylar tohum mallaryň eýeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Tohum mallaryň döwlet kitabyna ýa-da döwlet tohumçylyk sanawyna hasaba almak üçin belgilemek işleri geçirilende Gullugyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda bonitrowka we seçgi işleri geçirilip, mal eýeleriniň gatnaşmagynda delilnamalar düzilmegi hökmanydyr.

33. Şu Tertip bilen düzgünleşdirilmedik beýleki gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 19-njy martynda 1455 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.