Köp soralýan soraglar
+993 (12) 39-19-21

Ýokary derejeli hukukçylary hödürlemek

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we ylmy ösdürmek barada aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran karary bilen tassyklanan Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň “Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasynyň çäklerinde, 2021-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde ýaş hukukçylaryň arasynda onlaýn görnüşinde halkara bäsleşigi geçirildi.
Bu halkara bäsleşigine Türkmenistandan, ýurdumyzyň goňşy döwletlerinden köp sanly ýaş hukukçy hünärmenler gatnaşdylar. Munuň özi ýaşlaryň ylmy seljermelere höwesiniň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.
Halkara bäsleşiginiň barşynda oňa gatnaşyjylar -
- halkara energetika taslamalarynda halkara hukuk kadalarynyň ulanylyş aýratynlyklary;
- halkara ekologiýa hukugynyň wajyp meseleleri we döwrebap hukuk çözgütleri;
- halkara ulag üstaşyr geçelgeleriniň halkara hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi;
- halkara arbitraž kazyýetlerinde döwletiň bähbitlerini goramagyň häzirki zaman tejribesi we gelejegi atly ugurlar boýunça wideoaragatnaşyk arkaly öz işlerini esaslandyryp çykyş etdiler.
Bäsleşigiň emin agzalary hödürlenen ylmy işleriň wajyplygy, ylmy taýdan täzeçilligi, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ähmiýeti bilen bagly ýeňijileri kesgitlediler.
Ýeňijiler bolan Aşgabat şäheriniň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi Jeýhun Atamuradow, «Hukukçy» Hojalyk Jemgyýetiniň hünärmeni Myrat Öwezow, Özbegistan Respublikasyndan Asal Juraýewa, Türkmenistanyň Adalat ministrliginden Süleýman Kömekow, Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi Ýakup Aşyrow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Konstitusiýa hukugy kafedrasyndan Jennet Nowruzowa baýraklar bilen sylaglanyldy hem-de olara Şahadatnamalar gowşuryldy.

Onlaýn hyzmatlar

01
Türkmenistanyň Adalat ministrligine onlaýn ýüzlenme
02
Internet arkaly töleg edilýän onlaýn hyzmaty
03
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugy tarapyndan onlaýn hyzmatlary
04
Döwlet notarial edarasynyň nobat mobil programmasy
05
"Adalat" elektron maglumatlar toplumy programmasy
06
Resminamanyň hakykylygyny barlamak