Mukaddes Garaşsyzlygyň 28 ýyllygy mynasybetli dabaralar

Mukaddes Garaşsyzlygyň 28 ýyllygy mynasybetli dabaralar

 

Şu gün döwletimiziň we halkymyzyň taryhynda ykbal çözüji sene bolan Garaşsyzlyk güni giňden baýram edilýär. Indi 28 ýyl bäri ýurdumyz özüniň saýlap alan we şöhratly pederlerimiziň Watany, parahatçylygy, ylalaşygy hem-de milletiň bitewüligini goramak ýaly köpasyrlyk arzuwlarynyň wysalyna öwrülen ýoly bilen ynamly gadam urýar. Häzirki döwürde ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Watanymyzyň şöhratly işler, beýik başlangyçlar, ýetilen sepgitler we uly üstünlikler bilen beslenen täze taryhyny ýazýar.

Garaşsyzlygyň mukaddes baýdagynyň astynda halkymyz özüniň geljegini gurýar, zähmet çekýär, mähriban topragymyzy gülläp ösýän künjege öwürýär. Bu ýerde ýagşy dessurlara, mirasa hormat goýulýar. Häzirki ýetilen sepgitlere buýsanylýar we täze ösüşlere ynamly gadam goýulýar. Şu ýyllaryň dowamynda ýurdumyz dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Onuň halkara giňişligindäki abraýy ýokarlanýar we milli Liderimiziň ählumumy howpsuzlygyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen netijeli hem-de parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar.

Türkmenistanda ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, köpugurly esasda ösdürmek, durmuş düzümini kämilleşdirmek boýunça giň möçberli özgertmeler maksatnamalary ýaýbaňlandyryldy. Täze şäherler we obalar gurulýar. Halk Maslahatynyň ýakynda geçen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki palataly ulgama geçmek hem-de Halk Maslahatyny we Mejlisi wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmak maksady bilen öňe süren teklibi boýunça täze konstitusion özgertmeler hakyndaky çözgütler kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz ählihalk forumynda ýurdumyzy 2020-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerini kesgitledi.

Bu gün bolsa ýurdumyz döwlet özygtyýarlylygyna eýe bolmagynyň şanly senesiniň uly baýramçylygyny dabaralandyrdy. Paýtagtymyzdaky Baş meýdan baýramçylygyň myhmanlaryny we oňa gatnaşyjylary aýratyn baýramçylyk öwüşgininde garşylady. Onuň münberlerinde hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Aşgabada gelen toparlarynyň wekilleri, şeýle hem Halk Maslahatynyň agzalary bar. Hemmeler şatlyk-şowhuna utgaşýan dabaranyň başlanmagyna garaşýarlar. Asylly däbe görä, bu ýerde Garaşsyzlyk gününiň baş dabaralary meýilleşdirildi.

Garaşsyzlyk meýdanynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň ähli kysymlarynyň harby gullukçylary nyzama düzüldiler.

Sagat 10.00. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet münberine çykýar. Ýygnananlar milli Liderimizi ruhubelentlik bilen mübärekleýärler.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Göreldeli harby orkestri dabaraly sazy çalýar.

Baýramçylyk harby ýörişden başlanýar. Bu ýöriş eziz Watanymyzyň goranyş kuwwatyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň, halkymyzyň döredijilikli durmuşynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny nobatdaky gezek görkezdi.

Goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa döwlet Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli eziz Watanymyzyň goranyş kuwwatynyň gözden geçirilişine taýýarlyk barada hasabat berýär.

Milli Liderimiz ýörişi başlamaga rugsat berýär.

Goranmak ministri awtoulag bilen dabaraly harby ýörişe gatnaşýan şahsy düzümleriň öňünden geçip, olary gutlaýar. Şahsy düzümleriň hatarynda harby gullukçylar hem-de ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, Milli goşunymyzyň esgerleri hem-de serkerdeleri egin-egne berip durlar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar we şol wagt Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dabaraly ýagdaýda galdyrylýar.

Meýdanda nyzama düzülen türkmen harbylary eziz Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny aýdýarlar. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri döredilen gününden bäri, aýratyn hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gaýduwsyz ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini dowam etdirip we ençeme asyrlaryň dowamynda emele gelen harby däpleri hem-de harby sungaty kämilleşdirip, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan kuwwatly Milli goşuna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda harby ulgamda üstünlikli geçirilýän giň möçberli işleriň netijesinde Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyryldy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri iň döwrebap ýörite tehnikalar we ýaraglar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Harby gullukçylaryň söweşjeň we amaly taýýarlygy hil taýdan täze derejä çykaryldy. Milli harby işgärleriň täze nesli kemala geldi, esgerleriň we serkerdeleriň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulandyryldy.

Türkmen esgerleri döwletimiziň hemişelik aladasyna mynasyp jogap bermek bilen, iň täze harby tehnika we ýaraglara erk etmegiň ussatlygyny, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezýärler. Yzygiderli guralýan taktiki okuwlar hem-de harby-watançylyk terbiýesi, beden taýýarlygyny, öňdebaryjy söweşjeň tehnikanyň we ýaraglaryň dürli görnüşlerine erk etmegiň hem-de dolandyrmagyň tälimlerini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Baýramçylyk ýörişini baýdak göterijiler topary açýar. Esgerler dabaraly sazyň astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de Ýaragly Güýçlerimiziň goşun kysymlarynyň söweşjeň baýdaklaryny alyp geçýärler.

Soňra dabaraly harby ýöriş bilen Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary geçýärler. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli kysymlarynyň ýaş esgerleri we şahsy düzümi gaýduwsyz esger, milli Liderimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewden görelde alýarlar. Ol Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Watany goramakda we harby borjy ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — “Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglanyldy.

Soňra münberiň öňünden Milli goşunymyzyň serkerdeler batalýony hem-de ata Watanymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün etmek işine saldamly goşant goşýan zenan harby gullukçylar baýramçylyk ýörişini dowam edýärler.

Münberiň öňünden geçýän motoatyjy batalýonynyň esgerleri ýokary tälimiň hem-de ussatlygyň ajaýyp nusgalaryny görkezýärler. Olaryň yzysüre eziz

Watanymyzyň asuda asmanyny ygtybarly goraýan Harby-howa güýçleriniň uçarmanlary geçýärler.

Döwlet münberiniň öňünde asmana atyjylar batalýonynyň harby gullukçylary geçýärler. Olar eziz Watanymyzy gaýduwsyzlyk bilen goramakda görelde bolýarlar.

Baýramçylyk ýörişine Watanymyzyň, halkymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňünde mukaddes borjuny mynasyp ýerine ýetirýän deňiz-pyýada batalýonynyň harby gullukçylary hem gatnaşýarlar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanýan uly üstünliklerinde Harby-deňiz güýçleriniň esgerleriniň hem mynasyp goşandygynyň bardygyny bellemelidiris. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde, döwletimiz tarapyndan goşunlaryň bu kysymyna uly üns berilýändigi netijesinde, harby flotuň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.

Dabaraly ýörişi artilleriýa diwizionynyň şahsy düzümi dowam etdirýär. Olar harby okuw-türgenleşiklerinde takyk ot atyş urgularyny amala aşyrmakda ýokary ussatlyk görkezýärler.

Olaryň yzysüre Baş meýdana Goranmak ministrliginiň raýat goranyş we halas ediş baş müdirliginiň batalýonynyň harby gullukçylary çykýarlar. Onuň şahsy düzümi adatdan daşary ýagdaýlarda hem-de şolaryň netijelerini aradan aýyrmakda dessin kömek bermek boýunça öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli geçirilýän şu ýörişe milli goşunymyzyň täze kysymynyň — Territorial goranyş goşunlarynyň batalýonynyň harby gullukçylary hem gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen bu bölümiň esasy wezipesi döwlet, strategik hem-de aýratyn möhüm desgalary goramakdan ybaratdyr.

Soňra münberiň öňünden Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýörite maksatly toparynyň harby gullukçylary batly gadam urup geçýärler. Olar öňdebaryjy taktikany we iň täze tehniki serişdeleri ulanmak arkaly operasiýalara gatnaşýarlar.

Bilimiň we ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda harby gullukçylaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak hem-de ýaş esgerleri ata Watanymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda harby bilimiň bitewi ulgamy döredildi. Onuň düzümine Goranmak ministrliginiň harby instituty we onuň ýanyndaky ýokary serkerdeler düzümi üçin akademiki fakultet, Harby-deňiz instituty, Içeri işler ministrliginiň instituty, Serhet instituty we Milli howpsuzlyk instituty, Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdepleri, Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebi girdi.

Bu okuw mekdepleriniň esasy wezipesi Milli goşunymyz üçin döwrebap tehnikalara we enjamlara ussatlyk bilen erk edýän ýokary hünärli serkerdeleriň täze neslini taýýarlamakdan ybaratdyr.

Içeri işler ministrliginiň institutynyň işi hem şu maksatlara gönükdirilendir. Bu institutyň talyplary şu gün baş meýdandan ynamly ýöräp geçýärler. Beýlekilerde bolşy ýaly, bu ýokary okuw mekdebinde hem okuw-terbiýeçilik işi häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparynyň harby gullukçylary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmen edermen» diýlip atlandyrylan ýörite maksatly batalýonyň esgerleri batly gadam urup geçýärler. Ýörite maksatly bölümleriň şahsy düzüminiň esasy aýratynlygy söweşjeň, amaly we beden taýýarlygynyň ýokary derejesinden ybaratdyr. Olaryň işiniň esasy ýörelgeleri bolsa söweşjeň wezipeleri çalt çözmek, ykjamlyk bilen baglanyşyklydyr.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tarapyndan şu ýylyň iýun we sentýabr aýlarynda geçirilen Milli goşunymyzyň söweşjeň taýýarlygynyň duýdansyz barlaglarynyň barşynda bu düzümleriň esgerleri ajaýyp söweşjeň taýýarlygy görkezdiler. Milli Liderimiziň «Türkmen edermen» medalyny döretmek baradaky teklibi bolsa, bu gaýratly ýigitleriň söweşjeň ruhuny galdyrdy.

Mälim bolşy ýaly, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri – türkmenleriň buýsanjy we şöhratydyr, edermen halkymyzyň dünýä siwilizasiýasynyň genji-hazynasyna goşan ajaýyp goşandydyr. Köp asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewleri gaýduwsyz ýigitlerimiziň wepaly ýoldaşy, baýramçylyklarda bolsa olaryň ýakyn dosty bolupdyr. Häzirki döwürde ahalteke bedewleri Watan goragçylarynyň ýakyn kömekçilerine öwrülip, olar bilen bilelikde jogapkärli wezipeleri çözmäge saldamly goşant goşýarlar.

Ine, şu gün hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we goldawy bilen döredilen Ýaragly Güýçlerimiziň we Içeri işler ministrliginiň atçylyk bölümleriniň ýörişi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygynyň hormatyna geçirilen dabaranyň hakyky bezegine öwrüldi.

Soňra milli goşunlarymyzyň döwrebap harby tehnikalarynyň nobaty gelip ýetýär. Baş meýdandan Milli goşunymyzyň dürli kysymlarynyň mehanizirlenen kerwenleri yzly-yzyna geçýärler. Kerweniň ýöriş hatarynyň öňüni «Combat Guard» kysymly harby awtoulag çekýär. Onuň yzysüre ýörite maksatly bölümler tarapyndan söweşjeň wezipeleri çalt hem-de bökdençsiz ýerine ýetirmek üçin niýetlenen täze motoulag serişdeleri geçýärler. Olarda ornaşdyrylan döwrebap tehniki serişdeler islendik şertlerde söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Gözden geçirilişi «MRZR-D2», «MRZR-D4», «DAGOR», «AJBAN» kysymly harby awtoulaglar dowam edýärler. Olar ýörite maksatly toparlar üçin niýetlenendir. Bu ykjam we şol bir wagtyň özünde-de kuwwatly taktiki ulag serişdeleri barmasy kyn ýerlerde jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmäge kömek berýär.

Häzirki wagtda «Land Rover» we «NIMR» kysymly sowutlanan awtoulagy ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümine kabul edilen kämil tehnikadyr. Dabaraly harby ýörişe gatnaşýan bu döwrebap harby awtoulagyň üstünde söweş alyp barmak üçin tanka garşy raketalar, minomýotlar hem-de pulemýotlar bar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üsti «AL SHIBL» kysymly harby awtoulaglar bilen hem ýetirildi. Olar söweş hereketlerinde we taktiki tälimlerde ýörite maksatly toparlaryň dessin hereket etmegi üçin niýetlenendir.

Baýramçylyk mynasybetli dabaraly harby ýörişe Milli Ýaragly Güýçlerimiziň düzümindäki kämil söweş tehnikalary bolan «KARAKAL» kysymly söweşjeň tehnikalar, şeýle hem BTR-80A kysymly söweş tehnikalary we ýörite maksatly toparlar üçin niýetlenen «KIRPI» kysymly sowutlanan harby awtoulaglar hem gatnaşýarlar.

Meýdanda ikinji mehanizirlenen kerwen peýda bolýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri iň täze nusgadaky aragatnaşyk serişdeleri, şol sanda awtoulag serişdeleriniň üstünde ýerleşdirilen göçme we stasionar radiostansiýalar bilen yzygiderli üpjün edilýär. «Rode Schwarz» kysymly häzirki zamanyň döwrebap harby aragatnaşyk enjamlary ýerleşdirilen «Land Rover» kysymly tehnikalar hem-de «FM — 90» kysymly asmana atyjy raketa toplumlary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Olar howa giňişligindäki hem-de suw üsti nyşanalary ýokary takyklyk bilen hatardan çykarýarlar.

Üçünji mehanizirlenen kerweniň düzüminde dabaraly harby ýörişiň hatarlary bilen Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby awtoulaglary — «Toyota HILUX», «COBRA», «MANTRA», «PMV — SURVIVOR — II», «KIRPI» kysymly awtoulaglar geçýärler. Bu ulaglar kuwwatlylygy, tizlik häsiýetleri hem-de ýokary geçijiligi bilen tapawutlanýarlar. Şol ulaglar eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak üçin niýetlenendir.

Soňra münberiň öňünden «IVECO» kysymly awtoulaglar geçýär, olarda oturdylan «ZU — 23» kysymly asmana atyjy raketa toplumlary pes belentlikde uçýan uçarlary ýok etmek üçin niýetlenendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan harby özgertmeleriň netijesinde goşunlaryň ähli kysymlary hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary, şol sanda içeri işler edaralary iň täze tehnikalar we enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär.

Şu gün harby ýörişde dördünji mehanizirlenen kerweniň düzüminde Içeri işler ministrligine degişli «OTOKAR», «FORD», «TOYOTA TUNDRA», «GMS Sierra», «PMV SURVIVOR II» kysymly ýeňil sowutlanan awtoulaglar bar. Baýramçylyk ýörişini ýurdumyzyň harby-howa güýçleri dowam etdirýärler. Olar eziz Watanymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek işinde möhüm orun eýeleýär.

Asmanda ýurdumyzyň harby-howa güýçleriniň «Mi — 17» we «Mi — 8» kysymly dikuçarlary peýda bolýar.

Olaryň yzysüre Döwlet serhedini goramak üçin ulanylýan «Agusta — 109» we «Agusta — 139» kysymly dikuçarlar uçup geçýärler. Olaryň tehniki häsiýetleri Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylaryna daglyk we beýleki barmasy kyn ýerlerde gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Döwrebap dikuçarlary ýokary ussatlyga eýe bolan türkmen uçarmanlary dolandyrýarlar.

Asmandaky harby ýöriş Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Eurocopter — 365» hem-de Içeri işler ministrliginiň «Eurocopter — 145» kysymly dikuçarlary bilen dowam etdirilýär.

Baş meýdanyň ýokarsyndan «Diamond — 42» kysymly ýörite uçar uçup geçýär. Onuň tehniki häsiýetleri aňtawçylyk uçuşlaryny geçirmäge hem-de aero-foto we wideo arkaly suratlary almaga mümkinçilik berýär.

Olaryň yzysüre «Su — 25» kysymly söweşjeň uçarlar baş meýdanymyzyň howa giňişliginde peýda bolýarlar. Türkmen uçarmanlary söweşjeň dikuçarlary we uçarlary ussatlyk bilen dolandyryp, ýokary hünär ussatlygyny görkezýärler. Munuň özi ata Watanymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň ygtybarly ellerdediginiň kepili bolup durýar.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişine gatnaşýan bu döwrebap ýerüsti we harby-howa tehnikalary hem-de ýaraglary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, milli Ýaragly Güýçleri döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işini kämilleşdirmek meselelerine yzygiderli üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça we ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan harby özgertmeleriň esasy wezipesi häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmaga ukyply, ykjam goranyş maksatly goşuny döretmekden ybaratdyr. Bu babatda şu günki harby ýöriş yzygiderli döwrebap enjamlar hem-de harby tehnikalar bilen üpjün edilýän harby we hukuk goraýjy düzümleriň kuwwatynyň ep-esli artdyrylandygyny aýdyňlyk bilen görkezdi. Häzirki wagtda Milli goşunymyz Türkmenistanyň çäk bitewüliginiň, milli howpsuzlygynyň, parahatçylygyň we asudalygyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmäge ukyplydyr.

Baýramçylyk dabaralary dowam edýär: döwlet münberiniň öňünde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aýratyn Hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary peýda bolýarlar.

Esgerler ýaraglary bilen hatarlaýyn emellerini ýerine ýetirmekde ýokary tälim ussatlygyny görkezip, meýdanda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyndaky parahatçylygyň nyşanyny alamatlandyrýan zeýtun şahajyklarynyň, şeýle hem «Abadançylyk» binasynyň we alabaýyň şekillerini emele getirýärler. Baş milli baýramymyz mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Göreldeli harby orkestri dabaralandyrýar. Ol «28» diýen şanly senäniň şekilini emele getirdi.

 

 

Soňra dabaraly ýörişiň ikinji bölüminiň başlanmagynyň öňüsyrasynda meýdana Gün şöhlesine öwşün atýan mele reňkli ahalteke bedewini çykardylar. Bedewiň baýramçylyk äheňindäki şaý-sepler bilen bezelmegi görnüşlere özboluşly dabara çaýýar. Ýigitler joşgunly bedewiň jylawyndan tutup, onuň gözelligini, çeýeligini we syn-sypatyny görkezýärler. Ynamly gadam urýan bedew toprakdan örküni üzüp, uçmaga hyýal edýän guşuň hereketini ýerine ýetirýär. Ahalteke bedewiniň görnüşinde özboluşly gudrat bar. Şeýle bedewleri türkmen halkynyň şöhratly atşynaslary ýetişdirip, ony dünýä çykardylar.

Watanymyzyň we tutuş türkmen halkynyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan köptaraply işine çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanymyza egindeşleriniň adyndan köp müňýyllyk milli taryhymyzyň we ýurdumyzyň häzirki döwürdäki okgunly ösüşiniň nyşany bolan ajaýyp bedew sowgat berilýär.

Dabarany alypbaryjy milli Liderimizden ählihalk söýgüsiniň we beýik hem-de asylly başlangyçlara goldawyň nyşany hökmünde şu ajaýyp ahalteke bedewini kabul etmegini haýyş edýär.