Filippo Grandi: Türkmenistanyň raýatlygyna 863 adamyň kabul edilmegi baradaky çözgüt halkara derejesinde ykrar edilmegine mynasypdyr

Filippo Grandi: Türkmenistanyň raýatlygyna 863 adamyň kabul edilmegi baradaky çözgüt halkara derejesinde ykrar edilmegine mynasypdyr

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

 

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we ählumumy derejede raýatsyzlyk meselelerini çözmekde möhüm orun eýeleýändigi üçin hoşallyk bildirmek isleýärin.

2011-nji ýyldan soň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň 8800-e golaýyna raýatlygyň berilmegi hem-de Siziň 2024-nji ýyla çenli raýatsyzlygy aradan aýyrmak baradaky hereketleriň Milli meýilnamasyny makullamagyňyz Siziň bu meseläni çözmäge ygrarlydygyňyza şaýatlyk edýär.

Siziň 2019-njy ýylyň 20-nji sentýabryndaky Permanyňyza laýyklykda, golaýda ýene-de 863 adama Türkmenistanyň raýatlygyny bermek hakyndaky çözgüdiňiz barada eşitmek meniň üçin ýakymly boldy. Bu ädim möhüm waka hem-de halkara ykrarnamasyna mynasyp bolup durýar.

Ýokarda aýdylanlar bilen baglylykda, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 2019-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda meýilleşdirilen ýetmişinji umumy mejlisinde raýatsyzlyk meseleleri boýunça ýokary derejedäki duşuşyk barada Size habar bermek işleýärin. Bu çäre onýyllygyň dowamynda raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça biziň düýpli işimiziň deň ýarysynyň tamamlanandygyny alamatlandyrýar. Mundan başga-da, biz 2019-njy ýylyň 17 — 18-nji dekabrynda bosgunlaryň birinji Ählumumy forumyny guraýarys.

Çäreleriň ikisi hem Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde, Milletler Köşgünde geçiriler we olar Türkmenistan üçin häzirki güne çenli gazananlaryny görkezmek babatda oňaýly mümkinçilik bolup biler. Şol çäreler şeýle hem Siziň ýurduňyzyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda gün tertibine has doly ygrarlylyk bilen baglylykda, özüňiziň milli meýilnamaňyzy has doly amala aşyrmak üçin göz öňünde tutýan ädimleri barada yglan etmek mümkinçiligini döredip biler.

Üns berilmegini talap edýän käbir gazanylanlar, mysal üçin, Siziň çagalaryň dogluşynyň ählumumy bellige alynmagyny üpjün etmek ýa-da raýatsyzlygy kesgitlemegiň çärelerini bellemek baradaky yzygiderli tagallalaryňyzy öz içine alyp biler. Şeýle maglumatlar Türkmenistanyň bu ulgamda eýeleýän esasy ornuny ýene-de bir gezek nygtap görkezer we beýlekiler üçin ruhlandyryjy mysallar hökmünde hyzmat eder.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, biziň hyzmatdaşlygymyz üçin hoşallyk bildirýärin hem-de Sizi we türkmen halkyny milli baýram – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Filippo Grandi,

BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary