Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny hem-de milli Liderimize we ähli doganlyk türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Dostlukly döwletiň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli çemeleşýändigini aýtdy. 12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň üstünlikli geçirilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Şol forumyň netijeleri sebit hem-de halkara möçberinde ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam etmelidir. Adbulaziz Kamilow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dünýä möçberindäki şu hakyky taryhy waka bilen gutlap, forumyň ýokary derejede guralandygyny, türkmen döwletiniň Baştutanynyň dünýäniň halklaryny jebisleşdirmek işine hem-de oňa gatnaşan ýurtlaryň köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan şahsy goşandyny nygtady.

Birinji Hazar ykdysady forumyna diňe bir Hazarýaka ýurtlaryň däl, eýsem, dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagy türkmen Lideriniň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha belende galýandygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär diýip, Özbegistanyň daşary işler ministri aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Özbegistany Türkmenistan bilen öňden gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem özbek tarapyna birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine işjeň gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirip, forumyň çäklerindäki duşuşyklaryň iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Milli Liderimiz birinji Hazar ykdysady forumynyň meýdançasynda özara gatnaşyklaryň döwrüň talabydygyny hem-de sebit we dünýä möçberinde möhüm meseleleri çözmek babatda örän derwaýysdygyny belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyldy. Häzirki döwürde şol hyzmatdaşlyk okgunly ösüşi we hil taýdan täze many-mazmuny bilen tapawutlanýar.

Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy şeýle ýokary derejedäki netijeli gatnaşyklaryň iki ýurduň Baştutanlarynyň arasynda emele gelen özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklar netijesinde gazanylandygyny nygtady. Olar ähli ugurlarda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly isleg hem-de syýasy erk-islegi bildirýärler.

Däp bolşy ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ykdysady ulgama aýratyn ähmiýet berilýändigi, şonda anyk netijeleriň gazanylandygy bellenildi. Söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Doganlyk ýurtdan getirilýän harytlara türkmen bazarynda uly isleg bildirilýär, öz nobatynda Özbegistan türkmen önüm öndürijileriniň eksportunda möhüm orny eýeleýär.

Ulag-kommunikasiýa ulgamy hem döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda taraplaryň tagallalarynyň birleşdirilmegi köpşahaly üstaşyr ulag we logistika düzümini döretmekde möhüm şertleriň biri hökmünde çykyş edýär.

Nygtalyşy ýaly, ýurtlaryň ikisi hem sebitiň umumy meselelerini, şol sanda Araly halas etmek we suw serişdelerini rejeli ulanmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýärler.

Duşuşygyň dowamynda şeýle hem ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz we myhman däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň, şol sanda iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigine kanagatlanma bildirip, döwrüň talabyna laýyklykda ägirt uly kuwwata eýe bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Şunuň bilen baglylykda, dürli derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň işine oňyn baha berildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň daşary işler ministri Adbulaziz Kamilow däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň biziň dostlukly döwletlerimiziň we doganlyk halklarymyzyň abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmalžon Kuçkarow gatnaşdy.