Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Prezidenti G.M.Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putiniň bilelikdäki beýannamasy

Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Prezidenti G.M.Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putiniň bilelikdäki beýannamasy

Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmekde hem-de peýdalanmakda gazanylan görlüp-eşidilmedik üstünlikleri, şeýle hem olaryň gündelik durmuşa artýan täsirini ykrar edýärler. Iki döwletiň Baştutanlary häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny bikanun, şol sanda halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny we durnuklylygyny saklamagyň wezipeleri bilen bir ýere sygyşmaýan maksatlar bilen ulanmagyň döwletler, olaryň raýatlary we tutuş jemgyýet üçin howp döredip biljekdigini belleýärler. Şahsy maglumatlary bikanun toplamak we peýdalanmak bilen bagly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulanylanda hyýanatçylyklaryň artýandygy barha äşgär duýulýar, bu bolsa, adamyň esasy azatlyklarynyň we hukuklarynyň, şol sanda şahsy durmuşynyň eldegrilmesizligine hukugynyň gönüden-göni bozulmagy bolup durýar. Iki döwletiň Baştutanlary maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny özygtyýarly döwletleriň içerki işine gatyşmak, şeýle hem terrorçylyk maksatlary bilen we jenaýatlary, şol sanda kompýuter maglumatlaryna bikanun aralaşmak, zelel ýetiriji kompýuter programmalaryny döretmek, peýdalanmak we ýaýratmak bilen bagly jenaýatlary amala aşyrmak üçin ulanmagyň öňüni almak boýunça ähli zerur çäreleri görmäge dünýä bileleşigini çagyrýarlar. Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň serhetüsti tebigatyna üns bermek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça milli çäreleriň ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn, sebitleýin hem-de ählumumy derejelerdäki birleşen hereketler arkaly üstüniň ýetirilmelidigine ynanýarlar. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň Baştutanlary Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde döwletleriň özüni jogapkärli alyp barmagynyň kadalaryny, düzgünlerini we ýörelgelerini işläp taýýarlamak boýunça amala aşyrýan işini goldaýarlar. Milli we halkara bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bikanun ulanylmagynyň netijesinde ýüze çykyp biljek gapma-garşylyklaryň öňüni almak we olary parahatçylykly düzgünleşdirmek ugrunda çykyş edýärler. Iki döwletiň Baştutanlary Birleşen Milletler Guramasynda hem-de Halkara elektrik aragatnaşygy birleşiginde Internet ulgamyny dolandyrmagyň hereket edýän ülňüsini kämilleşdirmek, şol sanda Interneti dolandyrmak işine gatnaşmaga döwletleriň deň hukuklaryny üpjün etmek hem-de şunuň bilen baglylykda, Halkara elektrik aragatnaşygy birleşiginiň ornuny ýokarlandyrmak meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň özara arkalaşykly hereketini güýçlendirmegiň zerurdygyny ykrar edýärler. Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa federasiýasynyň Hökümetiniň arasyndaky 2019-njy ýylyň 5-nji aprelindäki Ylalaşygyň esasynda iki döwletiň özara arkalaşykly hereketiniň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýärler.