Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary

Giriş

 

Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bu gurama halkara parahatçylygy, howpsuzlygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, ähli döwletleriň hem-de halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek meseleleri boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň mandatyna eýe bolan ýeke-täk halkara düzüm hökmünde garaýar.

Şunuň bilen baglylykda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistan bu gurama gatnaşyjy beýleki ýurtlar bilen bilelikde BMG-niň halkara işlerdäki öňdäki we utgaşdyryjy ornunyň berkidilmegine gönükdirilen anyk çözgütleriň birnäçesini kabul eder.

Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynyň kadalaryndan we ýörelgelerinden, gurama tarapyndan kabul edilen esas goýujy Konwensiýalardan hem-de beýleki halkara resminamalardan ugur alar, BMG tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýagdaýyna esaslanar, halkara meseleleriň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly çözülmegi ugrunda çykyş eder.

BMG-niň ählumumy strategiýalaryny, konsepsiýalaryny, maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan özüniň BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşindäki (EKOSOS), BMG-niň Söwda we ösüş boýunça maslahatynyň Söwda we ösüş boýunça geňeşindäki (UNCTAD), BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşindäki (ÝUNISEF), BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky ýokary komissarynyň müdiriýetiniň Ýerine ýetiriji komitetindäki, BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasyndaky, BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasyndaky we beýleki düzümlerdäki agzalygyndan ýokary derejede peýdalanar.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara we sebit meseleleri boýunça öňe süren halkara başlangyçlaryny we tekliplerini iş ýüzünde amala aşyrmagyny dowam etdirer.

 

Bitaraplyk

 

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen ykrar edilen we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda gaýtadan goldanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýagdaýy ýurduň daşary syýasatynyň, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan çemeleşmeleriniň esasy bolup durýar.

Türkmenistanyň Bitaraplygy we onuň baş häsiýetnamalary — parahatçylyksöýüjilik, işjeň parahatçylyk döredijilik, harby dawalara, birleşmelere, şertnamalara gatnaşmazlyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak — ýurduň milli bähbitlerine, dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatlaryna, BMG-niň Düzgünnamasynyň ýörelgelerine, halkara durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge bolan döredijilikli we oýlanyşykly çemeleşmäniň görkezijilerine laýyk gelýändigini tassyklaýar.

Türkmenistanyň daşary syýasat maksatlarynyň ählumumy ösüşiň wezipeleri we obýektiw talaplary bilen gabat gelmegi parahatçylygy, howpsuzlygy saklamak we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köptaraplaýyn tagallalary durmuşa geçirmek jähtinden Türkmenistanyň bitaraplygynyň giň mümkinçiligini açmagyň häsiýetini we ugruny öňünden kesgitleýär.

2020-nji ýylda biziň ýurdumyz Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde halkara derejede ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny bellär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde 2020-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş meseleleri boýunça halkara maslahaty geçirmek teklibi bilen çykyş eder. Biz bu forumy guramak we geçirmek boýunça BMG-niň Sekretariaty, gurama agza bolan döwletler, halkara düzümler we ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlyga taýýar.

Şeýle-de BMG-niň ýolbaşçy edaralarynyň, guramanyň komissiýalarynyň we komitetleriniň işinde syýasy-hukuk ýagdaý bolan bitaraplygyň artykmaçlyklaryna garamagy teklip edýäris.

74-nji mejlisiň çäklerinde BMG-niň howandarlygynda dawalaryň öňüni almak, olaryň sebäplerini we netijelerini ýok etmek, ynsanperwerlik meselelerini çözmek maksady bilen, bitaraplyk syýasatynyň ýörelgelerini iş ýüzünde peýdalanmak boýunça giň we köptaraplaýyn gepleşik guralsa, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýarys.

Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek işinde bitaraplygyň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, Türkmenistan Baş Assambleýanyň geljekki mejlisinde Halkara meseleleri düzgünleşdirmekde bitaraplygyň ýörelgelerinden netijeli peýdalanmak boýunça BMG-niň kadalar toplumyny işläp düzmek başlangyjy bilen çykyş eder.

 

Parahatçylyk we ynanyşmak. Öňüni alyş diplomatiýasy

 

Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara gatnaşyklaryň häzirki zaman keşbini pugtalandyrmagyň we geljekki ösüşiniň binýady bolup durýandygyna berk ynanýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynda, onuň Howpsuzlyk Geňeşinde, BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Maksatnamasynda we beýleki köptaraplaýyn resminamalarda dawasyz we sazlaşykly ösüş üçin şertleri döretmäge ýardam edýän parahatçylyk we ynanyşmak düşünjelerine özara baglanyşykly derejeler hökmünde garalýar. Bu hili çemeleşme özara düşünişmegi pugtalandyrýar, onuň ähli köp sanly ýüze çykmalarynda köpdürlüligiň ykrar edilmegi üçin şertleri döredýär, bilelikdäki parahatçylykly ýaşaýşy gazanmaga ýardam berýär.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini kemala getirmek boýunça goşmaça tagallalaryň amala aşyrylmagynyň zerurdygyna berk ynam bildirýär.

Şundan ugur almak bilen, Türkmenistan 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň taslamasyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde garamaga we kabul etmäge hödürleýär.

Bu başlangyjy durmuşa geçirmekde BMG-ä agza bolan ähli döwletleriň netijeli ýagdaýda gatnaşmagyna bil baglaýarys.

Parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, täze wehimlere we howplara garşy hereket etmek boýunça wezipeleri çözmekde Türkmenistan öňüni alyş diplomatiýasyna aýratyn orun berýär.

Häzirki wagtda ählumumy parahatçylyk dörediji gün tertibi obýektiw islegden peýdalanýar, umumy ykrar edilen halkara hukugyň kadalary esasynda BMG we onuň howply ýagdaýlary düzgünleşdirmekdäki tejribesine daýanmak arkaly döwletleriň özara gatnaşyklarynyň netijeli nusgalaryny işläp düzmek we amala aşyrmak zerurlygy aýdyň bolan hakykatdyr.

BMG-niň Sebit merkezleriniň işiniň çäklerinde diplomatlaryň we bilermenleriň gatnaşmagynda öňüni alyş diplomatiýasy boýunça geňeşmeler we gepleşikler gurallarynyň ýola goýulmagy möhümdir. Olar sebitleri ösdürmek meseleleri boýunça döwletleriň çemeleşmelerini ylalaşdyrmaga ýardam bermäge, öňürtme tertibinde umumysebit wehimlerini we howplaryny duýdurmagyň hem-de gowşatmagyň syýasy-hukuk, diplomatik we durmuş-ykdysady gurallarynyň toplumyny döretmäge we herekete getirmäge gönükdiriler. Toplanan tejribä laýyklykda, hut BMG-niň howandarlygynda öňüni alyş diplomatiýasynyň esaslary öndürijilikli işlemäge we anyk netijeleri bermäge ukyplydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine ýokary derejede ýardam bermegini dowam eder.

 

Howpsuzlyk we durnuklylyk

 

Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak hem-de pugtalandyrmak ýakyn geljekde halkara gün tertibiniň esasy ugry bolmagynda galýar. Munuň özi sebitlerde dawa dörediji sebäpleriň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu bolsa, öz gezeginde, halkara we döwletara gatnaşyklaryň mazmunyna örän ýaramaz täsir edýär, dünýä giňişliginde syýasy hyzmatdaşlygyň barşyny çynlakaý kynlaşdyrýar.

Bu hili şertlerde halkara bileleşigiň jogapkär agzasy bolmak bilen we özüniň bitaraplyk ýagdaýyna daýanmak arkaly Türkmenistan dünýä giňişligindäki anyk işleriň ileri tutulýan ugurlary hökmünde şu aşakdakylary kesgitleýär:

— döwletara gatnaşyklarda «güýç ideologiýasynyň» ýaýramagyna we ornaşdyrylmagyna garşy yzygiderli syýasy-diplomatik hereketler;

— halkara we ýerli dawalary we gapma-garşylyklary çözmegiň ýeke-täk ýerlikli usuly hökmünde gepleşikler gurallarynyň ykrar edilmegi;

— howpsuzlygyň ählumumy keşbiniň binýady hökmünde halkara hukugyň we BMG-niň Düzgünnamasynyň hökmürowanlygynyň, bu düşünjelere hormat goýmagyň we hemme döwletler tarapyndan olara gyşarnyksyz eýermegiň ykrar edilmegine ýardam bermek.

Şu maksat bilen Türkmenistan Baş Assambleýanyň 74-nji mejlisinde BMG-ä agza bolan döwletler we halkara institutlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda öz işini umumy ykrar edilen halkara kadalara we düzgünlere esaslanýan halkara gatnaşyklaryň durnukly ulgamyny döretmäge täze çemeleşmeleriň kesgitlenmegine gönükdirer.

Türkmenistan terrorizme, serhetüsti jenaýatçylyga, neşeleriň we ýaraglaryň bikanun dolanyşygyna, adam söwdasyna halkara howpsuzlyga çynlakaý wehimleri, abadançylygyň howplary hökmünde garaýar.

Bu hadysalaryň geografiýasy uly çäkleri öz içine alýar. Olara uly möçberde adam, maliýe we maddy serişdeler çekilýär, munuň özi aýry döwletlerde we sebitlerde durnuklylygyň derejesiniň pese düşmegine getirýär. Türkmenistan bu hadysalara milli, sebit we halkara howpsuzlygyň, döwletara gatnaşyklaryň barşynyň çynlakaý howpy hökmünde garaýar. Bu şertlerde Türkmenistan bar bolan wehimlere we howplara garşy netijeli göreş alyp barmak maksady bilen, goňşy döwletler, halkara bileleşik bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär.

BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, ilkinji nobatda, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy komiteti, BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirligi bilen ýurdumyz mundan beýläk hem BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky ählumumy strategiýasyny iş ýüzünde amala aşyrmaga işjeň gatnaşar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara düzümler bilen hyzmatdaşlykda öz tagallalaryny şu aşakdaky ileri tutulýan ugurlara gönükdirer:

— zorlukly ekstremizme garşy göreşiň usuly hökmünde durmuş-ykdysady ösüşiň hatyrasyna halkara şertleriň amala aşyrylmagy;

— zorluga getirýän radikalizasiýa töwekgelçiligini ýok etmek;

— terroristleriň internetden peýdalanmagyna garşy hereketler;

— bilim we zähmet mümkinçilikleriniň berilmegi arkaly ýaşlar babatynda toplumlaýyn syýasatyň ýöredilmegine ýardam bermek.

Mundan başga-da Türkmenistanyň hökümeti Merkezi Aziýada Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça hereketleriň meýilnamasyny netijeli durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn goldaw berer. Onuň üçünji tapgyrynyň amala aşyrylmagyna 2018-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda geçen ýokary derejeli duşuşykda girişilipdi.

Türkmenistan yzygiderli ýaragsyzlanmak ýagdaýyny parahatçylykly we döredijilikli ösüşiň, ynanyşmak ýagdaýynyň, açyklygyň we hyzmatdaşlygyň kemala gelmeginiň möhüm şerti hasaplaýar. Ýurdumyz daşary syýasatyň guraly hökmünde ýaraglanmanyň hemişelik ösmegine esaslanan gapma-garşylyk nusgasynyň delilsizdigi baradaky ynamdan ugur alýar.

Ýaragsyzlanmak meseleleri Türkmenistan üçin ileri tutulýan häsiýete eýedir. Ýurdumyzda milli dereje ýaragsyzlanmak we ýaýradylmazlyk düzgüniniň üpjün edilmegi babatynda BMG-niň şertnamalarynyň we konwensiýalarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen birnäçe anyk işler amala aşyrylýar.

Sebit derejesinde Türkmenistan Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan erkin zolagy döremek baradaky şertnamany geljekde hem öňe sürmäge işjeň gatnaşýar.

Baş Assambleýanyň 74-nji mejlisiniň barşynda Atom energiýasy boýunça halkara agentlik (IAEA), Ýadro ýaragyny synag etmegi ählumumy gadagan etmek hakyndaky Ylalaşyk guramasynyň taýýarlyk komissiýasynyň wagtlaýyn tehniki sekretariaty we ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy üpjün edýän beýleki halkara düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdireris.

 

Durnukly ösüş

 

Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň işjeň agzasy bolan Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalary, edaralary we agentlikleri bilen BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini ýerine ýetirmek boýunça bilelikdäki tutanýerli işi dowam etdirer. Bu işde 2019-njy ýylda gurama agza bolan döwletlerde döredilen BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň instituty, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), BMG-niň Ilat gaznasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we beýleki düzümler ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlary bolup durýar.

2019-njy ýylyň iýulynda BMG-niň ýokary derejeli syýasy forumynda Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça meýletin milli syny hödürledi. Ony ara alyp maslahatlaşmanyň netijelerine esaslanmak bilen, ýurdumyz esasy hyzmatdaşlar bilen 2030-njy ýyla çenli Maksatnamany durmuşa geçirmek meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyny giňelder. Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga gönükdirilen taslamalary we maksatnamalary zerur bolan maliýe serişdeleri bilen üpjün etmegiň wajypdygyny nazara almak bilen, Türkmenistan Baş Assambleýanyň 74-nji mejlisiniň işiniň çäklerinde ýakyn wagtlarda BMG-niň Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça maslahatyny geçirmegiň mümkinçiligine garalsa, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýar.

Şu maksatlar bilen BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça Departamentiniň ýardam bermeginde ýörite utgaşdyryjy topary döretmegi we 2022 — 2023-nji ýyllarda bu maslahaty guramagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi, onuň geçiriljek ýerini kesgitlemegi, ilkibaşdaky meýilnamany we gün tertibini düzmegi toparyň wezipeleriniň hatarynda goýmagy teklip edýär.

Geljekde halkara bileleşigiň energetika meselesi boýunça tagallalaryna ýardam etmek Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda Türkmenistanyň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri bolar.

Munuň özi energetika pudagyndaky giň we gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň XXI asyrda dünýä ösüşiniň durnukly we yzygiderli hereketiniň ileri tutulýan ýagdaýy bolup durýandygy bilen şertlendirilendir. Onuň täze ýörelgeleri häzirki zaman ählumumy energetiki giňişligiň kemala gelmegi üçin binýat bolmalydyr. Energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň howpsuzlygy we durnuklylygy köp babatda dünýä ösüşiniň uzak möhletleýin geljeginiň umumy ugruny kesgitlär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan köptaraplaýyn energetiki hyzmatdaşlygy häzirki zaman dünýä ösüşiniň hereketlendiriji güýjüne öwürmäge ukyply bolan hyzmatdaşlygyň düýpli täze nusgalarynyň işlenip taýýarlanmagy ählumumy gün tertibinde durýan möhüm meseleleriň biri diýip hasaplaýar.

Şol bir wagtda energiýa serişdelerini öndürmek, olary eltmek we ahyrky netijede peýdalanmak meselelerini öz içine alýan bitewi energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Şu hili toplumlaýyn çemeleşme Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasyny düzýär, ýurdumyzyň bu pudaga degişli teklipleriniň we anyk işleriniň mazmunyny we ugruny kesgitleýär.

Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly geçirilmegi boýunça öňe süren başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa mynasyp boldy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2008-nji we 2013-nji ýyllarda bu ugurdaky Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasy boldy. Onlarça döwletler bu resminamalaryň awtordaşy bolup çykyş etdiler.

BMG-niň çäklerindäki işjeňligiň dowamy hökmünde Türkmenistan Baş Assambleýanyň 74-nji mejlisiniň barşynda halkara energetiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän häzirki zaman pikirleri öz içine aljak BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlemegi meýilleşdirýär.

Türkmenistan geljekki mejlisde ähli gyzyklanýan taraplar bilen ählumumy energetika giňişliginde işleri alyp barmagyň umumy ýörelgeleriniň berjaý edilmeginiň üpjün edilmegine gönükdirilen BMG-niň häzirki zaman halkara-hukuk gurallarynyň jemini işläp taýýarlamak boýunça halkara bilermenler toparyny döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýär.

Türkmenistan ulag pudagynda halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge 74-nji mejlisiň çäklerindäki işiniň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýar.

Häzirki zaman, bitewüleşdirilen, oýlanyşykly we ýokary tehnologiýaly ulag infrastrukturasyny döretmek — döwrüň hakykat ýüzündäki talaby, durnukly ösüşiň ileri tutulýan maksatlarynyň biri. Onuň durmuşa geçirilmegi tutuş halkara jemgyýetçiligiň strategik bähbitlerine jogap berýär, hakykat ýüzünde dünýä hojalyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam bermek bilen, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, ählumumy, sebit we milli derejede ykdysady we durmuş görkezijileriniň ýokarlanmagyna netijeli kömek etmäge ukyplydyr.

Türkmenistanyň ählumumy ulag hyzmatdaşlygy ugrundaky garaýşy oňa ulgamlaýyn we bir maksada gönükdirilen häsiýetiň berilmeginiň, bu meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy sebit çygryndan baş halkara münber bolan Birleşen Milletler Guramasynyň derejesine çykarmagyň zerurdygyna esaslanýar.

Munuň üçin Türkmenistan soňky ýyllaryň dowamynda degişli Kararnamalaryň üç sany taslamasyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürledi hem-de ol taslamalar bir pikire gelinme netijesinde 2014-nji, 2015-nji we 2017-nji ýyllarda kabul edildi.

Häzirki günde ulag meselesine bilermenler jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýär. 2016-njy ýylyň noýabrynda Türkmenistanda Durnukly ulag boýunça BMG-niň ilkinji ählumumy maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de Aşgabat Beýannamasynyň kabul edilmegi bilen jemlenmegi bu aýdylanlara doly şaýatlyk edýär. Ýakyn wagtda durnukly ulag boýunça ikinji ählumumy maslahatyň guralmagy bu işiň logiki dowamy bolup çykyş eder. Şeýle hem biziň ýurdumyz ony taýýarlamak we geçirmek işlerine işjeň gatnaşar. Içerki çäk boýunça döwletleriň ulag ulgamyndaky köpugurly gatnaşyklaryň ýöriteleşdirilen ugurlary hem-de aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, Türkmenistan 2020-nji ýylda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrleriniň gatnaşmagynda halkara maslahaty geçirmegi teklip etdi. Şu jähetden hem ýurdumyz bu forumyň guramaçylygy üçin Türkmenistanyň infrastrukturasyny ulanmak mümkinçilikleri bilen bagly meselä seretmäge taýýardyr.

Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek işinde Türkmenistan howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak hem-de suw ätiýaçlyklaryny peýdalanmak bilen bagly meseleler boýunça dowamly, ähmiýetli gepleşikleriň zerurdygyna aýratyn üns berýär.

Özüniň ekologiýa gün tertibine bolan çemeleşmelerinde Türkmenistan bu gün institusional derejede tebigaty goramak boýunça BMG-niň köpugurly resminamalarynyň durmuşa geçirilmeginde dünýä, sebit we milli gurallaryň utgaşmagyndaky we biri-birleriniň üstüni ýetirmegindäki esasy ileri tutulmalardan ugur alýar.

Şundan ugur almak bilen, ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji we 73-nji mejlislerinde kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalaryň düzgünnamasy esasynda BMG-niň ähmiýetli maslahatlary guramak boýunça işlerini dowam eder. Şonda esasy mesele bolup, Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp düzmek çykyş eder.

Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Hazar deňzi sebiti ýangyç serişdelerini çykarmak we ugratmak babatda dünýäniň iri merkezleriniň biri hökmünde okgunly ösýär. Bu şertlerde Türkmenistan umumy wezipeleriň çözülmegini — ykdysady bähbitleri, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň anyk ýagdaýyny Hazaryň biologik köpdürlüligini aýawly saklamagyň zerurlygy bilen utgaşdyrmagy, ekologiýa deňagramlylygynyň bozulmagyna ýol bermezligi wajyp hasaplaýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Baş Assambleýanyň 74-nji mejlisinde BMG-niň täze Hazar ekologiýa maksatnamasyny döretmek baradaky başlangyjy bilen çykyş etmegi meýilleşdirýär. Bu ýerde Hazaryň ekologiýa ýagdaýynyň gözegçiligi we Hazar sebitiniň ýurtlaryna degişli bolan teklipleri düzmek baş maksat bolar.

Bu ugurda BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça Ekologiýa maksatnamasy (UNEP) we BMG-niň tebigaty goraýyş düzümleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga bil baglaýarys.

Geljekki 74-nji mejlisde Türkmenistan suw serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak meseleleriniň çözgüdi boýunça ählumumy we sebit derejesinde umumy ylalaşygy gazanmaga ugry alyp barar.

Suw serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak meselelerine bolan çemeleşmelerini kemala getirmek bilen, häzirki döwürde Türkmenistan suw meselesine uzak geljege niýetlenen ösüşiň, ekologiýa we azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň strategik maksatlaryndan, durnukly energetikanyň toplumlaýyn ulgamyny döretmekden ybarat bolan umumy dünýä meýilnamalaryndan üzňe garamak mümkin däldigi baradaky pikire esaslanýar. Şundan ugur alyp, suw diplomatiýasyna Türkmenistanyň daşary syýasat we daşary ykdysady işiniň esasy düzüm bölegi hökmünde garalýar.

Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan suw diplomatiýasynyň baş maksady hökmünde suwy ulanmakda dünýä we sebit derejesinde hem-de suw serişdelerine döwletleriň deň derejede elýeterliligini gazanmakda köptaraplaýyn gyzyklanmalara esaslanýan adalatly halkara tagallalary birleşdirmek meselesine garar.

Suw diplomatiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek möhüm bolup durýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistan Suw serişdelerini ulanmak boýunça halkara özara täsirler meselesi bilen meşgullanmak boýunça Merkezi Aziýa sebitinde hemişelik esasda hereket edýän BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen halkara düzümi döretmek boýunça işi işjeňleşdirmegi we aýdyňlaşdyrmagy teklip edýär.

Türkmenistanyň suw diplomatiýasynda beýleki döwletler, ilkinji nobatda, goňşy ýurtlar bilen işjeň we gyzyklanmalary birleşdirýän hyzmatdaşlykda suw we suw-energetika ulgamynda hereketleri sazlaşdyrmak maksatlary göz öňüne tutuldy.

Şu ugurda Türkmenistan esasy wezipesini halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda sebit derejesinde bir pikire gelinmeginde, birek-birege hormat goýmakda we sebitiň ähli döwletleriniň gyzyklanmalaryny hasaba almakda hem-de halkara guramalaryň gatnaşmagynda görýär.

Türkmenistanyň suw diplomatiýasynyň esasy meseleleriniň biri hem BMG-niň derejesinde syýasy-hukuk häsiýetli umumy resminamany — BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjydyr, oňa uzak möhletleýin geljekde Ýer şarynyň suw serişdelerini gorap saklamak we ulanmak babatynda halkara jemgyýetçiligiň maksatlary, çemeleşmeleri hem-de hereketleri aýdyň ýazylan bolmalydyr.

Ýurdumyzyň suw meseleleri boýunça eýeleýän orny halkara borçnamalara, Türkmenistanyň başlangyçlaryna, şeýle hem durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan forumlaryň netijesinde gazanylan ylalaşyklara, ilkinji nobatda, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda, Koreýanyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda gazanylan resminamalara esaslanýar.

 

Jemleýji düzgünler

 

Bu ileri tutulýan ugurlar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň geçýän döwründe Türkmenistanyň işiniň baş ugurlaryny kesgitleýär. Olar halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has wajyp çäklerini öz içine alýar. Türkmenistan bu ugurlarda Birleşen Milletler Guramasyna agza bolan beýleki döwletler bilen bir hatarda, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyr. Bu ileri tutulýan ugurlarda beýan edilen Türkmenistanyň başlangyçlarynyň we teklipleriniň durmuşa geçirilmegi halkara parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmegiň, Ýer şarynda durnukly ösüşi üpjün etmegiň netijeli görkezijisi bolup çykyş eder.

Türkmenistan ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça giň, köptaraplaýyn gepleşiklere taýýardygyny beýan edýär we bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň esasyny düzýän parahatçylygyň we adalatyň iň ýokary nusgalaryndan ugur alar.

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.