Hukuk namalary hakynda

Hukuk namalary hakynda



TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

010.180.010

010.180.030

190.020.020

Hukuk namalary hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 96-njy madda)

 

Şu Kanun hukuk namalaryny işläp taýýarlamagyň, hödürlemegiň, ara alyp maslahatlaşmagyň, kabul etmegiň, bellige almagyň, herekete girizmegiň, üýtgetmegiň we hukuk namalarynyň hereketini bes etmegiň we togtatmagyň, şeýle hem olary çap etmegiň tertibini kesgitleýär.

 

I bölüm. UMUMY DÜZGÜNLER

 

I BAP. HUKUK NAMALARY HAKYNDA

ESASY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler peýdalanylýar:

1) Döwlet belligine alnan Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sanawy  Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alnan, şu Kanunyň 7-nji maddasynyň ikinji böleginiň 6-8-nji bentlerinde görkezilen kadalaşdyryjy hukuk namalaryň döwlet belligine alnan belgisini we rekwizitlerini saklaýan ýazmaça sanaw;

2) hukugyň analogiýasy  düzgünleşdirilmedik jemgyýetçilik gatnaşyklaryna Türkmenistanyň kanunçylygynyň (mundan beýläk  kanunçylyk) manysynyň, hukugyň umumy ýörelgeleriniň we hukugyň anyk pudaklarynyň ýörelgeleriniň ulanylmagy;

3) hukuk kadasy  düzgünleşdirýän jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň çäklerinde kesgitlenilmedik şahslara degişli edilýän, köp gezeklik ulanylmaga niýetlenen, özüňi alyp barşyň hemişelik ýa-da wagtlaýyn häsiýetli umumy hökmany düzgüni;

4) hukuk monitoringi  kanunçylygyň netijeliligine baha bermek we çaklamak, ony kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak maksady bilen kanunçylygyň ýagdaýy we ony ulanmagyň tejribesi hakynda hemişe synlamagyň, maglumatlary ýygnamagyň we seljermegiň ulgamy;

5) hukuk namasy  kadalaşdyryjy ýa-da beýleki häkimlik ediji hukuk tabşyryklaryny özünde saklaýan, kanunçylykda bellenilen tertipde kabul edilen bellenilen görnüşli ýazmaça resmi resminama;

6) indiwidual ulanylýan hukuk namasy  bir gezek ýa-da wagt boýunça gaýry çäklendirilen ulanylmaga niýetlenen, kesgitli fiziki we ýuridikşahslara degişli edilýän, bellenilen görnüşli ýazmaça resmi resminama, ol kesgitli şahslaryň kanunçylykda bellenilen hukuklaryny we borçlaryny durmuşa geçirýär;

7) kadalaşdyryjy däl hukuk namasy  hukuk kadasyny özünde saklamaýan, ygtyýarly edara tarapyndan kabul edilen, kesgitli şahslaryňkanunçylykda bellenilen hukuklaryny we borçlaryny ulanýan ýa-da durmuşa geçirýän hukuk namasy;

8) kadalaşdyryjy hukuk namalaryň iýerarhiýasy (mundan beýläk  iýerarhiýa)  pes ýuridik güýji bolan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyňýokary ýuridik güýji bolan kadalaşdyryjy hukuk namalaryna tabynlygynyň tertibi;

9) kadalaşdyryjy hukuk namasy  hukuk kadalaryny belleýän, olaryň hereketini üýtgedýän, togtadýan ýa-da bes edýän, ählihalk sala salşygynda ýa-da ygtyýarly edara tarapyndan kabul edilen kagyz göterijidäki ýazmaça resmi resminama ýa-da oňa barabar bolan bellenilen görnüşli elektron resminama;

10) kadalaşdyryjy hukuk namasyna resmi düşündiriş bermegiň namasy  şu Kanunyň 57-nji we 58-nji maddalarynda görkezilen düzgünlere we şertlere laýyk gelýän, kadalaşdyryjy hukuk namasynda saklanýan kadalary düşündirýän bellenilen görnüşli ýazmaça resmi resminama;

11) kadalaşdyryjy hukuk namasyna resmi düşündiriş berilmegi – kadalaşdyryjy hukuk namasyna dogry, takyk we birmeňzeş düşünmek we ulanmak maksady bilen kadalaşdyryjy hukuk namasynyň (onuň aýry-aýry kadalarynyň) asyl manysynyň we mazmunynyň ygtyýarly edara tarapyndan takyklanmagy;

12) kadalaşdyryjy hukuk namasynyň derejesi  ýuridik güýjüne baglylykda kadalaşdyryjy hukuk namasynyň iýerarhiýadaky orny;

13) kadalaşdyryjy hukuk namasynyň resmi çap edilmegi  kadalaşdyryjy hukuk namasynyň hemmeleriň dykgatyna ýetirilmegi üçin döwlet dilinde resmi we döwürleýin metbugat neşirlerinde çap edilmegi, şeýle hem onuň kagyz göterijidäkä barabar bolan elektron görnüşiniň Internet torundaresmi taýdan ýerleşdirilmegi;

14) kadalaşdyryjy hukuk namasynyň ýuridik güýji  kadalaşdyryjy hukuk namasynyň degişli jemgyýetçilik gatnaşyklaryna ulanylmagynyňhökmanylygyny, şeýle hem onuň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary babatda artykmaçlygyny ýa-da tabynlygyny kesgitleýän häsiýeti;

15) kanunçylyk  bellenilen tertipde kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň jemi;

16) kanunçylyk namasy  konstitusion kanun, kodeks, kanun we Türkmenistanyň Mejlisiniň karary;

17) kanundan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalary  kanunçylyk namalary we iýerarhiýa boýunça ýokarda durýan gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary esasynda ýa-da olary ýerine ýetirmek ýa-da mundan beýläk-de durmuşa geçirmek üçin kabul edilýän kanunçylyk namalary bolmadyk kadalaşdyryjy hukuk namalary;

18) kanunyň analogiýasy  düzgünleşdirilmedik jemgyýetçilik gatnaşyklaryna meňzeş jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunlaryňkadalarynyň ulanylmagy;

19) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň nusgalyk maglumatlar toplumy  Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet hasabyna alnan we tertipleşdirilen kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kagyz göterijidäki jemi we bu kadalaşdyryjy hukuk namalaryň elektron resminama görnüşindäki elektron ulgamy;

20) ygtyýarly edara  Türkmenistanyň Konstitusiýasy (mundan beýläk - Konstitusiýa), şu Kanun, şeýle hem döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlarynyň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän kanunçylyk tarapyndan bellenilen ygtyýarlylyklaryna laýyklykda hukuk namalaryny kabul etmäge hukugy bolan döwlet edaralary we wezipeli adamlar.

 

2-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

 

1. Şu Kanun Türkmenistanyň hukuk namalarynyň ulgamyny kesgitleýär we hukuk namalarynyň görnüşleriniň hukuk ýagdaýyny tapawutlandyrýar.

2. Şu Kanun şulary düzgünleşdirmeýär:

1) Konstitusiýany kabul etmegiň, üýtgetmegiň we onuň hereketini bes etmeginiň tertibini;

2) Geňeşiň kadalaşdyryjy çözgütlerini kabul etmegiň, üýtgetmegiň we olaryň hereketini bes etmeginiň tertibini;

3) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny baglaşmagyň, ýerine ýetirmegiň, üýtgetmegiň we olaryň hereketini bes etmeginiň tertibini;

4) administratiw hukuk bozulmalary hakynda, jenaýat iş ýörediş, jenaýat ýerine ýetiriş, raýat we arbitraž iş ýörediş kanunçylygy tarapyndan bellenilen indiwidual ulanylýan hukuk namalaryny kabul etmegiň, üýtgetmegiň we olaryň hereketini bes etmeginiň tertibini.

3. Administratiw namanyň, ýagny administratiw edaranyň döwlet we raýat arasyndaky hukuk gatnaşyklar çygrynda kesgitli (anyk) meseläni düzgünleşdirýän, daşky täsiri bolan we fiziki ýa-da ýuridik şahs üçin hukuk netijelere getirýän çözgütleriniň, görkezmeleriniň ýa-da gaýry häkimlik ediji çäreleriniň netijesi boýunça hukuk namasynyň ýazmaça görnüşde kabul edilmegi «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

3-nji madda. Hukuk namalaryna umumy talaplar

 

Hukuk namalary şu umumy talaplara laýyk gelmelidirler:

1) kadalaşdyryjy ýa-da beýleki häkimlik ediji hukuk tabşyryklaryny özünde saklamak;

2) ählihalk sala salşygynda ýa-da şu Kanun bilen bellenilen tertipde ygtyýarly edara tarapyndan kabul edilmek;

3) kesgitlenilmedik şahslara ýa-da kesgitlenilen şahslara ýüzlenilen bolmak;

4) jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge gönükdirilen bolmak;

5) hukuklaryň we borçlaryň döredilmegine, üýtgedilmegine ýa-da bes edilmegine gönükdirilen bolmak.

 

4-nji madda. Hukuk namalarynyň görnüşleri

 

Hukuk namalary şu görnüşlere bölünýärler:

1) kadalaşdyryjy hukuk namalary;

2) kadalaşdyryjy däl hukuk namalary.

 

5-nji madda. Kada döredijilik işiniň esasy ýörelgeleri

 

Kada döredijilik işi kanunylyk, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, durmuş adalatlylygy, aýanlyk hem-de jemgyýetçilik pikirini hasaba almak ýörelgelerinde amala aşyrylýar.

 

II BAP. TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGY

 

6-njy madda. Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamy, onuň bitewüliginiň üpjün edilmegi

 

1. Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamyny Konstitusiýa, oňa laýyk gelýän kanunçylyk namalary we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary, şol sanda Geňeşleriň kadalaşdyryjy çözgütleri düzýärler.

2. Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamynyň bitewüligi şular arkaly üpjün edilýär:

1) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmegiň kanunçylykda bellenilen tertibiniň berjaý edilmegi;

2) Konstitusiýanyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryň şu Kanun bilen berkidilen iýerarhiýasynyň berjaý edilmegi;

3) adamyň we raýatyň hukuklaryna, azatlyklaryna we borçlaryna täsir edýän kanunlaryň we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň resmi çap edilmegi.

 

II bölüm. KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARY

 

III BAP. KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARY

HAKYNDA UMUMY DÜZGÜNLER

 

7-nji madda. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň esasy we döredilen görnüşleri

 

1. Kadalaşdyryjy hukuk namalary esasy we döredilen görnüşlerine bölünýärler.

2. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň esasy görnüşlerine şular degişlidirler:

1) Konstitusiýa, konstitusion kanunlar, kodeksler, kanunlar;

2) Türkmenistanyň Mejlisiniň kadalaşdyryjy hukuk kararlary;

3) Türkmenistanyň Prezidentiniň kadalaşdyryjy hukuk permanlary;

4) Türkmenistanyň Prezidentiniň kadalaşdyryjy hukuk kararlary;

5) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kadalaşdyryjy hukuk kararlary;

6) ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk buýruklary;

7) halk maslahatlarynyň kadalaşdyryjy hukuk kararlary;

8) häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk kararlary;

9) Geňeşleriň kadalaşdyryjy çözgütleri.

3. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň döredilen görnüşleri olaryň esasy görnüşleriniň kömegi arkaly tassyklanýar we olar bilen ýeke-täk bitewüligi düzýär.

4. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň döredilen görnüşlerine şular degişlidirler:

1) düzgünnama – haýsydyr-bir döwlet edarasynyň hukuk ýagdaýyny we ygtyýarlygyny kesgitleýän we beýleki meseleleri düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namasy;

2) tehniki dessur – önümlere ýa-da olaryň ulanyş döwrüne hökmany talaplary belleýän, tehniki taýdan düzgünleşdirmek hakynda kanunçylyga laýyklykda işlenilip taýýarlanylýan we ulanylýan kadalaşdyryjy hukuk namasy;

3) düzgünler – işiň haýsydyr-bir görnüşini guramagyň we amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýän kadalaşdyryjy hukuk namasy;

4) gözükdiriji – jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň haýsydyr-bir çygrynda kanunçylygyň ulanylmagyny jikme-jik anyklaşdyrýan kadalaşdyryjy hukuk namasy.

Türkmenistanyň kanunlary bilen kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň döredilen görnüşiniň gaýry görnüşleri hem göz öňünde tutulyp bilner.

5. Ygtyýarly edaralaryň ýerli we gurluş bölünmeleriniň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmäge hukugy ýokdur, muňa ýerlerde ýerine ýetiriji häkimiýeti amala aşyrýan häkimler girmeýärler.

 

8-nji madda. Kadalaşdyryjy hukuk namalaryň iýerarhiýasy

 

1. Konstitusiýanyň ýokary ýuridik güýji bardyr, kanunlar we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary Konstitusiýa esasynda we oňa laýyklykda kabul edilýär.

Konstitusiýa garşy gelýän kanunlaryň we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýuridik güýji ýokdur, olar kabul edilen pursadyndan hakyky däldir we Türkmenistanyň çäginde ulanylmaýar.

2. Konstitusiýadan başga kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýuridik güýjüniň gatnaşygy şu peselýän derejelere laýyk gelýär:

1) konstitusion kanunlar;

2) kodeksler;

3) kanunlar;

4) Türkmenistanyň Mejlisiniň kadalaşdyryjy hukuk kararlary;

5) Türkmenistanyň Prezidentiniň kadalaşdyryjy hukuk permanlary;

6) Türkmenistanyň Prezidentiniň kadalaşdyryjy hukuk kararlary;

7) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kadalaşdyryjy hukuk kararlary;

8) ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk buýruklary;

9) halk maslahatlarynyň kadalaşdyryjy hukuk kararlary, häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk kararlary.  

3. Aşakda durýan derejeli kadalaşdyryjy hukuk namalary ýokarda durýan derejeli kadalaşdyryjy hukuk namalaryna garşy gelmeli däldir.

4. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň döredilen görnüşiniň iýerarhiýadaky orny görkezilen namany tassyklaýan kadalaşdyryjy hukuk namasynyň esasy görnüşiniň derejesi bilen kesgitlenýär.

5. Geňeşleriň kadalaşdyryjy çözgütleri kadalaşdyryjy hukuk namalaryň şu maddada bellenilen iýerarhiýasynyň daşynda ýerleşýär.

 

9-njy madda. Konstitusion kanunlar

 

1. Konstitusion kanun – Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ýa-da ählihalk sala salşygynda kabul edilen, Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň esaslaryna düýpli täsir edýän kanundyr.

2. Konstitusion kanunlar beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen deňeşdirilende Konstitusiýadan soň ýokary ýuridik güýje eýedir.

 

10-njy madda. Kodeksler

 

1. Kodeks (kodifisirlenen kadalaşdyryjy hukuk namasy)  birmeňzeş jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän hukuk kadalaryny birleşdirýän we ulgamlaşdyrýan kanundyr, ol jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň kesgitli pudagyny doly ulgamlaýyn düzgünleşdirmegi üpjün edýär.

2. Kodeksleriň beýleki kanunlar babatda ýokary ýuridik güýji bardyr, Türkmenistanyň Raýat kodeksi bolsa raýat hukugynyň kadalaryny saklaýan beýleki kodeksler we kanunlar babatda ýokary ýuridik güýje eýedir.

 

11-nji madda. Kanunlar

 

1. Kanun  has möhüm jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän, esas goýujy ýörelgeleri we kadalary belleýän, ählihalk sala salşygynda,Türkmenistanyň Mejlisi, Konstitusiýada göz öňünde tutulan halatlarda bolsa, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namasydyr.

2. Şular diňe kanun bilen düzgünleşdirilýär:

1) raýatlaryň esasy hukuklary, azatlyklary we borçlary, olary goramagyň we üpjün etmegiň usullary;

2) kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýeti edaralaryny döretmegiň we olaryň işiniň tertibi;

3) Türkmenistanyň raýatlyk gatnaşyklary;

4) döwlet howpsuzlygy we goranmak bilen bagly meseleler;

5) eýeçilik gatnaşyklary;

6) ykdysadyýeti, medeni-durmuş gurluşy dolandyrmagy guramak;

7) býujet-maliýe ulgamy, nyrh emele getirme we salgyt salma;

8) jenaýat, administratiw we raýat kanunçylygynyň meseleleri;

9) kazyýet önümçiligi;

10) jemgyýetçilik birleşiklerini döretmegiň we olaryň işiniň meseleleri;

11) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hukuk ýagdaýy;

12) daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly meseleler.

Umumydöwlet ähmiýetli beýleki meseleler hem kanun arkaly düzgünleşdirilip bilner.

3. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilen kanuny tassyklamak barada meselä Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda garalýar we eger ol tassyk edilmedik halatynda bu kanun Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan degişli karar kabul edilen pursadyndan ýuridik güýjüni ýitirýär.

 

12-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň kadalaşdyryjy hukuk kararlary

 

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilen kanunlary tassyklamagyň, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny tassyklamagyň we ýatyrmagyň meseleleri, şeýle hem beýleki meseleler boýunça şu Kanuna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatlarynda kabul edilýän Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlary kadalaşdyryjy hukuk namalary bolup durýar.

 

13-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalary

 

Konstitusiýanyň we kanunlaryň esasynda, şeýle hem olary ýerine ýetirmek üçin umumydöwlet ähmiýetli has möhüm meseleler boýunça kabul edilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlary we kararlary kadalaşdyryjy hukuk namalary bolup durýar.

 

14-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kadalaşdyryjy hukuk kararlary

 

Konstitusiýanyň, kanunlaryň, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň esasynda, şeýle hem olary ýerine ýetirmek üçin kabul edilýän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlary kadalaşdyryjy hukuk namalary bolup durýar.

 

15-nji madda. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk buýruklary

 

Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary Konstitusiýanyň, kanunlaryň, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlarynyň esasynda, şeýle hem olary ýerine ýetirmek üçin ygtyýarlyklarynyň çäklerinde buýruklar görnüşinde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýärler. Buýruklarda olaryň haýsy kadalaşdyryjy hukuk namasyny ýerine ýetirmek üçin kabul edilenligi görkezilmelidir.

 

16-njy madda. Halk maslahatlary tarapyndan kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalary

 

Halk maslahatlary Konstitusiýanyň we kanunlaryň, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlarynyň esasynda, şeýle hem olary ýerine ýetirmek üçin ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kararlar görnüşinde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýärler.

 

17-nji madda. Häkimler tarapyndan kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalary

 

Häkimler Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly Konstitusiýanyň, kanunlaryň, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlarynyň we degişli halk maslahatlarynyň kararlarynyň esasynda, şeýle hem olary ýerine ýetirmek üçin öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kararlar görnüşinde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýärler.

 

18-nji madda. Geňeşiň kadalaşdyryjy çözgütleri

 

Geňeşiň kadalaşdyryjy çözgütleri Konstitusiýa we kanunlara laýyklykda onuň ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde kabul edilýär.

 

19-njy madda. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň göni hereketi

 

1. Eger kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň özlerinde ýa-da olary herekete girizmek hakynda namalarda başgaça bellenilmedik bolsa, ählikadalaşdyryjy hukuk namalarynyň göni hereketi bardyr.

2. Herekete girizilen kadalaşdyryjy hukuk namalaryny ulanmak üçin haýsydyr-bir goşmaça görkezmeler talap edilmeýär.

3. Eger kadalaşdyryjy hukuk namasynyň özünde onuň haýsydyr-bir hukuk kadasynyň goşmaça kadalaşdyryjy hukuk namasynyň esasynda ulanylýanlygy görkezilen bolsa, onda bu kada esasy we goşmaça kadalaşdyryjy hukuk namasyna laýyklykda ulanylýar.

Goşmaça kadalaşdyryjy hukuk namasy kabul edilýänçä degişli gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalary hereket edýärler.

4. Eger jemgyýetçilik gatnaşyklary hem umumy, hem ýörite kadalar bilen düzgünleşdirilýän bolsa, onda ýörite kadalar ulanylýar.

 

20-nji madda. Dürli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hukuk kadalarynyň garşylygy

 

1. Dürli derejeli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kadalarynda garşylyklar bolanda ýokary derejeli kadalaşdyryjy hukuk namasynyň kadalary hereket edýär.

2. Kanunlaryň kadalary kodeksleriň kadalary bilen çapraz gelende şol kanunlaryň kadalary diňe kodekslere degişli üýtgetmeler girizilenden soň ulanylyp bilner.

3. Deň ýuridik güýji we düzgünleşdirýän ýeke-täk jemgyýetçilik gatnaşyklary bolan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kadalarynyň arasynda garşylyk bolan halatynda has soňky wagtda herekete girizilen kadalaşdyryjy hukuk namasynyň kadalary hereket edýär.

 

21-nji madda. Kanunyň analogiýasyny we hukugyň analogiýasyny ulanmagyň tertibi

 

1. Anyk jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän hukuk kadasy ýok bolanda, kanunyň analogiýasy ýa-da hukugyň analogiýasy ulanylyp bilner.

2. Anyk jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän hukuk kadasy ýok bolanda, şu gatnaşyklar bilen meňzeş gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukugyň kadasy, ýagny kanunyň analogiýasy ulanylýar.

3. Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda kanunyň analogiýasyny ulanmak mümkin bolmasa, hukugyň analogiýasy ulanylýar.Şunda kanunçylygyň we hukugyň anyk pudaklaryna degişli ýörelgeler, şeýle hem hukugyň umumy ýörelgeleri ulanylýar.

4. Kanunyň analogiýasyny we hukugyň analogiýasyny ulanmagyň barşynda fiziki ýa-da ýuridik şahslara täze borçlaryň bellenilmegine     ýa-da olaryň hukuklarynyň çäklendirilmegine ýol berilmeýär.

Jenaýat we administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylykda (etmişiň hukuga garşylygyny belleýän kadalar babatda) we salgyt kanunçylygynda kanunyň analogiýasynyň we hukugyň analogiýasynyň ulanylmagy gadagan edilýär.

Kanunçylygyň beýleki pudaklary tarapyndan düzgünleşdirilýän jemgyýetçilik gatnaşyklarynda kanunyň analogiýasyny we hukugyň analogiýasyny  ulanmagyň aýratynlyklary degişli kanunçylyk namalary bilen kesgitlenýär.

 

22-nji madda. Möhletleri hasaplamagyň tertibi

 

Kadalaşdyryjy hukuk namalarynda görkezilen möhletleri hasaplamak, olaryň geçip başlamagy, tamamlanmagy we uzaldylmagy Türkmenistanyň Raýat kodeksinde bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

IV BAP. KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARYNYŇ TASLAMALARYNY TAÝÝARLAMAK WE RESMILEŞDIRMEK

 

23-nji madda. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamagyň meýilleşdirilmegi

 

1. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamagyň meýilleşdirilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurtdaky ýagdaý, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada her ýylky ýüzlenmeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň düzgünlerini hasaba almak bilen amala aşyrylýar.

2. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamagyň meýilnamalary ýyllyk we has uzak möhlete düzülýän geljekki döwür üçin meýilnamalara bölünýär.

3. Kanun döredijilik işiniň geljekki döwür üçin meýilnamasy Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan onuň nobatdaky çagyrylyşynyň döwrüne kabul edilýär we has möhüm kanunlaryň, şol sanda taýýarlanmagy bir ýyldan köp bolan möhlete meýilleşdirilýän kanunlaryň işlenip taýýarlanmagyny göz öňünde tutýar.

Kanun döredijilik işiniň geljekki döwür üçin meýilnamasy Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetleriniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipleriniň esasynda düzülýär.

4. Kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamagyň geljekki döwür üçin meýilnamasy şu maddanyň üçünji böleginiň kadalaryny göz öňünde tutmak bilen işlenip düzülýär.

5. Kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamagyň geljekki döwür üçin meýilnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen ýyllyk meýilnamalar tassyklanýar.

6. Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul edýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamagy meýilleşdirmegiň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenýär.

 

24-nji madda. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlaýjylar

 

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň kanun çykaryjylyk başlangyjy tertibinde taýýarlanýan kanunlaryň taslamalarynyň işläp taýýarlaýjylary Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwany, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, gaýry döwlet edaralary, guramalar we raýatlar bolup bilerler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň kanun çykaryjylyk başlangyjy tertibinde taýýarlanýan kanunlaryň taslamalarynyň işläp taýýarlaýjylary Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarydyr.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kanun çykaryjylyk başlangyjy tertibinde taýýarlanýan kanunlaryň taslamalarynyň işläp taýýarlaýjylary ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarydyr.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kanun çykaryjylyk başlangyjy tertibinde taýýarlanýan kanunlaryň taslamalarynyň işläp taýýarlaýjysy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetidir.

2. Eger kanunçylykda başgaça bellenmedik bolsa, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalary ygtyýarly edaralar tarapyndan kanunçylykda bellenilen ygtyýarlylyklaryna laýyklykda öz başlangyjy boýunça ýa-da ýokarda durýan döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň tabşyrygy boýunça işlenilip taýýarlanýar.

3. Döwlet edaralary, guramalar we raýatlar kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça teklipleri girizmäge ýa-da şeýle namalaryň taslamalaryny ygtyýarly edaralaryň garamagyna bermäge haklydyrlar. Ygtyýarly edaralar olary özleriniň işläp taýýarlaýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalary üçin esas hökmünde kabul edip ýa-da olaryň mundan beýläk işlenilip taýýarlanmagyny we taslamalaryň kabul edilmegini maksadalaýyk däl diýip ykrar edip bilerler.

 

25-nji madda. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň we ylalaşmagyň tertibi

 

1. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň tertibini ygtyýarly edara kesgitleýär. Eger kanunçylykda başgaça bellenilmedik bolsa, kadalaşdyryjy hukuk namasynyň taslamasynyň taýýarlanmagy tabynlykdaky döwlet edarasyna tabşyrylyp ýa-da şertnamalaýyn esasda hünärmenlere, şol sanda daşary ýurt hünärmenlerine sargyt edilip bilner. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň dürli taslamalarynyň taýýarlanmagyna ýol berilýär.

2. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň taslamasyny taýýarlamaga ygtyýarly edaranyň hukuk gullugynyň işgärleriniň (hukuk maslahatçysynyň) gatnaşmagy hökmanydyr.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary kanunyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işe gatnaşmaga haklydyrlar.

3. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamaga bilimleriň dürli çygyrlaryndan hünärmenler, alymlar, ylmy edaralar we ylmy işgärler, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri çekilip, toparlar döredilip ýa-da şertnama boýunça buýurma edilip, şeýle hem bäsleşik yglan edilip bilner.

4. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň taslamalary birnäçe deň derejeli ygtyýarly edaralar tarapyndan bilelikde işlenip taýýarlanyp bilner. Şunda kadalaşdyryjy hukuk namasy bilelikdäki kadalaşdyryjy hukuk nama hökmünde kabul edilýär.

5. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň taýýarlanan taslamasy gyzyklanýan döwlet edaralaryna we beýleki guramalara ylalaşmaga iberilýär.

6. Kanunlaryň, şeýle hem adamyň we raýatyň hukuklaryna, azatlyklaryna we borçlaryna täsir edýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň işlenip taýýarlanan taslamalary gyzyklanýan döwlet edaralaryna we beýleki guramalara ylalaşmaga ibermek bilen bir wagtda elektron görnüşde ygtyýarly edaranyň Internet torundaky resmi saýtynda ýerleşdirilip bilner.

7. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň taslamasy ylalaşylmaga iberilen döwlet edaralary we beýleki guramalar bir aýyň dowamynda taslama boýunça özleriniň belliklerini we tekliplerini taýýarlamalydyrlar ýa-da olaryň ýoklugy barada habar bermelidirler.

Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň taslamasy boýunça döwlet edarasynyň ýa-da beýleki guramanyň bellikleri kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça teklipleri özünde saklamalydyr, esaslandyrylan, hemmetaraplaýyn, doly we gutarnykly bolmalydyr hem-de ýazmaça görnüşde hödürlenmelidir.

Gelip gowşan bellikler boýunça kadalaşdyryjy hukuk namasynyň taslamasy ony işläp taýýarlan edara tarapyndan gaýtadan işlenilýär.

8. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalary hukuk bilermenler seljermesini geçirmek üçin Türkmenistanyň Adalat ministrligine iberilýär, muňa Türkmenistanyň Mejlisiniň kadalaşdyryjy hukuk kararlary girmeýär.

9. Eger taýýarlanýan kanunçylyk namasynyň hukuk kadalaryny durmuşa geçirmek üçin bir derejeli ýa-da aşakda durýan derejeli kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeleriň ýa-da goşmaçalaryň girizilmegi zerur bolsa, onda şeýle kanunçylyk namasynyň taslamasy bilen bir wagtda görkezilen üýtgetmeleri ýa-da goşmaçalary girizmek barada namalaryň taslamalary hem taýýarlanmalydyr ýa-da şeýle namany taýýarlamak barada degişli edaralara tabşyryk berilmelidir.

10. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen kanunlaryň taslamalary ählihalk ara alyp maslahatlaşylmagyna berlip bilner.

 

26-njy madda. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň esasy görnüşiniň rekwizitleri

 

Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň esasy görnüşiniň şu rekwizitleri bolmalydyr:

1) Türkmenistanyň Döwlet tugrasy;

2) görnüşine görkezme;

3) kadalaşdyryjy hukuk namasyny kabul eden döwlet edarasynyň ady;

4) düzgünleşdirýän jemgyýetçilik gatnaşyklaryny aňladýan ady;

5) kabul edilen ýeri, senesi we bellige alnan belgisi;

6) gol çekmäge ygtyýarly şahsyň (şahslaryň) wezipesi, familiýasy, ady, atasynyň ady we goly;

7) şu Kanunyň 7-nji maddasynyň ikinji böleginiň 6-8-nji bentlerinde göz öňünde tutulan kadalaşdyryjy hukuk namasynyň döwlet belligine alnan senesine we belgisine görkezme.

 

27-nji madda. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň gurluşy

 

1. Hukuk kadalaryny özünde saklaýan tesim, kiçi bent, bent, bölek we madda kadalaşdyryjy hukuk namasynyň esasy gurluş bölekleridir.

Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň maddasynyň içinde başda boş goýulýan ýer bilen tapawutlandyrylýan hukugyň aýratyn kadasy  bölek bolup biler, ol baş harp bilen başlanýar we adatça arap sanlary bilen belgilenýär.

Maddanyň ýa-da maddanyň böleginiň ýazgysynyň many taýdan birligi bolan, birinji setirde başda boş goýulýan ýer bilen tapawutlandyrylýan we baş harp bilen başlanýan bölegi tesim hasap edilýär. Tesim nokat bilen tamamlanýar.

Kanunçylyk namalary (Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryndan başga) «madda» atlary bolan maddalardan ybaratdyr, olar özüne bölegi, bendi, kiçi bendi we tesimi birikdirip bilerler. Gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlary «bölek» diýen söz bilen atlandyrmazdan böleklerden ybaratdyr, olar özüne bentleri, kiçi bentleri we tesimleri birikdirip bilerler.  

2. Göwrümi uly bolan kadalaşdyryjy hukuk namasynyň mazmuny boýunça ýakyn maddalary (bölekleri) baplara birleşdirilip bilner. Mazmuny boýunça ýakyn birnäçe baplar bölümlere, bölümler bolsa kadalaşdyryjy hukuk namasynyň esasy gurluş bölegine degişli bolmadyk böleklere (mundan beýläk - esasy gurluş bölege degişli bolmadyk bölek) birleşdirilip bilner.

Göwrümi uly baplarda paragraflar tapawutlandyrylyp bilner. Bap we paragraf kadalaşdyryjy hukuk namasynda degişlilikde «bap» diýen söz we «paragraf» belgisi bilen belgilenýär.

Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň baplary (paragraflary), bölümleri we esasy gurluş bölege degişli bolmadyk bölekleri onuň esasy gurluş bölekleri bilen bilelikde kadalaşdyryjy hukuk namasynyň gurluş böleklerini emele getirýärler.

3. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň her bir maddasy (bölegi) we paragrafy arap sanlary, baplary we bölümleri bolsa rim sanlary bilen belgilenýär. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň maddalarynyň (bölekleriniň), baplarynyň we bölümleriniň belgilenmegi yzygiderlilik ýörelgesi boýunça amala aşyrylýar.

4. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň babynda paragraflaryňşeýle hem maddalarynda bölekleriň, böleklerinde bentleriň, bentlerinde kiçi bentleriňbelgilenmegi özbaşdaklyk ýörelgesi boýunça amala aşyrylýar.

Şunda bentleriň belgilenmegi ýaýly arap sanlary, kiçi bentleriň belgilenmegi bolsa ýaýly latyn harplary bilen türkmen elipbiýi tertibinde amala aşyrylýar.

5. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň kabul edilmeginiň maksatlaryny we onuň öňünde durýan esasy wezipelerini düşündirmek zerur bolan halatlarynda hukuk kadalarynyň beýan edilmeginden öňde giriş bölegi bolup biler.

6. Kadalaşdyryjy hukuk namasynda peýdalanylýan adalgalary we düşünjeleri takyklamak zerurlygy bar bolanda onda olaryň manysyny düşündirýän madda (bölek) goýulýar. Kadalaşdyryjy hukuk namasynda adalgalar we düşünjeler döwlet dilinde türkmen elipbiýi tertibinde ýerleşdirilýär. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň terjimelerinde adalgalar we düşünjeler olaryň döwlet dilindäki beýanynyň tertibine laýyk gelmelidir.

Kadalaşdyryjy hukuk namasynda peýdalanylýan adalgalar we düşünjeler birmeňzeş jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän ýokarda durýan derejeli kadalaşdyryjy hukuk namasynda ulanylýan adalgalara we düşünjelere laýyk gelmelidir.

7. Eger degişli kadalary kadalaşdyryjy hukuk namasynyň ýazgysynda hukuk kadasynyň manysy üçin zyýansyz beýan etmek mümkin bolmasa, kadalaşdyryjy hukuk namasynyň maddasyna ýa-da bölegine bellik goşulyp bilner.

8. Ulanmagyň oňaýly bolmagynyň maksatlaryna kadalaşdyryjy hukuk namasynda maddanyň, paragrafyň, babyň, bölümiňşeýle hem esasy gurluşbölege degişli bolmadyk bölegiň öz ady bolup biler.

Bu talap kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler ýa-da goşmaçalar girizmek hakynda kanunçylyk namalaryň degişlilikde rim sanlary bilen belgilenilýän bölümlerine, şeýle hem arap sanlary bilen belgilenilýän böleklerine we bentlerine degişli edilmeýär.

Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň esasy gurluş bölege degişli bolmadyk bölekleriniň, bölümleriniň, baplarynyň we paragraflarynyň atlary olaryňöňünde we soňunda ýerleşdirilýän ýazgylardan bir setirara aralyk aýrylyşdyrylýar, maddalaryň atlary bolsa olaryň öňünde ýerleşdirilýän ýazgylardan bir setirara aralyk aýrylyşdyrylyp beýan edilýär.

Kadalaşdyryjy hukuk namasynyňşeýle hem onuň maddasynyň, babynyň, paragrafynyň, bölüminiň we esasy gurluş bölege degişli bolmadyk böleginiň adynda olaryň düzgünleşdirýän jemgyýetçilik gatnaşyklary görkezilmelidir.

9. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň gurluşyna onuň ýazgysynda görkezilen goşundylar birikdirilip bilner.

 

28-nji madda. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň mazmunyna we ýazgysynyň beýan edilişine talaplar

 

1. Jemgyýetçilik gatnaşyklaryny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek çygrynda döwlet edaralarynyň ygtyýarlylyklary we wezipeleri döwlet dolandyryşynyň derejesi boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kanunçylyga laýyklykda anyk tapawutlandyrylmagy bilen bellenmelidir.

2. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň ýazgysy bir şriftde çap edilen bolmalydyr.

3. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň ýazgysy edebi döwlet diliniň, ýuridik adalgalaryň kadalaryny we hukuk namalaryny resmileşdirmegiňtalaplaryny berjaý etmek bilen beýan edilýär, onuň düzgünleri mümkin boldugyça gysga bolmalydyr, anyk we dürli düşündirmäge degişli bolmadyk manyny saklamalydyr.

Kadalaşdyryjy hukuk namasynda köne we köp manyly sözleriň, aňlatmalaryň, göçme manyly sözleriň, söz gysgaltmalarynyň ulanylmagyna, şeýle hem şol bir hukuk kadasynyň gaýtadan beýan edilmegine ýol berilmeýär.

Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň döwlet dilinden beýleki dillere edilen terjimesinde oňa salgylanma bolmalydyr.

4. Kanunçylyk namasynda hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň esasy ýörelgeleri, onuň ýazgysynda peýdalanylýan esasy düşünjeler, ol güýje girenden soň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny ulanmagyň tertibi we şertleri bellenip bilner.

Kanunçylyk namasynyň geçiş düzgünlerinde onuň herekete girizilmeginden öňki gatnaşyklary düzgünleşdirmegiň tertibi görkezilýär, täze hukuk kadalaryna geçmegiň möhletleri we usullary bellenýär.

Kanunçylyk namasynyň jemleýji düzgünlerinde bu namany herekete girizmek, öň kabul edilen namany güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek ýa-da ýatyrmak hakynda kadalar berkidilýär we zerur bolsa, bu namany durmuşa geçirmek maksady bilen beýleki döwlet edaralary tarapyndan namalaryňkabul edilmegi hakynda talaplar beýan edilýär.

Şu bölekde bellenilen talaplar Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryna degişli edilmeýär.

5. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynda tabşyryklar döwlet edaralaryna ýa-da zerur bolanda olaryň ýolbaşçylaryna salgylanylan bolmalydyr.

Tabşyryk berýän şahsa tabyn bolmadyk döwlet edaralary babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynda tabşyryklar maslahat beriş görnüşinde ýa-da olar bilen ylalaşylyp beýan edilmelidir. Soňky halatda kadalaşdyryjy hukuk namany kabul eden edaranyň gol çekmäge ygtyýarly şahsynyň golunyňaşagynda «ylalaşyldy» diýen belligi goýmak bilen ylalaşylan edaranyň doly ady, gol çekmäge ygtyýarly şahsyň wezipesi, familiýasy, ady, goly we ylalaşygyň senesi görkezilýär.

6. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň ýazgysynda döwlet edaralarynyň we beýleki guramalaryň atlary olaryň resmi atlaryna laýyklykda doly we birmeňzeş beýan edilýär.

Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň ýazgysynyň ýönekeýligini we gysgalygyny üpjün etmek üçin kadalaşdyryjy hukuk namasynyň ýazgysynyňözünde gysgaltmalaryň ähmiýetini açyp görkezmek bilen döwlet edaralarynyň we beýleki guramalaryň atlarynyň gysgaldylmagyna ýol berilýär.

Eger kadalaşdyryjy hukuk namasynyň ýazgysynda sözleriň topary tarapyndan aňladylýan ol ýa-da gaýry düşünje birnäçe gezek ulanylýan bolsa, onda bu düşünje birinji gezek peýdalanylanda ol dolulygyna berilýär, şunda onuň soňraky aňladylmagynyň gysgaltmasy (şertli belgilenmesi) ýaýda görkezilýär.

7. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýazgysynda tesimleriň kese çyzyk ýa-da gaýry nyşanlar bilen aňladylmagyna, aýry-aýry sözleriň we söz düzümleriniň tapawutlandyrylmagyna we aşagynyň çyzylmagyna ýol berilmeýär.

8. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň döredilen görnüşiniň birinji sahypasynyň ýokarky sag burçunda ony tassyklaýan kadalaşdyryjy hukuk namasynyň esasy görnüşine, onuň kabul edilen senesine we bellige alnan belgisine salgylanma beýan edilmelidir.

 

29-njy madda. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynda salgylanmalar we gaýtadan beýan etmeler

 

1. Zerur bolanda kadalaşdyryjy hukuk namalarynda ýokarda durýan derejeli kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, olaryň gurluş böleklerine salgylanmalar getirilip, şeýle hem ýokarda durýan derejeli kadalaşdyryjy hukuk namalaryna salgylanmak bilen şeýle namalardan aýry-aýry hukuk kadalary gaýtadan beýan edilip bilner.

2. Hukuk kadalarynyň özara baglanyşygyny görkezmek ýa-da gaýtalamalardan gaça durmak zerur bolanda, kadalaşdyryjy hukuk namasynyňgurluş böleginde onuň beýleki gurluş böleklerine salgylanmalara ýol berilýär.

3. Sözlemlere salgylanylanda olaryň belgilenmegi tertip sanlary bilen ýazmaça aňladylýar.

4. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň ýazgysynda esasy gurluş bölegine salgylanma: bölege we tesime olaryň tertip belgisini ýazmaça, madda, bende we kiçi bende bolsa olaryň tertip belgisini degişlilikde sanlar ýa-da harplar bilen görkezmek arkaly getirilýär.

Baplara (paragraflara), bölümlere salgylanmalar olaryň tertip belgisinde belgilenen sanlaryny görkezmek bilen, esasy gurluş bölegine degişli bolmadyk böleklere salgylanmalar bolsa olaryň atlaryny doly getirmek bilen amala aşyrylýar.

Salgylanmalaryň aňladylmagy üçin sypatlaryň ulanylmagyna ýol berilmeýär.

5. Kadalaşdyryjy hukuk namasyna salgylanylanda onuň ady, kabul edilen senesi, bellige alnan belgisi we görnüşi görkezilýär.

Döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namasyna salgylanylanda onuň Döwlet belligine alnan Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sanawynda bellige alnanlygy barada maglumatlar (bellige alnan senesi we san belgisi) goşmaça görkezilýär.

Kanunçylyk namalaryna salgylanylanda olaryň haýsy belgi bilen bellige alnanlygyny görkezmek talap edilmeýär.

6. Eger kadalaşdyryjy hukuk namasynyň ýazgysynda şol bir kadalaşdyryjy hukuk namasyna yzygiderli iki we şondan köp salgylanmalar getirilýän bolsa, onda oňa soňra salgylanmak bilen bu kadalaşdyryjy hukuk namasynyň doly ady bir gezek (ýazgyda birinji gezek ýatlananda) görkezilýär.

7. Eger kadalaşdyryjy hukuk namasynda goşundylara salgylanmalar bar bolsa, goşundylaryň kadalaşdyryjy hukuk namasynyň ýazgysynda ýatlanyştertibinde dakylýan olaryň belgileri görkezilýär, muňa kadalaşdyryjy hukuk namasynda bir goşundynyň bolan halaty girmeýär.

 

30-njy madda. Kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler ýa-da goşmaçalar girizmek hakynda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyňresmileşdirilmegi

 

1. Kadalaşdyryjy hukuk namasyny üýtgetmek ýa-da oňa goşmaçalar girizmek görnüşi we ýuridik güýji boýunça edil şeýle kadalaşdyryjy hukuk namasyny kabul etmek arkaly amala aşyrylýar.

Kadalaşdyryjy hukuk namasyna üýtgetmeler ýa-da goşmaçalar girizilende üýtgetmeleriň manysy beýan edilýär ýa-da kadalaşdyryjy hukuk namasynyň degişli maddasynyň, böleginiň, bendiniň täze mazmuny görkezilýär.

2. Kadalaşdyryjy hukuk namasyna üýtgetmeler ýa-da goşmaçalar girizmegi göz öňünde tutýan kadalaşdyryjy hukuk namasynyň adynda ol namanyň görnüşine, kabul edilen senesine, bellige alnan belgisine we adyna salgylanma bolmalydyr, muňa kanunçylyk namalary girmeýär.

Kanunçylyk namalarynyň birine üýtgetmeler ýa-da goşmaçalar girizmegi göz öňünde tutýan kanunçylyk namalarynyň adynda onuň görnüşine we adyna salgylanma bolmalydyr.

Eger kadalaşdyryjy hukuk namasy bilen birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýän bolsa, onda bu barada kadalaşdyryjy hukuk namasynyň adynda görkezilýär.

Eger kadalaşdyryjy hukuk namasy bilen kadalaşdyryjy hukuk namasynyň döredilen görnüşine üýtgetme ýa-da goşmaça girizilýän bolsa, onda onuňadynda kadalaşdyryjy hukuk namanyň döredilen görnüşiniň adynyňşeýle hem ony tassyklan kadalaşdyryjy hukuk namasynyň esasy görnüşiniň kabul edilen senesiniň, belgisiniň we görnüşiniň görkezilmegi zerurdyr.

3. Kanunçylyk namasyna üýtgetmeler ýa-da goşmaçalar girizmek hakynda kanunçylyk namasynyň taslamasynyň ýazgysynda görkezilen kanunçylyk namalarynyň kabul edilen senesi, görnüşi, ady, şeýle hem ýaýyň içinde  olaryň ilkinji gezek çap edilen resmi neşiriniň ady, ýyly, belgisi we maddasy, olara üýtgetmeler ýa-da goşmaçalar girizilen halatynda bolsa  degişli kanunçylyk namalarynyň şu Kanuna laýyklykda resmi neşirde çap edilen ýyly, belgisi we maddasy görkezilýär.

 

Kanunçylyk namalaryndan beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler ýa-da goşmaçalar girizmek hakynda kadalaşdyryjy hukuk namasynyň taslamasynyň ýazgysynda görkezilen kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ady, kabul edilen senesi, bellige alnan belgisi, görnüşi, şeýle hem ýaýyň içinde  olaryň, eger kadalaşdyryjy hukuk namasy resmi çap edilmäge degişli bolan bolsa, şu Kanuna laýyklykda ilkinji gezek çap edilen resmi neşiriniň ady, ýyly, belgisi we maddasy görkezilýär.

Döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namasyna üýtgetmeler ýa-da goşmaçalar girizmek hakynda kadalaşdyryjy hukuk namasynyňýazgysynda onuň Döwlet belligine alnan Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sanawynda haýsy belgi bilen bellige alnanlygy goşmaça görkezilýär.

4. Üýtgetmeler ýa-da goşmaçalar girizmek hakynda kadalaşdyryjy hukuk namasy kabul edilip, onuň bilen hukuk kadasyna üýtgetmeler ýa-da goşmaçalar girizilen, ýöne ol herekete girizilmedik halatynda, şeýle üýtgetmeler ýa-da goşmaçalar üýtgetmeler ýa-da goşmaçalar girizmek hakynda kadalaşdyryjy hukuk namasyna girizilýär.

5. Üç we şondan köp kadalaşdyryjy hukuk namalary üýtgedilende ýa-da olara goşmaçalar girizilende aýratyn goşundy bilen resmileşdirilýän sanaw düzülýär.

Görkezilen talap kanunçylyk namalaryna degişli edilmeýär.

6. Şol bir kadalaşdyryjy hukuk namasyna girizilýän ähli üýtgetmeler ýa-da goşmaçalar bir bölekde ýa-da bentde göz öňünde tutulýar. Üýtgetmeler ýa-da goşmaçalar girizilýän kadalaşdyryjy hukuk namalary olaryň ýuridik güýjüniň gatnaşygyna baglylykda (kanunçylyk namalary babatda), şeýle hem olaryň kabul edilen senesi boýunça wagt yzygiderliligi tertibinde ýerleşdirilýär.

Şol bir senede kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalary olaryň bellige alnan belgilerine ýa-da çap edilen resmi çeşmelerindäki maddalaryňbelgilerine laýyklykda görkezilýär.

7. Täze gurluş bölekleri, şeýle hem goşundylar kadalaşdyryjy hukuk namasynyň ýazgysyna şol görnüşli gurluş böleginiň soňundan soňky tertip belgileri bilen ýa-da olaryň arasynda goşulýar.

Kadalaşdyryjy hukuk namasyna goşundy goşulýan halatynda, onuň ýazgysyna kadalaşdyryjy hukuk namasyna goşundynyň ýa-da kadalaşdyryjy hukuk namasynyň döredilen görnüşiniň goşulýanlygy hakynda kada girizilýär.

8. Kadalaşdyryjy hukuk namasyna onuň ýazgysynyň göwrüminiň ýarysyndan geçýän üýtgetmeler ýa-da goşmaçalar girizilende onuň rejelenen görnüşi kabul edilýär.

Kanunlaryň taslamalary rejelenen görnüşde resmileşdirilende madda, gaýry kadalaşdyryjy hukuk namasy rejelenen görnüşde resmileşdirilende bolsa bölek göwrümi kesgitlemegiň birligi bolup durýar.

 

31-nji madda. Kadalaşdyryjy hukuk namalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek ýa-da ýatyrmak hakynda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň resmileşdirilmegi

 

1. Kadalaşdyryjy hukuk namasyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek ýa-da ýatyrmak görnüşi we ýuridik güýji boýunça edil şeýle kadalaşdyryjy hukuk namasyny kabul etmek arkaly amala aşyrylýar.

2. Eger kadalaşdyryjy hukuk namalary ýa-da olaryň gurluş bölekleri täze kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namasyna garşy gelýän ýa-da ol tarapyndan gurşalyp alynýan bolsa, olar güýjüni ýitiren diýip ykrar edilmäge degişlidirler.

3. Ýokarda durýan derejeli kadalaşdyryjy hukuk namasy güýjüni ýitiren diýlip ykrar edilende, ony durmuşa geçirmek üçin kabul edilen aşakda durýan derejeli kadalaşdyryjy hukuk namalary hem güýjüni ýitiren diýlip ykrar edilmäge degişlidir.

Şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen talap ýokarda durýan derejeli kadalaşdyryjy hukuk namasyndan aýrylýan aýry-aýry hukuk kadalaryny durmuşa geçirmek üçin kabul edilen aşakda durýan derejeli kadalaşdyryjy hukuk namalaryna hem degişli edilýär.

4. Kanunçylyk namalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda kanunçylyk namasynyň taslamasynyň ýazgysynda görkezilen kanunçylyk namalarynyň kabul edilen senesi, ady, şeýle hem ýaýyň içinde  olaryň ilkinji gezek çap edilen resmi neşiriniň ady, ýyly, belgisi we maddasy görkezilýär.

Kanunçylyk namalaryndan beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda kadalaşdyryjy hukuk namasynyňtaslamasynyň ýazgysynda görkezilen kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ady, kabul edilen senesi, bellige alnan belgisi, şeýle hem ýaýyň içinde  olaryň, eger kadalaşdyryjy hukuk namasy resmi çap edilmäge degişli bolan bolsa, şu Kanuna laýyklykda ilkinji gezek çap edilen resmi neşiriniň ady, ýyly, belgisi we maddasy görkezilýär.

Döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namasyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda kadalaşdyryjy hukuk namasynyň ýazgysynda onuň Döwlet belligine alnan Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sanawynda haýsy belgi bilen bellige alnanlygy goşmaça görkezilýär.

5. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň kabul edilmegi bilen güýjüni ýitiren diýip ykrar edilmäge degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýa-da olaryň gurluş bölekleriniň sanawy kadalaşdyryjy hukuk namasynyň özünde ýa-da ony herekete girizmegiň tertibi hakynda namada görkezilmelidir.

6. Birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary ýa-da olaryň gurluş bölekleri güýjüni ýitiren diýip ykrar edilende aýratyn goşundy bilen resmileşdirilýän sanaw düzülip bilner.

Sanawda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilmäge degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary olaryň ýuridik güýjüniň gatnaşygyna baglylykda (kanunçylyk namalary babatda), şeýle hem olaryň kabul edilen senesi boýunça wagt yzygiderliligi tertibinde ýerleşdirilýär.

7. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň gurluş bölekleri güýjüni ýitiren diýip ykrar edilende şeýle bölekler aýrylýar, ýöne olaryň belgileri saklanyp galynýar. Saklanyp galynan belgä kadalaşdyryjy hukuk namasyny (ýa-da onuň gurluş bölegini) güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda kadalaşdyryjy hukuk namasynyň kabul edilen senesi, belgisi, görnüşi, şeýle hem çap edilen resmi neşiriniň ady, ýyly, belgisi we maddasy goşulýar. Saklanyp galynýan gurluş bölekleriň belgileri üýtgedilmeýär.

8. Eger kadalaşdyryjy hukuk namasynda kadalaşdyryjy hukuk namasynyň göwrümi boýunça uly bölegi güýjüni ýitiren diýip ykrar edilýän bolsa, güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek üçin sanawa öz ýuridik güýjüni saklaýan gurluş bölekleri hakynda bellik edilip, tutuş kadalaşdyryjy hukuk namasy goşulýar.

Eger kadalaşdyryjy hukuk namasynda kadalaşdyryjy hukuk namasynyň göwrümi boýunça kiçi bölegi güýjüni ýitiren diýip ykrar edilýän bolsa, güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek üçin sanawa diňe güýjüni ýitiren diýip ykrar etmäge degişli gurluş bölekleri goşulýar.

Şu halatlarda kadalaşdyryjy hukuk namasynyň göwrümi şu Kanunyň 30-njy maddasynyň sekizinji bölegine laýyklykda kesgitlenýär.

9. Beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hukuk kadalaryny gaýtalaýan we täze hukuk kadalaryny saklamaýan kadalaşdyryjy hukuk namalary güýjüni ýitiren diýip ykrar edilmäge degişlidirler.

10. Esasy kadalaşdyryjy hukuk namasy bilen birlikde oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen kadalaşdyryjy hukuk namalary  (ýa-da olaryň gurluşbölekleri) güýjüni ýitiren diýip ykrar edilmäge degişlidirler. Güýjüni ýitiren diýip ykrar edilmäge degişli kadalaşdyryjy hukuk namasynyň ýa-da onuňgurluş böleginiň beýany birnäçe gezek üýtgedilen halatynda, sanawa esasy kadalaşdyryjy hukuk namasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli kadalaşdyryjy hukuk namalary özbaşdak bent görnüşinde goşulýar.

11. Eger kadalaşdyryjy hukuk namasy bilen kadalaşdyryjy hukuk namalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek göz öňünde tutulan beýleki kadalaşdyryjy hukuk namasy ýa-da onuň gurluş bölegi güýjüni ýitiren diýip ykrar edilýän bolsa, onda şu halatda öň güýjüni ýitiren diýlip ykrar edilenler öz hereketini dikeltmeýär.

12. Güýje girmedik, şeýle hem hereket etmek möhleti geçen kadalaşdyryjy hukuk namalary we olaryň gurluş bölekleri güýjüni ýitiren diýip ykrar edilip bilinmez. Zerur bolanda şeýle kadalaşdyryjy hukuk namalary we olaryň gurluş bölekleri ýatyrylyp bilner.

Eger kadalaşdyryjy hukuk namasynda hereket etmek möhleti geçen hukuk kadalary bilen birlikde güýjüni ýitiren diýip ykrar etmäge degişli hukuk kadalary hem saklanýan bolsa, onda şu halatda sanawa tutuş kadalaşdyryjy hukuk namasy goşulýar.

13. Eger kadalaşdyryjy hukuk namasy güýjüni ýitiren diýip ykrar edilmäge degişli goşundy babatda görkezmäni saklaýan bolsa, onda şu halatda sanawa diňe bu kadalaşdyryjy hukuk namasynyň gurluş bölegi goşulýar, goşundy barada aýratyn bellik edilmeýär.

Eger kadalaşdyryjy hukuk namasy goşundyny tassyklamak bilen birlikde öz hereketini saklap galýan hukuk kadasyny saklaýan, goşundy bolsa güýjüni ýitiren diýip ykrar edilmäge degişli bolsa, onda şu halatda sanawa goşunda degişli esasy gurluş bölegi goşulýar, goşundy aýratyn bellik edilmeýär.

14. Eger kadalaşdyryjy hukuk namasynyň aýry-aýry gurluş bölekleri doly, beýlekileri bölekleýin güýjüni ýitiren diýip ykrar edilmäge degişli bolsa, onda doly güýjüni ýitiren diýip ykrar edilmäge degişli bolan gurluş bölekleri başda görkezilýär.

 

32-nji madda. Kadalaşdyryjy hukuk namalaryna goşundylaryň resmileşdirilmegi

 

1. Goşundylar kadalaşdyryjy hukuk namasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar we olar onuň esasy gurluş bölegi bilen tassyklanýar.

2. Zerur bolan halatynda kadalaşdyryjy hukuk namasyna tablisalar, çyzgylar, kartalar, sanawlar we beýleki kömekçi resminamalar aýratyn goşundylar bilen resmileşdirilýär.

3. Goşundynyň birinji sahypasynyň ýokarky sag burçunda onuň tassyklanan kadalaşdyryjy hukuk namasynyň görnüşine, namanyň   kabul edilen senesine we onuň bellige alnan belgisine görkezme bolmalydyr.

4. Kadalaşdyryjy hukuk namasyna birnäçe goşundy bar bolan halatynda, her bir goşundynyň birinji sahypasynyň ýokarky sag burçunda onuň tertip belgisi, şeýle hem onuň tassyklanan kadalaşdyryjy hukuk namasynyň görnüşi, namanyň kabul edilen senesi we onuň bellige alnan belgisi görkezilýär. Eger kadalaşdyryjy hukuk namasyna goşundy bir bolsa, onda ol belgilenmeýär.

5. Gizlinlik ýa-da «Gullukda peýdalanmak üçin» diýen belligi bolan kadalaşdyryjy hukuk namalaryna goşundylaryň resmileşdirilmegi şu madda we kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

33-nji madda. Kanunçylyk namasynyň Türkmenistanyň Mejlisine girizilmegi, oňa garalmagy we yzyna çagyrylmagy

 

1. Kanunçylyk namalarynyň taslamalary kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukugy degişli edilen edaralar we şahslar tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisine döwlet dilinde kagyz we elektron göterijilerde girizilýär.

2. Türkmenistanyň Mejlisine hödürlenýän kanunçylyk namasynyň taslamasyna şular goşulýar:

1) maksatlaryna, wezipelerine, esasy düzgünlerine giňişleýin häsiýetnama berlip, taslamany kabul etmegiň zerurlygyny esaslandyrmak bilen kanunçylyk namasyna düşündirişli ýazgy;

2) taslamanyň gyzyklanýan döwlet edaralary bilen ylalaşylanlygy barada resminama, muňa kanunyň taslamasynyň kanun çykaryjylyk başlangyjytertibinde Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary tarapyndan girizilen halatlary girmeýär;

3) şu Kanunyň 34-nji maddasyna laýyklykda bilermenler seljermesiniň netijenamasy;

4) eger kanunyň taslamasy döwlet girdejileriniň azalmagyny ýa-da döwlet çykdajylarynyň artmagyny göz öňünde tutýan bolsa, maliýe-ykdysady hasaplamalar, şeýle hem statistik maglumatlar, kanunyň hereketiniň netijesinde mümkin bolan ykdysady, durmuş, ýuridik we ekologik çaklamalar.

Kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanunlaryň taslamalary bilen girizilýän üýtgetmeleriň ýa-da goşmaçalaryň degişli esaslandyrmasy, kanunçylyk namasynyň hereket edýän we teklip edilýän beýanlarynyň deňeşdirme tablisasy berilýär.

3. Döwlet girdejileriniň azalmagyny ýa-da döwlet çykdajylarynyň artmagyny göz öňünde tutýan kanunlaryň taslamalary diňe Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň oňyn netijenamasy bar bolanda girizilip bilner.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kanun çykaryjylyk başlangyjy tertibinde Türkmenistanyň Mejlisine girizilýän kanunlaryň taslamalary üçin şeýle netijenama talap edilmeýär.

4. Kanunlaryň taslamalaryna Türkmenistanyň Mejlisinde garamagyň barşynda olaryň mazmunyny düýpli üýtgedýän üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen halatynda bu barada kanunyň taslamasyny hödürlän kanun çykaryjylyk başlangyjynyň subýekti bilen ylalaşylýar.

5. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetikanun çykaryjylyk başlangyjy tertibinde Türkmenistanyň Mejlisine girizen kanunynyň taslamasyny oňa garalmagynyň islendik tapgyrynda yzyna almaga haklydyrlar.

 

V BAP. KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARYNYŇ

TASLAMALARYNYŇ BILERMENLER SELJERMESI

 

34-nji madda. Bilermenler seljermesiniň wezipeleri

 

1. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň taslamasyna bilermenler seljermesini geçirmek hakynda çözgüt ygtyýarly edara tarapyndan kabul edilip bilner.

Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň taslamasynyň şertnamalaýyn esasda taýýarlanýan halatlarynda, taslamanyň bilermenler seljermesi taslamany sargyt edijiniň çözgüdi boýunça geçirilip bilner.

2. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünleşdirýän hukuk gatnaşyklaryna baglylykda olaryň taslamalary boýunça kanunçylykda bellenilen tertipde bilermenler seljermesi (hukuk bilermenler seljermesinden başga) geçirilip bilner.

3. Bilermenler seljermesi şular üçin geçirilýär:

1) taslamanyň hiline, esaslylygyna, öz wagtyndalygyna, hukuga laýyklygyna, taslamada adamyň we raýatyň Konstitusiýada berkidilen hukuklarynyň berjaý edilmegine baha bermek;

2) kadalaşdyryjy hukuk namasynyň mümkin bolan netijeliligini kesgitlemek;

3) taslamanyň kadalaşdyryjy hukuk namasy hökmünde kabul edilmeginiň mümkin bolan ýaramaz netijelerini ýüze çykarmak.

4. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň korrupsiýa garşy bilermenler seljermesiniň esasy wezipeleri şular bolup durýar:

1) hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalary etmäge ýardam edýän kadalaryny we säwliklerini ýüze çykarmak;

2) taslamany kabul etmegiň netijelerine korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalary etmäge şertler döredilmeginiň mümkinçiligi böleginde baha bermek;

3) taslamanyň korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalary etmäge päsgel berýän kadalaryny maslahatlar görnüşinde işläp taýýarlamak.

5. Kabul edilmeginiň netijesinde ekologik howpsuzlyga, daşky gurşawy goramaga wehim döredip biljek kanunçylyk we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalary hökmany ekologik bilermenler seljermesine degişlidir.

 

35-nji madda. Bilermenler seljermesini amala aşyrýan şahslar

 

1. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň bilermenler seljermesi garalýan taslamanyň mazmunyna baglylykda degişli ugurly ylmy edaralar we ýokary hünär bilimi edaralary, alymlaryň we hünärmenleriň arasyndan çekilýän bilermenler tarapyndan geçirilýär. Bilermenler seljermesini geçirmek bir ýa-da birnäçe bilermenlere (bilermenler toparyna) tabşyrylyp bilner.

2. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň taslamasy boýunça dürli hünärli bilermenler tarapyndan toplumlaýyn bilermenler seljermesi ýa-da dürli görnüşli özbaşdak bilermenler seljermeleri, zerur bolanda bolsa – gaýtadan bilermenler seljermesi geçirilip bilner.

3. Bilermenler hökmünde kadalaşdyryjy hukuk namasynyň taslamasyny taýýarlamaga gös-göni gatnaşmadyk şahslar çekilýärler.

4. Bilermenler hökmünde beýleki döwletlerden we halkara guramalaryndan hünärmenler çekilip bilner.

Bilermenler seljermesini geçirmek üçin kadalaşdyryjy hukuk namasynyň taslamasy daşary ýurt we halkara guramalaryna iberilip bilner.

 

VI BAP. KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMASYNY

KABUL ETMEGIŇ TERTIBI

 

36-njy madda. Kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmegiň tertibiniň kesgitlenmegi

 

1. Kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmegiň tertibi Konstitusiýa, şu Kanun we ygtyýarly edaralaryň hukuk ýagdaýyny we ygtyýarlyklaryny kesgitleýän kanunçylyk ýa-da Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen bellenýär.

2. Kodeksler kanunlar bilen tassyklanýar, olara üýtgetmeler we goşmaçalar hem kanunlary kabul etmek arkaly girizilýär.

3. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň ygtyýarly edara tarapyndan kabul edilmegine şol edaranyň bu namany kabul etmek boýunça ygtyýarlylygy kanunçylykda göz öňünde tutulan halatynda ýol berilýär.

 

37-nji madda. Kadalaşdyryjy hukuk namalaryna gol çekmäge ygtyýarly adamlar

 

1. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň resmi ýazgylaryna şu wezipeli adamlar tarapyndan gol çekilýär:

1) Konstitusiýa, konstitusion kanunlar, kanunlar, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlary, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň weTürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlary – Türkmenistanyň Prezidenti;

2) Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlary – Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy;

3) halk maslahatynyň kararlary – halk maslahatynyň başlygy;  

4) häkimiň kararlary – häkim;

5) gaýry kadalaşdyryjy hukuk namasy – ony kabul eden ygtyýarly edaranyň ýolbaşçysy.

2. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň esasy görnüşi bilen onuň döredilen görnüşi kabul edilende kadalaşdyryjy hukuk namasynyň diňe esasy görnüşine gol çekilýär. Şunda kadalaşdyryjy hukuk namasynyň döredilen görnüşi kadalaşdyryjy hukuk namasynyň esasy görnüşine goşulýar.

 

38-nji madda. Kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalary babatda hukuk oruntutarlyk

 

1. Kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmäge hukugy bolan ygtyýarly edara üýtgedilip guralan halatynda, hukuk oruntutaryna onuňygtyýarlylygynyň çäklerinde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmäge hukuk bilen bilelikde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny üýtgetmek we güýjüni ýitiren diýlip ykrar etmek (ýatyrmak), şeýle hem olaryň hereketini togtatmak ýa-da bes etmek boýunça ygtyýarlyklar hem geçýär.

2. Kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmäge hukugy bolan ygtyýarly edara ýatyrylan halatynda onuň kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna garşy gelmeýänligine görä hereket edýärler ýa-da olar ygtyýarly edarany ýatyrmak hakynda çözgüt kabul eden wezipeli adam ýa-da edara, ýa-da hukuk mirasdüşerleri, ýa-da ýokarda durýan wezipeli adam, ýa-da edara tarapyndan üýtgedilip ýa-da güýjüni ýitiren diýlip ykrar edilip (ýatyrylyp), şeýle hem olaryň hereketi togtadylyp ýa-da bes edilip bilner.

 

VII BAP. KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARYNY

ÇAP ETMEK

 

39-njy madda. Kadalaşdyryjy hukuk namasyny resmi çap etmegiň hökmanylygy

 

1. Kadalaşdyryjy hukuk namalary hemmeleriň dykgatyna ýetirmek üçin çap edilýär ýa-da başga usul bilen yglan edilýär, döwlet ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syrlary özünde saklaýan kadalaşdyryjy hukuk namalary muňa girmeýär.

«Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary», «Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň Ýygyndysy» we «Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy namalarynyň Ýygyndysy» resmi neşirlerdir.

2. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň resmi çap edilmegi «Türkmenistan» gazeti, şeýle hem kanunçylykda kesgitlenýän tertipde beýleki döwürleýin metbugat neşirleri tarapyndan amala aşyrylýar.

Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň resmi çap edilmegi elektron görnüşde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň nusgalyk maglumatlar toplumynda hem amala aşyrylýar.

Şu Kanunyň 7-nji maddasynyň ikinji böleginiň 6-8-nji bentlerinde görkezilen kadalaşdyryjy hukuk namalaryny resmi çap etmek elektron görnüşde ygtyýarly edaranyň Internet torundaky resmi saýtynda amala aşyrylyp bilner.

Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň resmi çap edilmegi olaryň radio, telewideniýe boýunça we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly yglan edilmegini aradan aýyrmaýar.

Halk maslahatlarynyň, häkimleriň we Geňeşleriň kadalaşdyryjy hukuk namalary ýerli metbugatda çap edilýär ýa-da başga tertipde yglan edilýär.

3. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň resmi çap edilmegi döwlet dilinde ol güýje girenden soň amala aşyrylmalydyr.

4. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň nusgalyk maglumatlar toplumyndaky nusgalaryna laýyklygyna bilermenler seljermesi geçirilenden soň olaryň metbugat neşirinde soňraky resmi çap edilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän tertipde amala aşyrylýar.

5. Hukuk ulanyş tejribesinde kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň resmi çap edilen nusgalary peýdalanylmalydyr.

6. Kadalaşdyryjy hukuk namalaryň resmi däl çap edilmegine diňe olar resmi çap edileninden soň ýol berilýär.

 

40-njy madda. Kadalaşdyryjy hukuk namalaryň doly bolmadyk beýanda çap edilmeginiň ýol berilmezligi

 

1. Kadalaşdyryjy hukuk namalaryň doly bolmadyk beýanda çap edilmegine ýol berilmeýär, muňa döwlet ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syrlary özünde saklaýan kadalaşdyryjy hukuk namalary girmeýär.

2. Eger kadalaşdyryjy hukuk namasynyň uly göwrümi sebäpli onuň ýazgysy döwürleýin metbugat neşiriniň birnäçe sanlarynda çap edilýän bolsa, kadalaşdyryjy hukuk namasynyň ýazgysynyň jemleýji böleginiň döwlet dilinde çap edilen güni onuň resmi çap edilen güni diýlip hasap edilýär.

 

41-nji madda. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň resmi çap edilmegine gözegçilik

 

Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň resmi çap edilmegine gözegçiligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi we onuň ýerli edaralary amala aşyrýarlar.

 

VIII BAP. KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARYNYŇ

WAGT, GIŇIŞLIK WE ŞAHSLAR BOÝUNÇA HEREKETI

 

42-nji madda. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň güýje girýän we herekete girizilýän wagty

 

1. Kadalaşdyryjy hukuk namalary olara gol çekilen pursadyndan güýje girýär, muňşu bölegiň ikinji tesiminde görkezilen kadalaşdyryjy hukuk namalary girmeýär.

Şu Kanunyň 44-nji maddasyna laýyklykda döwlet belligine alynmaga degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary döwlet belligine alnan gününden güýje girýär.

2. Adamyň we raýatyň hukuklaryna, azatlyklaryna we borçlaryna täsir edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny herekete girizmegiň we ulanmagyňhökmany şerti olaryň resmi çap edilmegi bolup durýar.

3. Kadalaşdyryjy hukuk namalary şu möhletlerde herekete girizilýär:

1) Konstitusiýa – eger ony herekete girizmegiň tertibi hakynda konstitusion kanunda gaýry möhlet bellenmedik bolsa, onuň resmi çap edilen gününden soň on senenama gününiň geçmegi boýunça;

2) konstitusion kanunlar, kodeksler, kanunlar, Türkmenistanyň Mejlisiniň kadalaşdyryjy hukuk kararlary – eger olaryň özlerinde ýa-da olary herekete girizmegiň tertibi hakynda kanunçylyk namalarynda  olary herekete girizmegiň gaýry möhleti ýa-da tertibi bellenmedik bolsa, olaryň resmi çap edilen gününden soň on senenama gününiň geçmegi boýunça;

3) Türkmenistanyň Prezidentiniň kadalaşdyryjy hukuk permanlary we kararlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kadalaşdyryjy hukuk kararlary – eger olaryň özlerinde olary herekete girizmegiň gaýry möhleti bellenmedik bolsa, olaryň resmi çap edilen ýa-da kanunda göz öňünde tutulan gaýry usul bilen hemmeleriň dykgatyna ýetirilen gününden;

4) Geňeşleriň kadalaşdyryjy çözgütleri – eger olaryň özlerinde olary herekete girizmegiň gaýry möhletleri bellenmedik bolsa, olaryň resmi çap edilen ýa-da başga tertipde yglan edilen gününden;

5) ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk buýruklary, halk maslahatlarynyň kadalaşdyryjy hukuk kararlary, häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk kararlary – eger olaryň özlerinde olary herekete girizmegiň gaýry möhleti bellenmedik bolsa, olaryň resmi çap edilen ýa-da kanunda göz öňünde tutulan gaýry usul bilen hemmeleriň dykgatyna ýetirilen gününden.

4. Ählihalk sala salşygynda kabul edilen konstitusion kanunlar, kanunlar Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan ses bermegiň netijeleri takyklanandan soň güýje girizilmäge we yglan edilmäge degişlidir.

5. Kadalaşdyryjy hukuk namasynda ýa-da ony herekete girizmek hakynda namada tutuş kadalaşdyryjy hukuk namasyny herekete girizmek üçin bellenilen möhletden başga onuň aýry-aýry bölümlerini, baplaryny, paragraflaryny, maddalaryny, böleklerini, bentlerini, kiçi bentlerini we tesimlerini herekete girizmegiň möhletleri görkezilip bilner.

6. Öň jogapkärçilige eltmeýän hereket (hereketsizlik) üçin jogapkärçilik göz öňünde tutulýan ýa-da öňki hereket eden bilen deňeşdireniňde berk jogapkärçiligi belleýän kadalaşdyryjy hukuk namasy resmi taýdan çap edileninden soň on gün möhletiň geçmegine çenli herekete girizilip bilinmez.

7. Işiň aýry-aýry görnüşlerine bildirilýän hünär derejesine talaplar we hünär derejesiniň talaplaryna laýyklygyny tassyklaýan resminamalaryňsanawy, şeýle hem eksporty we importy ygtyýarlylandyrylmaga degişli edilýän aýry-aýry harytlaryň sanawlary tassyklanýan kadalaşdyryjy hukuk namalary resmi taýdan çap edileninden soň otuz gün möhletiň geçmegine çenli herekete girizilip bilinmez.

8. Döwlet ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syrlary özünde saklaýan kadalaşdyryjy hukuk namalary olaryň kabul edilen gününden ýa-da namanyň özünde görkezilen möhletlerde herekete girizilýär.

 

43-nji madda. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň yzyna täsir ediş güýji

 

1. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň hereketi onuň herekete girizilmeginden öň dörän gatnaşyklara degişli edilmeýär.

2. Eger kadalaşdyryjy hukuk namasynyň ýa-da onuň böleginiň yzyna täsir ediş güýji onuň özünde ýa-da kadalaşdyryjy hukuk namasyny herekete girizmek hakynda namada göz öňünde tutulan bolsa, şeýle hem kadalaşdyryjy hukuk namasy hukuk bozulmasy üçin öň göz öňünde tutulan jogapkärçiligi aradan aýyrýan ýa-da ýeňilleşdirýän, raýatlara ýüklenilen borçlary aýyrýan ýa-da olaryň ýagdaýyny başga hili gowulandyrýan bolsa, onda şeýle halatlarda kadalaşdyryjy hukuk namasynyň yzyna täsir ediş güýji bardyr.

3. Jogapkärçiligi belleýän ýa-da güýçlendirýän, raýatlara täze borçlary ýükleýän ýa-da olaryň ýagdaýyny başga hili ýaramazlaşdyrýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň yzyna täsir ediş güýji ýokdur.

 

44-nji madda. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halk maslahatlarynyň, häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň güýje girmeginiň şerti hökmünde olaryň döwlet belligine alynmagy

 

1. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halk maslahatlarynyň, häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalary TürkmenistanyňAdalat ministrliginde döwlet belligine alynmaga degişlidirler. Şeýle bellige almak olaryň güýje girmeginiň zerur şerti bolup durýar.

Kadalaşdyryjy hukuk namalary döwlet belligine alnanda olarda hukuk kadasynyň barlygy, olaryň döwlet belligine alynmaga degişliligi, kadalaşdyryjy hukuk namasynyň kanunçylyga laýyk gelýänligi seljerilýär.

2. Kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet belligine almagyň esaslary we tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

3. Türkmenistanyň Adalat ministrligi kadalaşdyryjy hukuk namasyny döwlet belligine almakdan şu halatlarda ýüz dönderýär, eger şeýle nama:

1) adamyň we raýatyň kanunda bellenilen hukuklaryny we azatlyklaryny kemsidýän bolsa;

2) ýuridik şahslaryň kanuny bähbitlerini bozýan bolsa;

3) ýokarda durýan derejeli kadalaşdyryjy hukuk namalaryna garşy gelýän bolsa;

4) kadalaşdyryjy hukuk namasyny kabul eden edaranyň ygtyýarlylygynyň çäginden çykýan bolsa;

5) gyzyklanýan edaralar bilen ylalaşylmadyk bolsa;

6) döwlet belligine alynmaga degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet belligine almagyň, resmileşdirmegiň we ylalaşmagyň düzgünlerini bozmak bilen kabul edilen bolsa.

Döwlet belligine alynmaga degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny bellige almakdan ýüz dönderilmegine gyzyklanýan döwlet edarasy tarapyndan kazyýet tertibinde şikaýat edilip bilner.

4. Döwlet belligine alynmaga degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary kanunçylykda bellenilen tertipde bellige alynmadyk halatynda, olar kabul eden edara tarapyndan ýatyrylmalydyr.

 

45-nji madda. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň hereketiniň möhleti

 

1. Eger kadalaşdyryjy hukuk namasynyň özünde ýa-da ony herekete girizmek hakynda namada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, kadalaşdyryjy hukuk namasy möhletsiz hereket edýär.

2. Kadalaşdyryjy hukuk namasy ýa-da onuň bölegi (bölekleri) üçin wagtlaýyn hereket etmek möhleti bellenilip bilner. Şu halatda kadalaşdyryjy hukuk namasynyň ýa-da onuň böleginiň (bölekleriniň) hereket edýän möhleti görkezilmelidir. Bu möhlet geçmezinden öň namany kabul eden ygtyýarly edara namanyň hereketini täze möhlete uzaldyp ýa-da oňa möhletsiz häsiýet berip biler.

 

46-njy madda. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň hereketiniň togtadylmagy ýa-da bes edilmegi

 

1. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň ýa-da onuň aýry-aýry kadalarynyň hereketi bes edilip, şeýle hem kesgitli möhlete togtadylyp bilner.

Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň ýa-da onuň aýry-aýry kadalarynyň hereketiniň togtadylmagy görnüşi we ýuridik güýji boýunça edil şeýle kadalaşdyryjy hukuk namasyny kabul etmek arkaly amala aşyrylýar.

2. Kadalaşdyryjy hukuk namasy (onuň bölegi ýa-da bölekleri) şu halatlarda öz hereketini bes edýär:

1) namanyň ýa-da onuň böleginiň (bölekleriniň) hereket etmek üçin bellenilen möhletiniň geçmegi;

2) namanyň ýa-da onuň böleginiň (bölekleriniň) ýokarda durýan ýa-da deň derejeli täze kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namasyna garşy gelmegi ýa-da ol tarapyndan gurşalyp alynmagy;

3) kabul edilen namanyň Konstitusiýa garşy gelýänliginiň ykrar edilmegi;

4) namany kabul eden ygtyýarly edara, şeýle hem ony ýa-da onuň bölegini (böleklerini) güýjüni ýitiren diýip ykrar etmäge hukugy bolan edara tarapyndan şeýle namanyň ýa-da onuň böleginiň (bölekleriniň) güýjüni ýitiren diýip ykrar edilmegi.

 

47-nji madda. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň giňişlik boýunça hereketi

1. Eger kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň özünde ýa-da olary herekete girizmek hakynda namalarda başgaça bellenmedik bolsa, TürkmenistanyňPrezidenti, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan kabul edilenkadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hereketi Türkmenistanyň ähli çägine degişlidir.

2. Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralary tarapyndan kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalary degişli dolandyryş-çäk birlikleriniň çäginde hereket edýärler.

 

48-nji madda. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň şahslar boýunça hereketi

 

Kanunçylyk namalarynda we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hereketi Türkmenistanyň raýatlaryna we ýuridik şahslaryna, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara, daşary ýurt döwletleriniň ýuridik şahslaryna, olaryň şahamçalaryna we wekilliklerine degişli edilýär.

 

49-njy madda. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kanunylygyny üpjün etmegiň çäreleri

 

1. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kanunylygy şu çäreler bilen üpjün edilýär:

1) kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kadalaryny Konstitusiýa we kanunçylyk namalaryna laýyk getirmek;

2) bellenilen tertipde kadalaşdyryjy hukuk namasynyň hereketini togtatmak;

3) kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hukuk monitoringini geçirmek;

4) kadalaşdyryjy hukuk namalary döwlet belligine alnanda olaryň Konstitusiýa we kanunçylyk namalaryna laýyk gelýänligini barlamak.

2. Konstitusiýa, kanunçylyk namalary bilen bellenilen ygtyýarlylygyna laýyklykda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kanunylygyny üpjün edýän döwletiň edaralary we wezipeli adamlary şulardyr:

1) Türkmenistanyň Mejlisi;

2) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti – aşakda durýan edaralar tarapyndan kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalary babatda;

3) kazyýetler;

4) Türkmenistanyň Baş prokurory hem-de oňa tabyn prokurorlar;

5) Türkmenistanyň Adalat ministrligi we onuň ýerli edaralary;

6) kanundan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul eden ýa-da olaryň işläp taýýarlaýjylary bolan ygtyýarly edaralar  özleriniňkabul eden ýa-da işläp taýýarlaýjylary bolan kanundan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalary babatda.

3. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde bellige alnan kadalaşdyryjy hukuk namasynda şu Kanunyň 44-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan bozulmalary ýüze çykarylanda ol bozulmalary aradan aýyrmagyň zerurlygy barada kadalaşdyryjy hukuk namasyny kabul eden ygtyýarly edara teklip bilen ýüzlenýär.

Ygtyýarly edara tarapyndan şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen kadalaşdyryjy hukuk namasyny hereket edýän kanunçylyga laýyk getirmek boýunça çäreler kabul edilmedik halatynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi degişli netijenama çykarýar we şeýle kadalaşdyryjy hukuk namasynyňdöwlet belligine alynmagyny ýatyrmak barada arza bilen kazyýete ýüzlenýär.

4. Döwlet belligine alynmagynyň ýatyrylanlygy barada maglumat resmi çap edilýän çeşmelerde çap edilmäge degişlidir.

Döwlet belligine alynmagy ýatyrylan kadalaşdyryjy hukuk namasy ulanylmaga degişli däldir.

Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň döwlet belligine alynmagynyň ýatyrylmagyna ygtyýarly edara tarapyndan kazyýet tertibinde şikaýat edilip bilner.

 

IX BAP. HUKUK MONITORINGI

 

50-nji madda. Hukuk monitoringi

 

1. Hukuk monitoringi kanunçylygyň netijeliligine baha bermek we çaklamak, ony kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak maksady bilen geçirilýär.

2. Ygtyýarly edaralar özleriniň kabul eden ýa-da işläp taýýarlaýjylary bolan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hukuk monitoringini amala aşyrýarlar we olara üýtgetmeler ýa-da goşmaçalar girizmek ýa-da olary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek boýunça çäreleri öz wagtynda görýärler.

3. Hukuk monitoringiniň geçirilmegine jemgyýetçilik birleşikleri, ylmy guramalar, raýatlar we beýlekiler çekilip bilner.

4. Hukuk monitoringini geçirmegiň düzgünleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.

 

X BAP. KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARYNYŇ

ULGAMLAŞDYRYLMAGY WE HASABY

 

51-nji madda. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ulgamlaşdyrylmagy

 

1. Kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýän ygtyýarly edaralar bu namalaryň hasabyny we ulgamlaşdyrylmagyny geçirýärler, özleriniň kabul eden namalaryna öz wagtynda ähli gündelik üýtgetmeleri we goşmaçalary girizip, olaryň gözegçilik nusgalaryny alyp barýarlar.

2. Ygtyýarly edaralar tarapyndan kadalaşdyryjy hukuk namalaryň hasabynyň we ulgamlaşdyrylmagynyň alnyp barylmagynyň tertibi Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan kesgitlenýär.

 

52-nji madda. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň döwlet hasaby

 

1. Kadalaşdyryjy hukuk namalaryň döwlet hasaby Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň nusgalyk maglumatlar toplumyny alyp barmagy öz içine alýar, ol Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Ygtyýarly edaralar kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň nusgalaryny Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň nusgalyk maglumatlar toplumyna goşmak üçin Türkmenistanyň Adalat ministrligine kagyz we elektron görnüşde iberýärler.

3. Türkmenistanyň Adalat ministrligi hukuk maglumatynyň ýeke-täk ulgamyny döredýär, sorag jogap-habar beriş işinde döwlet edaralaryna we gaýry guramalara kömek edýär.

 

53-nji madda. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň aýanlygy

 

Döwlet ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syrlary özünde saklaýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan başga kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen gyzyklanýan şahslaryň tanyşmaklary üçin olara elýeterliligiň üpjün edilmegine ähli ygtyýarly edaralar borçludyrlar.

 

III bölüm. KADALAŞDYRYJY DÄL HUKUK NAMALARY

 

XI BAP. KADALAŞDYRYJY DÄL HUKUK NAMALARY

HAKYNDA UMUMY DÜZGÜNLER

 

54-nji madda. Kadalaşdyryjy däl hukuk namalarynyň görnüşleri

 

Kadalaşdyryjy däl hukuk namalaryna şular degişlidirler:

1) kadalaşdyryjy hukuk namasyna resmi düşündiriş bermegiň namalary;

2) indiwidual ulanylýan hukuk namalary;

3) guramaçylyk-serenjam berijilik häsiýetli hukuk namalary;

4) gündelik meseleleri çözmek üçin kabul edilýän buýruklar we beýleki namalar;

5) döwlet meýilleşdiriş ulgamynyň çygryndaky hukuk namalary.

 

55-nji madda. Kadalaşdyryjy däl hukuk namalaryny kabul etmegiň şertleri

 

1. Kadalaşdyryjy däl hukuk namalary kadalaşdyryjy hukuk namalary esasynda ýa-da olary durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edilýär.

2. Kadalaşdyryjy däl hukuk namalary şu Kanunda we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda görkezilen ygtyýarly edaralar tarapyndan kabul edilýär.

3. Kadalaşdyryjy däl hukuk namalaryny kabul etmegiň aýratynlyklary kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilip bilner.

 

56-njy madda. Kadalaşdyryjy däl hukuk namalaryna şikaýat edilmegi

 

Kadalaşdyryjy däl hukuk namalaryna kanunçylykda göz öňünde tutulan tertipde we esaslar boýunça şikaýat edilip bilner.

 

XII BAP. KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMASYNA

DÜŞÜNDIRIŞ BERMEGIŇ NAMASY

 

57-nji madda. Kadalaşdyryjy hukuk namasyna resmi düşündiriş bermegiň namalary hakynda umumy düzgünler

 

1. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynda düşnüksizlik we dürli düşünmeler, olaryň ulanyş tejribesinde gapma-garşylyklar ýüze çykanda kadalaşdyryjy hukuk namasynda saklanýan kadalara resmi düşündiriş berlip bilner.

Kadalaşdyryjy hukuk namasyna resmi düşündiriş bermegi şol namany kabul eden edara ýa-da wezipeli adam tarapyndan amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul eden edara ýa-da wezipeli adama degişli nama ýa-da onuň aýry-aýry düzgünlerine resmi düşündiriş bermegiň maksada laýyklygy hakynda teklip girizmäge haklydyr.

2. Kadalaşdyryjy hukuk namasyna resmi düşündiriş berlende takyklaşdyryjy kadalar görnüşinde oňa üýtgetmeler, goşmaçalar girizmäge ýol berilmeýär. Kadalaşdyryjy hukuk namasyna giňeldilen resmi düşündiriş bermäge diňe onuň ýazgysy bilen manysynyň arasynda açyk tapawut bolanda ýol berilýär.

Kadalaşdyryjy hukuk namasyna resmi düşündiriş bermegiň namalary hukuk kadalaryny bellemeýär we kanunçylykda bolan ýetmezçiligi doldurmaýar.

3. Kadalaşdyryjy hukuk namasyna resmi düşündiriş bermek diňe hukuk kadasyny aýdyňlaşdyrmak, onuň mazmunyny takyklamak maksatlary bilen amala aşyrylýar, ol hukuk kadasynyň manysyny üýtgedip we düşündirilýän kadanyň çäginden çykyp bilmez.

4. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynda saklanýan kadalara resmi düşündiriş bermek ygtyýarly edaralaryň başlangyjy ýa-da fiziki we ýuridikşahslaryň ýüztutmasy boýunça kanunçylykda kesgitlenilen tertipde amala aşyrylýar.

5. Kadalaşdyryjy hukuk namasyna resmi düşündiriş bermegiň namalarynda saklanýan kadalar durmuşa geçirilende, şol sanda olar ulanylanda we adyl kazyýetlik amala aşyrylanda hökmany häsiýeti bardyr.

6. Kadalaşdyryjy hukuk namasyna resmi düşündiriş bermegiň namasynyň tapawutly aýratynlyklaryny hasaba almak bilen oňşu Kanunyň 28-nji maddasynyň talaplary degişli edilýär.

7. Kadalaşdyryjy hukuk namasyna resmi düşündiriş bermegiň namalaryny çap etmek şu Kanunyň kadalaryny berjaý etmek bilen amala aşyrylýar.

 

58-nji madda. Kadalaşdyryjy hukuk namasyna resmi düşündiriş berilmeginiň şertleri

 

1. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kadalary Konstitusiýanyň düzgünlerine doly laýyklykda resmi düşündirilmelidir.

2. Kanundan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalary resmi düşündirilende olaryň manysy kanunçylyk namalaryna doly laýyklykda açylyp görkezilmelidir.

 

59-njy madda. Kadalaşdyryjy hukuk namalaryna düşündiriş bermegi amala aşyrýan döwlet edaralary

 

Döwlet syýasatyny alyp barýan, kesgitli pudagy dolandyrmagy amala aşyrýan ýa-da degişli meseleleri çözmek ygtyýarlylygyna degişli edilen döwlet edaralary ýa-da gaýry ygtyýarly döwlet edaralary öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde kadalaşdyryjy hukuk namalaryna düşündiriş berip bilerler.Şeýle düşündirişleriň hökmany ýuridik güýji ýokdur we maslahat beriji häsiýetlidir.

 

XIII BAP. INDIWIDUAL ULANYLÝAN HUKUK

NAMALARY

 

60-njy madda. Indiwidual ulanylýan hukuk namalary hakynda umumy düzgünler

 

Indiwidual ulanylýan hukuk namasy bellenilen görnüşli ýazmaça resmi resminamadyr we ol:

1) bir gezek ýa-da wagt boýunça gaýry çäklendirilen ulanylmaga niýetlenendir;

2) indiwidual kesgitlenilen şahslara (ýuridik we fiziki şahslar) degişlidir;

3) indiwidual kesgitlenilen şahslaryň kanunçylykda bellenilen hukuklaryny we borçlaryny durmuşa geçirýär.

 

61-nji madda. Indiwidual ulanylýan hukuk namalaryna we olaryň resmileşdirilmegine talaplar

 

1. Indiwidual ulanylýan hukuk namasy şu talaplara laýyk gelmelidir:

1) Konstitusiýa, kanunçylyga we ýokarda durýan döwlet edaralarynyň hukuk namalaryna garşy gelmeli däldir;

2) gurluşy düzgünleşdirýän jemgyýetçilik gatnaşyklaryny anyk açyp görkezmegi üpjün etmelidir, mazmuny bolsa birmeňzeş düşünilmegini we ulanylmagyny üpjün etmelidir, bellenilen çäreleriň mazmunyny anyk beýan etmelidir, hereketi degişli edilýän ýa-da bellenilen möhletlerde durmuşa geçirilmegi üçin jogapkärçilik çekýän şahslar kesgitlenmelidir.

2. Konstitusiýa we kanunçylyga garşy gelýän indiwidual ulanylýan hukuk namalary kabul edilen pursadyndan hakyky däldirler we Türkmenistanyň çäginde ulanylmaýar.

3. Dürli derejeli döwlet edaralary tarapyndan kabul edilen indiwidual ulanylýan hukuk namalarda garşylyk bolanda, eger şeýle hukuk namasynyňkabul edilmegi ýokarda durýan döwlet edarasynyň ygtyýarlylygyna giren bolsa, onuň hukuk namasy ulanylýar.  

4. Bir hukuk namasynyň beýlekisinden ileri tutulmagy barada çözgüt gyzyklanýan şahsyň arzasy boýunça ýokarda durýan döwlet edarasy ýa-da kazyýet tarapyndan kabul edilýär.

5. Indiwidual ulanylýan hukuk namasy şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan talaplardan başga-da, aşakdaky rekwizitleri özünde saklamalydyr:

1) ady (garaýan närsesini aňladýan ady);

2) kabul edilen ýeri we senesi;

3) gol çekmäge ygtyýarly şahsyň (şahslaryň) wezipesi, familiýasy, ady, atasynyň ady we goly.

6. Indiwidual ulanylýan hukuk namalaryny kabul etmegiň, olary resmileşdirmegi, ýerine ýetirmegi we ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi guramagyň tertibi şu Kanun we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenýär.

 

62-nji madda. Indiwidual ulanylýan hukuk namasynyň güýje girmegi we hereketini bes etmegi

 

1. Eger indiwidual ulanylýan hukuk namasynda onuň güýje girmeginiň has giçki möhleti kesgitlenilmedik bolsa, ol kabul edilen pursadyndan güýje girýär.

2. Indiwidual ulanylýan hukuk namasy onuň talaplary ýa-da onda saklanýan tabşyryklar bu namada salgylanylan şahslar tarapyndan ýerine ýetirilen pursadyndan hereketini bes edýär.

3. Indiwidual ulanylýan hukuk namasy hereketini bes edýänçä ol ony kabul eden ygtyýarly edara, onuň ýokarda durýan döwlet edarasy ýa-da kazyýet tarapyndan togtadylyp, üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp   bilner.

4. Indiwidual ulanylýan hukuk namasynyň hereketini ýatyrmak, üýtgetmek ýa-da togtatmak barada gyzyklanýan şahslaryň ýokarda durýan döwlet edarasyna ýa-da kazyýete arza bermegi degişli çözgüt kabul edilýänçä hukuk namasynyň hereketini togtadýar.

 

XIV BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

63-nji madda. Şu Kanuny herekete girizmegiň tertibi

 

1. Şu Kanun 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

2. Şu Kanun herekete girizilen gününden şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1) 1991-nji ýylyň 29-njy maýynda kabul edilen «Türkmenistan SSR kanunlaryny, Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň we onuň organlarynyň beýleki aktlaryny, Türkmenistan SSR-niň Prezidenitiniň Türkmenistan SSR-niň kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky permanlaryny çap etmegiň hem-de güýje girizmegiň tertibi hakynda» Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1991 ý., № 9-10, 99-njy madda);

2) 1996-njy ýylyň 18-nji iýunynda kabul edilen «Kadalaşdyryjy hukuk namalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1996 ý., № 1-2, 1-nji madda);

3) 2000-nji ýylyň 15-nji iýunynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň III bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý., № 2, 17-nji madda);

4) 2005-nji ýylyň 7-nji dekabrynda kabul edilen «Kadalaşdyryjy hukuk namalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (rejelenen görnüşi) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 4, 30-njy madda);

5) 2007-nji ýylyň 3-nji iýulynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 3, 54-nji madda);

6) 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda kabul edilen «Kadalaşdyryjy hukuk namalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 14-nji madda);

7) 2015-nji ýylyň 28-nji fewralynda kabul edilen «Kadalaşdyryjy hukuk namalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 26-njy madda).

 

 

Türkmenistanyň                                                        Gurbanguly

     Prezidenti                                                         Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 26-njy awgusty.

№ 589-V.

 



TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

K A R A R Y

 

«01» mart 2018 ý.                            № 684                                    Aşgabat ş.

 

Kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet

belligine almagyň Tertibini tassyklamak hakynda

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň hukuk binýadyny has-da berkitmek hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halk maslahatlarynyň, häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet belligine almak babatda işi kämilleşdirmek, şeýle hem «Hukuk namalary hakyndaky», «Türkmenistanyň adalat edaralary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet belligine almagyň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Türkmenistanyň Adalat ministrligi şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri 1 aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

3. «Merkezi döwlet dolandyryş edaralarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň tertibi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2004-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda çykaran 6894-nji kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2004-nji ýyldaky 10-njy ýygyndysynyň 418-nji maddasy) birinji bölegini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

4. Şu kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Adalat ministri, Türkmenistanyň Baş prokurory, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik etmeli.

 

Türkmenistanyň

     Prezidenti,

Türkmenistanyň

Ýaragly Güýçleriniň                                                       Gurbanguly

Belent Serkerdebaşysy                                               Berdimuhamedow

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň,

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň

Belent Serkerdebaşysynyň

2018-nji ýylyň 01-nji martynda

çykaran 684-nji karary bilen

tassyklandy

 

Kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet

belligine almagyň Tertibi

 

1. Kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet belligine almagyň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) «Hukuk namalary hakyndaky», «Türkmenistanyň adalat edaralary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda işlenip taýýarlandy.

2. Şu Tertip ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halk maslahatlarynyň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleriniň (mundan beýläk - ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralary, halk maslahatlary we häkimler) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlarynyň (häkimleriň bulardan başga-da degişli halk maslahatlarynyň kararlarynyň) esasynda, şeýle hem olary ýerine ýetirmek üçin öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kabul edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet belligine almagyň esaslaryny we tertibini kesgitleýär.

3. Şu Tertipdäki düşünjeler «Hukuk namalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ulanylýar.

4. Şu Tertibiň maksatlary üçin peýdalanylýan esasy düşünjeler:

1) kanunçylygyň ýazylyş tertibi - kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak üçin ulanylýan düzgünleriň, usullaryň, serişdeleriň we tärleriň jemi;

2) hukuk seljermesi - kadalaşdyryjy hukuk namasynda hukuk kadasynyň barlygyny, onuň döwlet belligine alynmaga degişlidigini, kadalaşdyryjy hukuk namasynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, şeýle hem kanunçylygyň ýazylyş tertibine laýyk gelýändigini seljermegi amala aşyrmak.

5. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň, halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň gizlinlik, «Gullukda peýdalanmak üçin», «Çap etmeli däl» diýen bellikleriň bardygyna garamazdan, ählisi döwlet belligine alynmaga degişlidir.

6. Türkmenistanyň Adalat ministrligi (mundan beýläk - Ministrlik) ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň, halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň (mundan beýläk - kadalaşdyryjy hukuk namalary) hukuk seljermesini geçirýär we olary döwlet belligine alýar hem-de Döwlet belligine alnan Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sanawyny ýöredýär.

7. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralary, halk maslahatlary we häkimler kadalaşdyryjy hukuk namalaryny «Hukuk namalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kabul edýärler.

8. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň taslamalary birnäçe deň derejeli ygtyýarly edaralar tarapyndan bilelikde işlenip taýýarlanyp bilner. Şunda kadalaşdyryjy hukuk namasy bilelikdäki kadalaşdyryjy hukuk namasy hökmünde kabul edilýär.

9. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri etraplaryň we şäherleriň häkimliklerine olaryň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň döwlet belligine alynmagynda ýardam berýärler.

10. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralary, halk maslahatlary we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary Ministrlikden hukuk bilermenleriniň seljermesiniň oňyn netijenamasyny alanlaryndan soň, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet tarapyndan bellige alynmagyna taýýarlaýarlar.

11. Kadalaşdyryjy hukuk namasy iki asyl nusgada kabul edilýär. Bilelikdäki kadalaşdyryjy hukuk namasy, ony kabul eden edaralaryň sanyna görä asyl nusgada hem-de Ministrlik üçin bir asyl nusgada kabul edilýär.

12. Bilelikde kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namasy bir senede kabul edilýär.

13. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň, halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edilen gününden başlap, ony kabul eden edara tarapyndan 3 (üç) iş gününiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasaryna ýa-da Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli bölümine ylalaşmak üçin iberilýär.

14. Döwlet belligine alynmaga degişli kadalaşdyryjy hukuk namasy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasary ýa-da Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli bölümi bilen ylalaşylan gününden başlap, 7 (ýedi) iş gününden gijä galman, ony kabul eden edara tarapyndan Ministrlige iberilýär.

15. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasy öz kabul eden kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet belligine aldyrmak üçin, gönüden-göni, welaýat halk maslahaty - welaýat adalat bölümleriniň üsti bilen, etrap we şäher halk maslahatlary - welaýat halk maslahatynyň üsti bilen (olar bolsa welaýat adalat bölümleriniň üsti bilen), Aşgabat şäher halk maslahaty - gönüden-göni, Aşgabat şäheriniň etraplarynyň halk maslahatlary - Aşgabat şäher halk maslahatynyň üsti bilen Ministrlige ýollaýarlar.

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary öz kabul eden kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet belligine aldyrmak üçin, welaýat häkimlikleri - welaýat adalat bölümleriniň üsti bilen, etrap we şäher häkimlikleri - welaýat häkimlikleriniň üsti bilen (olar bolsa - welaýat adalat bölümleriniň üsti bilen), Aşgabat şäheriniň häkimligi - gönüden-göni, Aşgabat şäheriniň etrap häkimlikleri - Aşgabat şäheriniň häkimliginiň üsti bilen Ministrlige ýollaýarlar.

16. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň şu Tertibiň on dördünji böleginde bellenilen möhletiň dowamynda döwlet belligine alynmagy üçin iberilendigi bu namany iberen edaranyň ugradyş hatyndaky Ministrligiň merkezi edarasy tarapyndan (welaýat adalat bölümleriniň üsti bilen iberilende şol bölümler tarapyndan) hat kabul edilende goýlan sene bilen, kadalaşdyryjy hukuk nama aragatnaşyk bölüminiň üsti bilen iberilen ýagdaýynda bolsa, resminamanyň aragatnaşyk bölümi tarapyndan kabul edilen senesi bilen tassyklanýar.

17. Birnäçe ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralary, halk maslahatlary ýa-da häkimler tarapyndan kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namasyny döwlet belligine aldyrmak üçin ibermek gol çekenleriň içinde ilkinji görkezilen edaranyň üstüne ýüklenilýär.

18. Kadalaşdyryjy hukuk namalary Ministrlige 3 nusgada (2-si asyl nusga we 1 nusga) iberilýär. Şeýle hem, elektron göterijilerde bu namalaryň elektron görnüşi iberilýär.

Kadalaşdyryjy hukuk namasy bilelikde kabul edilen bolsa, onda ony kabul eden edaralaryň her biri üçin hem-de Ministrlik üçin 1 asyl nusga we 1 nusga iberilýär.

19. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň döwlet belligine alynmagy üçin hödürlenen namanyň her sahypasy üçin durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdarynyň 2 (iki) göterimi möçberinde, bellige alyş ýygymy bellenilýär. Bu ýygym Türkmenistanyn Merkezleşdirilen býujetine geçirilýär.

20. Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralary, halk maslahatlary hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda beýleki edaralar şu Tertibiň on dokuzynjy böleginde görkezilen bellige alyş ýygymy tölemekden boşadylýar.

21. Döwlet belligine alynmagy üçin hödürlenen kadalaşdyryjy hukuk namasyna şular goşulýar:

1) ýüztutma (ugradyş haty);

2) bellige alyş ýygymynyň tölenilendigini tassyklaýan resminama (bellige alyş ýygymyny tölemekden boşadylan halatlar muňa degişli däl).

Ýüztutmada (ugradyş hatda) şular görkezilýär:

1) kadalaşdyryjy hukuk namany kabul etmek üçin esas;

2) olaryň döwlet belligine alnan, kabul edilen senesini we adyny görkezmek bilen, güýjüni ýitiren diýip ykrar etmäge ýa-da olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmäge degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sanawy;

3) ähli dahylly edaralar we degişlilikde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasary ýa-da Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň degişli bölümi bilen kadalaşdyryjy hukuk namasynyň ylalaşylandygynyň tassyklanmasy.

22. Kadalaşdyryjy hukuk namalary döwlet belligine alynmaga berlen mahaly olaryň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklygynyň hukuk seljermesi geçirilýär.

23. Döwlet belligine alynmagy üçin iberilen kadalaşdyryjy hukuk namasy Ministrlige gelip gowşan gününden başlap 20 (ýigrimi) iş gününiň dowamynda Ministrlik tarapyndan döwlet belligine alynýar.

Beýleki ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bilermenleriniň gatnaşmagy bilen, kadalaşdyryjy hukuk namasyny seljermek zerurlygy ýüze çykan halatynda, Ministrligiň kadalaşdyryjy hukuk namasyny döwlet belligine almagyň möhletini uzaltmaga hukugy bardyr, ýöne ol 25 (ýigrimi bäş) iş gününden geçmeli däldir.

24. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň döwlet belligine alynmagy:

1) şol namanyň Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de kanunçylygyň ýazylyş tertibine laýyk gelýändiginiň hukuk taýdan seljerilmegini;

2) şol namanyň döwlet belligine alynmaga degişlidigi hakynda netijä gelinmegini;

3) şol nama babatynda şu bölegiň 1-nji we 2-nji bentlerinde görkezilen işleriň geçirilmeginiň hem-de gelnen netijäniň esasynda degişli netijenamanyň düzülmegini we tassyklanylmagyny;

4) şol nama bellige alyş belgisiniň berilmegini we onuň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sanawyna girizilmegini öz içine alýar.

25. Döwlet belligine alnandan (kadalaşdyryjy hukuk namasyna bellige alyş belgisi berlenden we ol Döwlet belligine alnan Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sanawyna girizilenden) soň kadalaşdyryjy hukuk namasynyň asyl nusgasynyň 1 nusgasy (bilelikde kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namasy, ony kabul eden edaralaryň sanyna görä iberilen asyl nusgalaryň sanyna laýyklykda) bellige alyş maglumatlary bilen ony ýollan edara bellenen tertipde gaýtarylyp berilýär.

26. Döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek ýa-da ony güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek baradaky kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Tertibe laýyklykda döwlet belligine alynýar.

27. Ministrlik kadalaşdyryjy hukuk namasyny döwlet belligine almakdan şu halatlarda ýüz dönderýär:

1) adamyň we raýatyň kanunda bellenilen hukuklaryny we azatlyklaryny kemsidýän bolsa;

2) ýuridik şahslaryň kanuny bähbitlerini bozýan bolsa;

3) ýokarda durýan derejeli kadalaşdyryjy hukuk namalaryna garşy gelýän bolsa;

4) kadalaşdyryjy hukuk namasyny kabul eden edaranyň ygtyýarlylygynyň çäginden çykýan bolsa;

5) gyzyklanýan edaralar bilen ylalaşylmadyk bolsa;

6) döwlet belligine alynmaga degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet belligine almagyň, resmileşdirmegiň we ylalaşmagyň düzgünlerini bozmak bilen kabul edilen bolsa.

28. Ministrlik döwlet belligine alynmagyndan ýüz dönderilen kadalaşdyryjy hukuk namasyny ýüz döndermegiň sebäplerini ýazmaça görnüşde esaslandyrmak bilen, ony iberen edara bellenen tertipde yzyna gaýtarýar. Şunda bu namanyň bir asyl nusgasy Ministrlikde galdyrylýar.

29. Kadalaşdyryjy hukuk namasyny döwlet belligine almakdan ýüz dönderilende, gyzyklanýan döwlet edarasy tarapyndan kazyýet tertibinde şikaýat edilip bilner.

30. Döwlet belligine almakdan ýüz dönderilen kadalaşdyryjy hukuk namasy ýüze çykarylan kemçilikler düzedilenden soň, gaýtadan döwlet belligine aldyrmak üçin bellenen tertipde iberilýär.

31. Döwlet belligine alynmaga degişli kadalaşdyryjy hukuk namasy kanunçylykda bellenilen tertipde döwlet belligine alynmadyk halatynda, ol nama ýüz döndermek baradaky habary alnan ýa-da kazyýete şikaýat edilende kazyýetiň şikaýaty kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek hakyndaky çözgüdiniň kanuny güýjüne giren gününden 10 (on) iş gününiň dowamynda kabul eden edara tarapyndan ýatyrylýar.

32. Döwlet belligine almak üçin iberilen kadalaşdyryjy hukuk namasynyň hukuk seljermesinden geçirilýän döwründe, şol namany iberen edaranyň ýüz tutmagy esasynda Ministrlik tarapyndan ol döwlet belligine alynman, bellenen tertipde yzyna gaýtarylyp bilner.

33. Döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namasy Döwlet belligine alnan Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sanawyna girizilýär.

34. Döwlet belligine alnan Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sanawy şu Tertibe goşulýan Döwlet belligine alnan Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sanawynyň nusgasyna laýyklykda ýöredilýär.

35. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralary, halk maslahatlary we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň onuň bellige alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün edýärler we resmi çap edilen güni bu barada Ministrlige habar berýärler, döwlet ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syrlary özünde saklaýan kadalaşdyryjy hukuk namalary muňa girmeýär.

36. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň resmi çap edilmegi «Türkmenistan» gazeti, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki döwürleýin metbugat neşirleri tarapyndan amala aşyrylýar. Şeýle hem, bu namalaryň çap edilmegi degişli edaranyň Internet torundaky resmi saýtynda amala aşyrylyp bilner.

37. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň, halk maslahatlarynyň we häkimleriň döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň resmi çap edilmegine gözegçiligi Ministrlik we onuň ýerli edaralary amala aşyrýarlar.

38. Kadalaşdyryjy hukuk namalary döwlet belligine alnan gününden soň 2 (iki) iş gününiň dowamynda Ministrligiň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet belligine alýan degişli gurluş birligi tarapyndan kagyz we elektron görnüşde döwlet hasabyna almak we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň döwlet sanawyna girizmek hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň toplumyna goşmak üçin Ministrligiň degişli gurluş birligine berilýär.

39. «Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Ýygyndysy» ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň, halk maslahatlarynyň we häkimleriň döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň resmi neşiri bolup durýar.

40. Ministrlik tarapyndan her çärýekde «Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Ýygyndysy» neşir etmek üçin Türkmen döwlet neşirýat gullugyna iberilýär. Gulluk ýygyndyny bir aýyň dowamynda neşir edýär.

41. «Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Ýygyndysyna» döwürleýin abuna ýazylyşygy Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan guralýar.

42. Döwlet belligine alynmaga degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary döwlet belligine alynmasa güýje girmeýär.

Adamyň we raýatyň hukuklaryna, azatlyklaryna we borçlaryna täsir edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny herekete girizmegiň we ulanmagyň hökmany şerti olaryň resmi çap edilmegi bolup durýar.

43. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralary, halk maslahatlary we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan döwlet belligine alynmadyk we bellenilen tertipde çap edilmedik kadalaşdyryjy hukuk namalaryny ýerine ýetirmek üçin ýollanylmagyna ýol berilmeýär.

44. Ministrlik bellige alnan kadalaşdyryjy hukuk namasynda şu Tertibiň ýigrimi ýedinji böleginde göz öňünde tutulan bozulmalar ýüze çykarylanda, ol bozulmalary aradan aýyrmagyň zerurlygy barada kadalaşdyryjy hukuk namasyny kabul eden edara teklip bilen ýüzlenýär.

Edara tarapyndan şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen kadalaşdyryjy hukuk namasyny hereket edýän kanunçylyga laýyk getirmek boýunça çäreleriň kabul edilmedik halatynda, Ministrlik degişli netijenama çykarýar we şeýle kadalaşdyryjy hukuk namasynyň döwlet belligine alynmagyny ýatyrmak barada arza bilen kazyýete ýüzlenýär.

45. Döwlet belligine alynmagynyň ýatyrylandygy baradaky maglumat resmi çap edilýän çeşmelerde çap edilýär.

46. Döwlet belligine alynmagy ýatyrylan kadalaşdyryjy hukuk namasy ulanylmaýar.

47. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň döwlet belligine alynmagynyň ýatyrylmagyna ony kabul eden edara tarapyndan kazyýet tertibinde şikaýat edilip bilner.

48. Adalat edaralary tarapyndan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen baglanyşykly ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynda, halk maslahatlarynda we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda barlaglar geçirilýär hem-de döwlet belligine alynmaga degişli, ýöne bellige alynmadyk şol kadalaşdyryjy hukuk namalary babatynda ony kabul eden edaralara teklip berilýär.

49. Şu Tertibiň kyrk sekizinji böleginde görkezilen teklibe degişli edara tarapyndan ýüze çykarylan kanun bozulmalaryny aradan aýyrmak barada degişli çäreleri görmek arkaly, onda bellenen möhletde, ýöne bir aýdan gijä galman seredilýär. Teklibiň serediljek wagty we ýeri barada degişli adalat edarasy öňünden habarly edilýär we oňa seredilende adalat edaralarynyň wekili gatnaşyp biler.

50. Şu Tertibiň kyrk sekizinji böleginde görkezilen teklibe seredilmeginiň netijesi we görlen çäreler barada teklibe seredilenden soň bäş günden gijä galman degişli adalat edarasyna habar berilýär.

51. Şu Tertibiň berjaý edilmezligi üçin ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň, halk maslahatlarynyň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ýolbaşçylary şahsy jogapkärçilik çekýärler.

52. Türkmenistanyň Baş prokuraturasy tarapyndan ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň, halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň döwlet belligine alynmagy üçin wagtynda hem-de doly berilmegine prokuror gözegçiligi üpjün edilýär.

 

Kadalaşdyryjy hukuk namalaryny

                                           döwlet belligine almagynyň

                            tertibine goşundy

 

Döwlet belligine alnan Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sanawy

 

T/b

Namanyň

ady

Namany kabul eden edara (edaralar)

Namanyň döwlet belligine alnan senesi

Nama üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi

hem-de  onuň güýjüni ýitiren diýip ykrar edilmegi hakynda maglumat

Namanyň sahypasy

nyň sany we tölenen ýygymyň möçberi   

Bellikler

1

2

3

4

5

6

7

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň döwlet belligine alynmagy

 

        Gahryman Arkadagymyzyň milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek ugrunda edýän bimöçber tagallalary netijesinde, 2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy bilen döwletiň üstüne adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagy, şol sanda  ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, halk maslahatlarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň, etraplaryň we şäherleriň häkimleriniň  kabul edýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi we ulanylmagy esasynda raýatlar babatda islendik düzgün bozulmalardan goramaklyk ýüklenilendir. Şunuň bilen bagly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 1-nji maddasynda “Türkmenistan - hukuk döwleti” diýen hukuk kadasy berkidilendir. Konstitusiýanyň 8-nji maddasynda: “Döwlet, onuň ähli edaralary we wezipeli adamlary hukuk hem konstitusion gurluş bilen baglydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanunydyr. Onda berkidilen kadalaryň we düzgünleriň göni hereketi bardyr. Konstitusiýa garşy gelýän kanunlaryň we gaýry hukuk namalarynyň ýuridik güýji ýokdur. Kadalaşdyryjy hukuk namalary kanunda göz öňünde tutulan tertipde döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilýär ýa-da gaýry usul bilen hemmeleriň dykgatyna ýetirilýär. Adamyň we raýatyň hukuklaryna we azatlyklaryna täsir edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary hemmeleriň dykgatyna ýetirilmese, olar kabul edilen pursadyndan hereket etmeýärler.” diýip bellenilmegi ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, halk maslahatlarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň, etraplaryň we şäherleriň häkimleriniň  kabul edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamagyň, seljermegiň, kabul etmegiň has kämilleşdirilmegini talap edýär. Hukuk döwletiniň döredilmegi, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kömegi bilen jemgyýetde hukuk tertibiniň üpjün edilmegi, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny dogry, takyk we birmeňzeş düşünmegi we ulanmagy üpjün edýän hukuk institutlarynyň hem bolmagyny göz öňünde tutýar.

       Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, halk maslahatlarynyň we häkimleriň hukuk ýagdaýynyň wajyp tarapynyň biri olaryň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmeklige ygtyýarlarynyň bolmagydyr. Öz ygtyýarlyklarynyň çäginde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmekleri-bu edaralaryň döwletiň we jemgyýetiň ösmegine täsir etmeklige ugrukdyrylýan esasy serişdeleriň biridir. Olaryň kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul etmekligi, olaryň ýerine ýetiriji häkimiýeti amala aşyrmaklygy bolup, dolandyryş işiniň görnüşleriniň biridir.  

       “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji maddasyna laýyklykda, kada döredijilik işi kanunylyk, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, durmuş adalatlylygy, aýanlyk hem-de jemgyýetçilik pikirini hasaba almak ýörelgelerinde amala aşyrylýar. Şol Kanunyň 6-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamyny Konstitusiýa, oňa laýyk gelýän kanunçylyk namalary we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary, şol sanda Geňeşleriň kadalaşdyryjy çözgütleri düzýärler. Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamynyň bitewüligi- kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmegiň kanunçylykda bellenilen tertibiniň berjaý edilmegi, Konstitusiýanyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryň “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bilen berkidilen iýerarhiýasynyň berjaý edilmegi, adamyň we raýatyň hukuklaryna, azatlyklaryna we borçlaryna täsir edýän kanunlaryň we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň resmi çap edilmegi arkaly üpjün edilýär.

        “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 44-nji maddasyna laýyklykda, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halk maslahatlarynyň, häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alynmaga degişlidirler. Şeýle bellige almak olaryň güýje girmeginiň zerur şerti bolup durýar. Şunuň bilen bagly, “Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary döwlet belligine almagyň Tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň      1-nji martynda çykaran Karary bilen Kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet belligine almagyň Tertibi tassyklanyldy.

Agzalan Tertip ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, halk maslahatlarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň, etraplaryň we şäherleriň häkimleriniň  kabul edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet belligine almagyň esaslaryny we döwlet belligine almagyň tertibini kesgitleýär.         Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, halk maslahatlary, häkimler kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlarynyň esasynda, şeýle hem olary ýerine ýetirmek üçin, öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kabul edýärler.          Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halk maslahatlarynyň, häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalary kanundan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalary bolup durýandyr.  Kanundan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalary – kanunçylyk namalary we iýerarhiýa boýunça ýokarda durýan gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary esasynda ýa-da olary ýerine ýetirmek ýa-da mundan beýläk-de durmuşa geçirmek üçin kabul edilýän kanunçylyk namalary bolmadyk kadalaşdyryjy hukuk namalaryny öz içine alýandyr.

Türkmenistanyň Adalat ministrligi Kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet belligine almagyň Tertibine laýyklykda, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hukuk seljermesini geçirýär we olary döwlet belligine alýar hem-de Döwlet belligine alnan Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sanawyny ýöredýär. Döwlet belligine alynmagy üçin iberilen kadalaşdyryjy hukuk namasy Ministrlige gelip gowşan gününden başlap 20 iş gününiň dowamynda döwlet belligine alynmaly. Beýleki ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bilermenleriniň gatnaşmagy bilen, kadalaşdyryjy hukuk namasyny seljermek zerurlygy ýüze çykan halatynda, Ministrligiň kadalaşdyryjy hukuk namasyny döwlet belligine almagyň möhletini uzaltmaga hukugy bardyr, ýöne ol 25 iş gününden geçmeli däldir.

Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň döwlet belligine alynmagy: şol namanyň Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de kanunçylygyň ýazylyş tertibine laýyk gelýändiginiň hukuk taýdan seljerilmegini, şol namanyň döwlet belligine alynmaga degişlidigi hakynda netijä gelinmegini, şol nama babatynda gelnen netijäniň esasynda degişli netijenamanyň düzülmegini we tassyklanylmagyny, şol nama bellige alyş belgisiniň berilmegini we onuň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sanawyna girizilmegini öz içine alýar.

Döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek ýa-da ony güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek baradaky kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Tertibe laýyklykda döwlet belligine alynýar. Kadalaşdyryjy hukuk namasy adamyň we raýatyň kanunda bellenilen hukuklaryny we azatlyklaryny kemsidýän bolsa, ýuridik şahslaryň kanuny bähbitlerini bozýan bolsa,  ýokarda durýan derejeli kadalaşdyryjy hukuk namalaryna garşy gelýän bolsa, kadalaşdyryjy hukuk namasyny kabul eden edaranyň ygtyýarlylygynyň çäginden çykýan bolsa, gyzyklanýan edaralar bilen ylalaşylmadyk bolsa, döwlet belligine alynmaga degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet belligine almagyň, resmileşdirmegiň we ylalaşmagyň düzgünlerini bozmak bilen kabul edilen bolsa, şol kadalaşdyryjy hukuk namasyny döwlet belligine almakdan ýüz dönderilýändigi barada bellemek zerurdyr.

Döwlet belligine alynmaga degişli kadalaşdyryjy hukuk namasy kanunçylykda bellenilen tertipde döwlet belligine alynmadyk halatynda, ol nama ýüz döndermek baradaky habary alnan ýa-da kazyýete şikaýat edilende kazyýetiň şikaýaty kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek hakyndaky çözgüdiniň kanuny güýjüne giren gününden 10 iş gününiň dowamynda kabul eden edara tarapyndan ýatyrylmalydyr. Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň resmi çap edilmegi «Türkmenistan» gazeti, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki döwürleýin metbugat neşirleri tarapyndan amala aşyrylýar. Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, halk maslahatlarynyň we häkimleriň döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň resmi çap edilmegine gözegçiligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi we onuň ýerli edaralary amala aşyrýarlar. «Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Ýygyndysy» ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň, halk maslahatlarynyň we häkimleriň döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň resmi neşiri bolup durýar.

Döwlet belligine alynmaga degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary döwlet belligine alynmasa güýje girmeýär. Adamyň we raýatyň hukuklaryna, azatlyklaryna we borçlaryna täsir edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny herekete girizmegiň we ulanmagyň hökmany şerti olaryň resmi çap edilmegi bolup durýar. Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, halk maslahatlary we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan döwlet belligine alynmadyk we bellenilen tertipde çap edilmedik kadalaşdyryjy hukuk namalaryny ýerine ýetirmek üçin ýollanylmagyna ýol berilmeýär. Ministrlik bellige alnan kadalaşdyryjy hukuk namasynda kadalaşdyryjy hukuk namasyny döwlet belligine almakdan ýüz dönderilmegine esas bolup durýan ýokarda agzalyp geçilen ýagdaýlar ýüze çykarylanda, ol bozulmalary aradan aýyrmagyň zerurlygy barada kadalaşdyryjy hukuk namasyny kabul eden edara teklip bilen ýüzlenýär. Şu ýagdaýda namany kabul eden edara tarapyndan kadalaşdyryjy hukuk namasyny hereket edýän kanunçylyga laýyk getirmek boýunça çäreleriň kabul edilmedik halatynda, Ministrlik degişli netijenama çykarýar we şeýle kadalaşdyryjy hukuk namasynyň döwlet belligine alynmagyny ýatyrmak barada arza bilen kazyýete ýüzlenýär.      

Döwlet belligine alynmagynyň ýatyrylandygy baradaky maglumat resmi çap edilýän çeşmelerde çap edilýär. Döwlet belligine alynmagy ýatyrylan kadalaşdyryjy hukuk namasy ulanylmaýar.

Adalat edaralary tarapyndan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen baglanyşykly ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş  edaralarynda, halk maslahatlarynda we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda barlaglar geçirilýär hem-de döwlet belligine alynmaga degişli, ýöne bellige alynmadyk şol kadalaşdyryjy hukuk namalary babatynda ony kabul eden edaralara teklip berilýär. Teklibe degişli edara tarapyndan ýüze çykarylan kanun bozulmalaryny aradan aýyrmak barada degişli çäreleri görmek arkaly, onda bellenen möhletde, ýöne bir aýdan gijä galman seredilýär.

Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalary taýýarlanylanda  üns berilmeli esasy zatlaryň biri- ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namasynyň kanunçylyk namalary, konstitusion kanun, kodeks,  kanun, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary we iýerarhiýa boýunça ýokarda durýan Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlary, kararlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlary esasynda ýa-da olary ýerine ýetirmek ýa-da mundan beýläk-de durmuşa geçirmek üçin kabul edilmelidigidir. Bu namalaryň taslamalary taýýarlanylanda we olar kabul edilende iň wajyp talap şudyr.

Şoňa göra-de, islendik bir taslama taýýarlanylyp başlanylmazdan öň taýýarlanyljak bolýan taslamanyň hukuk esasynyň barlygy anyklanylmalydyr. Taslama taýýarlanylanda ilki bilen öwrenilmeli ýagdaýlar şulardan ybaratdyr: resminamanyň taýýarlanylmagy haýsy kanunçylyk namasyndan ýa-da iýerarhiýa boýunça ýokarda durýan haýsy kadalaşdyryjy hukuk namasyndan gelip çykýar; resminamany tassyklamak ony tassyklaýan wezipeli adamyň ygyýarlygyna degişliligi; resminamany tassyklaýan wezipeli adamyň ygtyýarlygyna degişli däl kadalar barlygy; resminamany tassyklaýan namanyň görnüşiniň  kanunalaýyklygy; resminamada bellenilýän kadalaryň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalara laýyk gelýänligi; resminamada bu namany kabul etjek wezipeli adamyň ygtyýarlygyndan daşyna çykýan kadanyň barlygy; resminamanyň haýsy edaralar bilen ylalaşylmaga degişliligi;  resminamada   töleg, býujet, salgyt bilen bagly hem-de  azatlyklary we hukuklary çäklendirýän kada barlygy.

Şu ýerde belläp geçmeli zatlaryň biri hem “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasynda diňe kanun bilen düzgünleşdirilýän meseleleriň anyk kesgitlenilmegidir. Olar raýatlaryň esasy hukuklary, azatlyklary we borçlary, olary goramagyň we üpjün etmegiň usullary;  kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýeti edaralaryny döretmegiň we olaryň işiniň tertibi; Türkmenistanyň raýatlyk gatnaşyklary; döwlet howpsuzlygy we goranmak bilen bagly meseleler; eýeçilik gatnaşyklary;  ykdysadyýeti, medeni-durmuş gurluşy dolandyrmagy guramak; býujet-maliýe ulgamy, nyrh emele getirme we salgyt salma; jenaýat, administratiw we raýat kanunçylygynyň meseleleri; kazyýet önümçiligi; jemgyýetçilik birleşiklerini döretmegiň we olaryň işiniň meseleleri; köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hukuk ýagdaýy; daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly meselelerden ybaratdyr. Umumydöwlet ähmiýetli beýleki meseleler hem kanun arkaly düzgünleşdirilip bilner.

Kabul edilýän Türkmenistanyň kanunlarynda ygtyýarly edaralar tarapyndan kabul edilmeli kadalaşdyryjy hukuk namalar öwrenilip, şol kadalaşdyryjy hukuk namalaryň kabul edilmegini ýola goýmaklyk zerurdyr; öň kabul edilen namalary seljerişden geçirip, kadalaşdyryjy hukuk nama bolup durýan, emma Adalat ministrliginde döwlet belligine alynmadyk namalaryň üstünde gaýtadan işläp, kanunçylygyň ýazylyş tertibine laýyklykda olaryň taslamalaryny taýýarlap, degişli tertipde ylalaşyp, Adalat ministrligine bellige almaga iberilmelidir. Her kabul edilýän Türkmenistanyň kanuny üns bilen öwrenilip, ol  kanunlaryň “Türkmenistanyň kanunlary we kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň şu kanunyna laýyk getirilýänçä, şu kanuna garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler” diýen hem-de “üç aý möhletde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny şu kanuna laýyk getirmeli” diýip bellenilen kadalaryň ýerine ýetirilmegi üçin degişli işleriň geçirilmegi zerurdyr, ýagny kabul edilen täze kanunlardan gelip çykýan  kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul etmek ýa-da olara üýtgetme, goşmaça girizmek, olaryň güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek barada  degişli işleriň  geçirilmegi wajypdyr; öň kabul edilen kanunlaryň esasynda kabul edilen, emma ondan    soňra birnäçe kanunlar kabul edilip, şol kanunlara laýyk   gelmeýän kadalaşdyryjy hukuk namalary ýa-da olaryň belli bir bölegini ýa-da onda ulanylýan düşünjeleri  şol kanunlara laýyk getirmek üçin degişli işler geçirmeklik zerurdyr.

“Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet belligine almagyň Tertibini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň      1-nji martynda çykaran Karary kabul edilýänçä hereket eden Merkezi döwlet dolandyryş edaralarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň tertibi hakyndaky Düzgünnama Türkmenistanyň Prezidentiniň 2004-nji ýylyň 4-nji oktýabryndaky Karary bilen tassyklanylypdy.

Täze Tertip:

halk maslahatlarynyň çykarýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň döwlet belligine alynmagy;

 kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň gizlinlik, “Gullukda peýdalanmak üçin”, “Çap etmeli däl” diýen bellikleriniň bardygyna garamazdan ählisiniň döwlet belligine alynmaga degişlidigi;

Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň, halk maslahatlaryň, häkimlikleriň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda beýleki edaralaryň bellige alyş ýygymyndan boşadylýandygy;

 kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň döwlet belligine alnan gününden başlap 10 iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmek hem-de resmi çap edilen güni bu barada Adalat ministrligine habar berilmegi;

döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namasynda kanuny bozulmalar ýüze çykarylanda, Adalat ministrliginiň degişli  edara kanuny bozulmalary aradan aýyrmak barada teklip bilen ýüzlenmegi hem-de şol kanuny bozulmalar aradan aýrylmadyk halatynda, Adalat ministrliginiň degişli netijenama çykaryp, kazyýete namany ýatyrmak hakynda arza bilen ýüzlenmegi;

Ministrlik tarapyndan her çärýekde “Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Ýygyndysyny” neşir etmek üçin Türkmen döwlet neşirýat gullugyna iberilmegi hem-de Gullugyň bu ýygyndyny bir aýyň dowamynda neşir etmegi;

«Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Ýygyndysyna» döwürleýin abuna ýazylyşygy Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan guralmagy ýaly esasy aýratynlykdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda hukuk ulgamynyň kämilleşdirilýän döwründe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, halk maslahatlarynyň, häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamagyň, seljermegiň, kabul etmegiň has kämilleşdirilmegi boýunça işleriň geçirilmegi zerur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň kanunçylygy düşündirmek, hukukçy hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly beren tabşyryklaryny talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Adalat ministrligi 2018-nji ýylyň dowamynda birnäçe okuw maslahatlaryny geçirmekligi meýilleşdirýär. Okuw maslahatlarynyň maksady ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler tarapyndan taýýarlanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň kanunalaýyk düzülmegini gazanmak, halkara hukugynyň kadalaryny ulanmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de ýaş hukukçylary hünär taýýarlygyna çekmek tejribesini ýola goýmak bolup durýar. 2018-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde ”Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamagyň tejribesi we ony kämilleşdirmegiň ýollary” atly okuw maslahaty geçirildi.  Okuw maslahatyna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, häkimlikleriň wekilleriniň 200-e golaýy, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň hukukçy talyplary gatnaşdylar. Okuw maslahatynda Adalat ministrliginiň tejribeli hünärmenleri kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak, seljermek we resmileşdirmek bilen bagly ýüze çykýan meseleler barada çykyş etdiler. Maslahatyň barşynda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň  ulgamy, görnüşleri, kanun bilen düzgünleşdirilýän gatnaşyklar, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny ulanmak, kadalaşdyryjy hukuk namasynyň mazmunyna bildirilýän talaplar barada giňişleýin söhbetdeşlik boldy. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň ýazgysynyň beýan edilişine bildirilýän talaplar, şeýle hem kadalaşdyryjy hukuk namalaryny güýje girizilmegiň şertleri bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler tarapyndan taýýarlanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň häzirki döwrüň bildirýän talaplaryna laýyk gelmegini gazanmaga ýardam eder.  Şeýle-de, Türkmenistanyň Adalat ministrligine döwlet belligine alynmagy üçin iberilýän  kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynda ýüze çykýan kemçiliklere maslahata gatnaşyjylaryň ünsi çekildi. Maslahatyň geçirilmegi ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler tarapyndan taýýarlanýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň häzirki döwrüň bildirýän talaplaryna laýyk gelmegini gazanmakda, agzalan edaralaryň hukuk gulluklarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak işinde gazanan tejribelerini paýlaşmakda, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça özara teklip alyşmak tejribesini ýola goýmakda  ýokary netijeler berer diýip umyt edýäris.