Hukuk Kömegini Bermek Işini Ygtyýarlylandyrmak

Hukuk Kömegini Bermek Işini Ygtyýarlylandyrmak


Hukuk kömegini bermek işi - Türkmenistanyň çäginde amala aşyrmak üçin Tükmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarnama almak talap edilýän işiň aýry-aýry görnüşi

Ygtyýarnama ygtyýarnamala şu hukuklary berýär:
* raýat işleri boýunça we edara ediş hukuk tertibiniň bozulmalary baradaky işler boýunça kazyýetde, araçy kazyýetde we beýleki edara düzümlerinde hem-de jemgyýetçilik    guramalarynda wekilçilik etmäge;
* jenaýat işleri boýunça goraýjy, jebir çekeniň, raýat hak isleýjiniň we raýat jogap berijiniň wekili hökmünde anyklaýyş işleri geçirilende, deslapky derňewde hem-de kazyýetde    gatnaşmaga;
* Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, hukuk meseleleri boýunça dil üsti bilen maslahatlary, şeýle hem düşündirişleri bermäge, hukuk häsiýetli arzalary, şikaýatlary we beýleki resmi    namalary düzmäge hem-de beýleki hukuk kömegini bermäge.

Ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti:
a) edara görnüşli taraplara - 3 ýyl möhlete;
b) şahsy taraplara - hereket ediş möhleti çäklendirilmezden berilýär.

Hukuk kömegini bermek işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnama almak üçin şu aşakdaky resminamalar berilýär:
1) Edara görnüşli tarap üçin:
a)Arza
b) Dörediş resmi namalarynyň notarial edarasy tarapyndan güwä geçilen nusgalaryny;
ç) Edara görnüşli taraplaryň Ýeke-täk döwlet sanawyndan nusgasyny;
d) Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň wekiliniň ygtyýarlyklaryna güwä geçýän ynanç hatyny ýa-da buýrugy;
e) Edara görnüşli tarapyň işgär wezipe sanawynda durýan, hukuk kömegini bermek işi bilen meşgullanýan hünärmenleriň we ýolbaşçylaryň resmi namalaryny;
ä) Ygtyýarlylandyrylýan işiň görnüşini amala aşyrmak üçin Ygtyýarnamanyň dalaşgärinde jaýyň barlygyny (eýeçiliginde, kireýine ýa-da başga kanuny esasda oňa degişliligini) tassyklaýan resmi namalaryň notarial edarasy tarapyndan güwä geçilen nusgalaryny goşýar.
Edara görnüşli tarap öz düzümine girjek, hukuk kömegini bermek boýunça iş bilen meşgullanjak şahsy taraplar üçin maglumat hem berýär. Edara görnüşli tarapyň döwlet tarapyndan bellige alynmagyna çenli ygtyýarnamanyň alynmagyna ýol berilmeýär.

2) Şahsy tarap üçin:
a)Arza
b) Ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan bellenen görnüş boýunça maglumatlaryň möçberinde sowalnamany;
ç) Pasportyň nusgasyny;
d) Notarial edarasy tarapyndan güwä geçilen diplomyň we bilimi hakyndaky beýleki resmi namalaryň nusgalaryny;
e) Zähmet depderçesiniň notarial edarasy tarapyndan ýa-da işleýän ýeri boýunça güwä geçilen nusgasyny goşýar.
Ähli resmi namalar sanaw boýunça kabul edilýär.

Edara görnüşli tarapyň guramaçylyk - hukuk görnüşi, döredijiniň düzümi, ady ýa-da hukuk salgysy üýtgän mahalynda ýa-da şahsy tarapyň ady ýa-da ýaşaýan ýeri üýtgände, şeýle hem işiň ygtyýarlylandyrylan görnüşiniň amala aşyrylan hakyky ýeri (ýerleşýän ýeri) üýtgän mahaly ygtyýarnamaly ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek hakynda arza bermäge borçludyr. Arzada ygtyýarnamaly hakynda täze maglumatlar, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen halatlarda bolsa, edara görnüşli taraplaryň Ýeke-täk döwlet sanawyna we Döwlet salgyt sanawyna degişli üýtgetmeleriň girizilendigini tassyklaýan resmi nama hakynda maglumatlar görkezilýär.

Edara görnüşli taraplar üçin:
a) Ygtyýarnamanyň gaýtadan berilmegi hakyndaky arza ;
b) dörediş resmi namalarynyň notarial edarasy tarapyndan güwä geçilen nusgalaryny;
ç) edara görnüşli taraplaryň Ýeke-täk döwlet sanawyndan nusgasyny;
d) Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň wekiliniň ygtyýarlyklaryna güwä geçýän ynanç hatyny ýa-da buýrugy;
e) şu bölümiň ikinji kiçi bölüminde bellenen edara görnüşli tarapyň işgär wezipe sanawynda durýan, hukuk kömegini bermek işi bilen meşgullanýan hünärmenleriň we ýolbaşçylaryň resmi namalaryny;
ä) ygtyýarlylandyrylýan işiň görnüşini amala aşyrmak üçin Ygtyýarnamanyň dalaşgärinde jaýyň barlygyny (eýeçiliginde, kireýine ýa-da başga kanuny esasda oňa degişliligini) tassyklaýan resmi namalaryň notarial edarasy tarapyndan güwä geçilen nusgalaryny;
f) ygtyýarnamany goşýar.

Edara görnüşli tarap öz düzümine girjek, hukuk kömegini bermek boýunça iş bilen meşgullanjak şahsy taraplar üçin maglumat hem berýär.

Şahsy taraplar üçin:
a) Ygtyýarnamanyň gaýtadan berilmegi hakyndaky arza ;
b) Ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan bellenen görnüş boýunça maglumatlaryň möçberinde sowalnamany;
ç) pasportyň nusgasyny;
d) Notarial edarasy tarapyndan güwä geçilen diplomyň we bilimi hakyndaky beýleki resmi namalaryň nusgalaryny;
e) zähmet depderçesiniň notarial edarasy tarapyndan ýa-da işleýän ýeri boýunça güwä geçilen nusgasyny;
ä) ygtyýarnamany goşýar.
Ähli resmi namalar sanaw boýunça kabul edilýär.
Arzanyň berilmeli möhletleri.
Ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek hakyndaky arza edara görnüşli taraplaryň Ýeke-täk döwlet sanawyna we Döwlet salgyt sanawyna degişli üýtgetmeleriň girizilen gününden başlap, ýa-da ygtyýarnamaly tarapyndan (ygtyýarnamalynyň - edara görnüşli tarapyň hukuk oruntutary tarapyndan) işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýeriniň (ýerleşýän ýeriniň) üýtgedilen gününden başlap, on bäş senenama gününiň içinde Ygtyýarlylandyryjy edara berilýär.
Eger ygtyýarnama edara görnüşli tarapyň hukuk oruntutaryna gaýtadan resmileşdirilýän bolsa, onda arza görkezilen hukuk oruntutary tarapyndan berilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 23-nji awgustynda çykaran 13180 belgili karary bilen tassyklanan, Ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça ygtyýarlylandyryjy edaralaryň sanawynyň hem-de ygtyýarnamalaryň berilmegi üçin alynýan döwlet pajynyň möçberleriniň 29-njy bölümine laýyklykda edara görnüşindäki taraplaryň we şahsy taraplaryň hukuk kömegini bermek işiniň kody 69.10.10 belgili we döwlet pajynyň möçberi 800 (sekiz ýüz) manat diýlip kesgitlenen.

Eger, Ygtyýarnamanyň dalaşgäri ygtyýarnama bermek barada çözgüt çykarylandan soň, otuz senenama gününiň içinde döwlet pajyny tölemese, Ygtyýarlylandyryjy edaranyň görkezilen ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda çözgüt çykarmaga haky bardyr.

Ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmegiň döwlet pajynyň möçberi ygtyýarnama berlendigi üçin alynýan döwlet pajynyň 0,1 essesi möçberinde kesgitlenýär.