Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygy boldy.

 

Duşuşygyň öň ýanynda iki döwletiň Baştutanlary sammitiň resmi banneriniň öňünde surata düşdüler.

 

Goňşy ýurtlaryň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirip, köpugurly döwletara gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýandyklaryny tassykladylar. Bu gatnaşyklar köpasyrlyk dostlugyň binýadynda, taryhyň we medeniýetiň umumylygynda, ýylsaýyn täze mazmuna eýe bolýan özara ynamly gatnaşyklaryň esasynda guralýar.

 

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistan 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň meselelerine jogapkärli çemeleşýändigini nobatdaky gezek görkezdi. Munuň şeýledigine Aşgabatda bu abraýly düzümiň mejlisiniň geçirilmegi-de şaýatlyk edýär. Ol GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy has giň syýasy we ykdysady sepgitlere çykarmagy ugur edinýär.

 

Şunuň bilen baglylykda, dostlukly döwletiň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentine sammitiň ýokary derejede guralmagy, dünýäniň halklaryny birleşdirmek işine, oňa gatnaşýan ýurtlaryň köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny giňeltmäge goşan şahsy goşandy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýäniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklar ugrunda üýtgewsiz çykyş edýär. Şunda halkara guramalaryň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde sebit hem-de dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça özara gatnaşyklaryň görnüşlerini we olara täzeçe çemeleşmeleri gözläp tapmaga uly ähmiýet berilýär.

 

Arkalaşygyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk durnuklylygy saklamagyň, özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döretmegiň täsirli guraly bolup çykyş edýär. Türkmenistan hem-de Özbegistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli gatnaşyp, sebitiň hem-de dünýäniň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny görkezýärler.

 

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary meseleleriň giň topary, şol sanda uzak möhletleýin ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar hem-de ägirt uly kuwwata eýe bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmanyň uludygyny tassykladylar.

 

Şunuň bilen baglylykda, dürli derejelerde gazanylýan ylalaşyklary amala aşyrmakda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň işine oňyn baha berildi.

 

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew bilelikdäki giň gerimli düzümleýin taslamalary, ozaly bilen, täze üstaşyr geçelgäniň taslamasyny amala aşyrmagyň möhümdigini bellediler. Bu Eýranyň, Omanyň hem-de Hindistanyň deňiz portlaryna gysga ýol bilen çykmaga mümkinçilik döredip, söwda, üstaşyr gatnawlary we maýa goýumlaryny has-da artdyrmak üçin şert döreder.

 

Ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklar bilen bagly meselelere uly üns berildi. Onuň esasynda iki goňşy ýurtlaryň halklarynyň medeni we ruhy däpleriniň taryhy emele gelen umumylygy durýar.

 

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçirilýän duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge goşmaça itergi berip, sebitde ynanyşmagy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmak işine uly goşant boljakdygyna ynam bildirdiler.

 

Duşuşyga Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow gatnaşdy.