Türkmenistanyň Prezidentiniň,

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň

Belent Serkerdebaşysynyň

2016-njy ýylyň 04-nji oktýabrynda

çykaran 14970-nji karary bilen

tassyklandy


Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwi hakynda

DÜZGÜNNAMA


(Türkmenistanyň Prezidentiniň 01.07.2018 ý. çykaran № 835 we 30.04.2021 ý. çykaran

№ 2242 kararlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)


1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwi (mundan beýläk - RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi) raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny döwlet tarapyndan hasaba almagy, toplamagy, hemişelik saklamagy, peýdalanmagy we elektron binýadyny döretmegi, şeýle hem raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň edaralarynyň (mundan beýläk - RÝNÝ-niň edaralarynyň) arhiwleriniň dogry ýöredilmegine gözegçiligi amala aşyrýan döwlet edarasydyr.

2. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi özüne berlen ygtyýarlyklaryň çäklerinde RÝNÝ-niň edaralaryndan gelip gowuşýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary bilen işlemek boýunça guramaçylyk-usulyýet we utgaşdyryjy merkez bolup durýar.

3. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň Maşgala kodeksini, «Türkmenistanyň adalat edaralary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerini we kadalaryny, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny, şeýle hem şu Düzgünnamany goldanýar.

4. Türkmenistanyň Adalat ministrligi RÝNÝ-niň Merkezi arhiwine guramaçylyk taýdan ýolbaşçylyk edýär we onuň maddy- enjamlaýyn üpjünçiligini amala aşyrýar.

5. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň esasy wezipeleri:

gelip gowuşýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň ikinji nusgalaryny döwlet tarapyndan hasaba almagy, toplamagy, hemişelik saklamagy, peýdalanmagy, olaryň elektron binýadyny döretmegi we ýöretmegi üpjün etmek;

Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň bir bitewi döwlet sanawyny (mundan beýläk - Bir bitewi döwlet sanawy) alyp barmak we onuň hereket etmegini amala aşyrmak;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň talabalaýyk saklanylyşyna, şeýle hem RÝNÝ-niň bölümleriniň arhiwleriniň dogry ýöredilişine gözegçilik etmek;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny tertipleşdirmek, olaryň ýitirilen, ýetmeýän, zeper ýeten nusgalaryny wagtynda dikeltmegi guramak;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyna degişli tertibe üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler girizmek;

kagyz we elektron göterijilerde raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň hasabyny ýöretmek, bir ülňä getirmek, ýazgylary degişli tertipde raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alnyşynyň kitaplaryna (mundan beýläk – nama kitaplary) toplamak, saklamak we peýdalanmak;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary toplanan we peýdalanylan mahaly olary abat saklamagy hem-de olaryň döwlet tarapyndan hasabynyň ýöredilmegini üpjün etmekde RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň we RÝNÝ-niň edaralarynyň işini kämilleşdirmek;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini üpjün etmek üçin peýdalanmak;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky maglumatlary bellenen tertipde ýuridik we fiziki şahslara bermek;

raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet tarapyndan bellige almak meseleleri bilen bagly Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak;

Türkmenistanyň maşgala kanunçylygyny wagyz etmek;

öz üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda beýleki işleri amala aşyrmak bolup durýar.

6. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi öz üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda şu işleri amala aşyrýar:

RÝNÝ-niň edaralaryndan gelip gowuşýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny döwlet tarapyndan hasaba alýar, toplaýar, hemişelik saklaýar, peýdalanýar we olaryň elektron binýadyny döredýär hem-de ýöredýär;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň abat saklanylmagyny üpjün edýär;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny kitap görnüşinde toplamagy, hemişelik saklamagy we peýdalanmagy üpjün edýär;

RÝNÝ-niň Merkezi arhiwinde, şeýle hem RÝNÝ-niň bölümleriniň arhiwlerinde raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň kitaplarynyň ýagdaýyna we olaryň talabalaýyk saklanylmagyna gözegçilik edýär;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň ýitirilen, ýetmeýän, zeper ýeten nusgalaryny dikeldýär;

gelip gowuşýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň elipbiý kitaplaryny düzýär we ýöredýär;

Bir bitewi döwlet sanawyny alyp barýar we onuň hereket etmegini amala aşyrýar;

RÝNÝ-niň Merkezi arhiwinde saklanylýan her bir nama kitaby barada maglumaty Nama kitaplarynyň sanawyna girizýär we ony kagyz we elektron göterijide yzygiderli ýöredýär;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryna RÝNÝ-niň edaralarynyň habarnamalary esasynda üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler girizýär, şeýle hem kazyýetiň çözgüdi esasynda raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny ýatyrýar;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynagirizilýänüýtgetmeleriň we goşmaçalaryň dogrudygyna gözegçilik edýär;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň elektron binýadynda saklanýan maglumatlary kämilleşdirýär we degişli tertipde peýdalanýar;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň esasynda raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda gaýtadan şahadatnamalary, güwänamalary berýär;

gaýtadan berlen şahadatnamalar üçin tölenen döwlet pajy we hyzmatlaryň edilendigi üçin alnan tölegler barada hasabat ýöredýär;

Türkmenistanyň Adalat ministrliginden raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalarynyň blanklaryny alýar, hasabyny ýöredýär, saklaýar we dogry peýdalanmagy üpjün edýär;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky zaýalanan we beýleki sebäpler bilen bagly ýok edilmäge degişli şahadatnamalary bellenen tertipde ýok edýär;

ýok edilmäge degişli şahadatnamalary RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi tarapyndan döredilýän topar tarapyndan delilnama boýunça ýylda azyndan bir gezek ýakmak arkaly ýa-da tehniki serişdereleri peýdalanmak arkaly geçirilýär;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň nusgalaryny (göçürmelerini) kazyýet (kazy), prokuratura, milli howpsuzlyk, içeri işler, adalat, RÝNÝ, migrasiýa edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, Adalatçynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda beýleki döwlet edaralarynyň (wezipeli adamlaryň) ýüztutmalary boýunça berýär;

halkara şertnamalaryna laýyklykda iberilen resminamalar esasynda raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň ikinji nusgalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler girizýär hem-de bu barada degişli RÝNÝ-niň edaralaryna nama ýazgylarynyň birinji nusgalaryna degişli üýtgetmeleri, goşmaçalary we (ýa-da) düzedişleri girizmek baradaky habarnamalary ugradýar;

halkara şertnamalaryna laýyklykda iberilen towakganamalaryň esasynda hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi ýüztutmalary boýunça jogaplary iberýär;

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň iberen habarnamasy esasynda raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryna üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler girizýär we degişli habarnamany raýat ýagdaýynyň namalarynyň ilkinji ýazgysynyň saklanýan RÝNÝ-niň edarasyna, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna bolsa - ýüz tutan adama gowşurmak üçin raýat ýagdaýynyň namasynyň täze şahadatnamasyny iberýär;

Türkmenistanyň raýatlaryna, daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara bellenen tertipde tölegli hyzmatlary edýär;

işgärleri üçin okuw-usulyýet çärelerini guraýar;

ýüz tutýanlaryň tekliplerine, arzalaryna we şikaýatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz wagtynda we dogry garalmagyny guraýar hem-de olar boýunça zerur çäreleri görýär;

RÝNÝ-niň Merkezi arhiwinde we RÝNÝ-niň edaralarynda arhiw işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar;

öz üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda beýleki işleri amala aşyrýar.

7. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň şulara hukugy bardyr:

kitaplaryň ýetmeýän ýa-da zeper ýeten nusgalaryny RÝNÝ-niň bölümleriniň arhiwlerinden almaga ýa-da alnan şonuň ýaly kitaplar bilen çalşyrmaga;

RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň we RÝNÝ-niň edaralarynyň arhiw işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamaga;

öz işini amala aşyrmak üçin zerur maglumatlary ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan, gaýry ýuridik we fiziki şahslardan bellenen tertipde almaga;

ýuridik we fiziki şahslara bellenen tertipde degişli maglumatlary bermäge.

8. Nama ýazgylarynyň ikinji nusgalaryndan ýygnalan, tikilen, belgilenen we möhür bilen berkidilen nama kitaplary RÝNÝ-niň Merkezi arhiwinde hemişelik saklanylýar. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwinde ýetmeýän ýa-da düzedip bolmajak ýagdaýda zeper ýetirilen nama ýazgylarynyň ikinji nusgalarynyň üsti RÝNÝ-niň edaralarynyň arhiwinde saklanýan nama kitaplarynyň birinji nusgasyndan (109 ýyl geçip, nama kitaplary we metriki kitaplar döwlet arhiwine tabşyrylan bolsa, döwlet arhiwinde saklanýan nusgasyndan) göçürme ýa-da nusga alnyp doldurylýar.

9. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwine saklamak üçin berlen halatynda, RÝNÝ-niň Merkezi arhiwine şahadatnamalary gaýtadan bermek meselesi boýunça raýatlar ýüz tutan mahalynda RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi tarapyndan Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwinden degişli raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň degişli nusgalary soralyp alynýar, alnan nusganyň esasynda şahadatnamalar ýazylýar we ýüz tutan şahslara berilýär.

Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwinde saklanýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryna üýtgetmeleriň, goşmaçalaryň we (ýa-da) düzedişleriň girizilmegi RÝNÝ-niň Merkezi arhiwindeTürkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenen tertipde amala aşyrylýar.

10. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwine Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan müdir ýolbaşçylyk edýär.

11. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň müdiri:

RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň işine ýolbaşçylyk edýär, onuň işini guraýar, öz üstüne ýüklenen wezipeleriň we işleriň ýerine ýetirilmegi üçin şahsy jogapkärçilik çekýär;

raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň talabalaýyk saklanylyşyny üpjün edýär;

arhiw işini öwrenmek we umumylaşdyrmak esasynda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň garamagyna berýär, şeýle hem RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň işiniň beýleki meseleleri boýunça teklipleri taýýarlaýar;

zähmetiň guralyşyny kämilleşdirmek, ilata hyzmat edilişiniň derejesini, şol sanda awtomatlaşdyrylan ulgamy öz işine ornaşdyrmak arkaly ýokarlandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrýar;

raýatlary kabul edýär, arzalara, şikaýatlara we tekliplere garaýar, olar boýunça zerur çäreleri görýär;

maliýe-wezipe düzgün-nyzamynyň berjaý edilmegini, pul serişdeleriniň hem-de maddy gymmatlyklaryň abat saklanylmagyny üpjün edýär;

Türkmenistanyň Adalat ministri bilen ylalaşyp, hünärmenleri wezipä belleýär we wezipeden boşadýar;

RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň işgärlerini seçip almak, taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça iş geçirýär;

tehniki işgärleri işe kabul edýär we işden boşadýar.

RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi tarapyndan gaýtadan raýat ýagdaýynyň namasynyň şahadatnamasy berlen ýagdaýynda görkezilen şahadatnama RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň ýolbaşçysy, onuň ýok wagtynda onuň wezipesini ýerine ýetirýän adam tarapyndan gol çekilýär we RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň möhüri bilen berkidilýär.

12. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň buhgalterlik hasaba alnyşy we hasabatlylygy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde alnyp barylýar.

13. Türkmenistanyň Adalat ministrligi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen yalaşyp, RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi tarapyndan edilýän hyzmatlar üçin nyrhlary tassyklaýar we olary almagyň tertibini belleýär.

Tölegler RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň býujetden daşary hasaplaşyk hasabyna geçirilýär we RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň zerurlyklaryna gönükdirilýär.

14. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň işgär sany hem-de wezipe sanawy Türkmenistanyň Adalat ministrligi hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bellenen tertipde ylalaşylyp, RÝNÝ-niň Merkezi arhiwiniň müdiri tarapyndan tassyklanylýar.

15. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

16. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi ýuridik şahs bolup, onuň bank hasaplary, Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen we öz ady ýazylan möhüri, blanklary we möhürçeleribar.

17. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwini üýtgedip guramak we ýatyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.


RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi öz üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda şu işleri amala aşyrýar:

  1. RÝNÝ-niň edaralaryndan gelip gowuşýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny döwlet tarapyndan hasaba alýar, toplaýar, hemişelik saklaýar, peýdalanýar we olaryň elektron binýadyny döredýär hem-de ýöredýär;
  2. raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň abat saklanylmagyny üpjün edýär;
  3. raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny kitap görnüşinde toplamagy, hemişelik saklamagy we peýdalanmagy üpjün edýär;
  4. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwinde, şeýle hem RÝNÝ-niň bölümleriniň arhiwlerinde raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň kitaplarynyň ýagdaýyna we olaryň talabalaýyk saklanylmagyna gözegçilik edýär;
  5. raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň ýitirilen, ýetmeýän, zeper ýeten nusgalaryny dikeldýär;
  6. gelip gowuşýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň elipbiý kitaplaryny düzýär we ýöredýär;
  7. raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryna RÝNÝ-niň edaralarynyň habarnamalary esasynda üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler girizýär, şeýle hem kazyýetiň çözgüdi esasynda raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny ýatyrýar;
  8. raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryna girizilýän üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň dogrudygyna gözegçilik edýär;
  9. raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň electron binýadynda saklanýan maglumatlary kämilleşdirýär we degişli tertipde peýdalanýar;
  10. raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň esasynda raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda gaýtadan şahadatnamalary, güwänamalary berýär;
  11. gaýtadan berlen şahadatnamalar üçin tölenen döwlet pajy we hyzmatlaryň edilendigi üçin alnan tölegler barada hasabat ýöredýär;
  12. Türkmenistanyň Adalat ministrliginden raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalarynyň blanklaryny alýar, hasabyny ýöredýär, saklaýar we dogry peýdalanmagy üpjün edýär;
  13. raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky zaýalanan we beýleki sebäpler bilen bagly ýok edilmäge degişli şahadatnamalary bellenen tertipde ýok edýär;
  14. ýok edilmäge degişli şahadatnamalary RÝNÝ-niň Merkezi arhiwi tarapyndan döredilýän topar tarapyndan delilnama boýunça ýylda azyndan bir gezek ýakmak arkaly ýa-da tehniki serişdereleri peýdalanmak arkaly geçirilýär;
  15. RÝNÝ-niň edaralarynyň, prokuratura, içeri işler, milli howpsuzlyk, kazyýet, adalat edaralarynyň, häkimlikleriň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi ýüztutmalary boýunça raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryndan göçürmeleri ýa-da nusgalary berýär;
  16. halkara şertnamalaryna laýyklykda iberilen resminamalar esasynda raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň ikinji nusgalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler girizýär hem-de bu barada degişli RÝNÝ-niň edaralaryna nama ýazgylarynyň birinji nusgalaryna degişli üýtgetmeleri, goşmaçalary we (ýa-da) düzedişleri girizmek baradaky habarnamalary ugradýar;
  17. halkara şertnamalaryna laýyklykda iberilen towakganamalaryň esasynda hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi ýüztutmalary boýunça jogaplary iberýär;
  18. Türkmenistanyň raýatlaryna, daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara bellenen tertipde tölegli hyzmatlary edýär;
  19. işgärleri üçin okuw-usulyýet çärelerini guraýar;
  20. ýüz tutýanlaryň tekliplerine, arzalaryna we şikaýatlaryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz wagtynda we dogry garalmagyny guraýar hem-de olar boýunça zerur çäreleri görýär;
  21. RÝNÝ-niň Merkezi arhiwinde we RÝNÝ-niň edaralarynda arhiw işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar;
  22. öz üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda beýleki işleri amala aşyrýar.

Raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet tarapyndan

bellige alnandygy hakynda gaýtadan şahadatnamalaryň

we beýleki resminamalaryň berilmegi

 

Şahadatnamalar ýitirilen, zaýalanan, ýazgylary okap bolmaýan, goýlan möhüri görülmeýän we ş.m. halatlarynda gaýtadan berilýär.

Zaýalanan, ýazgylary okap bolmaýan, goýlan möhüri görülmeýän we ş.m. halatlarynda gaýtadan şahadatnamalar berlende, öňki berlen şahadatnamalar RÝNÝ bölümine ýa-da RÝNÝ Merkezi arhiwine tabşyrylýar.

Raýat ýagdaýynyň namalaryny bellige almak hakynda gaýtadan berilýän şahadatnamalar we beýleki resminamalar raýatlaryň arzalary boýunça nama kitaplaryndaky ýazgylaryň esasynda RÝNÝ bölümi, RÝNÝ Merkezi arhiwi tarapyndan berilýär.

 

Gaýtadan şahadatnama almak üçin şular ýüz tutup bilýär:

Gaýtadan berilýän şahadatnama özleri barada raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy düzülen adamlara berilýär.

Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň we kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlaryň dogluş hakynda gaýtadan berilýän şahadatnamasy ata-enelere, perzentlige alanlara, hossarlara, howandarlara, hossarlyk we howandarlyk hem-de durmuş üpjünçiligi edaralaryna, şeýle hem çagalar terbiýelenmeginde bolýan çagalar edaralarynyň dolandyryş edarasyna berlip bilner.

Gaýtadan ölüm hakynda şahadatnama ölen adamyň garyndaşlaryna, kanun we (ýa-da) wesýetnama boýunça mirasdarlara berilýär.

Raýatlara gaýtadan berilýän şahadatnamalar ynanç haty boýunça berlip bilner.



Gaýtadan şahatdanama almak üçin gerekli resminalar:

1. Arza (gaýtadan şahatdanama bermek hakynda)

2. Pasport (ýa-da onuň ornuny tutýan resminama)

3. Şahadatnamalary gaýtadan almaga hukugy tassyklaýan resminamalar (ynanç haty)

4. Bellenen möçberde döwlet pajynyň tölenendigi barada töleg haty

5. Hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegiň tölenendigi barada töleg haty


Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölümleri


T/b


Edaranyň ady



Salgysy


Telefon belgisi


Aşgabat şäheri boýunça:


1.

Aşgabat şäher häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Aşgabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýoly,186-njy jaýy

+993 (12) 94-06-90


2.

Berkararlyk etrap RÝNÝ bölümi

Aşgabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýoly,186-njy jaýy

+993 (12) 94-31-60

+993 (12) 94-13-59

3.

Köpetdag etrap RÝNÝ bölümi

Aşgabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýoly,186-njy jaýy

+993 (12) 94-31-06

+993 (12) 94-21-83

4.

Bagtyýarlyk etrap RÝNÝ bölümi

Aşgabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýoly,186-njy jaýy

+993 (12) 94-05-86

+993 (12) 94-06-27

5.

Büzmeýin etrap RÝNÝ bölümi

Aşgabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýoly,186-njy jaýy

+993 (12) 94-07-43


Ahal welaýaty boýunça:


1.

Ak bugdaý etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Änew şäheri, Watan köçesi, 1-nji jaýy

+993 (137) 34-5-83

2.

Kaka etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Ahal welaýaty, Kaka etraby, Kaka şäheri, Türkmenbaşy köçesi, 29-njy jaýy

+993 (133) 31-4-91

3.

Babadaýhan etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Ahal welaýaty, Babadaýhan etraby, Babadaýhan şäheri, Gülzar köçesi, 1-nji jaýy

+993 (136) 30-3-24

4.

Tejen etrap, şäher häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Ahal welaýaty, Tejen şäheri, Çarywellek köçesi

+993 (135) 40-6-70

5.

Sarahs etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Ahal welaýaty, Sarahs etraby, Sarahs şäherçesi, S.A.Nyýazow köçesi, 7-nji jaýy  “Ýaşlar guramasy”

+993 (134) 21-2-56

6.

Gökdepe etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Ahal welaýaty, Gökdepe şäheri, Magtymguly şaýoly, 75-nji jaýy 

+993 (132) 6-00-33

7.

Bäherden etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Aşgabat-Türkmenbaşy gara ýolunyň 100-nji km  “Medeniýet öýi”

+993 (131) 22-6-80


Balkan welaýaty boýunça:


1.

Balkanabat şäher häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, 195-nji ýaşaýyş jaý toplumy, “Hyzmat öýi”

+993 (222) 7-15-57

+993 (222) 7-16-74

2.

Türkmenbaşy şäher häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, 4-nji jaýy

+993 (243) 2-21-71

3.

Türkmenbaşy etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäherçesi, Magtymguly köçesi, 1-nji jaýy

+993 (243) 7-93-54

4.

Hazar şäher häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Balkan welaýaty, Hazar şäheri, 33-nji ýaşaýyş jaý toplumy

+993 (240) 2-24-55

5.

Serdar şäher häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Balkan welaýaty, Serdar şäheri, “Merkezi seýilgähi”

+993 (246) 5-27-28

6.

Serdar etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Balkan welaýaty, Serdar şäheri, “Merkezi seýilgähi”

+993 (246) 5-15-22

7.

Bereket etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Balkan welaýaty, Bereket etraby, H.Babaýew köçesi, 61-nji jaýy

+993 (247) 3-14-68

8.

Esenguly etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Balkan welaýaty, Esenguly etraby, Esenguly şäherçesi, 9-njy köçesi, 308-nji jaýy

+993 (245) 3-22-13

9.

Etrek etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Balkan welaýaty, Etrek etraby, Etrek şäherçesi, Magtymguly köçesi, 26-njy jaýy

+993 (242) 4-03-17

10.

Magtymguly etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Balkan welaýaty, Magtymguly etraby, Durdy şahyr köçesi, 15-nji jaýy

+993 (248) 4-03-17

11.

Gumdag şäher häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Balkan welaýaty, Gumdag şäheri, 24-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 2-nji jaýy

+993 (241) 2-14-77


Daşoguz welaýaty boýunça:


1.

Daşoguz şäher häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Ruhnama köçesi, 102-nji jaýy “Bagt köşgi”toý dabaralar merkezi

+993 (322) 2-23-38

+993 (322) 2-15-60

2.

Köneürgenç şäher häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Daşoguz welaýaty, Köneürgenç şäheri, S.Nyýazow şaýoly, 22-nji jaýy

+993 (347) 31-5-31

3.

Köneürgenç etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Daşoguz welaýaty, Köneürgenç şäheri, Ýagtylyk şaýoly, 16-njy jaýy

+993 (347) 34-3-72

4.

Akdepe etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Daşoguz welaýaty, Akdepe etraby, Akdepe şäheri, S.Türkmenbaşy köçesi, 53-nji jaýy

+993 (344) 3-03-22

5.

Boldumsaz etrap häkimliginiň  RÝNÝ bölümi

Daşoguz welaýaty, Boldumsaz etraby, Boldumsaz şäheri, S.Nyýazow adyndaky köçesi, 36-njy jaýy

+993 (346) 31-4-75

6.

Gubadag etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Daşoguz welaýaty, Gubadag etraby, Gubadag şäheri, Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy köçesi, 1-nji jaýy

+993 (345) 3-13-61

7.

Gurbansoltan eje adyndaky etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Daşoguz welaýaty, Gurbonsoltan eje adyndaky etraby, Gurbansoltan eje adyndaky şäheri, Geňeşlik köçesi, 10-njy jaýy

+993 (343) 31-1-49

8.

Görogly etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Daşoguz welaýaty, Görogly etraby, Görogly şäheri, T.Ataýew adyndaky köçesi, 21-nji jaýy

+993 (340) 31-2-67

9.

S.A.Nyýazow adyndaky etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Daşoguz welaýaty, S.A.Nyýazow adyndaky etraby, Nyýazow şäheri, Türkmenbaşy şaýoly, 6-njy jaýy

+993 (348) 31-9-87

10.

Saparmyrat Türkmenbaşy etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Daşoguz welaýaty, Saparmyrat Türkmenbaşy etraby, Saparmyrat Türkmenbaşy şäheri, Şaýoly köçesi, 1-nji jaýy

+993 (349) 3-03-19

11.

Ruhubelent etrap häkimliginiň  RÝNÝ bölümi

Daşoguz welaýaty, Ruhubelent etraby, Ruhubelent şäherçesi, Şagadam köçesi, 5-nji jaýy

Telefon belgisi ýok


Lebap welaýaty boýunça:


1.

Türkmenabat şäher häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, B.Türkmenistan köçesi, “Bagt köşgi” toý dabaralar merkezi

+993 (422) 4-77-49

+993 (422) 4-77-21

2.

Kerki etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Lebap welaýaty, Kerki etraby, Kerki şäheri, B.Kerbabaýew köçesi, 41-njy jaýy

+993 (444) 2-01-37

3.

Çärjew etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Lebap welaýatynyň Çärjew etraby, Çärjew şäherçesi. Lebap welaýatynyň Çärjew etrap häkimliginiň edara jaýy

Telefon belgisi ýok

4.

Darganata etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Lebap welaýaty, Darganata etraby, Darganata şäheri, Türkmenbaşy şaýoly, 25-nji jaýy

+993 (445) 20-2-05

5.

Dänew etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Lebap welaýaty, Dänew etraby, Dänew şäheri, Dänew köçesi, 12-nji jaýy

+993 (446) 20-9-68

6.

Farap etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Lebap welaýaty, Farap etraby, Farap şäheri, Gurbansoltan eje köçesi, 19-njy jaýy

+993 (448) 21-1-21

7.

Saýat etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Lebap welaýaty, Saýat etraby, Saýat şäheri, Watan köçesi, 41-nji jaýy

+993 (447) 2-11-93

8.

Halaç etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Lebap welaýaty, Halaç etraby, Halaç şäheri, Türkmen köçesi, 4-nji jaýy

+993 (441) 2-05-53

+993 (441) 6-03-04

9.

Hojambaz etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Lebap welaýaty, Hojambaz etraby, Hojambaz şäheri, S.A.Nyýazow köçesi, 14-nji jaýy

+993 (442) 20-2-32

10.

Döwletli etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Lebap welaýaty, Döwletli etraby, Dostluk şäheri, Türkmenistan köçesi, 17-nji jaýy

Telefon belgisi ýok

11.

Köýtendag etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Lebap welaýaty, Köýtendag etraby, Garlyk şäherçesi, Garaşsyzlygyň 22 ýyllygy köçesi, 1-nji jaýy

Telefon belgisi ýok


Mary welaýaty boýunça:


1.

Mary şäher häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Mary welaýaty, Mary şäheri, Magtymguly köçesi, 11-nji jaýy

+993 (522) 5-26-90

+993 (522) 5-23-73

2.

Mary etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Mary welaýaty, Mary şäheri, Magtymguly köçesi, 2-nji jaýy

+993 (522) 6-74-45

+993 (522) 6-76-96

3.

Baýramaly şäher häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Mary welaýaty, Baýramaly şäheri, Atanyýazow köçesi, 1-nji jaýy

+993 (564) 6-66-90

4.

Baýramaly etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Mary welaýaty, Baýramaly şäheri, Ataniýazow köçesi, 1-nji jaýy

+993 (564) 6-67-73

5.

Wekilbazar etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Mary welaýaty, Wekilbazar etraby, Mollanepes şäherçesi, Zelili köçesi, 17-nji jaýy

+993 (558) 6-19-22

6.

Garagum etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Mary welaýaty, Garagum etraby, Ýagtyýol şäherçesi, Mollanepes köçesi, 9-njy jaýy

+993 (557) 4-10-02

7.

Sakarçäge etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Mary welaýaty, Sakarçäge etraby, Sakarçäge şäheri, Baýnazarow köçesi, 112-nji jaýy

+993 (566) 5-01-16

8.

Murgap etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Mary welaýaty, Murgap etraby, Murgap şäheri, Azady köçesi, 12-nji jaýy

+993 (565) 4-01-16

9.

Oguzhan etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Mary welaýaty, Oguzhan etraby, Oguzhan şäherçesi, Magtymguly köçesi, 33-nji jaýy

+993 (559) 6-00-41

10.

Türkmengala etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Mary welaýaty, Türkmengala etraby, Türkmengala şäheri, Magtymguly köçesi, 25-nji jaýy

+993 (559) 3-14-46

11.

Ýolöten etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Mary welaýaty, Ýolöten etraby, Ýolöten şäheri, 27-nji oktýabr köçesi, 1-nji jaýy

+993 (560) 6-03-14

12.

Tagtabazar etrap häkimliginiň  RÝNÝ bölümi

Mary welaýaty, Tagtabazar etraby, Tagtabazar şäheri, Magtymguly köçesi, 14-nji jaýy

+993 (568) 5-18-85

13.

Serhetabat etrap häkimliginiň RÝNÝ bölümi

Mary welaýaty, Serhetabat etraby, Serhetabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 26-njy jaýy

+993 (561) 4-01-24