Resminamalary Kanunlaşdyrmak

Resminamalary Kanunlaşdyrmak


Türkmenistanda resminamalary kanunlaşdyrmak (legalizasiýa) - resminamalardaky we güwänamalardaky gollaryň hakykylygyny we olaryň bolunýan döwletiň kanunlaryna laýyk gelýändigini anyklamagy we döwlet hem-de iňlis dillerinde kanunlaşdyryjy ýazgyny ýazmak ýa-da kanunlaşdyryjy möhürçäni goýmak arkaly olara güwä geçmegi öz işine alýar.

Türkmenistan Daşary işler ministrliginiň Konsullyk gullugy müdirligi daşary ýurtlarda şahsy adamlaryň we edara görnüşindäki taraplaryň peýdalanmagy üçin niýetlenilen resmi namalary, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanyň çäklerinde peýdalanmak üçin resmi namalaryny kanunlaşdyrýar.

Türkmenistan tarapyndan resminamalary döwlet notariusynyň güwä geçen nusgalarynda kanunlaşdyrýar, onuň goluna Türkmenistanyň Adalat ministrligi güwä geçýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk gullugy müdirliginde kanunlaşdyrylandan soň resminamalar öz çäklerinde şol resminamalar ulanyljak döwletiň diplomatik wekilçiliginde ýa-da konsullyk edarasynda kanunlaşdyrylýar.

Bu kadalar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 2005-nji ýylyň 2-nji maýynda çykaran № 19-ДCП buýrugy bilen tassyklanylan we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2005-nji ýylyň 14-nji iýunynda 350-nji bellige alyş san bilen bellige alnan, Konsullyk babatda kanunlaşdyrmagyň tertibi hakynda Gollanma bilen düzgünleşdirilýär.


Döwlet notariusynyň golunyň we döwlet notarial edarasynyň tugraly möhrüniň hakykylygyny tassyklamak üçin tabşyrylýan resminamalaryň sanawy

Fiziki şahslar üçin:
* Arza
* Döwlet notariusy tarapyndan şaýatlyk edilen resminamalar.
Ýuridiki şahslar üçin:
* Arza
* Esaslandyryş resminamalaryň nusgasy;
* Ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň nusgasy;
* Döwlet notariusy tarapyndan şaýatlyk edilen resminamalar.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleri tarapyndan 1993-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda gol çekilen Raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakyndaky Konwensiýanyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Ylalaşýan Taraplaryň biriniň çäklerinde taýýarlanylan ýa-da edara ýa-da muňa ýörite ygtyýarly edilen adam tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde we bellenilen görnüşi boýunça güwä geçilen hem-de tugraly möhür bilen berkidilen resminamalar haýsydyr bir ýörite güwä geçilmezden beýleki Ylalaşýan Taraplaryň çäklerinde kabul edilýär. Ylalaşýan Taraplaryň biriniň çäklerinde resminamalar hökmünde garalýan resminamalar beýleki Ylalaşýan Taraplaryň çäklerinde resminamalaryň subut ediş güýjünden peýdalanýar diýlip bellenilen.


B I L D I R I Ş

 

 

  2016-njy ýylyň 1-nji awgustyndan fiziki we ýuridiki şahslaryň daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralarynda berilýän resminamalary kanunlaşdyrylan mahaly, welaýatlaryň çäginde ýerleşýän döwlet notariusynyň golunyň we döwlet notarial edarasynyň möhrüniň yzynyň hakykydygyna welaýatlaryň adalat bölümleri  güwä geçýärler.

 

 

    Ahal welaýat adalat bölümi  

 

           Habarlaşmak üçin tel: (800137) 3-36-74, 3-36-04

           Salgysy: Änew şäheri Ahal köçesi 5-nji jaýy

 

   Balkan welaýat adalat bölümi  

 

   Habarlaşmak üçin tel: (800 222) 6-05-54, 6-05-44

           Salgysy: Balkanabat şäheri 144-nji ýaşaýyş jaý toplumy 13-nji jaýy

 

   Daşoguz welaýat adalat bölümi  

 

   Habarlaşmak üçin tel: (800 322) 7-05-07, 7-05-02

           Salgysy: Daşoguz şäheri S.Türkmenbaşy şaýoly 7-nji jaýy

 

   Lebap welaýat adalat bölümi  

 

   Habarlaşmak üçin tel: (800 422) 3-20-54

   Salgysy: Türkmenabat şäheri A.Nyýazow köçesi 8-nji jaýy

 

   Mary welaýat adalat bölümi  

 

   Habarlaşmak üçin tel: (800 522) 7-17-83, 7-05-01

           Salgysy: Mary şäheri Gökdepe köçesi 4-nji jaýy