Milli Liderimiziň “Türkmen alabaýy” atly kitaby milli gymmatlyklary wagyz etmekde täze belentlikdir

Milli Liderimiziň “Türkmen alabaýy” atly kitaby milli gymmatlyklary wagyz etmekde täze belentlikdir

 

Ministrler Kabinetiniň anna güni bolan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen alabaýyna bagyşlanan täze kitabynyň çapdan çykandygyny habar berdi. Döwlet Baştutanymyzyň milli taryhy-medeni gymmatlygyň ýene-de bir ugruny açyp görkezýän nobatdaky eseri ýetip gelýän Garaşsyzlyk güni mynasybetli ildeşlerimize baýramçylyk sowgady boldy.

Milli Liderimiz golaýda Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda çykyş edip, Garaşsyzlygyň her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedigini, bu sözüň özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişimize, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýändigini belledi.

Ägirt uly ylmy materiallary umumylaşdyrmaga esaslanan täze eser döwlet Baştutanymyzyň türkmenleriň buýsanjyna öwrülen gymmatlyklary barada ýazan kitaplarynyň üstüni ýetirer. Taryhy tejribe, däp-dessurlar ösüş we hereket üçin ygtybarly daýanç, güýç kuwwatyň we özüňe ynamyň çeşmesi bolup hyzmat edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

“Türkmen alabaýy” atly kitap diňe bir dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny açyp görkezýär. Türkmen alabaýy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ahalteke bedewi, haly ýa-da gawun ýaly milli gymmatlyklar bilen bir hatarda durýar. Olar türkmenleriň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky düşünjelerini we garaýyşlaryny beýan edýän çuň manyly keşplere öwrülip, halk medeniýetiniň möhüm gatlagyny emele getirýär.

Häzirki döwürde bu keşpler özüniň ähmiýetini birjikde ýitirmän, gaýtam, has çuň many-mazmuna eýe boldular. Çünki olar özüne adamlaryň köp nesilleriniň buýsanç duýgularyny, olaryň asylly zähmeti üçin ata-babalarymyza hoşallyklaryny jemledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmenleriň milli gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek boýunça maksada okgunly we tutanýerli işi olaryň tutuş dünýäde ilerledilmegine we ösmegine ýardam etdi.

“Türkmen alabaýy” atly kitap hem bu giň gerimli işe saldamly goşant bolar. Bu neşiriň sahypalaryndan okyjy oňat bezelen kitabyň baş gahrymany barada, alabaýyň milletiň ykbalynda eýelän orny, onuň halk döredijiliginde, edebiýatda, çeper döredijilikde hem-de türkmen filosofiýasynda eýeleýän orny barada gyzykly maglumatlary alyp biler.

Döwlet Baştutanymyzyň teklibi boýunça hut alabaýyň 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde seçilip alynmagy tötänden däldir, çünki, ol öňküsi ýaly, halkymyzyň wepaly dostlugy, gaýduwsyzlygy hem-de güýç-kuwwaty alamatlandyrýan söýgüli jandary bolmagynda galýar.

Bu gaýduwsyz itler daşyndan haýbatly bolup görünse-de, itleriň şu tohumy bilen ýakyndan tanyş bolan her bir adam daşky keşbiniň aňyrsynda özüne mähirli garaýşa sarpa goýmagy başarýan mährem ýüregiň gizlenip ýatandygyna oňat düşünýär. Alabaý çagalara mähremdir, olara özi bilen oýnamaga mümkinçilik berýär we şoňa görä-de, maşgalanyň hakyky agzasyna öwrülýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, sakçy it hökmünde deňi-taýy bolmadyk alabaý özüniň eýesini we ony gurşap alýan zatlaryň ählisini: öýüni, dogan-garyndaşlaryny we esasan hem çagalary buýsanç bilen gorar.

Bu itiň häsiýetiniň tapawutly tarapy mertebelilik, özüňe ynam duýgusy bilen baglanyşyklydyr, tejribeli it idedijiler alabaýy terbiýelemekde güýç ulanmak arkaly temmi bermek çäresini asla ulanyp bolmaýandygyna oňat düşünýärler. Ilki bilen itiň hormatyna mynasyp bolmaly, diňe şondan soňra ol size gürrüňsiz tabyn bolar.

Köp asyrlaryň dowamynda içgin seçip almak işleri şu häsiýetleri kemala getirmäge ýardam etdi. Itiň bu tohumynyň birnäçe ady bar. Ony türkmen alabaýy, şeýle hem Orta Aziýa owçarkasy, möjekden üstün çykýan türkmen iti diýip atlandyrýarlar. Ýokary hünärli it idedijiler bu tohumyň ýaşyny dürli - dürli kesgitleýärler. Onuň gelip çykyşy üç müňden alty müň ýyla çenli üýtgeýär.

Arheologlaryň Türkmenistanyň çäginden tapan çopan itiniň şekili hem bu tohumyň örän gadymydygyna şaýatlyk edýär. Gulaklary we guýrugy kesilen itleriň terrakot şekiljikleri dürli ýyllarda Altyndepe we Goňurdepe ýaly meşhur ýadygärliklerde (biziň eýýamymyzdan öňki ikinji müňýyllyk) tapyldy.

Itler beýleki halklaryň ýekejesinde-de, türkmen halkyndaky ýaly, hormat – sarpadan peýdalanmaýar. Arheologlar tarapyndan dünýä siwilisasiýasynyň bäşinji merkezi bolan Marguşdaky gonamçylykda gazuw-agtaryş işleri geçirilende ýüze çykarylan, uly hormat-sarpa bilen jaýlanan itiň galyndylary munuň subutnamasydyr. Arheologlaryň pikirine görä, bu ýerde protozoroastrizmiň yzlary ýüze çykaryldy.

Awestada itiň keşbi barada öwgüli sözler aýdylýar, ol mukaddeslige deňelýär. Otparazlaryň keramatly jümleleriniň ýygyndysynda it derejesi boýunça adamdan soň ikinji orny eýeleýär. Marguş ýurdunyň guburlarynda itleriň jaýlanmagy muny tassyklaýar.

Bu guburlar alabaýlaryň “söweşijiler” bilen deň hatarda goýlandygy bilen baglydyr diýip, arheologlar hasaplaýarlar. Marguşyň ýaşaýjylary, bu dünýä bilen hoşlaşanlaryndan soň hem, onuň ýaşaýjylaryny goramaklaryny dowam etdirmekleri üçin, bu itleri, gahrymanlar ýaly, uly hormat-sarpa bilen jaýlapdyrlar.

Köne Nusaýdan tapylan Parfiýa ritonlarynyň birinde ägirt uly itiň şekilini görmek bolýar. Aşgabadyň muzeýlerinde dürli asyrlarda we dürli senetçilik merkezlerinde döredilen alabaýyň beýleki heýkel şekilleri hem saklanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ylmy-barlag işlerini geçirmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýär, şol işler bolsa halkymyzyň taryhynyň täze sahypalaryny açmaga ýardam berýär. Arheologik ekspedisiýalaryň barşynda köp halatlarda alabaý tohumynyň taryhyny açyp görkezýän, bu täsin itiň ynsanyň durmuşyndaky orny barada gürrüň berýän maglumatlar hem ýüze çykarylýar.

Golaýda orta asyra degişli meşhur Daňdanakanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerini barşynda kinniwanja faýans heýkeljigi tapyldy. Onda türkmen alabaýynyň tohum häsiýetleri aýdyňlyk bilen beýan edilýär.

Häzirki wagtda alabaý dünýäde iň meşhur tohumlaryň biridir. Soňky ýyllarda Orta Aziýa owçarkasyna bolan gyzyklanma Ýewropada hem artdy. Ýöne, Türkmenistanda halk seçgiçleriniň tagallasy hem-de alabaýyň beýleki tohumlardan goralyp saklanmagy netijesinde ol beýleki tohumlar bilen garyşman, özüniň ilkibaşdaky keşbini saklap galypdyr.

Gadym döwürlerden bäri bu tohumyň wekilleri çopan itleri hökmünde ulanylýar. Olar desgalary hem sak goraýarlar. Häzirki wagtda Orta Aziýa owçarkasy itleriň sakçy tohumynyň arasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.

Türkmen alabaýy berk nerw ulgamyna eýedir hem-de örän rahat we gaýduwsyz gylyk-häsiýeti bilen tapawutlanýar. Bu itler örän akylly, gaýduwsyz, garaşsyz, öz güýjüne ynamly jandarlardyr. Olar özüniň çägini gaýduwsyzlyk bilen goraýarlar, howp abanan mahalynda örän çaltlyk bilen hereket etmäge we gaýtawul bermäge ukyplydyr.

Okyjylar Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynda gyzykly wakalaryň, rowaýatlaryň we arhiw maglumatlarynyň mysalynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan alabaý barada örän köp gyzykly maglumatlary tapyp bilerler. Milli Liderimiziň bu eseriniň alabaý tohumyny we umuman, türkmen halkynyň milli mirasyny bütin dünýäde wagyz etmekde ägirt uly ähmiýete eýe boljakdygy şübhesizdir.