Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň käbir agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz iş saparynyň barşynda Çandybil şaýolunyň ugrunda täze gurulýan desgalara tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, bu ýerde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň görkezen taslamalary, şol sanda Halkara estetiki bejeriş merkeziniň gurluşygy alnyp barylýan taslamalary hem-de paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş ulgamynyň beýleki desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Halkara estetiki bejeriş merkezi barada aýdylanda, onuň gurulmagy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge, ilata dogabitdi ýa-da soň dörän kemçilikleri, zeper ýetmeleri we şuňa meňzeşleri aýyrmak boýunça ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmäge niýetlenendir. Şunuň bilen birlikde, bu taslamanyň amala aşyrylmagy öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen täze, döwrebap desgalary gurmagyň hasabyna ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak, lukmançylygyň çäkli ýöriteleşdirilen ugurlaryny maksadalaýyk ösdürmek boýunça işleriň dowam edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Soňra milli Liderimiz şäheriň şu ýerinde gurulýan «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň binasyndaky işler bilen tanyşdy. Desgany bina edýän «Bouygues Batiment International» fransuz kompaniýasynyň wekili degişli taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Şeýle hem bu ýerde «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň binasy gurulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurluşyk bilen tanyşlygynyň barşynda işleriň hiline hem-de ulanylýan serişdeleriň häsiýetlerine aýratyn üns berdi. Şol serişdeler halkara ölçegleriň berk talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Mundan başga-da, binanyň daş ýüzüniň bezeg işlerinde milli öwüşginler öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek meselesini hemişe berk gözegçilikde saklaýar. Paýtagtymyzyň keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady derejesi, intellektual kuwwaty, türkmen halkynyň baý taryhy we medeni däp-dessurlary aýdyň beýanyny tapýar.

Milli Liderimiz dürli maksatly desgalaryň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen, täze ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalarynyň, senagat toplumlarynyň, ýol-ulag we durmuş düzüminiň desgalarynyň taslamalary bilen içgin tanyşmaga yzygiderli üns berýär.

Aşgabady uzak möhletli ösdürmegiň strategik meselelerine döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan şeýle uly üns berilmegi onuň çäk mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga, abadançylyk maksatnamalaryny ýokary hilli durmuşa geçirmäge, adamlaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmäge, ekologiýa deňagramlylygyny saklamaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz gurluşyklaryň ýokary hil derejesiniň hem-de desganyň bellenen möhletinde ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyna «Bouygues» kompaniýasynyň wekiliniň ünsüni çekdi. Şunda milli binagärligiň ileri tutulmalydygy, yşyklandyryş işleriniň bildirilýän talaplara laýyklykda ýerine ýetirilmelidigi tabşyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýer G.Myradowa hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumynyň gurulýan ýerine geldi. Bu ýerde hem «Bouygues» fransuz kompaniýasynyň wekili döwlet Baştutanymyzy taslama çyzgylary bilen tanyşdyrdy. Milli Liderimiz şeýle hem bezeg serişdeleriniň gurluşyk aýratynlyklary bilen gyzyklandy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, paýtagtymyzyň şu böleginde binalar gurlanda, ýerli tebigy aýratynlyklar göz öňünde tutulmalydyr — tebigatyň dag görnüşleri we häzirki zaman täze gurluşyklary biri-biri bilen sazlaşmalydyr.

Bu talap binagärligiň we taslamalary düzüjileriň öňünde çylşyrymly döredijilik wezipelerini goýýar. Munuň üstünlikli çözülmegi şäheriň has-da gözelleşmegine ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işiň diňe bir estetiki tarapyna däl, eýsem, okgunly ösýän uly şäheriň durmuşynyň beýleki wajyp meselelerine hem üns berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamany gözden geçirip, desganyň bezelişinde, şol sanda mermer bilen örtülişi baradaky meselä ünsi çekdi. Bu işlerde ýokary hil derejesiniň hem-de milli aýratynlyklaryň bildirilýän talaplara laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyryp, döwlet Baştutanymyz ulanylýan bezeg serişdeleriniň berkligi we uzak döwre niýetlenen bolmagy bilen tapawutlanmalydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem bina edilýän toplumyň paýtagtymyzyň häzirki döwürde özgerýän ajaýyp binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşyp, özünde milli öwüşgini jemlemelidigini belledi.

Amala aşyrylýan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň öňde goýlan ähli wezipelerini çözmäge täzeçil we oýlanyşykly çemeleşmäni, öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary, iň gowy dünýä tejribesini çekmegi ugur edinýär. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, gurluşyklaryň giň gerimini nazarda tutup, desgalaryň hiliniň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine hem-de milli binagärlik aýratynlyklaryna üns bermegiň zerurdygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Täze binalar we desgalar gurlanda, olaryň maksadyny we oýlanyşykly ulanylmagyny, toplumlaýyn ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik-tehniki we ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmegi göz öňünde tutulmalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgalar tehniki taýdan enjamlaşdyrylanda, iň döwrebap, şol sanda sanly tehnologiýalara esaslanýan iň häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleriniň ulanylmalydygyny belläp, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň gurulýan ýerine geldi. Hormatly Prezidentimiz desgany gözden geçirip, potratça iň ýokary gurluşyk ülňülerini üpjün etmek hem-de ähli işleriň hilini, şu we toplumyň beýleki binalarynyň öz wagtynda ulanylmaga tabşyrylmagyny, täze gurluşyklarda ulanylýan reňkleriň sazlaşygyny üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi.

Bäş gatdan ybarat bolup, 47 müň 464 inedördül metr meýdany tutýan bu uly göwrümli bina 93,7 müň inedördül metr ýerde ýerleşýär. Desganyň beýikligi 38,65 metre, ini bolsa 190 metre deňdir.

Maslahatlar merkeziniň toplumynyň hemme üç desgasy umumy binagärlik çözgüdine eýe bolup, ýeke-täk toplumy emele getirýär. Soňky ýyllarda Aşgabadyň sebit we dünýä derejesindäki iri forumlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülendigini nazara almak bilen, bu ýerde gurulýan desgalar ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm gurluşyk taslamalarynyň başyny başlamak bilen, olary durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny — taýýarlamakdan amala aşyrmaga çenli ähli tapgyrlary hemişe üns merkezinde saklap, öňde goýlan wezipeleri çözmäge innowasion, toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny belleýär.

Milli Liderimiziň işleriň alnyp barlyşyny gözden geçiren nobatdaky desgasy Kabul edişlikler merkezi boldy. Döwlet Baştutanymyz ýerine ýetirilýän işler bilen tanşyp, onda ulanylýan bezeg we gurluşyk serişdeleriniň hil aýratynlygyna hem-de milli özboluşlylygyna uly üns berilmelidigini belledi.

Desganyň enjamlaşdyrylmagynda ösen öňdebaryjy sanly tehnologiýalara hem-de aragatnaşyk serişdelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Onuň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyrylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra milli Liderimiz gurluşygy alnyp barylýan täze «Arkadag» kaşaň myhmanhanasynyň ýanyna geldi. Bu bina ähli ölçegleri — gurluşygyň hilinden başlap, üpjünçiligine we bezelişine çenli ýokary halkara ölçeglere hem-de şeýle desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelmelidir.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyza myhmanhananyň otaglarynyň içki bezegleri we onuň enjamlaşdyrylyşy, myhmanlara amatlylyk babatda döredilen şertler barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän enjamlaşdyrylan görkezme otaglary görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz görkezilen nusgalar bilen tanşyp, otaglar bezelende, milli bezeg öwüşginleriniň işjeň ulanylmalydygyna ünsi çekdi. Şunlukda, toplumda döredilýän şertler halkymyzyň gadymy myhmansöýerlik däplerine doly laýyk gelmelidir.

Bu ýerde 3D ulgamy arkaly myhmanhananyň içki we daşky bezeg aýratynlyklary, onuň otaglarynyň ýerleşdirilişi barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurulýan binalarda bolşy ýaly, bu toplumyň gurluşygynda işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, onda häzirki zamanyň ösen tejribeleri bilen iň oňat milli ýörelgeleriň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň myhmanhananyň gurluşygyna bildirilýän esasy talap bolup durýandygyny belledi.

Kaşaň myhmanhananyň binasy ýarym aýlaw şekilli bolup, ol Arçabil we Çandybil şaýollarynyň arasynda, 22,9 gektar meýdanda ýerleşer. Onuň düzümine otel, Işewürlik merkezi we Apart oteli girýär. Binalar bezelende milli türkmen nagyşlary we beýleki bezeg serişdeleri ulanylar.

Şeýle-de myhmanhananyň meýdançasynda gidropark bilen birleşýän uzynlygy 725 metr bolan derýa, emeli köl, açyk howuz, çüwdürimler, tomusky restoran we kafe ýerleşdiriler. Şunuň bilen birlikde, taslama uzynlygy 600 metr bolan awtomobil ýoluny öz içine alýar.

Häzirki wagtda täze gurluşykda işler bellenilen tertipde sazlaşykly dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilip, şertnamada göz öňünde tutulan möhletde tamamlanmagy üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini belläp, desgadaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Täze myhmanhana toplumy şeýle hem ajaýyp keşbi bilen myhmanlarda uly täsir galdyryp, milli binagärligiň özboluşly sungat eserine öwrülmelidir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, täze gurulýan ähli binalar paýtagtymyzyň şu böleginiň ajaýyp binagärlik toplumy bilen utgaşyp, bu ýerde ozal gurlan desgalar we şäher gurşawy bilen sazlaşmalydyr.

Şolaryň daşky we içki bezelişinde, otaglarynda milli nagyşlary giňden ulanmak gerek, munuň özi binalara aýratyn öwüşgin çaýar hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň halkymyzyň baý özboluşly däpleri bilen tanyşmagyna ajaýyp mümkinçilik döreder diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Aşgabat sebit we dünýä hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrüldi, munuň özi halkara häsiýetli iri çäreleri geçirmek hem-de sany ýylsaýyn artýan daşary ýurtly myhmanlary mynasyp kabul etmek üçin ähli şertleri döretmegiň möhümdigini aňladýar diýip, milli Liderimiz belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan desgalar bilen tanyşlygyny täze Hökümet münberiniň ýanynda dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz bu taslamanyň durmuşa geçirilişiniň barşyny gözden geçirip, hususan-da, ony bezemek we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak bilen bagly tabşyryklary berdi.

Bu desganyň umumy meýdany 20 müň 450 inedördül metre barabardyr. Onuň töwereginde 47 müň 324 inedördül metr meýdan abadanlaşdyrylar. Gündogarda köşk gurmak usulynda gurulýan bina Prezident münberini hem-de 2 müň orunlyk myhmanlar üçin münberi özünde jemleýär. Desganyň öň ýüzündäki böleginiň beýikligi 30 metre deňdir, mundan başga-da, onuň iň ýokarky gatynyň beýikligi 2,55 metre barabardyr. Münberiň ini 160 metrdir, şeýle hem bu ýerde dikuçar meýdançasy göz öňünde tutulypdyr.

Milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň häkimine hem-de «Bouygues Batiment International» fransuz kompaniýasynyň wekiline döwlet münberini bezemek babatda görkezmeleri berdi. Münberiň ýanynda giň gerimli dabaralar, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli dabaralar geçiriler. Mundan başga-da, bu ýerde myhmanlar üçin hem iň oňaýly şertler döredilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, harby ýörişler taýýarlanylanda, ýöriteleşdirilen döwrebap tehnikalaryň guramaçylykly geçmegi üçin hemme zerur şertleriň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz gürrüňi dowam edip, bu ýerde dabaraly ýörişler bilen bir hatarda, köpçülikleýin çäreleriň giň gerimli we toplumlaýyn guralmagy üçin hemme zerur şertleriň göz öňünde tutulmagynyň möhümdigine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň ünsüni çekip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz iş saparynyň netijelerini jemläp, hökümet agzalaryna, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem-de Aşgabat şäheriniň häkimine ýüzlenmek bilen, paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek, şäheriň durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň sazlaşykly we toplumlaýyn işlemegini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilat üçin amatly şertleri döretmek bilen, binalary ygtybarly we owadan gurmagyň, geljege niýetlenen döwrebap düzümleri kemala getirmegiň baş talap bolup durýandygyny belläp, hemmelere öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.