Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly, obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy we möwsümleýin meýdan işleriniň barşy baradaky meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler, şol sanda dowam edýän galla oragynyň depgini, ýola goýlan agrotehniki kadalara laýyklykda, gowaça ideg etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ilkinji nobatdaky möhüm wezipäniň galla oragyny gysga möhletde we ýitgisiz tamamlamakdan, kärendeçileriň yhlasly zähmeti bilen kemala getirilen hasylyň kabul ediş bölümlerine ýitgisiz daşalmagyny hem-de zaýasyz saklanylmagyny üpjün etmekden ybaratdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu jogapkärli möwsümde işledilýän galla orýan kombaýnlaryň hem-de orakda ulanylýan beýleki tehnikalaryň ýokary öndürijilikli ulanylmagyny gazanmak, şeýle hem tabşyrylan däne hasyly üçin kärendeçiler bilen özara hasaplaşyklaryň möhletinde bökdençsiz geçirilmegi bilen baglanyşykly işleri ünsden düşürmezlik hem-de meýdanda zähmet çekýän adamlaryň döredijilikli işlemegi üçin hemme zerur şertleriň döredilmegi barada häkime anyk tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz welaýatyň mekdeplerini täze okuw ýylyna degişli derejede taýýarlamak, 1-nji synp okuwçylaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan her ýyl sowgat hökmünde gowşurylýan kompýuterler bilen üpjün etmek meselelerine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz täze bilim we mekdebe çenli edaralaryň gurluşyklarynyň depginini çaltlandyrmagyň hem-de öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, Babadaýhan we Kaka etraplarynda dokma toplumlarynyň, şeýle hem medeni-durmuş maksatly beýleki desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim däne oragy möwsüminiň barşy hem-de obasenagat toplumynda häzirki döwürde amala aşyrylýan beýleki işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler we degişli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi, welaýatda bina edilýän desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda öňde goýlan wezipeleri toplumlaýyn çözmegiň zerurdygyny nygtap, orak möwsüminiň barşyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz ýetişdirilen ähli bugdaý hasylyny meýdanlardan doly ýygnap almak bilen bir hatarda, däne kabul ediş bölümlerine bökdençsiz daşalmagyny we degişli derejede saklanylmagyny üpjün etmek üçin her bir güni has netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny aýdyp, bu barada häkime anyk görkezmeleri berdi. Gowaça ideg edilişi barada aýdylanda, bu ugurda hemme degişli çäreleri öz wagtynda geçirmek hem-de agrotehnikanyň kadalaryny yzygiderli berjaý etmek möhümdir.

Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda nobatdaky okuw ýylyna taýýarlyk görmek, şeýle hem durmuş-medeni maksatly täze desgalaryň, şol sanda mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşyklarynyň depginini güýçlendirmek hem-de ýokary hilini gazanmak, olaryň bellenen möhletinde ulanylmaga berilmegini üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitde işleriň ýagdaýy, döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny hem-de awtoulag serişdelerini doly derejede ulanmak arkaly bugdaý oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem “ak altynyň” bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, gowaça agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek babatda toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilişi barada habar berildi.

Häkim welaýatda amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň barşy barada aýdyp, täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine görülýän taýýarlyk işleri barada hem aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jogapkärli möwsüm bolan galla oragyna gatnaşýan ähli adamlaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi, günorta arakesmesinde medeniýetli dynç almagy üçin şertleri döretmek, däne orujy kombaýnlara we beýleki tehnikalara dessine we ýokary hilli tehniki hyzmat etmek, kärendeçiler bilen öz wagtynda hasaplaşyklary geçirmek bilen, bugdaý oragyna degişli ähli meselelere ilkinji derejede üns berilmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz häkime täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşini üpjün etmegi hem üns merkezinde saklamagy tabşyryp, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hilini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş-medeni ähmiýetli täze gurluşyklaryň bina edilişiniň depgini bilen gyzyklandy.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni wideoaragatnaşyga Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi çagyrdy. Häkim obasenagat toplumyndaky möwsümleýin işler, ozaly bilen, galla oragynyň barşy hem-de gowaça ideg edilişi barada hasabat berdi. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler, sebitde bina edilýän gurluşyklaryň depgini barada habar berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebitde işleriň ýagdaýyny, kabul edilen maksatnamalaryň ählisiniň göwnejaý ýerine ýetirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý oragyny ýokary hilli geçirmek hem-de ony has amatly möhletde tamamlamak, möwsüme gatnaşýanlaryň takyk, bökdençsiz we sazlaşykly işlemegini üpjün etmek boýunça häkime anyk tabşyryklary berdi.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynyň işini kämilleşdirmäge, oba hojalyk ekinleriniň, şol sanda gowaçanyň ösdürilip ýetişdirilmegi we hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly ileri tutulýan wezipeleri çözmäge ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy.

Milli Liderimiz welaýatda mekdepleriň täze okuw ýylyna taýýarlygy bilen bagly meselä ünsi çekip, täze okuw ýylynyň başlanmagyna çenli ähli mekdeplerde abatlaýyş işleriniň doly tamamlanmalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygynyň depginini has-da güýçlendirmegiň möhümdigine ünsi çekip, şol desgalaryň bellenilen möhletinde ýokary hil derejesinde ulanylmaga berilmegini üpjün etmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi.

Arkadag Prezidentimiz şu ýyl mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlejek 1-nji synpyň okuwçylaryny kompýuterler bilen üpjün etmek barada hem degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz täze şäherçeleriň düýbüni tutmak dabaralaryna hem-de olary däp bolan türkmen toýuna mahsus ýagdaýda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada hem häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň gün tertibiniň meseleleri boýunça hasabat bilen çykyş etdi. Welaýatda, şol sanda obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, galla oragynyň barşy hem-de gowaça ideg etmek boýunça ýerine ýetirilýän agrotehniki çäreler barada hasabat berildi.

Häkim welaýatyň durmuş-ykdysady düzümini has-da ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada habar berip, gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýerli toprak-howa şertlerini nazara alyp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň örän oýlanyşykly guralmagynyň ähmiýetini belledi hem-de kombaýnlary we umuman, bar bolan oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmak arkaly güýzlük bugdaý oragynyň depginini artdyrmagy tabşyrdy.

Şunda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly, dürli desgalaryň, ilkinji nobatda, durmuş-medeni maksatly, hususan-da, döwrüň talabyna kybap gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurulmagyny göz öňünde tutýan Oba milli maksatnamasynyň we beýleki özgertmeler maksatnamalarynyň giňden durmuşa geçirilmegini hemişe gözegçilikde saklamalydygyny aýtdy.

Milli Liderimiz welaýaty täze okuw ýylyna taýýarlamak baradaky meselä degip geçip, degişli meselelere toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz adamlar baradaky hemmetaraplaýyn aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň hemişe möhüm ugur bolup durýandygyny nygtap, Mary welaýatynda täze şäherçeleriň düýbüniň tutulmagy mynasybetli guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny jemläp, welaýatlary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge degişli öňde goýlan ähli wezipeleri çözmegiň wajypdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.