Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym Olga Algaýerowany kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli garşylap, birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşýandygy üçin oňa minnetdarlyk bildirdi. Forumyň gün tertibine sebitiň durnukly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzüm bölekleri bilen köpugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Milli Liderimiz BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen netijeli gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň uly mümkinçiliklere eýe bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkmenistana gelip görmäge örän şatdygyny, bu ýurt bilen hyzmatdaşlyga BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň we tutuşlygyna Birleşen Milletler Guramasynyň uly üns berýändigini nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny geljekde hem pugtalandyrmak barada pikir alşyldy. Bu hyzmatdaşlyk özara başlangyçlara hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça iş ýüzünde hereketlere esaslanyp, halkara giňişlikde tagallalary üstünlikli birleşdirmegiň nusgasy hökmünde çykyş edýär. Ykdysadyýet, söwda, energetika, daşky gurşaw we beýlekiler hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag boýunça komitetiniň edarasynyň agzasy bolup durýandygyny hasaba almak bilen, Ýewraziýa yklymynda täze halkara ulag geçelgelerini kemala getirmek aýratyn üns berlen mesele boldy, munuň özi dünýä ykdysadyýetiniň umumylaşýandygy bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, ulag düzüminiň ösdürilmegine maýa goýumlarynyň gönükdirilmeginiň döwletlere we sebitlere giň ykdysady mümkinçilikleri açýan geosyýasatyň möhüm şerti, kuwwatly goşulyşmak serişdesi bolup durýandygy nygtaldy.

Energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegi hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Türkmenistan bu ugurda giň hyzmatdaşlygyň tarapdary, şol sanda BMG-niň çäklerinde gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş etmek bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň köp şahaly ulgamyny döretmek babatynda giň gerimli taslamalary öňe sürýär we olary üstünlikli durmuşa geçirýär.

Ýurdumyz şeýle hem howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak hem-de daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça BMG bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär we sebitleýin hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, zerur bolan ulgamlaýyn gurallaryň kemala getirilmegi boýunça birnäçe teklipler bilen çykyş etdi. Hususan-da, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Aşgabatda Sebit merkezini açmak barada gürrüň edildi.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän hem-de häzirki zamanyň möhüm wezipeleriniň çözgüdine gönükdirilen döredijilikli halkara başlangyçlaryny doly goldaýandygyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatnamalaryny resmi taýdan kabul eden hem-de olary milli meýilnamalara we durmuş-ykdysady maksatnamalara uýgunlaşdyran ilkinji döwletleriň biri boldy. Bu ulgamda gazanylan meseleler Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilmegi boýunça Meýletin milli synda beýan edildi, biziň ýurdumyz BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzasy hökmünde bu syny BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda şu ýylyň iýul aýynda geçirilen Ýokary derejeli syýasy forumda beýan etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan sebitiň häzirki zaman ählumumy işlerine üstünlikli goşulyşmagy üçin zerur şertleriň döredilmegine, onuň halkara hyzmatdaşlygyň ygtybarly hem-de durnukly halkasy hökmünde gaýtadan dikeldilmegine uly goşant goşýar. Muňa türkmen Lideriniň başlangyjy bilen esaslandyrylan hem-de hökümet agzalarynyň, işewürlik we akademiki toparlaryň, abraýly guramalaryň wekilleriniň giňden gatnaşmagynda köptaraplaýyn pikir alyşmalar üçin hemişelik esasda hereket edýän meýdança bolup hyzmat etjek Hazar ykdysady forumy hem aýdyň mysaldyr.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we hanym Olga Algaýerowa Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň arasynda özara hormat goýmak, netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk esasynda guralýan oňyn gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.