Notariat we Notarial Işi

Notariat we Notarial Işi


TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Notariat we notarial işi hakynda

 

(Türkmenistanyň 24.10.2015 ý. № 292-V Kanuny esasynda

girizilen goşmaça bilen)

 

Şu Kanun Türkmenistanda notariatyň guramaçylyk we hukuk esaslaryny, şeýle hem notarial işini amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär.

 

I bölüm. NOTARIATYŇ IŞINIŇ GURAMAÇYLYK

WE HUKUK ESASLARY

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Türkmenistanda notariat

 

Türkmenistanda notariat – bu jedelsiz hukuklary, şeýle hem ýuridik ähmiýeti bolan faktlary tassyklamak we olara ýuridik takyklygy bermek üçin notarial işini amala aşyrmak wezipeleri ýüklenen edaralardan we ygtyýarly adamlardan ybarat bolan ulgamdyr.

 

2-nji madda. Notariatyň esasy wezipesi

 

Türkmenistanyň adyndan notarial hereketlerini amala aşyrmak arkaly fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň, şeýle hem döwletiň bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmek notariatyň esasy wezipesi bolup durýar.

 

3-nji madda. Notariat we notarial işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

1. Notariat we notarial işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we notarial işini amala aşyrmak bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

4-nji madda. Notarial işi

 

Notarial işi – bu döwlet notariusy tarapyndan şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan notarial hereketleriniň amala aşyrylmagydyr.

 

5-nji madda. Notarial işiniň esasy ýörelgeleri

 

Türkmenistanda notarial işi kanunylyk, adalatlylyk, garaşsyzlyk we notarial hereketleriniň amala aşyrylmagynyň syryny saklamak ýörelgelerine esaslanýar.

 

6-njy madda. Notarial işi amala aşyrylanda kanunylyk

 

Türkmenistanda notarial işi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

7-nji madda. Notarial işi amala aşyrylanda adalatlylyk

 

1. Notarial işi ähli adamlar üçin olaryň haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigine ýa-da hiç partiýa degişli däldigine garamazdan deň şertlerde amala aşyrylýar.

2. Netijeleri özleri üçin emläk ýa-da gaýry şahsy bähbidi bolan notarial hereketlerini amala aşyrmaga döwlet notariuslarynyň, notarial işini amala aşyrmak wezipeleri ýüklenen ygtyýarly adamlaryňhaky ýokdur.

 

8-nji madda. Notarial işi amala aşyrylanda garaşsyzlyk

 

1. Notarial işini amala aşyrýan adamlar üstlerine ýüklenilen borçlary ýerine ýetirenlerinde garaşsyzdyrlar we diňe Türkmenistanyň kanunlaryna tabyndyrlar.

2. Notarial işini amala aşyrýan adamlara ýüklenilen borçlar ýerine ýetirilende olara bikanun täsir edilmegine ýol berilmeýär we ol Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

9-njy madda. Notarial hereketleriň amala aşyrylmagynyň syryny saklamak

 

1. Fiziki we ýuridik şahslara olar babatda amala aşyrylan notarial hereketleriniň syrynyň saklanylmagy kepillendirilýär.

2. Notarial işini amala aşyrýan adamlar amala aşyran notarial hereketleriniň syrynyň saklanylmagyny üpjün edýärler.

3. Amala aşyrylan notarial hereketleriň syrynyň saklanylmagyny üpjün etmek notarial işinibes eden adamlar üçin hem hökmany talapdyr.

Amala aşyrylan notarial hereketleriň syryny saklamak borjy döwlet notariuslarynyň tälim alyjylaryna we kömekçilerine hem degişlidir.

4. Döwlet notariusy tarapyndan amala aşyrylan notarial hereketleri barada maglumatlar, berlen resminamalaryň nusgalary ýa-da öwezlikleri diňe bu hereketler öz adyndan, öz adyna, öz tabşyrmagy boýunça ýa-da özi babatda amala aşyrylan fiziki we ýuridik şahslara berilýär.

5. Notarial hereketleri barada maglumatlar we resminamalar önümçiliginde bolan işler boýunça kazyýetiň, prokuratura, anyklaýyş hem-de derňew edaralarynyň ýazmaça talap etmegi boýunça, şeýle hem şu Kanun bilen döwlet notariusynyň işine gözegçiligi amala aşyrmaga ygtyýarly edaralara berilýär.

6. Amala aşyrylan notarial hereketleri barada maglumatlar gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrýan döwlet bellige alyjysynyň ýazmaça talap etmegi boýunça berilýär, muňa Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda diňe gyzyklanýan şahslara berilýän resminamalar girmeýär.

7. Wesýetnama barada maglumatlar wesýet edijiniň diri wagtynda onuň özüne berilýär, wesýet ediji ölenden soň bolsa, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şu maddanyň dördünji-altynjy böleklerinde görkezilen şahslara we edaralara, şeýle hem wesýet edijiniň mirasdarlaryna berilýär.

8. Mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berlenligi barada maglumatlar degişli salgyt gullugy edaralaryna berilýär.

9. Notarial hereketlerini amala aşyrmagyň syryny berjaý etmek borjy bu hereketler barada gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly özlerine mälim bolan adamlara, şeýle hem notarial hereketlerine gatnaşan beýleki şahslara degişlidir.

10. Amala aşyrylan notarial hereketleri barada maglumatlary aýan eden adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

 

10-njy madda. Notarial hereketlerini amala aşyrmaga bolan hukuk

 

1. Ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, şeýle hem şu Kanunda bellenilen halatlarda we çäklerde şular notarial hereketlerini amala aşyrmaga bolan hukuga eýedirler:

1) döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy (mundan beýläk – döwlet notariusy);

2) Geňeşleriň wezipeli adamlary;

3) Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň wezipeli adamlary;

4) şu Kanunyň 37-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda notarial hereketlerini amala aşyrmaga hukugy bolan wezipeli adamlar.

Şu Kanunyň maksatlary üçin şu bölegiň 2‒4-nji bentlerinde görkezilen wezipeli adamlar mundan beýläk ygtyýarly wezipeli adamlar diýlip atlandyrylýar.

2. Notarial hereketleri amala aşyrylanda döwlet notariuslarynyň şu Kanuna laýyklykda deň hukuklary bardyr we olar birmeňzeş borçlary ýerine ýetirýärler.

3. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen notarial hereketlerini amala aşyrmaga hukugy bolan adamlar tarapyndan ygtyýarlyklarynyň çäklerinde resmileşdirilen resminamalaryň birmeňzeş ýuridik güýji bardyr.

 

11-nji madda. Notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi  

 

1. Notarial hereketleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

2. Notarial hereketleri amala aşyrylanda döwlet notariusy tarapyndan notarial namasy – Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde düzülen, tassyklanan ýa-da şaýatlyk edilen ýazmaça resminama (notarial taýdan tassyklanan resminama) düzülýär.

 

12-nji madda. Notarial iş önümçiligi

 

1. Notarial iş önümçiligi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanýan Notarial iş önümçiligini alyp barmagyň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Döwlet notariuslary, ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan amala aşyrylan notarial hereketleri bilen baglanyşykly resminamalar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde arhiwe tabşyrylmaga degişlidir.

 

13-nji madda. Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamy

 

1. Notarial işi hakynda maglumatlary toplamagyň, işläp taýýarlamagyň alnyp barylmagyny toplumlaýyn awtomatlaşdyrmak we maglumatlar babatda bilelikde hereketetmegiň (alyş-çalşyň) ähli görnüşlerini üpjün etmek üçin niýetlenilen awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy (mundan beýläk – bir bitewi maglumat ulgamy) notariatyň bir bitewi maglumat ulgamy diýlip ykrar edilýär. Notarial  hereketleri barada, şol sanda elektron resminamalar görnüşinde maglumatlar bir bitewi maglumat ulgamyna goşulmaga degişlidir. Bu maglumatlaryň mazmuny şu Kanuna laýyklykda kesgitlenýär.

2. Elektron resminamalar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda elektron sanly gol bilen tassyklanylyp bilner.

3. Bir bitewi maglumat ulgamyny döretmegiň, saklamagyň, hereket etmeginiň we peýdalanmagyň, şeýle hem onda saklanýan maglumatlary bermegiň tertibi Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan kesgitlenýär.

4. Bir bitewi maglumat ulgamynda saklanýan maglumatlary goramak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

5. Bir bitewi maglumat ulgamynda saklanýan maglumatlara ygtyýarly adamlar we bir bitewi maglumat ulgamynyň maglumatlaryny işläp taýýarlamagy amala aşyrýan adamlar şol maglumat ulgamynda saklanýan maglumatlary üçünji taraplara açmazlyga hem-de olary aýan etmezlige borçludyrlar, muňa Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlar girmeýär.

Görkezilen maglumatlaryň aýan edilenligi ýa-da bikanun peýdalanylanlygy üçin şeýle adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

6. Bir bitewi maglumat ulgamynyň döredilmegi we hereket etmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

 

14-nji madda.Notarial iş önümçiliginiň dili

 

Notarial iş önümçiligi Türkmenistanyň döwlet dilinde alnyp barylýar, notarial hereketlerini amala aşyrmagyň netijeleri boýunça berilýän resminamalar Türkmenistanyň döwlet dilinde resmileşdirilýär.

 

II BAP. DÖWLET NOTARIUSYNYŇ HUKUK ÝAGDAÝY

 

15-nji madda. Türkmenistanda döwlet notariusy

 

1. Eger şu Kanunda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ýokary ýuridik bilimi bolan, döwlet notariusynda alty aýyň dowamynda tälim alan we hünär synagyny geçen Türkmenistanyň raýaty döwlet notariusy bolup biler.

2. Öz-özünden aýrylmadyk ýa-da aýrylmadyk iş kesilenlik aýyby bolan, şeýle hem bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adamlar döwlet notariusy bolup bilmezler. Bozulan hukuklaryň dikeldilmegine degişli bolmadyk esaslar boýunça özi babatda jenaýat işi ýatyrylan, şeýle hem notarial hereketleri amala aşyrylanda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagyna ýol berenligi sebäpli döwlet notariusy wezipesinden boşadylan adamlar hem döwlet notariusy bolup bilmezler.

3. Döwlet notariusy wezipesine bellemek hakynda çözgüt kabul edilende döwlet notariusy wezipesine dalaşgäriň şahsy we iş sypatlary boýunça döwlet notariusynyň wezipesine laýyk gelýänliginden ugur alynmalydyr, şunda adwokatyň, hukuk goraýjy edaralaryň ýa-da beýleki ýuridik şahslaryň ýuridik gulluklarynyň işgärleriniň iş tejribesi hasaba alynýar.

4. Notariat we notarial işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň bozulmagy bilen notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

5. Döwlet notariusy tarapyndan notarial hereketlerini amala aşyrmagyň netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dolunýar.

 

16-njy madda. Döwlet notariuslarynyň kömekçileri we tälim alyjylary

 

1. Döwlet notariusynyň kömekçileri we tälim alyjylary bolup biler, olaryň hukuklary, borçlary we iş şertleri Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenýär.

2. Diňe Türkmenistanyň raýatlary döwlet notariusynyň kömekçisi bolup biler.

3. Döwlet notariusynyň kömekçisi döwlet notarial edarasynyň düzüminde işleýär.

4. Ýokary ýuridik bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary döwlet notariusynyň tälim alyjysy bolup biler. Döwlet notariusynyň tälim alyjylygyna kabul etmek üçin dalaşgärleri seçip almak olaryň şahsy we iş sypatlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.  

Tälim alyjylar döwlet notariusynda tälim almagy geçýärler.

Döwlet notariusynyň tälim alyjysy Türkmenistanyň Adalat ministriniň buýrugy bilen bellenýär. Döwlet notariusynyň tälim alyjysynyň zähmet haky Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenýär.

Tälim almagy geçmegiň tertibi Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan tassyklanýar.

5. Döwlet notariusynyň görkezmesi boýunça kömekçiwe tälim alyjy onuň jogapkärçiliginde tabşyryklary ýerine ýetirýärler, olar notarial herekerlerini amala aşyryp belmezler we olaryň işi kömekçi häsiýete eýedir.

6. Tälim almagyň maksady tälim alyjynyň notarial hereketlerini amala aşyrmak we döwlet notariusynyň işini guramak boýunça hünärleýin bilimleri we tejribe endiklerini almagy bolup durýar.

7. Bir döwlet notariusynda şol bir wagtda ikiden köp tälim alyjy tälim almagy geçip bilmez.

8. Tälim almagy geçmek Türkmenistanyň Adalat ministriniň buýrugy bilen tassyklanýan Tälim alyjylary hünär taýdan taýýarlamagyň ýeke-täk maksatnamasy boýunça amala aşyrylýar.

Tälim alyjylary hünär taýdan taýýarlamagyň ýeke-täk maksatnamasy ähli tälim alyjylar üçin hökmanydyr we döwlet notariusynyň özüni alyp barmagynyň hünärleýin we etiki kadalaryny öwrenmegi, döwlet notariuslary üçin ýa-da tälim alyjylar üçin ýörite guralýan okuw maslahatlaryna gatnaşmagy hem goşmak bilen tälim alyjynyň ýörite nazary bilimleri, notarial hereketlerini amala aşyrmak we döwlet notariusynyň işini guramak boýunça tejribe endiklerini almagyna gönükdirilen çäreleriň sanawyny özünde jemlemelidir.

9. Tälim almak tamamlanandan soň döwlet notariusy netijenama taýýarlaýar, onda tälim alyjynyň tälim almagyň maksatnamasyny ýerine ýetirişi beýan edilýär. Tälim almagyň maksatnamasynyň tälim alyjy tarapyndan doly özleşdirilen halatynda onuň tälim almagy geçmeginiň möhleti gysgaldylyp bilner.

Tälim alyjy tarapyndan tälim almagyň maksatnamasynyň doly özleşdirilmedik halatynda oňa goşmaça, ýöne üç aýdan köp bolmadyk wagt berilýär.

Tälim alyjylary hünär taýdan taýýarlamagyň ýeke-täk maksatnamasynyň doly özleşdirilmegi tälim almagy geçmegiň hökmany şerti bolup durýar.

Tälim alyjy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Notarial işini amala aşyrmaga hukuk berýän hünär synagtoparynyň hünär synagyndan geçenden soň döwlet notariusy wezipesine bellenýär.

 

17-nji madda. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Notarial işini amala aşyrmaga hukuk berýän hünär synag topary

 

1. Notarial işini amala aşyrmaga hukuk almaga dalaşgärlik edýän adam Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Notarial işini amala aşyrmaga hukuk berýän hünär synag toparynda hünär synagyny geçýär.

2. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Notarial işini amala aşyrmaga hukuk berýän hünär synag toparynyň düzümi, onuň işiniň tertibi, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Notarial işini amala aşyrmaga hukuk berýän hünär synag topary tarapyndan hünär synagyny geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan tassyklanýar.

3. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Notarial işini amala aşyrmaga hukuk berýän hünär synag toparynyň işini üpjün etmek bu ministrlik tarapyndan amala aşyrylýar.

 

18-nji madda. Döwlet notariusy

 

1. Döwlet notariusy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde wezipäni eýeleýän döwlet gullukçysy bolup durýar. Döwlet notariusyna şu Kanunyň 15-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen talaplar degişli edilýär.

2. Döwlet notariusyny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Döwlet notariuslaryna, döwlet notarial edaralarynyň maslahatçylaryna hünär derejeleri Türkmenistanyň adalat edaralarynyň işgärleri üçin bellenilen tertipde Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama laýyklykda berilýär.

 

19-njy madda. Döwlet notariusynyň hukuklary

 

1. Döwlet notariusynyň şulara hukugy bardyr:

1) ýüz tutan fiziki we ýuridik şahslaryň bähbitlerine şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan notarial hereketlerini amala aşyrmaga;

2) geleşikleriň, arzalaryň we beýleki resminamalaryň taslamalaryny düzmäge;

3) resminamalaryň nusgalaryny we olardan göçürmeleri taýýarlamaga;

4) notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlaryny bermäge;

5) notarial hereketleri bilen baglyhukuk maslahatlarynyň berlenligi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlananlygy,beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilenligi üçin tölegi almaga;

6) Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan goralýan syrlary düzýän maglumatlary aýan etmezlik şerti bilen notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin zerur bolan maglumatlary we resminamalary ýuridik şahslardan talap etmäge, şeýle hem hünärmenleri çekmäge;

7) mugallymçylyk, ylmy we döredijilik işi bilen meşgul bolmaga.

 

20-nji madda. Döwlet notariusynyň borçlary

 

1. Döwlet notariusy şulara borçludyr:

1) şu Kanuna we kabul eden Kasamyna laýyklykda öz hünär borçlaryny ýerine ýetirmäge;

2) hünär etikasyny berjaý etmäge;

3) şu Kanunyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklykda notarial hereketlerini amala aşyrmaga;

4) fiziki we ýuridik şahslara hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi we kanuny bähbitleriniň goralmagy üçin ýardam etmäge, olara hukuklaryny we borçlaryny düşündirmäge;

5) amala aşyrylýan notarial hereketleriň netijeleri barada ýuz tutan şahslara duýdurmaga;

6) notarial işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly özüne mälim bolan maglumatlaryň syryny saklamaga;

7) öz hereketlerine şikaýatlar boýunça ol şikaýatlara seredýän degişli edaralara amala aşyrylan notarial hereketler barada maglumatlary, gaýry resminamalary, şahsy düşündirişlerini bermäge;

8) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasyna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda zerur bolan maglumatlary bermäge;

9) miraslyk tertibinde raýatlaryň eýeçiligine geçýän emläk barada maglumatlary we bu emlägiň bahasy barada zerur bolan kepilnamalary degişli salgyt gullugy edaralaryna bermäge;

10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýän halatynda notarial hereketlerini amala aşyrmakdan ýüz döndermäge;

11) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde notarial hereketleri barada maglumatlaryň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasyna berilmegi notarial hereketleriň syrynyň aýan edilmegi bolmaýar.

 

21-nji madda. Döwlet notariusynyň iş çägi

 

1. Döwlet notariusynyň iş çägi Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň çäklerinde kesgitlenýär.

2. Döwlet notariusynyň iş çägi şu Kanunyň 25-nji, 59‒60-njy, 67-nji, 74-nji, 79–85-nji, 96-nji, 104-nji we 118-nji maddalarynda göz öňünde tutulan notarial hereketleri amala aşyrylanda berjaý edilýär. Galan beýleki ähli halatlarda notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin fiziki we ýuridik şahslar islendik döwlet notariusyna ýüz tutmaga haklydyrlar.

 

22-nji madda. Döwlet notariusynyň Kasamy we Döwlet notariusynyň hünär etikasynyň kadalary

 

1. Döwlet notariuslary dabaraly ýagdaýda şu mazmunly Kasam kabul edýärler:

«Men, (familiýasy, ady, atasynyň ady), döwlet notariusynyň borçlaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dogry we päk ýürekden, ynsap bilen ýerine ýetirmäge, fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny hem kanuny bähbitlerini, döwletiň bähbitlerini hormatlamaga we goramaga, notarial hereketleriň syryny saklamaga, hemişe we hemme ýerde döwlet notariusynyň belent adynyň arassalygyny saklamaga we oňa mynasyp bolmaga dabaraly kasam edýärin.».

2.Döwlet notariusy Kasamyň beýanynyň aşagyna gol çekýär we ol döwlet notariusynyň şahsy jildinde saklanýar.

3. Kasamy kabul etmedik adam döwlet notariusynyň borçlaryny ýerine ýetirip bilmez.

4. Döwlet notariusy öz borçlaryny ýerine ýetirende Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny we Döwlet notariusynyň hünär etikasynyň kadalaryny berjaý etmelidir.

Döwlet notariusynyň hünär etikasy – döwlet notariusy tarapyndan hünärleýin borçlar ýerine ýetirilende, şol sanda müşderiler, işdeşleri, döwlet edaralarynyň we gaýry guramalaryň wekilleri bilen özara gatnaşyklarda, oňa bildirilýän talaplary kesgitleýän kadalaryň jemidir.

5. Kasamy kabul etmegiň tertibi we Döwlet notariusynyň hünär etikasynyň kadalary Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanýar.

 

23-nji madda. Döwlet notariusynyň möhri, möhürçeleri we blanklary

 

1. Döwlet notariusynyň döwlet notarial edarasynyň ady we döwlet notariusyna berlen san belgisi görkezilen Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen möhri, şeýle hem möhürçeleri we blanklary bolýar.

2. Döwlet notariuslarynyň möhri, möhürçeleri we blanklary Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanýan ýeke-täk nusga boýunça taýýarlanýar. Döwlet notariuslarynyň möhrüniň basylan yzlary we golunyň nusgalary Türkmenistanyň Adalat ministrliginde saklanýar.

3. Blanklary çaphana usuly bilen taýýarlanýar we berk hasabatlylyk resminamalara degişli bolup durýar.

4. Döwlet notarial edaralarynyň möhürleri, möhürçeleri we blanklary Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýa-da onuň ýerlerdäki edaralarynyň buýurmasy boýunça Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna taýýarlanýar.

5. Notarial işini bes eden döwlet notariusy möhrüni, möhürçelerini we blanklaryny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň degişli ýerli edarasyna tabşyrmaga borçludyr.

 

24-nji madda. Döwlet notariusynyň borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly çäklendirmeler

 

Döwlet notariusynyň şulara hukugy ýokdur:

1) özüniň ýa-da ynanylan wekiliniň üsti bilen telekeçilik işi bilen meşgullanmaga;

2) mugallymçylyk, ylmy ýa-da döredijilik işinden başga hak tölenýän iş bilen meşgullanmaga;

3) şertnamalar baglaşylanda, üýtgedilende we bozulanda araçylyk hyzmatlaryny etmäge;

4) maddy bähbitleri almak maksady bilen gulluk ygtyýarlyklaryny esassyz peýdalanmak arkaly fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň maddy bähbitleriniň kanagatlandyrylmagyna ýardam etmäge;

5) wezipe ygtyýarlyklaryny ýa-da olar bilen bagly mümkinçilikleri peýdalanmak arkaly pul, gymmatlyklar, gaýry emläk ýa-da emläk häsiýetli hyzmatlar, gaýry emläk hukuklary görnüşinde peýda almaga;

6) amala aşyrýan notarial hereketlerine degişli bolmadyk resminamalary fiziki we ýuridik şahslardan talap etmäge.

 

25-nji madda. Notarial hereketleriniamala aşyrmak bilen bagly çäklendirmeler

 

1. Öz adyna we öz adyndan, öz äriniň (aýalynyň), onuň we özüniň ýakyn garyndaşlarynyň adyna we olaryň adyndan, degişli döwlet notarial edaralarynyň, Geňeşleriň, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işgärleriniň adyna we olaryň adyndan, şeýle hem degişli döwlet notarial edarasynyň, Geňeşiň, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň adyna we olaryň adyndan notarial hereketlerini amala aşyrmaga döwlet notariuslarynyň, ygtyýarly wezipeli adamlaryň haky ýokdur.

2. Şu Kanunyň 37-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen wezipeli adamlaryň öz adyna we öz adyndan, öz äriniň (aýalynyň), onuň we özüniň ýakyn garyndaşlarynyň adyna we olaryň adyndan, degişli edaralaryň işgärleriniň adyna we olaryň adyndan wesýetnamalary, ynanç hatlaryny tassyklamaga we arzalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk etmäge haky ýokdur.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen ýakyn garyndaşlara ata-eneler (şol sanda perzentlige alanlar), är-aýal, çagalar (şol sanda perzentlige alnanlar), ata we ene, baba we mama, agtyklar, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlar degişlidir.

4. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen halatlarda notarial hereketleri beýleki döwlet notariuslary, Geňeşiň wezipeli adamlary tarapyndan amala aşyrylýar.

5. Notarial hereketleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda anyk döwlet notariuslary tarapyndan amala aşyrylmaly bolan halatynda notarial hereketleriniň amala aşyrylýan ýeri Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

6. Şu maddada bellenilen düzgünleriň bozulmagy bilen amala aşyrylan notarial hereketleri hakyky däldir.

 

26-njy madda. Döwlet notariusynyň, ygtyýarly wezipeli adamyň jogapkärçiligi

 

1. Döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam bikanun hereketleri amala aşyran halatynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýärler.

2. Borçlaryny we hünär etikasynyň kadalaryny bozan halatynda döwlet notariusy Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige çekilýär.

 

III BAP. NOTARIAL IŞINI MALIÝELEŞDIRMEK. NOTARIAL HEREKETLER WE HYZMATLAR ÜÇIN TÖLEG

 

27-nji madda. Döwlet notarial edaralarynyň işini maliýeleşdirmek

 

Döwlet notarial edaralary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

 

28-nji madda. Notarial hereketleriň we hyzmatlaryň tölegi

 

1. Döwlet notariuslary, Geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan amala aşyrylan notarial hereketleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möçberde döwlet pajy alynýar. Döwlet pajynyň möçberi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan döwlet pajyny hasaplamak üçin bellenýän binýatlyk mukdardan ugur alnyp, göterim möçberinde kesgitlenýär.

2. Döwlet notariuslary, Geňeşleriň wezipeli adamlary her bir notarial taýdan tassyklanan resminamada döwlet pajynyň möçberini görkezýärler.

3. Döwlet notariusy, Geňeşiň wezipeli adamy tarapyndan notarial hereketleri bilen baglyhukuk maslahatlarynyň berilenligi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlananlygy, beýleki hukuk we tehnikihyzmatlaryň edilenligi üçin tölegiň möçberi durmuş töleglerini we beýleki tölegleri hasaplamak üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenýän binýatlyk mukdardan ugur alnyp, oňa göterim möçberinde kesgitlenýär.

Notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berilenligi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlananlygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilenligi üçin nyrhlar we olary almagyň tertibi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanýar.

4. Gyzyklanýan şahsyň soramagy boýunça döwlet notarial edarasynyň ýa-da Geňeşiň edara jaýlarynyň daşynda amala aşyrylan notarial hereketleri üçin bellenilen döwlet pajy iki esse möçberde tölenýär we mundan başga-da gyzyklanýan şahslar şol hereketleri amala aşyrmak üçin gidip-gelmek bilen bagly edilen hakyky çykdajylary hem tölemelidirler.

5. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketleriň amala aşyrylanlygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda konsullyk ýygymy, şeýle hem notarial hereketlerini amala aşyrmak bilen bagly çykdajylar alynýar.

 

IV BAP. NOTARIAL IŞINE GÖZEGÇILIK

 

29-njy madda. Döwlet notariusynyň işine gözegçilik

 

1. Amala aşyrylýan notarial hereketleriň kanunylygyna we Notarial iş önümçiligini alyp barmagyň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi amala aşyrýar.

2. Döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam tarapyndan Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi Türkmenistanyň salgyt gullugy edaralary amala aşyrýar.

3. Döwlet notariusy tarapyndan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Döwlet notariusynyň, ygtyýarly wezipeli adamyň işine gözegçilik edýän edaralaryň wezipeli adamlarynyň olaryň borçlaryny ýerine ýetirmekleri bilen gatnaşygy bolan maglumatlar we resminamalar, amala aşyrylýan (amala aşyrylan) notarial hereketleri, fiziki we ýuridik şahslar bilen hasaplaşyklar, şeýle hem beýleki zerur resminamalar bilen tanyşmaga hukugy bardyr.

5. Döwlet notariusynyň, ygtyýarly wezipeli adamyň işine gözegçilik edýän edaralaryň wezipeli adamlary döwlet notariusynyň, ygtyýarly wezipeli adamyň işini barlan wagtynda özüne mälim bolan notarial hereketlerini amala aşyrmagyň syryny saklamaga borçludyrlar. Syryň aýan edilmegi we ýetirilen zyýan üçin bu adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

 

30-njy madda. Notariat we notarial işi bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ygtyýarlyklary

 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi:

1) döwlet notariuslarynyň ilata hukuk hyzmatyny etmek çygrynda kanunylygy üpjün etmek we guramak boýunça işine ýolbaşçylygy, utgaşdyrmagy we gözegçilik etmegi amala aşyrýar;

2) Notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi hakynda düzgünnamany tassyklaýar;

3) Geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan Notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi hakynda düzgünnamany tassyklaýar;

4) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi bilen ylalaşmak boýunça Notarial iş önümçiligini alyp barmagyň düzgünlerini tassyklaýar;

5) Tälim almagy geçmegiň tertibini tassyklaýar;

6) notariatyň we notarial işiniň meseleleri boýunça usulyýet gollanmalaryny we düşündiriş materiallaryny işläptaýýarlaýar;

7) Notarial hereketlerini bellige almagyň sanawyny, notarial iş önümçiliginiň kitaplarynyň görnüşlerini, notarial şahadatnamalaryň, geleşikleriň, şaýatlyk edilýän resminamalaryň, tassyklaýjy ýazgylaryň we beýleki notarial namalarynyň nusgalaryny, şeýle hem blanklaryň görnüşlerini işläp taýýarlaýar hem-de tassyklaýar;

8) ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şu Kanuna laýyklykda notarial işini düzgünleşdirmegi amala aşyrýar;

9) notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlenligi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlananlygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilenligiüçin nyrhlary we olary almagyň tertibini bellenilen tertipde tassyklaýar;

10) döwlet notariuslarynyň hünär synagyny geçirýär;

11) bellenilen tertipde döwlet notariuslaryny düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmek meselelerine seredýär;

12) notarial işiniň meseleleri boýunça gollanmalary we usulyýet maslahatlaryny neşir edýär;

13) döwlet notariuslary tarapyndan notarial hereketleri amala aşyrylanda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine barlaglary geçirýär;

14) şu Kanunda, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

V BAP. DÖWLET NOTARIAL EDARALARY

 

31-nji madda. Döwlet notarial edaralary

 

1. Döwlet notarial edaralarydöwlet notariuslarynyň notarial işini amala aşyrmaklarynyň guramaçylyk görnüşi bolup durýar.

2. Türkmenistanyň Adalat ministrligi döwlet notarial edaralarynyň sanawyny ýöredýär we olaryň işiniň tertibini kesgitleýär.

 

32-nji madda. Döwlet notarial edaralarynyň işiniň guralyşy

 

1. Türkmenistanyň Adalat ministrligi döwlet notarialedaralaryny döredýär we  ýatyrýar, olaryň işine ýolbaşçylyk edýär.

Döwlet notarial edaralarynyň düzümi we işgärleriniň sany bellenilen tertipde Türkmenistanyň Adalat ministri tarapyndan tassyklanýar.

2. Aşgabat şäherinde we welaýatlaryň merkezi bolan şäherlerde döwlet notarial edaralarynyň biri birinji döwlet notarial edarasy hökmünde döredilýär.

Birinji döwlet notarial edarasy notarial hereketlerini amala aşyrmak bilen bir hatarda degişli dolandyryş-çäk birlikleriniň döwlet notarial edaralaryna usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrýar, döwlet notariuslarynyň işini utgaşdyrýar, döwlet notariuslarynyň hünärleriniň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär, döwlet häkimiýet edaralarynda döwlet notariuslarynyň bähbitlerini goraýar we olara wekilçilik edýär, notariatyň we notarial işiniň meseleleri boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyna gatnaşýar, notarial arhiwinde saklanýan notarial resminamalaryň öwezliklerini, nusgalaryny we olardan göçürmeleri berýär.

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan birinji döwlet notarial edarasyna has çylşyrymly notarial hereketleriň amala aşyrylmagy ýüklenilip bilner.

3. Döwlet notarial edarasy ýuridik şahs bolup durýar, onuň Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen we öz ady ýazylan möhri, şeýle hem möhürçeleri we blanklary bardyr. Döwlet notarial edarasyna müdir ýolbaşçylyk edýär.

4. Döwlet notarial edaralary, olaryň ýerleşýän çägi boýunça edara jaýlary bilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan üpjün edilýär.

Döwlet notarial edaralarynyň işgärleri gulluk bilen baglanyşykly başga ýere işe geçirilen halatynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan gulluk ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilýär.

5. Döwlet notarial edaralary statistika we maliýe hasabatlylygyny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýöredýär we notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy, döwlet paçlaryny we beýleki tölegleri tutup almak bilen bagly hasabatlary Türkmenistanyň Adalat ministrligine we beýleki degişli döwlet edaralaryna berýär.

 

33-nji madda. Notarial arhiwi

 

1. Notarial arhiwi notarial işiniň netijesinde emele gelýän resminamalary toplamak, hasaba almak, peýdalanmak we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen möhletleriň dowamynda abat saklamak üçin döredilýär.

2. Döwlet notarial edarasynyň notarial arhiwi degişli döwlet notarial edarasynda ýa-da ýokarda durýan döwlet notarial edarasynda saklanýar.

Döwlet notariusy arhiwdäki resminamalaryň abat saklanylmagyny üpjün edýär.

3. Arhiw resminamalaryň saklanylmaly möhleti geçenden soň, olar Türkmenistanyň döwlet arhiwlerine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tabşyrylýar.

 

II bölüm. NOTARIAL HEREKETLERINI AMALA AŞYRMAK

 

VI BAP. NOTARIAL HEREKETLERINI AMALA AŞYRMAK BOÝUNÇA DÖWLET NOTARIUSLARYNYŇ WE BEÝLEKI WEZIPELI ADAMLARYŇ YGTYÝARLYKLARY

 

34-nji madda. Döwlet notariuslary tarapyndan amala aşyrylýan notarial hereketleri

 

1. Döwlet notariuslary şu notarial hereketlerini amala aşyrýarlar:

1)geleşikleri (şertnamalary, wesýetnamalary, ynanç hatlaryny, nika şertnamalaryny we beýlekileri) tassyklaýarlar;

2) mirasy goramaga zerur çäreleri görýärler;

3) mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berýärler;

4) umumy eýeçilikdäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama berýärler;

5) kanun tarapyndan bellenilen halatlarda ýaşaýyş jaýyny, öýi, ýazlaglyk öýüni we beýleki gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamaga gadaganlyk girizýärler;

6) resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrulygyna şaýatlyk edýärler;

7) resminamalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edýärler;

8) resminamalaryň bir dilden beýleki dile terjimesiniň dogrulygyna şaýatlyk edýärler;

9) adamyň diriligi barada fakty tassyklaýarlar;

10) adamyň kesgitli bir ýerde barlygy barada fakty tassyklaýarlar;

11) adamyň ýüz keşbiniň suratdaky şekil bilen kybapdaşlygyny tassyklaýarlar;

12) resminamalaryň görkezilen wagtyny tassyklaýarlar;

13) fiziki we ýuridik şahslaryň arzalaryny beýleki fiziki we ýuridik şahslara berýärler;

14) puly we gymmatly kagyzlary depozite kabul edýärler;

15) ýerine ýetiriliş ýazgylaryny amala aşyrýarlar;

16) wekselleriň garşylyknamalaryny amala aşyrýarlar;

17) çekleri tölege görkezýärler we çekleriň tölenmänligini tassyklaýarlar;

18) resminamalary saklamak üçin kabul edýärler;

19) deňiz garşylyknamalaryny amala aşyrýarlar;

20) subutnamalary üpjün edýärler.

2. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet notariuslaryna beýleki notarial hereketlerini amala aşyrmak hem ýüklenip bilner.

 

35-nji madda. Geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan amala aşyrylýan notarial hereketleri

 

1. Geňeşleriň wezipeli adamlary şu notarial hereketleri amala aşyrýarlar:

1) wesýetnamalary tassyklaýarlar;

2) ynanç hatlaryny tassyklaýarlar;

3) mirasy goramaga zerur çäreleri görýärler;

4) resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrulygyna şaýatlyk edýärler;

5) resminamalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edýärler.

2. Geňeşleriň wezipeli adamlary tassyklan wesýetnamasynyň asyl nusgasynyň birini özünde galdyrmak bilen onuň asyl nusgasynyň birini bolsa haýal etmezden wesýet edijiniň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça döwlet notarial edarasyna ibermäge borçludyr.

3. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Geňeşleriň wezipeli adamlaryna şu maddada göz öňünde tutulmadyk beýleki notarial hereketlerini amala aşyrmak wezipesi hem ýüklenip bilner.

 

36-njy madda. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň wezipeli adamlary tarapyndan  amala aşyrylýan notarial hereketleri

 

1. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň wezipeli adamlary şu notarial hereketlerini amala aşyrýarlar:

1) geleşikleri (şertnamalary, wesýetnamalary, ynanç hatlaryny we beýlekiler) tassyklaýarlar, muňa Türkmenistanda ýerleşýän gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak we girew goýmak baradaky geleşikler girmeýär;

2) mirasy goramaga zerur çäreleri görýärler;

3) mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berýärler;

4) är-aýalyň (öňki är-aýalyň) umumy eýeçiligindäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama berýärler;

5) resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrulygyna şaýatlyk edýärler;

6) resminamalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edýärler;

7) resminamalaryň bir dilden beýleki dile terjimesiniň dogrulygyna şaýatlyk edýärler;

8) adamyň diriligi barada fakty tassyklaýarlar;

9) adamyň kesgitli bir ýerde barlygy barada fakty tassyklaýarlar;

10) adamyň ýüz keşbiniň suratdaky şekil bilen kybapdaşlygyny tassyklaýarlar;

11) resminamalaryň görkezilen wagtyny tassyklaýarlar;

12) pullary we gymmatly kagyzlary depozite kabul edýärler;

13) ýerine ýetiriliş ýazgylaryny amala aşyrýarlar;

14) resminamalary saklamak üçin kabul edýärler;

15) deňiz garşylyknamalaryny amala aşyrýarlar;

16) subutnamalary üpjün edýärler.

2. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň wezipeli adamlary tassyklan wesýetnamasynyň asyl nusgasynyň birini özünde galdyrmak bilen onuň asyl nusgasynyň birini bolsahaýal etmezden wesýet edijiniň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça döwlet notarial edarasyna ibermäge borçludyr.  

3. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň wezipeli adamlaryna şu maddada göz öňünde tutulmadyk beýleki notarial hereketlerini amala aşyrmak wezipesi hem ýüklenip bilner.

 

37-nji madda. Wezipeli adamlar tarapyndan notarial taýdan tassyklanylanlara deňleşdirilen wesýetnamalaryň we ynanç hatlarynyň tassyklanylmagy hem-de arzalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilmegi

 

1. Notarial taýdan tassyklanylan resminamalara şular deňleşdirilýär:

1) hassahanalarda, ýatymlaýyn şertlerde lukmançylyk kömegini edýän beýleki döwlet saglygy goraýyş edaralarynda bejerişde bolýan ýa-da gartaşan adamlar we maýyplar üçin öý-internatlarynda ýaşaýan adamlaryň şol hassahanalaryň, ýatymlaýyn şertlerde lukmançylyk kömegini edýän beýlekidöwlet saglygy goraýyş edaralarynyň baş lukmanlary, olaryň lukmançylyk bölümi boýunça orunbasarlary ýa-da nobatçy lukmanlary, gartaşan adamlar we maýyplar üçin öý-internatlarynyň bolsa müdirleri we baş lukmanlary tarapyndan tassyklanan wesýetnamalary we ynanç hatlary,şeýle hem gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilen arzalary;

2) Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň astynda ýüzýän deňiz gämilerinde ýa-da içerki suwlarynda ýüzüşi amala aşyrýan gämilerde ýüzüş wagtynda bolýan adamlaryň şol gämileriň kapitanlary (serkerdeleri) tarapyndan tassyklanan wesýetnamalary we gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilen arzalary;

3) gözleg we şolar ýaly beýleki ekspedisiýalarda bolýan adamlaryň şol ekspedisiýalaryň başlyklary tarapyndan tassyklanan wesýetnamalary we gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilen arzalary;

4) harby hassahanalarda we beýleki harby-bejerişedaralarynda we harby-lukmançylyk bölümlerinde bejerişde bolýan harby gullukçylaryň we beýleki adamlaryň şol harby hassahanalaryň we beýleki harby-bejeriş edaralarynyň başlyklary we harby-lukmançylyk bölümleriniň serkerdeleri, olaryň lukmançylyk bölümi boýunça orunbasarlary, uly we nobatçy lukmanlary tarapyndan tassyklanan wesýetnamalary we ynanç hatlary, şeýle hem gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilen arzalary;

5) döwlet notariuslarynyň we ygtyýarly wezipeli adamlaryň ýok ýerlerindäki harby bölümleriň, birikmeleriň, harby edaralaryň we harby okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde harby gullukçylarynyň, şonuň ýaly-da işgärleriniň, olaryň maşgala agzalarynyň we harby gullukçylaryň maşgala agzalarynyň şol harby bölümleriň, birikmeleriň, harby edaralaryň serkerdeleri (başlyklary) we harby okuw mekdepleriniň rektorlary (müdirleri) tarapyndan tassyklanan wesýetnamalary we ynanç hatlary,şeýle hem gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilen arzalary;

6) ýörite dikeldiş merkezinde, wagtlaýyn saklaw gabawhanasynda, derňew gabawhanasynda we düzediş edaralarynda bolýan adamlaryň şol edaralaryň başlyklary tarapyndan tassyklanan wesýetnamalary we ynanç hatlary, şeýle hem gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilen arzalary.

2.Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan wesýetnamalar tassyklananda şaýatlar gatnaşdyrylyp bilner. Şu halatda wesýetnama wesýet ediji we şaýatlar tarapyndan gol çekilmelidir.

3. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen wezipeli adamlar tassyklan wesýetnamasynyň asyl nusgasynyň birini özünde galdyrmak bilen onuň asyl nusgasynyň birini bolsa haýal etmezden wesýet edijiniň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça döwlet notarial edarasyna ibermäge borçludyr.  

Eger wesýet edijiniň Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan ýeri bolmasa ýa-da wesýet edijiniň ýaşaýan ýeri näbelli bolsa, wesýetnama Türkmenistanyň Adalat ministrligine iberilýär, ol bolsa wesýetnamanyň saklanyljak döwlet notarial edarasyny kesgitleýär.

4. Deňiz gämileriniň kapitanlary (serkerdeleri) tassyklan wesýetnamalarynyň asyl nusgasynyň birini soňra wesýet edijiniň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça döwlet notarial edarasyna ibermek üçin Türkmenistanyň portunyň başlygyna ýa-da daşary ýurt portunyň ýerleşýän döwletindäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamsyna bermäge borçludyr.

5. Wezipeli adamlar tarapyndan wesýetnamalary we ynanç hatlaryny tassyklamak, arzalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk etmek şu Kanunyň talaplaryny berjaý etmek bilen geçirilýär.

6. Döwlet notariusy saklamaga gelip gowşan wesýetnamanyň kanunylygyny barlamaga we onuň kanuna laýyk gelmeýänligi anyklanan halatynda bu barada wesýet edijä we wesýetnamany tassyklan wezipeli adama habar bermäge borçludyr.

 

III bölüm. NOTARIAL HEREKETLERINI AMALA AŞYRMAGYŇ DÜZGÜNLERI

 

VII BAP. NOTARIAL HEREKETLERINI AMALA AŞYRMAGYŇ UMUMY DÜZGÜNLERI

 

38-nji madda. Notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi  

 

Notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi şu Kanun, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanýan Notarial hereketlerini amala aşyrmagyň tertibi hakynda düzgünnama bilen bellenýär.

 

39-njy madda. Notarial hereketleriň amala aşyrylýan ýeri  

1. Notarial hereketleri döwlet notarial edarasynyň, şeýle hem Geňeşleriň edara jaýlarynda amala aşyrylýar, muňa notarial hereketiniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda anyk kesgitlenen ýerde amala aşyrylmalydygy baradaky halatlar girmeýär.

2. Eger notarial hereketleri öz bähbidine amala aşyrylýan adamlar notarial hereketleriň amala aşyrylýan edara jaýyna baryp bilmeýän bolsalar, notarial hereketlerini şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edara jaýlaryň daşynda amala aşyrylyp bilner.

Eger notarial hereketi döwlet notarial edarasynyň ýa-da Geňeşiň edara jaýlarynyň daşynda amala aşyrylýan bolsa, resminamadaky tassyklaýjy ýazgyda we Notarial hereketlerini bellige almagyň sanawynda salgysyny we wagtyny görkezmek bilen notarial hereketiň amala aşyrylýan ýeri ýazylýar.

3. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň wezipeli adamlarynyň notarial hereketleriniň amala aşyrylýan ýeri Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär.

 

40-njy madda. Notarial hereketlerini amala aşyrmagyň möhletleri  

 

1. Notarial hereketi döwlet pajyny tölemek bilen notarial hereketini amala aşyrmak üçin zerur bolan ähli resminamalaryň berlen güni amala aşyrylýar.

2. Fiziki we ýuridik şahslardan goşmaça maglumatlary we resminamalary talap etmegiň ýa-da resminamalary bilermenler seljermesine ibermegiň zerurlygy bilen bagly notarial hereketiniň amala aşyrylmagy gaýra goýlup bilner.

3. Şeýle halatlarda notarial hereketini amala aşyrmagyň gaýra goýulýan möhleti bir aýdan geçmeli däldir, muňa daşary ýurt döwletiniň çäginde tabşyrygy ýerine ýetirmek bilen bagly halatlar girmeýär.

4. Başga gyzyklanýan şahsyň tassyklamagy soraýan hukugy ýa-da fakty barada jedelleşmek üçin kazyýete ýüz tutmak isleýän raýatlaryň soramagy boýunça hem notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy gaýra goýlup bilner. Şu halatda döwlet notariusy tarapyndan notarial hereketiniň amala aşyrylmagy ýigrimi iş gününden köp bolmadyk möhlete gaýra goýulýar. Eger bellenilen möhletde gyzyklanýan şahsyň arzasynyň gelip gowşanlygy barada kazyýetden ýazmaça habar alynmasa, döwlet notariusy notarial hereketini amala aşyrýar.

5. Başga gyzyklanýan şahsyň tassyklamagy soraýan hukugy ýa-da fakty barada jedelleşmek üçin gyzyklanýan şahsyň arzasynyň gelip gowşanlygy barada kazyýetden ýazmaça habar alnan halatynda notarial hereketiniň amala aşyrylmagy şol iş kazyýet tarapyndan çözülýänçä togtadylýar.

6. Notarial hereketleriniň amala aşyrylmagynyň gaýra goýulmagy we togtadylmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda gaýry esaslar hem bellenip bilner.

 

41-nji madda. Notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin ýüz tutanyň şahsyýetini anyklamak

1. Notarial hereketleri amala aşyrylanda döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam notarial hereketini amala aşyrmak üçin ýüz tutan adamyň, onuň wekiliniň ýa-da ýuridik şahsyň wekiliniň şahsyýetini anyklaýar.

2. Şahsyýeti anyklamak notarial hereketini amala aşyrmak üçin ýüz tutan adamyň şahsyýetine degişli islendik şübhelenmeleri aradan aýyrýan onuň pasportynyň ýa-da beýleki resminamalarynyň esasynda geçirilýär.

 

42-nji madda. Geleşige gatnaşýan fiziki şahslaryň kämillik ukybyny  we ýuridik şahslaryň hukuk ukybyny barlamak

 

1. Geleşikler tassyklananda geleşige gatnaşýan fiziki şahslaryň kämillik ukyby anyklanýar we ýuridik şahslaryň hukuk ukyby barlanýar. Geleşik wekil tarapyndan amala aşyrylan halatynda onuň ygtyýarlyklary barlanýar.

2. Wesýetnama tassyklanylanda onda döwlet notariusy wesýet edijiniň kämillik ukybyny görkezmäge borçludyr.

 

43-nji madda. Notarial resminamalara gol çekmegiň tertibi

 

1. Notarial taýdan tassyklanýan geleşikler, şeýle hem arzalar we gaýry resminamalar döwlet notariusynyň, ygtyýarly wezipeli adamyň gatnaşmagynda gol çekilýär.

2. Geleşikler tassyklananda we gaýry notarial hereketleri amala aşyrylanda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda geleşiklere gatnaşyjylaryň we notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin ýüz tutan beýleki şahslaryň gollarynyň hakykylygy barlanýar.

3. Eger döwlet notariusynda ýuridik şahslaryň wezipeli adamlarynyň gollarynyň bellenen tertipde berlen nusgasy bar bolsa we gollaryň hakykylygy şübhe döretmeýän bolsa, ol görkezilen wezipeli adamlaryň hut özleriniň gatnaşmaklaryny talap etmän biler.

4. Notarial taýdan tassyklanan geleşikleriň, şeýle hem arzalaryň we gaýry resminamalaryň mazmuny döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam tarapyndan gatnaşyjylaryň hemmesine sesli okalyp berilmelidir ýa-da notarial hereketini amala aşyrmak üçin ýüz tutan şahslar tarapyndan okalmalydyr.

5. Sowatsyzlygy, synasynda ýetmezi ýa-da keselliligi zerarly resminama hut öz eli bilen gol çekip bilmeýän adam oňa döwlet notariusynyň, ygtyýarly wezipeli adamyň gatnaşmagynda gol çekmegi başga adama ynanyp biler. Soňkynyň goly döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam tarapyndan tassyklanmalydyr. Şunda adamyň şol resminama näme üçin hut özüniň gol çekip bilmeýänliginiň sebäbi tassyklaýjy ýazgyda görkezilmelidir.

 

44-nji madda. Notarial hereketleri amala aşyrylanda audio we wideo ýazgylary peýdalanmak

 

1. Notarial hereketiniň amala aşyrylmagyny belläp almak üçin ýüz tutan şahslaryň soramagy we olaryň hasabyna ýa-da döwlet notariusynyň, ygtyýarly wezipeli adamyň başlangyjy boýunça audio we wideo ýazgy geçirilip bilner.

2. Audio we wideo ýazgynyň döwlet notariusynyň, ygtyýarly wezipeli adamyň başlangyjy boýunça amala aşyrylan halatynda bu barada ýüz tutan şahslara duýdurylýar.

3. Audio we wideo ýazgylaryň geçirilmegi hakynda tassyklaýjy ýazgyda bellik edilýär we оlar arhiwde bilelikde saklanýar.

 

45-nji madda. Notarial hereketiniamala aşyrmak üçin zerur bolan maglumatlary we resminamalary talap etmek

 

Döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin zerur bolan maglumatlary we resminamalary ýuridik şahslardan talap etmäge haklydyr. Talap edilen maglumatlar we resminamalar bir aý möhletde berilmelidir, muňa daşary ýurt döwletiniň çäginde tabşyryklary ýerine ýetirmek bilen bagly halatlar girmeýär.

 

46-njy madda. Hünärmenleri çekmek

 

1. Notarial hereketini amala aşyrmak ýörite bilimi ýa-da endigi talap edýän halatynda (resminamalary gözden geçirmek, audio-wideo ýazgy etmek we ş.m.), notarial hereketiniň amala aşyrylmagy barada ýüz tutan şahsyň hasabyna döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam öz başlangyçlary ýa-da ýüz tutan şahsyň başlangyjy boýunça maslahat we tehniki ýa-da başga kömegi almak üçin hünärmeni çekip biler.

2. Hünärmen notarial iş önümçiliginiň barşynda bilermenler seljermesi häsiýetli ýörite barlaglar geçirmezden dilden ýa-da ýazmaça görnüşde maslahatlar berýär.

3. Hünärmeniň çekilenligi barada berilýän resminamada bellik edilýär.

 

47-nji madda. Notarial hereketlerini amala aşyrmaga berilýän resminamalara bildirilýän talaplar

 

1. Döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam öçürip aýrylan, goşmaça ýazylan, çyzylan sözleri we gaýry bellik etmezden girizilen düzedişleri bolan resminamalary, şeýle hem galam bilen doldurylan resminamalary we ýazgysyny okap bolmaýan resminamalary notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin kabul etmeýärler.

2. Notarial taýdan tassyklanylýan geleşikleriň ýazgysy düşnükli we dürs ýazylan ýa-da çap edilen bolmalydyr, resminamanyň mazmunyna degişli sanlar we möhletler iň bolmanda bir gezek sözler bilen aňladylmalydyr, ýuridik şahslaryň atlary bolsa, olaryň salgylaryny görkezmek bilen gysgaldylman ýazylmalydyr, fiziki şahsyň familiýasy, ady we atasynyň ady, onuň ýaşaýan ýeriniň salgysy bolsa doly ýazylyp görkezilmelidir.

3. Möçberi bir kagyzdan geçýän resminamalaryň kagyzlary tikilen, sahypalanan we möhür basylyp berkidilen bolmalydyr.

 

48-nji madda. Tassyklaýjy ýazgyny amala aşyrmak, şahadatnama bermek we karar çykarmak

 

1. Geleşikleriň tassyklanylmagy, resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrulygyna şaýatlyk edilmegi, resminamalaryň bir dilden beýleki dile terjimesiniň dogrulygyna şaýatlyk edilmegi, şeýle hem resminamalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilmegi bu barada resminamada tassyklaýjy ýazgylary amala aşyrmakwe möhür basmak arkaly amala aşyrylýar.

2. Miraslyk hukugy, eýeçilik hukugy, adamyň diriliginiň we kesgitli bir ýerde barlygynyň faktlarynyň, adamyň ýüz keşbiniň suratdaky şekil bilen kybapdaşlygynyň, resminamalaryň saklamak üçin kabul edilmeginiň tassyklanylmagy, resminamalaryň görkezilen wagtynyň tassyklanylmagy tassyk edilip, degişli şahadatnamalar berilýär.

3. Miras emlägine dolandyryjy bellenende we seljerme bellenende degişli kararlar çykarylýar.

 

49-njy madda. Ýitirilen resminamanyň öwezligini we resminamalaryň nusgalaryny we şolardan göçürmeleri bermek

 

1. Döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam tarapyndan tassyklanan ýa-da berlen resminamanyň ýitirilen halatynda notarial hereketleri özleri babatda ýa-da tabşyrygy boýunça amala aşyrylan fiziki we ýuridik şahslaryň ýa-da olaryň wekilleriniň ýazmaça arzasy boýunça ýitirilen resminamanyň öwezligi, resminamanyň nusgasy ýa-da resminamadan göçürme berilýär.

2. Döwlet notarial edaralary şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda saklamak üçin gelip gowşan wesýetnamalaryň öwezligini berýärler.

3. Döwlet notarial edaralarynda saklanýan notarial resminamalaryň nusgalary, olardan göçürmeler şu Kanunda göz öňünde tutulan düzgünleriň berjaý edilmegi bilen berilýär.

 

50-nji madda. Notarial hereketlerini bellige almagyň sanawyndan göçürme bermek

 

Döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam notarial hereketleri özleri babatda ýa-da tabşyrygy boýunça amala aşyrylan fiziki şahslaryň ýazmaça arzalary ýa-da ýuridik şahslaryň hat üsti bilen soramagy boýunça Notarial hereketlerini bellige almagyň sanawyndan göçürme berýär.

 

51-nji madda. Notarial hereketlerini bellige almak

 

Döwlet notariuslary, ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan amala aşyrylýan ähli notarial hereketleri Notarial hereketlerini bellige almagyň sanawynda (şol sanda notariatyň bir bitewi maglumat ulgamynyň elektron sanawynda) bellige alynýar. Notarial hereketiň sanawda bellige alnan belgisi bu adamlar tarapyndan berilýän resminamalarda we tassyklaýjy ýazgylarda görkezilýär.

 

52-nji madda. Notarial hereketlerini amala aşyrmakdan ýüz döndermek

 

1. Döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam şu halatlarda notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz dönderýär, eger:

1) hereket başga döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam tarapyndan amala aşyrylmaga degişli bolsa;

2) notarial hereketini amala aşyrmak üçin kämillik ukyby ýok adamyň, fiziki ýa-da ýuridik şahsyň degişli ygtyýarlyklary bolmadyk wekili ýüz tutan bolsa;

3) şeýle hereketiň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynyň gaýry talaplaryna garşy gelýän bolsa.

2. Eger notarial hereketlerini amala aşyrmak üçin berlen resminamalar Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmeýän bolsa ýa-da olarda raýatlaryň abraýyny we mertebesini peseldýän maglumatlar bar bolsa, şeýle resminamalar döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam tarapyndan kabul edilmeýär.

3. Fiziki ýa-da ýuridik şahsa notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz dönderen döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam ol fiziki ýa-da ýuridik şahsyň ýazmaça arzasy boýunça ýüz dönderilmeginiň sebäplerini ýazmaça görnüşde beýan etmelidir we oňa şikaýat etmegiň tertibini düşündirmelidir. Şu halatlarda notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz dönderilmegi ýüz tutulan gününden soň bäş iş gününden giç bolmadyk möhletde döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam tarapyndan notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz döndermek hakynda karar çykarmak arkaly resmileşdirilýär.

4. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketlerini amala aşyrmakdan ýüz döndermek üçin gaýry esaslar hem bellenip, şeýle hem şeýle ýüz döndermegiň başga tertibi bellenip bilner.

 

53-nji madda. Notarial hereketlere ýa-da olary amala aşyrmakdan ýüz dönderilmegine şikaýat etmek

 

1. Amala aşyrylan notarial hereketini ýa-da notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz dönderilmegini nädogry hasaplaýan gyzyklanýan şahs bu barada döwlet notariusynyň iş çägi boýunça kazyýete şikaýat etmäge haklydyr.

2. Amala aşyrylan notarial hereketi ýa-da notarial hereketini amala aşyrmakdan ýüz dönderilmegini nädogry hasaplaýan gyzyklanýan şahs bu barada döwlet notariusynyň iş çägi ýa-da Geňeşiň ýerleşýän ýeri boýunça kazyýete şikaýat etmäge haklydyr.

3. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan hukuk esassyz amala aşyrylan notarial herekete ýa-da ony amala aşyrmakdanýüz dönderilmegine şikaýata Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde seredilýär.

4. Şu Kanunyň 37-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji, 3‒6-njy bentlerinde görkezilen wezipeli adamlar tarapyndan wesýetnamalaryň we ynanç hatlarynyňnädogry tassyklanmagyna, arzalardaky gollaryň hakykylygyna nädogry şaýatlyk edilmegine ýa-da bu hereketleri etmekden ýüz dönderilmegineşikaýatlar olaryň işleýän ýuridik şahslarynyň ýerleşýän ýeri boýunça kazyýete berilýär.

5. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň astynda ýüzüş edýän deňiz gämisiniň ýa-da içerki suwlarda ýüzüşi amala aşyrýan gäminiň kapitany (serkerdesi) tarapyndan wesýetnamanyň nädogry tassyklanmagyna ýa-da arzalardaky gollaryň hakykylygyna nädogry şaýatlyk edilmegine ýa-da olardan ýüz dönderilmegine şikaýatlar şol gäminiň bellige alnan ýeri boýunça kazyýete berilýär.  

6. Şonuň ýaly şikaýatlara seretmek Türkmenistanyň raýat iş ýörediş kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýet tarapyndan geçirilýär.

7. Notarial hereketler ýa-da olaryamala aşyrmakdan ýüz dönderilmegi boýunça şikaýatlar barada işleriň seredilmegine döwlet notariuslary, ygtyýarly wezipeli adamlar gatnaşýarlar.

 

54-nji madda. Amala aşyrylan notarial herekete esaslanýan hukuk barada jedeli çözmegiň tertibi

 

Amala aşyrylan notarial herekete esaslanýan hukuk barada jedele Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hak isleýiş önümçiligi tertibinde seredilýär.

 

55-nji madda. Kanun bozulmasy ýüzeçykarylanda döwlet notariuslary  we ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan görülýän çäreler

 

1. Notarial hereketleri amala aşyrylanda raýatlar ýa-da aýry-aýry wezipeli adamlar tarapyndan kanun bozulmasyny ýüze çykaran döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam bu barada degişli prokurora habar berýär.

2. Eger berlen resminamanyň hakykylygy şübhe döredýän bolsa, döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam bu resminamany saklamaga we ony bilermenler seljermesine ibermäge haklydyr.

3. Döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine şübhe döredýän, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hökmany gözegçilige degişli bolan geleşikler we amallar barada maglumaty jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasyna bermäge borçludyrlar.

 

56-njy madda. Döwlet notariusynyň notarial hereketlerini amala aşyrmak bilen bagly bolmadyk hereketlerine şikaýatlar

 

Döwlet notariusynyň notarial hereketini amala aşyrmak bilen bagly bolmadyk hereketlerine edilen şikaýatlara Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan seredilýär.

 

VIII BAP. GELEŞIKLERI TASSYKLAMAGYŇ AÝRATYNLYKLARY

 

57-nji madda. Notarial tertipde tassyklanýan geleşikler

 

1. Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan baglaşmagyň hökmany notarial görnüşi bellenen geleşikleri döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam şu Kanunda kesgitlenen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde tassyklaýarlar. Taraplaryň islegi boýunça beýleki geleşikler hem tassyklanyp bilner.

2. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň wezipeli adamlary şu Kanunda kesgitlenen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde geleşikleri tassyklanlarynda şu Kanuny gollanýarlar, muňa Türkmenistanda ýerleşýän gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak we girew goýmak baradaky geleşikler girmeýär.

 

58-nji madda. Geleşikleriň taslamalarynyň manysyny we ähmiýetini taraplara düşündirmek

 

Geleşikleri tassyklaýan döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam taýýarlanan geleşikleriň taslamalarynyň manysyny we ähmiýetini taraplara düşündirmäge we olaryň mazmunynyň taraplaryň hakyky maksatlaryna laýyk gelýänligini we onuň Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna garşy gelmeýänligini barlamaga borçludyr.

 

59-njy madda. Gozgalmaýanwe döwlet belligine alynmaga degişli gaýry emlägi aýrybaşgalamak ýa-da girewe goýmak hakynda geleşikleri tassyklamak

 

1. Gozgalmaýan we döwlet belligine alynmaga degişli gaýry emlägi aýrybaşgalamak ýa-da girewe goýmak barada geleşikler notarial taýdan tassyklananda bu emlägiň aýrybaşgalanmagyny ýa-da girewini amala aşyrýan şahsa degişliligi, şeýle hem aýrybaşgalamaga gadaganlygyň ýa-da gozgamasyz edilmegiň ýoklugy barlanýar.

Aýrybaşgalamaga gadaganlygyň ýa-da gozgamasyz edilmegiň ýokdugy degişli edaranyň beren kepilnamasy esasynda barlanýar.

2. Gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak barada şertnamalar tassyklananda döwlet notariusy aýrybaşgalanýan emlägiň hukuk belleýji resminamalaryny talap edýär we eýesiniň degişli hukuklary aýrybaşgalamak boýunça ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.

3. Gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak we girewe goýmak barada şertnamalary tassyklamak görkezilen emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça geçirilýär.

4. Eýeçilik hukugy ýa-da gaýry hukuk döwlet belligine alynmaga degişli emlägi (şeýle emläge bolan hukugy) girewe goýmak barada şertnama emlägiň (şeýle emläge bolan hukugyň) ony girewe goýujynyň adyna döwlet belligine alnanlygyny tassyk edýän resminamanyň döwlet notariusyna berlen şertinde tassyklanýar.

5. Ipoteka baradaky şertnamany tassyklamak döwlet notariusy tarapyndan gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça geçirilýär.

6. Emläge gadaganlyk bar bolanda onuň aýrybaşgalanmagy barada geleşik diňe berginiň zat edinýäne geçirilmegine algydaryň we zat edinýäniň razylygy bolanda tassyklanylyp bilner.

 

60-njy madda. Ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda şertnamalary tassyklamak

 

1. Raýatlara hususy eýeçilik hukugynda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin ýer bölegini hususy eýeçilik hukugyna bermek hakynda şertnamalar ýer böleginiň bölünip berilýän ýeri boýunça döwlet notariuslary tarapyndan tassyklanýar.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen şertnamalar tassyklananda döwlet notariusy raýatlaryň hususy eýeçilik hukugynda ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga bolan hukugyny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna şertnamanyň laýyk gelýänligini barlaýar.

 

61-nji madda. Geleşigiň şaýatlary

 

1. Notarial hereketleri amala aşyrylanda geleşigiň taraplarynyň ýa-da wesýet edijiniň islegi boýunça şaýatlar gatnaşyp bilerler, şonda olar hem resminama gol çekýärler.

2. Notarial hereketleri özleriniň peýdasynaamala aşyrylýan adamlar şaýatlar bolup bilmezler.

 

62-nji madda. Wesýetnamalary tassyklamak

 

1. Döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam kämillik ukyby bolan adamlaryň Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň talaplaryna laýyklykda düzülen weolaryň hut özleri tarapyndan berlen wesýetnamalary tassyklaýar. Wesýetnamalaryň wekilleriň üsti bilen tassyklanmagyna ýol berilmeýär.

2. Wesýetnama tassyklananda wesýet edijiden onuň wesýet edilýän emläge bolan hukugyny tassyklaýan subutnama bermegi talap edilmeýär.

3. Emläk wesýet edilýän adam wesýet edijiniň islegi boýunça wesýetnama düzülende gatnaşmaga hukuklydyr.

 

63-nji madda. Wesýetnamany üýtgetmegiň we ýatyrmagyň tertibi

 

Döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam edilen wesýetnamany ýatyrmak hakynda arzany alan, şonuň ýaly-da öň edilen wesýetnamany üýtgedýän ýa-da ýatyrýan täze wesýetnamany alan halatynda, bu barada wesýetnamanyň özlerinde saklanýan nusgasynda we Notarial hereketlerini bellige almagyň sanawynda bellik edýär. Wesýetnamany üýtgetmek ýa-da ýatyrmak barada arzadaky gol notarial taýdan şaýatlyk edilen bolmalydyr.

 

64-nji madda. Ynanç hatlaryny tassyklamak

 

1. Döwlet notariuslary, ygtyýarly wezipeli adamlar bir ýa-da birnäçe şahsyň adyndan bir ýa-da birnäçe şahsyň adyna ynanç hatlaryny tassyklap bilerler.

2. Ynanç haty üç ýyldan köp bolmadyk möhlete berlip bilner.

3. Eger ynanç hatynda möhlet görkezilmedik bolsa, ol döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam tarapyndan tassyklanan wagtyndan başlap, bir ýylyň dowamynda güýjüni saklaýar. Ynanç hatynda onuň döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam tarapyndan tassyklanan senesi görkezilmedik bolsa, ol hakyky däldir.

4. Başga birine ynanmak tertibinde berilýän ynanç haty diňe ynanmak hukugy şertleşilen esasy ynanç haty görkezilen halatynda notarial taýdan tassyklanylyp bilner. Başga birine ynanmak tertibinde berilýän ynanç haty özünde esasy ynanç hatyndakydan köp hukugy saklamaly däldir. Başga birine ynanmak tertibinde berlen ynanç hatynyň hereket möhleti onuň berilmegine esas bolan esasy ynanç hatynyň hereket möhletinden geçmeli däldir.

5. Başga birine ynanmak tertibinde berilýän ynanç hatynda umumy rekwizitlerden başga esasy ynanç hatynyň tassyklanylan senesi we ýeri görkezilmelidir.

6. Ýeňil we ýük awtomobilleri, awtobuslary, mikroawtobuslary dolandyrmak we olara ygtyýar etmek hukugyny tassyklaýan ynanç hatlary olaryň eýeleri tarapyndan diňe özleriniň ýakyn garyndaşlaryna başga birine ynanmazlyk şerti bilen resmileşdirilip bilner. Bu kada maýyplygy bolan adamlara, hossarlara (howandarlara), saglyk ýagdaýy boýunça awtomobil ulagyny dolandyrmaga mümkinçiligi bolmadyk, ömürlik ekläp-saklamak şertnama boýunça eklençdäki we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki adamlara degişli däldir.

 

65-nji madda. Tassyklanylýan geleşigiň nusgalarynyň sany

 

Tassyklanýan geleşikleriň asyl nusgalarynyň sany taraplaryň sany bilen kesgitlenýär, ýöne ol iki nusgadan az bolup bilmez, olaryň biri notarial işinde galýar.

 

IX BAP. MIRASY GORAMAGA ZERUR ÇÄRELERI GÖRMEK

 

66-njy madda. Miraslygyň ýüze çykanlygy barada habar bermek borjy

 

Öleniň işlän ýa-da okan kärhanasy, edarasy, guramasy, öleniň ýaşan ýeri boýunça içeri işler edarasy, ýaşaýyş jaý-ulanyş guramasy, şeýle hem öleniň ýaşan ýaşaýyş jaýynyň eýeleri bolan şahslar döwlet notariuslaryna, Geňeşleriň ýa-da Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň wezipeli adamlaryna mirasdarlary bolmadyk öleniň yzynda galan emläginiň barlygy we çak edilýän mirasdarlaryň özlerine mälim bolan ýaşaýan ýa-da işleýän ýerleri barada maglumatlary habar bermäge borçludyrlar.

 

67-nji madda. Mirasy goramak boýunça çäreler

 

1. Miraslygyň ýüze çykan ýeri boýunça döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň habar bermegi boýunça ýa-da döwletiň, mirasdarlaryň, mirasdan ýüz dönderýänleriň ýa-da algydarlaryň bähbidine zerur bolanda öz başlangyçlary boýunça mirasy goramak üçin degişli çäreleri görýärler.

2. Eger miras galdyryjynyň emlägi ýa-da onuň bir bölegi miraslygyň ýüze çykan ýerinde bolmasa, miraslygyň ýüze çykan ýeri boýunça döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam miraslyk emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça döwlet notariusyna, ygtyýarly wezipeli adama ony goramak üçin çäreler görmek barada tabşyryk iberýär.

 

68-nji madda. Ýüze çykan miraslyk barada mirasdarlara habar bermek

 

1. Ýüze çykan miraslyk barada habary alan döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam bu barada ýaşaýan ýa-da işleýän ýeri özlerine mälim bolan mirasdarlara habar bermäge borçludyr.

Wesýetnamalaýyn ýüz dönderişi düzüminde saklanýan wesýetnama bar bolanda döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam wesýetnama boýunça miraslygyň ýüze çykanlygy barada ýaşaýan ýa-da işleýän ýeri özlerine mälim bolan ýüz dönderişi alyjylara habar bermäge borçludyr.

2. Döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam mirasdarlary köpçülikleýin bildiriş bermek ýa-da metbugatda habar bermek arkaly hem çagyryp biler.

 

69-njy madda. Miraslyk emlägiň ýazgysyny geçirmek we oňa saklaýjyny ýa-da hossarlyk edijini bellemek

 

1. Miraslyk emlägi goramak üçin döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam şol emlägiň ýazgysyny geçirýär we ony goramak üçin mirasdara ýa-da başga bir şahsa berýär ýa-da oňa hossarlyk edijini belleýär.

2. Eger miraslygyň düzüminde dolandyrmagy talap edýän emläk bar bolsa, şeýle hem miras mirasdarlar tarapyndan kabul edilip alynýança miras galdyryja algydarlar tarapyndan hak islegi bildirilen halatynda, döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam şol emlägi gorap saklaýjyny belleýär. Döwlet notariusynyň ýok bolan ýerlerinde Geňeş tarapyndan miraslyk emläge hossarlyk ediji bellenýär we ýüze çykan miraslyk we ony goramak boýunça görlen çäreler barada degişli döwlet notarial edarasyna habar berýär.

3. Miraslyk emlägigorap saklaýjy, hossarlyk ediji we ony saklamaga berlen beýleki adamlar miraslyk emlägiň harç edilenligi, gizlenenligi ýa-da aýrybaşgalananlygy üçin, şeýle hem oňa ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik barada duýdurylýar.  

4. Miraslyk emlägi goramak barada çäreleri görmek ýa-da miraslyk emlägiň ýazgysyny amala aşyrmak mümkin bolmadyk ýagdaýynda döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adammiraslyk emlägi ýazgy etmek üçin görkezmekden ýüz dönderilenligi barada ykrarnama düzýär.

 

70-nji madda. Miraslyk emlägiň goralyp saklananlygy üçin sylag

 

1. Miraslyk emlägi gorap saklaýjy, hossarlyk ediji we ony saklamaga berlen beýleki adamlar, eger olar mirasdar däl bolsa, miraslyk emlägi gorap saklandyklary üçin sylag almaga haklydyrlar.

2. Görkezilen adamlara miraslyk emlägi peýdalanmakdan hakyky alnan peýdany aýyrmak bilen şol emlägi goramak we dolandyrmak boýunça zerur bolan çykdajylar tölenilýär.

 

71-nji madda. Miraslyk emlägiň gorag çäreleriniň aýrylmagy

 

1. Miraslyk emlägiň goragy miras ähli mirasdarlar tarapyndan kabul edilip alynýança, eger ol alynmadyk bolsa, onda mirasy kabul edip almak Türkmenistanyň Raýat kodeksinde bellenilen möhlet tamamlanýança dowam edýär.

2. Miraslyk emlägi goramak boýunça çäreler bes edilen halatynda döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam bu barada mirasdarlara, eger olar ýok bolsa, döwlet eýeçiligine ygtyýarlyk etmäge hukugy bolan edara deslapdan habar bermäge borçludyr.

 

72-nji madda. Miraslyk emläkden pul möçberleriniň berilmegi

 

1. Zerur bolan halatlarynda döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam miras  mirasdarlar tarapyndan kabul edilip alynýança, eger ol alynmadyk bolsa, onda mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama döwlete berilýänçä, miraslyk emläkden pul möçberleriniň şulara berilmegine ygtyýar edýär:

1) miras galdyryjynyň keselli bolan wagty oňa seretmek, şeýle hem ony jaýlamak boýunça edilen çykdajylary ýapmak üçin;

2) miras galdyryjynyň eklenjinde bolan adamlary saklamak üçin;

3) iş haky boýunça nägilelikleri we şolara deňleşdirilen nägilelikleri kanagatlandyrmak üçin;

4) miraslyk emlägi goramak we ony dolandyrmak boýunça, şeýle hem miraslygyň ýüze çykanlygy barada habary köpçülige ýetirmek boýunça çykdajylary ýapmak üçin.

2. Miraslyk emlägiň düzüminde pul möçberi ýok bolsa, goşlary bermek barada ygtyýar edilýär, onuň bahasy edilen hakyky çykdajylaryň möçberinden ýokary geçmeli däldir.

 

X BAP. MIRASA BOLAN HUKUK HAKYNDA ŞAHADATNAMA BERMEK

 

73-nji madda. Mirasa bolan hukuk bilen bagly arzalary kabul etmek

 

Miraslygyň ýüze çykan ýeri boýunça döwlet notariusy, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda mirasdaryň mirasyň kabul edilmegi, mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilmegi, mirasdaryň mirasyň kabul edilmegi we mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilmegi, mirasdan ýüz döndermegi, är-aýalyň (öňki är-aýalyň) umumy eýeçiligindäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilmegi ýa-da mirasy goramaga zerur çäreleriň görülmegi barada we beýleki ýazmaça görnüşdäki arzalaryny kabul edýär.

 

74-nji madda. Mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilýän ýeri we möhleti

1. Miraslygyň ýüze çykan ýeri boýunça döwlet notariusy, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamy mirasdarlaryň ýazmaça arzasy boýunça mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berýär.

2. Mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama bermek Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan möhletlerde geçirilýär.

 

75-nji madda. Mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama bermegiň tertibi

 

1. Mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamalar Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda mirasy kabul eden miraslygyň ýüze çykan ýeri boýunça mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilmegi barada arza beren ýa-da olaryň mirasy kabul edenligine şaýatlyk edýän emläge eýelik etmäge ýa-da dolandyrmaga hakyky girişen mirasdarlara berilýär.

2. Türkmenistanyň Raýat kodeksinde bellenilen möhletde mirasy kabul etmedik mirasdarlar mirasy kabul eden beýleki mirasdarlaryň hemmesiniň razylygy bilen mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama goşulyp bilner. Bu razylyk ýazmaça görnüşde mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilýänçä beýan edilmelidir.

3. Mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama ähli mirasdara bilelikde ýa-da olaryň islegine baglylykda her birine aýratynlykda berilýär.

4. Hossarlyk ýa-da howandarlyk edilýän kämillik ýaşyna ýetmedik  ýa-da kämillik ukyby ýokmirasdaryň adyna mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berlenligi barada mirasdaryň emläk bähbitlerini goramak üçin onuň ýaşaýan ýeri boýunça hossarlyk we howandarlyk edarasyna habar berilýär.

5. Miraslyk hukugy boýunça emläk döwlete geçirilende mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama ygtyýarly döwlet edarasyna berilýär.

6. Emlägi aýrybaşgalamaga gadaganlyk bar bolanda mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berginiň mirasdara (mirasdarlara) geçirilmegine algydaryň we mirasdaryň (mirasdarlaryň) razylygy bolanda berlip bilner.

 

76-njy madda. Kanun boýunça mirasdarlara mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamabermegiň şertleri

 

1. Kanun boýunça mirasdarlara mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berlende mirasdarlardan degişli subutnamalary talap etmek arkaly miras galdyryjynyň ölenliginiň fakty, miraslygyň ýüze çykan wagty we ýeri, mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama bermek barada arza beren adamlaryň olary kanun boýunça mirasdarlar diýip bilinmegi üçin esas bolan miras galdyryjy bilen garyndaşlyk we gaýry gatnaşyklarynyň barlygy, mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilýän miraslyk emlägiň düzümi we ýerleşýän ýeri barlanylýar.

2. Eger bir ýa-da birnäçe kanun boýunça mirasdarlar özleriniň kanun boýunça mirasdarlar diýip bilinmegi üçin esas bolan miras galdyryjy bilen garyndaşlyk we gaýry gatnaşyklarynyň barlygyna subutnama bermäge mümkinçilikden mahrum bolsalar, olar mirasy kabul eden we degişli subutnamalary beren beýleki mirasdarlaryň hemmesiniň razylygy bilen mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama goşulyp bilner.

 

77-nji madda. Wesýetnama boýunça mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama bermegiň şertleri

 

1. Wesýetnama boýunça mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berlende degişli subutnamalary talap etmek arkaly miras galdyryjynyň ölenliginiň fakty, wesýetnamanyň barlygy, miraslygyň ýüze çykan wagty we ýeri, mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilýän miraslyk emlägiň düzümi we ýerleşýän ýeri barlanylýar, şeýle hem mirasda hökmany paýa hukugy bolan mirasdarlaryň topary anyklanylýar.

2. Wesýetnamalaýyn ýüz dönderiş bar bolanda ýüz dönderişi alyjylar çagyrylýar, olara wesýetnamalaýyn ýüz dönderişiň mazmuny we olaryň mirasdardan (mirasdarlardan) düşýän paýy almaga bolan hukugy düşündirilýär.

 

78-nji madda. Döwlet belligine alynmaga degişli emläk babatda mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama bermegiň şertleri

 

1. Eger miraslyk emlägiň düzümine ýaşaýyş jaýy ýa-da beýleki gozgalmaýan emläk girýän bolsa, olaryň miras galdyryja degişliligi hakynda hukuk belleýji resminama, emlägiň düzümi we onuň bahasy barada degişli edaranyň kepilnamasy talap edilýär we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde görkezilen emläkleriň döwlet belligine alnanlygy anyklanylýar. Şunda ýaşaýyş jaýynyň ýa-da beýleki gozgalmaýan emlägiň aýrybaşgalanmagyna gadaganlygyň (gozgamasyz etmegiň) ýokdugy degişli edaranyň beren kepilnamasy esasynda barlanylýar.

2. Döwlet belligine alynmaga degişli gaýry emlägi (awtomobil we beýlekiler) mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama goşmak üçin bu emlägiň miras galdyryja degişliligi hakynda resminamalarybarlanylýar.

 

XI BAP. EÝEÇILIK HUKUGY HAKYNDA ŞAHADATNAMA

BERMEK. EMLÄGIŇ AÝRYBAŞGALANMAGYNA

GADAGANLYK GIRIZMEK WE ONY AÝYRMAK

 

79-njy madda. Är-aýalyň (öňki är-aýalyň) bilelikdäki arzasy boýunça şahadatnamalary bermek

 

1. Döwlet notariuslary, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň wezipeli adamlary är-aýalyň (öňki är-aýalyň) bilelikde ýazmaça beren arzasy boýunça olaryň birine ýa-da är-aýalyň (öňki är-aýalyň) ikisine hem nika döwründe gazanylan umumy emläkdäki paýa eýeçilik hukugy hakynda şahadatnamalary berýärler.

2. Ýaşaýyş jaýyna, jaýyň bir bölegine, öýe, ýazlaglyk jaýyna, bagçylyk jaýyna, garaža ýa-da gaýry gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy hakynda görkezilen şahadatnamalar döwlet notariuslary tarapyndan şol emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça berilýär.

 

80-nji madda. Är-aýalyň biri ölen halatynda şahadatnama bermek

 

1. Är-aýalyň biri ölen halatynda är-aýalyň umumy eýeçiligindäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama diri galan äriň (aýalyň) ýazmaça beren arzasy boýunça mirasy kabul eden mirasdarlara bu barada deslapdan habar bermek bilen miraslygyň ýüze çykan ýeri boýunça berilýär.

2. Är-aýalyň umumy eýeçiligindäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama diri galan äriň (aýalyň) adyna nika döwründe gazanylan umumy emlägiň ýarysyna berlip bilner.

3. Diri galan äriň (aýalyň) razylygy bilen mirasy kabul edip alan mirasdarlaryň ýazmaça arzasy boýunça är-aýalyň umumy eýeçiligindäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnamada ölen äriň (aýalyň) umumy emläkdäki paýy hem kesgitlenilip bilner.

 

81-nji madda. Umumy bilelikdäki eýeçilikdäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama bermek

 

1. Döwlet notariusy umumy bilelikdäki eýeçilikde emlägi bolan şahslaryň bilelikdäki ýazmaça arzasy boýunça deslapdan olaryň her biriniň paýyny kesgitländen soň umumy emläkden paýyny almak isleýän şahsa ýa-da şahslara umumy bilelikdäki eýeçilikdäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama berýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen umumy bilelikdäki eýeçilikde bolan gozgalmaýan emläge umumy bilelikdäki eýeçilikdäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama döwlet notariuslary tarapyndan berilýär.

3. Gozgalmaýan emläge umumy bilelikdäki eýeçilikdäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama onuň ýerleşýän ýeri boýunça berilýär.

 

82-nji madda. Hususy kärhana ýatyrylanda gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama bermek

 

Hususy kärhana ýatyrylandan soň döwlet notariusy onuň eýesiniň ýazmaça arzasy boýunça ýatyrylan hususy kärhananyň gozgalmaýan emlägine eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berýär.

 

83-nji madda. Gozgalmaýan emlägiň jemagat söwdalardan edinilenligi hakynda şahadatnama bermek

 

Jemagat söwdalardan gozgalmaýan emlägiň satylanlygy barada nama esasynda gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça döwlet notariusy satyn alyja gozgalmaýan emlägiň jemagat söwdalardan edinilenligi hakynda şahadatnama berýär.

 

84-nji madda. Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama bermegiň şertleri

 

1. Döwlet notariusy eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama berende gozgalmaýan emlägiň degişliligi hakynda hukuk belleýji resminamany talap edýär.

2. Degişli edaranyň beren kepilnamasyny talap etmek arkaly döwlet notariusy gozgalmaýan emlägiň aýrybaşgalanmagyna gadaganlygyň ýa-da ony gozgamasyz etmegiň ýokdugyny barlamaga borçludyr.

 

85-nji madda. Gadaganlyklaryň girizilmegi

 

1. Jaýy (jaýyň bir bölegini), öýi gurmak, olary düýpli abatlamak we satyn almak ýa-da beýleki gozgalmaýan ýa-da döwlet belligine alynmaga degişli gaýry emlägi edinmek üçin, şeýle hem emlägi (şeýle emläge bolan hukugy) girewe goýmak barada şertnama tassyklanylanda görkezilen emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça döwlet notariusy karz edaralarynyň ýa-da ýuridik şahslaryň fiziki şahslara karz bermek barada habarnamalary boýunça bu emlägiň aýrybaşgalanmagyna gadaganlyk girizýär.

2. Gozgalmaýan we döwlet belligine alynmaga degişli gaýry emlägi (şeýle emläge bolan hukugy) girewe goýmak barada şertnama tassyklananda döwlet notariusy olaryň ýerleşýän ýeri boýunça bellige alyş edaralaryna şeýle şertnamanyň tassyklananlygy we gadaganlygyň girizilenligi barada ýazmaça görnüşde habar berýär.

 

86-njy madda. Gadaganlyklaryň aýrylmagy

 

Döwlet notariusy karzyň üzülenligi ýa-da emlägi (şeýle emläge bolan hukugy) girew goýmak barada şertnamanyň bes edilenligi hakynda karz edarasynyň ýa-da ýuridik şahsyň habarnamasyny alyp, şu Kanunyň 85-nji maddasynyň birinji böleginde bellenilen tertipde aýrybaşgalamaga girizilen gadaganlygy aýyrýar, bu barada emlägiň bellige alnan edaralaryna habar berýär.

 

XII BAP. RESMINAMALARYŇ NUSGALARYNYŇ WE

 OLARDAN GÖÇÜRMELERIŇ DOGRULYGYNA, GOLLARYŇ HAKYKYLYGYNA ŞAÝATLYK ETMEK WE TERJIMÄNIŇ DOGRULYGYNA ŞAÝATLYK ETMEK

 

87-nji madda. Resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrulygyna şaýatlyk etmek

 

1. Döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan berlen resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrulygyna şol resminamalar we olaryň mazmuny Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän we ýuridik ähmiýeti bolan şertinde ýazmaça görnüşde şaýatlyk edýär.

Pasportlaryň nusgasyna, harby biletleriniň, partiýa, kärdeşler arkalaşygy we beýleki jemgyýetçilik birleşiginde agzalyk barada resminamalaryň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatynyň, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparynyň, halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň şahadatnamalarynyň nusgalaryna şaýatlyk etmek gadagan edilýär.

Türkmenistanyň ýokary döwlet häkimiýet we döwlet dolandyryş edaralarynyň raýatlaryň şahsy hukuklaryna we bähbitlerine degişli namalarynyň nusgalarynyň dogrudygyna şaýatlyk etmek işi diňe birinji döwlet notarial edaralarynda geçirilýär.

Notarial hereketlerini amala aşyrýan Geňeşleriň wezipeli adamlary umumy bilim we hünär bilim edaralaryny gutaranlygy barada resminamalaryň nusgalaryna şaýatlyk edip bilmezler.

2. Mazmuny diňe aýratyn meselelere degişli resminamalardan göçürmeleriň dogrulygy tassyklanyp bilner. Göçürme resminamada beýan edilen meseleleriň birine ýa-da birnäçesine degişli böleginiň doly ýazgysyny öz içine almalydyr.

 

88-nji madda. Resminamalaryň nusgalaryndan edilen nusgalaryň dogrulygyna şaýatlyk etmek

 

Resminamanyň nusgasyndan edilen nusganyň dogrulygyna ilkinji nusganyň dogrulygy notarial tertipde tassyklanylan ýa-da resminamanyň nusgasynyň hakyky resminamanyň gelip çykýan ýuridik şahsy tarapyndan berlen şertinde döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam tarapyndan şaýatlyk edilýär. Soňky halatda resminamanyň nusgasy bu ýuridik şahsyň blankynda taýýarlanan, möhür basylyp berkidilen bolmalydyr we resminamanyň asyl nusgasynyň ýuridik şahsda ýerleşýänligi barada bellik bolmalydyr.

 

89-njy madda. Resminamadaky goluň hakykylygyna şaýatlyk etmek

 

1. Döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adammazmuny Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän wegeleşikleriň beýany bolmadyk resminamadaky goluň hakykylygyna şaýatlyk edýär.

2. Döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam goluň hakykylygyna şaýatlyk etmek bilen resminamada beýan edilen wakalary tassyklamaýar, diňe goluň kesgitli şahs tarapyndan goýlanlygyny tassyklaýar.

 

90-njy madda. Terjimäniň dogrulygyna şaýatlyk etmek

 

1. Döwlet notariusy, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamy bir dilden beýleki dile edilen terjimäniň dogrulygyna, eger ol degişli dili bilýän bolsa, şaýatlyk edýär.

2. Eger döwlet notariusy, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamy degişli dilleri bilmeýän bolsa, terjime terjimeçi tarapyndan edilip bilner, şunda terjimeçiniň golunyň hakykylygyna döwlet notariusy, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan şaýatlyk edilýär.

 

XIII BAP. FAKTLARY TASSYKLAMAK

 

91-nji madda. Adamyň diriligi barada fakty tassyklamak

 

1. Döwlet notariusy, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamy adamyň diriligi barada fakty tassyklaýar. Kämillik ýaşyna ýetmedigiň ýa-da kämillik ukyby ýok adamyň diriligi barada fakty tassyklamak olaryň kanuny wekilleriniň (ata-enesiniň, perzentlige alanlaryň, hossarlarynyň, howandarlarynyň), şeýle hem kämillik ýaşyna ýetmedige ýa-da kämillik ukyby ýok adama howandarlyk edýän edaralaryň we guramalaryň soramagy boýunça geçirilýär.

2. Görkezilen fakty tassyklamak bilen gyzyklanýan şahslara şahadatnama berilýär.

 

92-nji madda. Adamyň kesgitli bir ýerde barlygy barada fakty tassyklamak

 

1. Döwlet notariusy, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamyadamyň ýazmaça arzasy boýunça onuň kesgitli bir ýerde barlygy barada fakty tassyklaýar. Kämillik ýaşyna ýetmedigiň kesgitli bir ýerde barlygy barada fakty tassyklamak onuň kanuny wekilleriniň (ata-enesiniň, perzentlige alanlaryň, hossarlarynyň, howandarlarynyň), şeýle hem kämillik ýaşyna ýetmedige howandarlyk edýän edaralaryň we guramalaryň arzasy esasynda geçirilýär.

2. Görkezilen fakty tassyklamak bilen gyzyklanýan şahslara şahadatnama berilýär.

 

93-nji madda. Adamyň ýüz keşbiniň suratdaky şekil  bilen kybapdaşlygyny tassyklamak

 

Döwlet notariusy, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamy adamyň ýüz keşbiniň şol adam tarapyndan berlen suratdaky şekil bilen kybapdaşlygyny tassyklaýar, tassyklamak bilen bu barada oňa şahadatnama berilýär.

 

94-nji madda. Resminamanyň görkezilen wagtyny tassyklamak

 

1. Döwlet notariusy, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamy gyzyklanýan şahslaryň arzalary boýunça resminamanyň özlerine görkezilen wagtyny tassyklaýarlar. Şunda resminamada beýan edilen wakalara şaýatlyk edilmeýär, diňe resminamanyň görkezilen faktynyň kesgitli wagty (ýyl, aý, gün, sagat, minut) tassyklanýar.

2. Resminamany görkezen adamyň familiýasyny, adyny we atasynyň adyny görkezmek bilen bu barada resminamada tassyklaýjy ýazgy edilýär.

3. Eger bir wagtda birnäçe resminama görkezilýän bolsa, onda notarial hereketi olaryň her biri babatda amala aşyrylýar.

 

XIV BAP. FIZIKI WE ÝURIDIK ŞAHSLARYŇ ARZALARYNY BERMEK. PULLARY WE GYMMATLY KAGYZLARY

DEPOZITE KABUL ETMEK

 

95-nji madda. Arzalary bermek

 

1. Fiziki we ýuridik şahslaryň arzalaryny beýleki fiziki hem-de ýuridik şahslara bermek döwlet notariusynyň hut özi tarapyndan gol çekdirilip   ýa-da poçta boýunça gowşurylanlygy hakynda yzyna habar bermek bilen amala aşyrylýar. Arzalar telefaksy, kompýuter ulgamyny we gaýry tehniki serişdeleri peýdalanmak bilen hem berlip bilner.

2. Döwlet notariusy arza beren adamyň soramagy boýunça oňa arzanyň berlenligi hakynda şahadatnama berýär.

 

96-njy madda. Algydara bermek üçin pullary we gymmatly kagyzlary depozite kabul etmek

 

1. Döwlet notariusy, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda algydara bermek üçin bergidardan depozite puly we gymmatly kagyzlary kabul edýär.

2. Pullaryň we gymmatly kagyzlaryň gelip gowşanlygy barada algydar habarly edilýär we onuň talap etmegi boýunça oňa düşýän pullar ýa-da gymmatly kagyzlar berilýär.

3. Pullary we gymmatly kagyzlary depozite kabul etmek borçnamanyň ýerine ýetirilýän ýeri boýunça geçirilýär.

 

97-nji madda. Pullary we gymmatly kagyzlary depozite goýan şahsa gaýtaryp bermek

 

Pullary we gymmatly kagyzlary depozite goýan şahsa gaýtaryp bermek diňe peýdasyna gatanç edilen şahsyň ýazmaça razylygy bilen ýa-da kazyýetiň çözgüdi boýunça ýol berilýär.

 

XV BAP. ÝERINE ÝETIRIŞ ÝAZGYLARYNY AMALA AŞYRMAK

 

98-nji madda. Bergidardan pul möçberini tutup almak ýa-da emlägi talap etmek

 

1. Bergidardan pul möçberini tutup almak ýa-da emlägini talap etmek üçin döwlet notariuslary, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň wezipeli adamlary bergi anyklanan resminamalarda ýerine ýetiriş ýazgylaryny amala aşyrýarlar.

2. Ýerine ýetiriş ýazgylary esasynda jedelsiz tertipde bergini tutup almak geçirilýän resminamalaryň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýär.

 

99-njy madda. Ýerine ýetiriş ýazgylaryny amala aşyrmak üçin şertler

 

1. Ýerine ýetiriş ýazgylary şu halatlarda amala aşyrylýar:

1) eger berlen resminamalar berginiň jedelsizligini ýa-da bergidaryň algydaryň öňündäki gaýry jogapkärçiligini tassyklaýan bolsa;

2) eger hak isleýişe hukuk dörän gününden başlap üç ýyldan, ýuridik şahslaryň arasyndaky gatnaşyklarda bolsa – bir ýyldan köp wagt geçmedik bolsa.

2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýerine ýetiriş ýazgysy berilýän talap üçin talap etmegiň gaýry wagt möhleti bellenen bolsa, ýerine ýetiriş ýazgysy şol möhletiň çäklerinde berilýär.

 

100-nji madda. Ýerine ýetiriş ýazgysynyň mazmuny

 

Ýerine ýetiriş ýazgysy özünde şulary saklamalydyr:

1) ýerine ýetiriş ýazgyny amala aşyrýan wezipeli adamyň wezipesi, familiýasy, ady we atasynyň ady;

2) algydaryň ady we salgysy;

3) bergidaryň ady we salgysy;

4) haýsy möhlet üçin tutup almagyň geçirilýänliginiň goýulmagy;

5) tutup almaga degişli möçberiň ýa-da talap etmäge degişli närseleriň, şol sanda eger alynmaga degişli bolsa puşmana töleginiň, göterimiň goýulmagy;

6) algydaryň tölän döwlet pajynyň ýa-da bergidardan tutup almaga degişli möçberiň goýulmagy;

7) ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylan senesi (ýyly, aýy, güni);

8) ýerine ýetiriş ýazgynyň Notarial hereketlerini bellige almagyň sanawynda bellige alnan belgisi;

9) ýerine ýetiriş ýazgysyny amala aşyran wezipeli adamyň goly, döwlet notariusynyň möhri.

 

101-nji madda. Ýerine ýetiriş ýazgysy boýunça tutup almagyň tertibi

 

Ýerine ýetiriş ýazgysy boýunça tutup almak kazyýet çözgütlerini ýerine ýetirmek üçin ýerine ýetiriş önümçiligi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.

 

102-nji madda. Ýerine ýetiriş ýazgysyny görkezmegiň möhleti

 

1. Algydar ýa-da bergidar fiziki şahs bolan halatynda, eger Türkmenistanyň kanunçylygy bilen başga möhletler bellenmedik bolsa, ýerine ýetiriş ýazgysy onuň amala aşyrylan gününden üç ýylyň dowamynda, ähli galan talaplar boýunça bolsa – bir ýylyň dowamynda mejbury ýerine ýetirilmäge görkezilip bilner.

2. Ýerine ýetiriş ýazgysyny görkezmek üçin geçirilen möhleti dikeltmek Türkmenistanyň raýat iş ýörediş kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.

 

XVI BAP. WEKSELIŇ GARŞYLYKNAMASYNY AMALA AŞYRMAK, ÇEKLERI TÖLEGE GÖRKEZMEK WE ÇEKLERIŇ TÖLENMÄNLIGINI TASSYKLAMAK

 

103-nji madda. Wekseliň garşylyknamasy

 

Weksel hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tölemezlikde, akseptsizlikde we akseptiň senesiniň goýulmazlygynda döwlet notariusy wekseliň garşylyknamasyny geçirýär.

 

104-nji madda. Tölege görkezmek üçin çekleri kabul etmek we çekleriň tölenmänligini tassyklamak

 

1. Töleýjiniň ýerleşýän ýeri boýunça döwletnotariusy on gün geçenden soňberlen çekleri tölege görkezmek üçin kabul edýär, daşary ýurt çeklerini bolsa – çekiň berlen gününden alty aý geçenden soň, ýöne bu möhletden soňky gün sagat 12-den gijä goýmazdan kabul edýär.

2. Çek tölenmedik halatynda döwlet notariusy çeke bellenilen görnüşde ýazgy etmek arkaly çekiň tölenmänligini tassyklaýar we bu barada Notarial hereketlerini bellige almagyň sanawynda bellik edýär. Döwlet notariusy çeke ýazgy etmek bilen bir wagtda çeki berijä onuň çekiniň bank tarapyndan tölenmänligi we çekde ýazgynyň amala aşyrylanlygy barada habar iberýär.

3. Çek tölenmedik halatynda döwlet notariusy çek saklaýjynyň soramagy boýunça ýerine ýetiriş ýazgysyny amala aşyrýar.

 

XVII BAP. RESMINAMALARY SAKLAMAK ÜÇIN

KABUL ETMEK

 

105-nji madda. Resminamalary saklamak üçin kabul etmek

 

1. Döwlet notariusy, Türkmenistanyň daşary ýurtdöwletindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamy resminamalary saklamak üçin ýazgy boýunça kabul edýär. Şol ýazgynyň bir nusgasy döwlet notariusynda galdyrylýar, beýleki nusgasy resminamalary saklamak üçin tabşyran şahsa berilýär.

2. Eger resminamalar we gymmatly kagyzlar bolmalysy ýaly gaplanan (gap döwlet notariusynyň möhri basylyp berkidilýär, döwlet notariusy we resminamalary we gymmatly kagyzlary tabşyran şahs tarapyndan gol çekilýär) bolsa, şahsyň soramagy boýunça döwlet notariusy, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamy olary ýazgysyz kabul edip biler. Şol gap möhür bilen berkidilýär we oňa döwlet notariusy, Türkmenistanyň daşary ýurtdöwletindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan, şeýle hem resminamalary tabşyran şahs tarapyndan gol çekilýär. Şeýle halatlarda döwlet notariusy, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamy şol gabyň abat saklanmagy üçin jogapkärçilik çekýär.

3. Resminamalary saklamak üçin tabşyran şahsa şahadatnama berilýär.

 

106-njy madda. Saklamak üçin kabul edilen resminamalary gaýtaryp bermek

 

Saklamak üçin kabul edilen resminamalar döwlet notariusy tarapyndan berlen şahadatnamany ýa-daolaryň ýazgysynyň nusgasyny görkezmegi boýunça ýa-da kazyýetiň çözgüdi boýunça olary saklamak üçin tabşyrana ýa-da onuň ygtyýarly eden adamyna gaýtarylyp berilýär.

 

XVIII BAP. DEŇIZ GARŞYLYKNAMALARYNY AMALA AŞYRMAK

 

107-nji madda. Deňiz garşylyknamasy hakynda arza

 

1. Döwlet notariusy, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamy gämi eýeleriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak üçin subutnamalary üpjün etmek maksady bilen gämi eýesine emläk talaplaryny bildirmek üçin esas bolup biljek ýüzüş döwründe ýa-da gämi duralgasynda bolup geçen hadysa barada gäminiň kapitanynyň(serkerdesiniň) arzasyny kabul edýärler.

2. Deňiz garşylyknamasy hakynda arzada bolup geçen hadysanyň ýagdaýlary we kapitanyň (serkerdäniň) özüne ynanylan emlägiň abat saklanmagyny üpjün etmek üçin gören çäreleri beýan edilen bolmalydyr.

3. Deňiz garşylyknamasy hakynda arzada beýan edilen ýagdaýlary tassyklap, gäminiň kapitany (serkerdesi) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, arza bermek bilen bir wagtda ýa-da gäminiň Türkmenistanyň portuna giren pursadyndan ýa-da, eger hadysa portda bolup geçen bolsa hadysanyň bolan pursadyndan, ýedi senenama gününden köp bolmadyk möhletde döwlet notariusyna, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamyna gämi žurnalyny we gäminiň kapitany (serkerdesi) tarapyndan tassyklanan gämi žurnalynyň göçürmesini seredip çykmak üçin görkezmäge borçludyr.

 

108-nji madda. Deňiz garşylyknamasy hakynda arza bermegiň tertibi we  möhleti

 

1. Deňiz garşylyknamasy hakynda arza Türkmenistanyň portunda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet notariusyna, daşary ýurt portunda bolsa – şol döwletiň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamyna ýa-da daşary ýurt döwletiniň ygtyýarly wezipeli adamsyna berilýär.

2. Deňiz garşylyknamasy hakynda arza, eger hadysa deňiz portunda bolan bolsa – hadysanyň bolan pursadyndan soň, ýigrimi dört sagadyň dowamynda, gämi ýüzüp ýören wagtynda bolanda bolsa – bolan hadysadan soň gäminiň ýa-da gäminiň kapitanynyň (serkerdesiniň) ilkinji deňiz portuna gelen pursadyndan ýigrimi dört sagadyň dowamynda berilýär.

3. Bellenilen möhletde garşylyknama bildirmek mümkin bolmadyk halatynda, onda onuň sebäpleri deňiz garşylyknamasy hakynda arzada görkezilmelidir.

 

109-njy madda. Deňiz garşylyknamasy hakynda nama düzmek

 

Döwlet notariusy, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamy gäminiň kapitanynyň (serkerdesiniň) arzasy, gämi žurnalynyň maglumatlary, şeýle hem kapitanyň (serkerdäniň) özüni, mümkin boldugyça gäminiň ýolbaşçy düzümindäki adamlardan azyndan iki şaýady we gämi toparyndan iki şaýady sorag etme esasynda deňiz garşylyknamasy hakynda nama düzýär we ony öz goly we möhri bilen tassyklaýar. Namanyň bir nusgasy gäminiň kapitanyna (serkerdesine) ýa-da onuň ygtyýarly eden adamsyna berilýär.

 

XIX BAP. SUBUTNAMALARY ÜPJÜN ETMEK

 

110-njy madda.Kazyýetde ýa-da başga ygtyýarly edarada işiň ýüze çykan halatynda zerur bolan subutnamalary üpjün etmek

 

1. Eger subutnamalary görkezmek soňra mümkin bolmaz ýa-da kynçylykly bolar diýip çak etmäge esas bar bolsa, döwlet notariusy, Türkmenistanyň daşary yurt döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamy gyzyklanýan şahslaryň soramagy boýunça kazyýetde ýa-da başga ygtyýarly edarada iş ýüze çykan halatynda zerur bolan subutnamalary üpjün edýär.

2. Gyzyklanýan şahslaryň döwlet notariusyna ýüz tutan pursadynda kazyýetiň ýa-da başga ygtyýarly edaranyň önümçiliginde bar bolan işler boýunça subutnamalar üpjün edilmeýärler.

 

111-nji madda. Subutnamalary üpjün etmek boýunça hereketler

 

1. Döwlet notariusy, Türkmenistanyň daşary yurt döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamy subutnamalary üpjün etmek tertibinde fiziki şahslar bilen soraşýar, resminamalary we närseleri gözden geçirýär, zerur bolsa bilermenler seljermesini belleýär.

2. Subutnamalary üpjün etmek boýunça iş ýörediş hereketlerini ýerine ýetirende döwlet notariusy, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamy Türkmenistanyň raýat iş ýörediş kanunçylygynyň degişli kadalaryny goldanýar.

3. Döwlet notariusy, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamy subutnamalaryň üpjün edilýän wagty we ýeri barada taraplara we gyzyklanýan şahslara habar berýär, ýöne olaryň gelmezligi subutnamalary üpjün etmek boýunça hereketleri ýerine ýetirmek üçin päsgelçilik bolmaýar.

4. Taraplaryň haýsydyr birine we gyzyklanýan şahslara habar etmezden subutnamalary üpjün etmek diňe gaýragoýulmasyz ýa-da işe soňra kimiň gatnaşjagyny kesgitlemek mümkin bolmaýan halatlarda geçirilýär.

5. Şaýadyň ýa-da bilermeniň çakylyk boýunça gelmedik halatynda döwlet notariusy, Türkmenistanyň daşary yurt döwletindäki diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan çäreleri görmek üçin bu barada şaýadyň ýa-da bilermeniň ýaşaýan ýeri boýunça kazyýete habar berýär.

 

IVbölüm. ŞU KANUNY DAŞARY ÝURT RAÝATLARY, RAÝATLYGY BOLMADYKADAMLAR WE DAŞARY ÝURT DÖWLETLERINIŇ ÝURIDIK ŞAHSLARY BABATDA ULANMAK. DAŞARY ÝURT DÖWLETLERINIŇ HUKUK KADALARYNY ULANMAK.HALKARA ŞERTNAMALARY

 

112-nji madda. Şu Kanuny daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, şeýle hem daşary yurt döwletleriniň ýuridik şahslary babatda ulanmak

 

Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň we daşary ýurt döwletleriniň ýuridik şahslarynyň Türkmenistanyň çäginde notarial hereketleri amala aşyrmak üçin şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde döwlet notariuslaryna, ygtyýarly wezipeli adamlara ýüz tutmaga Türkmenistanyň raýatlary we ýuridik şahslary bilen deň hukuklary bardyr.

 

113-nji madda. Döwlet notariusy tarapyndan beýleki döwletleriň hukuk kadalaryny we halkara hukugynyň kadalaryny ulanmak

 

1. Döwlet notariusy Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda daşary ýurt döwletleriniň hukuk kadalaryny we halkara hukugynyň kadalaryny ulanýar.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna garşy gelmeýän bolsa, döwlet notariuslary daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda düzülen resminamalary kabul edýärler, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygynda göz öňünde tutulan görnüşde tassyklaýjy ýazgylary amala aşyrýarlar.

 

114-nji madda. Daşary ýurt raýatynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň miraslyk emlägi goralanda we şeýle emläge mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berlende Türkmenistanyň kanunçylygyny ulanmak. Türkmenistanyň çäginden daşarda hereketleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenilen ynanç hatlary

 

1. Daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam ölenden soň ýa-da mirasdary daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam bolan Türkmenistanyň raýaty ölenden soň galan Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän emlägi goramak, şeýle hem mirasa ynançly dolandyryjy bellemek we şeýle emläge mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama bermek bilen bagly hereketler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanyň çäginden daşarda hereketi amala aşyrmaga niýetlenilen, onuň hereket möhleti görkezilmedik, döwlet notariusy, ygtyýarly wezipeli adam tarapyndan tassyklanylan ynanç haty şol ynanç hatyny beren şahs tarapyndan ýatyrylýança güýjüni saklaýar.

 

115-nji madda. Türkmenistanyň çäginden daşarda düzülen resminamalary döwlet notariuslary tarapyndan kabul etmek

 

Eger şu Kanunda, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we halkara şertnamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň çäginden daşarda beýleki döwletleriň ygtyýarly edaralarynyň wezipeli adamlary tarapyndan düzülen resminamalar, şeýle hem olardan gelip çykýan resminamalar döwlet notariuslary tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan kanunlaşdyrylan şertinde kabul edilýär.

 

116-njy madda. Döwlet notariusynyň daşary ýurt döwletleriniň ýustisiýa edaralary bilen bilelikde hereket etmegi

 

1. Döwlet notariuslary notarial hereketlerini amala aşyrmakda hukuk kömegini bermek barada daşary ýurt döwletleriniň ýustisiýa edaralarynyň bellenilen tertipde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirýärler, muňa şu halatlar girmeýär, eger ol:

1) Türkmenistanyň özygtyýarlylygyna ters gelýän ýa-da onuň milli howpsuzlygyna wehim salýan bolsa;

2) döwlet notariusynyň ygtyýarlygyna girmeýän bolsa;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelýän bolsa.

2. Notarial hereketlerini amala aşyrmakda hukuk kömegini bermek barada daşary ýurt döwletleriniň ýustisiýa edaralarynyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek döwlet notariuslary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda geçirilýär.

3. Döwlet notariusy hukuk kömeginiň berilmegi barada tabşyryklar bilen daşary ýurt döwletleriniň ýustisiýa edaralaryna Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we halkara şertnamalaryndabellenilen tertipde ýüz tutmaga haklydyr.

 

117-nji madda. Beýleki döwletleriň edaralarynda işleri alyp barmak üçin zerur bolan subutnamalary üpjün etmek

 

Döwlet notariusy beýleki döwletleriň edaralarynda işleri alyp barmak üçin zerur bolan subutnamalary üpjün edýär.

 

118-nji madda. Halkara şertnamalary

 

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalary döwlet notariusynyň ygtyýarlygyna Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk notarial hereketleriňamala aşyrylmagyny degişli edýän bolsa, döwlet notariusy notarial hereketlerini Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellenilen tertibe laýyklykda amala aşyrýar.

 

V bölüm. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

119-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

2. Şu Kanunyň güýje giren gününden şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1) 1999-njy ýylyň 30-njy aprelinde kabul edilen «Döwlet notariaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1999 ý.,  № 1, 9-njy madda);

2) 2009-njy ýylyň 2-njiiýulynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň VIII bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 3, 45-nji madda).

3. Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary mundan beýläk şu Kanuna laýyk getirilýänçä, şu Kanuna garşy gelmeýänligine görä hereket edýärler.

 

 

Türkmenistanyň                                                           Gurbanguly

     Prezidenti                                                         Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2015-nji ýylyň 18-nji awgusty.

№ 262-V.

 

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

KARARY

 

«04» maý 2016 ý.                              № 14762                                        Aşgabat ş.

 

Ýerine ýetiriş ýazgylary esasynda jedelsiz tertipde berginiň tutup alynmagy geçirilýän resminamalaryň sanawyny tassyklamak hakynda

 

“Notariat we notarial işi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna we ýerine ýetiriş ýazgylary esasynda jedelsiz ýagdaýlarda tutup almagy düzgünleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Ýerine ýetiriş ýazgylary esasynda jedelsiz tertipde berginiň tutup alynmagy geçirilýän resminamalaryň sanawyny tassyklamaly (goşulýar).

     2. Şulary güýjüni ýitiren hasap etmeli:

“Ispolnitel ýazgylar boýunça hökmany tertipde bergi töledip almaga esas bolýan dokumentleriň pereçeni hakynda” Türkmenistan SSR Ministrler Sowetiniň 1975-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda çykaran 371-nji kararyny (Türkmenistan SSR Ministrler Sowetiniň kararlarynyň 1975-nji ýyldaky 9-njy ýygyndysynyň 109-njy maddasy);

“Notariat meseleleri boýunça TSSR Ministrler Sowetiniň kararlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistan  SSR  Ministrler Sowetiniň 1980-nji  ýylyň

21-nji  martynda çykaran 138-nji karary bilen tassyklanylan, Notariat meseleleri boýunça TSSR Ministrler Sowetiniň kararlaryna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň 3-nji bölümini;

 “Döwlet notarial kontoralarynyň ispolnitel ýazgylary boýunça hökmany tertipde bergi töledip almaga esas bolýan dokumentleriň pereçenine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistan SSR Ministrler Sowetiniň 1984-nji ýylyň 18-nji maýynda çykaran 211-nji kararyny (Türkmenistan SSR Ministrler Sowetiniň kararlarynyň 1984-nji ýyldaky

5-nji ýygyndysynyň  62-nji maddasy);

“TSSR Ministrler Sowetiniň käbir kararlaryny üýtgetmek, olaryň üstüni ýetirmek we olary kem-käsleýin üýtgetmek hakynda” Türkmenistan SSR Ministrler Sowetiniň 1985-nji ýylyň 4-nji aprelinde çykaran 129-njy kararynyň (Türkmenistan SSR Ministrler Sowetiniň kararlarynyň 1985-nji ýyldaky 4-nji ýygyndysynyň 26-njy maddasy)    3-nji bölümini.

      3. Şu kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Goranmak ministri, Türkmenistanyň Adalat ministri, Türkmenistanyň Içeri işler ministri,  Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

 

          Türkmenistanyň                                     

               Prezidenti,

          Türkmenistanyň

               Ýaragly Güýçleriniň                                                           Gurbanguly

              Belent Serkerdebaşysy                                                    Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Prezidentiniň     
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysynyň       
2016-njy ýylyň 04-nji maýynda   
tassyklandy                      






 

 

Ýerine ýetiriş ýazgylary esasynda jedelsiz tertipde berginiň

tutup alynmagy geçirilýän resminamalaryň

 

S A N A W Y

 

I. Notarial tertipde tassyklanylan geleşikler boýunça bergidardan pul möçberini tutup almak ýa-da emlägini talap etmek

 

1. Bergidardan pul möçberini tutup almagy ýa-da emlägiň  gaýtarylyp berilmegi  ýa-da başga birine berilmegi boýunça notarial tertipde tassyklanan geleşikler.

Ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylmagy üçin şu resminamalar berilýär:

a)  notarial tertipde tassyklanan geleşigiň asyl nusgasy;

b) bergidaryň bergisiniň jedelsizdigini ýa-da onuň algydaryň öňündäki gaýry jogapkärçiligini we berginiň möçberini tassyklaýan resminamalar;

ç) duýduryş hatyny alandygy barada bergidaryň gol çekmegi bilen, berginiň bellenen möhletde tölenilmegini talap edýän bergidara berlen duýduryş haty (hatlary).

 

II. Hasaplaşyk we karz gatnaşyklaryndan gelip çykýan esaslar boýunça bergini tutup almak

 

2. Karz edaralarynyň karz amallary boýunça karz alyjylar, zamun bolujylar tarapyndan karz boýunça berginiň (şol sanda karza hasaplanan göterimleriň) gaýtarylmaly möhleti geçirilen resminamalar.

Ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylmagy üçin şu resminamalar berilýär:

a) bergini tutup almak üçin esas bolan şertnamanyň asyl nusgasy;

b) karz alyjynyň, zamun bolujynyň bergisiniň jedelsizdigini we berginiň möçberini tassyklaýan resminamalar;

ç) duýduryş hatyny alandygy barada bergidaryň gol çekmegi bilen, berginiň bellenen möhletde tölenilmegini talap edýän we bergidara karz edarasy tarapyndan berlen üçden az bolmadyk duýduryş hatlary.

 

3. Pul tölenilmegi üçin berlen çekler boýunça töleg tölenmedik halatynda, çek saklaýjynyň soramagy bilen, döwlet notariusy tarapyndan bellenen görnüşde ýazgy etmek arkaly tassyklanan çekler berilýär.

 

III. Ýük daşamakdan gelip çykýan bergini we bellenen möhletde jedelleşilmedik dispaşa boýunça alynmaly pul möçberlerini tutup almak

 

       4. Demir ýol ulaglary edaralarynyň, kärhanalarynyň, deňiz we derýa ulaglary edaralarynyň, howa-ulag kärhanalarynyň, awtoulag kärhanalarynyň ýük daşamakdan gelip çykýan bildirilen nägileliklerini kanagatlandyrmak hakynda müşderilere iberýän habarnamalary.

Ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylmagy üçin demir ýol ulag edarasynyň, kärhanasynyň, deňiz we derýa ulaglary edarasynyň, howa-ulag kärhanasynyň, awtoulag kärhanasynyň tölenilmäge degişli pul möçberini görkezmek bilen, müşderä iberen habarnamasy, ýagny bildirilen nägilelige edaranyň, kärhananyň özünde ykrar edilen habarnamasy berilýär.

 

5. Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksiniň 285-nji maddasynyň 2-nji böleginde bellenen möhletiniň dowamynda jedelleşilmedik dispaşa.

Ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylmagy üçin şu resminamalar berilýär:

a) dispaşa   (umumy heläkçilik boýunça çekilen zyýany   we çykdajylary hasaplamak hem-de olary umumy deňiz gatnawyna dahylly işlere gatnaşan taraplaryň arasynda paýlamak);

b) dispaşanyň   kazyýet  tarapyndan  ýatyrylmandygy  we üýtgedilmändigi hakyndaky dispaşeriň (dispaşany düzýän bilermen) kepilnamasy.

 

IV. Ýaşaýyş we ýaşalmaýan jaýlary kireýine almak şertnamalary boýunça, şeýle hem jemagat hyzmatlary üçin bergini tutup almak

 

6. Ýaşaýyş we ýaşalmaýan jaýlaryň eýeleriniň (ýa-da kireýine alyjylarynyň) jemagat hyzmatlary üçin bergisini belleýän resminamalar.

Ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylmagy üçin şu resminamalar berilýär:

a) bergini tutup almak üçin esas bolan resminamanyň algydar tarapyndan tassyklanan nusgasy;

b) ýaşaýyş jaýynyň eýesine (ýa-da kireýine alyja) ýazmaça duýduryş gowşurylandan soň, berginiň tölenilmändigi hakynda algydar tarapyndan bellik edilmek bilen, ýaşaýyş jaýynyň eýesine (ýa-da kireýine alyja) iberilen hasabyň algydar tarapyndan tassyklanan nusgasy;

ç) duýduryş hatyny alandygy barada bergidaryň gol çekmegi bilen, berginiň bellenen möhletde tölenilmegini talap edýän bergidara berlen duýduryş haty.

 

7. Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli ýaşaýyş jaýlarynyň peýdalanylandygy üçin töleg (ýaşaýyş jaý kireýiniň tölegi) boýunça bergini belleýän resminamalar.

Ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylmagy üçin şu resminamalar berilýär:

a) berginiň tölenilmändigi hakynda algydar tarapyndan bellik edilmek bilen kireýine alyja iberilen hasabyň algydar tarapyndan tassyklanan nusgasy;

b) berginiň bellenen möhletde tölenilmegini talap edýän bergidara berlen duýduryş haty.

 

8. Döwlet emlägini kärendä alyjylaryň kärende tölegi üçin bergini belleýän resminamalar.

Ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylmagy üçin şu resminamalar berilýär:

a) döwlet emläginiň kärendesiniň şertnamasy;

b) berginiň tölenilmändigi hakyndaky algydar tarapyndan möçberi görkezilip, kärendä alyja iberilen hasabyň (hatyň) algydar tarapyndan tassyklanan nusgasy;

ç)  duýduryş hatyny alandygy barada bergidaryň gol çekmegi bilen, berginiň bellenen möhletde tölenilmegini talap edýän bergidara berlen duýduryş haty.

 

V. Elektrik energiýasyny ýerleýän kärhanalaryň talapnamalary boýunça bergini tutup almak

 

9. Elektrik energiýasyndan peýdalanylandygy üçin elektrik energiýasyny ýerleýän kärhanalara bolan bergini tassyklaýan resminamalar.

Ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylmagy üçin şu resminamalar berilýär:

a) töleg tabşyrygynyň (hasabynyň) algydar tarapyndan tassyklanan nusgasy;

b) berginiň jedelsizdigini tassyklaýan resminamanyň algydar tarapyndan tassyklanan nusgasy;

ç)  duýduryş hatyny alandygy barada bergidaryň gol çekmegi bilen ýa-da duýduryş hatyny almakdan boýun gaçyrandygy barada algydaryň bellik etmegi bilen, elektrik energiýasy üçin bergini bellenen möhletde tölemek hakyndaky bergidara ýazmaça berlen duýduryş haty.

 

VI.Radioýygylyk toplumyndan we telefondan peýdalanylandygy üçin müşderi tölegi boýunça bergini tutup almak

 

10. Radioýygylyk toplumyndan we telefondan peýdalanylandygy üçin müşderi tölegi boýunça peýdalanyjylaryň bergisini belleýän resminamalar.

Ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylmagy üçin şu resminamalar berilýär:

a) berginiň tölenilmändigi hakynda algydar tarapyndan bellik edilmek bilen, bergidara iberilen hasabynyň algydar tarapyndan tassyklanan nusgasy;

b) duýduryş hatyny alandygy barada bergidaryň gol çekmegi bilen, berginiň bellenen möhletde tölenilmegini talap edýän, bergidara berlen duýduryş haty.

 

        VII. Emlägi kärendä (kireýine) bermek şertnamasy boýunça  gaýtarylyp berilmedik, zaýalanan we (ýa-da) berlen emlägiň peýdalanylandygy üçin hak tölemek boýunça şahsy taraplardan bergini tutup almak

 

11. Emlägi kärendä (kireýine) bermek şertnamasy boýunça gaýtarylyp berilmändigi, zaýalanandygy we (ýa-da) berlen emlägiň  peýdalanylandygy üçin şahsy taraplaryň bergisini belleýän resminamalar.  

Ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylmagy üçin şu resminamalar berilýär:

a) algydar tarapyndan tassyklanan şertnamanyň nusgasy;

b) duýduryş hatyny alandygy barada bergidaryň gol çekmegi bilen, berginiň bellenen möhletde tölenilmegini talap edýän bergidara berlen duýduryş haty.

 

VIII. Oba hojalyk ösümliklerini zyýanly mör-möjeklerden we kesellerden goramak baradaky işler üçin bergini tutup almak

 

12. Oba hojalyk ösümliklerini zyýanly mör-möjeklerden we kesellerden goramak baradaky işler üçin bergini belleýän resminamalar.

Ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylmagy üçin şu resminamalar berilýär:

a) berginiň tölenilmändigi hakynda algydar tarapyndan bellik edilmek bilen, bergidara iberilen hasabyň algydar tarapyndan tassyklanan nusgasy;

b) duýduryş hatyny alandygy barada bergidaryň gol çekmegi bilen, berginiň bellenen möhletde tölenilmegini talap edýän bergidara berlen duýduryş haty.

 

IX. Yzyna gaýtarylyp berilmedik kitaplar we kitaphana hazynalarynda saklanýan beýleki çap neşirler hem-de gaýry maglumatlar üçin döwlet, jemagat (köpçülik), ylmy, bilim edaralarynyň we ýöriteleşdirilen kitaphanalaryň talapnamalary boýunça bergini tutup almak

 

13. Okyjylar tarapyndan yzyna gaýtarylyp berilmedik kitaplaryň we kitaphana hazynalarynda saklanýan beýleki çap neşirleriň we gaýry maglumatlaryň bahasyny tutup almak hakynda döwlet, jemagat (köpçülik), ylmy, bilim edaralarynyň we ýöriteleşdirilen kitaphanalaryň talapnamalary.

Ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylmagy üçin şu resminamalar berilýär:

a) okyjynyň kitaphanadan kitaplary we kitaphana hazynalarynda saklanýan beýleki çap neşirleri, gaýry maglumatlary alandygyny we olar möhletinde gaýtarylyp berilmändigini tassyklaýan resminamalar;

b) yzyna  gaýtarylyp  berilmedik  kitaplaryň we kitaphana hazynalarynda saklanýan beýleki çap neşirleriň, gaýry maglumatlaryň bahasy barada kitaphananyň kitaplary hasaba almak boýunça tükelleme kitabyndan algydar tarapyndan tassyklanan göçürme;

ç) kitaplary we kitaphana hazynalarynda saklanýan beýleki çap neşirleri, gaýry maglumatlary yzyna gaýtaryp bermek barada, yzyna gaýtarylyp berilmedik halatynda bolsa, yzyna gaýtarylyp berilmedik kitaplaryň, beýleki çap neşirleriň, gaýry maglumatlaryň bahasyny töledip almak barada bergidaryň gol çekmegi bilen, algydar tarapyndan ýazmaça berlen duýduryş haty.

 

X. Çagalaryň çagalar bagynda terbiýelenýändigi üçin ata-enelerden ýa-da beýleki kanuny wekillerden bergini tutup almak

 

14. Çagalaryň çagalar bagynda terbiýelenýändigi üçin ata-eneleriň ýa-da beýleki kanuny wekilleriniň bergisini tassyklaýan  resminamalar.

Ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylmagy üçin şu resminamalar berilýär:

a) çaganyň ata-enesiniň ýa-da beýleki kanuny wekiliniň adyna açylan töleg resminamasyndan göçürme;

b) duýduryş hatyny alandygy barada bergidaryň gol çekmegi bilen, berginiň bellenen möhletde tölenilmegini talap edýän bergidara berlen duýduryş haty.

 

XI. Bilim  edaralarynda  tölegli   bilim alnandygy üçin okaýanlardan,  olaryň

ata-enelerinden ýa-da beýleki kanuny wekillerinden bergini tutup almak

 

15. Bilim edaralarynda tölegli bilim alnandygy üçin okaýanyň, onuň ata-enesiniň ýa-da beýleki kanuny wekiliniň bergisini tassyklaýan  resminamalar.

Ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylmagy üçin şu resminamalar berilýär:

a) tölegli bilim almak hakyndaky şertnamanyň algydar tarapyndan tassyklanan nusgasy;

        b) okaýanyň, onuň ata-enesiniň ýa-da beýleki kanuny wekiliniň adyna açylan hasabyndan algydar tarapyndan tassyklanan göçürme;

        ç) duýduryş hatyny alandygy barada bergidaryň gol çekmegi bilen, bergini üzmek hakyndaky algydaryň ýazmaça duýduryş haty.

 

XII. Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň talapnamalary boýunça bergini tutup almak

 

16. Jezalary ýerine ýetirýän edaralaryň kazyýetiň hökümi esasynda özlerinde düzediş işleri görnüşindäki jezany çekýänleriň zähmet haklaryndan kazyýetiň höküminde bellenen möçberde döwletiň haýryna tutulyp alynýan pul serişdelerini geçirmegiň uzak wagtlap (bir aýdan artyk) saklanmagyna ýol beren eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalara, edaralara, guramalara bergisini tutup almak hakyndaky talapnamalary.

Ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylmagy üçin şu resminamalar berilýär:

a) jezalary ýerine ýetirýän edaranyň düzediş işlerine iş kesileniň işleýän ýerine iberýän habarnamasynyň tassyknama böleginiň nusgasy;

b) zähmet hakyndan tutulmaly aýyň dowamynda şol kärhanada, edarada, guramada düzediş işlerine iş kesileniň işländigi barada kärhananyň, edaranyň, guramanyň kepilnamasy;

ç) düzediş işlerine iş kesileniň işlän döwrüniň dowamynda alan zähmet hakynyň möçberi barada kärhananyň, edaranyň, guramanyň kepilnamasy.

 

17. Tükmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgäri hünär synagyndan geçiriş tertibinde gulluga laýyk däldigi sebäpli, düzgün-nyzamy gödek bozandygy ýa-da birsyhly bozýandygy, içeri işler edaralarynyň işgäriniň belent adyna ysnat getirýän etmişleri edendigi ýa-da jenaýat edendigi üçin gullukdan boşadylan halatynda, oňa berlen bir ülňili geýimiň bahasy könelmegini nazara almak bilen, hasaplanyp çykarylan möçberde bergisini belleýän resminamalar.

Ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylmagy üçin tutup alynmaga degişli pul möçberi hakynda degişli içeri işler edarasynyň kepilnamasy berilýär.

 

XIII. Saglygy goraýyş edaralarynyň talapnamalary boýunça bergini tutup almak

 

18. Hojalyk hasaplaşygyndaky saglygy goraýyş edaralarynda we (ýa-da) şypahanalarda bejergi alandygy bilen bagly tölenilmedik tölegler üçin resminamalar.

Ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylmagy üçin berginiň möçberi hakynda hojalyk hasaplaşygyndaky saglygy goraýyş edarasynyň we   (ýa-da) şypahananyň ýolbaşçysynyň hem-de baş hasapçysynyň gol çekilip tassyklanan kepilnamasy berilýär.

 

19. Alkogol serhoşlygy ýagdaýynda şikes almagy bilen, saglygy goraýyş edaralarynyň kesel bejeriş edaralarynyň ýöriteleşdirilen kabul ediş bölümlerine düşen adamlara saglygy goraýyş hyzmaty edilenligi üçin bergini belleýän resminamalar.

Ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylmagy üçin şu resminamalar berilýär:

a) bergidaryň tölemeli möçberi baradaky hasabyň birinji nusgasyny alandygy hakynda bergidaryň gol çekmegi bilen, hasabyň nusgasy;

b) kazyýet lukmançylyk edarasy tarapyndan şikes alandygyny tassyklaýan resminama.

 

20. Bozgakçylyk ýa-da başga jenaýatçylykly hereketleriň öňüni almak maksady bilen özlerine syna şikesi ýetirilen adamalaryň bejerilendigi üçin saglygy goraýyş edaralarynyň  talapnamalary boýunça bergini belleýän resminamalar.

Ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylmagy üçin şu resminamalar berilýär:

a) anyklaýyş ýa-da deslapky derňew edaralarynyň kararyndan  ýa-da kazyýetiň höküminden, kesgitnamasyndan bergidaryň bozgakçylyk ýa-da başga jenaýatçylykly hereket edendigini tassyklaýan göçürme;

b) berginiň möçberi hakynda saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysynyň we baş hasapçysynyň gol çekilip tassyklanan kepilnamasy.    

 

XIV. Ätiýaçlyga iberilen ýa-da harby hasapdan aýrylan harby gullukçylardan we harby okuw ýygnanyşyga çagyrylan harby borçlulardan bergini tutup almak

 

21. Döwlete ýetiren zyýany üçin bellenen tertipde maddy jogapkärçilige çekilen borçnama boýunça harby gullukçylaryň ätiýaçlyga iberilen ýa-da harby hasapdan aýrylan gününe çenli üzülmän galan bergisini belleýän resminamalar.

Ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylmagy üçin tutup alynmaga degişli pul möçberi hakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hem-de kanun boýunça özlerinde harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň harby bölüminiň, kärhanasynyň, ýokary harby okuw mekdebiniň kepilnamasy berilýär.

 

22. Harby okuw ýygnanyşyga çagyrylan we döwlete ýetiren zyýany üçin bellenen tertipde maddy jogapkärçilige çekilen harby borçlularyň bergisini belleýän resminamalar.

Ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylmagy üçin şu resminamalar berilýär:

a) tutup alynmaga degişli pul möçberi hakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hem-de kanun boýunça özlerinde harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriň, pudak edaralarynyň harby bölüminiň, kärhanasynyň, ýokary harby okuw mekdebiniň kepilnamasy;

b) duýduryş hatyny alandygy barada bergidaryň gol çekmegi bilen, bergini üzmek hakyndaky algydaryň ýazmaça duýduryş haty.

 

23. Jenaýat edendigi üçin iş kesilendigi sebäpli (şol sanda şertli iş kesilendigi sebäpli) hem-de harby gullukçynyň mertebesine ysnat getirýän etmişi edendigi üçin borçnama boýunça harby gullukçylaryň möhletinden öň harby gullukdan boşadylan mahalynda, olara berlen bir ülňüli geýimiň gulluk möhletiniň (bir ülňüli geýimiň geýmek möhletiniň) wagtyna deň ölçegli hasaplanylyp çykarylan möçberdäki bahasy boýunça bergisini belleýän resminamalar.

Ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylmagy üçin tutup alynmaga degişli pul möçberi hakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hem-de  kanun boýunça özlerinde harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriň, pudak edaralarynyň harby bölüminiň, kärhanasynyň, ýokary harby okuw mekdebiniň kepilnamasy berilýär.

 

XV. Işgär tarapyndan iş berijä ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak boýunça bergini tutup almak

 

24. Işgär tarapyndan iş berijä ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak boýunça bergini belleýän resminamalar.

Ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylmagy üçin şu resminamalar berilýär:

a) ýetirilen zyýanyň öwezini meýletin dolmak hakynda tölegleriň möhletleriniň görkezilmegi bilen, işgäriň borçnamasynyň asyl nusgasy;

b) ýetirilen zyýanyň tölenilmedik böleginiň möçberlerini tassyklaýan resminamalar;

ç) iş beriji tarapyndan tassyklanan zähmet şertnamasynyň bes edilendigi (ýatyrylandygy) baradaky buýrukdan göçürmesi;

d) duýduryş hatyny alandygy barada bergidaryň gol çekmegi bilen, bergini üzmek hakyndaky algydaryň ýazmaça duýduryş haty.

 

XVI. Dezinfeksiýa, dezinseksiýa we deratizasiýa geçirilenligi üçin bergini tutup almak

 

 25. Dezinfeksiýa, dezinseksiýa we deratizasiýa geçirilendigi üçin edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň we şahsy taraplaryň bergisini belleýän resminamalar.

Ýerine ýetiriş ýazgynyň amala aşyrylmagy üçin şu resminamalar berilýär:

a) edara, kärhana, gurama ýa-da şahsy tarap bilen baglaşylan şertnamanyň asyl nusgasy;

b) hasabyň algydar tarapyndan tassyklanan nusgasy;

ç) duýduryş hatyny alandygy barada bergidaryň gol çekmegi bilen bergini üzmek hakynda algydaryň ýazmaça duýduryş haty.

 

XVII. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki resminamalar

 

 

“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 34-nji maddasyna laýyklykda, döwlet notariuslary şu aşakdaky notarial hereketlerini amala aşyrýarlar:


1) geleşikleri (şertnamalary, wesýetnamalary, ynanç hatlaryny, nika  şertnamalaryny we beýlekileri) tassyklaýarlar;

2) mirasy goramaga zerur çäreleri görýärler;

3) mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berýärler;

4) umumy eýeçilikdäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama berýärler;

5) kanun tarapyndan bellenilen halatlarda ýaşaýyş jaýyny, öýi, ýazlaglyk öýüni we beýleki gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamaga gadaganlyk girizýärler;

6) resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrulygyna şaýatlyk edýärler;

7) resminamalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edýärler;

8) resminamalaryň bir dilden beýleki dile terjimesiniň dogrulygyna şaýatlyk edýärler;

9) adamyň diriligi barada fakty tassyklaýarlar;

10) adamyň kesgitli bir ýerde barlygy barada fakty tassyklaýarlar;

11) adamyň ýüz keşbiniň suratdaky şekil bilen kybapdaşlygyny tassyklaýarlar;

12) resminamalaryň görkezilen wagtyny tassyklaýarlar;

13) fiziki we ýuridik şahslaryň arzalaryny beýleki fiziki we ýuridik şahslara     berýärler;

14) puly we gymmatly kagyzlary depozite kabul edýärler;

15) ýerine ýetiriliş ýazgylaryny amala aşyrýarlar;

16) wekselleriň garşylyknamalaryny amala aşyrýarlar;

17) çekleri tölege görkezýärler we çekleriň tölenmänligini tassyklaýarlar;

18) resminamalary saklamak üçin kabul edýärler;

19) deňiz garşylyknamalaryny amala aşyrýarlar;

20) subutnamalary üpjün edýärler.

 

 

“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 35-nji maddasyna laýyklykda, Geňeşleriň wezipeli adamlary tarapyndan amala aşyrylýan notarial hereketleri:

 

1) wesýetnamalary tassyklaýarlar;

2) ynanç hatlaryny tassyklaýarlar;

3) mirasy goramaga zerur çäreleri görýärler;

4) resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň dogrulygyna şaýatlyk edýärler;

5) resminamalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edýärler.

 

 

Wezipeli adamlar tarapyndan notarial taýdan tassyklanylýan resminamalara şular deňleşdirilýär:

 

1) hassahanalarda, ýatymlaýyn şertlerde lukmançylyk kömegini edýän beýleki döwlet saglygy goraýyş edaralarynda bejerişde bolýan ýa-da gartaşan adamlar we maýyplar üçin öý-internatlarynda ýaşaýan adamlaryň şol hassahanalaryň, ýatymlaýyn şertlerde lukmançylyk kömegini edýän beýleki döwlet saglygy goraýyş edaralarynyňbaş lukmanlary, olaryň lukmançylyk bölümi boýunça orunbasarlary ýa-da nobatçy lukmanlary, gartaşan adamlar we maýyplar üçin öý-internatlarynyň bolsa müdirleri we baş lukmanlary tarapyndan tassyklanan wesýetnamalary we ynanç hatlary, şeýle hem gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilen arzalary;

2) Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň astynda ýüzýän deňiz gämilerinde ýa-da içerki suwlarynda ýüzüşi amala aşyrýan gämilerde ýüzüş wagtynda bolýan adamlaryň şol gämileriň kapitanlary (serkerdeleri) tarapyndan tassyklanan wesýetnamalary we gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilen arzalary;

3) gözleg we şolar ýaly beýleki ekspedisiýalarda bolýan adamlaryň şol ekspedisiýalaryň başlyklary tarapyndan tassyklanan wesýetnamalary we gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilen arzalary;

4) harby hassahanalarda we beýleki harby-bejerişe daralarynda we harby-lukmançylyk bölümlerinde bejerişde bolýanharby gullukçylaryň we beýleki adamlaryň şol harby hassahanalaryň we beýleki harby-bejeriş edaralarynyň başlyklary we harby-lukmançylyk bölümleriniň serkerdeleri, olaryň lukmançylyk bölümi boýunça orunbasarlary, uly we nobatçy lukmanlary tarapyndan tassyklanan wesýetnamalary we ynanç hatlary, şeýle hem gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilen arzalary;

5) döwlet notariuslarynyň we ygtyýarly wezipeli adamlaryň ýok ýerlerindäki harby bölümleriň, birikmeleriň, harby edaralaryň we harby okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde harby gullukçylarynyň, şonuň ýaly-da işgärleriniň, olaryň maşgala agzalarynyň we harby gullukçylaryň maşgala agzalarynyň şol harby bölümleriň, birikmeleriň, harby edaralaryň serkerdeleri (başlyklary) we harby okuw mekdepleriniň rektorlary (müdirleri) tarapyndan tassyklanan wesýetnamalary we ynanç hatlary, şeýle hem gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilen arzalary;

6) ýörite dikeldiş merkezinde, wagtlaýyn saklaw gabawhanasynda, derňew gabawhanasynda we düzediş edaralarynda bolýanadamlaryň şol edaralaryň başlyklary tarapyndantassyklanan wesýetnamalary we ynanç hatlary, şeýle hem gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilen arzalary.

 Şu görkezilen wezipeli adamlar tassyklan wesýetnamasynyň asyl nusgasynyň birini özünde galdyrmak bilen onuň asyl nusgasynyň birini bolsa haýal etmezden wesýet edijiniň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça döwlet notarial edarasyna ibermäge borçludyr.

Eger wesýet edijiniň Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan ýeri bolmasa ýa-da wesýet edijiniň ýaşaýan ýeri näbelli bolsa, wesýetnama Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan kesgitlenilen döwlet notarial edarasyna iberilýär.

Deňiz gämileriniň kapitanlary (serkerdeleri) tassyklan wesýetnamalarynyň asyl nusgasynyň birini soňra wesýet edijiniň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça döwlet notarial edarasyna ibermek üçin Türkmenistanyň portunyň başlygyna ýa-da daşary ýurt portunyň ýerleşýän döwletindäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň we konsullyk edarasynyň wezipeli adamsyna bermäge borçludyr.

Döwlet notariusy saklamaga gelip gowşan wesýetnamanyň kanunylygyny barlamaga we onuň kanuna laýyk gelmeýänligi anyklanan halatynda bu barada wesýet edijä we wesýetnamany tassyklan wezipeli adama habar bermäge borçludyr.

Şu görkezilen wezipeli adamlar tarapyndan wesýetnamalary we ynanç hatlaryny tassyklamaklygy, arzalardaky gollaryň hakykylygyna şaýatlyk etmekligi “Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyň 9-njy, 41-nji, 42-nji we 52-nji maddalarynyň talaplaryny berjaý etmek bilen geçirilýär.

 

 

 

“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 21-nji maddasyna laýyklykda, notarial hereketleri  görkezilen Kanunyň 25-nji, 59-njy, 60-nji, 67-nji, 74-nji, 79-85-nji,  96-nji, 104-nji we 118-nji maddalarynda göz öňünde tutulan halatlardan başga, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, belli bir döwlet notarial edaralarynda ýa-da Geňeşlerde amala aşyrylmaly halatlaryndan başga ýagdaýlarda Türkmenistanyň çägindäki islendik döwlet notarial edaralarynda ýa-da Geňeşlerde amala aşyrylýar.

Şu görkezilen notarial hereketleri belli bir döwlet notarial edarasynda  amala aşyrylýar:

  • Notarial hereketlerini  amala aşyrmak bilen bagly çäklendirmeler (25-nji madda);
  • Gozgalmaýanwe döwlet belligine alynmaga degişli gaýry emlägi aýrybaşgalamak ýa-da girewe goýmak hakynda geleşikleri tassyklamak (59-njy madda);
  • Ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda şertnamalary tassyklamak (60-njy madda);
  • Mirasy goramak boýunça çäreler (67-nji madda);
  • Mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnama berilýän ýeri we möhleti (74-nji madda);
  • Är-aýalyň (öňki är-aýalyň) bilelikdäki arzasy boýunça şahadatnamalary bermek (79-njy madda);
  • Är-aýalyň biri ölen halatynda şahadatnama bermek (80-nji madda);
  • Umumy bilelikdäki eýeçilikdäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama bermek (81-nji madda);
  • Hususy kärhana ýatyrylanda gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy hakynda şahadatnamabermek (82-nji madda);
  • Gozgalmaýan emlägiň jemagat söwdalardan edinilenligi hakynda şahadatnama bermek (83-nji madda);
  • Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy hakynda şahadatnama bermegiň şertleri (84-nji madda);
  • Gadaganlyklaryň girizilmegi (85-nji madda);
  • Algydara bermek üçin pullary we gymmatly kagyzlary depozite kabul etmek (96-njy madda);
  • Tölege görkezmek üçin çekleri kabul etmek we çekleriň tölenmänligini tassyklamak (104-njy madda);
  • Halkara şertnamalary (118-nji madda).

     


2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýän “Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kesgitlenen Döwlet pajynyň möçberleri (döwlet pajyny manat möçberinde görkezilmegi bilen)


 

 

 

Notarial hereketleriň görnüşleri

Döwlet pajynyň möçberi göterimde

Manat möçberinde

1.

Notarial hereketleriniň amala aşyrylandygy üçin,notarial taýdan tassyklanan resminamalaryň öwezlikleriniň berlendigi we blanklaryň ulanylandygy üçin:

 

 

a)

paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamalarynyň tassyklanandygy üçin;

200%*

600 manat

b)

 

gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak barada şertnamalaryň tassyklanandygy üçin (ýaşaýyş jaýlaryny, öýleri, beýleki jaýlary, desgalary, gurluşygy tamamlanylmadyk jaýlary, beýleki gozgalmaýan emläkleri):

 

 

 

ata-enelere (şol sanda perzentlige alanlara), är-aýala, çagalara (şol sanda perzentlige alnanlara), ata we enä, baba we mama, agtyklara, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlara,

100%*

300 manat

 

beýleki şahslara;

300%*

900 manat

ç)

 

ulag serişdelerini sowgat etmek hakynda şertnamalaryň tassyklanandygy üçin:

 

 

 

ata-enelere (şol sanda perzentlige alanlara), är-aýala, çagalara (şol sanda perzentlige alnanlara), ata we enä, baba we mama, agtyklara, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlara,

100%*

300 manat

 

beýleki şahslara;

200%*

600 manat

d)

ozal baglaşylan şertnamalar boýunça (şol sanda ýaşaýyş jaýlaryny aýrybaşgalamak şertnamalary boýunça) hukuklary hem-de borçnamalary bermek hakynda geleşikleriň tassyklanandygy üçin; ýaşaýyş jaýlaryny ýykmak üçin aýrybaşgalamak hakynda şertnamalaryň tassyklanandygy üçin;

100%*

300 manat

e)

 

emlägi paýlaşmak hakynda şertnamalaryň tassyklanandygy üçin; nyrh kesmäge degişli bolmadyk beýleki geleşikleriň tassyklanandygy üçin:

 

 

 

şahsy taraplar üçin,

50%*

150 manat

 

eger taraplaryň bolmanda biri edara görnüşli tarap bolsa;

100 %*

300 manat

ä)

zamunlyk şertnamalarynyň tassyklanandygy üçin:

 

 

 

şahsy taraplar üçin,

5%*

15 manat

 

eger taraplaryň bolmanda biri edara görnüşli tarap bolsa;

10%*

30 manat

f)

ýaşaýyş jaýyny peýdalanmagyň tertibi hakynda şertnamalaryň; taraplaryň şertnamanyň bahasyny azaltmak hakynda ylalaşyklarynyň tassyklanandygy üçin:

 

 

 

şahsy taraplar üçin,

10%*

30 manat

 

eger taraplaryň bolmanda biri edara görnüşli tarap bolsa;

20%*

60 manat

g)

 

nika şertnamalaryň tassyklanandygy üçin; aliment tölemek hakynda şertnamalaryň tassyklanandygy üçin;

20%*

60 manat

h)

nyrh kesmäge degişli bolan beýleki şertnamalaryň tassyklanandygy üçin; şol sanda hem şu  bölümiň «b» we «ç» kiçi bölümlerinde agzalyp geçilenlerden başga her dürli emlägi satyn  almak-satmak, sowgat we alyş-çalyş etmek şertnamalaryň tassyklanandygy üçin:

 

 

 

şahsy taraplar üçin,

50%*

150 manat

 

eger taraplaryň bolmanda biri edara görnüşli tarap bolsa;

100%*

300 manat

i)

wesýetnamalaryň tassyklanandygy üçin;

100%*

300 manat

j)

Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda kanun boýunça mirasdarlar diýlip ykrar edilýän adamlara mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamalaryň berlendigi üçin:

 

 

 

ata-enelere (şol sanda perzentlige alanlara), är-aýala, kämillik ýaşyna ýeten çagalara (şol sanda perzentlige alnanlara),

50%*

150 manat

 

atasyna we enesine, babasyna we mamasyna, doganlaryna we uýalaryna, agtyklaryna,

100%*;

300 manat

 

beýleki mirasdarlara;

300%*

900 manat

ž)

mirasy goramaga zerur çäreleriň görlendigi üçin;

10%*

30 manat

k)

är-aýalyň nika döwründe edinilen umumy emläkdäki paýa eýeçilik hukugy hakynda şahadatnamalaryň berlendigi üçin;

20%*

60 manat

 l)

umumy bilelikdäki eýeçilikdäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnamalaryň berlendigi üçin; hususy (ýekebara) kärhana ýatyrylanda gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy hakynda şahadatnamalaryň berlendigi üçin; gozgalmaýan emlägiň jemagat söwdalaryndan edinilenligi hakynda şahadatnamalaryň berlendigi üçin;

100%*

300 manat

m)

 

gozgalýan emlägi peýdalanmak we oňa ygtyýar etmek (ulag serişdelerinden başga), karz amallaryny amala aşyrmak hukugy üçin ynanç hatlarynyň tassyklanandygy üçin:

 

 

 

ata-enelere (şol sanda perzentlige alanlara), är-aýala, çagalara (şol sanda perzentlige alnanlara),

10%*

30 manat

 

beýleki şahslara;

20%*

60 manat

n)

 

ulag serişdelerini we gozgalmaýan emläkleri peýdalanmaga (dolandyrmaga), olara ygtyýar etmäge hukuk üçin (satyn almak-satmak, sowgat, alyş-çalyş etmek we beýlekilere) ynanç hatlaryň tassyklanandygy üçin:

 

 

 

ata-enelere (şol sanda perzentlige alanlara), är-aýala, çagalara (şol sanda perzentlige alnanlara), ata we enä, baba we mama, agtyklara, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlara,

10%*

 

30 manat

 

beýleki şahslara;

100%*

300 manat

ň)

beýleki ynanç hatlaryň tassyklanandygy üçin:

 

 

 

şahsy taraplar üçin,

10%*

30 manat

 

edara görnüşli tarap üçin;

20%*

60 manat

o)

 

bir dilden beýleki dile terjimesiniň dogrulygyna şaýatlyk edilendigi üçin;

her bir sahypa üçin 1%*

3 manat

ö)

 

ýerine ýetiriş ýazgylarynyň amala aşyrylandygy üçin;

100%*

300 manat

p)

resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň (nusganyň her bir sahypasy üçin) dogrulygyna şaýatlyk edilendigi üçin; resminamalarda goluň hakykylygynyň, şol sanda terjimeçiniň golunyň hakykylygynyň (resminamanyň her bir sahypasy üçin) şaýatlyk edilendigi üçin:

 

 

 

şahsy taraplara,

1%*

3 manat

 

edara görnüşli taraplara;

5%*

15 manat

r)

 

döwlet we jemgyýetçilik ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlaryny (öýlerini) satyn almak-satmak hakynda şertnamalaryň tassyklanandygy üçin;

50%*

150 manat

s)

 

şahsy we edara görnüşli taraplaryň arzalarynyň beýleki şahsy we edara görnüşli taraplara berlendigi üçin; resminamalary saklamak üçin kabul edilendigi üçin; faktlaryň tassyklanandygy üçin;

30%*

90 manat

ş)

notarial taýdan tassyklanan resminamalaryň öwezlikleriniň berlendigi üçin;

50%*

150 manat

t)

banklarda hasaplar açylan mahaly gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilendigi üçin, her bir ýazmaç üçin;

 

5%*

 

15 manat

u)

girew şertnamasy tassyklanandygy üçin, şol sanda goşmaçalar we üýtgetmeler girizilendigi barada şertnamalaryň tassyklanandygy üçin (döwlet kärhanalary, şol sanda döwletiň gatnaşýan paýy 70 we ondan köp göterim bolan bilelikdäki kärhanalar muňa girmeýär).

 

 

30%*

 

 

90 manat

ü)

gozgalmaýan ýa-da döwlet belligine alynmaga degişli gaýry emlägiň aýrybaşgalanmagyna gadaganlyk girizilendigi üçin;

 

2%*

 

6 manat

w)

ozal baglaşylan şertnamalary ýatyrmak hakynda ylalaşyklaryň tassyklanylandygy üçin;

 

20%*

 

60 manat

y)

şu sanawda görkezilmedik beýleki notarial hereketleriň amala aşyrylandygy üçin:

 

20%*

 

60 manat

 

Bellik:

* Döwlet pajynyň möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk mukdary göterimlerde.

 


  1. Arza. (kanun boýunça mirasa bolan hukuk barada, wesýetnama boýunça mirasa bolan hukuk barada)
  2. Miras galdyryjynyň ölüm hakyndaky şahadatnamasy we onuň nusgasy.
  3. Miras galdyryjy bilen garyndaşlyk we nika gatnaşyklary subut edýän resminamalar we olaryň nusgalary (dogluş hakynda, nika baglaşylandygy hakynda, nika bozulandygy hakynda şahadatnamalar we ş.m.).
  4. Wesýetnama boýunça miraslyk kabul edilende wesýetnamanyň asyl nusgasy.
  5. Miras galdyryjynyň ölen gününe çenli haýsy salgyda ýazgyda durandygy we şol salgyda haýsy maşgala agzalarynyň ýaşanlygy barada degişli ýaşaýyş jaý ulanyş edarasyndan kepilnama.
  6. Miras emläginiň miras galdyryja degişlidigi hakynda hukugy belleýji resminamalar (miras emlägine eýeçilige esas bolan resminama).
  7. Eger emlägiň düzüminde awtoulag serişdesi bolsa, onuň bahasy barada kepilnamasy.
  8. Eger emlägiň düzüminde gozgalmaýan emläk girýän bolsa, Gozgalmaýan emlägi bellige alyş ýerli edarasynyň “Döwlet sanawyndan gozgalmaýan emlägiň obýekti hakynda maglumatyndan Göçürmesi” (Aşgabat şäheri boýunça salgysy: 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 3-nji jaýy).
  9. Bellenen möçberde döwlet pajynyň tölenendigi barada töleg haty.
  10. Hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegiň tölenendigi barada töleg haty.
  1. Arza. (satyn almak - satmak barada, sowgat bermek barada)
  2. Gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamaga gatnaşýan taraplaryň pasportlary.
  3. Gozgalmaýan emläginiň hukuk belleýji resminamalary we tükelleýiş işi.
  4. Öý kitaby.
  5. Gozgalmaýan emlägi bellige alyş ýerli edarasynyň “Döwlet sanawyndan gozgalmaýan emlägiň obýekti hakynda maglumatyndan Göçürmesi” (Aşgabat şäheri boýunça salgysy: 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 3-nji jaýy).
  6. Taraplaryň arasynda ýakyn garyndaşlyk gatnaşygy bolanda, nika we garyndaşlyk gatnaşyklaryny subut edýän resminama (nika hakynda şahadatnama, dogluş hakynda şahadatnama we ş.m. hem-de olaryň nusgalary).
  7. Ýazgyda duran kämillik ýaşyna ýeten ähli maşgala agzalarynyň pasportlary we olaryň ýazmaça razylyk arzalary.
  8. Egerde aýrybaşgalanýan gozgalmaýan emläk är-aýalyň nikaly döwrinde umumy edinen emläk bolsa, ýazgyda durandygyna ýada durmaýandygyna garamazdan är-aýalyň ýazmaça razylygy, nika baglaşylandygy hakyndaky şahadatnamasy we onuň nusgasy.
  9. Eger-de aýrybaşgalanýan gozgalmaýan emläk nikada durmazdan edinilen bolsa, degişlilikde nika bozulandygy hakyndaky şahadatnamasy, ölüm hakyndaky şahadatnamasy (eger är-aýalyň biri ölen bolsa), gozgalmaýan emlägi edinilen döwrinde nikada durmaýandygy barada RÝNÝ edarasyndan kepilnama.
  10. Bellenen möçberde döwlet pajynyň tölenendigi barada töleg haty.
  11. Hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegiň tölenendigi barada töleg haty.
  1. Dört görnüşde kesgitlenen görnüşli, bankyň karz bermegi hakyndaky şertnamasy.
  2. Döwletiň emlägi girewe goýlan mahaly, esasy serişdeleri girewe goýmak üçin Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň rugsatnamasy.
  3. Dört görnüşde kesgitlenen görnüşli girew şertnamasy.
  4. Girewe berilýän emlägiň teswiri (eger şertnamada ýazgysynda girewe berlen emlägiň sanawy dolulygyna görkezilmedik bolsa).
  5. Girewe goýulýan zat bolup durýan emlägiň bahasy hakyndaky nyrh kesiş ykrar haty.
  6. Girewe goýulýan emläginiň hukuk kesgitleýji resminamasy (tükelleýiş işi, öý kitaby, awtoulag serişdesiniň belleige alynanlygy hakynda güwänama we ş.m.).
  7. Girewe goýulýan zat bolup durýan emlägi ätiýaçlandyrmak hakyndaky resminama.
  8. Egerde Girewe goýulýan emläk är-aýalyň nikaly döwrinde umumy edinen emläk bolsa, är-aýalyň ýazmaça razylygy, nika baglaşylandygy hakyndaky şahadatnamasy we onuň nusgasy.
  9. Egerde Girewe goýulýan emläk nikada durmazdan edinilen bolsa degişlilikde nika bozulandygy hakyndaky şahadatnamasy, ölüm hakyndaky şahadatnamasy, gozgalmaýan emlägi edinen döwrinde nikada durmaýandygy barada RÝNÝ edarasyndan kepilnama.
  10. Egerde Girewe goýulýan emläk ýaşaýyş jaýy ýa-da öýi bolsa ýazgyda duran kämillik ýaşyna ýeten ähli maşgala agzalarynyň pasportlary we olaryň ýazmaça razylyk arzalary.
  11. Egerde Girewe goýulýan emläk awtoulag serişdesinden ybarat bolsa PÝGG-dan tussagda durmaýandygy we gadaganlygyň ýokdygy barada kepilnama.
  12. Geleşige gatnaşyjynyň pasporty.
  13. Egerde Girew goýujy edara görnüşli tarap bolsa, esaslandyryjy resminamalary we Girewe goýulýan emlägi girewe goýmaga razylyk barada esaslandyryjylaryň ýygnagynyň teswirnamasy.
  14. Egerde Girew goýujy hususy telekeçi bolsa, hususy telekeçiniň patenti we hususy telekeçini hasaba alyş şahadatnamasy.
  15. Bellenen möçberde döwlet pajynyň tölenendigi barada töleg haty.
  16. Hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegiň tölenendigi barada töleg haty.
  1. Ynanç haty berýän we ynanylýan şahsyň pasportlary.
  2. Ynanç haty ýakyn garyndaşlara berlende, nika we garyndaşlyk gatnaşyklaryny subut edýän resminamalar (dogluş hakynda, nika baglaşylandygy hakynda we ş.m.) we olaryň nusgalary.
  3. Ynanç haty awtoulag serişdelerini dolandyrmaga we olara ygtyýar etmäge berlende:
    -awtoulagy bellige alnanlygy hakynda güwanama (tehniki pasport);
    -maýyplygy bolan adamlaryň maýyplygyny tassyklaýan resminama (nusgasy);
    -saglyk ýagdaýy boýunça awtoulagy dolandyrmaga mümkinçiligi bolmadyk adamlaryň saglygy goraýyş edarasyndan saglygy barada kepilnama (nusgasy).
  4. Gozgalmaýan emläkleri peýdalanmaga we olara ygtyýar etmäge hukuk üçin (satmak, peşgeş bermek we çalyşmak üçin) ynanç hatlary resmileşdirilende gozgalmaýan emlägiň hukugyny belleýji resminamalar.
  5. Bellenen möçberde döwlet pajynyň tölenendigi barada töleg haty.
  6. Hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegiň tölenendigi barada töleg haty.
  1. Ýüz tutýanyň pasporty.
  2. Resminamanyň yazgysynda nika we garyndaşlyk gatnaşygy beýan edilýän bolsa, ony subut edýän resminama (nika hakynda, dogluş hakynda şahadatnama we ş.m.).
  3. Ýuridiki şahsyň adyndan ýüz tutýanyň gol çekmäge ygtyýarlylygyny tassyklaýan resminama (buýruk, teswirnama, tertipnama, düzgünnama, ynanç haty we ş.m.).
  4. Bellenen möçberde döwlet pajynyň tölenendigi barada töleg haty.
  5. Hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegiň tölenendigi barada töleg haty.
Ýuridiki şahslar:
  1. Pasport.
  2. Wezipeli adamyň wezipä bellenilendigi hakynda buýruk, saýlanylanlygy hakynda teswirnama ýa-da ýolbaşçynyň adyna oňa ýokarda durýan gurama tarapyndan berlen ynanç haty.
  3. Tertipnama ýa-da düzgünnama.
  4. Bellenen möçberde döwlet pajynyň tölenendigi barada töleg haty.
  5. Hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegiň tölenendigi barada töleg haty.
Ýuridik şahsy döretmezden telekeçiler:
  1. Pasport.
  2. Hususy telekeçiniň bellige alyş şahadatnamasy.
  3. Bellenen möçberde döwlet pajynyň tölenendigi barada töleg haty.
  4. Hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegiň tölenendigi barada töleg haty.
  1. Ýüz tutýanyň pasporty.
  2. Resminamanyň asyl nusgasy.
  3. Resminamanyň nusgasyndan edilen nusgasy.
  4. Bellenen möçberde döwlet pajynyň tölenendigi barada töleg haty.
  5. Hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegiň tölenendigi barada töleg haty.

Döwlet notarial edaralarynyň ýerleşýän ýerleriniň salgylary

  • Aşgabat şäher döwlet notarial edarasy - Görogly köçesi, jaý 85. tel: +993 (12) 92-74-85
  • Ruhabat etrap döwlet notarial edarasy - Bitaraplyk şaýoly, jaý 1. tel: +993 (12) 24-27-86
  • Abadan etrap döwlet notarial edarasy - Ýaşlyk köçesi, jaý 1"A".tel: +993 (12) 33-09-65, 33-09-63
  • Berkararlyk etrap döwlet notarial edarasy - Görogly köçesi, jaý 85. tel: +993 (12) 92-42-06
  • Ahal welaýat döwlet notarial edarasy - Ak bugdaý etraby, Änew şäheri, Ahal köçesi; jaý 5. tel: +993 (137) 33-2-51
  • Gökdepe etrap döwlet notarial edarasy - Gökdepe şäheri, Magtymguly şaýoly, jaý 75. tel: +993 (132) 2-14-85
  • Tejen etrap, şäher döwlet notarial edarasy. - Tejen şäheri, Häkimlik köçesi, jaý 52. tel: +993 (135) 4-01-01
  • Baharly etrap döwlet notarial edarasy - Baharly şäheri, M. Atadurdyýew köçesi, jaý 6. tel: +993 (131) 2-11-67
  • Kaka etrap döwlet notarial edarasy. - Kaka şäheri, Türkmenbaşy köçesi, jaý 29. tel: +993 (133) 32-5-74
  • Sarahs etrap döwlet notarial edarasy - Sarahs şäheri, S.Nyýazow köçesi, jaý 9. tel: +993 (134) 21-8-44
  • Altyn asyr etrap döwlet notarial edarasy - Altyn asyr şäheri, Aşgabat köçesi, jaý 3. tel: +993 (135) 4-67-91
  • Balkan welaýat döwlet notarial edarasy - Balkanabat şäheri, 144-nji ýaşaýyş jaý toplumy, jaý 13. tel: +993 (222) 6-05-13;6-05-32; 6-42-75
  • Türkmenbaşy şäher döwlet notarial edarasy - Magtymow köçesi, jaý 6. tel: +993 (243) 5-01-92; 5-01-93
  • Türkmenbaşy etrap döwlet notarial edarasy - Türkmenbaşy şäherçesi, Magtymguly köçesi, jaý 1. tel :+993 (243) 7-97-46
  • Etrek etrap döwlet notarial edarasy - Etrek etraby, Türkmenbaşy şaýoly, jaý 16. tel: +993 (242) 4-05-10
  • Esenguly etrap döwlet notarial edarasy - Esenguly şäheri, 9-njy köçesi, jaý-308. tel: +993 (245) 3-22-05
  • Magtymguly etrap döwlet notarial edarasy - Magtymguly şäheri, Durdy şahyr köçesi, jaý 15. tel: +993 (248) 4-00-58
  • Serdar şäher döwlet notarial edarasy Serdar şäheri, Ý.Geldimämmedow köçesi, jaý 25. tel: +993 (246) 5-43-93
  • Hazar şäher döwlet notarial edarasy - Hazar şäheri, 37-nji ýaşaýyş jaý toplumy. tel: +993 (240) 2-14-32
  • Bereket etrap döwlet notarial edarasy - Bereket şäheri, Ş.Garajaýew köçesi, jaý 15. tel: +993 (247) 3-19-09
  • Gumdag şäher döwlet notarial edarasy - Gumdag şäheri, 24-nji ýaşaýyş jaý toplumy, jaý 2
  • Daşoguz welaýat döwlet notarial edarasy - Daşoguz şäheri, N.Andalyp köçesi, jaý 46 "A". tel: +993 (322) 7-05-57
  • Köneürgenç etrap döwlet notarial edarasy - Köneürgenç şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, jaý 21. tel: +993 (347)3-21-83
  • Ruhubelent etrap döwlet notarial edarasy - Ruhubelent şäherçesi, Şagadam köçesi, jaý 5. tel: +993 (342) 31-2-38
  • Gubadag etrap döwlet notarial edarasy - Gubadag şäheri, Özbegistan köçesi, jaý 26. tel: +993 (345) 3-19-76
  • S.Türkmenbaşy etrap döwlet notarial edarasy - S.Türkmenbaşy şäheri, A.Myradow köçesi, jaý 1. tel: +993 (349) 31-4-08
  • S.A.Nyýazow adyndaky etrap döwlet notarial edarasy -S.A.Nyýazow adyndaky şäheri, Günbatar köçesi, jaý 3. tel:+993 (348) 3-28-42
  • Görogly etrap döwlet notarial edarasy - Görogly şäheri, A.Ataýew köçesi, jaý 105/3. tel: +993 (340) 31-4-63
  • Boldumsaz etrap döwlet notarial edarasy - Boldumsaz şäheri, P.Ýegendurdyýew köçesi, jaý 18. tel: +993 (346) 32-8-38
  • Gurbansoltan eje adyndaky etrap döwlet notarial edarasy - Gurbansoltan eje adyndaky şäheri, Türkmenbaşy şaýoly, jaý 5. tel: +993 (343) 3-08-17
  • Akdepe etrap döwlet notarial edarasy - Akdepe şäheri, Magtymguly köçesi, jaý 2. tel: +993 (344) 3-23-44
  • Lebap welaýat döwlet notarial edarasy - Türkmenabat şäheri, A.Nyýazow köçesi, jaý 8. tel: +993 (422) 3-05-25
  • Atamyrat etrap döwlet notarial edarasy - Atamyrat şäheri, S. Nyýazow köçesi, jaý 6. tel: +993 (444) 2-05-63
  • Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrap döwlet notarial edarasy - Dostluk şäheri, Türkmenistan köçesi, jaý 28. tel: +993 (465) 2-07-27
  • Birata etrap döwlet notarial edarasy - Birata şäheri, Babaýew köçesi, jaý 17. tel: +993 (445) 2-02-17
  • Döwletli etrap döwlet notarial edarasy - Döwletli şäherçesi, Şaýoly köçesi, jaý 12
  • Farap etrap döwlet notarial edarasy - Bitik geňeşligi, Magtymguly obasy, Türkmenabat köçesi, jaý 2. tel: +993 (448) 2-12-25
  • Galkynyş etrap döwlet notarial edarasy - Galkynyş şäheri, Dänew köçesi, jaý 12. tel: +993 (446) 2-19-34
  • Garabekewül etrap döwlet notarial edarasy - Garabekewül şäheri, H.Jumagulyýew köçesi, jaý 22. tel: +993 (443) 2-00-87
  • Gazojak şäher döwlet notarial edarasy - Azady köçesi, jaý 504. tel: +993 (438) 2-19-03
  • Halaç etrap döwlet notarial edarasy - Halaç şäheri, S.Nyýazow köçesi, jaý 33. tel: +993 (441) 2-01-02
  • Hojambaz etrap döwlet notarial edarasy - Hojambaz şäheri, S.A.Nyýazow köçesi, jaý 55. tel: +993 (442) 2-07-97
  • Köýtendag etrap döwlet notarial edarasy - Köýtendag şäheri, K.Çaryýew köçesi, jaý 7”A”. tel: +993 (440) 2-10-52
  • Magdanly şäher döwlet notarial edarasy - S.A.Nyýazow şaýoly, jaý 10. tel: +993 (431) 2-18-49
  • Saýat etrap döwlet notarial edarasy - Saýat şäheri, S.Nyýazow köçesi, jaý 48. tel: +993 (447) 2-20-70
  • Serdarabat etrap döwlet notarial edarasy - Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, jaý 42. tel: +993 (422) 3-26-39
  • Seýdi şäher döwlet notarial edarasy - Bitaraplyk köçesi, jaý 9. tel: +993 (461) 2-15-40
  • Garaşsyzylyk etrap döwlet notarial edarasy - Asuda geňeşligi, Jeýhun obasy, Jeýhun köçesi, jaý 84. tel: +993 (432) 2-10-85
  • Sakar etrap döwlet notarial edarasy - Sakar şäheri, S.Nyýazow köçesi, jaý 5 tel: +993 (449) 2-11-27
  • Mary welaýat döwlet notarial edarasy - Mary şäheri, Gökdepe köçesi, jaý 4. tel: +993 (522) 7-05-09
  • Mary etrap döwlet notarial edarasy - Mary şäheri, Aşgabat köçesi, jaý 43, tel: +993 (522) 6-76-65
  • Wekilbazar etrap döwlet notarial edarasy - Mary şäheri, Aşgabat köçesi, jaý 43. tel:+993 (522) 6-73-75
  • Sakarçäge etrap döwlet notarial edarasy- Sakarçäge şäherçesi, Daýhan köçesi, jaý 2. tel: +993 (566) 5-05-09
  • Oguzhan etrap döwlet notarial edarasy - Şatlyk şäherçesi, Halklaryň dostlugy köçesi, jaý 19. tel: +993 (559) 6-41-00
  • Garagum etrap döwlet notarial edarasy - Ýagtyýol obasy. tel:+993 (557) 4-12-64
  • Baýramaly şäher döwlet notarial edarasy - 9-njy jaý toplumy. tel: +993 (564) 6-32-83
  • Tagtabazar etrap döwlet notarial edarasy - Tagtabazar şäherçesi, Magtymguly köçesi, jaý 21. tel: +993 (568) 5-11-13
  • Serhetabat etrap döwlet notarial edarasy - Serhetabat şäherçesi, Adalat köçesi, jaý 18
  • Türkmengala etrap döwlet notarial edarasy - Türkmengala şäheri, Magtymguly köçesi, jaý 25. tel: +993 (569) 3-11-57
  • Murgap etrap döwlet notarial edarasy - Murgap şäheri, Azady köçesi, jaý 5. tel: +993 (565)4-00-91
  • Ýolöten etrap döwlet notarial edarasy - Ýolöten şäherçesi, Atçapar köçesi, jaý 8. tel: +993(560) 6-01-71

  1. Sorag: Ynanç haty näme?
    Jogap: Ynanç haty – bir şahs tarapyndan başga bir şahsa üçünji şahsyň öňünde wekilçilik etmek üçin we belli bir hereketleri ýerine ýetirmek üçin berilýän ýazmaça görnüşindäki ygtyýarlyk.

 

  1. Sorag: Ynanç hatlarynyň nähili görnüşleri bar? 
    Jogap: Ynanç hatlarynyň: 
    - awtomobil ulag serişdelerini dolandyrmak we olary ygtyýar etmek; 
    - gozgalmaýan emläkleri peýdalanmak we olary ygtyýar etmek (satyn almak-satmak, sowgat, alyş-çalyş etmek we beýlekilere); 
    - karz amallaryny amala aşyrmak; 
    - gozgalýan emlägi (awtomobil ulag serişdelerinden başga) peýdalanmak we oňa ygtyýar etmek; 
    - kazyýetde we beýleki dolandyryş edaralarynda wekilçilik etmek; 
    - beýleki belli bir hereketleri ýerine ýetirmek ýaly görnüşleri bardyr.

 

  1. Sorag: Ynanç hatyny resmileşdirmek üçin nirä ýüz tutmaly? 
    Jogap:Ynanç hatyny resmileşdirmek üçin Türkmenistanyň çägindäki islendik notarial edarasyna ýüz tutup bilersiňiz.

 

  1. Sorag: Awtomobil ulagyny dolandyrmak üçin ynanç hatlary kimlere resmileşdirilip bilner?
    Jogap: Awtomobil ulagynyň eýeleri tarapyndan özleriniň ýakyn garyndaşlaryna resmileşdirilip bilner.

 

  1. Sorag: Ýakyn garyndaşlara kimler degişli?
    Jogap: Ýakyn garyndaşlara: ata-eneler (şol sanda perzentlige alanlar), är-aýal, çagalar (şol sanda perzentlige alnanlar), ata we ene, baba we mama, agtyklar, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlar degişlidir.

 

  1. Sorag: Haýsy halatlarda ýakyn garyndaşlaryndan başga adamlara awtomobil ulagyny dolandyrmak üçin ynanç hatlary resmileşdirilip bilner?
    Jogap: Maýyplygy bolan adamlar, hossarlar (howandarlar), saglyk ýagdaýy boýunça awtomobil ulagyny dolandyrmaga mümkinçiligi bolmadyk, ömürlik ekläp-saklamak şertnama boýunça eklençdäki adamlar ýakyn garyndaşlaryndan başga adamlara ynanç hatyny resmileşdirip bilerler.

 

  1. Sorag: Awtomobil ulagyny dolandyrmak üçin ynanç hatlaryny ýakyn garyndaşlara resmileşdirmek üçin haýsy resminamalar zerur bolup durýar?
    Jogap: Şu aşakda görkezilen resminamalar: 
    - ynanç hatyny berýän we ynanç hatyny alýan adamlaryň şahsyýetini anyklaýan resminamalar; 
    - garyndaşlyk gatnaşyklaryny tassyklaýan resminamalar; 
    - awtomobil ulagyny bellige alyş güwänamasy zerur bolup durýar.

 

  1. Sorag: Ýakyn garyndaşlygyna garamazdan familiýasy, ady, atasynyň ady üýtgedilen adamlar tarapyndan ynanç hatlary resmileşdirilende haýsy resminamalar gerek bolup durýar?
    Jogap: Ýokarda agzalan resminamalar bilen birlikde familiýasyny, adyny, atasynyň adyny üýtgedilendigi hakynda resminama gerek bolup durýar.

 

  1. Sorag: Ynanç hatlary kimleriň gatnaşmagynda resmileşdirilýär?
    Jogap: Ynanç haty we ony berýän şahsyň hut özüniň gatnaşmagynda resmileşdirilýär we munda ynanylýan adamyň gatnaşmagy zerur bolup durmaýar.

 

  1. Sorag:Awtomobil ulagyny dolandyrmaga hukuk berýän ynanç haty resmileşdirilende döwlet pajy näçe möçberde tölenilýär?
    Jogap: Ynanç haty ýakyn garyndaşlara resmileşdirilende 
    döwlet pajy binýatlyk mukdarynyň 10 %-i ýagny, 30 manat möçberinde tölenilýär.

 

  1. Sorag: Ýakyn garyndaşlaryndan başga adamlara ynanç haty resmileşdirilende döwlet pajy näçe möçberde tölenilýär?
    Jogap: Ýakyn garyndaşlaryndan başga adamlara ynanç haty resmileşdirilende 
    döwlet pajy binýatlyk mukdarynyň 100 %-i ýagny, 300 manat möçberinde tölenilýär.

Gyzyklandyrýan soraglaryňyzy biziň info@minjust.gov.tm elektron salgymyza ugradyp bilersiňiz.




Ähli hukuklar goralan © 2014 Türkmenistanyň Adalat ministrligi