Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kararlara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kararlara gol çekdi

Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde netijeli işleri alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmegi bilen bagly meseleler boýunça iş topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Oba we suw hojalyk ministrligine Daşary işler ministrligi bilen bilelikde iki hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmegi boýunça konsepsiýasynyň taslamasyny, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň guramalaryna ýurdumyzyň wekillerini bellemek boýunça teklipleri taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

* * *


Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi bilen bagly Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda halkara çäreleri ýokary derejede guramak we geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi bilen bagly ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda halkara çäreleri guramak, geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Daşary işler ministrligine Energetika Hartiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň konsepsiýasyny, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçiriljek halkara çäreleriň gün tertibini we maksatnamasyny işläp taýýarlamak tabşyryldy.

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine hem-de Döwlet habarlar agentligine köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bellenilen çäreleriň ýokary derejede beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

* * *


Ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleri göwnejaý ýagdaýda saklamak, abadanlaşdyrmak we düýpli öwrenmek, şeýle hem “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ýanynda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini abadanlaşdyrmak we abat saklamak boýunça gazna döre
dildi we bu Gazna hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.