Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmak, şeýle hem Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Wideoşekilli iş maslahatynyň başynda Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew häzirki döwürde welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreler, oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak hem-de mallary dok we ýyly gyşlatmak bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň barşy hem-de welaýatda Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamak boýunça geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, ekerançylyk meýdanlarynda we maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýulmalydygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ähli künjeklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň talabalaýyk ýyladylmagy, sebitiň ilatynyň elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda häzirden alada edilmelidigini belledi.

Welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş maksatnamasyny taýýarlamak boýunça wajyp işe ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi we maksatnamada durmuş üpjünçiliginiň möhüm orun eýelemelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýerlerde köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew şu günler sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalyk pudagynda ýerine ýetirilýän işler, ilatly ýerleriň ýyladyş ulgamynyň, elektrik geçirijileriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek, şeýle hem Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler, Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlygyň derejesi hakynda habar berildi

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk pudagyna öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak, obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri durmuşa geçirmegiň depginlerini güýçlendirmek boýunça häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mallary dok we ýyly gyşlatmak meselelerine örän jogapkärçilikli hem-de hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ýyladyş ulgamynyň, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjünçiliginiň ýokary derejede saklanmalydygyny aýratyn belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Täze ýyly mynasyp garşylamak boýunça gürrüňi dowam edip, öňde boljak dabaralaryň we baýramçylyk söwdalarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz onda durmuş ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere örän jogapkärli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz sebitde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde ähmiýeti bolan sport çäreleriniň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda ak ekinlere ideg etmek, oba hojalyk tehnikalaryny geljekki möwsüme taýýarlamak, mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, hasabatda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy, Täze ýyl baýramçylygyny garşylamaga görülýän taýýarlyk işleri hakynda habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň oba hojalyk toplumynyň ähli düzümlerinde alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp, sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň durmuş üpjünçiligi ulgamynyň ähli görnüşleriniň bökdençsiz işine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagy, şeýle hem Täze ýyl baýramçylygyna degişli derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sebitiň ösüşi boýunça degişli maksatnamany taýýarlamak, onda ähli welaýatlara deň derejede degişli bolan durmuş ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini ýola goýmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýerlerde bedenterbiýe we sport hereketiniň ösdürilmegi, welaýatyň ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň sporta işjeň çekilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew öz gezeginde welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleri ekiş möwsüme taýýarlamak, bu ugra ylmy taýdan esaslandyrylan täzeçil usullary ornaşdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, döwlet Baştutanymyzyň ähli ulgamlaryň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzda giňden bellenilýän Täze ýyl baýramyny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatyň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny, munuň üçin bolsa ähli degişli düzümleriň utgaşykly hereketiniň ýola goýulmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamyny möwsümleýin talaplara laýyk derejede işletmek, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjünçilik boýunça häkime anyk görkezmeleri berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýetli bolan şanly senelere göwnejaý taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýratyn belledi.

Welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyryp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerlerde sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösdürilmegine yzygiderli üns bermelidigini belledi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow şu günler welaýatda, şol sanda obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreler, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny geljekki möwsüme taýýarlamak boýunça görülýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşynda gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, Täze ýyl baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça taýýarlanylan medeni meýilnama hakynda habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň ekerançylyk meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitiň çäklerindäki ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly beýleki desgalaryň ýyladyş ulgamynyň sazlaşykly işiniň, ilatyň elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen doly derejede üpjün edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giňden bellenilýän Täze ýyl baýramyna taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ösüş maksatnamasyny işläp taýýarlamaga toplumlaýyn çemeleşilmelidigine ünsi çekip, onda ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, durmuş ulgamyna aýratyn üns bermegiň möhümdigini, munuň döwlet syýasatynyň wajyp bölegi bolup durýandygyny belledi.

Sport ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz sebitde sport ýaryşlarynyň, şol sanda ýaşlaryň arasynda etrap derejesindäki, şeýle hem edaralaryň we kärhanalaryň toparlarynyň arasyndaky bäsleşikleri yzygiderli guramagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan möwsümleýin işler, maldarçylyk hojalyklaryndaky durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ulgamlarynyň biri bolan obasenagat toplumynyň sazlaşykly ösdürilmegi, pudaga öňdebaryjy tejribeleriň, ylmyň ýokary gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly wezipelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamak bilen baglylykda sebitleri ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary babatynda wise-premýere, hususan-da, däneçiligi, pagtaçylygy, gök ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek, gaýtadan işleýän pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny pugtalandyrmak barada birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk işgärleriniň, maldarlaryň iş şertlerini gowulandyrmak, degişli pudaklaryň önümçiligini ýokarlandyrmak, bazarlaryň gök hem-de miwe önümleri bilen üpjünçiligini has-da pugtalandyrmak ýaly meseleleriň döwrüň möhüm wezipesidigini belledi hem-de bu işleriň göwnejaý ýerine ýetirilmegi ugrunda düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak babatda tabşyrdy.

Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň baş şäheriniň abadançylyk we arassaçylyk derejesini häzirki döwrüň talabyna laýyk ýagdaýda üpjün etmek, şäher ilatynyň durmuş düzümini kämilleşdirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim Aşgabat şäherinde Täze ýyl baýramyny garşylamak, şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreler, olaryň taýýarlyk derejesi hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň ähli görkezijiler babatda nusgalyk derejede bolmalydygyna ünsi çekip, şäheriň arassaçylyk we abadançylyk derejesine ünsi güýçlendirmek, Aşgabatda degişli düzümleriň we jemagat hojalygy gulluklarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Täze ýyl mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň geljek üçin ykdysady-durmuş taýdan ösüş maksatnamasynyň degişli derejede taýýarlanmagy, onda durmuş üpjünçiliginiň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn orun berilmegi babatda zerur tagallalaryň görülmelidigini belledi we paýtagtymyzda ýokary netijeli sportuň, köpçülikleýin-bedenterbiýäniň ösdürilmegine aýratyn üns bermegiň zerurlygy barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň ahyrynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň welaýatlaryny we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, oba hojalyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek, önümçilik pudaklaryna täzeçil tehnologiýalary, ösen tejribeleri işjeň ornaşdyrmak, iň esasy bolsa halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi