Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowany göni aragatnaşyga çagyrdy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlary babatda kanunçylygy has-da kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň parlamentiniň alyp barýan işleri barada habar berdi.

Häzirki wagtda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda iş toparlarynda kanunçylyk resminamalarynyň birnäçesiniň taýýarlanylmagy dowam edýär. Şeýle hem hereket edýän kanunçylyk hukuk namalaryna seljerme işlerini geçirmek hem-de olary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyk getirmek boýunça çäreler görülýär.

Mejlisiň deputatlary halkara hyzmatdaşlygy hem-de parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen duşuşyklara, maslahatlara, okuw maslahatlaryna hem-de beýleki çärelere gatnaşýarlar. Milli parlamentiň wekiliýetiniň 27 — 31-nji oktýabrda Koreýa Respublikasyna bolan iş saparynyň barşynda dostlukly ýurduň dürli edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirildi.

Türkmen parlamentarileri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn tejribäni öwrenmek babatda tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin Seul döwlet uniwersitetiniň işi bilen tanyşdylar. Ýokary okuw mekdebinde bolan duşuşygyň dowamynda ylym-bilim ulgamynda, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge bolan taýýarlyk bellenildi.

Wekiliýet halkara gazna baryp gördi, bu gazna dünýäniň 60-dan gowrak ýurdunda 180-e golaý merkezi özünde jemleýär. Şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň spikeri bilen duşuşyk geçirildi. Onda parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna hem-de olary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, bilim ministri bilen bolan duşuşygyň barşynda bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi, hususan-da, Aşgabatda Koreý okuw merkezini açmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise türkmen parlament wekiliýetiniň noýabr aýynyň birinji ongünlüginde Baku şäherine iş saparyny guramak hakynda azerbaýjan tarapynyň teklibiniň gelip gowşandygy barada habar berildi.

Saparyň çäklerinde kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe çäreler we duşuşyklar meýilleşdirildi. Şol sanda Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy bilen duşuşmak, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky «ASAN» hyzmat durmuş innowasiýalary we raýatlara hyzmat etmek boýunça döwlet agentliginiň işi bilen tanyşmak we beýlekiler göz öňünde tutulýar. Munuň özi häzirki döwürde netijeli ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça işjeňleşdirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow demokratik, hukuk, dünýewi döwleti berkarar etmek, jemgyýetimiziň durmuşynyň möhüm ulgamlarynda özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, ykdysadyýet, ylym we medeniýet ulgamlaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen baglylykda, milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, adamyň hem-de raýatyň hukuklaryny we erkinliklerini üpjün etmek hem-de goramak boýunça görülýän çäreleriň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz parlamentara gatnaşyklary has-da giňeltmek baradaky meselelere ünsi çekip, bu ugurdaky görülýän çäreleriň Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmaga, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, dünýä jemgyýetçiligini biziň içeri we daşary syýasatymyz, ýurdumyzyň häzirki zamanda gazanan üstünlikleri bilen giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça gözegçilik edýän ulgamynyň edaralarynda geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna «Kärende hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda taýýarlanylan «Döwlet emläginiň kärendesine berilmeginiň tertibini tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi. Bu ulgamda gatnaşyklaryň ykdysady, hukuk we guramaçylyk esaslaryny düzgünleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanylan resminamanyň kabul edilmegi ýurdumyzda kärende hyzmatlar bazaryny has-da giňeltmäge ýardam eder.

Milli Liderimiz täze taryhy döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmegi üpjün edýändigini belläp, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we sanly ulgama geçirmek bilen bagly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz bazar gatnaşyklaryna geçilmegi, hususy telekeçiligiň ösmegi bilen baglylykda hereket edýän kadalaşdyryjy namalaryň döwrüň talabyna kybap getirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, «Döwlet emläginiň kärendesine berilmeginiň tertibini tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi hem-de Kararyň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi üpjün etmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz mejlisi dowam edip, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» amala aşyrmagyň barşy hem-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümine girýän edara-kärhanalarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynyň düzümleriniň işini has-da kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Soňra energetika strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen görülýän anyk çäreler barada habar berildi. Tebigy gazyň çykarylýan we eksport edilýän mukdaryny artdyrmak hem-de dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek bu strategiýanyň esasy ugurlary bolup durýar. Häzir dünýäde energiýa serişdelerine bolan isleg durnukly artýar.

Habar berlişi ýaly, nebithimiýa önümleriniň öndürilişini artdyrmaga, şol sanda uglewodorod çig malynyň düýpli işlenilmegine ýöriteleşdirilen döwrebap önümçilikleri döretmegiň hasabyna giňeltmäge uly üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat kuwwatyny we daşary ykdysady bähbitlerini amala aşyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumynda nebitgaz ýataklaryny işläp taýýarlamagyň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy tejribä hem-de innowasion tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurtly kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň möhümdigi bellenildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetinde nebitgaz toplumynyň ähmiýetli ornuny bellemek bilen, pudagyň ähli serişdelerini yzygiderli seljermegiň hem-de nebitiň, tebigy gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak üçin bar bolan ätiýaçlyklary ulanmagyň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, täze tehnologiýalary we öňdebaryjy ylmy-tehniki işleri giňden ornaşdyrmak, dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän önümleri öndürýän, gaýtadan işleýän döwrebap önümçilikleri gurmagyň taslamalaryny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Nebitgaz toplumynyň dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek hem-de görkezilen ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça wise-premýere anyk görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzda gurulýan desgalaryň elektrik üpjünçilik ulgamlarynda alnyp barylýan işler we olarda ulanyljak enjamlary satyn almak boýunça geçirilen halkara bäsleşigiň jemleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň elektrik energetikasynyň ägirt uly kuwwaty barada aýdyp, energiýa serişdeleriniň möçberi boýunça Türkmenistanyň dünýäniň iň baý döwletleriniň biridigini belledi. Mälim bolşy ýaly, bu ulgam iň düşewüntli önümçilikleriň biri hasaplanylýar.

Şundan ugur alnyp, bu möhüm pudaga gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şunuň netijesinde, häzirki wagtda türkmen energetika senagaty ýokary depginler bilen ösýär hem-de daşary ýurtly sarp edijileriň uly isleg bildirýän elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga ukyplydyr.

Milli Liderimiz ýurdumyzda elektrik energetikasy pudagyna ýangyjyň sarp edilişini azaltmaga hem-de şol bir wagtyň özünde elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýän ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň «Açyk gapylar» we özara bähbitli gatnaşyklar syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, özlerini ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen hem-de iň täze işläp taýýarlamalara, ägirt uly ylmy we önümçilik kuwwatyna eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen uzak möhletli deňhukukly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çalyşýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň öz möhletinde ulanylmaga berilmeginiň esasy talap bolup durýandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belledi.

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyza 2020-nji ýylda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanylyp ulanmaga beriljek desgalarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Aşgabady ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, bar bolan inžener-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, şäheriň ýol-ulag düzümini ösdürmek we paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ak mermerli Aşgabady dünýäniň iň owadan we abadan şäherleriniň birine öwürmäge gönükdirilen giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň örän wajypdygyny nygtap, gurluşygyň esasy talaplarynyň berjaý edilmeginiň, adamlar üçin oňaýly şertleriň döredilmeginiň hem-de gurulýan düzümleýin desgalaryň ählisiniň ygtybarlylygyny üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň, şol sanda ýaşaýyş toplumlaryny, olara ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak, jemagat gulluklarynyň işini kämilleşdirmek, şäheri bagy-bossanlyga öwürmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Ýurdumyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak binagärlik keşbini döretmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi. Özünde milli binagärligiň iň gowy däplerini hem-de dünýäniň şähergurluşyk babatdaky öňdebaryjy ýörelgelerini jemleýän owadan binalar paýtagtymyzyň bezegine öwrülmelidir.

Döwlet Baştutanymyz ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak meselesiniň wajypdygyny nygtap, öňde goýlan wezipeleri bellenen möhletlerde ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan ýurdumyzda ýoduň hem-de duzuň öndürilişiniň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny amala aşyrmak bilen baglylykda bu ugurda degişli çäreler görülýär.

Ýurdumyzda her ýyl tehniki ýoduň 500 tonnadan gowragy öndürilýär, munuň özi içerki bazaryň hajatlaryny üpjün edýär, ýoduň agramly bölegi bolsa eksport edilýär. Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda ýerleşen «Çukurguýy» meýdançasynda ýylda 90 tonna tehniki ýod öndürýän täze dört sany tejribe-senagat desgalary ulanylmaga berildi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen tehniki ýoduň 300 tonnadan gowragyny goşmaça öndürmäge mümkinçilik dörär, bu bolsa «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň eksport mümkinçiliklerini artdyrar.

Soňra Türkmenbaşy etrabyndaky «Guwlyduz» kombinatynyň düzüminde kuwwaty ýylda 40 000 tonna ýodlaşdyrylan nahar duzuny we 2500 tonna gerdejik görnüşli tehniki duzy öndürýän täze önümhananyň gurluşyk-gurnama işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy barada habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimize nahar we tehniki duzlaryň öndürilişini artdyrmaga ýardam etjek desganyň işi barada şekiller arkaly hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, himiýa senagatynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridigini belledi. Onuň ägirt uly eksport kuwwaty tebigy serişdelere, pudakda döredilýän ýokary tehnologiýaly düzümiň mümkinçiliklerine esaslanýar. Önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän kuwwatlyklary artdyrmak himiýa senagatyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Obasenagat toplumynda özgertmeleriň geçirilmegi hem-de azyk bolçulygyny üpjün etmek babatda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda bu önümlere bolan isleg yzygiderli artýar.

Türkmenistan gidromineral çig malynyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda şolaryň esasynda mineral duzlaryň dürli görnüşleri, ýod we ondan ýasalýan önümler öndürilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli ykdysadyýetimizi doly döwrebaplaşdyrmagy, kuwwatly senagat düzüminiň döredilmegini ugur edinýän toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrmak bilen ýurdumyz innowasiýalaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berýär.

Öňde goýlan wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň tebigy-çig mal serişdelerini gaýtadan işlemäge, şol sanda ýerli çig maldan taýýarlanylýan önümleriň görnüşini artdyrmaga – daşary ýurtlarda öndürilýän görnüşlerinden pes bolmadyk ýodlaşdyrylan duzy we tehniki ýody öndürmäge ýöriteleşdirilen döwrebap kärhanalary döretmek işi bar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy çig mal çykarýan we önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykarmak maksady bilen, iň gowy dünýä tejribesini öwrenmegiň we özleşdirmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz halk hojalyk toplumynyň hem-de ilatyň öz ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli, ýokary hilli himiýa önümlerine bolan isleglerini öz wagtynda we bökdençsiz üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, öndürilýän nahar we tehniki duzuň hem-de ýoduň ekologiýa talaplaryna we halkara ölçeglere kybap gelmeginiň möhümdigini aýtdy hem-de bu babatda tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer wideoşekiller arkaly döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini iki tapgyrda döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipleri hödürledi.

Birinji tapgyrda şertnamalary biržada bellige almak hyzmatlaryny elektron görnüşinde internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyrmak üçin şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. Bu ulgamyň girizilmegi bilen, birža hyzmatlaryny «onlaýn» tertipde amala aşyrmaga mümkinçilik dörediler. Bu ulgam resminama dolanyşygynyň döwrebap usullaryny ýola goýmak bilen, iş öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna, şertnamalary bellige almagyň möhletini çaltlandyrmaga, maglumatlaryň ygtybarly elektron binýadyny döretmäge ýardam eder.

Ikinji tapgyrda birža söwdalaryny sanly ulgam arkaly geçirmegi ornaşdyrmak teklip edilýär. Birža söwdalarynyň «onlaýn» tertibinde guralmagy söwda gatnaşyjylara birža barmazdan, dünýäniň islendik künjeginden sanly ulgam arkaly gatnaşmaga mümkinçilik döreder. Bu bolsa bäsleşikli söwdalara köp sanly alyjylaryň gatnaşmagyna we harytlaryň amatly bahalarynyň emele getirilmegine, eksportyň möçberiniň artmagyna ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halk hojalyk toplumyny depginli ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak maksady bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmagyň möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz munuň özi halkara tejribä hem-de ýurdumyzyň hereket edýän kanunlaryna laýyklykda möhüm çäreleriň geçirilmegine ýardam eder diýip aýtdy we wise-premýere Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen çäreleriň üstünde ýene-de işlemegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda ýokary hünär derejeli döwlet gullukçylaryny taýýarlamak hem-de gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak babatynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. 2008-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bu akademiýanyň döredilmegi ýurdumyzyň döwleti dolandyryş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň ýolundaky möhüm ädim boldy.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy, innowasion tehnologiýalara esaslanýan kärhanalaryň sanynyň barha artmagy Prezident maksatnamasynda kesgitlenen möhüm wezipelerdir.

Ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň giň gerime eýe bolmagy ylmyň hem-de tehnikanyň iň soňky gazananlaryndan, maglumat tehnologiýalardan baş çykarýan gullukçylaryň taýýarlanylmagyny talap edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň bilim kuwwatyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň döwlet dolandyrylyşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, akademiýanyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmak, täze hünär ugurlaryny girizmek, wajyp ugurlar boýunça gaýtadan taýýarlaýyş, hünäri ýokarlandyryş we magistratura okuwlaryna islegden ugur alyp okatmak teklip edilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň häzirki ösen döwründe sowatly, ylymly-bilimli, ýokary hünär derejeli işgärleriň taýýarlanylmagynyň Diýarymyzy has-da gülledip ösdürmegiň möhüm şertidigini nygtap, bu ugurda iň oňat dünýä tejribesine hem-de öňdebaryjy gazananlara daýanmagyň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa 19 — 23-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwala görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, döredijilik forumyna ABŞ-dan, Eýrandan, Italiýadan, Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Owganystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkiýeden, Ukrainadan, Özbegistandan we Estoniýadan teatr toparlarynyň, sungatşynaslaryň hem-de sahna işi boýunça hünärmenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Festiwala gatnaşyjylar öz sahna oýunlaryny görkezerler, şeýle hem onuň çäklerinde sungat sergileri, döredijilik duşuşyklary, maslahatlar we ussatlyk sapaklary geçiriler. Myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýlerine we gözel ýerlerine gezelençler guralar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şeýle medeni çäreleriň milli medeniýetimizi we sahna sungatymyzy ösdürmekde hem-de baýlaşdyrmakda, döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine, täze zehinleri ýüze çykarmaga ýardam edýän tejribäni giňden alyşmakda ähmiýetiniň uludygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz umumadamzat siwilizasiýasynyň ösmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň ruhy mirasyny dünýä ýüzüne ýaýmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň alyp barýan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty dünýäniň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga kuwwatly itergi berip, dünýä bileleşiginde ýurdumyzyň abraýyny artdyrýar.

Döwlet Baştutanymyz ähli meýilleşdirilen festiwal çärelerini mynasyp derejede ýokary guramaçylykly geçirmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalygynda özgertmeleriň alnyp barlyşy hem-de welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda welaýatlarda pagta ýygymy dowam edýär. Ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, kombaýnlary netijeli işletmek, ýygnalan pagta hasylyny bökdençsiz kabul etmek hem-de pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek üçin degişli çäreler görülýär.

Şunuň bilen birlikde, etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda ýokary öndürijilikli döwrebap tehnikalary we enjamlary ýaz ekişine taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli satyn alynýan döwrebap we ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň hasabyna berkidilýär.

Şeýle hem şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda, birinji ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de zerur bolan ýerlerde haşal otlaryň garşysyna göreş çärelerini geçirmek işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda amala aşyrylýan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny giňeltmäge we sebitleri toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamyň öňünde durýan wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli çözmek üçin topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän öňdebaryjy agrotehniki usullary hem-de ylmyň gazananlaryny tejribä işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. Hususan-da, ýurdumyzyň her bir welaýatynyň toprak-howa şertlerini nazara alýan ekin dolanyşygynyň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny ulanmak zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ekin meýdanlarynyň kadastryny taýýarlamak işini çaltlaşdyrmagy tabşyryp, oba hojalyk meýdanlarynyň ýagdaýy we ekinleri barada takyk maglumatlary almak üçin iň täze tehnologiýalary, şol sanda milli emeli hemra arkaly alnan maglumatlary ulanmagyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymy möwsümini üstünlikli jemlemek bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň çölleşmä garşy göreşmek baradaky konwensiýasyny durmuşa geçirmek meselelerine ünsi çekdi. Bu konwensiýa daşky gurşaw baradaky möhüm halkara ylalaşyklaryň biridir.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, hut şu ýörelge Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň we tebigaty goraýyş syýasatynyň esasynda goýuldy diýip belledi.

Merkezi Garagumda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýada ekologiýa howpsuzlygynyň ygtybarly esaslaryny döretmek baradaky wezipeleri netijeli çözmegiň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu deňsiz-taýsyz maýa goýum taslamasy suwarymly ýerleriň ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga, ýerleriň şorlaşmagy we gurakçylyk bilen baglanyşykly meseleleriň ençemesini çözmäge gönükdirilendir.

Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýanyň hem-de Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu çäreler türkmen topragynyň täsin tebigatynyň köpdürlüligini we gözelligini saklamaga hem-de baýlaşdyrmaga ýardam etmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek nukdaýnazaryndan bu maksatnamalaryň ähmiýetini nygtap, wise-premýere Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmäge degişli anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 6-7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygyndaky Hökümet wekiliýetiniň Italiýa Respublikasyna boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa döwletleri, şol sanda Italiýa bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Bitarap Watanymyzyň yzygiderli amala aşyrýan daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. 2013-nji ýylda Türkmenistanda Italiýa Respublikasynyň ilçihanasy açyldy, 2016-njy ýylda bolsa Italiýada Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejedäki saparlara we duşuşyklara aýratyn orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň noýabrynda Italiýa Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi sapary döwletara gatnaşyklaryň taryhynda aýratyn möhüm waka boldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň maýynda Italiýa bolan iş sapary özara bähbitli türkmen-italýan gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge ýardam etdi. Şondan öň, ýagny 2014-nji ýylyň noýabrynda bolsa Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri iş sapary bilen Türkmenistanda boldy.

Hökümetleriň we daşary syýasat edaralarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna okgunly häsiýet mahsusdyr. Italiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki iri halkara maslahatlaryň mejlislerinde türkmen tarapynyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny yzygiderli goldap gelýär.

Söwda-ykdysady ulgamda türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar. Nebitgaz we dokma senagatynda, beýleki pudaklarda Italiýanyň işewür toparlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň iri senagat we düzüm desgalary döwrebap italýan enjamlary bilen üpjün edildi. Şonuň bilen birlikde, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin wajyp ugurlaryň hatarynda ulag hem-de aragatnaşyk, oba hojalygy, azyk we ýeňil senagat, innowasion tehnologiýalar ulgamlary bar.

Ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup, bu ulgamda bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça däbe öwrülen özara gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar. Häzirki wagtda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Italiýadan gelen mugallymlaryň gatnaşmagynda italýan dili okadylýar.

Bilelikdäki arheologik işleri geçirmekde hem uly mümkinçilikler bar, bu ugurda köpýyllyk üstünlikli tejribe toplanyldy. Muzeý işi we etnografiýa ulgamy hem şol ugurlaryň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa boljak resmi saparynyň çäklerinde hökümetara we pudagara derejelerde resminamalaryň uly toplumyna, şeýle hem hususy ulgam boýunça resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn hukuk binýadynyň üstüni ýetirip, dürli ugurlarda ony has-da artdyrmaga hyzmat eder.

Şeýle hem wise-premýer, daşary işler ministri ýurdumyzyň wekiliýetiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň Özbegistanyň paýtagtynda geçiriljek sammitine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Mundan başga-da, ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň öňde boljak duşuşygy barada aýdyp, bu duşuşykda sebitiň döwlet Baştutanlarynyň Daşkentde geçiriljek mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-italýan gatnaşyklarynyň oňyn depginini kanagatlanma bilen belledi hem-de ýurdumyzyň «Açyk gapylar» syýasatyny amala aşyrmak bilen, Ýewropanyň döwletleri bilen ýola goýlan deňhukukly netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen däbe öwrülen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmegi ugur edinýändigini aýtdy.

Häzirki döwrüň ýagdaýlary hyzmatdaşlygyň oňaýly ugurlaryny gözläp tapmagy talap edýär, şunda Türkmenistanyň we Italiýanyň biri-birine teklip eder ýaly zatlary köp diýip, milli Liderimiz belledi.

Ýurdumyzyň ykdysady we serişdeler kuwwaty senagatlaşdyrmaga hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga tarap alnan ugur, durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler we düzümleýin taslamalar, türkmen bazarynda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy — bularyň hemmesi dürli pudaklarda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, işewür hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, uzak möhletleýin esasda guralýan özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin häzir uly şertleriň bardygyny belledi. Şeýlelikde, geljek hepdede geçirilmegi göz öňünde tutulýan ýokary derejedäki türkmen-italýan gepleşikleri netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmaga, onuň kuwwatyny iş ýüzünde amala aşyrmagyň ýoluny kesgitlemäge ýardam eder.

Soňra milli Liderimiz Bitarap Watanymyzyň öz daşary syýasatynda abraýly sebit we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini aýdyp, ýurdumyzyň wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasynyň paýtagtynda geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmagyna degişli derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň ýakyn günlerde geçiriljek duşuşygyna taýýarlyk görmek boýunça degişli tabşyryklary berdi. Şol duşuşykda noýabr aýynyň ahyrynda Daşkentde sebitiň döwlet Baştutanlarynyň mejlisini geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garalar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň jemini jemläp, hökümetiň agzalarynyň ünsüni gaýragoýulmasyz wezipeleriň birnäçesine çekdi.

Milli Liderimiz däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, kanun çykaryjylyk işinde özara peýdaly tejribe alyşmak işini dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, kabul edilen ähli maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegiň esasynda maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz öňümizdäki baýramçylyklara we şanly senelere ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyryp, ýurdumyzda geçirilýän medeni çäreleriň ählisiniň baý many-mazmuny bilen tapawutlanmalydygyny, täze eýýamyň döredijilik ruhuna kybap gelip, halkymyzy eziz Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmalydygyny nygtady.

Milli Liderimiz ýangyç-energetika toplumynyň işi bilen baglanyşykly meselelere degip geçip, nebitgaz toplumynyň pudaklaýyn edaralarynyň önümçiligini ýokarlandyrmak, onuň senagat düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli çäreleri görmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa meselesiniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp we mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek çäresine taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde şeýle çäreleriň wajypdygyny aýdyp, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge degişli meseleleriň ählisine ylmy esasda çemeleşmegiň, dürli agaç nahallaryny ýerli toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, seçip almagyň wajypdygyny nygtady.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ýurdumyzda noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden belleniljek Hasyl toýuna göwnejaý taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti we sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça kabul edilen konsepsiýalary durmuşa geçirmek babatdaky esasy wezipeler barada durup geçip, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak üçin bilim işine öňdebaryjy usullary we iň täze tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga aýratyn üns bermegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz indiki ýyl ýurdumyzda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň dabaraly ýagdaýda belleniljekdigini aýdyp, bu şanly senä gabatlanylyp, ulanylmaga beriljek desgalaryň gurluşygynyň ýokary hilini üpjün etmegiň we öz möhletinde ulanmaga bermegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz hökümet agzalaryna ýüzlenip, birnäçe anyk tabşyryklary, şol sanda Aşgabady abadanlaşdyrmagyň we gözelleşdirmegiň meýilnamasyny işläp taýýarlamak babatda görkezmeleri berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.