Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary tamamlandy

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 21 — 23-nji oktýabrda Ýaponiýa bolan iş sapary iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň ýolunda netijeli ädim boldy, muňa saparyň baý mazmunly, öz içine möhüm duşuşyklary alýan maksatnamasy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Ykdysady ugur, şol sanda özara bähbitli işewürlik gatnaşyklarynyň giňeldilmegi türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Soňky ýyllarda bu gatnaşyklar düýpli işjeňleşdirildi, ol iri düzümleýin taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapýar.

Milli Liderimiziň şu gezekki saparyna gabatlanyp geçirilen bilelikdäki işewürler maslahaty hem-de Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň ýapon tarapynyň wekilleri bilen 21-nji oktýabrda geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklary uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň üýtgewsiz ugur edinilýändigini ýene bir gezek tassyklady. Bu çärä Ýaponiýanyň birnäçe iri kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beýleki belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde ýapon tarapynyň çagyrmagy boýunça 22-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň tagta geçmek dabarasyna gatnaşdy.

Ertesi gün, 23-nji oktýabrda ajaýyp taryhy künjek bolan hem-de belent mertebeli myhmanlary kabul etmäge niýetlenen «Akasaka» köşgünde hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe bilen duşuşygy boldy.

Ýapon hökümetiniň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza Tokio şäherine gelip görmek hem-de Imperator Naruhitonyň tagta geçmek dabaralaryna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin, şeýle hem döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin hoşallyk bildirdi.