Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyny (RÝNÝ) bellige almak

Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyny (RÝNÝ) bellige almak

Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň edaralary  tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde geçirýärler.
Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň (RÝNÝ) döwlet edaralary fiziki şahslaryň degişli hereketleriniň ýa-da bu adamlaryň hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagyna, üýtgemegine ýa-da bes edilmegine täsir edýän, şeýle hem hukuk ýagdaýyny häsiýetlendirýän wakalaryň hakykylygyny tassyklamak maksady bilen raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny geçirýärler.
Raýat ýagdaýynyň namalary ‒ raýatlaryň hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagyna, üýtgemegine ýa-da bes edilmegine täsir edýän, şeýle hem olaryň hukuk ýagdaýyny häsiýetlendirýän, döwlet belligine alynmaga degişli bolan raýat ýagdaýynyň ýazgylarynyň namalarynda görkezilýän raýatlaryň hereketleri ýa-da wakalar  we faktlar.

RÝNÝ edaralary:  

      • welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň häkimlikleriniň RÝNÝ bölümleri;
      •  еtrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň Geňeşleri;
      •  raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet tarapyndan bellige almaga ygtyýarly edilen Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary

Welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň häkimlikleriniň RÝNÝ bölümleri:

  • dogluşy;
  • nikanyň baglaşylmagyny;
  • nikanyň bozulmagyny;
  • perzentlige alynmagyny;
  • atalygyň anyklanylmagyny;
  • familiýanyň, adyň we atasynyň adynyň üýtgedilmegini;
  • ölümi döwlet tarapyndan  bellige alynmagyny geçirýärler;
  • gaýtadan şahadatnamalar we güwänamalar berýärler;
  • raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyna üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler girizýärler;
  • bellenilen tertipde raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyny ýatyrýarlar we (ýa-da) dikeldýärler.

Etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň Geňeşleri:

  • dogluşy;
  • nikanyň baglaşylmagyny;
  • nikanyň bozulmagyny;
  • atalygyň anyklanylmagyny;
  • ölümi döwlet tarapyndan  bellige alynmagyny geçirýärler;
  • güwänamalar berýärler.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary  Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň:

  • dogluşy;
  • nikanyň baglaşylmagyny;
  • nikanyň bozulmagyny;
  • perzentlige alynmagyny;
  • atalygyň anyklanylmagyny;
  • familiýanyň, adyň we atasynyň adynyň üýtgedilmegini;
  • ölümi döwlet tarapyndan  bellige alynmagyny geçirýärler;
  • gaýtadan şahadatnamalar we güwänamalar berýärler.

 

Türkmenistanyň Maşgala kodeksinden alynma

 

        Çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibi

Möhletleri

Çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak üçin çaganyň doglan gününden bir aýdan gijä galman arza berilýar.   

Çaga öli doglan halatynda çaganyň doglan gününden üç iş günden gijä galman arza berilýär.

On alty ýaşyna ýeten çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak kazyýetiň çözgüdi esasynda geçirilýär.

 

        Bellige alynýan ýeri

        Çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin arzanyň berilýän ýeri.

Çaganyň doglan ýerindäki ýa-da onuň ata-enesiniň (olaryň biriniň) ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ bölüminde ýa-da Geňeşde bellige alynýar.

 

Bellige almak üçin gerek bolan resminamalar

I. Çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak üçin esas bolup durýan resminamalaryň biri:

1) çaganyň dogluşy hakynda, dogluşyň bolup geçen lukmançylyk edarasy tarapyndan berlen, bellenilen görnüşdäki resminama;

2) çaga doglanda lukmançylyk edarasyndan daşarda lukmançylyk kömegini beren işgäriň işleýän ýa-da çaganyň ejesiniň çaga doglandan soňýüz tutan lukmançylyk edarasy tarapyndan berlen, çaganyň doglandygy hakynda resminama;

3) çaga lukmançylyk edarasyndan başga ýerde doglanda (lukmançylyk kömegi berilmedik) çaga doglan wagty ýanynda bolan adamyň arzasy.

Çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak üçin göz öňünde tutulan esaslar bolmadyk mahalynda çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak çaganyň dogluşynyň faktyny takyklamak hakynda kazyýetiň çözgüdiniň esasynda geçirilýär.

II. Ata-enesiniň pasporty (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasy)

III. Çaganyň ata-enesiniň nikasy döwlet tarapyndan bellige alnan bolsa nikanyň baglaşylandygy hakynda şahadatnama.

 

Çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak üçin ýüz tutup bilerler:

1) çaganyň ata-enesi (olaryň biri);

2) çaganyň garyndaşlary, goňşulary, çaganyň doglan lukmançylyk edarasynyň administrasiýasy ýa-da hossarlyk we howandarlyk edaralary, ýa-da ata-enesi syrkaw bolanda ýa-da başga sebäpler boýunça arza bermäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýlarda - başga adamlar.

 

Ýüz tutan adamlaryň islegine görä çaganyň dogluşy dabaraly ýagdaýda geçirilýär.


 

Türkmenistanyň Maşgala kodeksinden alynma

 

69-njy madda. Çaga babatda atalygy anyklamagyň tertibi we ony bellige almak

1. Çaga babatda atalygy anyklamak ata-enäniň RÝNÝ edarasyna berýän bilelikdäki arzasy esasynda, ýa-da kazyýetiň çözgüdi boýunça, ejesi ölende, ejesiniň kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilende, ol ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilende, ejesiniň bolýan ýa-da onuň ýaşaýan ýerini anyklamak mümkin bolmadyk halatlarynda bolsa - çaganyň kakasynyň arzasy boýunça geçirilýär.

2. Çaganyň ejesi bilen nikada durmaýan adamyň çaga babatda atalygy anyklamak, bu adamyň we çaganyň ejesiniň RÝNÝ edarasyna bilelikdäki arzasy esasynda, ejesi ölende, ejesiniň kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilende, ol ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilende, ejesiniň bolýan ýa-da onuň ýaşaýan ýerini anyklamak mümkin bolmadyk halatlarynda bolsa - çaganyň atalygynyň anyklanylmagyny isleýän adamyň arzasy esasynda, eger çaga on sekiz ýaşa ýetmedik bolsa, hossarlyk we howandarlyk edarasynyň razylygy bilen, şeýle razylyk bolmadyk mahalynda bolsa - kazyýetiň çözgüdi esasynda geçirilýär.

Eger çaganyň atalygyny anyklamak isleýän adamyň RÝNÝ edarasyna gelmäge mümkinçiligi bolmasa, onda ol atalygy anyklamak hakynda arzany iberip biler. Şu halatda ol adamyň arzadaky golunyň hakykydygyna kepillendiriş tertibinde güwä geçilen bolmalydyr.

3. Çaganyň atalygyny anyklamak hakynda bilelikdäki arzanyň berilmegi çaga doglandan soň mümkin däl ýa-da kynçylykly diýip çak etmäge esas berýän ýagdaýlar bolan mahalynda, dünýä injek çaganyň atalygyny anyklamak isleýän biri-biri bilen nikada durmaýan adamlar şeýle arzany RÝNÝ edarasyna enäniň göwreli wagtynda bermäge haklydyrlar.

4. On sekiz ýaşyna ýeten adamyň atalygynyň anyklanylmagyna diňe onuň razylygy bilen, eger ol kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen bolsa - onuň hossarynyň ýa-da hossarlyk we howandarlyk edarasynyň razylygy bilen ýol berilýär.

5. Atalygyň anyklanylandygyny döwlet tarapyndan bellige almak ata-enesiniň biriniň ýaşaýan ýerindäki ýa-da çaganyň dogluşy döwlet tarapyndan bellige alnan ýerindäki ýa-da atalygy anyklamak hakynda ýa-da atalygy bolanlygynyň faktyny takyklamak hakynda kazyýetiň çözgüdiniň çykarylan ýerindäki RÝNÝ edarasynda geçirilýär.

6. Çaganyň ata-enesiniň (olaryň biriniň) ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak ýa-da bolýan ýeri boýunça bellige almak halatynyň ýokdugy çaganyň atalygynyň anyklanylandygyny döwlet tarapyndan bellige almakdan ýüz döndermek üçin esas bolup hyzmat edip bilmez. Şu halatda çaganyň atalygynyň anyklanylandygyny bellige almak çaganyň dogluşynyň döwlet tarapyndan bellige alnan ýerindäki ýa-da atalygy anyklamak hakynda ýa-da atalygy bolanlygynyň faktyny takyklamak hakynda kazyýetiň çözgüdiniň çykarylan ýerindäki RÝNÝ edarasynda geçirilýär.

7. Atalygy anyklamak ýa-da atalygyň ykrar edilendiginiň  faktyny takyklamak hakynda kazyýetiň çözgüdiniň esasynda atalygyň anyklanylandygyny döwlet tarapyndan bellige almak, çaganyň ejesiniň (kakasynyň) ýa-da çaganyň hossarynyň (howandarynyň), ýa-da çaga eklenjinde durýan adamyň ýa-da on sekiz ýaşyna ýeten çaganyň özüniň arzasy boýunça geçirilýär.

Eger ol adamyň şeýle arzany bermek üçin RÝNÝ edarasyna gelmäge mümkinçiligi bolmasa, onda ol atalygyň anyklanylandygyny döwlet tarapyndan bellige almak hakynda arzany iberip biler. Şu halatda şol adamyň arzadaky golunyň hakykydygyna kepillendiriş tertibinde güwä geçilen bolmalydyr.

 

70-nji madda. Çaganyň ata-enesi hakynda maglumatlary çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna girizmegiň tertibi

1. Çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna onuň ata-enesi hakynda maglumatlar nika baglaşylandygy hakynda şahadatnamanyň esasynda girizilýär.

2. Eger ata-enesi biri-biri bilen nikada durmaýan bolsalar, çaganyň ejesi hakynda maglumatlar ejesiniň arzasy boýunça çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna girizilýär, çaganyň kakasy hakynda maglumatlar bolsa - çaganyň kakasynyň we ejesiniň bilelikdäki arzasy boýunça, ýa-da şu Kodeksiň 69-njy maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, çaganyň kakasynyň arzasy boýunça girizilýär ýa-da kakasy barada maglumatlar kazyýetiň çözgüdi esasynda ýazylýar.

3. Çaga nikada durmaýan ejeden doglan halatynda, ata-enesiniň bilelikdäki arzasy bolmadyk mahalynda ýa-da atalygy anyklamak ýa-da atalygyň ykrar edilendiginiň faktyny takyklamak hakynda kazyýetiň çözgüdi bolmadyk mahalynda, çaganyň kakasynyň familiýasy ejesiniň familiýasy boýunça çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna girizilýär, çaganyň kakasynyň ady we atasynyň ady - ejesiniň görkezmesi boýunça, milleti we raýatlygy - ejesiniň milleti we raýatlygy boýunça girizilýär. Girizilen maglumatlar atalygy anyklamak hakynda meseläni çözmek üçin päsgelçilik bolup bilmez. Eger ejesi çaganyň kakasy hakynda maglumatlary görkezmekden ýüz dönderse, onda "çaganyň kakasy" diýen setirde kese çyzyk goýulýar.

4. Eger çaganyň atalygynyň anyklanylmagy kazyýet tertibinde geçirilen bolsa, onda atalygyň anyklanylandygy hakynda nama ýazgyda we çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysynda çaganyň atasy hakynda maglumatlar atalygy anyklamak ýa-da atalygyň ykrar edilendiginiň faktyny takyklamak hakynda kazyýetiň çözgüdinde görkezilen maglumatlar esasynda ýazylýar.

5. Çaganyň dogluşyny bellige alan RÝNÝ edarasy çaganyň ata-enesiniň pasportynda çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysynyň esasynda çaga hakynda maglumatlary ýazýar.

Çaganyň dogluşy bellige alnan mahalynda çaganyň ata-enesiniň pasportynda çaga hakynda maglumatlar ýazylmadyk bolsa, şeýle hem ata-enesiniň pasportlary täzelenen halatynda, çaga hakynda maglumatlar, çaganyň dogluş hakynda şahadatnamasynyň esasynda, çaganyň dogluşyny bellige alan RÝNÝ edarasy ýa-da çaganyň ata-enesiniň (olaryň biriniň) bolýan ýerindäki RÝNÝ edarasy tarapyndan ýazylýar.

 

71-nji madda. Atalygyň kazyýet tertibinde anyklanylmagy

1. Biri-biri bilen nikada durmaýan adamlardan çaga doglan halatynda we olaryň bilelikdäki arzasy ýa-da çaganyň kakasynyň arzasy bolmadyk mahalynda atalyk ata-enäniň biriniň ýa-da çaganyň hossarynyň (howandarynyň) arzasy boýunça ýa-da çaga eklenjinde durýan adamyň arzasy boýunça ýa-da on sekiz ýaşyna ýeten çaganyň özüniň arzasy boýunça kazyýet tertibinde anyklanylýar.

2. Çaganyň atalygy anyklanylanda, kazyýet çaga dogulmazyndan öň çaganyň ejesiniň we jogap berijiniň bile ýaşandygyny we umumy hojalygy ýöredendigini ýa-da çagany bilelikde terbiýeländigini, ýa-da ekläp-saklandygyny, ýa-da jogap beriji tarapyndan atalygyň ykrar edilmegini anyk tassyklaýan başga kanuny subutnamalary nazara alýar.

 

72-nji madda. Atalygyň ykrar edilendiginiň faktyny takyklamak

 Özüni çaganyň kakasy diýip ykrar eden, ýöne çaganyň ejesi bilen nikada durmadyk adam ölen halatynda, atalygyň ykrar edilendiginiň  fakty Türkmenistanyň raýat iş ýörediş kanunçylygyna laýyklykda kazyýet tertibinde takyklanylyp bilner.

 

73-nji madda. Atalygyň anyklanylandygy hakynda şahadatnamanyň we çaganyň dogluşy hakynda şahadatnamanyň berilmegi

 Atalygyň anyklanylandygy döwlet tarapyndan bellige alnanda RÝNÝ edaralary atalygyň anyklanylandygy hakynda nama ýazgysyny düzýärler we çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna degişli üýtgetmeleri girizýärler, atalygyň anyklanylandygy hakynda şahadatnamany we çaganyň dogluşy hakynda täze şahadatnamany berýärler.

 

74-nji madda. Atalyk (enelik) barada jedel gozgamak

 1. Çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysy, çaganyň onda görkezilen ata-enesinden (olaryň birinden) gelip çykandygynyň subutnamasy bolup durýar.

2. Atalyk (enelik) barada jedel gozgamak, ýagny çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna girizilen, çaganyň ata-enesi (olaryň biri) hakynda maglumatlar barada jedel gozgamak, kazyýet tertibinde geçirilýär.

3. Çaganyň kakasy (ejesi) hökmünde ýazylan adam ýa-da çaganyň hakyky kakasy (ejesi) bolup durýan adam, on sekiz ýaşyna ýeten mahalynda çaganyň özi, ejesi (kakasy) ölen halatynda ýa-da ol ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilende çaganyň hossary (howandary), kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen atanyň (enäniň) howandary, çaga eklenjinde durýan adamyň, çaganyň ejesiniň äri (öňki äri) geçirilen ýazgy barada kazyýet tertibinde jedel gozgamaga haklydyrlar.

4. Öz arzasy ýa-da bilelikdäki arza boýunça çaganyň kakasy (ejesi) diýlip ýazylan adam, eger arzanyň berlen pursatynda özüniň hakykatda bu çaganyň kakasy (ejesi) bolup durmaýandygy oňa mälim bolan bolsa, atalyk (enelik) barada jedel gozgamaga hakly däldir.

5. Donoryň kömegi bilen öz aýalyny emeli tohumlandyrmaga razylyk beren är ondan doglan çaganyň kakasy diýlip ýazylýar we geçirilen ýazgy barada kazyýet tertibinde jedel gozgamaga hakly däldir.

 

75-nji madda. Biri-biri bilen nikada durmaýan ata- eneden doglan çaganyň hukuklary we borçlary

Şu Kodeksiň 68-nji maddasynyň üçünji böleginde we 69-73-nji maddalarynda göz öňünde tutulan tertipde atalygy anyklanylanda, biri-biri bilen nikada durmaýan ata-eneden doglan çaga hem ata-enesi we olaryň garyndaşlary babatda, biri-biri bilen nikada durýan adamlardan doglan çaganyňky ýaly hukuklara we borçlara eýedir.


 

Türkmenistanyň Maşgala kodeksinden alynma

 

77-nji madda. Çaganyň hukuklarynyň deňligi

 

1. Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan ähli çagalaryň, olaryň özleriniň we ata-eneleriniň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, diline, dine garaýşyna, gelip çykyşyna, emläk ýa-da beýleki ýagdaýyna, bilimine we ýaşaýan ýerine, olaryň dogluş ýagdaýlaryna, saglyk ýagdaýyna we beýleki ýagdaýlara garamazdan, deň hukuklary bardyr.

2. Çaganyň özüne berlen ähli hukuklardan we azatlyklardan peýdalanmaga hukugy bardyr. Hukuklaryň we azatlyklaryň durmuşa geçirilmegi çaganyň ömri, saglygy, terbiýesi we sagdyn ösmegi üçin zyýanly netijelere getirmeli däldir.

3. Çaganyň hukugynyň deňligi Türkmenistanyň kanunlary, şu Kodeks we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen kepillendirilýär.

 

78-nji madda. Çaganyň maşgalada ýaşamaga we terbiýelenmäge bolan hukugy

 

1. Çaganyň maşgalada öz ata-enesi bilen bilelikde ýaşamaga hukugy bardyr.

Çaga Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda onuň isleginiň tersine ata-enesinden aýralyga sezewar edilip bilinmez.

2. Çaganyň, eger munuň özi onuň iň gowy bähbitlerine garşy gelmeýän bolsa, maşgalada ýaşamaga we terbiýelenmäge, öz ata-enesini bilmäge, olar tarapyndan alada edilmäge, olar bilen bilelikde ýaşamaga, öz ata-enesi tarapyndan terbiýelenmäge, asudalykda we hemmetaraplaýyn ösmäge, özüniň ynsan mertebesine hormat goýulmagyna hukugy bardyr.

3. Ýedi ýaşyna ýetmedik çaganyň ýa-da hossarlykda (howandarlykda) durýan adamyň ýaşaýan ýeri diýip, onuň ata-enesiniň, perzentlige alanlaryň, hossaryň (howandaryň) ýaşaýan ýeri ykrar edilýär.

4. Ata-enesi (olaryň biri) bilen bilelikde ýaşamaýan çaganyň, olar (olaryň biri) bilen şahsy gatnaşyklary saklamaga, eger munuň özi çaga, perzentlige almagyň syryna zyýan (zelel) ýetirmese, olar hakynda maglumat almaga hukugy bardyr.

Döwlet we onuň degişli edaralary maşgalanyň birleşmegine ýardam edýärler.

5. Ata-enesi ölen, ata-enesi ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen, ata-enesi syrkawlan, olar uzak wagtlap bolmadyk, ata-enelik hukuklaryndan çäklendirilen ýa-da eger-de başga esasly sebäplere görä çaga ata-enesiniň howandarlygyndan galan halatlarynda, çaganyň maşgalada terbiýelenmäge bolan hukugy şu Kodeksiň 16-njy babynda bellenilen tertipde hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan üpjün edilýär.

 

79-njy madda. Çaganyň ata-enesi (olaryň biri) we ýakyn garyndaşlary bilen gatnaşyk saklamaga we Türkmenistandan gitmäge bolan hukugy

 

1. Çaganyň (şol sanda perzentlige alnanyň) ata-enesi (olaryň biri) we ýakyn garyndaşlary, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşynda ýaşaýanlar bilen hem, gatnaşyk saklamaga hukugy bardyr. Ata-enesiniň nikasyny bozmagy, onuň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi ýa-da ata-enesiniň aýry ýaşamagy çaganyň hukugyna täsir etmeýär.

2. Çaganyň, ata-enesi aýry ýaşaýan halatynda, şol sanda dürli döwletlerde ýaşaýan ata-enesiniň her biri bilen gatnaşyk saklamaga hukugy bardyr.

3. Çaga Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýan ata-enesi (olaryň biri) we ýakyn garyndaşlary bilen gatnaşmak üçin onuň kanuny wekiliniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan ynanç haty boýunça kanuny wekiliniň ýa-da başga adamyň ýanynda bolmagynda Türkmenistandan olaryň ýanyna gitmäge haklydyr. Kanuny wekili bolmadyk mahalynda çaganyň gitmegine hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan rugsat berlip bilner.

Çaganyň gitmegine rugsat bermekden ýüz dönderilmegi kazyýete şikaýat edilip bilner.

4. On dört ýaşdan on sekiz ýaşa çenli çaga, ata-enesi (olaryň biri) we ýakyn garyndaşlary bilen bilelikde ýaşamak maksady bilen, olaryň ýanyna hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistandan gitmäge, diňe çaganyň özüniň ýazmaça görnüşde mälim eden we kepillendiriş tertibinde güwä geçilen razylygy bolan mahalynda haklydyr.

5. Çaganyň ata-enesi tarapyndan nika bozulan we olar tarapyndan täze nika baglaşylan halatynda, eger munuň özi çaganyň iň gowy bähbitlerine gaşry gelmeýän bolsa, çaganyň Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan öweý kakasy (öweý ejesi) bilen bilelikde ýaşamaga, eger çaganyň öweý kakasy (öweý ejesi) bilen hemişelik ýaşamaga Türkmenistandan başga döwlete gitmek üçin çaganyň ejesiniň (kakasynyň) öňki äriniň (aýalynyň) ýazmaça görnüşde mälim eden we kepillendiriş tertibinde güwä geçilen razylygy bar bolsa, hukugy bardyr.

6. Çylşyrymly durmuş ýagdaýynda bolýan çaganyň (tutup saklamak, tussag etmek, tussag astyna almak, bejeriş edarasynda bolmak we ş.m.) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öz ata-enesi (olardan biri) we garyndaşlary bilen gatnaşyk saklamaga hukugy bardyr.

7. Çagalaryň ata-enesi (olardan biri) we ýakyn garyndaşlary, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýanlar bilen gatnaşyk saklamagyň, şeýle hem hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistandan çaganyň başga döwlete gitmeginiň meseleleri boýunça düşünişmezlikler kazyýet tertibinde çözülýär.

8. Çaga sport ýaryşlaryna, medeni-köpçülik, aýdym-saz we beýleki çärelere gatnaşmak üçin, şeýle hem syrkawlan halatynda we beýleki ýagdaýlarda kanuny wekiliniň ýa-da başga adamyň ýanynda bolmagynda, onuň kanuny wekilleriniň kepillendiriş tertibinde tassyklanan ynanç haty boýunça Türkmenistandan gitmäge haklydyr.

Kanuny wekili bolmadyk mahalynda, çaganyň gitmegine hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan rugsat berlip bilner.

Çaganyň gitmegine rugsat bermekden ýüz dönderilmegi kazyýete şikaýat edilip bilner.

 

80-nji madda. Çaganyň öz hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga bolan hukugy

 

1. Çaganyň öz hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga hukugy bardyr. Çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak ata-enesi (olaryň biri) ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar tarapyndan, şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda bolsa - hossarlyk we howandarlyk edarasy, prokuror we kazyýet tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Çaganyň ata-enesi (olaryň biri) ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar tarapyndan hyýanatçylyklardan goralmaga hukugy bardyr.

Çaganyň hukuklary we kanuny bähbitleri bozulan mahalynda, şol sanda çagany terbiýelemek, bilim bermek boýunça ata-enesi (olaryň biri) ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar tarapyndan borçlar ýerine ýetirilmedik ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirilmedik mahalynda ýa-da ata-enelik, hossarlyk (howandarlyk) hukuklaryny hyýanatçylykly peýdalananlarynda çaga öz hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak üçin hossarlyk we howandarlyk edarasyna we beýleki döwlet edaralaryna özbaşdak ýüz tutmaga haklydyr.

3. Çaganyň ömrüne we saglygyna howp salynmagy, onuň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulmalary hakynda özlerine mälim bolan wezipeli adamlar we beýleki raýatlar bu hakda haýal etmän prokurora, şeýle hem çaganyň hakyky ýaşaýan ýerindäki hossarlyk we howandarlyk edarasyna habar bermäge borçludyrlar. Şeýle maglumatlar alnanda prokuror, hossarlyk we howandarlyk edarasy haýal etmän çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak boýunça zerur çäreleri görmäge borçludyrlar.

 

81-nji madda. Çaganyň öz pikirini mälim etmäge bolan hukugy

 

1. Çaga maşgalada özüniň iň gowy bähbitlerine täsir edýän islendik mesele çözülende öz pikirini mälim etmäge, şeýle hem islendik kazyýet we administratiw seljerişiň barşynda diňlenilmäge haklydyr.

2. On ýaşyna ýeten çaganyň pikiriniň nazara alynmagy, onuň iň gowy bähbitlerine garşy gelýän ýagdaýlardan başga halatlarda, hökmandyr.

3. Şu Kodeksiň 83-nji, 97-nji, 114-nji, 116-njy, 127-nji maddalarynda göz öňünde tutulan halatlarda hossarlyk we howandarlyk edarasy ýa-da kazyýet ol ýa-da başga çözgüdi, diňe on ýaşyna ýeten çaganyň razylygy bilen kabul edip biler.

 

82-nji madda. Çaganyň indiwiduallyga we onuň saklanylmagyna bolan hukugy

 

1. Çaganyň doglan pursatyndan başlap raýatlygyny, milletini, adyny, atasynyň adyny, familiýasyny we maşgala gatnaşyklaryny goşmak bilen, öz indiwiduallygyny saklamaga hukugy bardyr.

2. Çaganyň ady ata-enesiniň razylygy bilen dakylýar.

3. Çaga atasynyň ady kakasynyň ady boýunça dakylýar, şu Kodeksiň 70-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan halatda bolsa - çaganyň kakasy diýlip ýazylan adamyň ady boýunça dakylýar.

4. Eger çaganyň kakasy bilen nikada durmaýan ejesiniň islegi boýunça çaganyň kakasy hakynda maglumatlar çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna girizilmeýän bolsa, onda atasynyň ady oňa ejesiniň görkezmesi boýunça dakylyp bilner.

5. Çaganyň familiýasy ata-enesiniň familiýasy bilen kesgitlenilýär.

6. Eger ata-ene umumy familiýany göterýän bolsa, çaga ata-enesiniň familiýasy dakylýar. Ata-enesiniň familiýasy dürli bolanda, şeýle hem ata-enesiniň (olardan biriniň) familiýasy üýtgände, çaga ata-enesiniň razylygy bilen kakasynyň ýa-da ejesiniň familiýasy dakylýar.

Ata-enesiniň islegi boýunça çaga kakasynyň ýa-da atasynyň, ýa-da babasynyň ady boýunça familiýa berlip bilner.

7. Çaganyň ady we (ýa-da) familiýasy babatda ata-enesiniň arasynda ylalaşyk bolmadyk mahalynda ýüze çykan düşünişmezlikler hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan çözülýär.

8. Çaganyň milleti onuň ata-enesiniň milleti bilen kesgitlenilýär. Eger ata-enesiniň milleti dürli bolsa, çaga pasport berlende, milleti onuň islegi boýunça kakasynyň ýa-da ejesiniň milletine görä kesgitlenilýär.

 

83-nji madda. Çaganyň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny üýtgetmäge bolan hukugy

 

1. Çaganyň familiýasyny, adyny we atasynyň adyny üýtgetmäge hukugy bardyr.

2. Çaga on sekiz ýaşyna ýetýänçä ata-enesiniň bilelikdäki arzasy boýunça hossarlyk we howandarlyk edarasy çaganyň iň gowy bähbitlerini nazara almak bilen, çaganyň adynyň üýtgedilmegine, şeýle hem oňa berlen familiýany atanyň (enäniň) beýlekisiniň familiýasy ýa-da çaganyň kakasynyň, atasynyň we babasynyň ady boýunça familiýasynyň üýtgedilmegine rugsat bermäge haklydyr.

Çaganyň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny üýtgetmek barada arza degişli hossarlyk we howandarlyk edarasyna berilýär. Çaganyň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny üýtgetmek barada häkimiň karary esasynda degişli RÝNÝ edarasy çaganyň raýat ýagdaýynyň nama ýazgysyna degişli üýtgetmeleri girizýär we täze şahadatnama berýär.

3. On ýaşyna ýeten çaganyň familiýasyny, adyny we atasynyň adyny üýtgetmek diňe onuň razylygy bilen geçirilip bilner.

4. Çaga on sekiz ýaşyna ýetmegi bilen, ol şu Kodeksiň 190-njy maddasynda bellenilen tertipde familiýasyny, adyny we atasynyň adyny özbaşdak üýtgetmäge haklydyr.

5. Şu maddanyň ikinji, üçünji we dördünji böleklerinde görkezilen adamlaryň, eger olara öň atasynyň ady "ogly", "gyzy" diýen sözler goşulyp ýa-da bular goşulman, ilkibaşda çaganyň öz  ady, soňra bolsa atasynyň ady ýazylyp ýa-da ýazylman, ýa-da familiýasy ýazylman dakylan bolsa, şu Kodeksiň 82-nji maddasynyň üçünji-ýedinji böleklerinde bellenilen tertipde, olaryň atasynyň adynyň üýtgedilmegine we atasynyň ady ýa-da familýa berilmegine hukuklary bardyr.

6. Ata-enesiniň (olaryň biriniň) familiýasynyň üýtgedilmegi, olaryň on sekiz ýaşyna ýeten çagasynyň familiýasynyň üýtgedilmegine getirmeýär.

7. Nikanyň bes edilmegi ýa-da onuň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi çaganyň familiýasynyň üýtgedilmegine getirmeýär.

8. Eger ata-enesi aýry ýaşaýan bolsa we çaga bilen bile ýaşaýan ata (ene) öz familiýasyny oňa bermek islese, hossarlyk we howandarlyk edarasy bu meseläni çaganyň iň gowy bähbitlerini we atanyň (enäniň) beýlekisiniň pikirini nazara almak bilen çözýär. Atanyň (enäniň) beýlekisiniň ýaşaýan ýerini ýa-da bolýan ýerini anyklamak mümkin bolmasa, ol hossarlyk we howandarlyk edarasyna gelmekden ýüz dönderse, ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilse, kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilse, şeýle hem atanyň (enäniň) beýlekisi çagany terbiýelemäge we ekläp-saklamaga gatnaşmakdan esassyz sebäplere görä ýüz dönderen halatynda, atanyň (enäniň) beýlekisiniň pikirini nazara almak hökman däldir.

9. Eger çaga biri-biri bilen nikada durmaýan adamlardan doglan we atalygy şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertipde anyklanylan bolsa, hossarlyk we howandarlyk edarasy çaganyň iň gowy bähbitlerini nazara almak bilen, şeýle haýyş bilen ýüz tutulan pursatynda ejesiniň göterýän familiýasyna görä, onuň familiýasyny üýtgetmäge rugsat bermäge haklydyr.

 

84-nji madda. Çaganyň emläk hukuklary

 

1. Çaganyň öz ata-enesinden (olaryň birinden) we maşgalanyň beýleki agzalaryndan, şu Kodeksiň VI bölüminde bellenilen tertipde we möçberlerde eklenç almaga hukugy bardyr.

2. Çagany ekläp-saklamaga degişli alimentler ata-enesiniň biriniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň ygtyýaryna gelip gowuşýar we çagany eklemek, terbiýelemek we bilim bermek üçin harçlanylmalydyr.

Kazyýet kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten çagalary eklap-saklamak üçin alimentleri tölemäge borçly bolan atanyň (enäniň) talap etmegi boýunça tölenmäge degişli alimentleriň pul möçberiniň elli göteriminden köp bolmadyk bölegini, eger munuň özi çagalaryň kadaly eklenip-saklanylmagyna we terbiýelenmegine täsir etmese, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten çagalaryň adyna karz edarasynda açylýan hasabyna geçirmek hakynda karar çykarmaga haklydyr.

3. Çaganyň öz alan girdejilerine, özüniň peşgeş ýa-da miras almak tertibinde alan emlägine, şeýle hem çaganyň serişdesine alnan islendik başga emläge eýeçilik hukugy bardyr.

Çaganyň eýeçilik hukugy esasynda özüne degişli bolan emlägine ygtyýarlyk etmäge bolan hukugy Türkmenistanyň raýat kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

Çaganyň emlägini dolandyrmak boýunça ygtyýarlyklar ata-enesi tarapyndan amala aşyrylanda olara çaganyň emlägine ygtyýarlyk etmek babatda Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda bellenilen kadalar degişlidir.

4. Çaganyň ata-enesiniň emlägine eýeçilik hukugy ýokdur, ata-enesiniň hem çaganyň emlägine eýeçilik hukugy ýokdur. Bile ýaşaýan ata-ene we çagalar özara razylyk boýunça biri-biriniň emlägine eýelik edip we ondan peýdalanyp bilerler.

5. Ata-enäniň we çagalaryň umumy eýeçilik hukugy ýüze çykan halatynda, olaryň bu eýeçilige eýelik we ygtyýarlyk etmäge, ondan peýdalanmaga bolan hukuklary Türkmenistanyň raýat kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

 

85-nji madda. Çaganyň göwnejaý terbiýelenmäge bolan hukuklaryny goramak

 

1. Çagany maşgalada terbiýelemek çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini göwnejaý ýagdaýda üpjün etmekde ileri tutulýan görnüş diýlip ykrar edilýär we diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça bes edilip bilner.

2. Çaganyň mertebesiniň kemsidilmegine, gorkuzylmagyna, beden temmisiniň berilmegine, onuň ruhy ýa-da beden saglygyna zyýan (zelel) ýetirýän beýleki agyrynyň ýetirilmegine ýol berilmeli däldir.

3. Döwlet ata-enesiniň howandarlygyndan galan çaganyň terbiýelenmeginiň maşgala görnüşini - perzentlige alynmagyny, hossar ýa-da howandar bellenilmegini üpjün edýär ýa-da doly döwlet üpjünçiliginde ony degişli çagalar edarasyna, durmuş hyzmaty edarasyna ýa-da beýleki edara kabul edýär.

4. Döwlet çaganyň ata-enesi (olardan biri) ýa-da ol hakda terbiýe we alada üçin jogapkärçilik çekýän beýleki adamlar tarapyndan onuň bilen ýaramaz çemeleşmegiň islendik görnüşlerinden goragy üpjün edýär, hossarlygyň (howandarlygyň) talaba laýyk şertleri üçin degişli gözegçilik barlagyny amala aşyrýar.


 

Türkmenistanyň Maşgala kodeksinden alynma


15-nji madda. Nikanyň baglaşylmagy

 

1. Nikanyň baglaşylmagynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy RÝNÝ edarasy tarapyndan geçirilýär.

2. Nika ýaşy on sekiz ýaş diýlip bellenilýär.

3. Aýratyn halatlarda esasly sebäpler bolan mahalynda hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan nika baglaşmak isleýän adamlaryň haýyşy boýunça nika ýaşy bir ýyldan köp bolmadyk wagta peseldilip bilner.

Şu ýagdaýda, şeýle adam nika baglaşylan gününden başlap doly möçberde kämillik ukybyna eýe bolýar. Şunda onuň kämillik ukyby nika bozulan halatynda hem doly möçberde saklanyp galýar.

 

16-njy madda. Nika baglaşmagyň şertleri

 

1. Nika, nika ýaşyna ýetenlerinde nika baglaşmak isleýän adamlaryň diňe erkin we özara razylygy boýunça baglaşylyp bilner.

2. Nika şu Kodeksiň 20-nji maddasynda görkezilen ýagdaýlar bolan mahalynda baglaşylyp bilinmez.

 

17-nji madda. Nika baglaşmagyň tertibi

 

1. Nika ýaşyna ýeten we nika baglaşmak isleýän adamlar olaryň biriniň ýaşaýan ýerindäki ýa-da olaryň ata-eneleriniň ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edaralaryna arza berýärler.

Arzada olar şu Kodeksiň 20-nji maddasynda göz öňünde tutulan nika baglaşmaga päsgel berýän ýagdaýlaryň ýokdugyny görkezmelidirler, şeýle hem özleriniň umumy familiýasy hökmünde är-aýalyň haýsysynyň familiýasyny saýlamak isleýändiklerini ýa-da her biriniň nika baglaşmagyndan öňki familiýasyny saklamak isleýändigini, olaryň her biriniň ozal nikada durandygyny we şol nikadan çagalarynyň bolandygyny, bilelikdäki çagalarynyň bardygyny görkezmelidirler. Arzanyň ýanyna pasport (ýa-da onuň ornuny tutýan resminama) goşulýar.

2. Nika baglaşmak nikany baglaşmak isleýän adamlaryň özleriniň gatnaşmagynda, olaryň RÝNÝ edaralaryna arza beren gününden başlap bir aý geçenden soň geçirilýär.

Esasly sebäpler bolan mahalynda nika baglaşylmagynyň bellige alynýan ýerindäki RÝNÝ edaralary bir aý geçmezden öň nika baglaşylmagyna rugsat berip, şeýle hem bu möhleti uzaldyp bilerler, ýöne ol iki aýdan köp bolmaly däldir.

Aýratyn ýagdaýlar (göwrelilik, çaganyň dogulmagy, taraplaryň biriniň ömrüne gös-göni howp abanmagy we beýleki aýratyn ýagdaýlar) bolan mahalynda nika arza berlen gününde baglaşylyp bilner.

3. Nika baglaşmak isleýän adamlaryň haýyşy boýunça esasly sebäpler bolan mahalynda nika baglaşylmagyny bellige almak RÝNÝ edaralarynyň bolýan ýerinden başga ýerde geçirilip bilner.

 

19-njy madda. Nika baglaşmagyň bellige alynýan gününiň bellenilmegi. Nika baglaşylmagynyň bellige alynmagy

 

1. Nika baglaşylmagynyň bellige alynýan güni şu Kodeksiň 17-nji maddasynda bellenilen tertibe laýyklykda nika baglaşmak isleýän adamlar bilen ylalaşmak boýunça bellenilýär.

2. Nika baglaşylmagynyň bellige alynmagy üçin bellenilen günde RÝNÝ edarasy dabaraly ýagdaýda nika baglaşylmagyny bellige alýar. RÝNÝ edarasy nika baglaşýan adamlaryň razylygy bilen, nikanyň dabaraly ýagdaýda baglaşylmagyny üpjün edýär.

3. Nika baglaşylmagyny bellige almak nika baglaşmak isleýän adamlaryň gatnaşmagynda geçirilýär.

4. Nika baglaşylmagyny bellige almak nika baglaşmak isleýän adamlaryň biriniň ýaşaýan ýerindäki ýa-da olaryň ata-eneleriniň ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edaralary tarapyndan raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin bellenilen tertipde geçirilýär.

5. Nika baglaşylmagy bellige alnandan soň är-aýala nika baglaşylandygy hakynda şahadatnama berilýär.

6. Nika baglaşylmagynyň bellige alnandygy hakynda nika baglaşan adamlaryň pasportynda (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamada) äriniň (aýalynyň) familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we doglan ýylyny, nika baglaşylmagynyň bellige alnan ýerini we wagtyny, nika baglaşylmagy bellige alnandan soň äriniň (aýalynyň) aljak familiýasyny görkezmek bilen bellik edilýär (ýazgy geçirilýär).

 

20-nji madda. Nika baglaşylmagyna päsgel berýän ýagdaýlar

 

Şu aşakdakylaryň arasynda nika baglaşylmagyna ýol berilmeýär:

1) arza beriljek mahalynda olaryň iň bolmanda biri eýýäm başga bir bellige alnan nikada durýan adamlaryň arasynda;

2) göni ata-babalaryna barýan ýa-da ata-babalaryndan gaýdýan ugurlar boýunça garyndaşlaryň, süýtdeş ýa-da doly süýtdeş däl doganlaryň, şeýle hem perzentlige alanlar bilen perzentlige alnanlaryň arasynda;

3) psihiki bozulmagyň (ruhy keseliň ýa-da kemakyllygyň) netijesinde olaryň iň bolmanda biri kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlaryň arasynda.

 

21-nji madda. Nika baglaşmak isleýän adamlaryň lukmançylyk taýdan barlanylmagy

 

1. Nika baglaşmak isleýän adamlar özara razylygy boýunça mugt lukmançylyk barlagyndan geçip, şeýle hem lukmançylyk-genetiki meseleler we maşgalany meýilleşdirmegiň meseleleri boýunça döwlet saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynda maslahat alyp bilerler.

Görkezilen hyzmatlary etmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

2. Nika baglaşmak isleýän adamlaryň barlagynyň netijeleri lukmançylyk syry bolup durýar we diňe olara habar berilýär.

3. Eger nika baglaşylan mahalynda bir adam özünde deri-weneriki keseliň ýa-da adamyň immunoýetmezçilik wirusy bilen döreýän keseliň (AIW ýokaşmasynyň) ýa-da Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan maşgala gatnaşyklary üçin howply diýlip ykrar edilen başga keseliň bardygyny beýleki adamdan gizlän bolsa, bu adam nikany hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda talap bilen kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.


 

Türkmenistanyň Maşgala kodeksinden alynma

 

7-nji bap. Nika şertnamasy

43-nji madda. Nika şertnamasy

 

1. Nika şertnamasy nika baglaşmak isleýän adamlar ýa-da är-aýaltarapyndan meýletin baglaşylýan, nikada we (ýa-da) ol bozulanhalatynda olaryň emläk hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän ylalaşyk bolup durýar.

2. Nika şertnamasynyň birkysmy görnüşi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

 

44-nji madda. Nika şertnamasyny baglaşmak

 

1. Nika şertnamasy  ýazmaça görnüşde baglaşylýar we kepillendiriş tertibinde tassyklanylmaga degişlidir.

2.Nika şertnamasy nikany baglaşmagyň döwlet tarapyndan bellige alynmagyna çenli ýa-da nikada durulýan döwrüň içinde islendik wagtda baglaşylyp bilner.

Nikany baglaşmagyň döwlet tarapyndan bellige alynmagyna çenli baglaşylan nika şertnamasy nikanyň baglaşylmagynyň döwlet tarapyndan bellige alnan gününden başlap güýje girýär.

3. Bellenilen görnüşde baglaşylmadyk nika şertnamasy hakyky däl diýlip ykrar edilýär.

 

45-nji madda. Nika şertnamasynyň mazmuny

 

1. Är-aýal nika şertnamasynyň esasynda är-aýalyň umumy bilelikdäki eýeçiliginiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen düzgünini üýtgetmäge, nikaly döwründe edinilen bilelikdäki emläk ýa-da onuň aýry-aýry görnüşleri, ýa-da är-aýalyň her biriniň emlägi üçin bilelikdäki paýly ýa-da aýratyn eýeçilik düzgünini bellemäge haklydyrlar.

Nika şertnamasy är-aýalyň bar bolan emlägi babatda hem, olaryň geljekde  edinjek emlägi babatda hem baglaşylyp bilner.

2. Är-aýal nika şertnamasynda özara ekläp-saklamak boýunça hukuklaryny we borçlaryny; birek-biregiň girdejilerine gatnaşmagynyň usullaryny; olaryň her biriniň maşgala çykdajylaryny çekmeginiň tertibini kesgitlemäge; nika bozulan halatynda är-aýalyň her birine berilmeli emlägi kesgitlemäge, şeýle hem är-aýalyň emläk gatnaşyklaryna degişli Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän islendik beýleki teklipleri goşmaga haklydyrlar.

3. Nika şertnamasynda göz öňünde tutulan hukuklar we borçlar kesgitlenen möhletler bilen çäklendirilip bilner ýa-da aýry-aýry şertleriň gelip ýetmegine ýa-da gelip ýetmezligine bagly edilip bilner.

4. Nika şertnamasy är-aýalyň hukuk ukyplylygyny ýa-da kämillik ukybyny, öz hukuklaryny goramak üçin kazyýete ýüz tutmaga bolan hukugyny çäklendirip, är-aýalyň arasynda şahsy emläk däl we emläk gatnaşyklaryny, är-aýalyň çagalar babatda şahsy hukuklarynyň we borçlarynyň düzgünleşdirilmegine bolan hukugyny çäklendirýän, zähmete ukypsyz mätäç bolan äriň (aýalyň) ekläp-saklanylmaga bolan hukugyny çäklendirýän düzgünleri göz öňünde tutup we är-aýalyň birini has amatsyz ýagdaýda goýýan ýa-da Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň umumy başlangyçlaryna we düýp manysyna garşy gelýän beýleki şertleri özünde saklap bilmez.

 

46-njy madda. Nika şertnamasynyň üýtgedilmegi we ýatyrylmagy

 

1. Nika şertnamasy är-aýalyň ylalaşmagy boýunça islendik wagt üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilner. Nika şertnamasyny üýtgetmek ýa-da ýatyrmak hakynda ylalaşyk edil nika kontrakty ýaly görnüşde we tertipde amala aşyrylýar.

Nika şertnamasyny ýerine ýetirmekden ýa-da üýtgetmekden bir taraplaýyn ýüz dönderilmegine ýol berilmeýär.

2. Är-aýalyň biriniň talap etmegi boýunça nika şertnamasy şu Kodeksde we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen esaslar boýunça we tertipde kazyýetiň çözgüdi esasynda üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilner.

3. Nika şertnamasynyň hereketi şu Kodeksiň 28-nji maddasyna laýyklykda nikanyň bozulan pursatyndan bes edilýär.

 

47-nji madda. Nika şertnamasyny hakyky däl diýip ykrar etmek

 

1. Nika şertnamasy, geleşikleriň hakyky däldigi üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça, kazyýet tarapyndan doly ýa-da bölekleýin hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner.

2. Nika şertnamasy, är-aýalyň (olardan biriniň) hak islegi boýunça şu Kodeksiň 45-nji maddasynyň dördünji böleginiň talaplary bozulanda, eger nika şertnamasynyň şertleri ärini ýa-da aýalyny has amatsyz ýagdaýda goýsa, şeýle hem şu Kodeksiň 48-nji maddasynda göz öňünde tutulan talaplar bozulan halatynda kreditorlaryň hak islegi boýunça kazyýet tarapyndan doly ýa-da bölekleýin hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner.

 

48-nji madda. Nika şertnamasy baglaşylanda, üýtgedilende ýa-da ýatyrylanda kreditorlaryň hukuklarynyň kepillikleri

 

Är-aýalyň her biri nika şertnamasyny baglaşmak, üýtgetmek ýa-da ýatyrmak hakynda öz kreditorlaryna habar bermäge borçludyr. Bu borçlar ýerine ýetirilmedik mahalynda bergidar äri (aýaly) öz borçnamalary boýunça nika şertnamasynyň mazmunyna garamazdan jogap berýär.


 

Türkmenistanyň Maşgala kodeksinden alynma

 

5-nji bap. Nikany bozmagyň tertibi. Nikanyň bozulmagynyň

döwlet tarapyndan bellige alynmagy. Nikanyň bes edilmegi

 

22-nji madda. Nikanyň bozulmagy üçin esaslar. Nikanyň bes edilmegi

 

1. Nika är-aýalyň (olaryň biriniň) arzasy boýunça, şeýle hem kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen äriniň (aýalynyň) hossarynyň arzasy boýunça bozulýar.

2. Nika şu halatlarda bes edilýär:

1) är-aýalyň biri ölende ýa-da kazyýet tarapyndan är-aýalyň biri ölen diýlip yglan edilende;

2) nikanyň bozulmagy bellige alnanda;

3) nikany hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda kazyýetiň çözgüdi kanuny güýje girende.

 

23-nji madda. Nikanyň bozulmagyna ýol berilmezligi

 

1. Nika şu ýagdaýlarda aýalyň razylygy bolmazdan bozulyp bilinmez:

1) onuň göwreliligi döwründe;

2) är-aýalyň bir ýaşyna ýetmedik çagasy bolanda.

2. Şeýle-de, eger är-aýalyň biri hossar bolsa, nika kämillik ukyby ýok adamyň hossarynyň arzasy boýunça bozulyp bilinmez.

 

24-nji madda. Nikany bozmagyň tertibi we täze nika baglaşmaga hukuk

 

1. Nikanyň bozulmagy RÝNÝ edarasy tarapyndan, şu Kodeksiň 26-njy maddasynda göz öňünde tutulan halatlarda bolsa, kazyýet tarapyndan geçirilýär.

2. Nikasyny bozan adamlar, diňe RÝNÝ edaralarynda nika bozulandygy hakynda şahadatnamany alanlaryndan soň, täze nika baglaşmaga haklydyrlar.

 

25-nji madda. Nikanyň RÝNÝ edarasy tarapyndan bozulmagy. Nikanyň bozulmagynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy we onuň resmileşdirilmegi

 

1. Är-aýalyň özara razylygy boýunça nikanyň bozulmagy, olaryň kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten umumy çagalary bolmadyk we är-aýalyň bilelikde edinen emlägini (mundan beýläk - bilelikdäki emläk) bölmek hakynda, zähmete ukypsyz mätäç bolan ärini (aýalyny) ekläp-saklamak üçin serişdeleri tölemek hakynda jedel bolmadyk mahalynda, är-aýalyň bilelikdäki arzasynyň esasynda RÝNÝ edarasy tarapyndan arza berlen gününden iki aý geçenden soň geçirilýär.

2. Eger şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan bilelikdäki arzany bermek üçin är-aýalyň biriniň RÝNÝ edarasyna gelmäge mümkinçiligi bolmasa, äriniň (aýalynyň) nikany bozmak hakynda erk-islegi aýratyn arza bilen resmileşdirilip bilner. Şu halatda RÝNÝ edarasyna gelmäge mümkinçiligi bolmadyk äriniň (aýalynyň) arzadaky golunyň hakykydygyna kepillendiriş tertibinde güwä geçilen bolmalydyr.

Eger bilelikdäki arzany bermäge mümkinçiligi bolmadyk äri (aýaly) nikany bozmak we nikanyň bozulmagyny bellige almak üçin bellenilen möhletde RÝNÝ edarasyna gelip bilmeýän halatynda, ol bu barada, özi bolmazdan nikanyň bozulmagyna garşy däldigi we nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnamany almagy başga adama ynanýandygy barada arzany iberip biler. Şu halatda bellenilen möhletde RÝNÝ edarasyna gelmäge mümkinçiligi bolmadyk äriniň (aýalynyň) arzadaky golunyň hakykydygyna  kepillendiriş tertibinde güwä geçilen bolmalydyr.

3. Är-aýalyň biriniň, nikanyň är-aýalyň özara razylygy boýunça bozulmagy we onuň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin bellenilen möhletde gelmedik we ondan nikasynyň bozulmagyna razy däldigi barada arza gelip gowuşmadyk halatynda, nikanyň bozulmagy we nikanyň bozulmagynyň bellige alynmagy är-aýalyň biriniň gatnaşmagynda hem geçirilip bilner.

Eger nikanyň bozulmagy är-aýalyň özara razylygy boýunça we nikanyň bozulmagynyň bellige alynmagy är-aýalyň biriniň gatnaşmagynda geçirilen bolsa, nika bozulanda we nikanyň bozulmagy bellige alnanda gatnaşmadyk äri (aýaly) nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnamany alyp biler. Eger äriniň (aýalynyň) hut özüniň gelmäge mümkinçiligi bolmasa, onda äri (aýaly) nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnamany bermek barada arzasyny iberip biler. Şu halatda RÝNÝ edarasyna gelmäge mümkinçiligi bolmadyk äriniň (aýalynyň) arzadaky golunyň hakykydygyna kepillendiriş tertibinde güwä geçilen bolmalydyr.

4. Är-aýalyň biriniň arzasy boýunça nikanyň bozulmagy, är-aýalyň kämillik ýaşyna ýetmedik we kämillik ýaşyna ýeten zähmete ukypsyz umumy çagalarynyň bolmagyna garamazdan, RÝNÝ edarasy tarapyndan geçirilýär, eger är-aýalyň beýlekisi:

1) kazyýet tarapyndan nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen bolsa;

2) kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen bolsa;

3) jenaýat edendigi üçin azyndan üç ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilen bolsa.

Nika şu bölekde göz öňünde tutulan esaslar boýunça bozulan halatynda är-aýalyň beýlekisi nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar etmek hakynda kazyýetiň çözgüdiniň nusgasy ýa-da är-aýalyň beýlekisine azyndan üç ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilendigi barada kazyýetiň höküminiň göçürilen nusgasy arza goşulýar.

5. Är-aýalyň biriniň arzasy boýunça nikanyň bozulmagy we nikanyň bozulmagynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy, eger är-aýalyň beýlekisi jenaýat edendigi üçin azyndan üç ýyl möhlete azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilen bolsa, nikany bozmak hakynda arza berlen günden iki aý geçenden soň, eger kazyýet tarapyndan nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen bolsa, bir aý geçenden soň arza beren äriniň (aýalynyň) gatnaşmagynda geçirilýär.

6. Nikany bozmak hakynda arzany kabul eden RÝNÝ edarasy üç iş gününiň dowamynda jeza çekýän ärine (aýalyna) ýa-da kämillik ukyby ýok äriniň (aýalynyň) hossaryna ýa-da nam-nyşansyz giden äriniň (aýalynyň) emlägini dolandyrýana, olar bolmadyk halatynda bolsa hossarlyk we howandarlyk edarasyna gelip gowşan arza, nikany bozmak we nikanyň bozulmagyny döwlet tarapyndan bellige almak üçin bellenilen sene hakynda habar berýär.

7. Nikany bozmak we nikanyň bozulmagyny döwlet tarapyndan bellige almak är-aýalyň (olardan biriniň) ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edarasy tarapyndan geçirilýär.

8. Nikanyň bozulmagy we nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnamanyň berilmegi bilen nikanyň bozulmagynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy, arza RÝNÝ edarasyna berlen gününden başlap, iki aý geçenden soň geçirilýär.

Esasly sebäpler bolan mahalynda, şeýle hem şu maddanyň üçinji böleginde göz öňünde tutulan halatynda möhlet üç aýa çenli uzaldylýar.

 

26-njy madda. Nikanyň kazyýet tarapyndan bozulmagy. Nikanyň bozulmagynyň bellige alynmagy

 

1. Nikany bozmak hakynda işe kazyýet tarapyndan Türkmenistanyň raýat iş ýörediş kanunçylygynda bellenilen hak islegi önümçiligi tertibinde garalýar.

2. Nikanyň kazyýet tarapyndan bozulmagy şu ýagdaýlar bolan mahalynda geçirilýär:

1) är-aýalyň kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten umumy çagalary bolan halatynda, şeýle hem nikanyň bozulmagyna är-aýalyň biriniň razylygy bolmasa, şu Kodeksiň 23-nji maddasynyň birinji böleginde we 25-nji maddasynyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir;

2) bilelikdäki emläk hakynda jedel bolanda;

3) kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamyň nikasynyň bozulmagy hakynda onuň hossarynyň arzasy bar bolsa, şu Kodeksiň 23-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir;

4) jenaýat edenligi üçin azatlykdan mahrum etmeklige iş kesileniň özüniň nikasynyň bozulmagy hakynda arzasy bar bolsa.

3. Nikanyň kazyýet tarapyndan bozulmagy haçanda är-aýalyň biriniň garşylygynyň ýoklugyna garamazdan, RÝNÝ edarasy tarapyndan nikanyň bozulmagyndan ýüz dönderilen halatynda hem (är-aýalyň özara razylygy boýunça bilelikdäki nika bozmak barada arzany bermek üçin gelmek islemeýän bolsa we ş.m.) geçirilýär.

4. Nika şu halatlarda bozulýar:

1) eger kazyýet tarapyndan mundan beýläk är-aýalyň bile ýaşamagynyň we maşgalanyň saklanyp galmagynyň mümkin däldigi anyklanylsa;

2) eger är-aýaly ýaraşdyrmak üçin çäreler netije bermese we är-aýal (olaryň biri) nikanyň bozulmagyny talap etse;

3) är-aýalyň biriniň bolmadyk mahalynda (gelmese, ýaşaýan ýeri belli bolmasa we ş. m.).

5. Kazyýetiň çözgüdi esasynda nikanyň bozulmagynyň, nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnamanyň berilmegi bilen döwlet tarapyndan bellige alynmagy är-aýalyň (olardan biriniň) arzasy boýunça ýa-da kämillik ukyby ýok äriniň (aýalynyň) hossarynyň arzasy boýunça är-aýalyň (olardan biriniň) ýaşaýan ýerindäki ýa-da kazyýetiň çözgüdiniň çykarylan ýerindäki RÝNÝ edarasy tarapyndan geçirilýär.

6. Är-aýal (olaryň biri) ýa-da kämillik ukyby ýok äriniň (aýalynyň) hossary beýleki adamlary nikanyň bozulmagyny döwlet tarapyndan bellige aldyrmak hakynda arzany bermäge ýazmaça görnüşde ygtyýarly edip biler. Şu halatda äriniň (aýalynyň) ýa-da kämillik ukyby ýok äriniň (aýalynyň) hossarynyň golunyň hakykydygyna kepillendiriş tertibinde güwä geçilen bolmalydyr.

7. Nikanyň bozulmagynyň bellige alnandygy hakynda nikasy bozulan adamlaryň pasportynda (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamada) nikanyň bozulmagynyň bellige alnan ýerini we wagtyny hem-de nikanyň bozulmagy bellige alnandan soň äriniň (aýalynyň) aljak familiýasyny görkezmek bilen bellik edilýär (ýazgy geçirilýär).

 

27-nji madda. Nikanyň bozulmagy hakynda işe garalanda kazyýetiň borçlary

 

1. Nikanyň bozulmagy hakynda işe garalanda kazyýet şu aşakdakylara borçludyr:

1) är-aýaly ýaraşdyrmak we maşgalany saklamak üçin çäreler görmäge, zerur halatlarda är-aýaly ýaraşdyrmak üçin alty aýa çenli möhlet belläp, işe garamagyny gaýra goýmaga;

2) kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten çagalaryň är-aýalyň haýsysy bilen ýaşajakdygyny, kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten çagalary ýa-da zähmete ukypsyz äri (aýaly) ekläp-saklamak üçin serişdeleri tölemegiň tertibini we möçberini, emläk hakynda jedeliň bardygyny är-aýaldan anyklamaga. Şunda kazyýet çaganyň iň gowy bähbitlerini nazara almalydyr;

3) är-aýalyň (olardan biriniň) haýyşy boýunça kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten çagalaryň nika bozulandan soň ata-enesiniň haýsysy bilen ýaşajakdygyny, ata-enesiniň haýsysyndan we näçe möçberde alimentiň tutup alynmagyny anyklamaga, emlägi bölmegi geçirmäge;

4) eklenip-saklanylmaga hukugy bolan äriniň (aýalynyň) haýyşy boýunça bu eklenip-saklanylmak üçin serişdäniň möçberini kesgitlemäge.

2. Är-aýalyň ikisiniň nikanyň bozulmagyna razylygy bolanda  we olaryň arasynda jedel bolmadyk halatynda nikany bozmak üçin üç aýa çenli möhlet bellenilýär.

3. Eger emlägiň bölünmegi üçünji taraplaryň bähbitlerine galtaşýan bolsa, onda kazyýet emlägi bölmek hakynda talaby aýratyn önümçilige almaga borçludyr.

 

28-nji madda. Nika bozulanda onuň bes edilýän wagty

 

Nika, şu Kodeksiň 34-nji maddasynda görkezilenden başga ýagdaýda, onuň bozulmagy RÝNÝ edaralarynda döwlet tarapyndan bellige alnan gününden bes edilýär.

 

29-njy madda. Kazyýet tarapyndan ölen diýlip yglan edilen ýa-da nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen äri (aýaly) gelen halatynda nikanyň dikeldilmegi

 

1. Kazyýet tarapyndan ölen diýlip yglan edilen äri (aýaly) gelen halatynda we ony ölen diýip yglan etmek hakynda kazyýetiň çykaran çözgüdi ýatyrylan mahalynda, eger aýaly (äri) täze nika baglaşmadyk bolsa, nika dikeldilen diýlip hasap edilýär.

2. Kazyýet tarapyndan nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen äri (aýaly) gelen halatynda we ony nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmek hakynda kazyýetiň çykaran çözgüdi ýatyrylan hem-de onuň bilen baglaşylan nika RÝNÝ edarasy tarapyndan bozulan mahalynda, eger aýaly (äri) täze nika baglaşmadyk bolsa, nika är-aýalyň bilelikdäki arzasy boýunça RÝNÝ edarasy tarapyndan dikeldilip bilner. Bu ýagdaýda nikanyň bozulmagy hakynda nama ýazgysy ýatyrylýar.

 

30-njy madda. Nika bozulanda äriniň (aýalynyň) familiýasyny saýlamaga bolan hukugy

 

Nika bozulanda äriniň (aýalynyň) özüniň nika baglaşmagyndan öňki familiýasyny saýlamaga ýa-da nika baglaşylanda saýlan familiýasyny saklamaga haklydyr. Nika baglaşmagyndan öňki familiýasyny saýlan halatynda, ol bu hakda nikanyň bozulmagy bellige alnanda hökman mälim etmelidir, bu barada degişli ýazgy edilýär.

 

31-nji madda. Nikanyň bozulmagynyň bellige alnandygy hakynda habar bermek

 

Nikanyň bozulmagyny döwlet tarapyndan bellige  almagy geçiren RÝNÝ edarasy bu hakda nikanyň baglaşylmagyny döwlet tarapyndan bellige almagy geçiren RÝNÝ edarasyna habar bermäge borçludyr.

 


 

Türkmenistanyň Maşgala kodeksinden alynma

 

 

6 -njy bap. Nikanyň hakyky däldigi

 

32-nji madda. Nikany hakyky däl diýip ykrar etmegiň esaslary

 

1. Nika şu halatlarda hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner:

1) nika baglaşmak üçin şu Kodeksiň 15-nji, 16-njy we 20-nji maddalarynda bellenilen şertleriň bozulmagy;

2) nika mejbur etmek ýa-da aldaw boýunça baglaşylanda, şeýle hem galp nikada;

3) şu Kodeksiň 21-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlaryň bolmagy.

2. Eger nikany hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda işe garalan pursatyna çenli nikanyň baglaşylmagyna päsgel berýän ýagdaýlar aradan aýrylan bolsa, ol bu ýagdaýlaryň aradan aýrylan pursatyndan başlap hakyky diýlip ykrar edilip bilner.

 

33-nji madda. Nikany hakyky däl diýip ykrar etmegiň tertibi

 

1. Nikany hakyky däl diýip ykrar etmek kazyýet tertibinde geçirilýär.

2. Är-aýal (olardan biri) ýa-da şu nikany baglaşmak bilen hukuklary bozulan adamlar, şeýle hem hossarlyk we howandarlyk edaralary ýa-da prokuror nikanyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegini talap etmäge haklydyrlar.

3. Nikany hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda kazyýetiň çykaran çözgüdi kanuny güýje giren gününden başlap, kazyýet üç iş gününiň dowamynda bu çözgüdiň göçürmesini nikanyň baglaşylmagynyň döwlet tarapyndan bellige alnan ýerindäki RÝNÝ edarasyna ibermäge borçludyr.

Nikanyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi onuň baglaşylan gününden hasap edilýär.

 

34-nji madda. Nikanyň hakyky däldiginiň prezumpsiýasy

 

Eger är-aýal nika baglaşanlarynda özleriniň nikasynyň baglaşylmagyna päsgel berýän ýagdaýlar barada bilmedik bolsalar, ol kazyýetde şeýle ýagdaýlaryň anyklanan pursatyndan başlap bes edilýär, ýöne ony baglaşan adamlar bu nikanyň bes edilmegine çenli maşgala hukuklaryny we borçlaryny hakyky nikadaky ýaly amala aşyrýarlar.

 

35-nji madda. Nika ýaşyna ýetmedik adam bilen baglaşylan nikany hakyky däl diýip ykrar etmek

 

1. Nika ýaşyna ýetmedik adam bilen baglaşylan nika, eger muny nika ýaşyna ýetmedik nika baglaşan äriniň (aýalynyň) bähbitleri talap edýän bolsa, kazyýet tarapyndan hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner.

2. Şu esas boýunça nikany hakyky däl diýip ykrar etmek barada talap etmäge nika ýaşyna ýetmedik äriniň (aýalynyň), onuň ata-enesiniň ýa-da howandarynyň, prokuroryň, şeýle hem hossarlyk we howandarlyk edarasynyň hukugy bardyr.

3. Eger är (aýal) işe garalýan pursatynda nika ýaşyna ýeten bolsa, onda nika diňe onuň talap etmegi boýunça hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner.

 

36-njy madda. Mejbury ýa-da aldaw boýunça baglaşylan nikany hakyky däl diýip ykrar etmek

 

1. Eger nika mejbury ýa-da aldaw boýunça baglaşylan bolsa, onda ol äriniň (aýalynyň) ýa-da prokuroryň talaby boýunça kazyýet tarapyndan hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner.

2. Mejbury ýa-da aldaw boýunça nika baglaşylmagynyň fakty kazyýet tarapyndan anyklanylmalydyr.

 

37-nji madda. Galp nikanyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi

 

1. Galp nika kazyýet tarapyndan hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner.

2. Eger nika baglaşan adamlar kazyýet tarapyndan işe garalmagyna çenli maşgalany hakykatda döreden bolsalar, nika galp diýlip ykrar edilip bilinmez.

3. Prokuror galp nikanyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi hakynda hak islegini bildirmäge haklydyr.

 

38-nji madda. Nikanyň päsgel berýän ýagdaýlar bilen baglanyşykly hakyky däl diýlip ykrar edilmegi

 

1. Şu Kodeksiň 20-nji maddasynda göz öňünde tutulan şertleriň bozulmagy bilen bellige alnan nika kazyýet tarapyndan hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner.

2. Eger kazyýetde işe garalýan pursatyna çenli nikanyň baglaşylmagyna päsgel berýän ýagdaýlar aýrylan bolsa, bu ýagdaýlaryň düzedilen pursatyndan başlap, kazyýet nikany hakyky diýip ykrar edip biler.

3. Bu ýagdaýlar boýunça nikany hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda hak islegini bildirmäge är-aýal we hukuklary bozulan adamlar, hossarlyk we howandarlyk edaralary, şeýle hem prokuror haklydyrlar.

 

39-njy madda. Nikany hakyky däl diýip ykrar etmegiň netijeleri

 

1. Hakyky däl diýlip ykrar edilen nika är-aýalyň şu Kodeksde bellenilen hukuklaryny we borçlaryny döretmeýär, şu maddanyň dördünji we bäşinji böleklerinde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

2. Nika hakyky däl diýlip ykrar edilende nikanyň baglaşylmagyna päsgel berýän ýagdaýlar hakynda bilmedik we bilmegi mümkin bolmadyk ynsaply äriň (aýalyň) şu Kodeksiň 60-njy, 61-nji maddalaryna laýyklykda är-aýalyň beýlekisi tarapyndan eklenilip-saklanylmaga, nikanyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegine çenli bilelikdäki emläk bölünende bolsa - şu Kodeksiň 56-58-nji maddalaryna laýyklykda özüne berilmäge degişli paýa hukugy bardyr.

3. Nikasy hakyky däl diýlip ykrar edilen adamlaryň emläk gatnaşyklary Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda bellenilen tertipde düzgünleşdirilýär.

4. Nikanyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi, şeýle nikanyň netijesinde doglan çagalaryň hukuklaryna täsir etmeýär.

5. Ynsaply äri (aýaly) nika hakyky däl diýlip ykrar edilende nikanyň baglaşylmagy döwlet tarapyndan bellige alnanda özüniň saýlan familiýasyny saklap galmaga haklydyr.

 

40-njy madda. Ynsaply ärine (aýalyna) ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagy

 

Nikanyň hakyky däl diýlip ykrar edilmeginiň netijesinde emläk zyýany (zeleli) ýetirilen ynsaply äri (aýaly) onuň öweziniň dolunmagyny kazyýet tertibinde talap etmäge haklydyr.

 

41-nji madda. Är-aýal ölenden soň nikanyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegine ýol berilmezligi

 

Är-aýalyň ikisi ölenden soň nikanyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi talap edilip bilinmez.

 

42-nji madda. Baglaşylan nika hakyky däl bolan mahalynda täze nikanyň baglaşylmagy

 

Nikasy hakyky däl diýlip ykrar edilen adamlar, baglaşylan nikasynyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegine getiren esaslar aýrylanda, umumy tertipde täzeden nika baglaşyp bilerler.

 


Ähli hukuklar goralan © 2014 Türkmenistanyň Adalat ministrligi