Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçe ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Gün tertibine sebitleri we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, obasenagat toplumynda işleriň barşy, öňümizdäki baýramçylyk senelerine görülýän taýýarlyk bilen bagly meseleler girizildi.

Milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyga, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy, ony abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy, gyş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan ähli işleriň ýokary hilli we toplumlaýyn esasda, şol sanda estetiki we ekologiýa nukdaýnazaryndan amala aşyrylmalydygyny belledi. Şunda adamlaryň durmuşy üçin amatly şertleri döretmek esasy talap bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz geljegi nazara almak bilen, Aşgabady ösdürmegiň konsepsiýasyny amala aşyrmaga oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz gyş möwsüminiň ýakynlaşmagy bilen baglylykda, paýtagtymyzyň häkimliginiň ýolbaşçysyna ýaşaýyş jaýlarynda, mekdeplerde we çagalar baglarynda ýyladyş ulgamlarynyň, umuman, şäheriň inženerçilik-tehniki ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini, jemagat hojalygy gulluklarynyň sazlaşykly hereket etmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňümizdäki dabaralar we şanly seneler bilen bagly meselelere degip geçmek bilen, şolara gabatlanyp geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedowy çagyrdy. Häkim sebitde işleriň ýagdaýy, möhüm oba hojalyk möwsümleriniň — güýzlük däne ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, welaýatda Oba milli maksatnamasyny yzygiderli amala aşyrmak, gyş möwsümine, şeýle hem baýramçylyk senelerine taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň obasenagat toplumynyň öňünde goýlan esasy wezipelere ünsi çekip, geljekki bugdaý hasyly üçin ygtybarly binýady döretmek üçin ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek hem-de daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen pagtany ýitgisiz ýygnap almak üçin möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk hem-de gysga wagtda guramaçylykly geçirmegiň ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ýaşaýyş-durmuş düzümini has-da döwrebaplaşdyrmak, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde desgalary gurmak bilen bagly meseleleri üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýtdy.

Milli Liderimiz öňümizdäki gyş möwsümi babatda aýdylanda, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny abatlamak hem-de ulanyş ýagdaýyny üpjün etmek barada irgözinden alada etmek gerek diýip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahat Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem welaýatda gurluşygy dowam edýän desgalarda işleriň ýagdaýy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň häkiminiň ünsüni bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerine çekip, bu möhüm hem-de jogapkärli möwsümlere gatnaşýan oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmagyň gerekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, gurulýan desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek, inžener-tehniki ulgamlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek, şeýle hem öňümizdäki umumymilli baýramçylyklary mynasyp garşylamak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça hasabat berdi. Güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta hasylyny ýygnamagyň depginleri, sebitde Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Bu maksatnamanyň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy amala aşyrylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda ýokary hilli geçirilmeginiň geljek ýylyň bereketli galla hasylyny almagyň girewi bolup durýandygyny nygtap, pagta ýygymy möwsümini hem örän amatly möhletde tamamlamak maksady bilen, anyk çäreleri görmegiň wajypdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeginde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň esasy ileri tutulýan ugrunyň halkymyzyň abadançylygy baradaky alada bolup durýandygyny belläp, ýerlerde durmuş düzümlerini kämilleşdirmek boýunça wezipeleriň çözülmegini hem-de welaýatyň durmuş üpjünçilik ulgamlaryny gyş möwsümine öz wagtynda taýýarlamak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz baýramçylyk dabaralarynyň guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi. Soňra Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaý ekişini hem-de «ak altyn» möwsümini ýokary hilli we guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat bilen çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk pudagynyň kuwwatyny has doly ulanmak boýunça wezipeleriň çözülmegine ünsi çekip, dowam edýän bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna gatnaşýan düzümleriň, kabul ediş bölümleriniň we gaýtadan işleýän ulgamyň kärhanalarynyň yzygiderli işini üpjün etmäge degişli hemme meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz welaýatyň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, bina edilýän desgalaryň ýokary hilini hem-de bellenen möhletde ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek boýunça görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz milli senenamamyzyň baýramçylyk senelerine taýýarlyk görmek meseleleriniň üstünde degişli derejede oýlanyşmagyň zerurdygyny belledi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitdäki işleriň ýagdaýy, möhüm oba hojalyk möwsüminiň barşy, halkymyzyň durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de güýzlük bugdaý ekişini we pagta ýygym möwsümini üstünlikli geçirmäge hemme tagallalary gönükdirmegiň, pudaklaýyn düzümleriň utgaşykly işlemegini üpjün etmegiň, bu jogapkärli döwürde ekerançylar üçin zerur şertleri döretmegiň möhümdigini nygtap, häkime anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ýolbaşçysyna obasenagat toplumynyň önümçilik ulgamynyň kuwwatyny artdyrmak, sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda bina edilýän täze desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, ýyladyş ulgamlaryny ýakynlaşyp gelýän gyş möwsümine taýýarlamak babatda hem degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz öňdäki baýramçylyk seneleri baradaky meselä degip geçip, bu sebitde-de, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, şanly senelere bagyşlanan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini nygtady.

Soňra Mary welaýatynda iş saparynda bolýan oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew göni aragatnaşyga çagyryldy, ol häzirki döwürde obasenagat pudagynda dowam edýän möhüm möwsümleýin işleriň barşy barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, güýzlük bugdaý ekişi agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilýär, bereketli gowaça hasyly ýetişdirildi. Ekerançylar «ak altyn» möwsümini öz wagtynda geçirmek üçin döredilen ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, yhlasly zähmet çekýärler hem-de hemmetaraplaýyn aladalary üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.

Ýygym möwsüminiň sazlaşykly depginlerinden ugur alnyp, Hasyl toýuna çenli şertnamalaýyn borçnamalaryň doly ýerine ýetiriljekdigi nygtaldy.

Şeýle hem ministriň hasabatynda ýurdumyzyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilen şaly hasylyny, şeýle hem Balkan we Mary welaýatlarynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny gysga möhletde ýygnap almak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, öňde goýlan wezipeleri doly berjaý etmek üçin tagallalaryň mundan beýläk-de gaýgyrylmaly däldigini, möwsümleýin işleriň ýokary depgininiň birjik-de peseldilmeli däldigini tabşyrdy. Tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklaryň dessine geçirilmegi möhüm talap bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýratyn nygtady.

Hormatly Prezidentimiz dowam edýän güýzlük bugdaý ekişi baradaky meselä ünsi çekip, bu işleriň geljekki hasylyň ykbalyny kesgitleýändigi barada aýtmak bilen, oba hojalyk möwsüminiň agrotehnikanyň bellenen kadalaryna laýyklykda hem-de ýokary jogapkärçilik derejesi bilen öz wagtynda geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigini ýene-de bir gezek nygtap, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, obasenagat toplumynda şu günler şalynyň we gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak boýunça alnyp barylýan işleriň hem pudagyň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde ähmiýetli orun eýeleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek hem-de ilatymyzy ýylyň ähli paslynda ter gök-bakja we miwe önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, ministrligiň garamagyndaky sowadyjy ammarlara bu önümleri kabul etmek hem-de şolary saklamak boýunça işleriň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty Lebap welaýatynda iş sapary bilen bolýan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada aýdyp, güýzlük bugdaý ekişi, gowaça hasylyny ýygnamak, beýleki degişli çäreleriň depginini güýçlendirmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hususan-da, bugdaý ekişinde oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny netijeli işletmek, kärendeçi gallaçylary ekiş üçin zerur tohumlar bilen üpjün etmek, bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş hem-de ösüş suwuny tutmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Şeýle hem pagta ýygyjy kombaýnlary işletmek, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny we pagta daşamakda ulanylýan tehnikalary bökdençsiz işletmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy hakynda aýdyldy. Nygtalyşy ýaly, tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk pudagynyň öňünde goýlan ileri tutulýan wezipeleriň öz wagtynda çözülmeginiň möhümdigine ünsi çekip, pagta ýygymy möwsümini ýokary hilli we bellenilen möhletde geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda geçirilýän işleriň uly ähmiýete eýedigi barada aýdyp, alnyp barylýan bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda bellenilen möhletinde üstünlikli tamamlamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz pagtaçylaryň yhlasly zähmeti bilen kemala getirilen «ak altynyň» bereketli hasylyny doly ýygnap almak üçin ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni çekdi. Munuň oba zähmetkeşleriniň ýurdumyzda giňden belleniljek Hasyl toýuna ajaýyp sowgady bolar.

Hormatly Prezidentimiz gowaçanyň ösdürilip ýetişdirilmegi baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, geljek ýylda bu gymmatly tehniki ekiniň ekiljek meýdanlarynyň mukdarynyň artdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ähli degişli işleri güýçlendirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowy çagyrdy, ol Senagat işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu baýramçylyk oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde — şu aýyň 20-sinde belleniler.

Hasabatyň çäklerinde 15 — 16-njy oktýabrda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergini hem-de ylmy maslahaty geçirmek boýunça taýýarlyk işleri barada habar berildi. Bu çärelere dünýä ýurtlarynyň birnäçesinden belli kompaniýalar gatnaşar.

Ulag-kommunikasiýa we senagat pudagynyň degişli ministrlikleri hem-de edaralary, ýurdumyzyň şereketleriniň we kompaniýalarynyň onlarçasy, hususy telekeçiligiň wekilleri öz mümkinçiliklerini, öndürýän önümlerini, hödürleýän hyzmatlaryny görkezer.

«Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti, şeýle hem ady agzalan pudaklaryň tapawutlanan işgärlerini çeken päk ýürekli we tutanýerli zähmetleri üçin sylaglamak dabarasy geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara forumyň milli kommunikasiýa we senagat pudaklarynyň gazananlaryny hem-de ösüşini giňden görkezip, ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň hyzmatdaşlarynyň gatnaşyklaryny giňeltmek, bilelikdäki taslamalary has-da ilerletmek, bu ulgamda täze işleri peýdalanmakda işjeň tejribe alyşmak üçin binýada öwrülmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ähli meýilleşdirilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyryp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz maslahaty dowam edip, sanly wideoaragatnaşyga «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy D.Saburowy çagyrdy. Ol ýolbaşçylyk edýän ulgamynda geçirilýän işler, şeýle hem Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentligi (EASA) tarapyndan uçuşlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilişine geçirilen gözegçilik işleri boýunça taýýarlanan maglumat barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, geçirilen barlaglaryň jemleri boýunça ýurdumyzyň baş «howa derwezesi» — Aşgabadyň Halkara howa menzili Türkmenistanyň ulag ulgamynda ähli babatda nusgalyk toplum diýlip ykrar edildi. Onuň önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklary bolup, daşalýan ýükleriň möçberini we gatnadylýan ýolagçylaryň sanyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny ösdürmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýardam bermeginde ägirt uly işler geçirildi. Paýtagtymyzda hemme babatda dünýä ölçeglerine kybap gelýän halkara howa menzili guruldy. Türkmenabatda uçuş-gonuş zolagy iň ýokary talaplara laýyk gelýän halkara howa menzili ulanmaga berildi. Agentligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabadyň Halkara howa menzili binagärlik aýratynlygy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilip, «Iň uly göl» diýen ada eýe boldy. Bu özboluşly düzüm desgasy «International Property & Travel» neşiriniň «Construction Excellence Award», «Business Initiative Directions» (BID) halkara guramasynyň «International Star Award for Quality» sylaglaryna mynasyp boldy, şeýle hem degişli güwänama bilen sylaglanyldy.

Türkmenistan raýat awiasiýasy ulgamynda işleri kadalaşdyrýan halkara konwensiýalara goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirip, howa menzilleriniň howpsuzlygy hem-de howa gämileriniň uçuşlary, ekipažlary we ýerüsti düzümleri döretmek boýunça halkara ölçegleri dürs berjaý edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolýan IKAO — Halkara raýat awiasiýasy guramasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda habar berildi. Onuň hünärmenleri bilen bilelikde howa menzillerini we howa hereketini dolandyrýan ähli düzümler boýunça işler geçirilýär. Awiasiýa howpsuzlygynyň ölçeglerini ulanmagyň öňdebaryjy tejribesi boýunça duşuşyklary geçirmek we maslahatlary bermek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri yzygiderli dowam etdirilýär. Agentligiň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, EASA-nyň bilermenleri «Türkmenhowaýollary» tarapyndan ýerine ýetirilýän uçuşlaryň howpsuzlygyny, ýurdumyzyň howa menzilleriniň üpjünçiligini berjaý etmek boýunça ýurdumyzda geçirilýän işlere oňyn baha berdiler. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň uçarlary häzir içerki gatnawlardan başga-da, daşary ýurtlaryň dürli şäherlerine yzygiderli uçuşlary amala aşyryp, uçar gatnawlarynyň sanyny dowamly artdyrýarlar. Aeronawigasiýalar düzümini ösdürmek hem-de ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak babatda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde 2016-njy ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan Aşgabadyň Halkara howa menzili dünýäniň öňdebaryjylary bilen bäsleşip bilýär. Ol islendik görnüşdäki we islendik ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul etmäge hem-de halkara ölçegleriň derejesinde hyzmatlary hödürlemäge ukyplydyr.

Häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, bu ýerde serhet, gümrük we migrasiýa gulluklarynyň işi ýola goýuldy. Ýokary halkara ölçeglere laýyklykda, howa gämileriniň ýer üstündäki hereketini guramak we dolandyrmak babatda howpsuzlygyň ähli ölçeglerini üpjün etmäge toplumlaýyn çemeleşme amala aşyryldy.

Howa arkaly ýük daşamak hem-de ýer üstünde hyzmatlary döwrebaplaşdyrmak «Türkmenhowaýollary» agentliginiň işiniň esasy ugurlarynyň biridir. Hususy önümçilik binýadynyň bolmagy howa ýollarynyň inženerçilik gullugyna zähmeti köp talap edýän tehniki hyzmatlary, «Boeing» ýolagçy uçarlaryny gündelik we düýpli abatlamaga hem-de daşary ýurtlaryň awiakompaniýalarynyň howa gämileri üçin hyzmatlary özbaşdak ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Howa hereketini dolandyrmak howpsuz uçuşlaryň ykbal çözüji ähmiýetli möhüm bölegidir. Howa şertlerine gözegçilik etmegiň kuwwatly awtomatlaşdyrylan ulgamy howa menziliniň zolagynda howa hereketine doly gözegçiligi üpjün edýär.

Işgärleri — uçuş düzümini taýýarlamaga wajyp ähmiýet berilýär. Uçarmanlaryň saglygy we beden taýdan taplygy, şeýle hem her bir uçarmany çözgütleri dessin kabul etmäge taýýarlamak üçin tälim beriş enjamlarynda okuwlaryň geçirilmegi howa gämisiniň ekipažynyň ygtybarlylygyny kesgitleýär.

D.Saburow hasabatyny dowam edip, EASA-nyň bilermenleri tarapyndan geçirilen barlagyň netijeleriniň Aşgabadyň Halkara howa menziliniň awiasiýa howpsuzlygynyň dünýä ölçeglerine kybap gelýändigini tassyklandygyny habar berdi. Munuň özi Türkmenistanyň raýat awiasiýasy babatda beýleki döwletler we halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygyny giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowyň hem-de «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy D.Saburowyň ünsüni EASA-nyň bilermenleri tarapyndan uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde degişli awiasiýa gulluklarynyň hem-de Aşgabadyň Halkara howa menziliniň işine geçirilen barlaglaryň oňyn netijelerine çekdi.

Milli Liderimiz bu ýagdaýyň ýurdumyzyň howa ulaglarynyň işiniň ýokary derejesine we hiline şaýatlyk edýändigini, munuň bolsa Ýewropa ugrunda ýolagçylary gatnatmagy ýola goýmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hojalyk hasaplaşygynda işleýändigini nazara almak bilen, wise-premýere agentligiň ýolbaşçylary bilen Ýewropa Bileleşiginiň şäherlerine dürli ugurlar boýunça gatnawlary amala aşyrmak meselesini düýpli öwrenmegi tabşyrdy. Bu meselede bazar nyrhlaryndan ugur alynmalydyr. Şoňa görä-de, gatnawlara ediljek çykdajylar we şolardan geljek girdejiler hem nazara alynmalydyr. Munuň howa gatnawlaryny amala aşyrýanlar üçin-de girdejili bolmagy göz öňünde tutulmalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işlere toplumlaýyn esasda çemeleşmek arkaly Ýewropa döwletleriniň şäherlerine uçuşlary amala aşyrmak meselesini düýpli öwrenmek üçin iki aý möhlet berip, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygyna degişli meýilnamany taýýarlamak barada anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şunda ýolagçylar üçin hem ähli amatlyklaryň döredilmelidigine ünsi çekdi.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda ýolagçylara we ýük daşaýjylara howa menzilleriniň hyzmatlaryny hödürlemäge ukyply howa menzilleriniň hem-de uçarlaryň islendik görnüşlerini kabul etmäge ukyply uçuş-gonuş zolaklarynyň gurulmagynyň howa ulag ulgamynyň ösen düzümini kemala getirmek, howpsuzlyk we ygtybarlylyk maksady bilen, ony täze enjamlar hem-de tehnikalar bilen üpjün etmek boýunça umumy strategiýanyň bir bölegidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň uçarlarynyň üsti dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň uçarlary we dikuçarlary bilen yzygiderli ýetirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň howa gämileri dünýäniň dürli şäherlerine uçuşlary amala aşyrýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen uçarmanlarynyň halkara ýolagçy gatnawlarynyň çägini has-da giňeldip hem-de hereket edýän ugurlarda gatnawlaryň ýygylygyny artdyryp biljekdigine ünsi çekip, wise-premýere uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de ýolagçylara hyzmat etmegiň derejesini ýokary halkara ölçeglere ýetirmek bilen bagly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow çagyryldy. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň, şol sanda ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak boýunça beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şol maksatlar bilen kesgitlenen meýilnama laýyklykda, durmuş maksatly desgalarda degişli abatlaýyş işleri geçirildi. Ýurdumyzyň elektrik stansiýalarynda desgalaryň birnäçesi döwrebaplaşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, öňde goýlan wezipeleri çözmäge jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini belledi hem-de ugurdaş düzümi, inžener-tehniki ulgamlary döwrebaplaşdyrmaga, hususan-da, şolary ýyladyş möwsümine taýýarlamak işine, umuman, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak meselelerini toplumlaýyn çözmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet elektrik stansiýasynda dikeldiş-abatlaýyş işlerini öz wagtynda geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere hojalygy alyp barmagyň ösen usullaryny we dolandyryş gurallaryny ornaşdyrmagy tabşyrdy.

Soňra sanly wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow çagyryldy. Wise-premýer ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň berjaý edilişi, şol sanda hormatly Prezidentimiziň pudagyň maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hususan-da, ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik düzümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda görülýän çäreler barada giňişleýin habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmennebit» döwlet konserniniň ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlaryny satyn almagy hakynda» kararyň taslamasy milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.

Bellenilişi ýaly, munuň özi ýangyç-energetika toplumynyň degişli önümçilik düzümlerini maksadalaýyk kämilleşdirmäge, olary döwrebaplaşdyrmaga hem-de önümçilik görkezijilerini artdyrmaga ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, guýularda buraw we düýpli abatlaýyş işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hem-de ýöriteleşdirilen tejribeli daşary ýurt kompaniýalaryny we maýa goýumlaryny çekmek arkaly nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz suwuklandyrylan gazyň we esasy nebit önümleriniň öndürilişini mundan beýläk-de artdyrmak, nebitiň hem-de gazyň täze ýataklaryny gözlemegiň we ýüze çykarmagyň hasabyna pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak babatda degişli tabşyryklary berdi. Nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat desgalarynyň netijeli ulanylmagyny gazanmak, bu ugurda önümçilige täze tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminamalara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňlerinde goýlan uly wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere uly üstünlik gazanmagy arzuw etdi.