Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

 

 

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

 

Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu gün berkararlygyň, bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan beýik baýramdyr. Şoňa görä-de, biz taryhy sene bolan 27-nji sentýabra aýratyn sarpa goýup, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylda hem Garaşsyzlyk gününi Bitarap Diýarymyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýan şanly wakalar, ajaýyp üstünlikler, dabaraly çäreler bilen ýokary ruhubelentlik derejesinde garşy alýarys.

 

Eziz halkym!

 

Ýigrimi sekiz ýyl mundan ozal Garaşsyzlygyny bütin dünýä jar etmek bilen, Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşly nusgalyk ýoly saýlap aldy. Garaşsyzlygymyzyň aýratyn jogapkärli ilkinji ýyllarynda ýurdumyz özbaşdak we erkin syýasaty durmuşa geçirmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni ösüşine mynasyp goşant goşmak bilen, ählumumy parahatçylygyň we ylalaşygyň hatyrasyna tagallalary birleşdirýän döwlet hökmünde abraýyny has-da pugtalandyrdy.

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyz, döwlet, halk, umumadamzat bähbitli beýik işlerimiz, üstünlikli durmuşa geçirýän halkara ähmiýetli taslamalarymyz, düýpli özgertmelerimiz beýik maksada — Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge hem-de mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şu maksat bilen, ajaýyp taryhy eýýamda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza laýyklykda, merdana halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerine, agzybirligine we jebisligine daýanyp, berkarar döwletimiziň garaşsyzlyk binýadyny has-da berkidýäris.

 

Güneşli Diýarymyzy dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän nusgalyk döwletleriniň derejesine çykarmak üçin «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen belent wezipelere laýyklykda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny düýpli döwrebaplaşdyrýarys hem-de döwrümiziň ýokary tizlikli tehnologik ösüşleri bilen ugurdaşlykda sanly ulgama geçirýäris. Täze şäherdir obalary, gaz geçirijileri, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, iri innowasion senagat-önümçilik toplumlaryny gurýarys.

 

Biz ata Watanymyzy yzygiderli ösdürmek, dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmak maksadymyzdan ugur alyp, Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda ýokary ruhubelentlik derejesinde geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda berkarar döwletimiziň we agzybir jemgyýetimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, has belent wezipeleri kesgitledik.

 

Mähriban watandaşlar!

 

Dünýä bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň esasy kadalaryndan hem-de maksatlaryndan ugur alyp, biz Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny hem yzygiderli ýokarlandyrýarys. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Ýer ýüzüniň dürli döwletleri bilen syýasy, ykdysady hem-de medeni gatnaşyklary yzygiderli giňeldýäris. Ýer ýüzünde parahatçylygy we ylalaşygy pugtalandyrmak, içerki ösüşi hem-de dünýä giňişliginde milli bähbitleri üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirýäris.

 

Şoňa görä-de, halkara ähmiýetli möhüm wakalara baý bolan 2019-njy ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumyny ýokary derejede geçirdik. Biziň başlangyjymyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Şeýle hem birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça başlyklygyň Beýannamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilip, bu guramanyň resmi dillerinde neşir edildi. Elbetde, dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýan biziň bu ähli üstünliklerimiziň binýady ata Watanymyzyň Garaşsyzlygy we Bitaraplygy bolup durýar. Sebäbi Garaşsyzlyk we Bitaraplyk — parahat, asuda, bolelin we gülläp ösýän durmuşy beren beýik mukaddesliklerdir.

 

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

 

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

 

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň we agzybir halkymyzyň bütin dünýäde at-abraýy, şan-şöhraty has-da belende galsyn!

 

Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt hem-de maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

 

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.