Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça başlyklygyň Beýannamasy

Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça başlyklygyň Beýannamasy

2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi.

Forumyň çäklerinde birnäçe halkara çäreleri guraldy, bu çäreleriň netijeleri boýunça şu aşakdakylar bellenildi:

Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlary tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde ýokary derejedäki Bäşinji Hazar duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekilen, Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy hil taýdan täze gatnaşyklaryň derejesine çykarmak üçin şertleri döredýän Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýanyň orny nygtaldy;

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Hazarýaka döwletleriniň hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň hem-de Ulag babatda hyzmatdaşlyk hakynda Hazarýaka döwletleriniň hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň kenarýaka döwletleriniň ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam berýändigi ykrar edildi;

Hazar ykdysady forumynyň esasynyň (platformasynyň) sebitde hem-de onuň çäklerinden daşarda ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň möhüm görnüşine öwrülip biljekdigi bellenildi;

Söwda we maýa goýum syýasaty babatda mümkinçiligi giňeltmegiň hem-de Hazar sebitinde söwdanyň we maýa goýumlarynyň bähbitlerine eksport ibermeleri üçin söwda amallaryny ýönekeýleşdirmegiň hem-de mümkinçilikleri artdyrmagyň zerurdygy nygtaldy;

Hazar sebitiniň ýurtlarynyň we ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň, şol sanda hususy pudagyň, assosiasiýalaryň we ylmy toparlaryň öňdebaryjy tejribäniň meseleleri hem-de ykdysady gatnaşyklary ösdürmegi üpjün etmek üçin maksatlary amala aşyrmaga degişli çäreler boýunça işjeň gepleşikleri goldap biljekdigi ykrar edildi;

Hazar deňzinde halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge halkara guramalarynyň we maliýe edaralarynyň işjeň gatnaşmagynyň hem-de ýardam bermeginiň wajypdygy bellenildi;

Hazarýaka ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygy ykrar edildi.

Ýokarda beýan edilenleriň esasynda şu hereketleri amala aşyrmak teklip edildi:

1.Hazar sebitiniň halkara ykdysady giňişligine mundan beýläk-de işjeň goşulyşmagy maksady bilen, Hazarýaka ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan ädimleri ätmek;

2. Hazarýaka döwletleriniň ykdysadyýetleriniň energetika, senagat, ulag, söwda we beýleki pudaklaryna maýa goýumlaryny çekmegi hem-de innowasiýalary höweslendirmek;

3.Durmuş-ykdysady ösüş, daşky gurşawy goramak, ylym we innowasiýalar, ykdysady maglumatlary alyşmak ýaly ugurlarda sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy üpjün etmek;

4.Hazar sebitiniň ýurtlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň, şol sanda BMG-niň sebit komissiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy we utgaşdyrmagy berkitmek;

5.Hazar ykdysady forumyny Hazarýaka döwletleriniň kenarýaka şäherlerinde yzygiderli esasda geçirmek.

Foruma gatnaşyjylar Birinji Hazar ykdysady forumynyň ýokary derejede geçirilendigi hem-de myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdiler.

Türkmenbaşy şäheri, Türkmenistan

2019-njy ýylyň 12-nji awgusty