Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk sport toplumynda baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk sport toplumynda baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

 

Şu gün Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda şowhunly çäreleriň biri bolan ahalteke bedewleriniň çapyşyklary geçirildi.

Şu baýramçylyk günlerinde Köpetdagyň ajaýyp tebigy künjeginde ýerleşen atçylyk sport toplumyna, asylly däbe görä, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geldi.

Irden Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ählumumy ruhubelentlik we ýokary göteriliş ýaýbaňlandy. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň Diýarymyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ildeşlerimiz ýygnandylar.

Çärä gatnaşýanlaryň arasynda şanly sene mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen hormatly daşary ýurtly myhmanlar we işewürler bar.